17:55 Gylyç Arslan I | |
ANADOLY SELJUKLY TÜRKMEN DÖWLETINIÑ SOLTANY ▶ GYLYÇ ARSLAN I Soltan Gylyç Arslan I, Anadoly Seljukly türkmen döwletiniñ ikinji Soltany, Anadoly Seljukly döwletiniñ düýbüni tutujy Gutalmyşogly Süleýman Şanyñ ogly. ■ ÖMRI: Doglan senesi we ýeri anyk belli däl. Gylyç Arslanyñ ady Wizantiýa çeşmelerinde "Klitziasthlas", latyn hronikalarynda bolsa kakasynyñ ady bilen birlikde "Klitziasthlas Soliman" diýlip agzalýar. Kakasy Süleýman Şanyñ 1086-njy ýyldaky Siriýa ýörişi wagtynda Antakýada bolan Gylyç Arslan kakasynyñ Mälik Tutuş bilen özara çekişmesi döwründe aradan çykmagy bilen wezir Hasan ibn Tahyryñ goramagy astynda Antakýada galmagyny dowam etdirýär. Beýik Seljukly Soltany Mälik Şanyñ emri bilen Yspyhana ugradylan Gylyç Arslan ol ýerde göz tussaglygynda saklanýar. ■ TAGTA ÇYKYŞY: 1092-nji ýylda Mälik Şanyñ aradan çykmagyndan soñra Gylyç Arslan dogany Kulan Arslan bilen birlikde Anadola dolanýar. Käbir çeşmeler Mälik Şanyñ ýogalmagy bilen ýüze çykan tagt dawalaryndan peýdalanyp gaçypdyrlar. Käbir çeşmeler bolsa Beýik Seljukly imperiýasynyñ tagtyna geçen Soltan Berkýarygyñ rugsady bilen Anadola gidipdirler. Ol 1093-nji ýylda ýanyndaky güýçler bilen bile Iznige gelýär. Süleýman Şanyñ ýogalmagyndan soñra şäheri gorap saklan Iznik häkimi Ebulkasym tagty soltanlygyñ mirasdüşerlerine tabşyrýar. Şeýlelik-de Gylyç Arslan kakasynyñ ornuna geçip "soltan" titulyny göterip başlaýar. ■ WIZANTIÝA BILEN GATNAŞYKLARY: Iznikde hökmürowanlyk etmäge başlan Gylyç Arslan bir tarapdan kakasynyñ ölüminden soñra gowşan döwletiñ jebisligini üpjün etmäge, bir tarapdanam Wizantiýa garşy göreşi dowam etdirmäge çalyşýardy. Ol ilkinji nobatda Iznigi gabawa alan Wizantiýa goşunyny yza serpikdirýär. Has öñräk Wizantiýa tarapyndan ele geçirilen ýerleri yzyna almaga synanyşsa-da üstünlik gazanyp bilmeýär. Birnäçe ýyllap Wizantiýa garşy edermenlik bilen göreş alyp baran Izmir begi Çaka beg bilen bileleşip Wizantiýa garşy hereket etmek maksady bilen Çaka begiñ gyzyna öýlenýär. Wizantiýanyñ sebitdäki täsirini azaltmak maksady bilen "Ilhan" titulyny göterýän baş serkerdesi Muhammedi türkmen goşun birlikleriniñ başynda Mermer deñziniñ günorta kenararyndaky Wizantiýanyñ golastyndaky şäherleri we galalary eýelemek üçin ugradýar. Muhammet Kyzykos bilen Apolýontyñ gündogaryndaky Apollonias şäherlerini eýelemegi başarýar. Emma köp wagt geçmänkä bu şäherler Wizantiýalylar tarapyndan yzyna alynýar. Şeýlelikde Wizantiýa garşy gurnalan ilkinji ýöriş netijesiz tamamlanýar. Edil şol wagt hem gaýynatasy Çaka beg Wizantiýanyñ elindäki Adramytteion (Edremit) şäherini ele geçirýär, yzyndanam Abydosy gabawa alýar. Wizantiýa imperatory Aleksios Gylyç Arslany Çaka bege garşy küşgürip onuñ özüne garşy bile hereket etmekleriniñ öñüni almaga çalyşypdyr. Çaka begiñ barha güýçlenip gitmeginden alada eden Gylyç Arslan Wizantiýa bilen özara ylalaşyk baglaşyp Çaka begiñ üstüne gaýdýar. Ýeterlik güýji bolmadyk Çaka beg Soltan bilen düşünişmek üçin onuñ ýanyna gaýdýar. Gylyç Arslan gaýynatasyny güler ýüz bilen garşylanam bolsa, soñra ony öldürdýär. Çaka begiñ ölüminden soñra Gylyç Arslan we imperator Aleksios I öz aralaryndaky ylalaşygyñ dowam etmegini makul bilýärler. Emma bu ýaraşyk türkmen taýpalarynyñ Wizantiýanyñ ýerlerine süýşüp başlamagy bilen uzak dowam etmeýär. Balkan ýurtlarynda kumanlar bilen urşup ýören imperator bu uruşy tamamlandan soñra türkmenlere garşy Sapança kölüniñ günortadan Izmit aýlagyna uzalyp gidýän kanal gazdyryp we içini suwdan dolduryp türkmenleriñ Izmit töwereklerine aralaşmaklaryna päsgel bermek isleýär. Emma bu meýilnama amala aşyrylmanka 1096-njy ýylyñ maýynda haçparazlaryñ Dunaý derýasyndan aşyp Wizantiýanyñ çäklerine aralaşandygy barada habar gelip gowuşýar. ■ HALKYÑ HAÇLY ÝÖRIŞI: Haçly ýörişe çykan ilkinji goşun Pierre L'Ermitäniñ ýolbaşçylygynda fransuz, italýan, nemes we beýleki milletlerden toplanan başly-barat jemendeden ybaratdy. 01.08.1096-njy ýylda Konstantinopola gelen bu goşun derhal bogazdan Anadola geçirilip Ýalowanyñ ýakynlaryndaky Kibotosa ýerleşdirilýär. Şeýlelik bilen haçparazlar Anadoly Seljukly döwletiniñ çäklerine çenli gelip çapawulçulyk etmäge başlaýarlar. Aleksios I bilen Wizantiýanyñ özlerine etjek kömegi garşylygynda Anadolyda basyp aljak ýerleri olara goýup gitjekdikleri barada ylalaşyk baglaşan haçparazlar Seljukly türkmen döwletiniñ paýtagty Iznigiñ eteklerine çenli gelýärler we obalary talap başlaýarlar. Sentýabryñ ahryna çenli 6.000 adamlyk nemes-italýan goşun birliginiñ Iznigiñ golaýyndaky Kserigordon galasyny basyp alandygyny eşiden Gylyç Arslan goşun ugradyp bu galany yzyna alýar. Türkmenleriñ garşysynda masgara bolup ýeñlen haçparazlar ar almak üçin 20.000 adamdan ybarat goşun toplap Iznige tarap gaýdýarlar. Duşmany garşy almak üçin ýola çykan seljukly türkmenleri Drakon (Kyrkgeçit) obasynda haçparazlar bilen garşylaşýarlar we olary derbi-dagyn edýärler. ■ MALATÝANYÑ GABAWY: Pierre L'Ermitäniñ goşunyny çym-pytrak eden Gylyç Arslan soñabaka haçparazlary äwmän başlaýar. Mundan beýläk haçparazlaryñ Iznige ýöriş etmejegini we olardan ýurda howp abanmajagyny pikir eden soltan dogany Kulan Arslany ýerine wekil belläp ermeni Gabrieliñ golastyndaky Malatýa tarap gaýdýar. Öñki Wizantiýaly häkim Gabriel soñra türkmen begleriniñ häkimiýetini ykrar edip öz ýerini gorap başarypdy. Gylyç Arslan Orta Anadolyda güýçlenip döwlet derejesine gelen basdaşy Danyşment ogullarynyñ geriminiñ giñemeginiñ öñüni almak we kakasynyñ ölümine sebäp bolan Siriýadaky seljukly mäligi Tutuş begi ýok etmek üçin bu ýörişe çykýar. Birnäçe günläp Malatýany gabawda saklandygyna garamazdan galanyñ berk diwarlaryny aşyp bilmedik Gylyç Arslan şol wagt ägirt bir haçparaz goşunynyñ Konstantinopolyñ üstinden Anadola geçip Iznige tarap gaýdandygy barada habar alýar. Gylyç Arslan derhal gabawy bes edip Iznige tarap gaýdýar. Şondan soñra soltan uzak wagtlap haçparazlar bilen göreşmäge mejbur bolýar we 1105-nji ýyla çenli on ýyla golaý wagt gündogara tarap ýörişe çykmaýar. ■ BIRINJI HAÇLY ÝÖRIŞI: Gylyç Arslanyñ 1097-nji ýylyñ maý aýynyñ soñunda 30 günden gowrak dowam eden ýörişden soñ Iznigi etegine bardy. Iznige geleninde haçparazlar eýýäm şäheri gabawa alypdylar. Gylyç Arslanyñ goşunyñ öñünden ugradan awangard birligi hem üstünlik gazanyp bilmedi. Has soñra Gylyç Arslan hüjüme geçenem bolsa haçparazlaryñ aşa köplügi zerarly gabawy böwsüp bilmedi we yza çekildi. Imperator Aleksios I Komnenosyñ haçparazlar bilen bileleşendigi we ol tarapyndan Iznik kölüne ugradylan gämiler arkaly özlerine geljek kömegiñ ýoluna böwet baglanandygyny, haçparazlaryñ täze goşun birlikleri bilen üstüni dolduryp gaýtadan hüjüme taýýarlanýandygyny gören türkmenler Wizantiýaly Manuel Butumis bilen özara ylalaşyp şäheri oña tabşyrdylar. Seljuk türkmenleri şeýlelik bilen paýtagtlaryny elden giderdiler. Gylyç Arslanyñ aýaly we çagalary Konstantinopola äkidilýär. Wizantiýa imperatory türkmen ýesirlerine merhemetli çemeleşýär we olaryñ barsyny tölegli boşadýar. Gylyç Arslanyñ maşgalasyny bolsa şeýle goýberýär. Gylyç Arslan goşuny bilen Iznigiñ eteginden çekilenden soñra Anadolydaky dagynyk türkmen güýçlerini toplap başlaýar. Danyşmentli Kümüş Tegin bilen Kaýseriniñ begi Hasany (dogany Kulan Arslanyñ ogly) kömege çagyrýar. Haçparazlar 07.07.1097-nji ýylda Eskişehiriñ golaýynda (Darileon söweşi) türkmenler bilen garşylaşýarlar. Haçparazlar bu söweşde türkmenleriñ has köpdügini aýdýanam bolsalar, soltanyñ ýanynda bary-ýogy 6.000 ýada 7.000 adamlyk güýç bolupdyr. Bu söweşde agyr sowutly rysarlardan düzülen haçparazlar üstün çykýar. Ertirden agşama çenli dowam eden söweş kiparlan dessine iñrik garalandan soltan ýanyndaky goşun dagap gutarmanka yza çekilmegi makul bilýär. ■ HAÇPARAZLARY YZARLAÝYŞ: Bu ýeñlişden soñra Gylyç Arslan haçparazlaryñ iñ çalt ýagdaýda Anadolydan geçmeklerine göz ýummagy we olar bilen gönüden-göni söweşe girişmezligi dogry hasaplady. Birinji haçly ýörişi Anadoly Seljukly türkmen döwletine uly zarba urdy. Wizantiýanyñ hem garşylyklaýyn hüjüme geçmegi bilen Egeý we Mermer deñziniñ kenarlaryna uzalyp gidýän ýerler elden gidip başlaýar. Türkmenler Orta Anadola çekilmäge mejbur bolýarlar we Eskişehirde, Akşehirde goranyş berkitmelerini gurýarlar. Gylyç Arslan bir tarapdan haçparazlaryñ ýetiren zeperlerini düzetmäge çalyşýardy, bir tarapdanam Wizantiýa garşy göreş alyp barýardy. Şeýle hem Birinji Haçly ýörişiniñ yzyndan dowamly akyp gelýän ownukly-irili haçparaz toparlaryna garşy göreşmäge mejbur bolýar. Olardan 1099-njy ýylda Daniýanyñ korolynyñ ogly Swend Korsfareriñ ýolbaşçylygyndaky goşuny Akşehir bilen Ilginiñ arasynda çym-pytrak edýär... ■ 1101-NJI ÝYLDAKY HAÇLY ÝÖRIŞI: Siriýanyñ üstünden geçip Palestina we Ierusalime ýerleşen franklara ýardam etmek üçin 1101-nji ýylda goşmaça geçirilen ýöriş üç aýry goşun ýagdaýynda ýola çykdy. 01.05.1101-nji ýylda Italiýadan ýola çykan 20.000 adamlyk lombardlar Ankaranyñ üstünden geçip Niksaryñ we Merzifonyñ üstüne gaýtdy. ■ GÜNORTA-GÜNDOGAR ANADOLYDAKY HEREKETLERI: Gylyç Arslan kakasy Süleýman Şanyñ eýelän, emma 1097-nji ýylda haçparazlar tarapyndan basylyp alynan Antakýany yzyna almak üçin ýöriş gurnaýar. Haçparazlara garşy göreşýän wagtynda Danyşment begliginden Kümüş Tegin bilen birlikde Anadolynyñ beýleki türkmen begleri bilen Antakýa ýörişe çykandygyna garamazdan 18.09.1102-nji ýylda Malatýanyñ Kümüş Tegin tarapyndan alynandygy sebäpli, onuñ bilen arasynda sowuklyk bardy. Soltan bilen Kümüş Tekiniñ arasynda Niksardaky ýesir saklanýan haçparazlaryñ tölegli esasda boşadylmagy babatynda-da düşünişmezlikler bardy. Antakýanyñ konty Boemond I özüni we ýesirleri boşatmak üçin ep-esli pul hödürleýärdi we bu konty özi üçin howply hasaplaýan Wizantiýa imperatory onuñ saklanmagy üçin töleniljek pulyñ iki essesini teklip edýärdi. Gylyç Arslan Anadolynyñ Soltany bolandygy we Amasýada haçparazlara garşy gazanylan ýeñişde Kümüş Tekin bilen birlikde hereket edendigi üçin teklip edilýãn pulyñ ýarysynyñ özüne berilmegini isleýärdi. Gylyç Arslan Maraşa gelen wagtynda Kümüş Tekiniñ Boemondyñ teklibini kabul edip ony boşadandygyny görüp ýörişden el çekýär we Danyşment ogullarynyñ üstüne gaýdýar. Şol iki arada Kümüş Tekin hem aradan çykýar. Onuñ ölüminden we yzyndan başlan tagt dawalaryndan peýdalanan soltan Malatýany Danyşmentlerden gaýdyp alýar.Haçparazlara garşy gazanan ýeñişleri we Malatýanyñ eýelenmegi Gylyç Arslanyñ abraýyny öñküdenem beter beýgeldýär. Meýýafarykynyñ häkimi oña tabynlygyny mälim edýär. Şeýle hem sebitdäki sözi geçginli türkmen begleri hem gelip ona ytagat edýärler. Soltan has soñra Urfa kontlugyna garşy ýöriş gurnaýar we 1106-njy ýylda Urfany gabaw astyna alýar. Emma şäheriñ berk diwarlaryndan aşyp bilmeýär. Şol wagt hem Mosulyñ häkimi Çökermiş Harran şäherini tabşyrmak üçin soltany çagyrýar. Soltan gabawdan el çekýär we gidip Harran şäherini kabul edip alýar. Gylyç Arslanyñ Günorta-Gündogar Anadolydaky hereketleri Beýik Seljukly imperiýasynyñ Soltany Muhammet Taparyñ ünsüni çekýär we Çökermişiñ ýerine Emir Çawlyny belleýär. Çökermiş beg Emir Çawly tarapyndan ýeñlişe uçradylandygyna garamazdan şäheriñ ilaty Mosuly elden bermän Gylyç Arslana habar ugradyp kömege gelmegini isleýärler. 22.03.1107-nji ýylda Gylyç Arslan Mosula gelip girýär. Ol ýerde ilkinji nobatda Muhammet Taparyñ adyna okalýan hutbany öz adyna okadyp, Beýik Seljukly Soltanlygyna dalaşgärlikden el çekmändigini ýene bir gezek görkezýär. ■ ÖLÜMI: Gylyç Arslanyñ bu gazanan üstünlikleri Mardiniñ Artykly begi Ilgazyny we Halapyñ türkmen emiri Rydwany ynjalykdan gaçyrýar. Bu iki türkmen begi Emir Çawla gelip goşulýarlar. Güýji ep-esli artan Emir Çawly Gylyç Arslana ytagat eden Rahle şäherini gabaýar we 1107-nji ýylda şäheri ele geçirýär. Bu habary eşiden soltan gyssagly olaryñ üstüne ýöriş edýär. Garşydaşlarynyñ san taýdan agdykdygyna garamazdan Anadolydan dagynyk güýçleriniñ jemlenmegine garaşyp durmady we olaryñ üstüne ýörişini dowam etdirdi. Iki tarap iýul aýynda Habur çaýynyñ kenarynda ýüzbe-ýüz boldylar. Gylyç Arslanyñ häkimiýetini ykrar eden begleriñ Emir Çawlynyñ esgerleriniñ aşa köpdüginden çekinip söweş meýdanyny terk edip başlandygyny gören soltan derhal hüjüme geçmekligi dogry hasaplady. 13.07.1107-nji ýylda bolan söweşde esgerleriniñ hatarynyñ dagap başlandygyny gören Gylyç Arslan diri ele düşmän sypmaklyk maksady bilen atyny Habur çaýyna tarap göni sürýär. Emma atynyñ we özüniñ agyr demir sowutly bolandygy sebäpli, çaýdan geçip bilmän suwyñ içinde ýitirim bolýar. ■ "KÜBBETÜS SOLTAN" Soltanyñ jesedi birnäçe günden soñra Haburyñ Şemsaniýe obasynyñ golaýyndaky kenaryndan tapylýar we ol ýerden Meýýafarykyna äkidilip jaýlanýar. Ol ýerde soltan tarapyndan bellenen häkim Humurdaş Gylyç Arslanyñ hormatyna "Kübbetüs Soltan" kümmedini bina edýär. XVI asyryñ taryhçylary Soltan Gylyç Arslanyñ Meýýafarykyndaky kümmetde ýatandygyny ýazypdyrlar. Emma ol kümmet biziñ döwürlerimize çenli saklanyp galmandyr. ■ Goşmaça maglumat üçin seret: - Jumamyrat Gurbangeldiýewiñ "Gylyç Arslan" makalasy, saýtdaky linki: Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |