19:11 Gürgenç / 3-nji kitap -9 | |
IX BAP
Taryhy proza
Durmuşyň akymy Horezmşa Tekeşiň ygtyýarynda bolsa ol öz ömrüni parahatçylykda ýurdyň abadançylygy, halkyň güzerany ugrundaky aladalar bilen geçirerdi. Emma döwrüň syýasatynyň talaby onuň isleginiň tersinedi. Sen basyp almasañ, seni basyp alýarlar. Şonuň üçin güýçli bolmaly, diňe güýjiňe daýanyp ýaşamaly zamandy. Günde, günaşa Horasandan, başga sebitlerden gelip gowuşýan habarlar tijenmegi, ägä bolmagy talap edýärdi. Inisi Soltanşanyň Horasanda döwlet gurup, barha güýçlenýändigi hakyndaky habarlar ony ynjalykdan gaçyrýardy. Çünki Soltanşanyň harby güýji bir çene barsa, onuň dek oturmajagy, Horezme ýene ýörüş etmegi ähtimaldan daşda däldi. Ol Soltan Sanjaryň Maru-şahu-jahan diýip atlandyrylan, beýik soltanlygyň paýtagty bolan Merwi paýtagt edinip, Horasanyň beýleki sebitlerine-de, aýratynam Horezmiň tabynlygynda bolan Nyşapura göz dikipdi. Nyşapurda Horezmdäki söweşde ýesir düşüp, öldürlen Muaýýidiň ogly Abu Bekir Toganşanyň hökümdarlyk eden döwründe onuň üstüne birnäçe gezek ýörüş edip, ahyr ony syndyrypdy, hazynasyny hem ele salypdy. Togan şanyň wepatyndan soň onuň ogly Sanjarşa tagta çyksa-da, döwletiň ygtyýary atabeg Meňli Tegindedi. Meňli Tegin şepagatsyz, açgöz adamdy, ol ilata agyr salgytlar salyp, köp adamlaryň emlägini elinden alyp, ýurtda närazylyk döredipdi. Munuň üstesine birnäçe adamlary nähak jezalandyryp, emirleriň gazabyny gozgadypdy, olaryň bir näçesi öz esgerleri bilen Soltanşanyň hyzmayna geçip, onuň goşunyny ýene-de güýçlendiripdiler. Horezmşaga mälim bolan bu ýagdaýlar hem-de Meňli Teginiň Nyşapuryň Horezme tabynlygyny hasap etmän başlanlygy ony ýörüşe atlanmaga mejbur etdi. Şeýlelikde ol 582-nji hijriniň (1186) baharynda agyr goşun bilen Horasana tarap ýola düşdi. Tekeşiň goşunynyň Horasana ýetip gelýäninden habardar bolan Soltanşa “Sen bäri gelseň, men aňry bararyn” diýip Horezme goşun çekdi. Emma Tekeşiň Merwe-paýtagtyna tarap ýönelenini bileninden goşunyny Amulda galdyryp, kiçiräk bir topar bilen at salyp, yzyna gaýtdy, Tekeşden öňürtiläp gelip, şäheriň derwezelerini berkletdi. Tekeş ol başga ýat adam bolanda şäheriň galasyny ýykyp-ýumursada alardy. Emma ol öz inisi bolansoň bu işi etmedi, goşuny Nyşapura çekdi. Horezmşanyň goşun çekip gelýänini eşiden Meňli Tegin bilen Sanjarşa onuň öňüne goşun çykarmaga gaýratlary çatman, şäherde goranmak çärelerini gördüler. Tekeş gelip, şäheri gabady. Zabt etmän garaşdy. Aradan bir aý geçdi, derweze açylmady, içerdäkiler teslim boljaga meňzemeýärdi. Serkerdeler galany manjynyklardan atyp, ýykmagy teklip etdiler. Horezmşa: -Nyşapur atamyz Atsyz hezretleriniň döwründen bäri Horezminiň tabynlygyndaky şäher. Manjynyklardan atyp gala diwarlaryny ýyksak, öz zadymyza zyýan ýetiren kimin bolmazmy? Garaşaly, derweze açylar. Olaryň teslim bolmakdan özge çäresi ýok-diýdi. Tekeşiň aýdyşy ýaly aradan ýene bir aý geçip geçmän derweze açylyp, içerden on atly çykdy. Olar galanyň öňündäki giň meýdany tutup ýatan leşgeriň goşuna tarap gaýtdylar. Olar goşuñ çägine on ädim dagy ýetmän atlaryndan düşdüler. Olaryň bäşisi beýleki bäşisine atlarynyň jylawyny berip, özleri pyýadalap ýoluny dowam etdirdiler. Olar depesinde ýaşyl baýdak parlap duran Horezmşanyň çadyryna tarap barýardylar. Olary çadyrdan taýak, atym bärde sakladylar. Olaryň şahsyýetlerini, gelmekden maksatlaryny anyklanlaryndan soň Horezmşaga habar edildi. Patyşadan ejaza bolansoň serbazlaryñ biri olary hökümdaryň huzuryna alyp bardy. Horezmşa türkmen halylary düşelen giň çadyryň töründe pesräk tagtyrowanda, iki tarapynda wezir-wekilleri bilen otyrdy. Çadyryň tüýnüginden düşen günüň şöhlesi içerä ýeterli ýagtylyk berip durdy. Gelenleriň üçüsi ak sakgally, ak geýnen ulama adamlardy. Beýlekileriň biri orta ýaşlaryndaky gara tegelek sakgally, ýüzi hyrsyz adamdy, Ikinjisi bolsa sakgal-murty ýaňy taban ýaş ýigit bolup kellesindäki ýaşyl sellesiniň maňlaýynda onuň täçdardygynyň nyşany bolan altyn jygasy bardy. Çadyra girenlerinden ulamalar salam berip, tagzym eden bolsalar, beýleki ikisi emedekläp baryp, Horezmşanyň donunyň synyny ogşadylar, soňra yzyna tesip, dyzynyň üstünde, kellelerini aşak egip oturdylar. -Merhemetli, muhterem Horezmşa Tekeş ibn Il Arslan hezretleri!-diýip, ulamalaryň biri söze başlady.-Biz Nyşapuryň ähli ulamalarynyň adyndan Allatagalanyň şu oturan iki asy bendesiniň günäsini ötmegiňizi towakga edip, huzuryňyza geldik. -Allanyň bu asy bendeleri kimler?-diýip, Tekeş kinaýaly sorady. -Bu kişi atabek Meňli Tegin, bu ýaş ýigit hökümdarymyz Sanjarşa. -Siz ýalňyşýan bolaýmaň, biziñ eşitmişimize görä hökümdar Meňli Tegin bolmaly-diýip, Tekeş ajy ýylgyrdy. Ulama Tekeşiň kakdyryp aýdan sözüne näme jogap berjegini bilmän ýaýdandy. Soň: -Aly hezret, hökümdarlyk täji Sanjarşaga pederinden miras... -Pederinden miras galan başyndaky täji bolaýmasa, hökümdarlyk mirasy berilmändir bu oglana. Ulama ýene degerli jogap tapman, gepi başga ýana sowdy: -Aly hezret, Siz şu bendeleriň günäsini geçseňiz, Alla Sizi bu şepagatyňyz üçin müň paý ýarlykar. Allatagala şepagatly, sahawatly bendelerini gowy görýär, zalymlygy hoş görmeýär. -Siz şu gepiňizi, Allanyň zalymlygy hoş germeýänligini öz wagtynda Meňli Tegine aýtsaňyz bolmazmydy? Onuň ilata eden zulmuny siz-ulamalar görmediňizmi?! Ulamalardan ses-seda çykmady. Meňli Tegin özüni aklamak üçin gyzaryp-bozaryp dillendi: -Merhemetli Horemşa hezretleri! Meniň ýurtda tertip-düzgüni berkitmek, asudalygy saklamak üçin eden käbir işlerimi duşmanlarym zalymlyk diýip ýaýradypdyrlar. Onsoňam, men näme iş etsem-de hökümdarymyz Sanjarşanyň razylygy bilen etdim. -Sen “Näme iş etsem, Sanjarşanyň emri bilen etdim” diýseň, men seni günälemezdim. “Razylygy bilen etdim” diýeniň bolsa edilen işleriň başlangyjy senden çykanyny aňladýar. Şonuň üçin sapalak atman günäňi boýnuňa alyber-diýip, Tekeş soňundan Sanjar şaga gatyrgandy: -Eý, sen, nalajedeýin hökümdar! Ähli ygtyýary atabegiňe berip, özüň näme iş etdiň, diňe keýpi-sapa bilen bolduňmy? Hany, aýt! Senem diňläp göreli! Sanjarşa özündenem hasap soraljagyny bilip, berjek jogaplaryny öňünden kellesinde bişiren bolmaga çemeli ýaýdanman dil ýardy: -Aly hezret, bu ýerde edilen işler baradaky habarlar Size baryp ýetende has çişirlen bolmaly. “Ilata zulum edildi” diýleni-bir gezek, harby harajatlara zerurlyk dörände ilata agyrrak salgyt salyndy. Munuňam sebäbi-biziň esasy ýagymyz Soltanşadan goranmak üçin goşuny birneme güýçlendirmeli boldy. Soltanşa pederim Toganşa hezretleriniň döwründen bäri üstümize ýörüş edýär, talaýar. Ol Nyşapuryň Horezminiň tabynlygyndaky ýurtdygyny hem äsgerenok. Tekeş Sanjarşanyň ýüzüne dykkatly seredip, oturşyna serinden: “Bu oglanyň özi işlemese-de, kellesi işleýäne meňzeýär. Gördüňmi, onuň Soltanşaly gürrüň bilen meniň gowşak damarymdan tutup, ünsümi özlerinden sowjak boluşyny” diýen pikir geçdi. -Emirleriňiziň bir näçesiniň Soltanşanyň hyzmatyna geçip gitmeginiň sebäbi näme?-diýip, Horezmşa bu ýagdaýdan hem habarlydygyny duýdurdy. -Olar atabeg bilen oňuşman gitdiler. -Aly hezret, ol emirler eden etdilikleriniň jezasyndan gorkup, gaçyp gitdiler-diýip, Meňli Tegin gepimi goldar diýen tama bilen Sanjarşaga seretdi. Emma tamasy çykmady. -Olar-a seniň jezaňdan gutulyp gidipdirler, jezalandyran adamlaryňyň näme günäsi bardy? -Günäsiz adamy jezalandyrmadyk, Aly hezret... -Men senden näme günäsi bardy-diýip soraýan! Meňli Tegini Horezmşanyň gazaply çykan sesi aljyratdy. Ol sandyrap jogap berdi: -Günäleri her hili, Aly hezret. Ogurlyk, kezzaplyk... Biri Soltanşanyň jansyzy eken. Oňa ähli gerekli maglumatlary ýetirip durupdyr... -Men näme sorasam-da, ýalandanmy, çyndanmy bir delil tapjagyňy bildim. Indi meniň ikiňize-de bir sowalym bar. Oňa-da delil tapjak bolup görüň-diýip, Horezmşa ilki nazaryny Sanjarşaga, soň Meňli Tegine dikip, dowam etdi.-Siz ikiňiz hem Nyşapuryň Horezminiň tabynlygyndaky ýurtdygyny bilýäňiz dälmi? -Elbetde bilýäs, Nyşapur ýurdy Siziň ata miras mülküňiz, bizlerem Siziň sadyk gulamyňyz, Aly hezret-diýip, Meňli Tegin Sanjarşadan öňürtiläp jogap berdi. -Onda näme, öz mülküne gelen adamy güler ýüz bilen garşy almaga derek, derwezäni açman, iki aýa golaý garaşdyrdyñyz? - Gorkduk, Aly hezret. Duşmanlarymyz bizi ýamanlap, ýüregiñizi çişiren bolsalar, gahar üstünde jezalarsyñyz öýdüp gorkdyk-diýip Meñli Tegin jogap berdi. -Gorkduk diýsene, Iki ýyl bäri tabynlyk pajyňyzy tölemäniñize-de gorkdyñyzmy? Muña näme delil tapjak?- diýip Horezmşa gatyrgandy, -Aly hezret, geçen ýyllarda Soltanşanyň garşysyna durup biljek goşun döretmek üçin gaty köp serişde gitdi. Indi, Hudaýa şükür, şeýle goşunymyz bar. Paç üçinem pul jemlemäge mümkinçiligimiz boldy. Şonlukda iki ýylyň pajynam taýýarlap goýduk. Horezmşaga Meňli Teginiň soňky sözi ýaramanam durmady. Şonuň üçin bolsa gerek, käbir şertler bilen ýaraşyk ýola goýuldy. Horezmşa wezir-wekilleri bilen köşke teklip edildi. Emma ol barmady: “Näme hezzetiňiz bolsa şu ýerde ediberiň” diýdi. Şundan soň ýaraşygyň şanyna leşgeriň goşunda iki günläp toý tutuldy. Toýdan soň Tekeş ýaraşygyň şertine görä özüniň ynamdar, mertebeli adamlaryndan dört kişini gözegçi hökmünde Nyşapurda galdyryp, aljagyny alyp, goşuny bilen Horezme gaýtdy. *** Horezmşa Tekeş Gürgenje gelip, ýaňy bir parahatçylykda ýurdyň abadançylygy baradaky aladalar bilen ýaşap başlanynda ýene-de Nyşapurdan ýakymsyz habarlar gelip başlady. “Muhannesiň bolmaz ähdi-peýmany” diýenleri ýaly Meňli Tegin ähdini bozup, gözegçilik üçin goýup gaýdylan adamlary tutup, Soltanşaga beripdir. Munuň üstesine Nyşapurda ýören Horezmiň iň hormatly din hadymlarynyň biri kady hem şeýhuIyslam Burhaneddin ibn Fahreddin al Kufi hezretlerini hem tutup katl etdiripdir. Bu habarlar Tekeşi gazap atyna mündürdi. Ol waly bolup Jendi dolandyryp oturan ogly Nasreddin Mälikşanyň ýerine başga adam iberip, ony tizlik bilen Gürgenje aldyrdy. Özüniň beýle gyssagly çagyrlanyna ilki haýran bolan Mälikşa Nyşapura ýörüşe atlananlarynda kakasynyň niýetini bildi. 583-nji hijriniň muharram aýynyň 14-inde (27-nji mart 1187) Horezmşa gelip, Nyşapury gabady-da, galany manjylyklardan atmagy buýurdy. 40 günlik gabawdan soň Meňli Tegin teslim bolup, ymamlaryň üsti bilen aman diledi. Bu sapar Horezmşa wezir-wekilleri, goragyndaky topary bilen şähere girip, ilatyň arzy-dadyny diňledi. Meňli Tegini elini arkasyna daňyp getirenlerinde Horezmşa oňa ýigrenç bilen bir nazar taşlady-da, sözini-de zaýa edip oturman, jeza bellemekligi ulamalaryň ygtyýaryna berdi. Ulamalar hem ony özüniň katl etdiren Şeýhulyslam Burhanetdin al Kufiniň oglunyň islegine görä jellada tabşyrdylar. Şeýlelikde Nyşapuryň ilaty bir zalymdan gutuldy. Ol zalymyň sütemi bilen emläkleri elinden alnan adamlaryň zatlary eýelerine gaýtaryp berildi. Başga-da zyýan çeken adamlaryň çeken zyýanlarynyň öwezine maddy ýardam berildi. Gysgasy, Horezmşanyň gelmegi bilen Nyşapuryň asmanyna adalat nury çaýyldy. Horezmşa Tekeş dikeldilen adalatyň mundan beýlägem berkarar bolmagy üçin Jendde birnäçe ýyl häkim bolup, ýurt dolandyrmakda ýeterli tejribe toplan ogly Nasyretdin Mälikşany Nyşapura waly belledi. Özüne näme jeza beriljegini bilmän, içini it ýyrtyp oturan Sanjarşaga, merhum kakasy Toganşaga bolan hormaty hem-de ilata edilen zulumda onuň eliniň ýokdugyny bileni üçin hiç hili jeza bermedi. Ýöne onu bu ýerde goýup gitse iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamajagyny nazara alyp, özi bilen Horezme alyp gitdi. Tekeşe ýene-de dynç durmuşyň hözürini görüp ýaşamak uzak nesip etmedi. Ol Gürgenje gelip, ýaňy ýerleşende Nyşapurdan ýene ýakymsyz habar geldi “Ezeli duşman il bolmaz” diýenleri ýaly Tekeş Nyşapurdan gaýdanyndan, ol ýerdäki wakalardan habarly bolup oturan Soltanşa goşun çekip gelip şäheri gabaýar. Nasreddin Mälikşa kakasynyň goýup giden serbazlary bilen berk durup, galany goraýar. Emma galanyň depesinden atylýan peýkamlardyr daşlar şähere edilýän hüjümleri yzyna serpikdirse-de, duşmanyň manjylyklaryndan atylan äpet daşlar galanyň diwaryny bir çetden opuryp başlaýar. Hernä, Horezmşanyň goşuny wagtynda ýetip gelip, Nyşapury Soltanşanyň hüjüminden gutardy. Soltanşa Horezmşanyň goşunyna bäs gelip bilmejegini bilip, Merwe çekildi. Tekeşiñ serkerdeleri goşuny Merwe çekip, Soltanşanyň etdigine laýyk etdik etmekligi teklip etdiler. Ýöne Tekeş unamady. -Ýykandan guran sogaplydyr-diýip, gala diwarynyň ýykylan ýerlerini dikeltmäge buýruk berdi. Baş hajyp Şyhabeddin Maksudy Horezmşanyň sözüni makullap: -Aly hezret, hikmetli söz aýtdyňyz. Eden emriňiz hem berjaý ediler. Indi meniň pikirimi soramasaňyzam, ejaza berseňiz aýdaýyn-diýdi. Tekeş hajybyň gepi aňyrdan aýlap getirişine kinaýaly ýylgyryp: -Aýdyñ, aýdyñ. Belki, sizden bir akylly teklip çykar-diýdi. -Aýtsam, Aly hezret, serkerdeleriň teklibi hem akylsyz teklip däl. Soltanşaga bir göz görkezip, ony tobasyna daýandyrmasaňyz, ol mundan beýläk hem bize dynçlyk bermez. Maýyny tapsa diňe tabynlygyňyzdaky ülkelere däl, Horezminiň özüne-de öňkileri ýaly ýene ýörüş etmekden çekinip durmaz. -Gepiňiz dogry, jenap hajyp. Ýöne Soltanşa ganybir inim bolýa-da, ýogsam bir eýýam onuň ýoguna ýanardym. Ol näçe gezek biziň garşymyza çykyş etdi, biz ýeke gezegem onuň üstüne ýörüş etmedik. Bu ahwalatlary Allatagala görüp oturandyr ahbetin. Şonuň üçin oňa Alladan ynsap diläp garaşyberäli. Belki, bir gün ynsaba geler-diýip, Tekeş hajybyň pikirine hem unamady. Horezmşanyň bu ýerde aýdan belent adamkärçilikli sözi dilden-dile geçip, Soltanşanyň hem gulagyna ýetip baran bolmaga çemeli, ol agasynyň geçirimliliginden peýdalanyp, wagtdan utmak üçinmi ýa-da Horezmşanyň adynyň, harby güýjiniň, syýasy abraýynyň barha ýokary göterilip barýanlygy üçinmi, garaz näme bolsa-da ýaraşyga isleg bildirdi,. Belki, muňa Horasanyň ençeme emirleriniň, şol sanda Soltanşanyň özüniň emirleriniň hem birnäçesiniň Horezmşaga gelip goşulmagy-da sebäp bolandyr. Ähtimal ine şu ýagdaýlaryň täsirinde ýaraşyga tarap ädim ädendir ol. *** Saparlardan ýadap, Horasanyň hoşhowaly sonarly ýaýlalarynyñ birinde goş taşlap, özüniň şahana çadyrynda dynç alýan Horezmşaga Inisi Soltanşadan wekil bolup ulamalar gelenini habar edenlerinde ol: “Ýa, Alla, meniň dilegim dergähiňde kabul bolaýdymy” diýip, içini gepledip, gelenleri güler ýüz bilen kabul etdi. Boýdan başa ak geýnen dört ulama Tekeşe tagzym edip, hal-ahwal soraşanlaryndan soň olaryň baştutany Horasanyň atly ulamalarynyň biri Nusurеddin al Sahaby söze başlady: -Merhemetli, muhterem Horezmşa Tekeş ibn Il Arslan hezretleri! Biz bir sogaply işe baş goşup, ganybir iniňiz Soltanşanyň Siziň öňüňizde eden günäsi bolsa bagyşlap, ýaraşyk etmegiňizi towakga edip, huzuryňyza geldik. Horezmşa ulamanyň gepinden soň berjek jogabyny oýlanýan kimin bir dem agraslyk bilen dymdy-da, soňra diýdi: -Elbetde, ýaraşyk uruşdan gowy. Eger Soltanşa ynsaba gelip, ýaraşyk teklip edýän bolsa, bizem garşy bolup durmarys. Ýöne ýaraşygyň iki tarapdan hem şertleri bolýandygyny Soltanşa hem bilýän bolsa gerek. Şonuň üçin bu şertler barada gepleşip, ylalaşyga gelmek, eger ylalaşyga gelinse şertnama möhür basyşmak üçin biziň huzurymyza onuň özi gelmelidir. Siz meniň şu teklibimi Soltanşaga ýetirseňiz, men ýene bir hepde garaşaryn. Horezmşanyň sözlerini baş atyp diňlän ymam Nusureddin Sahaby ýoldaşlaryna “Aýtjagyňyz barmy?” diýen manyda seretdi. Olaryň biri Tekeşe ýüzlenip: -Muhterem Horezmşa hezretleri, biz Siziň sözleriňizi gylyny gyşartman Soltanşaga ýetireris. Emma ol bu ýere-Siziň huzuryňyza gelmekden heder etmezmikä?... -Düşündim. Her kim özünden mysal alyp pikirlenýär. Men oňa ýamanlyk etjek bolsam, huzuryma çagyrmanam ederdim. -Dürsdir, Aly hezret. Meniň “heder etmezmikä” diýenimiň sebäbi ol: “Agam Radykandan on atlysy bilen on çakyrym çyksyn, menem şol ýere baryp gepleşeris” diýipdi-diýdi ulama. Tekeş kellesini ýaýkap güldi: -Gör, onuň ätiýaç edişini-diýdi. Soňra ymam Nusureddine ýüzlenip: -Möwlana, men Horezmşa Tekeş ibn Il Arslan, ol hem ibn Il Arslan. Kakamyz Il Arslanyň adyndan, Siz ulamalaryň şaýatlygynda ýene bir gezek oňa ýamanlygym ýokdygyny ynandyryp aýdýan. Gelse hezzet görer, sylag-serpaý alar. Islese siziň bilen, emirleri bilen gelsin. Islemese-de ygtyýary. Meniň şu sözlerimi-de oňa ýetiräýiň-diýdi. Ulamalar baş egip, Horezmşanyň sözlerini makulladylar. Şundan soň araçy bolup gelen ulamalara hezzet-hormat görkezilip, serpaýlar ýapyldy. Ulamalar Tekeşiň karargähinde bir gün myhmançylykda bolup, ertesi yzyna dolandylar. Soltanşa agasynyň aýdyp goýberen sözlerini ünsli diňläp, onuň teklibini oturyp, uzak oýlandy. “Şalaryň tagtyna göz diken adamyň kimem bolsa gaýgyrylmajagyny taryh görkezip gelýär. Ol öz eneligi bolan ejemi katl etdirdi. Meni aýar öýdýäňmi”. Emma ol Tekeşiň ýaşlygyndan bir sözli, mert häsiýetlidigini hem bilýärdi. Şu iki tarapy deňäp, haýsysynyň agyr geljegini bilmän oturanynda birden ýadyna agasynyň iň ýakyn adamlarynyň dördüsiniň özünde ýesirlikde oturany düşdi. Baranynda rejäniň düzüw däldigini aňsa, bir başa dört başyň kesiljekdigini duýduryp, başyny gutarar. Ol şu pikir bilen ýanyna özüne ýakyn emirleriň ikisini hem-de araçy bolup baryp gelen ulamalary alyp, agasynyň karargähine ugrady. Soltanşa ýolboýy agasy bilen boljak bu duşuşygy her hili ýagdaýda göz öňüne getirip barýardy: Tekeşiň ony gujak açyp garşy almajagy belli. Ýöne bir ýüz berip salamlaşmagy mümkin. Onsoň näme, igenç sözlerini aýdarmyka? Ýa-da mylaýymsyrap öz şertlerine boýun etjek bolarmyka? Eger öýke-kine aýdyşmaly bolsa, ejesini katl etdirenini ýatladyp, “Erkek adam bolup, naçar aýaly öldürmäge neneň wyjdanyň çatdy?!” diýip, ýüzüne bassa nähili bolarka?... Soltanşa şu zeýilli oýlar bilen Tekeşiň karargähine geleninde ony ýolda göz öňüne getirişi ýaly agasynyň özi däl-de, onuň baş hajyby Şyhapeddin Maksudy başlyklaýyn bir näçe hadymlar garşy aldylar. Soltanşa özüni resmi suratda garşy alanlar bilen görüşýärkä olaryň hiç biriniň ýüzünde hoşallyk alamatyny görmedi. -Muhterem Soltanşa ibn Il Arslan hezretleri, siziň bilen ilki ikiçäk gepleşmek üçin Horezmşa Tekeş ibn Il Arslan hezretleri ýeke özüňizi huzuryna teklip edýär-diýen baş hajyp “ibn Il Arslan” sözüni aýratyn basym bilen aýtdy. Hajybyň basymyna düşünen Soltanşa başyny çalarak atyp, onuň yzyna düşdi. Hajyp Horezmşanyň huzuryna ilki özi girip: -Aly hezret, iniňiz Soltanşa geldi. Huzuryňyza girmäge ejaza soraýar-diýdi. Gapynyň aňyrsynda duran Soltanşa Tekeşiň “Girsin” diýen sesini eşidip, içeri ätledi. Hajyp aga-inini iki çäk goýup, çykyp gitdi. Üsti gyzyl mahmally tagt pisint kürside oturan Tekeşe gözi düşen Soltanşanyň içinde gazap ody tutaşdy. Emma içindäkini daşyna çykarman başyny egip, salam berdi. Tekeş ondan eden tagzym tamasy çykmasa-da ýerinden turup, salamyny aldy. Soltanşa onuň golaýyna gelip, iki elläp görüşdi. -Inim, ten saglygyň, ruhy ahwalyň gowymy?-diýip, Tekeş oňa synçy nazaryny dikdi. Soltanşa Tekeşiň adatda soralmaýan ruhy ahwalyny agzamak bilen “ahyr tekepbirligiň syndymy” diýmekçi bolýanyny aňsa-da: -Ten saglygym gowy. Ruhy ahwalymy aýtmasamam özüňiz bilip duransyňyz-diýmekden başga göwnündäki jogaby berip bilmedi. Tekeş inisiniň jogabyndan soňky soragynyň oňa gatyrak degenini düşündi, başga kakdyryp söz aýtmazlyga ähd edip, mylaýymlyk bilen söze başlady: -Inim Soltanşa Mahmut, ikimiz hem bir atanyň perzentleri. Şeýle bolansoň biri-birimize duşman bolman, dost bolsak gelişýär. Sen dostlukdan ýüz öwrüp, duşmançylyk ýoluna geçeniňi özüňçe dogry hasap etseňem, adalat nukdaýy nazaryndan dogry däl, inim. Sen meniň paýtagtda ýoklygymdan peýdalanyp, tagty eýelediň. Meni-de özüňe wepalylyk barada kasam etmäge çagyrdyň. Meniň agalyk hukugym, namysym seniň öňüňde dyza çöküp, kasam etmäge ýol bermedi. Eger men seniň iniň, senem meniň agam bolan bolsaň, sen çagyrmazyňdan öň gelip, tagta çykanyň bilen gutlardymam, saňa wepalylyk barada kasam hem ederdim, bir ömür seni goldap, bir ganatyň bolup gezerdim. Ine şu aýdanlarymy sen etmelidiň, sen bolsa tersine etdiň, menem gara hytaýlar bilen gelip, kanuny hukugym boýunça tagty eýeledim. Halk hem goşun hem meni goldady. Çünki adalat men tarapdady. Bu ýagdaý biziň nesilşalygymyzda ikinji gezek gaýtalandy. Pederimiz Il-Arslan hezretleri hem Horasandan ýetip gelip, inisi Süleýmanşadan bikanun eýelän tagty gaýtaryp aldy. Onuň tarapdarlarynam, özünem jezalandyrdy. Men saňa degmedim. Muaýýid bilen goşun çekip gelip ýeňilip gaçanyňda seni yzarlamadym. Yzarlasam tapyp hem bulerdim, jezalandyryp hem. Ýöne men muny islemedim. -Tagt maňa pederimizden miras berilipdi. Men mirasdüşerdim ahyryn. -Bu gep seniň ejeňiñ oýlap tapany. Uly ogul duranda kiçisine miras berilmeýär. -Ejemi şonuň üçin öldürdiňmi? Perzent üçin mundan hem agyr jeza barmy? -Soltanşa, ejeňiñ ölümi meniň göni hökümim bilen däl, geleňsizligim zerarly boldy. Men ejeň bilen gürrüňi tamam edip, oňa “gaýdyberiň” diýdim. Emma ol ýene gepläp başlady. Men onuň özi çykyp gitmejegini bilip, “alyp çykyň!” diýdim. Soňundan “Ugradyp goýberiň” diýmändirin. Ine şu-da meniň geleňsizligim, meniň hatam. Bu iş üçin senden uzur sorasam hem uzurymy kabul etmejegiňi bilýän. Ýöne aramyzda turaýmagy mümkin bolan uruşa garanda parahatçylygyň özüňe bähbitli taraplaryny oýlanyp, ýaraşyk etmäge geleniňi gutlaýan, inim. Tekeş sözüniň şu ýerine geleninde bir möhüm zat ýadyna düşen ýaly birden sägindi. Soltanşa hyrsyz nazaryny dikip: -Soltanşa dogryňy aýt: eliňe düşen meniň nedimlerim amanmy? Ýa-da olary ejemiň ary diýip, katl etdirdiňmi?-diýdi. -Ýok, agam. Men elime düşen ganymym erkek adam bolsa-da, katl etdirmeýärin. Olar sag-aman. Men yzyma dolanyp baranymdan olary at-ýaragy bilen Siziň ýanyňyza goýbererin. Tekeş Soltanşanyň kakdyryp aýdan bu jogabyndan ejesiniň ölüminiň ýatlanmagy bilen odunyň täzelenendigini duýdy. Şonuň üçin oňa gahar etmedi, gahar etmäge haky hem ýokdy. Tekeş: -Maňa garanda sen has alyjenap ekeniň-diýdi -Indi meniň hatamy näçe ýatladanyň bilen peýdasy ýok. Seniň üçin peýdaly zatlary gepleşeli. Men saňa Baharzy, Jamy, Zurpuly berýän. Şular bilen seniň hem hökümdarlyk edýän sebitiň has giňelýär. Şeýle bolansoň sen Horezminiň tabynlygyndaky sebitlere göz dikmegi, ýörüş etmegi bes etmelisiň. Mundan beýläk sen meniň agalyk hormatymy saklap, meniň bilen maslahatly iş etseň, menem saňa elimden gelen kömegimi ederin. Şeýdip ikimiz arkalaşyp höküm sürsek, Horezmşalar nesliniň mertebesi has ýokarda bolar. Ine, inim, meniň seniň bilen ikiçäk gürrüňim şulardan ybarat. Indi seniňem aýtjak, goýjagyň, teklibiň, talabyň bolsa aýt, diňläýin. -Agam, meniň aýtjagymy, teklibimi, talabymy aýdyp bolmaýar... Tekeş ajy ýylgyrdy: -Hiç haçan amala aşmajak teklibiň bilen talabyňy aýdyp bolmaýandygyny bileniň hem gowy. Şonuň üçin gepi sozup oturman, iki tarapyň hem adamlaryny çagyryp şolaryň şaýatlygynda ýaraşyk şertnamamyza möhür basyşaýaly. Soltanşanyñ agasy Tekeşiň aýdany bilen ylalaşmakdan başga alajy ýokdy. Soltanşa Mahmyt agasy Tekeşiň karargähinden hezzetlenip, serpaý geýip gaýdanam bolsa, ýüregindäki kine-kütüwi ýazylmandy. Öňki ar almak niýetini terk etmändi. Tekeş hem onuň mundan beýläk dost-doganlyk gatnaşygyny saklajakdygyna bir göwni ynansa, bir göwni ynananokdy. *** Şalaryň şöhrata kowalaşmak nogsanyndan Horezmşa Tekeş hem halas däldi. Horasanyň aglaba bölegini özüniň tabynlygyna geçirendigi, inisi Soltan şanyň ýaraşmak üçin baş egip huzuryna gelenligi, sebitde at-abraýynyň belentlere göterlip barýanlygy, aýratyn-da harby güýjiniň has artandygy ony bir hili howalandyrypdy. Şu ýagdaýlar sebäpli bolsa gerek, indi onuň köňli soltanlyk derejesine bakan telwas edýärdi. Köňül telwas eden zadyna ýetmek üçin hökümdar kişilere bahama gyt däl-le. Şu arada bolan bir kiçijik waka onuň köňlündäki matlabyny amala aşyrmagyny has çaltlandyrdy. Gypjaklar kowmundan bolan, diňe maşgalada däl, döwletde hem öz agramyna eýe Terken hatyn adyny alan aýaly Aýşe oňa bir gün hemişekisi ýaly “Şahym” diýip ýüzlenmän, “Soltanym” diýdi. -Maňa Soltanym diýýäňmi, men entek soltan däl-ä?-diýip, Tekeş mekirlik bilen ýylgyryp duran aýala soragly nazaryny dikdi. -Bir eýýäm Soltanlyk derejesine ýetibem özüňizi Soltan yglan etmän ýöreniňize men-ä haýran-diýen Terken hatynyň mylaýym teýenesi Tekeşiň Soltanlyk derejesini almagyna bagyşlanan dabaralara badalga berip goýberdi. Şeýlelikde Horezmşa Alaweddin Tekeşiň soltanlyk tagtyna çykmagy mynasybetli guralan dabaraly toý Radykanda üç gije-gündiz dowam etdi. 585-nji hijriniň Jumadylowal aýynda (1189 iýul) bolup geçen bu dabaranyň owazasy dünýä ýaýrady. Şundan soň onuň ady diňe Horezmde däl, bütin dünýäde-de Tekeş soltan, soltan Tekeş diýip tutulyp başlandy. Ýöne indi ol soltan bolsa-da, ünjüsi az däldi. Onuň esasy ünjüleriniň biri inisi Soltanşady. Soltanşa Mahmyt ýaraşykda boýun alan borçlaryny bir eýýäm unudypdy. Agasynyň aýdan gepleri, beren pentleri o gulagyndan girip, bu gulagyndan çykyp gidipdi. Ol agasynyň garşysyna sebitde Horezmşanyň esasy bäsdeşi Gurlylaryň hökümdarlary aga-ini Gyýaseddin we Şyhabeddin dagylar bilen birleşip, hereket edýärdi. Bu habar Tekeş soltana gelip ýeteninde ol bir bada hyrçyny dişläp, kellesini ýaýkady. Hawa-da, syýasat diýläni örän çylşyrymly, has dogrusy durnuksyz, zandy mekirlige ýugrulan bir zat. Öz bähbidini araýan tarap ikinji tarapa dostluk barada ant içip, gujaklap duran eli bilen arkasyndan hanjar sokýan mahallary hem bolýar ahbetin. Bu zatlara gowy düşünýän Tekeş soltan Soltanşanyň hereketlerini geňläp hem oturmady. Özi Gürgençde bolsa-da, iki gulagy Horasan tarapda boldy. Soltanşanyň ähli edim-gylym, hereketlerinden habarly bolup oturdy. Tekeş soltany gurlylaryň ilki Soltanşany goldap, soňunda aralarynda uruş turup, ony derbi-dagyn edişleri haýran galdyrýardy. Şundan soňky ýüze çykan wakalar diňe Tekeşi däl, döwrüň taryhçylaryny hem haýran galdyrypdy. Gurlylar gün-günden güýçlenip barýan Horezmşadan howatyr edenleri üçin Soltanşany agasynyň garşysyna ýaran edinmek maksadynda oňa hemaýat baryny edip, az-owlak ýer hem berýärler. Soltanşa bolsa gurlylaryň bu sahawatyny özünden gorkýandyklary üçin edýändirler öýdüp, ýene-de Hyrat, Badhiz şäherlerini we olara degişli ýerleri hem bermeklerini talap edip, ilçi iberýär. Gurlylar Soltanşanyň bu gödek talabyna degerli jogap aýdyp, ilçisiniň yzyna it salyp kowýarlar. Adamyň başyna näme bela gelse nebsinden gelýändigini unudan Soltanşa berilmedik zady güýç bilen almak maksadynda gurlylaryň üstüne goşun çekýär. Goşuny-da söweşde derbi dagyn bolup, özi aman galan iki müňe golaý serbazy bilen gaçyp Merwe gelýär. Onça-onça şowsuzlyklara ruhdan düşmeýän Soltanşa güýjüni dikeldip almagyň täze ýollaryny gözläp başlady. Köp oýlandy. Soňunda-da gara hytaýlara ýüz tutmaly diýen karara gelip, Balasaguna tarap ýola düşdi. Mundan habardar bolan Horezmşa Tekeş onuň barýan ugruna goşun döküp, ýoluny baglady. Soltanşa nalaç yzyna gaýtmaly boldy. Ähdi ýalan inisiniň özüne garşy edýän duşmançylykly hereketleri Tekeş soltanyň sabyr käsesini püre-pürläpdi. Indi ol munuň beýle hereketleriniň soňuna çykmak üçin Horasana goşun çekdi. Soltanşa özüni yzarlap gelýän goşuna az sanly leşgeri bilen bäs gelip bilmejegine gözi ýetip, ýene-de gurlylardan haraý gözlemekçi boldy. Onuň bu niýetini wezir-wekilleri makullamady. Olaryň biri öz pikirini göni aýtdy: -Aly hezret, gurlylar bilen bolan söweşde dökülen ganlar entek kepäp hem ýetişmänkä olaryň hemaýatyna bil baglap bolmaz. Iň gowusy agaňyzyñ özüne ýüz tutuň. Uzr sorap baş egseňiz, ganybir adañyz Size ýamanlygy rowa görmez. Onsoňam, onuň bilen dostluk-doganlykda ýaşasaňyz beýle alada-azarlardan dynarsyňyz, özüňize degişli sebitde arkaýyn şalyk sürüp, parahatçylykda döwranly ýaşarsyňyz. -Maslahatyň üçin sag bol! Men hiç haçan onuň bilen dostluk-doganlykda ýaşamaryn! Ondan ata miras tagtymy gaýtaryp alýançam göreşim dowam eder!-diýip, Soltanşa maslahat berene gaharly nazaryny dikdi. Şeýlelikde kesirlikde ýakasyny tanadan Soltanşa öz diýenini edip, ýene-de gurlylara ýüz tutdy. Ine şunda, öň aýdyşymyz ýaly, syýasat diýilýän zadyň baryp ýatan durnuksyzdygy has aýdyň ýüze çykdy. Gurlylar düýünki gylyçlaşan duşmanyny bu gün gujak açyp garşy aldylar. Munuňam sebäbi ýene şol özleriniň güýçli bäsdeşiniň duşmanyndan peýdalanmakdy. Horezmşa Tekeş gurlylaryň bu messepsizligine hem haýran galdy, hem gahary geldi. Ol haýran galmasynyň ýanyna gaharyny hem goşup, olara bir nama ýollady. Horezmşanyň namasyny alyp baran ilçini gurlylaryň hökümdary soltan Gyýaseddin al Gurly köp garaşdyryp kabul etdi, känbir ýüz bermedi. Ilçi entek namany okap görmän, özüniň beýle sowuk garşylanmagyndan saparynyň netijesi gowy bolmajagyny aňdy. Şeýle-de bolsa ol soltana tagzym edip, habaryny aýtdy: -Merhemetli soltan Gyýaseddin hezretleri, Sizi biçak hormatlaýan Horezmşa Tekeş soltan hezretleri köp dogaýy salamlar bilen menden şu namany gönderdi-diýip, tagtynda gaýşarlyp oturan soltana iki elläp namany gowşurdy. Gyýaseddin namany alyp, gapdalynda goýdy-da: -Jenap ilçi, biz namany okamasak hem onda nämeler ýazylanyny bilýäris. Eger ony sizem bilýän bolsaňyz mazmunyny aýdyp beräýiň. Ony bu oturan wezir-wekillerimiz hem eşitsin-diýdi. Soltanyň namany okaman beýle diýenine geň galyp: “garrap hat okamaga gözi ötmeýärmikä, ýa sowady ýokmyka?” diýen pikire baran ilçi çalarak ardynjyrap söze başlady: -Möhterem Gyýaseddin al Gurly hezretleri, Siziň adalatly hökümdardygyňyza bil baglap, özüniň ganybir agasynyň garşysyna köp ýyllardan bäri duşmançylykly hereketler edip, köp weýrançylyklar eden ähdi ýalan Soltanşany özüne bermegiňizi Horezmşa hezretleri sizden haýyş edýär. Ilçi sözüni tamamlandan Gyýaseddin al Gurly oňa kinaýaly nazar bilen bir salym seredip oturdy-da: -Jenap ilçi, bir adam pena diläp gelse, ol hem penakärlik etmäge mynasyp adam bolup, kabul edilse, onsoň ony rakybyna bermek namartlyk bolmaýarmy? Musulmançylykda beýle iş aýyp hasap edilýär. Horezmşanyň şuňa akly ýetmeýärmikä?-diýdi. - Onsoňam, siziň aýdyşyňyz ýaly Soltanşa Horezmşanyň garşysyna duşmançylykly hereket edýän bolsa, onuň beýle hereketleri etmäge haky bar. Çünki ol ýurt eýesiniň ogly, özi hem ýurt eýesi bolmaly. Ata miras ýurdunyň we tagtynyň eýesi bolmak üçin onuň edýän hereketlerini ýagny göreşini biz kanuny hasap edýäris. Ýöne men Tekeş soltany-da ýaman göremok. Horezmiň tagtynda doganlaryň haýsysy otursa-da, biz ol ýurt bilen dostlukly gatnaşyklar etmäge taýyn. Şonuň üçin Tekeş soltan Horezmde biziň adymyzy hütbä goşdursyn hem-de uýasyny biziň inimiz Şyhabeddine bersin! Al Gurlynyň sözleri, aýratynam soňky iki talaby ilçä gaty täsir edip, gany beýnisine uran ýaly boldy. Ol hökümdar adamyň garşysynda durany üçin dilini dişläp, gaharyny içine ýutdy. -Meniň şu aýdanlarymy gylyny gyşartman Horezmşaga ýetirersiňiz-diýip, Gyýaseddin sözüni soňlady. -Elbetde ýetirerin, ýöne jogabyny alyp gaýtmak üçin meniň bilen ilçiňizi ibermeli bolar. -Näme, Horezmşanyň özi jogabyny ýollap bilmeýärmi? Gyýaseddiniň bihaýalyk bilen eden talaplaryna jany ýanyp duran ilçi. -Horezmşa jogaba derek goşun ýollaýmasa-diýip, dilinden sypdyranyny duýman galdy. -Oho, Şeýlemi? Onuň ýaly bolsa bizem bir zatlar ederis!-diýip, Gyýaseddin tagtyndan turdy-da ilçä: -Size rugsat, gaýdyberiň-diýdi. Ilçi daşary, Äl Gurly içeri ýöneldiler. Olardan soň tagt eýwanynda galan emeldarlar bu kabul edişligiň soňy gowy bolmajagyny özara bir salym gürrüň edişip, duranlaryndan soň dargaşdylar. Ilçiden Al Gurly bilen bolan gürrüňi eşidip, dergazap bolan Tekeş soltan bar güýjüni toplap, gurlylar tarapa ýola düşdi. Gyýaseddin al Gurly hem ilçä “onuň ýaly bolsa bizem bir zatlar ederis” diýenini edip, ýegeni Alp Gazynyň ýolbaşçylygynda öz goşunyny hem-de Sijistanyň hökümdary Täjeddin Hasany leşgeri bilen Soltanşaga berip, ony Horezme ýollady. Iki ýurdyň leşgerine eýelik edip, ar almak hyjuwy bilen barýan Soltanşa ýörüşiniň ýedinji güni garagördümde ýer süýşen kimin haýdap gelýän agyr goşuna gözi düşüp, leşgerini saklady. Garşydan gelýän goşun hem bularyň aýak çekenini görüp, ýörişden togtady. Indi birek-biregi aýyl-saýyl edip bolýardy. Sap tartyp duran agyr goşunyň öňünde atda gaýşaryp arkaýyn oturan agasyna gözi düşen Soltanşa özüni bir hili sussu basylan ýaly duýdy. “Näme men birden gowşadym? Gorkdymmy ýa ejizledimmi?” diýip ol özüne özi sowal berýärdi. “Ýok, bu gorky-da, ejizleme-de däl, ýüregim başka sebäpden ýumşady-diýip, öz sowalyna özi şeýle jogap berip, ýagdaýyny seljerip başlady. –Garşymda duranlar öz ýurdumyň ýigitleri, öz Watandaşlarym. Men keseki ýurduň leşgeri bilen özümiziňkileri gyrsam... nähili bolar?! Onda näme diýip, goşun toplap gaýtdyň? Maksat ähli zatdan ileri dälmi? Maksada ýetmek üçin hiç zady, hiç kimi gaýgyrmaly däl! Sen şu söweşde ýeňiş gazanyp, Tekeşi aradan aýyrsaň, ata miras tagtyňa, Horezmin diýaryňa eýe bolarsyň, arzuwyňa ýetersiň. Emma arzuwlaryň wysal bolmaýan wagtlary-da az däl. Ýeňiş däl-de ýeňliş bolsa nätjek?! Elime berlen goşuny derbi-dagyn edip barsam, gurlylaryň öňünde ýüzigara bolmarynmy? Ýok. Bu ýüzbe-ýüz söweşden ýüz döndermek gerek. Tekeşiň ýurtda ýok mahaly baryp, Gürgenji gabasam, şähere girsem halk hem meniň tarapyma geçer...” Tekeş soltan garpyşyga garaşýardy. Ol töweregindäki serkerdelerine Soltanşany öldürmän ýesir almagy tabşyryp durdy. Emma inisiniň söweşden ýüz dönderip goşunyny yzyna aýlamagy ony geň galdyrdy. Serkerdeleri olary yzyndan baryp basmagy, derbi-dagyn edip, Soltanşany-da ýesir almagy teklip etdiler. Tekeş soltan: “Gylyjy gynyndaky adamlary yzyndan baryp basmak namartlyk bolar” diýip, serkerdeleriniň teklibini unamady. Şeýlelikde bolmaly söweş bolmady. Horezmşa Tekeş soltan hem yzyna Gürgenje dolandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |