KAKNUSYÑ ÝUMURTGASY
Ol iň uzak ýaşaýan guş. Baky diýseň hem boljak.
Guşlar bilen iş salyşýan bir alym tanşymdan ony nädip görüp biljekdigim barada soranymda, ol ýüzüme ýiti-ýiti seretdi-de:
—Näme, oýun edýämiň? –diýdi.
—Ýok, gara çynym.
—Ol ertekilerdäki hyýaly guş-how.
—Bolanda name?!
—Bar, onda, tapyp bilseň, gör! Belki, tutup getirsiň. Iň bolmanda, ýumurtgasyny. Jüýjäni emeli köpeltmäge ökdeledik. Eger kaknus guşuny hakykatdan hem döredip bilsek, ylym üçin uly iş etdigimiz bolar.
—Sen meniň erjeldigimi bilýäň-ä –diýip, bu meseläni çynyrgatjakdygymy ýaňzytdym.
—Şonuň üçinem diýýän-dä –diýip, ol ýaňsyly ýylgyrdy.
Şondan soň men kaknusyň gözlegine ymykly çykdym.
Ilki bilen «Şäherde özüňiz ýaşaberiň» diýip, gum obasyna göçüp, kiçeňräjik goýun sürüsini edinip, şonuň bilen güzeranyny dolaýan tanşym, ýaşy segsene ser uran Maşdy aganyň ýanyna gitdim.
Ol çaý-çörek berip, ýoluň ýadawlygyny aýransoň:
—Aýdyp otur –diýdi.
—Men kaknus guşunyň yşgyna düşdüm. Şol barada siz bilmeli –diýip, näme üçin gelendigimi duýdurdym.
—Hawa, şeýle guş bar. Oňa il arasynda «humaý» hem diýýärler –diýende:
—Bu guş barada sizden bir uç tapjakdygymy bilýärdim –diýip, begençli seslendim.
—Kimiň üstüne humaýyň kölgesi düşse, ol uçursyz bagtly bolýarmyşyn, arzuwyna ýetýärmişin –diýip, Maşdy aga meni juda imrindirýän söhbedini dowam etdirdi. —Kaknus tegelek müň ýyl ýaşaýarmyşyn. Özüniň-de, höwri bolmaýarmyşyn. Diňe garrap, ömrüniň soňky pursady gelende nesil galdyrýarmyşyn.
Maşdy agany diňledigimçe, onuň kaknus baradaky delilleri mende bu täsin guşy görmek umydymyň amala aşjakdygyna ynam döredýärdi.
Goja gapdalynda ýatan ýelýyrtan ýaglyk bilen çaýyň badyna derçigen ýüzüni süpürdi-de, gürrüňiniň yzyna başlady:
—Kaknusyň nesil galdyryşy şeýleräjik: Ol bir owadan bagy-bossanlyk ýeri saýlap, özüne höwürtge gurunýarmyşyn. Onsoň, daň säher çaglary, Gün dogup, jahan ýagtylyberende saýrap başlaýarmyşyn. Onuň owazy şeýle bir ýakymlymyşyn welin, dumly-duşda güller parlap açylyp, ynsan bolsun, haýwan bolsun, onuň owazyny kim eşitse, huşundan gidip ýykylýarmyşyn.
—Bäh! –diýip, men ýöne-möne guşuň yşgyna düşmändigime buýsandym.
—Ol şeýdip barha joşup saýrap oturyşyna gyzyp, öz-özünden ot alýarmyşyn. Tä ýanyp küle öwrülýänçä-de, şirin owazyny bes etmeýärmişin. Şol külüň içinde bolsa täze kaknus guşy döremeli ýumurtga galýarmyşyn. Ony basyrmak hökman dälmişin. Külüň gyzgyny ýeterlikmişin. Dessine jüýje emele gelip, darka ýarylyp, ondan çykan çaga guş hem göz açyp-ýumasy salymda ulalyp, ýene–de edil şol öňki ýaly owadan kaknusa öwrülýärmişin. Ol hem tegelek müň ýyl ýaşansoň, saýrap ot alyp, täze guş döräp, bu kada üznüksiz gaýtalanyp durýarmyşyn.
—Gör, nähili beýik kada! –diýip, men geň galmakdan ýaňa özüme erk edip bilmän, Maşdy aganyň sözüni böldüm.
—Hawa, ata-babalarymyz bu kada dowamat-dowam diýipdirler –diýip, ol ylalaşdy. —Eger, kaknusyň hoş owazyna huşundan gidip ýykylmazlyk üçin, gulagynyň birini dykyp baryp, bir ebeteýini tapyp, kimde-kim onuň ýumurtgasyny jüýje çykmanka alyp ýetişse, geljek müň ýylyň dowamynda amala aşjak wakalar oňa öňünden äşgär bolýarmyşyn.
Maşdy aganyň gürrüňine gyzykmakdan ýaňa, oglanlyk döwrümizde erteki diňlänimde bolşy ýaly, gözlerim tegelenip, agzym öwelipdi.
Bir haýukdan soň özüme gelip, gürrüňini aýakladym edip, çaýa berlen Maşdy aga ýüzlendim:
—Häý, ýöne bu guş ýok bolaýmasa…
—Wiý, o nämüçin?
—Ynha, siz, diýseň köpbiler adam hem ol baradaky gürrüňiňizde «myşyn–mişini» köp ulandyňyz.
—Ulanamda näme. Men ony özüm görmänimsoň, şeýle gürrüň berdim.
—Eýsem, gören barmy?
—Elbetde.
—Şol adamy siz maňa görkezip biljekmi?
—Görkezmän näme. Obanyň ilersinde ýaşaýar. Awçy. Weýis diýýäler. Ýaşy sizden biraz galarajyk. Ýöne birtöwrarak. Siz gelşermikäňiz diýýän. Dilini tapyp bilseň, ol seni maksadyňa ýetirse gerek.
Maşdy aga bilen tirkeşip barşymyza, «Weýis öýünde bolaýbilse ýagşydyr» diýip, içimden dileg edýärdim.
Dilegim duşdy.
—Goňşy, şu adamyň möhümini bitirjek bol –diýip, Maşdy aga meni Weýis bilen tanyşdyrdy.
Onsoň, oňa eşidilmez ýaly, ýuwaşja:
—Indi, günüňi görjek bol, galamasy özüňe bagly. Men mal–garama esewançylyk etmeli –diýip, hoşlaşyp gitdi.
Weýis saçy garyş sere ösdürilip, ýeňsesinden boglup, aşak goýberilen, gözi gara äýnekli, egni zolak-zolak ala maýkaly, güne gaýzygan, muskullary ýumry-ýumry adamdy. Hakyt, «Golliwudyň» filmlerindäki ýabany tebigata arka durýan Krokodil Dandi ýaly gaýduwsyz, mert hem syrly gahrymanlary ýatladýardy.
Hernäme-de bolsa, men onuň dilini tapdym. Ol maňa «Hiç haçan tebigatyň işine gatyşmazlygy» ant içdirip, ertesi daňdan, gumda ýöreýän, diýseň kuwwatly, del kysymly daşary ýurt maşynyna mündürip, ýola düşdi.
Ol şeýle bir batly haýdaýardy welin, men edil uçup barýarmykak öýdýärdim.
Biraz ýöränimizsoň, öňümizde täsin bagy-bossanlyk howalanyp göründi.
Weýis maşynyny saklap:
—Kaknusy ürküzmezlik üçin mundan beýläk pyýada gitmeli bolarys –diýdi.
Baga golaýladygymyzça ýüzüme bagy-bossanlygyň tämiz howasy urýardy. Her dürli gülleriň hoşboý yslary duýulýardy.
—Bu nire? –diýip, men gapdalymdan barýan Weýse ýüzlendim.
—Erem bagy.
—Goýsana walla. Gumuň içinde erem bagy näme işlesin. Men muňa asla ynanamok.
—O nähili ynanaňok. Hanha, ol öňüňde dur –diýip, ol ýylgyrdy.
—Bu ýerde bir syr-a bar. Ýa sen jadygöými? Dewid Kopperfildiň şägirdi-hä dälsiň?
Ol hezil edinip güldi. Soňra gözüniň ýaşyny süpürdi-de:
—Dewid Kopperfild meniň şägirdim –diýdi.
—Çynyňmy?
—Hawa, eýsem, sen, türkmenden Dewid ýalylary ýetişdirip biljekleriň çykjagyna ynanaňokmy?
—Ýok. Entekler ýok...
—Kaknusyň bardygyna-da ynanaňokmy?
—Oňa-da, görýänçäm... –diýip, men başymy ýaýkadym.
—Ýör, onda, görkezeýin. Ýöne örän hüşgär ýöre. Ol biziň bardygymyzy aňmasyn. Meniň hasabym boýunça, şu gün onuň tegelek müň ýaşy dolýar.
—Sen ony nähili hasaplap bildiň?
—Häzir ylym ösen ahyr –diýip, ol «Beýle bisowatmyň?» diýen terzde birhili ýaňsyly ýylgyrdy-da, egnime kakdy. —Sen bagtly adam ekeniň. Kaknusyň täzeden dogluşyny görüp bilýäň! Ýöne ant içendigiňi unutma. Tebigat özüni mazaly sagaldýança, biz onuň işlerine gatyşmaly däldiris. Ýogsam ony özümize boýun egdirjek bolup, halys ýoňlatdyk. Düşünýämiň?
—Hawa –diýip, baş atdym.
Beýle owadan gülleriň hem bolýandygyny men bilmeýärdim. Gyzyl, gök, mämişi, çuw-ak, hüýt gara, jylk sary, altynsow, deňiz suwunyň reňkine çalymdaş... Özlerem şeýle bir geň görnüşlerdedi. Biri-birine meňzemeýän, näçe synlasaň-da gözüňi ýadatmaýan beýle täsinligi diňe tebigat döretmäge ukyply. Ol ägirt ussat. Aperin saňa!
Töwerekdäki agaçlar hem dürli-dürlüdi. Tämizdi, merdemsidi. Kölgeleri goýrudy. Ýapraklarynyň şybyrdysy bolsa birhili kalbyňa rahatlyk aralaşdyryjydy. Olaryň gür ýapraklarynyň arasyndan kynlyk bilen geçip bilýän, ýaňyja dogan Günüň ýek-ýarym şöhleleri älemgoşar öwüşginini döredip, çar-töwerek al-ýaşyl öwüsýärdi.
Weýis pyşyrdap diýen ýaly:
—Kaknus hanha, hol gülleriň arasynda gurnan höwürtgesinde otyr –diýip, ümläp görkezip, boýnundaky dürbüsini maňa uzatdy.
Men Weýsiň görkezen tarapyna dürbi tutdum: Ynha, ol! Meniň görmegini arzywlan guşum! Höwürtgesinde otyr! Özem, biraz biynjalyk. Ýa-da bolmasa, biziň bardygymyzy aňaýdymyka?
Ol altyn öwüşginlidi. Gara-gögüş guýrugynyň ujunda ýanyp duran şemiň alawjygyny ýatladýan birgeňsi gyzgylt ýelejikleri bardy. Başynda bolsa gozgananda hereketlenip gidýän, altyn düwmelere çalymdaş geň gotazy. Gözleri günüň şöhlesine göwher monjuklar ýaly ýylpyldaýardy. Heniz görmedik, syrly hem dabaraly gözelligim.
Weýis jübüsinden pamyk çykaryp uzatdy:
—Me, gulaklaryňy gowuja dyk. Ýogsam kaknusyň owazyna huşuňdan gidip, iň beýik pursady, onuň parlap ýanyp, külüniň içinde galdyran ýumurtgasyndan ýamaşgan döreýşini görüp bilmersiň.
Onuň öz gulagyny dykmak niýetiniň ýokdugyny görüp, geňirgendim:
—Sen näme?
—Men öň hem kaknusyň döreýşini üç-dört gezek synladym. Maňa indi tär etmese gerek. Onuň owazyny diňläsim gelýär.
Ine, şol wagt hem aňyma şeýtan aralaşyp, öwüt berip ugrady (Özgeleri biljek däl welin, bu mende jygba-jyglykly halatlarda bolýan ýagdaý. H.Ş). Ol «Bir gulagyňy dykma!» diýýärdi. «Näme üçin?», «Kaknusyň saýrap gutaran pursadyny duýmagyň üçin», «Onsoň näme?». «Onsoň, ol ýanyp küle öwrülen dessine ylgap bar-da, ýumurtgasyny al!». «Ant içdim-ä». «Içeňde näme, seniň beýik bilgiç bolasyň gelenokmy?». «Aý, hawa, töweregimdäki adamlardan parhly bolup bilsem, kem-ä däl». «Seniň bilgiçligiň bütin adamzat üçin hem bähbitli bolmagy mümkin». «Beýle bolsa, Weýis nämüçin beýdenok?». «Görýäň-ä, ol bir töwra». «Onuň maňa päsgeli ýetmezmi?». «Gapdalyňa seret, daş ýatyr. Kaknus saýrap durka, şonuň bilen ýelme kellesine!». «Häzir ýelmesem näme?». «Häzir ýelmeseň, bardygyňyzy aňyp, kaknusyň uçup ötägitmegi mümkin».
Men şeýtanyň diýşi ýaly bir gulagymy dykyp, beýlekisini dykman, garaşyp başladym.
Weýis bolsa nähilidir bir çaklaňja jübi tilinde haýsydyr oýny oýnamak bilen mübtelady.
Şol barmana-da kaknus silkinip ugrady. Onuň bir görseň garagögüş, bir görseňem, narynç altynsow ganatlary gün şöhlesine ýalpyldap gidýärdi.
Ine-de, ol saýrap başlady. Güller, baglar dym-dyrslyk bolup, ony diňleýän ýalydy. Ýel hem ýatypdy, ýekeje ýapragyň-da şybyrdysy eşidilenokdy.
Kaknusyň owazy şeýle süýjüdi. Pagtasyz gulagymdan aralaşyp, süňňümi söküp barýardy. Gözümiň öňi ümezläp, başym aýlanýardy. Zordan çydaýardym.
Kaknus has-da çalasyn silkinip, pyrlanyp, gitdigiçe batly saýrap ugrady. Onuň owazy-da öňküsine görä süýji hem çylşyrymlydy. Töwerekdäki gülleriň gunçalary dessine ulalyp, parlap açylyşyp başladylar.
Men gözlerimiň görýänine, gulagymyň eşidýänine ynanasym gelmän, tolgunmakdan ýaňa endamyma birhili owunjak saňňyldy aralaşyp, bu geň pursady synlap ýatyrdym.
Şol barmana, Weýis huşuny ýitirip, gapdala agdy.
Kaknus bolsa saýramasyny barha batlandyrýardy.
Şeýle ajaýyp pursatda, şeýtan ýene-de aňymy gorjalap başlady. «Ine, daş bilen urup ýykmadan-a dyndyň. Gutlaýan! Ýene, birden, senem essiňden gidäýme. Çydajak bol!».
Indi süýji saz agyra öwrülip ugrapdy. Endamymdaky damarlarym tar-tar dartylypdy. Süňňümi saklap bilmän, saňňyldaýardym.
Kaknus bolsa barha joşup, barha silkinip, şirinden-şirin saýramagyny dowam etdirýärdi.
Onuň owazyna tap getirmedik guşlar patlap aşak gaçýardylar. Şu pursada çenli men olaryň ýokarda, şahalarda bardyklaryny hem görmändirin.
Ine-de, ol tüsseläp başlady. Birdenem lowlap ýandy. Şol ýanyp durşuna-da saýraýardy.
Şeýtan maňa «Indi ahmal bolma! Ýanyp bolan dessine, ylgap bar-da, ýumurtgasyny al!» diýip duýdurdy.
Kaknusyň owazy kesilen dessine, ot hem söndi.
Şeýtan «Ylga!» diýip, meniň erkimi jylawlady-da, hökümli buýurdy.
Men ýetişibildigimden ylgap baryp, entek tüsseläp duran küle penjämi urdum.
Aýama alan altyn reňk ýumurtgama gün şöhleleri düşüp, ol göz gamaşdyryjy öwüşgin atýardy. Özem, gyzgynlygyndan ýaňa ýakyp barýardy. Men janhowluma, ony bir elimden beýleki elime geçirip, agyrysyna dözüp, mundan beýläk näme etjegimi bilmän alakjaýardym.
«Urra! Başa bardy!» diýip, şeýtan bolsa heşelle kakýardy.
Şol wagt hem Weýis «iňňildäp», gozganyp ugrady.
Şeýtan maňa: «Indi gaç, eglenme!» diýip gygyrdy.
Men bagdan çykyp, çem gelen tarapa gaçyp başladym. «Ahyrsoňy ýola ýeterin, ol ýerden ulag tapynyp, şähere aşaryn» diýen umydym bardy.
Ýumurtga heniz hem gor ýalydy. Sowaberenokdy. «Elimiň gyzgyny täsir edip, birden mundan kaknus çykaýmaz-da hernä?» diýip, ony penjegimiň jübüsine saldym.
Hyýalyma geň duýgular gelip geçýärdi. Ylgap barşyma, olardan baş çykarmak kyndy. Göwnüme bolmasa, gelejekde nämeler boljakdygy baradady. Diýmek, kaknusyň ýumurtgasyny edinen adama ähli zadyň öňünden äşgär bolýandygy çyn ekeni! Men mundan beýläk, gör, nähili meşhur bolaryn!
Onýança-da yzymdan:
—Saklan! –diýlen, hökümli ses eşidildi.
Bu Weýisdi. Ol aýňalyp, bolan işe düşünip, meni kowalap gelýärdi.
Şol barmana-da penjegimiň jübüsiniň tüsseläp başlanyna gözüm düşdi. «Ýumurtgany eliňe al! Jübiňi deşip, aşak gaçaýmasyn!» diýip, şeýtan öwüt berdi. «Bu sowabermedi-le?», «Kem-kemden sowar».
Men ýumurtgany ýene-de, bişmekden ýaňa gan-gabarçak bolan elime aldym. Gaçyp barşyma: «Weýisden nädip dynaýyn?» diýip, şeýtana geňeşdim. «Yzyňa äňet, ol ýene-de huşundan gidip ýykyldy. Kaknusyň owazy ony mazaly sandan çykaran borly» diýip, şeýtan kikirdedi.
Weýsiň gowuşgynsyz ylgaýşyndanam şeýle bolar öýdüp çaklaýardym.
Men badymy gowşatdym. Häzirki ýagdaýymda meniň üçin ýeke-täk howply adamyň çäşerip ýatanyny görmekçi bolup, yzyma äňetdim. Weýis dogrudanam serlip ýatyrdy. Men begendim. Arkaýynlaşdym. Şol barmana-da, ojaryň ýel açan köküne aýagym ilişip, tüwdürilip gitdim. Ýüzüm çägä süsdürildi. Ýumurtga elimden gaçyp, öň ýanymdaky alaňdan aşaklygyna togarlandy. «Häý, içigar galmyş!» Turagada, yzyndan ylgadym. Emma meniň badyma aşak süýşen çäge hut gözümiň alnynda ýumurtgany basdy.
Men bu ahwalata aňk bolup bir haýuk durdum-da, baryp, çägäniň ýumurtgany basan ýerini dörüp, ony gözläp başladym.
Eýýäm Gün gyzdyryp ýetişen çäge öň hem zerzaw bolan aýalaryma batyp, janymy awundyrýardy. «Seret!» diýmek nämäňe gerekdi!» diýip, şeýtana igenýärdim. Ol bolsa: «Seredeniňde aýak çekip serederler. Kim saňa ýöräp barýarkaň seret diýdi» diýip, elmydama bolşy ýaly, derrew özüni aklady. Şowsuzlyga uçranymda aýtmagy gowy görýän awuly sözüni aýtdy: «Äý, seniň hiç haçanam bir ybaly oňaran işiň bolmandy».
Onýança-da, maşynyň hyňňyldysy eşidildi. Bu ymykly aýňalyp, ýetip gelen Weýisdi. Onuň gahardan ýaňa dodaklary titir-titir edýärdi. Bolan işe düşünip, ýüzüme tüýkürip goýberdi: —Samsyk ekeniň!
Şeý diýibem, kinesini maşyndan çykarmakçy bolýan ýaly, batly haýdap gözden ýitdi.
Adam üçin ýüzüňe tüýkürilmekden kemsidiji pursadyň ýokdugyny aňymda aýlap, biraz demimi dürsemek, hem ömür görmedigini gören ellerime dynç bermek niýeti bilen alaňa mündüm. Şol bada hem geň galmakdan ýaňa lampa aşak oturdym. «Hany, ýaňyja-da seleňläp duran täsin bag?». Ol ýokdy. Hiç haçan hem bolmadyk ýalydy. Üznüksiz ejirli durmuşa tap getirmekden eňki agan garryja adamyňky kibi ýüzi ýygyrt-ýygyrt çäge alaňlary. Her ýer-her ýerräjikde selin-sazak, köküni ýel açan ojar düýpleri.
«Eýsem-de bolsa, meniň ol bagda bolanym, kaknusyň saýrap-saýrap ot alşyny görenim, onuň ýumurtgasyny alyp gaçanym ýalanmy indi? Ýok, ýalan däl! Men ýumurtgany hökman taparyn! Beýik bilgije öwrülerin!».
Şu pikirler maňa güýç berdi. Ýumurtgany ägirt yhlas bilen gözläp başladym.
Ine, birdenem, dörüp duran ýerimden, çägäni böwsüp, bir täsin guş çykdy-da, parlap uçup ötägitdi.
Ol täze dörän ýaş kaknusdy. Onuň ganatlary günüň nuruna birgeňsi şugla saçýardy. Şeýle çalt uçýandygy üçin, ol derrew gözden ýitdi.
Göz açyp-ýumasy salymda bolup geçen bu waka akylymy haýran etdi. Men ýumurtgany tapar öýdüp, entegem umytly şeýtan «Barysy gutardy» diýip, ahmyrly hüňürdedi.
Men görgi ýamanyny görüp, yzyma —Maşdy aganyň goşuna aşdym.
Mysalama gözi düşenden, ol maňa düşündi. Hiç bir zat soramady. Men hem aýtmadym. Guýruk ýagyny oda gyzdyryp, elimiň ýaralaryna çalyp, em etdi.
Men çaý-çörek hem edinmän, ýatjakdygymy aýtdym. Ol ençeme ýyllaryň gum durmuşyndan habarly köneje çäkmenini üstüme atdy.
Ertesi çaý-çörek edinip bolamyzsoň:
—Sen gowusy gaýt. Ýör, elinje ugradaýyn. Şäherliniň guma çykarlygy ýokdur. Bäriniň tämiz howasy, gory ýeten çal içeňde başyňy aýlaýşy ýaly, başyny aýlaýamy-nämemi, edenini-goýanyny bilenok –diýdi.
Gum obasynyň çaklaňja dükanyna haryt getiren maşynyň sürüjisine «Meniň myhmanymy ynjytman şähere aşyr» –diýip, ulag tapyp berdi.
Hoşlaşmaly pursadymyz:
—Özüme galsa-ha, «Ynha, kaknusyň ýumurtgasy» diýip, getirip berselerem, almazdym. Durmuşyň bar gyzygy, näme boljagyny öňünden bilmän, ertirki güne umytly garaşyp ýaşamakda dälmi? –diýdi.
Kim bilýär, belki-de, ol mamladyr...
Hemra ŞIROW.
Goşgular