10:23 Hammurapiniñ kanunlary | |
HUKUGYÑ TARYHYNDAN
Hukuk maslahathanasy
▶ HAMMURAPINIÑ KANUNLARY Hammurapiniñ kanunlary - miladydan öñ 1760-nji ýyllar töweregi Mesopotamiýada döredilen we taryhyñ iñ gadymy hem-de iñ oñat görnüşde biziñ günlerimize gelip ýeten ýazuw kanunlaryndan biridir. Bu döwürden oñ toplanan kanunlar ýygyndysynyñ arasynda Ur patyşalygynyñ hökümdary Ur-Nammunyñ kanun kitaby (b.e.öñ 2050-nji ýyl), Eşnunnanyñ kanun kitaby (b.e.öñ 1930-njy ýyl), Isinli Lipit-Iştaryñ kanun kitaby (b.e.öñ 1870-nji ýyl) ýaly kanunnamalar bolupdyr. Babylyñ patyşasy Hammurapiniñ (b.e.öñ 1728-1686) dürli meseleler boýunça çykaran kararlary Babylyñ penakär hudaýy Mardugyñ hormatyna gurulan Esagila ybadathanasynda ýerleşdirilen daş plitalarynyñ ýüzüne akat dilinde ýazylypdyr. Hammurapi özüne bu kanunlary Gün hudaýy Şamaşyñ buýrugy bilen ýazandygyny aýdypdyr. Hut şol sebäpli bu kanunlar hudaýyñ sözi hasaplanypdyr. Arheolog Žan Weýsan Şeýl tarapyndan 1901-nji ýylda Susada we Elamda tapylan (häzirki Yragyñ Huzystan welaýaty) hem-de Fransiýa äkidilen bu taryhy tapyndylar häzir Luwr muzeýinde saklanýar. Iki metre golaý silindr görnüşli daşyñ ýüzüne ýazylan kanunlar jemi 282 maddadan ybaratdyr, emma bu maddalaryñ 33-i (66-99-njy maddalar) okap bolmajak derejededir. 13 sany şowsuz hasaplanansoñ, kanunda 13-nji madda ýazylmandyr. • Hammurapi kanunynyñ käbir maddalaryndan: - Bir ogry diwary böwsüp öýe girse, ol giren deşiginiñ ýanynda ölüm bilen jezalandyrylar we şol ýerde gömüler; - Bir öýde ýangyn çyksa, ol öýe hem ýangyny söndürişmäge gelen kişi öý eýesiniñ emlägine göz gyzdyryp, el egrilik etse, ol hut şol ýangynyñ oduna atylyp jezalandyrylar; - Adam özüne çaga dogrup beren aýalyndan ýa-da özüne çaga beren bir aýaldan aýrylyşmak islese, oña tölän galyñyny yzyna gaýdyp berer we çagalaryny eklemek üçin oña bag-bakjanyñ, mallarynyñ bir bölegine eýeçilik etmäge ygtyýar eder. Çagalaryny ulaldandan soñra çagalara berilenlerden bir bölegi, oglanyñka deñ bolan bölegi hem bir bölegi hem oña beriler. Ondan soñra aýal islän erkegine durmuşa çykyp bilýär. - Bir adam bir aýal alsa, ol aýalam oña bir zenan hyzmatçy berse we çagalaryna göz-gulak bolsa, emma muña garamazdan ol adam aýalynyñ üstüne başga bir aýal almak islese, oña rugsat berilýän däldir. - Bir adam bir çagany çagalyk edinip alsa we oña çagasy hökmünde ö adyny berse, ulalan çaga gaýdyp yzyna alynmaga degişli däldir. - Bir adam başga bir adamyñ erkinligini çäklendirip biläýjek hereketleri edäýse (eden-etdilik), şol eden hereketi özüne edilip, jeza beriler. - Bir kişi ogurlyk etse eli kesilmelidir, birini zorlasa ölüm jezasy beriler ýada erkekliginden jyda düşüriler (biçiler). - Kakasyny uran çaganyñ iki eli hem kesilmelidir. - Bir adamyñ gözüni çykaranyñ öz gözi hem çykarylar. - Birini bir etmişde aýyplamak üçin anyk subut edilmäge degişlidir. Subut edip başarmasa ölüm bilen jezalandyrylar. - Bir ybadathanada ýa-da hökümdaryñ hazynasynda ogurlyk eden adam ölüm bilen jezalandyrylmalydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |