23:45 Han kerweni | |
HAN KERWENI
Taryhy makalalar
Gadymy oguz ilinde «Han kerweni» ady bilen meşhur kerwen barada bilýän kän däl bolsa gerek. Biz bu barada ilkinji gezek, Gahryman Arkadagymyzyň 2016-njy ýylda «Paryzdepe» ýadygärligine barmagy hem-de arheolog, etnograf alymlara şu gadymy sebitiň milli mirasyny toplumlaýyn öwrenmek barada beren tabşyryklaryna eýerip, Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda etnografiýa gözleg işlerini geçirenimizde maglumat ýygnadyk. Şu obaly gürrüňdeş ýaşulymyz Üýşmek Agadurdyýew bize Aba seýsiň atşynaslyk mirasy barada örän gymmatly maglumatlary gürrüň berdi. Ol «Aba seýis barada has täsin gürrüňleri aýdyp berer» diýip, bizi Aşgabat şäheriniň Arzuw şäherçesinde ýaşaýan Aba seýsiň agtygy, Aba Tejenow bilen duşurdy. Aba aga (il içinde Ata aga diýlip tanalýar) bize atasy Aba seýsiň diňe bir atşynaslykda däl, eýsem, özüne degişli kyrk düýeden ybarat «Han kerweni» bilen kerwenbaşy bolup, Hywa argyşa gidendigini, kynçylykly ýyllarda ilatyň gün-güzeranynyň aladasyny edip, bugdaý paýlandygyny, halkyň agzybirligini berkitmekde, halal zähmete ruhlandyrmakda wagyz işlerini geçirendigini aýdyp berdi. Parasatly, ugurtapyjy, sahawatly Aba seýsiň abraýy uly bolansoň, baran ýerinde hormat bilen garşylanypdyr, onuň kyrk düýeden ybarat kerweni islendik oba-kendiň deňinden geçende: «Aba seýsiň kerweni gelýär» diýlip, dabaraly garşylanyp, dabaraly ugradylandygyny gürrüň berdi. Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýyly «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylmagy hem-de «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanylmagy mynasybetli, Bäherden etrabynda ýerleşýän Şähryslam ýadygärliginde we onuň töweregindäki gadymy obalarda geçiren etnografiýa gözleg işlerimizde Kazy obasynyň golaýyndaky Sabyr guýusynda XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başynda ýaşan Akybaýyň han kerweniniň bolandygy baradaky maglumaty durunly Öwezdurdy Seýitgeldiýewden eşitdik. Şeýle kerwenler han-soltanlaryň, serkerdeleriň köşkleri üçin zerur harajatlary daşamakdan başga-da, goňşy ýurtlaryň we halklaryň han-beglerine sowgatlyklary äkidipdirler. Zerur halatynda, syýasy gepleşikleri alyp barjak ilçileri-de han kerwenlerinde ugradypdyrlar. Irki zamanlarda soltanlar hem şeýle kerwenlerde özleriniň şa döwletleriniň çäklerine saparlary gurapdyrlar. «Seljuknamalarda» Soltan Sanjaryň kerweniniň Daýahatyn kerwensaraýynda düşläp geçendigi hem-de birnäçe günläp, şol ýeriň han-beglerini kabul edip, halkyň arasyna çykyp, olaryň hal-ýagdaýyndan habar alandygy barada anyk maglumatlar saklanyp galypdyr. 1475-nji ýylda, ýagny mogol soltany Muhammet şa III Ibn Humaýunyň hökümdarlyk eden döwründe soltan özüniň wezirleri-egindeşleri bilen han kerweninde raýatlaryň arasyna çykypdyr. Şonda kerweniň daşynda gorag ähmiýetli ýörite bezelen 300 sany piliň her biriniň üstünde baýramçylyk lybasly ýaragly esgerler hem bolupdyr. Kerweniň yzyndan ýörän 100 düýäniň üstünde deprekçiler we tüýdükçiler saz çalypdyr. Olaryň yzynda 300 sany tansçy gyz tans edip geçipdir. Munuň özi kerweniň mertebesine mertebe çaýypdyr, halkyň şatlygyna şatlyk, buýsanjyna buýsanç goşupdyr. Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |