02:09 Horasanyñ durnasy | |
HORASANYÑ DURNASY
Hekaýalar
• A.Pashine Asmanam ukudan ganmandyr öýdýän, gamaşyp dur. Ýa ýene ygal düşäýjekmikä?... Depäniň üstündäki eli pilli del adamlara, çadyrlara ilki bilen şofyoryň gözi kaklyşdy. - Ymm-m... Gelipdirler-ow. - Äk? Kim gelipdir? - Beýläk seretsene. Hon-ha, arheloklar gelipdir. - Arhowloklar?! Hany?.. Howwa-aý, ýene geläýipdir bular. Bäh. Aý, indi bularyň geldigi - ýazyň geldigidir. Töwerek ýaşyl öwüsdigi gelerler, meýdanyň oty saralyp ugraram - gaýdarlar. - Howwo... - Bä-äý, şu biziň höküwmediňem her hili işi bar-ow... Şo mor sakgally şepäň başlygymydyr bularyň? - Saşamy?! Aý, ýok, başlyg-a däl. Hudožnik ol. Çyzgylaryny dagy çyzýan bolaýmasa. - Aýlyk - günlügem gowy bolmaly bularyň. - Gowudyr-la... Sorab-a göremok welin... - Bäh. Munça pul, munça harajat çykaryp... Näçe ýyldyr-a gazýarlar, ibaly tapýan zatlaram-a ýok ýaly. Ýa gyzyl-pyzyl tapýarlarmyka? Äk? - Bürünç eýýamy diýilýän döwrüň ýagdaýyny öwrenýä olar. Dört müň ýyl töweregi mundan ozalky döwür. - Bolanda näme? Nä, gyzyl tapýan däldirler öýdýäňmi? O-how, höküwmet munça puly oýnamaga sarp edýän däldir. O-how... - Hökman gyzyl tapmaly diýen zat ýok. Ylym-how, düşünýänmi?.. Öwrenmeli ahyryn. - Öwrenmelidir, onyňa sözüm ýok. ...Ýöne bir bölek daş ýa konserwkürşge tapyp, “Otuz dört muň ýyl töweregi mundan owalky zat şu...” diýen bolup ýörmeler-ä birhili şularyň ... Bar ynandyk diýeli, ýeri onsoň? Aý, ýok-laý... - Aý, birgat, gel, şuny goýaly-la. Bi zatlar ikimize başartjak zatlar däl-ä. Biz gowusy pagtamyz bilenjik bolubereli-le... - Gaharlanjak bolýaňmy?! - Aý, ýok-la... - Men-ä how, gepden gep çykansoň aýdaýdym. ...Birhilirägem-laý. - Bu-da bir iş-dä, birgat. Gazýalar, öwrenýäler - elbet, gerekdir-dä, şeýle dälmi?! - Ol aýdýanyň-a dogry. Aý, howwa-da, her kim yrsgalyny bir ýerden çöplemeli-dä. Gör-ä, öýden-ilden bizar bolup, bu çöl - beýewanda bularyň bolup ýörşüni... Dünýäniň gurluşy şeýle, her kim bir küýde... ...Deňeden geçip giden maşynyň uzyn signalyna arheologlar pillerini ýokary götermek bilen jogap berdiler. Salam! * * * Tutugsy Aý yşygyna uzyn kölege ýaly bolup görünýän süýri däpäniň etegindäki goşa çadyryň ilerkisinde yşygam ýok, ses-selemem. Gaýrakyda welin, henizem öçügsije yşyk bar. Şol yşygyň hol alysdaky ýyldyzlar bilen nähilidir bir meňzeşligi bar ýaly bolup dur. Ýa bu onuň çola meýdanda, ümsüm tümlükde ýeke özüniň ýylpyldap durmasyndanmyka?.. Nämedenkä?.. - Men-ä ýatjak, Saşa. Şemi özüň söndürersiň-dä. Ertirem daň bilen turmalydyr. Çadyrdaky iki ýigidiň biri elindäki kitabyny ýassygynyň aşagyna sokdy-da, ýene nämedir bir zatlary hümürdäp, beýlesine öwrüldi. - Arkaýyn ýatyber, Çary. Gijäň rahat bolsun. Menem häzir, ine. Dogrudanam, giç. Ýatmaly, ýat-ma-ly... Emma Saşa wagty bilen ýatmady. Ol şemi golaýragyna süýşürip, gündeligini eline aldy. Küti depderiň daş ýüzüne ol suratkeşlere mahsus ezberlik bilen gadymy Gündogaryň hatdatlarynyň işini ýada salyp duran harplary nagyşlapdyr: “Tekgemdepe”. Geçen ýylky ýazgylar. “Sil hakynda”. “Düýe”. “Hazarmetjit”. Ol täze sahypany açdy-da, bellik etmäge başlady: - “Tekgemdepe” - 18 mart, 1987 ý. Salam, gadymy Parfiýa! Horasan! Deşti-Haweran! Bu ýyl gelip bilmen öýdüpdim. Geçen ýyl garry çopan Atda aga “Bir ýerde öz oňat görýän zadyň ýanyňdan çykyp ýa başga bir sebäp bilen galaýsa, hiç gynanmagyn” diýipdi. “Şol galan zat eýäm gaýdyp geläýsedi diýip dileg edermişin. Garaşarmyşyn” diýipdi. Geçen ýyl men bu ýerde nämäni galdyrypdym? Hiç zat. Ýöne gaýtmakçy bolanymyzda, nämedir bir zadym galýan ýaly boldy durdy ahyryn. Şu gün geldim, ýitiren zadymy tapan ýaly boldum. Salam, “Tekgemdepe”! Ol şemi garalyp duran gadymy daş okaranyň içine goýdy. Azajyk galypdyr, goý, ýansyn. Daş çanak bilen şemiň kölegesi ullakan kömelegiň şekilini emele getiripdir. Sandyrap dur... ... Kiçijikkä ol uklamakçy bolup ýorgana girende, her gezek ejesi gelerdi-de, ýaňagyndan ogşardy. Soň bir zatlary sanardy. Dogamydyka?.. Saşa ony hernäçe ýadyna saljak bolsa-da, bolmazdy. Hany, soraýyn diýseň indi ony nireden tapjak? Ol indi ýok. (Megerem, adamlaryň köpüsi öz ejesinden iň zerur zatlar hakynda soramandygyna soň düşünip galýar). Ýöne ol “Daglar, derýalar, tokaýlar, düzler...Hemmäňiziň gijäňiz rahat bolsun!” diýen sözleri gaýta-gaýta gaýtalardy. Bir şo ýatda galypdyr. Ine, indi alyslarda galan şol mährem ýatlamany aňynda direltmek üçin Saşa şuny endik edinipdir. Şeýtse, ol özüniň rahat uklaýandygyna ynanýar... Ol ýorgana çolandy-da, senasyny sanady... “Daglar, derýalar, tokaýlar, düzler, ýollar-ýodalar, kenarlar, adalar, suwda balyklar, uçarda guşlar... Hemmäňiziň gijäňiz rahat bolsun! Gijäňiz rahat bolsun, eje!” * * * Ýazyň başyndan gelmeseň boljagam däl. Birinjiden-ä bu bir yssy ýurt, Leningrad bilen deňeşdirer dagy eder ýalymy. Ikinjidenem, gör-ä agşam ýene çyg düşüpdir, süpürilip, arassalanyp goýlan ýerasty yzlar mesaňa-mälim bildirip dur: diwaryň geçýän ýeri garamtyl zolak, bu garalyp duran tegelegiňem boşlukdygy belli. Howlukman arassalabermeli. ...Çarynyň “Şu gezek esasy tapyndyny men taparyn” diýeni çyn bolaýjak ýaly. Düýn ol soky daşyny tapdy, hon-ha ol ýene-de bir zada dümtünüp otyr. Gara çyny ... - Student, ýene bir zat barmy ýa? - Bar, Lena, bar... Sen tiz git-de, şefi çagyr. Tiz bol! - Şefi Aşgabada ugratmadykmy, huşuň nirede? - Bar onda, Saşany çagyr. - Çary “Esasy tapyndyny” tapdy diýeýinmi? - Hany, bes etsene... Saşa! Aleksandr Alekseýewiç! - Aleksandr Alekseýewiç!... - ...Barýan. ...Agzyna ham çekilip, ýelim bilen mäkäm suwalan küýze abat däl eken. Töwereginiň gumuny emaý bilen aýyrdylaram welin, darka-darka bölünäýdi... Küýzäniň içinde saralyp giden süňkler bar eken. Saşa derrew anyk netijä geldi. Itiň süňki. Küýzäniň üstüni halta bilen örtüp goýdular. Agşam Mihail Mihaýlowiçiň özi geler, görer, näme diýse, şoňa görä bolmaly bolar. Häzirlikçe hasaba alyndy, surata düşürildi, bolýar şol. Geň. Näme üçin iti beýle apalap jaýladylarka? Ýa bu bir üýtgeşik gowy itmidikä? Belki şeýle dessur bolandyr?.. Agşam ýatmakçy bolup durka, Saşanyň kellesine bir geň pikir geldi. Dogrudanam, nämüçinkä? - Çary, ýataňokmy? - Ýok. Näme boldy? - ...Sizde, ynha, goýun itleriniň gulaklaryny kesýärler, urşanda möjek gulagyndan tutmaz ýaly... Şeýle dälmi? - Howwa ... - Guýrugyny näme üçin kesýärler? - ...Bilmedim-aý. Owadanlyk üçin bolaýmasa... - Aý, nätdiň-aý? - Dogry-da, gulaklaryny kesip, guýrugyny kesmeseň, nähili bor? - Aý, goýsana-how. Nätdiň-de goýaýdyň muny... - Gülmesene... Gijäň bir mahaly ýok zadyň gürrüňini tapýaň-da... - Ýeri, bagyşla... Bagyşla, student. Ýöne, dogrymy aýtsam, bize bu zatlary bilmek gerek. Ertir Atda agaň goşuna gideli. Sorap göreli, bolýamy? - Bolýa. Hany ýataly-la ... Gijäň rahat bolsun. - Gijäň rahat bolsun... “Daglar, derýalar, tokaýlar, düzler, ýollar-ýodalar...” * * * Saşa azda-kände türkmençe gepläp bilýändigine şeýle guwanýar. Şonsuz ol bu gyzykly zatlary bilip bilermidi? Kim bilýär, pylan zat diýip bolanok. Ine, Atda aga ony köne dosty ýaly garşy alýar. - Geleweri sakaldaş. Geleweri... - Salam-aleýkum, Atda aga. - Waleýkim essalam. Saglykmydyr, saglyk-gurgunlykmydyr, sakaldaş. Gel, geç... - Bu - Çary. Biziň oglanymyz. Student. - Gaty gowy, gaty gowy... Geçiň bakaly. - Ýene oňat sorag bar, Atda aga. - Soragyňy, ynha, çaý başynda diňläris, sakaldaş. Alňasama... ...Gije. Alawly ot. Çygly howada ýazyň ysy bar. Agyl. Asmanyň boýnundaky jaň käte bir zarňyldap gidýär. Mähnet Akbilek ýatan ýerinden kellesini galdyryp diňşirgenýär. Atda aganyň gürrüňleri... * * * “11 aprel, 1987 ý. Goýun iti hakda. Atda aga gürrüň berdi, görüp otursam, düýbünden başgaça eken. Goýun itiniň gulaklaryny kesýärler, möjek gulagyndan tutmaz ýaly, bu bir. Ýöne esasy sebäbi başga: eşitgir bolýar, guýrugyny kesmekleriniň sebäbi, it burnundan üşeýär, şonuň üçin ýatanda ol burnuny guýrugy bilen ýapmagy gowy görýär. Guýrugyny kesseň, burnuny ýapyp bilenok, diýmek, üşäp ýatyp bilmeýär, üstesine burny hemişe ys alyp durýar. Gör, bu adamlaryň bilip ýören zadyny... * * * “17 aprel, 1987 ý. Jaň hakynda. Kiçijik jaňjagaz. Muny ozallar türkmenler, gör, nähili ajaýyp maksat bilen peýdalanar ekenler. Oňa “bazbent” diýilýär. Çaganyň eşiginiň daşyndan ýagyrnysyna bazbent dakylýar. Çaga jaňjagazyny jyňňyrdadyp daşarda oýnapjyk ýör. Öýüň işi bilen başagaý enäniň bir gulagy şol owazda... Birden jaň sesi kesilse, enäniň ýüregine howsala düşýär. “Balam niredekä? Oňa näme bolduka?” Ol ylgap daşaryk çykýar, dört ýana delmuryp perzendini gözleýär... O, bu diňe enäniň oýlap tapyp biljek zady, diňe enäniň”. * * * Täsin zatlar hakyndaky bu ýazgylaryny tukat gyş gijelerinde okap hezil edinjekdigine ol häzirden begenip otyr. Begenmezmiň?! Ýene şu ülkä gaýdyp gelen ýaly boljakdygyň görnüp dur ahyryn... - Saşa, bu gün agşam Rejeplere - kolhoza gitmelidiris. - Myhmançylykmy? - Howwa. Onsoňam bu gün “Zenit” oýnaýar ahyryn. - Dogrudanam, şu gündür-ow. “Şahtýor” bilen, şeýle dälmi? - Ýogsam näme. - Bararys, Çary... Lagerde kim nobatçy bolup galýar? - Mihail Mihaýlowiç bije atarys diýdi. - Bolubilýä, men razy. ...Depäniň günortasyndaky ikinji çuň gatlakda işläp ýörenleriň bir-ä gygyrdy: “Oglanlar, gowak!” O nähili gowak? Alty metr çuňlukdaky ammar jaýy bolmaly ýerde?.. - Çary, ýör hany... Aşakdaky işleýänleriň bary bir burça ýygnanypdyr. Lena olary görüp, elini bulady: - Düşüň aşak. Näme dursuňyz? Gowak däl eken, Aleksandr Alekseýewiç. Ullakan boş hum bar. Agzyna gowakdyr öýdüpdirler. - Düş aşak, student. “Esasy tapyndy”, ine şonuň içinde bolmaly. Düýbüni barlap göremzok entek. - Sen gülen bolma, Lenoçka. Barybir “esasy tapyndyny” men taparyn, ine görersiň... ... Ýöne iň täsin tapyndy, hakykatdanam, şol humuň içinden çykdy. Beýlekiler üçin bu beýle uly täsinlik ýa möhüm zat däl bolsa-da ahmal. Saşa üçin welin, hiç haçan şundan uly açyş edilmejek ýalydy. Ine, ol ortada göýä bir üýtgeşik guşuň enaýy jüýjejigini eline alan dek, goşawujyndaky ýylmanak, gögümtil daşa seredip ýylgyrýar. Onuň göm-gök gözlerinden daşa nur ýagýan ýaly... “O, bože... Kakoýe çudo... Kakoýe çudo...” Daşyň ýüzündäki täsin şekil onuň akylyny haýrana goýupdyr. Gadymyýetde ýaşan göwni ýagty, eli ýiti suratkeş, gör, nähili ussat eken... Galkyjaklap, uçmaga meýil edip duran durnajyk... Daşyň reňkini diýsene. Hamala, ol suwuň düýbünde ýaly... - O, meniň durnajygym. Uçasyň gelýärmi seniň? Göçüňden galaýdyňmy? - Aleksandr Alekseýewiç, menem elime alyp göreýin-dä... Üýşülip durulmagy naçalnigiň göwnüne ýaramadyk borly. - Hany, ýerli-ýerimize baralyň, oglanlar. Agşamam futbol görmäge gitjek bolsak, birneme işläliň... - Mihail Mihaýlowiç, men agşam lagerde galjak. Eger siz garşy bolmasaňyz, elbetde. - Näme boldy, Aleksandr Alekseýewiç! Nämüçin?! “Zenit” oýnaýar ahyryn, Saşa. - Işlejek, Mihail Mihaýlowiç. - Ýeri, bolýa-da. Görüň ýagdaýyňyzy. Barybir galyp işlejek bolsaňyz, şol durnalyja daşyňam şekilini kagyza geçiriň. Men haýyş edýän, Saşa. Ýeriň astynda köp ýatan zatdyr, aýawlyrak sakla, owranyp ötägitmesin... - Arkaýyn bolaýyň. Saşanyň galjak bolmagynyň sebäbi-de şoldy ahyryn. Derrew kagyza geçirmeli... * * * Iňrik garalyberende, arheologlar uly şowhun turuzyp, maşynly oba tarap ugradylar. Lagerde Saşanyň ýeke özi galdy. “Durnajygym, otyrmyň? Näme gözüňi asmana dikýäň? U-u-u-h... Sen bu enaýy guşuň suratyny näme maksat bilen daşa geçirdiň, meniň gadymyýetde galan gardaşym?! Ýa bu bagt guşumy? Ýa-da siziň kowmuňyzyň ybadat edýän hudaýymy bu guş? Sen bu işiňe näme at goýupdyň? At goýýanam dälsiňiz, bilýän. Gel, muňa ikimiz at goýaly. “Köňül guşy” diýsek bolmazmyka? Belki, “Horasanyň durnasy” deýeris, sen razymy? Gel, şeý diýeli-le. “Horasanyň durnasy”. Bu daşa sen başga bir algyr guşuň, şir-peleňiň ýa goşa kelleli wagşynyň suratyny çekmänsiň. Sag bol, gardaşym, sag bol...” Ol şemi ýakdy-da, suratly daşy ak kagyzyň üstünde goýdy. Ýagtyrak ýerde dursun... Indi işläbermeli. Ol howlukman işleýärdi. Edil asyl nusgasyna laýyk edip, ilki daşyň, soň durnajygyň suratyny kagyza geçirmeli. Ilki aýry-aýrylykda, soň bütewi... Saşanyň göwnüne, ol çala tirpildäp, ganat kakan ýaly boldy... “O-o-o, durnajyk! Sen diri ýaly-la... Uçasyň gelýärmi?! ...Boýnunyň uzyndygyny. Aýdymda näme diýilýändir-ä?.. Durna geçer düzüm-düzüm, Boýny ganatyndan uzyn... Bu göçegçi, ömürbaky sergezdan guşlar bilen ynsan göwnüniň näme baglanyşygy barka? Nämüçin düzüm-düzüm bolup geçende, biz olaryň yzyndan dymyp garap galýarys? Hiç haçan, hiç kime aýtmajak sözlerimizi içimizden gaýtalaýarys. Geň. Öz iň gizlin pikirlerimizi, umyt-hyýallarymyzy yakyn adamlarymyza däl-de, bu älem-jahany keşt edip ýören guşlara ynanýarys. Syry bir adama aýtsaň - jahana dolýar, emma ony bütin dünyäni gezip yören guşlara ynansaň - bir adamam bilmeýär. “...Seni tapanymyz, gör, nähili oňat boldy, şeýle dälmi, durnajygym? Seniň ussadyň ýagty pikirli adam eken. Gör, ol bize seni ýadygärlik üçin goýup gidipdir. Ýagty pikir ýer astynda ýatmaýar. Adamlar ony tapýarlar, durnajygym, tapýarlar...” Saşa işi birýan ýüzli edensoň, gündeligine bellik etmäge oturdy. Ol bu günki täsin tapyndy hakdaky pikirlerini ýazýardy... Daşarda maşyn sesi eşidildi. Oglanlar geldiler öýdýän. Şady-horram-a däl. “Zenit” utulaýdymyka? ...Oýun deňme-deň bolupdyr. - Ýeri, jedeliňizi goýuň. - Dogry-da... ...Çary derrew uklady. Sähel salymdan soň Saşa-da şemi üfläp, ýorgana girdi... “Daglar, derýalar, tokaýlar, düzler, ýollar-ýodalar, kenarlar, adalar, suwda balyklar, uçarda guşlar... Hemmäňiziň gijäňiz rahat bolsun. Gijäňiz rahat bolsun, eje.” * * * Daňdanlar ol bir oýanjak ýaly etdi-de, ýene süýji uka batdy... Düýşmükä?! “Gyrryk... Gy-grr... Gyr-ruw...” Daşyň ýüzündäki durnajyk, ol ganatlaryny kakýar... Ine, ol birden daşyň ýüzünden çykdy-da, böküp, çadyryň agzyna bardy. Ganatlaryny gerdi-de, ýaşyl düzlüge baka ýorgalap başlady. Honha, ol göterildi. Aýaklaryny jüpläp, boýnuny gös-göni edip, ganat kakyp barýar. “Durnajygym!” Ol tisginip ýerinden galdy...Durnanyň sesimi? Bu sowala daşardan ses eşidildi: “Gyrr-ryk... Gyrr-ruuw...” Ol ylgap baryp, daşy garbady. Bir sekunt doňan ýaly bolup durdy-da, hasanaklap daşary çykdy. Jahan ýagtylyp barýar... ...Ýüzüp barýan ýaly... Günbatardaky beýik Namazgadepäniň - gonamçylygyň üstünden pessaýlap durna göçi geçip barýar. Biri yza galypdyr. Onuň bolup barşyny. Janawer... Häzir ol ýeter, hökman ýeter. ...Saşa öz durnajygyny tanady. Şol ahyryn. Ol gygyranyny soňundan bilip galdy: - Uçup gitdi... Ýet yzlaryndan! Ýet olaryň yzlaryndan. Meniň durnajygym... Oglanlaryň iki-ýeke oýanany-da bar eken. Olar Saşanyň lagerden birneme uzakda bu bolup durşuna geň galyp, aňkarylyşyp seredýärler. ...Heniz olaryň hiç biri onuň gysymyndaky daşda indi durnajygyň şekiliniň ýokdugyny bilenok ahyryn. Ak kebelek Men seniň bu gürrüňiňi gizlin bir syr ýaly kän wagtlap hiç ýerde, hiç kime aýtman gezdim, eje. Belki, şeýdip ýören bolsam gowy bordy, düşünjek bar, düşünmejek bar. Ýöne ýüregime sygmady-da ýazaýdym. Ýürekden çykan söz hökman ýürege ýeter diýibem men ilki bilen senden eşidipdim. Artdyran ýa bärden gaýdan ýerim baram bolsa, günämi ötgün. * * * Şu günki güne çenli bilmän ýürşümi diýsene, ýogsam şo mahallaram-a agy-garany saýgarmazça däldim. Ýediýyllygy ýaňy gutaran uçurlarym bolmaly. Dogan-gardaş, bary fronta gitdi. Giden syrgynymyz boşap galana döndi. Bizem kakam ikimiz ataly-gyz bolup galdyk giň howluda. Ejem görgüliniň-ä suratyny getirip, şu diýip görkezselerem tanap biljek däl. Suw ýaly çagakam ýurduny täzeläp, gözümden uçup gidipdir. Agamam fronta gidensoň gelnejemi ýanymyza göçürip getirdik. Çaga-çugasy ýok, ýaşyl kürtäni ýaňy başyndan aýran gelin. Ol obadan bu oba - öz ýanymyza gelensoň, höwürli ýaly boldy. Tiz öwrenişdik. Kakam pahyr, görüne nur ýagsyn, dilewar, hoşlabyz, gürrüňçil adamdy. Seniňem çala ýadyňa düşse düşýändir... (Meniň ýadyma düşýär, eje. Ol içmegini egnine atyp, arkasyny diwara ýaplap, müçenegi bilen sakgal-murtuna timar berip, güneşläp oturardy.). Adam hemişe hoş söze mätäçdir. Agyr günlerde hasam. Ýagtygözinden mal-garanyň aladasyndan dynansoň, töweregimiziň adamlary - garry-gurrusy, ýaş-ýeleň - kileň kakamyň ýanyna oturmaga gelerdiler. Gowy-gowy gürrüňler edilerdi. Bizem iki-üç sany agagyzy bolup bir burçda tikin-çatyna güýmenip, diňlär oturardyk. ...Fronta giden oglanlaryň birinden öňräk erbet habar gelipdi. “Ilaman neressäniňem gelni çagasynam alyp turaýan oguşýa...” diýip, öýe gelen adamlaryň biri gep gozgady. Bu gürrüň kakama ýaramady. Uludan bir demini aldy-da, gözüni bir nokada dikip, kän oturdy. Birhaýukdan soň “Bilmedim-dä, nä wagt-nä zamana boldy. Uruş uruş bolýandyr, o ýerde baş-başa, jan-janadyr. Kimiň kimden habary bar. Diri ýiten bolmagam ahmal. Şu beladan dynylýança garaşaýmaly ekeni...” diýip, ýene dymdy. Biraz salymdan soň ol hemişekisi ýaly süýem barmagy bilen gaşlarynyň ortasyny sürtgeläp, garaşmak parzy hakda bir üýtgeşik gürrüňi aýdyp berdi. Kakamdygy üçin bolsa-da bilemok, ýöne gowy adam gowy adam bolýar galýar. Şolar ýaly adam gelmez ýurda gidensoňam hemişe edil ýanyňda ýaly bolar ýörer eken. Uly söze - toba-tagsyr, her sözüni gyzyla gaplaýmaly adamdy. Lap edip aýtdygym däl, oňa ilem şeý diýerdi. Ilden daş düşmäýin. Uly söze - toba-tagsyr. Howwa, balam, kakam şo gezek şeýle hekaýaty aýdyp beripdi... Il içinde “Bä, pylany, bu günler nirelerde otlap-suwlaýaň? Görneňok-la? Sen-ä asyl Temmim ýiten ýaly bolduň-la” diýen bir gep bardyr. Ine, şol gepiň arasynda Temmimiň aýralyk hekaýaty bardyr bilseňiz. Öten zamanlarda Temmim atly asylzada bolanmyşyn. Onuňam görkde-görmekde, akylda-huşda taýsyz bir hoşroý aýaly bolanmyş. Iýmän-içmän ýöne ýüzüne seredip oturybermelimişin. Bu ikisi biri-birini şeýle oňat görer eken. Göwünleri aýnadan ak. Biri beýlekisiniň göwnündäkisini gözünden okap otyrmyşyn. Günleriň bir güni şeýtanyň ýoluny ýöredýän bet küýli bir perişde Temmimiň aýalyna aşyk bolupdyr. Ýaňky perişde bu är-aýalyň arasyna her edip-hesip edip al salmakçy bolupdyr. Emma onuň hiç pirimi başa barmandyr. Dagy alajyny tapmansoň bir gün bimahal çak daş çykan Temmimi şol perişde asmana göteripdir-de ötägidipdir. Äkidibem peti garany kese ýurtlaryň birine taşlap gaýdypdyr. Bir gijäniň içinde Temmimiň zym-zyýat bolşuna zatdan bihabar aýaly-da, ili-güni-de haýran galypdyr. “Taňrynyň güni darydan köp”. Ýalançynyňky näme, däňyňy atyryp, günüňi ýaşyryp, şol ömrüňden gädip oturmakdyr-da. Aý geçýär, ýyl geçýär, emma Temmimden gördüm-bildim diýen adam tapylmaýar. Ara esli wagt düşenden soň, hälki perişde bir nazarkerde adamyň sypatyna girip, bu aýala söz aýdýar. Temmimiň aýalam adamsynyň ýitendigini, oňa garaşjakdygyny aýdyp, ýaňkynyň habaryny alman gaýtarýar. Soň ol ýene gelýär, ýene kowulýar. Garaz, perişde gelip razy edip aljak bolýarmyşyn, o-da gaýtarýarmyşyn. Iller öldi hasap etse-de, aýaly biçäre ärine garaşyp, umytda gezipdir. Şeýdip ýedi ýyl geçenden soň bu oba abdal jindesini geýen bir diwana gelipdir. Saç-sakgal basan şol galandaram gel-gel Temmim bolup çykypdyr. Şondan soň il arasynda ýaryndan aýra düşene, diri ýiten adama ýedi ýyl garaşmak dessur bolup galanmyş. “Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar” diýen sözem şol wepadar aýalyň agzyndan çykan sözmüş. Kakamyň şu gürrüňinden soň hiç zat bolmaz, iň bolmanda diri ýitip, ahyry bir gün gaýdyp geler diýen pikir göwnümde öý etdi. Şu pikir hiç küýümden gitmedi. Göwün diýen nä, seniň aýdanyňa-goýanyňa gulak goýýarmy näme?! Muňa-da şükür edip gezibermekden başga alaç tapmadyrm. Aý geçdi, gün geçdi. Uruş gutardy. Indi geler, şindi geler, he-eý, geler ýerde gelmedi. Biz garaşdyk, biz bilen bile ilem garaşdy, gelmedi, gözümiz ýolda galdy. Kakam görgüli syr bildirenok, gelnejem welin çyrasy öçen öýe döndi. Gün-günden saralyp-solup, öçügsilenip barýar, zagpyran ýaly. Bir gije men üýtgeşik düýş görüpdirin. Düýşümde görsem ellerim baldajyklary açylan-u-açylmadyk gyzyl-gyzyl gunçaly gül bolup gögerip otyr. Men ony gujagymdaky dessegüldür öýdüp, niçezar aýyl-saýyl etjek bolýan welin, bolanok. Hut ellerim gül-gunça bolup, nowçalap otyr. Birdenem bir ýerlerden bir ak kebelek ganat ýaýyp, oýnap geldi-de, elime - gülüň üstüne gondy. Şol gonuşy ýalam doňdy-da galdy... Gyzlar bilen ýorjak bolduk. Hersi bir zat diýdi. Garaz agamdam bir nyşan bolaýmasyn diýip, men muny kakama gürrüň berdim. “Gowy düýş görüpsiň, balam” diýip, başymy sypady görgüli. “Gowy düýşi oňa-muňa aýdyp ýörmeli däldir, gyzym. Jan diýen adamyňa-da aýtmajak bolgun. Hergiz-hergiz unudaýmagyn, gulagyňda galsyn. Özüň oňatlyga ýorup, garaşybermelidir, ýorsam gadyryny gaçyrarsyň. Hoş hyýaldyr, ürker gider... Ak kebelek - ak hatdyr. Agaňdan habar geljekdir, gyzym” diýip, soňundan pendi-nesihat etdi. Üç günden soň gelnejemi kakasy bilen agasy öz öýlerine göçürip alyp gitdi. “Ejesi ýaranok, bu öýde garaşdy näme, ol öýde garaşdy näme. Tapawudy ýok” diýip, sypaýyçylygam eden boldular. Meniň welin içimden ýügerim sogrulan ýaly boldy. Aglaý-aglaý gitdi. Menem delmuryp galdym yzynda, dilim agzymda gurady. Şol günüň ertesi onsoň, hemişeki ýaly syrçaly bedrämi süýtden dolduryp, daň bilen süýt satmaga gitdim. Gaýdyşyn görsem, derwezämiziň ýanynda goşa ganat ýaly bolup ak bir zat ýatyr. Edil şol düýşümdäki ak kebelek ýaly. Ylgap baryp, haýran galyp ýerden göterdim. Ak şahadatnama. Içinde agamyň suraty bar. Bir saýrak guş tutan ýaly bolup kakamyň ýanyna bardym. “...Kaka, ynha, ak kebelek uçup gelipdir”. “Men aýtmadymmy saňa, ak hat geler diýip”. “Kaka, bu nirelerden, nädip geldikä?” “Samolýotdan bäş gezek böküp gördük” diýip ýazmanmydy näme, gyzym. Samolýot sürýändir, gyssagly bir ýana uçup geçip gidendir. Meniň bardygymy bir bilsinler diýip, şuny oklandyr... Aglama, balam, aglama... Bar, hany, muny ýygşyrypjyk goý. Gelse sorar ahyryn. Aýyp bor-a...” Ataly-gyz bolup şuňa şeýle bir ynandyk. Men-ä soň-soň hakyt samolýotyň tarlap geçenini, ak şahadatnamanyň ak kebelek ýaly bolup gaýyp gaýdanyny hut gözüm bilen gören ýaly boldum ýördüm. Soň-soňlaram somolýot geçse, gürrüldisini eşitdigimiz belendräk ýere çykyp, onuň garasy ýitýänçä yzyndan sereder galardyk. Ynha-da, balam, arada şu zatlary ýatlap, böwrümi diňläp otyrdym welin, öz-özüme haýran galdym. Umydygärligiň, didara zarlygyň etdirýän oýny eken asyl. Ynanasymam gelenok welin, nätjek... Şol gün gelnejemi göçürip äkiden günleri ahyryn. Gumak köçede pyrgunyň yzy. Edil aýnada görýän ýaly, görüp durun. Ak şahadatnama derwezämiziň ýanynda, goş-golamlaryň içinden gaçyp galypdyr... Ahmet Halmyrat. | |
|
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |