22:58

Hemra

HEMRA

Men gitsemem, sen hemrasyz galmarsyñ,
Häzirem kän hemrapisint kölgeleñ;
Sen, ýetirip öwgüsini, "armasyn",
Awlap bilýäñ göwnün menden özgeleñ.

A meñ göwnüm, meýin süzüp, meÿmirän
Ceşmäniñ bašynda garaşyp otyr;
Bilemok men, giç bolarmy birigün,
Şol ýerden göwnümi tapmasañ ertir?

Men çeşmänem söÿÿän,
Söÿÿän deñizem,
Ýöne göwnüm kän küýseÿär daglygy,
Señ dagpisint durkuñ, garpisint meñziñ
Göwnüm bilen baglasa-da barlygy,
Meniñ durkum bilen siñesim gelýär
Ne ak, ne çal dumanyna daglaryñ...
Sen barýançañ bolsa men, gidip bilmän,
Iki dünýäñ arasynda galaryn...

Çary ATAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 430 | Добавил: Мylayym | Теги: Çary Ataýew | Рейтинг: 3.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýetim / Goşgular - 02.02.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]