15:27 Kandidata hat | |
KANDIDATA HAT
(Sapa Hommadowa bagyşlanýar) Hany, geç stola, kandidat dostum, Öňküleriň ýaly goşgy ýazsana! 30-njy güni buşlugy bilen, Bu ömüri sowgat bermiş ýaz saňa. Ýasamalyk duýulmady sözleňde, Ýaz ýaly ýylgyrdyň ýylgyran çagyň. Sen şeýle bir bina gurun özüňe — Goý, boýy ýetmesin hol Köpetdagyň! Durmuş duşuşyklaň mesgeni, ýöne aýralygam gapdalyndan goýanok. "Her bir işde haýyr bardyr" diýsene! Şol söz bize sogap berýär diýmesek, Özümiz-ä hiç zat ýitiremizok. 25-de gussallarňy terk edip, 26-a şatlyk bilen goşul sen! Bagt bagyň guramasyn hiç haçan, Ömrüňe ýene kän ömür goşulsyn! Janyň-a sag bolsun, dik bolsun başyň, Arzyly menzilleň öňüňde häli. Gyýylanňa degenog-a bu jahan, Dünýe görnüşinden owadan, hä-mi?! Hanha, seret, galam, kagyz hem stol Saňa garaşyp dur, kandidat dostum! Bagyşla, dagynyk boldy setirlem, Uzak ýaşa!.. Jemläýin bu goşgymy. Geçäýmesin 26 setirden. 30.03.2018 ý. Gülnar GELDIMYRADOWA. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Jisim... / Goşgular - 31.05.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Jüleýbib sahaba / Goşgular - 29.05.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Halal-haram kim baka / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |