19:14 Iñ ýaş türkmen ýazyjysy: Edgü Köprüli | |
IÑ ÝAŞ TÜRKMEN ÝAZYJYSY: EDGÜ KÖPRÜLI
Söhbetdeşlik
■ Yrak türkmenleriniñ "Gardaşlyk" žurnaly bilen yrakly ýaş türkmen ýazyjysy Edgü Köprüliniñ söhbetdeşligi "Kardaşlık" žurnaly: - Hormatly ýazyjy, turuwbaşdan "Kardaşlık" žurnalynda çykan ilkinji eserleriñiz bilen okyjylarymyz gyzyklanýar. Edgü Köprüli diýen awtoryñ adyny eşidenler üçin özüñizi gysgaça tanadaýsañyz? Edgü Köprüli - Hakyky adym Ilaf Talal Hasan. 2000-nji ýylyñ 25-nji fewralynda Altynköprüde dünýä indim we häzirem şol ýerde ýaşaýaryn. Liseýde ikinji synpa çenli Akarsu gyzlar liseýinde okadym. Soñky synpy bolsa Kerkugyñ Baryş gyzlar liseýinde okap ýörün. "Gardaşlykda" çap edilen ilkinji hekaýalarymda Edgü tahallusyny ulanmagymyñ sebäbi okyjylaryñ ünsüni çekmek üçindi. - Ýaşyñyza seredende türk dilini bilşiñiz ýakynlaryñyza görä has gowy. Türk dilini haçan öwrendiñiz? Bu hususda türkmen mekdepleriniñ täsiri boldumy? - Türkçäni öwrenmegimde türkmen mekdepleriniñ täsiri bar, elbetde. Emma türkçäni gowy özleşdirmekde kynlyk bilen tapylan birnäçe kitaplaryñ, internet sahypalaryndan okalan edebi makalalaryñ goşgularyñ, birnäçe türkçe kinofilmleriñ we aýdymlaryñ täsiri has uly. - Çeper edebiýat, döredijilik bilen nähili gyzyklanyp başladyñyz, nämelerden täsirlendiñiz? - Kitaplara çagalygymdan bäri, ejemiñ kitaba bolan ýakynlygy sebäpli ýakyn durýan. Başlangyç mekdepde 4-nji synpda okap ýörkäm türk ýazyjysy Omar Seýfetdiniñ kitaplaryny okapdym, bu bolsa meniñ kitaba bolan söýgümi hasam artdyrdy. Şeýdibem men çeper edebiýata ymykly göwün berdim. Şeýle-de men dokuz ýaşymdan başlap, hekaýalardyr senariýalar we soñrak roman ýazmaga başladym. - Sizi ugrukdyran mugallymyñyz barmy? - Geçen ýyl edebiýat mugallymyma ýazýan zatlarym barada aýdanymda, ol okap görjekdigini aýtdy. Eger ýazýan zatlarymdan derek çyksa gazet-žurnallara ýüz tutmagymyñ gerekdigini aýtdy. Birnäçe aý mundan öñ professor Suphi Sagatçy bilen tanyşdym. Olar maña ýazyjylyk karýeramda ýol görkezdiler we meniñ gelejekde has gowy ýazyjy bolup ýetişmegim üçin uly tagallalar etdiler. - Edebiýat žanrlarynyñ haýsylaryna has köp üns berýärsiñiz? Haýsy edbei žanrlary gowy görýärsiñiz? - Edebiýat žanrlaryndan roman, makala, ýol ýazgylary, drama eserleri, dessan, goşgy, ýatlama we felýeton has köp ünsümi çekýär. Iñ halaýan edebi žanrym bolsa halk hekaýatlarydyr. - Türk we Türkmen ýazyjylaryndan haýsylarynyñ eserlerini okadañyz? - Suphi Sagatçy, Omar Seýfetdin we Hüseýin Nihal Atsyzyñ birnäçe ajaýyp eserlerini okadym. Olaryñ arasynda maña has ýaranlary Suphi Sagatçynyñ we Omar Seýfetdiniñ gysga hekaýalary boldy. Hususanam Nihal Atsyzyñ "Ruh adam" atly eseriniñ meniñ üçin ýeri has aýratyndyr. - Deñ-duşlaryñyzyñ arasynda siziñ ýaly çeper edebiýata göwün berenler barmy? - Deñ-duşlarymyñ arasynda çeper edebiýat bilen gyzyklanýan ýok diýen ýaly. Meniñ çeper edebiýata göwün berenligim sebäpli, üstümden gülenler az bolmady. Ýöne bu ýagdaý diñe meniñ has köp ýazmagyma we öz arzuwlaýan dünýämi kämilleşdirmegime getirdi. - Türkçe, türkmençe bilim almak, türkçe kitap okamak boýunça Yrakda kynçylyk barmy? - Türkçe, türkmençe bilim almak Yrakda iñ uly çözülmesi kyn mesele, şertler pes. Hususanam mekdepleese gepleşik dilimize, ýazuw diline we grammatika ýeterlik üns berilmeýändigi sebäpli, Yrakda türkmen dilinde bilim almak barha kynlaşýar. Türkmençe kitaplary tapmak garagörgi. Soñky wagtlar açylan bir-iki sany kitaphana jem türkmen dilindäki kitaplara bolan mätäçligimizi ortadan aýyrmakdan ejiz gelýär. - Türkiýe we türk dili barada nämeler aýdyp biljek? Bu babatda hem Türkiýä, hem Türkmenelä (Türkmeneli - Türkmenili, Yrak türkmenleriniñ ýaşaýan welaýaty -t.b.) aýtjak sözüñiz barmy? - Doganlyk Türkiýä bolan söýgümiz uçursyzdyr. Türk dili ähli türki halklaryñ edebiýat pudagynda ýolunyñ birleşýän umumy dilidir. Şonuñ üçin Türkmeneliñ köp ýerinde türkmen ýaşlarynyñ çeper edebiýat bilen has köp gyzyklanmaklary üçin türk dilinde bilim berilmeginiñ ýola goýulmagy hökmany. Bu türk dilini bilmekden ötri, biziñ ene dilini ýiteñkirläp barýan ýaşlarymyzyñ türkmen diline täzeden dolanyp gelmekleri üçinem bahasyna ýetip bolmajak bähbitli işdir. Munuñ üçin heniz türkçäni gowy bilmeýänleriñ däl-de türk dilini suwara bilýän ýa-da Türkiýeden gelen mugallymlaryñ okatmagy gerek. - Gelejekde näme bolasyñyz gelýär. Bu babatda gysga ýa-da uzak wagtlaýyn meýilnamañyz barmy? - Gelejekde okyjylaryna peýda getiren uly ýazyjy bolup ýetişmegi arzuwlaýaryn. Şeýle-de meniñ çagakam okasym gelip tapmadyk kitaplarymdan düzülen kiçeñräk kitaphana açasym gelýär. Bu kitaphanany Altynköpri posýologyndaky Akarsu gyzlar liseýinde açyp, gelejekde döredijilik adamsy bolmak isleýän okuwçylar üçin türk we türkmen dilindäki dürli kitaplar bilen üpjün etmek isleýärin. - Size çäksiz minnetdarlyk bildirmek bilen, žurnalymyzyñ şu sanynda siziñ "Batbörek" ("Kâğıtkuşu") hekaýañyzy okyjylara hödürleýäris. # Yrak türkmenleriniñ "Kardaşlık" ("Gardaşlyk") žurnalynyñ 77-nji sany. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |