09:31 Akmak şa hemde sähraýy gyz barada rowaýat | |
AKMAK ŞA HEM-DE SÄHRAÝY GYZ BARADA ROWAÝAT
Goşgular
I. Gadym ülkelerde, Gadym bir zaman, Ýaşanmyş gözel gyz, Ady Arzyman, Ýaşy ser uranda, On alty ýaşa, Onuň şum bagtyna, Aşyk bolan Şa. Şum hyýal gelensoň, Hapa küýüne, Şa çapar ýollanmyş, Gyzyň öýüne. Emmaki şalardan, Gelen şum çapar, Garypdan neneňsi, Hoş habar tapar?! Ertesi dar agaç, Yrandy ýele, Gözeliň kakasy, Ejesi bilen. Gözele ýetmedi, Şepagatly dar. Ony bagra basdy, Garaňky zyndan, Eline, aýagyna, Gandal urdular. ( Ýogsa ýogyn saça, Bogulardy ol). Üç gün yza çekdi, Üç hepde jepa..., Şa şum pirminden, Tapmansoň wepa, Ýasawul iberip, Gyzyň ýanyna, Çagyrdy ahyrsoň, Tagtu şanyna. Ýalbardy, aglady, dyzyna çökdi, Gyzyl gözlerinden, gyzyl ýaş dökdi, Şonda gyz gabagyn, galdyryp çala, Ýat etdi atasyn, Enesi bile, Hem diýdi: "Beýik şa, ýok meniň erkim. Seňki men, bitirseň, üç sany şertim, Seňki men, bitirseň, üç sany şertim". II. Ertesi Turanda, Jarlar çekildi, Gözel künjeginde, Çadyr dikildi. Bu syrly tomaşa, Şat boldy her kim, Şa diýdi: "Aýt gyz, Birinji şertiň!” "Şol keýigiň yzyndan Ýetensoň peýkam, Ony bir pursatda, Edinmeli şam!” Peýkam gazap bilen, Şuwwuldap gitdi, Dem salymda, Keýigiň yzyndan ýetdi. Şanyň gyzyl gözün, Gaplady duman, Şa diýdi: "Meniňki, Meniňki Arzyman! Birinji şertiňe, jogabym berdim. Indi, aýt bakaly, ikinji şertiň!” Gyz aýan eýledi, ikinji şertin: "Bir çelek şeraba, gark et sen derdiň !” Şa diýdi: "Pah pah, pah şertiňe gurban! Sen indi meniňki, meňki Arzyman!” Säher şapagy dek, içildi şerap, Başlady şum Şanyň, murty tititiräp. Wezirler wekiller, Dyza çökdüdiler, Heremiň gyzlary, gözýaş dökdüdiler, Bir gazal okady, Eýwany şahyr. Şa diýdi:,, Tagtymyň, Täji Arzyman Üçinji şertiňi eýle, sen aýan!” "Saňa juda ýeňil, iki şert berdim, Sen eliňden gelmez, üçinji şertim!” "O nämüçin gelmez, bilýärmiň men kim?” "Onda şeýleräjik, üçinji şertim, Eliňe peýkam al, üç ädimde dur, Ýaý sowa geçmesin, gursagymdan ur. Meniň şu şertimi, bitirseň eger, Gyzgyn leblerime, lebleriň deger, Ilimden, günümden, Ardan geçerin, Mar saçlarym bilen, biliň guçaryn. Ýöne sowa geçse, awuly ýaýyň, Men seniň aýyň dal, men seniň aýyň” "Pah, pah, pah, sähra gyzy, Gözel Arzyman, Dahanyňdan çykan, şertiňe gurban!” Müň jeren yzyndan, Şuwwuldap ýeten, Müň jeren ýüregin, paralap öten. Peýkamy eline, alanynda şa, Doldy märäkäniň, gözleri ýaşa! ...Peýkam döşden girip, bir nagra çekdi, Burnuny ganadyp, arkadan çykdy. Uzakda uwlady, sergezdan itler. Gan damyp, gülledi ýaşajyk otlar. Akmak Şa gygyrdy: "Şertiňe gurban, Indi sen meniňki, meňki Arzyman!’ Bu köne rowaýat, Bu köne "Myş-myş” Gyzlar namys üçin, Şeýdip ölermiş! 1970 ýyl. Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Ol ki maňa ýary dilnowaz, göründi... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Gezek ýetirse / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Herkaýan gitdi / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Baýlygym meniň / Goşgular - 23.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |