13:11 Gyz haty | |
GYZ HATY
Goşgular
Men saňa ynandym halu-syrymny, Göwnüni nur basan gerçekdir diýip, Güýz gussasy tutanynda serimni, Nämälim alysdan geljekdir diýip. Sen agaryp gelýän aladaňdanym, Men bir göç, göçmäge nesibi çeken. Ýyllary ýaglyk deý başa daňýaryn, Ýöne olar kem-kem agralýar eken. Ýok, diýmerin ýyllar göwnüm galdyrdy, Biz ýöne kän mahal bilmedik görşüp, Nämüçindir damagymy doldurdy Solan ýapraklaryň sowrulyp ýörşi. Üşän ýeller gapymyza direne, Maral sürsi ýaly yza gitdiler. Bizi hemra diýip birek-birege, Ahyr ulus-iller güman etdiler. Akarlar towlanyp, durlanyp owaz, Ýazyň ysy urar gider tenlere. Hanalar çekiler, telwaslar sowar Uçan guşum aýdym bilen gelmese. Men saňa ynandym gyzgyn demimi, Howasy arassa gerçekdir diýip. Bir ýerlerde serip galsam elimi, Özgelerden ilki geljekdir diýip... Ýene seni ýada salyp erikler, Başa gülli ýaglygyny orandy. Bilmen, senden öwrenipmi-görüpmi, Elni suwa sokup otyr toraňňy. Baglar gijelere syçradyp ýagty, Ýaşyl tütün bolanynda heserden, Erik güllänini dünýäniň bagty Hemem öz myradyň saýar gezerdiň. Wysal bilen gitdiň, Dälibaş dünýe Ýaşyl gaýnawynda gaýnap duranda, "Bagtly bol!" diýýän dek ýylgyryp tümler, Ýaplar dile gelip, saýrap duranda. Adamyň birgeňsi häsiýeti bar, Ýazyksyz bir zada öwrülip käte, Mähri siňen adamlary ýatlaýar, Birwagt gören düýşi düşýän deý ýada. Bu baharda ýene seni ýatlaýan, Güllän agaç deýin, Günäsiz gül deý. Gije sansyz şemlerini otlaýar, Gündizi geýinýär bu dogduk ülke. Seniň bagtlydygňa ynanjym hakdyr, Ony siller almaz, ýyldyrym urmaz. Men bu gün yşk edip bahara bakdym, Başymy sypady: "Boýnuňy burma!" Ine, onsoň şuny ýüregim syzdy, Sen bagtly bolmanam bilermiň heý-de! Ýogsa bu toraňňy aýdym aýtmazdy, Ýogsa bu erikler çogmazdy beýle. Mämmetnazar BABANAZAROW. | |
|
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Sary ýaprak / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |