17:16 Howandarlyk / hekaýa | |
HOWANDARLYK
Hekaýalar
Tomus pasly öz kada-kanunyny ýöredip başlan bolsa-da heniz jöwza düşmändi. Öýläniň salkyn çagynda duldegşir goňşymyz Halymlaryň telärinde mesawy gürrüň edip otyrdyk. Sähra pyşdyllarynyň ikisi goňşymyzyň gapysynda peýda bolanda goňşymyzyň ýedi ýaşly ogly Sapbynyň şatlygynyň çägi bolmady. Halymyň ejesi Sapargül daýza bolsa: - Azar berme, köşegim, uzak ýollary geçip gelen gonaklardyr bu janawarlar - diýdi-de, ylgaşlap diýen ýaly öýe girip gitdi. Öýden eli goşa gaply çykan garry ene: Pyşdyl, pyşdyl, pyşbaga, Pyşdyldap geldiň oba, Dost-ýar bolup jemleşip, Gideli oýnamaga - diýip, pyşdyllaryň ýanynda aýak çekdi. Ýene bir täze sanawaç bilen agtygyna hezil berip gelşine çynlakaý görnüşe girdi-de, dodaklaryny müňküldedip, haýsydyr bir dogany okady. Ilki suwy, soňra gatygy pyşdyllaryň buýnuz çanagynyň üstünden mähir bilen guýdy. - Teşnäni gandyrmak, ajy doýurmak ata-babalarymyzyň urp-adatydyr - diýip, ýedinji onlugy arka atan Sapargül daýza eden işinden hoşallygyny daşyna çykardy. Sapbyjyk pyşdyllaryň birini gujagyna gysyp, nirädir bir ýerlere zymdyrylyp gidende bu ýerdäkiler hiç zada düşünmän galdylar. Gaýdyp gelende onuň elindäki pyşdyly tanar ýaly däldi. - Pyşdylymyzy tanar ýaly etdim, ene! – diýende, reňklenen pyşdyly gören Sapargül daýza tasdanam pyňkyrypdy. Indiki ýylyň ýazynda pyşdyllar ýene-de oba geldiler. Ýöne olarýň arasynda Myratjygyň pyşdyly ýokdy. Şonda biz “Belki ýagyş-ýagmyr, ýel-tozan pyşdylyň reňklerini öçürendir?!” diýip, körpä teselli berdik. Bir pyşdyl welin goňşymyzyň howlusyndan uzaklaşmak islänokdy. Ýaz guragrak gelensoň ol aç bolarly. Men howlynyň bakjasyndaky ter maýsalardan ýolup, pyşdylyň agzyna tutdurmagy oglanjyga maslahat berdim. Pyşdyl gawunlyga düşen düýe ýaly nebsewürlik bilen ota agyz urup, sümürip başlady. - Ynha, seniň şol pyşdylyň, biz şaýat şoňa?! - diýenimizde ynanjaň çaganyň ýüzi ýagtylyp gitdi. * * * Hawa, Haktagalanyň ýaradan janly-jandarlaryna, guş-gumrularyna ýerliksiz ezýet bermezlik, gaýtam olara mümkingadar howandarlyk etmek türkmeniň ozalda ganyna siňen edähet bolarly. Iň bolmanda meniň tanyş-bilişlerim-ä şeýleräk adamlar. Birnäçe ýyl mundan öň gurluşykçy dostum Saýlawlara baranymda maşgalasy Gyzylgül gelneje ýarym oýun, ýarym çyn zeýrendi: - Höwürtgesinden gaçan guşlaryň jüýjelerine ideg etmek orta ýaşan adama laýykmydyr? Köp gaýtalasam-da muny düşündirip bilmedim. Bir aý çemesi mundan ozal öýe pyşdyl getirse nädersin! Tasdanam zähräm ýarylypdy, çöplükden monjuk tapan gul ýaly begenişini görsediň! Basym howlymyz haýwanat bagyna öwrüljek. Är-aýalyň jedeline goşulmagy uslyp bilmän ýaýdananym üçin Saýlawyň özi goranmaly boldy: - Herki zadyň maddy-haýyr tarapyna däl, sogap tarapyna garamakda näme aýyp bar? Gazuw işlerini geçirenlerinde gurluşykçylar gyş ukusynda ýatan janawary tötänden ýeriň ýüzüne çykarypdyrlar. Görgüliniň sowukda öljekdigi gümansyz. Meniň deregime özüň bolsaň, biçäräniň halyna gynanmazmydyň? Howa maýlap, ot-çöpler gögerende: “Maňlaýyň ak, ýoluň açyk bolsun, janawar!” diýip, meýdana goýberinin-dä. Bolmanda ol biçäräni öýde saklamak hyýalymda ýok ahyryn... Munça delilleriň öňünde Gyzylgül gelneje ikirjiňledi. Nazy-nygmatly desterhan orta gelende, meseleniň mowzugy üýtgedi, meniňem gerişimden ýük aýrylan yaly boldy... Arada söz arasynda Saýlawdan şol pyşdyl barada soranymda: - Şol ýylyň ýazynda pyşdyly çöle çykaryp, erkinlige göýberdim – diýip, gürrüň berdi. - Bilmedim näme sebäp bolupdyr, yzyna gaýdyp gelipdir. Men işdedim, gelnejeň ony gyşlan otagyna eltip, ot-suw hödürläpdir. Şeýdip bizde ymykly galyberdi. Ol janawar öýmüziň läligi: otuň-çöpüň ýokumlysyny, miwäniň we köküň arassasyny saýlap iýýär. Uka gitmezden ozal otagynyň burçunda oňaýly mesgen edinýär-de, geljek ýylyň baharyna çenli ýatýar. Şol döwürde azar-bizary ýok, iýmit-suwsuz oňýär. Çagalaram indi oňa höwrügipdirler. * * * Hazar goraghanasynyň ýaş işgäri Güýçgeldi bilen Gyzylçeşme bulagynyň boýuny syryp, aşak düşüp gelýärdik. Daşlaryň arasyndan çogup çykýan bulagyň suwy akabanyň üňüzinde ösüp oturan ýaşajyk tut, injir, idge we beýleki baglaryň teşneligini gandyrýar. Miweleri heniz ýetişmedik bolsa-da bu baglar saýrak guşlaryň üýşüp, joşgun bilen nagma kakýan ýerine öwrülipdir. Gaplarymyzy suwdan doldurmak üçin bu ýere inemizde, olar ürküp uçup gitdiler. Baýyrlyk bilen takyr zolagyň araçägindäki ýalazy ýerde bir tilki pyşdyllary oýnaýardy, olary bir alçy mündürse, bir-de towha gondurýardy. Eňkamy gaçan buýnuz çanaklylar ýüzün galjak bolup jebir çekenlerinde, erjel tilki olara tama bilen seredip durdy. - Kowumdaşlaryndan tapawutlylykda Orta Aziýa pyşdyly diňe gury ýerde ýaşaýar – diýip, ýaş hünärmen myhmanymyz gürrüň berdi – Amaly okuwda bolanymyzda, Balkan welaýatynyň daglaryna, düzlüklerine, deňiz we derýa kenarlaryna guran açyk howa gezelençlerimizde bu jandara duş gelip, olary öwrendik. Gyş ukusyndan oýanan pyşdyllar ýazda jübütleşýärler. Gemrijileriň hininden uzak bolmadyk ýerde bir garyşdan gowrak çuňluk gazýarlar. Ortaça on-onbäş sany ýumşak ýumurtga guzlap üstüni bilinmez ýaly gömýärler. Aradan üç aý çemesi wagt geçende kiçijik pyşdyllar peýda bolýarlar. Ýumşajyk çanakly biçäreler bir eliň aýasynda ýerleşýäler. Şonda tilki, şagal, zemzen, bürbüt, hüwi, garga ýaly guşlaram görgülileriň ganym duşmanlaryna öwrülýärler. Ýaşajyk pyşdyllaryň aglabasy heläk bolýarlar. Orta Aziýa pyşdyly on ýyldan kämillige ýetip nesil berip başlaýarlar. Uly pyşdyllara duşmanlary aňsat-aňsat zelel berip bilmeýärler. Onýança-da bir bürgüt penjesine bir zady mäkäm gysyp, dik asmana göterildi. Biraz salym asmanda gaýyp, çemine salandan soň, penjesindä garany gyýçak daşly meýdançanyň üstüne gönderdi. Baryp görsek, gyýçak daşlaryň arasynda gapagy döwlen pyşdyl gyzyl gana bulaşyp, mejalsyz ýatyrdy. Kert gaýanyň üstünden ähli hereketimizi synlaýan bürgüt bolsa biziň gitmegimize mähetdel açgözlik bilen awuna okdyryldy. -- Ýyrtyjy guşlaryň ölen mallaryň süňkleriniň ýülügini, ýylanlary daşa urup şamlanýandyny bilsem-de, häzirki waka ilkinji gezek gabat gelýärin – diýip, ýaş hünärmen boýun aldy – Tilki neressäniň iýip bilmän oturan lukmasyny bürgüt şeýdäge-de ýalmaýýan eken-ow. - Tebigat dünýäsinde “Gün güýçliňki” diýýänleri-dä – diýip, men onuň häsini berdim. * * * Hawa, tebigatda gidýän bu ýowuz göreşe goşulmazlyk iň gowusydyr. Hiç bir ýyrtyjy tebigata öz mümkinçiliginden daşary kast edip, dünýädäki sazlaşyga zyýan ýetirip bilmeýär, gaýtam olar şeýle sazlaşygy üpjün edýärler. Emma adam aw-şikara girişende welin... “Köp derdiň dermany pyşdylyň ýumurtgasy we etimiş” diýen gürrüň ýaýraly bäri janawaryň duşmanlarynyň ýene-de biri artdy. Ynanjaň adamlar köp, hassalar bolsa has ynanjaň bolýarlar. Bir gürrüň eşitseler, anygyna ýetmän, derrew berjaý etmegiň ugruna çykýarlar. Dört ýyl bäri bilindäki ingiden ejir çekýän daýym Baýramgeldi şu tomus kimdir biriniň maslahatyna uýup, Akjaguýmanyň ak çägesine gömlüpdir. Gyzgyn çägede gan basyşy galyp, tasdan heläk bolan ekeni. Lukmanlar wagtynda ýeişmedik bolsalar ol tasdan dünýesini täzeläpdi. Olam pyşdylyň ýumurtgasy bilen eti baradaky gürrüňi eşideli bäri zowzanaklap başlan bolarly. Daga-düze ýygy-ýygydan gezelenje gidýänimden habarly bolansoň, arada şäherden ýörite gelip pyşdylly arzyny aýtdy. ”Beýle gümürtik gürrüňlere ynanma, agam, hünärmen lukmanlaryň aýdany bilen bol!” diýip, ýüzüne durmaga bognum ysmady. Kömek soran dertlä gaýtam akyl berip başdan sowýan ýaly bolmagam gelşiksiz. Göwni üçin möhümiňi bitirdim. Haýry degenine welin gaty şübhäm bar. Bolsa-da, ilçilikde göwnündäkini göni ýüzüňe basyp, meseläni çöp döwen ýaly birýüzli edýän kişilerem bar eken. Geçen tomus Balyş aga bilen gawunçylyga gitdik. Barsak onuň mellegindäki telärde oglundan başga-da bir ýigdekçe otyr. Aňyrda iki sany horjun bökderilen motor dur. Myhman ýigdekçe biziň bilen salamlaşyp tanyşdy. Ol Balyş aganyň etrap merkezinde ýaşaýan tanyşlarynyň biriniň ogly bolup çykdy. - Bä, tüweleme, sen-ä ullukan ýigit bolup ýetişäýipsiň – diýip, ýaşuly guwandy. —Daýhançylyk edip ýörmüň? - Mekdebi gutardym, gulluga çenli wagt bar. – diýip, çepiksiden görmegeý ýigdekçe gürrüň berdi – “Eti, ýumurtgasy köp derdiň emi” diýensoňlar çölden, dag-düzden pyşdyl ýygnaýaryn. Müşderisi ýetik, girdejisi oňat. Telekeçilik diýsegem boljak, awçylyk diýsegem. - Senden telekeçem bolmaz, inim, awçam! – diýip, Balyş aga birden gaharlandy. - Aňsat pul gazanmagyň yşgyna düşen jalataý diýerler saňa. Soň ol myhmanyň motoryna tarap ýöneldi. Motora bökderilen horjunlaryň biri içi janly göwre ýaly mygyrdap durdy, beýlekisinde ullukan gawun bardy. - Çary, bärik gel! – diýip, ýaşuly ogluna gygyrdy. – Myhmana gawuny sen berdiňmi? - Howa! Şol gawuny ýaryp berjek bolamda begendi welin, “Beýle halan bolsaň öýňüzde maşgala bolup iýiň” diýdim-de, ony torbasyna saldym. Başga birini ýaryp berdim. Hä, näme, däde? – diýip, jidirdän Çary kakasynyň bolşuna düşünmedi. - Edep öwrenmän geçjek sen – diýip, ýaşuly käýindi – “Süýji zady myhmana iki-ikiden bermeli” diýip ýörite aýdyp oturmalymy, şu wagta çenli görüp öwrenmediňmi? Edýän zadyň bitaý-da.. Bar, çatmadan bir garpyz getir! Çary çatmadan mähnet garpyz alyp çykanda, ýetginjek “Nątjekdiňiz azar edinip...” diýen bolsa-da, gaty hoşaldy. “Balyş aga garpyzy nirä ýerlejekkä” diýsem, ol pyşdyldan doly horjuny alyp, başaşak silikdi-de, garpyzy şoňa saldy. Ertirden bäri ýygnan pyşdyllarynyň çar tarapa dargaşyp barşyny naýynjar synlaýan ýetginjegiň pälwansypat ýaşula aglamjyrap igenmekden başga çäresi ýokdy: - Gawun-garpyz beren bolup sen, ýaşuly... ownukçylyň, göribiň barypýatany ekeniň sen. Mellegiňdäki pyşdyllary gysganyp... - Gawun-garpyz meniň özümiňki, inim – diýip, Balyş aga göwnibir gürledi – Ony men ýetişdirdim, näme etsem özüm bilýän. Pyşdyly welin men ekemok, şonuň üçinem olary saňa bermäge hakym ýok, kyn görme. Gawun-garpyzy horjundan çykaryp, öýke bilen ýerde goýan ýetginjek ýüzüni torsardyp motoryna atlananda, Balyş aga gataňsy äpet penjesini onuň egninde goýdy: - Gelip dur, inim! Gawun-garpyz iýmäge. Ýöne şu jelegaýda talaňçylyk edip ýöreniňi göräýsem, walla çynym, hezil bermen! Pyşdylyňy başga ýerden gözle. Dädeňe Balyş agam şeýdip goýberdi diýäý. Gowusy-ha, bu pişäňi taşla, ondan kär bolmaz, ballym. Eýýämden gazanç edýäniň gaty gowy welin, nesibäňi başga ýoldan gözläý. Türkmeniň ymgyr sährasynda her kes erkin gezip ýören janawarlary haltalap daşaberse, tebigat çolaryp galmazmy? Günä bor, inim, günä bor, beýtme... Motorly myhman tozanguýruk bolup, gözden ýitip barýarka men ýaşulynyň jandan syzdyryp aýdan soňky töwellaly sözlerini aňymda aýlaýardym. “Dogudanam, dinozawrlary gören bu gadymy jandarlaryň bir gudrat bilen millionlarça ýylyň içinden sag-aman geçip, biziň günlerimize gelip ýetmegi täsinlik ahyryn. Şu wagta deňiç hiç bir ýagy olary ýok edip bilmändir. Emma indi ynsanlar olaryň kastyna çykyp, haltalap daşap ugran bolsalar, bu mysapyrja jandarlaryň müddedi dolup ugran bolaýmasa...” Men bu ünjimi daşyma çykaranymda, goja daýhan öz mizemez ynamy bilen göwnümi göterip goýberdi: - Olaryň müddeti dolmaz, inim. Olar ýaly goragsyz janawarlaryň howandary owwal-a Alladyr, onsoňam ýene adamlaryň özleridir. Meniň ýaly, seniň ýaly hudaýlykly adamlardyr. Ýap-ýaňy halas edilip, gaýtadan ene tebigatyň goýnuna howlugyp barýan pyşdyllar onuň bu beýanatynyň iş ýüzünde tassyklanmasydy. Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |