02:59 Izeddin Gylyç Arslan | |
ANADOLY SELJUKLY TÜRKMEN DÖWLETINIÑ SOLTANY: ▶ IZEDDIN GYLYÇ ARSLAN Gylyç Arslan II ýa-da Izeddin Gylyç Arslan, Anadoly Seljukly türkmen döwletiniñ Soltany. ■ TAGT DAWALARY, GOÑŞY DÖWLETLER BILEN ÇAKNYŞYKLAR WE YLALAŞYKLAR: Rukneddin I Masut öñden gelýãn däbe eýerip ýurduny üç oglunyñ arasynda paýlaýar. Uly ogly Izeddin Gylyç Arslany hem tagt mirasdüşeri diýip yglan edip ony Elbistana mälik edip belleýär. Üçünji ogly Şahynşaha Ankaranyñ we Çankyrynyñ töwereklerini berýär. Ikinji ogly Döwlet barada hiç hili maglumat saklanyp galmandyr. Giýewleri bolan Danyşmentli Zunnuna Kaýseri mälikligini, Danyşmentli Ýagybasana Siwas mälikligini berýär. Rukneddin Masudyñ 1155-nji ýylda aradan çykmagy bilen onuñ ogullarynyñ we giýewleriniñ arasynda tagt ugrunda dawa başlaýar. Izeddin Gylyç Arslan Elbistandan Konýa gelip tagta geçýär. Ilki Elbistany we Kaýserini ele geçirmek üçin ýörişe çykýar, ýolugra hem Ýagybasanyñ üstüne gaýdýar. Emma Mosulyñ atabegi Nureddin Zeñniden çekinip onuñ bilen özara ylalaşýar. Izeddin Gylyç Arslanyñ bu gowşaklygyny duýan Wizantiýanyñ imperatory Manuel I Komnenos oña garşy hyzmatdaş güýçleriñ bileleşigini guramaga girişýär. 1159-njy ýylda Mosulyñ atabegi Nureddin Zeññi bilen sebitdäki haçparaz güýçler, Şahynşah, Ýagybasan, Zunnun, Malatýanyñ mäligi Zulkarneýin bu bileleşigi emele getirýärler. Gylyç Arslan olar bilen ylalaşmagyñ çykalgasyny gözläp ugraýar. Ilki Ýagybasana ilçi ugradyp onuñ bilen ýaraşyk baglaşmak isleýär. Oña munun deregine Elbistany bermegi teklip edenem bolsa bu synanşyk başa barmaýar. Soltan tarapyndan Erzurumyñ mäligine gelinlik üçin ugradylan gyzynyñ kejebesi ýolda Ýagybasan tarapyndan çapawullanýar we onuñ gyzy Zunnuna nikalanyp berilýär. Bu eden-etdilikli herekete gaýtawul bermek islän Gylyç Arslan ýene-de şowsuzlyga uçraýar. Soltan döwletiniñ gowşamazlygy üçin ilki Wizantiýa bilen ýaraşyk baglaşmagyñ ýollaryny gözleýär. 1162-nji ýylda Konstantinopola gidip, ol ýerde 80 günläp bolýar we Wizantiýa bilen ylalaşyk baglaşýar. Şertnamada Wizantiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar bilen birlikde türkmen taýpalarynyń Wizantiýanyñ çäklerine aralaşmazlygyny şert edip goýýardy. 1153-nji ýylda Izeddin Gylyç Arslan Artyklylar bilen bileleşip Ýagybasanyñ üstüne hüjüm edýär. Artyklylar Ýewfrat derýasyndan geçip Malatýanyñ mäligi Zulkarneýine garşy hüjüme geçýär. Gylyç Arslan bolsa Siwasy Ýagybasandan almagy başarýar. Ýagybasan Şahynşah bilen birleşmek üçin Çankyra gaçýar we ol ýerde 1164-nji ýylda aradan çykýar. Ahyrynda Kaýseri alynýar. Emma Şahynşah bilen Zunnun Nureddin Zeññiniñ Malatýanyñ alynmagyna garşy bolandygy üçin gala alynman galdy. Gylyç Arslanyñ kakasynyñ dogany Göksunyñ mäligi Gök Arslan hem Nureddin Zeññiniñ tarapyna geçýär. Nureddin Zeññi 1173-nji ýylda Maraşy we Göksuny Anadoly Seljukly döwletiniñ elinden alýar. Şol ýyl hem Siwasda aýylganç açlyk döreýär. Gylyç Arslanyń aýal dogany adamsy Ýagybasanyñ ýogalmagyndan soñra baran adamsy bilen bile halka kömek etmändigi sebäpli pitne ýüze çykýar we pitnäniñ dowamynda ikisi hem öldürilýär. Halk Nureddin Zeññä sygynan Zunnunyñ mälik bellenilmegini isleýär we Zunnun hem öz gezeginde Mosuldan gelip wezipä girişýär. Emma açlyk we gazaply howa şertleri sebäpli iki tarap hem ylalaşmagy makul bilýärler. Nureddin Zeññi eline geçen şäheri yzyna gaýdyp berýär. Gylyç Arslan hem Zunnunyñ Kaýseri mäligi edilip bellenmegine razylyk berýär. Şol wagtlar ermeni derebegi Toros hem türkmenlere garşy herekete geçýär. 1174-nji ýylda Zeññiler hanedanlygynyñ Siriýadaky we Mosuldaky hökümdary Nureddin Zeññi Damaskda aradan çykýar. Nureddin Zeññiniñ ýaş ogly Salyh Ysmaýyl Müsürde häkimiýeti ele alanam bolsa Selahaddin Eýýuba garşy gidip bilmeýär. 1174-nji ýylda Damasky eýelän Selahaddin Eýýuby Nureddin Zeññiniñ dul galan aýalyny özüne nikalaýar we Salyh Ysmaýyly tagt naýyby edip belleýär. 1181-nji ýylda Salyh Ysmaýylyň aradan çykmagy bilen Zeññiler hanedanlygyndan adam galmaýar. Selahaddin Eýýuby bar ünsüni Ierusalime, Palestina we Müsüre gönükdirýär. Şeýlelikde Izeddin Gylyç Arslanyñ Günorta Anadolydaky basdaşlaryna goldaw edip biljek uly syýasy güýç ortadan aýrylýar. Günbatar çäkleri üns merkezine alan we basdaşlaryna goldawyñ azalandygyny gören Izeddin Gylyç Arslan Anadola ýüzüni öwürýär. Ol Kaýseri mäligi we köregi Zunnunyñ we Şazada Şahynşahyñ bilelikdäki goşunyny ýeñýär. Olar Wizantiýa gaçyp sygynýarlar. Gylyç Arslan dessine Ankarany, Darendäni, Kaýserini eýeläp ýetişýär. 1175-nji ýylda köregi Danyşmentli Ýagybasanyñ ogullaryny döwletiniñ uç begleri edip belleýär we Danyşment ogullarynyñ begligini ortadan aýyrýar. Zeññilerdenem käbir ýerleri ele geçirýär we ermenileri ýeñlişe uçradýar. ■ WIZANTIÝA GARŞY URUŞ WE MIRÝOKEFALAN SÖWEŞI: Köp wagt geçmänka Soltan bilen Wizantiýanyñ arasyndaky öñ baglaşylan ýaraşyk şertnamasy bozulýar. Imperator Manuel I Komnenos öz ýanyndan Zeññiler hanedanlygynyñ soñlanmagyny, Selahaddin Eýýubynyñ Orta Ýer deñziniñ kenarlaryna ýüzüni öwürmegini strategik taýdan Gylyç Arslana kömege gelip biljek güýçleriñ ortadan çekilendigini düşünýär. Şeýle hem Wizantiýanyñ hökümdary türkmenleriñ Deñizlä, Kyrkagaça, Bergama, Edremite çenli gelendikleri üçin olaryñ her ýylda adata öwrülen hüjümleriniñ öñüni almak isläpdir. Danyşmentli Zunnun we şazada Şahynşah Wizantiýa gaçyp barypdyrlar. Manuel I uly ýörişe taýýarlyk görüp başlady. Şeýle hem Danyşmentli Zunnuny we Şahynşahy Wizantiýalylar bilen güýçlendirilen goşunlaryñ başyna serkerde belläp olary Anadola ugradýar. Izeddin Gylyç Arslan gelen iki goşuny hem derbi-dagyn edip Wizantiýany yza serpikdirýär. Mundan soñ Gylyç Arslan ikinji gezek Wizantiýa bilen ýaraşyk baglaşmak üçin ilçi ugradýar. Emma imperator ýaraşyk baglaşmakdan ýüz dönderýär. 1176-njy ýylda Wizantiýalylar köp sanly franklardan, peçeneglerden, wengerlerden, serblerden toplanan hakyna tutma esgerlerden ybarat iki goşun bilen Gylyç Arslana garşy ýöriş gurnaýar. Demirgazykdan imperatoryñ agasynyñ ogly general Andronikos Watatzesiñ ýolbaşçylygyndaky goşun Kastamonynyñ we Amasýanyń üstünden 1176-njy ýylyñ sentýabrynda Niksara gelip galanyñ daşyny gabaýar. Emma golaýdaky türkmen goşuny bilen galanyñ eteginde (Niksar söweşi) bolan aýgytlaýjy söweşde Wizantiýalylar masgara bolup ýeñilýär. Söweşde öldürilen Watatzesiñ kellesi Izeddin Gylyç Arslanyñ huzuryna ugradylýar. Wizantiýalylaryñ günortadan giden beýleki goşun birligi imperator Manueliñ öz ýolbaşçylygynda Konýany ele geçirmegi maksat edinýärdiler. Gylyç Arslan 17.09.1176-njy ýylda Sandykly bilen Dinaryñ gündogaryndaky Ispartanyñ Gelendost raýonynda (Mirýokefalan söweşi) Wizantiýalylary duzaga düşürýär. Bu türkmenleriñ Anadolyda Wizantiýalylara garşy Malazgirt söweşinden soñra gazanan iñ uly ýeñişidi. Bu masgaraçylykly ýeñlişden soñra Wizantiýa imperiýasy gaýdyp türkmenleri Kiçi Aziýadan çykarmaga milt edip bilmedi. ■ ÝARAŞYK WE ÖZGERIŞ DÖWRI: Hususanam 1176-njy ýyldaky Mirýakefalon söweşinden soñra we 1190-njy ýyldaky Haçly ýörişi döwründe Anadoly Seljukly döwleti jasam jebisleşdiler we ýurtda parahatçylyk höküm sürüp başlaýar hem-de ykdysady, jemgyýet özgerişler amala aşyrylýar. Anadolyda içerki we daşarky söwda gatnaşyklary ösüş ýoluna girýär. Anadolynyñ söwda ýollarynyñ ugrundaky kerwensaraýlar Gylyç Arslanyñ döwründe gurulypdyr. Gylyç Arslanyñ döwründen galan birnäçe kerwensaraýlar muña mysal bolup biler. Ilkinji gämi ussahanalary Izeddin Gylyç Arslanyñ döwründe işläp başlapdyr. Konýada açylan medreseler Anadolyda ylymyñ we sungatyñ gülläp ösmegine getiripdir. Parahatçylyk döwrüne girmegine garamazdan wagtal-wagtal çaknyşyklar ýüze çykyp durupdyr. Siriýada häkimiýeti ele geçiren Eýýubylar bilen Gylyç Arslan Raban galasynyñ üstünde düşünişmändirler. Emma Seljukly weziri Ygtyýareddin Hasanyñ diplomatiki ussatlygy arkaly iki tarap hem ylalaşyga gelipdir. Bu ýaraşyk netijesinde iki türkmen döwleti bolan Eýýubylar we Seljuklylar bileleşip ermeni hökümdary Rupeniñ üstüne ýöriş edýärler. Emma 1182-nji ýylda Gylyç Arslanyñ Artyklylar bilen güýç birikdirip Diýarbekiri we Silwany eýelemegi Eýýubylaryñ göwnüne ýaramaýar. Wisantiýa imperatory Aleksios II Komnenos döwründe türkmenler Egeý sebitlerini we Bitinýadaky şäherleri birin-birin ele geçirmäge başladylar. Ulyborly, Kütahýa, Eskişehir, gaýtadan türkmenleriñ garamagyna geçýär. 1183-nji ýylda Aleksiosyñ ölmegi bilen Wizantiýada ýüze çykan başagaýlykdan peýdalanan türkmenler Egeý deñziniñ kenarlaryna çenli Alaşehirden başga hemme ýeri öz tabynlygyna geçirdiler. ■ DÖWLETIÑ MIRASDÜŞERLERE PAÝLANYP BERILMEGI: Gylyç Arslan 1186-njy ýylda ýurduny on bir oglunyñ arasynda şu aşakdaky ýaly görnüşde paýlap berdi: Bu paýlanyşykdan soñra Gylyç Arslanyñ özi döwletiñ merkezinde Soltan hökmünde ýurdy dolandyrmaga karar berýär. Ogullary bolsa içerki işlerden ýarym garaşsyz bellenen ýerleriniñ mälikleri boldular. Emma köp wagt geçmänkä ogullarynyñ arasynda tagt ugrunda göreş başlanýar. Gylyç Arslanyñ özi 1189-njy ýylda Konýany ele geçirip özüni tagt mirasdüşeri diýip yglan etdiren Kutbeddine garaşly ýagdaýa düşdi. 1190-nji ýylda Üçünji Haçly ýörişi başlap haçparazlar Konýa geleninde ol ýerde hökmürowanlyk Gylyç Arslanyñ däl-de Kutbeddiniñ elindedi... ■ ÜÇÜNJI HAÇLY ÝÖRIŞI. 1190-njy ýylda Üçünji haçly ýörişiniñ guramaçysy Mukaddes Rim-German imperatory Fridrih Barbarossanyñ serkerdeligindäki nemes goşununyñ Anadolydan bökdençsiz geçmegi üçin Gylyç Arslan ilçilerini Edirnä gelip ýeten haçparazlar bilen gepleşik geçirmäge ugradýar. Gelinen ylalaşyga görä nemesler türkmenleriñ hüjümlerine uçraman Anadolydan geçmelidi. Emma bu gelinen karar gojalan Gylyç Arslanyñ ogullarynynyñ, aýratynam Kutbeddiniñ göwnüne ýaramaýar. Gylyç Arslanyñ ogullarynyñ tabynlygyndaky türkmenler geçip barýan nemes goşunlaryna garşy wagtal-wagtal birnäçe hüjümleri gurnaýarlar. 17.05.1190-njy ýylda nemes haçparazlary Anadoly Seljukly türkmen döwletiniñ paýtagty Konýanyñ etegine gelip düşleýärler. Ylalaşygyñ şertlerine görä goşun şähere girmän göni geçip gitmelidi. Emma 18-nji maý güni nemesler Konýa hüjüm etdiler we şäheri basyp aldylar. Taryhçylar bu garaşylmadyk hadysa dürli hili baha beripdirler. Käbir nemes taryhçylary imperator Fridrih goşunyna garşy birnäçe gezek edilen türkmen hüjümleri üçin olara göz görkezmek islänmişin. Käbir taryhçylar bolsa Izeddin Gylyç Arslanyñ uly ogly Kutbeddiniñ kakasy bilen arasynyñ gowy däldigini, şonuñ üçin hem onuñ Konýany goramak üçin şähere gelendigini we şähere gelen badyna kakasyny göz tussagyna alandygyny, derhal şäheriñ daşyndaky nemesler bilen söweşe girişendigini, söweşden yza çekilip hem Konýanyñ nemesleriñ eline geçmegine sebäp bolandygyny ýazýarlar. Bu çaklamalaryñ haýsy biri bolan bolsa-da, Konýany eýelän nemesler şäherde kän eglenip durmandyrlar we bäş günden soñra Ierusalime aşmak üçin Orta ýer deñizine tarap ýola çykýarlar. 10.06.1190-njy ýylda imperator Fridrih garaşylmadyk ýagdaýda Göksuw derýasynda gark bolup ölýär. Şeýlelikde öz-özünden dagap giden nemes haçparazlary türkmenlere, Gylyç Arslana we onuñ ogullaryna howp döretmeklikden çykýar. ■ ÖLÜMI Nemesleriñ dagamagyndan soñra Soltanyñ ogullarynyñ dawasy hasam ýitileşýär. Kutbeddin kakasyny zor bilen ýanyna alyp Kaýserini eýelemek maksady bilen dogany Nureddin Soltanşa garşy hüjüme geçýär. Gylyç Arslan oglunyñ elinden sypyp Kaýserä gaçýar. Kutbeddin Konýa dolanýar we özüni Soltan diýip yglan edýär. 1192-nji ýylda Gylyç Arslan Ulyborlydaky ogly Gyýaseddin Keýhysrow bilen birlikde Konýa ýöriş edýär we şäheri ele geçirýär. Aksaraýa gaçan Kutbeddini kowalap şäheri gabawa alýar. Aksaraý gabawy döwründe hem aradan çykýar. Ondan soñra Konýany elinde saklaýan ogly Gyýaseddin Keýhysrow I Soltanlygyñ tagtyna geçýär. Gylyç Arslanyñ kümmedi häzir Konýanyñ "Alaeddin" metjidiniñ ýanyndadyr. Izeddin Gylyç Arslanyñ ölmezden öñ ýurduny ogullarynyñ arasynda paýlaşdyrmagy, entek ol dirikä ogullarynyñ arasynda agzalalygyñ döremegine getirýär. Bu agzalalyk ol aradan çykandan soñam dowam edipdir. Bu bolsa öz gezeginde Anadoly Seljukly türkmen döwletini pese düşüripdir. Uzak wagtlap hökmürowanlyk sürendigine garamazdan ýaşynyñ soñunda ýurduna gutarnykly asudalyk getirip bilmändigi we döwletini ogullarynyñ arasyna paýlamagy türkmen döwletiniñ güýçlenmegine zyýanly täsirlerini ýetiripdir. ■ TÖWEREKLEÝIN ÖWRENMEK ÜÇIN PEÝDALANYP BOLJAK ÇEŞMELER: 1). Osman Turan "Seljuklylar döwründe Türkiýe: Alp-Arslandan Osman Gaza çenli syýasy taryh (1071-1828)", "Bogaziçi" neşirýaty, Stambul-2002 ý; Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |