GÜLDAN SEBÄPLI
Direktor irden zawodyň howlusyna birlaý aýlanyp çykandan soň, kabulhanadakylar bilen keýpihon salamlaşdy-da, öz kabinetine tarap ýöneldi. Kabinetdäki ullakan uzyn stolyň adatça içi gülli güldan durýardy. Güldana gözi düşmänsoň, direktor bada-bat nobatçyny çagyryp, güldany sorady. Nobatçy bolsa egnini gysyp, ondan hiç hili habarynyň ýokdugyny aýtdy.
Ine, bar bela-da şundan soň başlandy... Ýygnaga kömekçilerdir nobatçylaryň ählijesi çagyryldy. Sorag üstüne sorag, düşündiriş yzyna düşündiriş... Kim... Haçan... nirede bolduň? Barybir gözlegler oňly netijäni bermedi. Güldany gördüm-bildim ýokdy. Ýaşlary ýetmişe ser uran gijeki nobatçylaryň dördüsi-de bir-biri bilen gygyryşdylar. Birek-birege şeýle bir sözler aýdyldy weli, hoşuňa gelsin, olaryň biriniň ýürek agyrysy tutup, keselhana ibermeli boldy. Direktoryň orunbasaryny, kömekçileri, sekretarlary saklar ýaly däldi... Hatda haýsynjy ýylda galyň garyň ýagandygyna çenli, haýsynjy ýylyň çarşenbesinden penşenbä geçilen gününde baş spesalistiň arakdan gerk-gäbe doýanlygyna çenli ýatladylar. Aý, garaz, zawodda bulam-bujarlyk näçe diýseň bar ekeni.
Direktoram ýöwselläp durmady. “Gürrüň bärde arzan ýa gymmatlygynda däl-de, mesele başga zatda” diýip, ol aýtdy: Güldan nädip gürüm-jürüm boldukan? Iň esasam güldany zawoda Permden gelen myhmanlar ýöriteläp getiripdiler ahyryn. Güldanyň ýitmeli ýöne ýerden bolmaly däl. Onuň derňewini soňuna çenli, änigine-şänigine ýetilýänçä dowam etdirmeli.
Tutuş bir aýyň dowamynda her günki ýygnakda derňewiň gidişi hakda hasabat berilýärdi. Ozal telewizory, holodilnigi, kinokamerany... ogurlap giden işgärler ýeke-ýekeden ele salnyp, ýygnaklarda ýüzleri gyzdyrylýardy. Her hili dwigateller, ýelpewaçlardyr nurbatlar, çüýler, reňkdir halylar, palaslar, kitapdyr oýunjagazlar... zawoda gaýtarylyp getirilýärdi. Hatda iki ýyl mundan öň ogurlanyp äkidilen “Belarus” traktoryna çenli tapylyp getirilipdi.
Günleriň birinde direktoryň kömekçisi zähmet rugsadyndan gelmedik bolsady, onuň soňunyň nämeler bilen gutarjakdygy Allanyň bir özüne belli. Ol ýygnak gidip durka, adamlaryň nämeden beýle howsala düşýändikleri bilen gyzyklandy. Oňa sebäbini aýtdylar. Ol bolsa täsin bir ýylgyrdy-da, güldany tötänlikde özüniň döwendigini aýtdy. Döwülse döwülipdir-dä, munuň üçin şeýle howsala düşmek beri gerekmikä? Adamlar şundan soň uludan bir demlerini aldylar. Bir-biriniň ýüzlerine seredişdiler. Käbirleri bolsa ellerini ýüreklerine ýetirdiler. Direktor bolsa sesini çykarman otyrdy. Daşarda topbak-topbak bolup gar ýagýardy. “Belarus” traktory bolsa garlary uly bir üýşmege ýygnaýardy.
Terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW.
Hekaýalar