23:07 Kemine | |
KEMINE
Goşgular
Ýyllar merdiwanyn goýdy öňümde Hyýallar taryha äkitdi ýene. Ot ýanýar; Resul molla ýylgyrýar: – Ind-ä senden dynsam gerek, Kemine. ...Ot ýanýar, Ýakýar ol ähdi-peýmanyn, Erte näm boljagyn salanok ýada. Şahyryň galdyran ajap mirasyn – Dürdäne sözlerin oklap dur oda. Şygyr ýanýar, Ýanýar iň mukaddes zat, Zamanyň aýdymy – ganaty ýanýar. Ýok, ýalan sözledim, taplanýar olar, Onuň her setiri bir güllä dönýär. Atylýar, betpäli aňtaýar olar, Gaçýar, bukdaklaýar Resul molla. Gizlenere ýer tapanok alaçsyz Dogup gelýän Günden gözleýär dalda. Gün bolsa tanaýar kimiň kimdigin, Iterýär jellady ýakan oduna. «Şygyr bilen oýun etmeli däldiň» Kim ýetişer, Resul molla dadyňa?!. Günüň şowhunyna örýär adamlar, Aýdym aýdyp ýan salýarlar zemine. Şol aýdymlaň gudratyndan direlýär, Janlanýar ýene-de şahyr Kemine. Çekip barýar märekäniň öňüni, Seresaply garap her bir öwrüme. ...Ýyllar merduwana çagyrýar meni, Dyrmaşýan, dolanyp gelýän döwrüme. Ol bu günem ýolda... Agtyklaryna Akyl berýär, paýhas berýär Kemine. Meniň ýala tozanynam eýgertmän, Öňe barýar, Öňe barýar Кеmine. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||