KERIM OSMANOW
Halkyň arasyndan edebi mirasymyzy toplamakda ýadawsyz işläp, juda köp iş eden mirasgärleriň biri-de Kerim Osmanowdyr. Kerim Osmanowyň toplan edebi çeper eserleri (olaryň köpüsi kyssa). TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň gaznasynda bukja-bukja, olaryň neşir edenleri-de, edilmedikleri-de, beýleki mirasgärleriň toplan mirasynyň arasynda duş gelýänleri-de bar. Olar Milli golýazmalar institutynyňhazynanyň 678, 791, 634, 270, 827, 800, 780, 774, 733, 557, 623, 814, 694, 692, 524, 529, 311-nji bukjalarynda we çagalar üçin neşire taýýarlan ertekileri 692-nji çeşmede saklanylýar.
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Bahar Durdygylyjowa 2010-njy ýylda „Folklor toplaýjy Kerim Osmanowyň folklor mirasy“ at bilen onuň ýygnan ertekileriniň tekstini taýýarlapdyr. Elbetde, ýygynda hazyna toplaýjynyň ýygnan mirasynyň ählisi girizilipdir diýip bolmaýar. Bahar Durdygylyjowa mirasgäriň ideýa-mazmun taýdan gowşak tekstlerini ýygyndysyna girizmändir. Ol işiň sözbaşysynda mirasgäriň toplan edebi çeper eserlerinde käbir sözlemleriň gysgaldandygyny, käbirini çeperleşdirendigini, uzyn ertekilerini gysgaldandygyny nygtapdyr. Folklor eserlerine beýle özbaşdak, erkin daramaga ygtyýar berilmeýär. Elbetde, käbir ertekilerde tagaşyksyz sözlemleri kem-käs timarlamak bolardy. Emma uzyn ertekiler gysgaldyljak bolnanda haýsy sebäbe görä gysgaldylandygy görkezilse, manysy nädürsmi, ideýasy galpmy, ýa gaýtalanýarmy sebäbini düşündirmeli. Sebäbi B.Durdygylyjowa hazyna toplaýjynyň mirasynyň arasynda 35-40 sahypalyk „Temmil ýalta“, „Totugyş“ ýaly göwrümli ertekileriň bardygyny nygtapdyr. Ol işiň sözbaşysynda ertekileriň (durmuşy, jadyly, haýwanlar hakyndaky ertekiler). Biri-birinden tapawudy hakynada pikir ýöredipdir.
Işiň awtory mirasgäriň toplan mirasyna degişli „Jikjiki“, „Teňňe gömenler“, „Üç ogully adam“ atly ertekileriň beýleki hazyna toplaýjylaryň ýygnan mirasynyň arasynda duş gelmeýändigini nygtapdyr. Belki, dogrudyr. Ol „Hudaýberdi gorkak“ bilen beýleki hazyna toplaýjylaryň mirasynyň arasynda duş gelýän „Gorkak batyr“, „Maral we keýik“ ertekisiniň „Ejekejana“ meňzeşligine ünsi çekipdir. Hakykatdan hem, Kerim Osmanow mirasgär Muhammet Ataşowdan soň, halk mirasyny 1935-1940-njy ýyllaryň aralygynda, ýagny Çary Garabekowdan öň toplapdyr. B. Durdygylyjowa, K.Osmanowyň Mary welaýatynda dünýä inendigini çaklaýar. Elbetde, bu diňe çaklama, ol ýerde kesgitli, gutarnykly pikir ýok. Aslynda welin, mirasgär Aşgabat etraby boýunça ylmy saparda (senesi 13.11.1945) bolanda beren maglumatlarynda (791-nji bukjada) özüniň Türkmenistanyň ylmy-derňew we Dil edebiýat institutynda işleýändigini ýazypdyr. Galyberse-de, 524-nji çeşmede mirasgär öz doglan ýyly, dünýä inen mekany, bilimi barada maglumat beripdir. Ol Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Garkyn obasynda 1900-nji ýylda eneden bolupdyr. Özüniň ýokary biliminiň bardygyny nygtapdyr. 529-nji çeşmede-de toplan kyssa eserleriniň aşagynda „ýazan Saýat raýon, „Garkyn“ obaly Osmanow Kerim 08.11.1935-nji ýyl” diýip goýupdyr.
B.Durdygylyjowa K.Osmanowyň 1940-njy ýylda neşir edilen ertekileriniň sözbaşysyna salgylanyp, onuň Türkmenistanyň ylmy-derňew Dil we edebiýat institutynda işländigini ýene çaklaýar. Umuman, mirasgäriň toplan mirasyna Bahar doly seretmändir. Şonuň üçin-de, ol „K. Osmanowyň terjimehaly barada hiç hili maglumat tapyp bilmedik“ diýip ýazypdyr. 692-nji bukjada Osman Kerim Nazarowiçiň ylmy işgär hökmünde hasabaty bar. Käbir kemçilikleriň bardygyna garamazdan, B. Durdygylyjowa mirasgäriň toplan edebi-çeper mirasyny bir ýere jemlemek üçin TYA-nyň Milli golýazmalar hazynasynda ýerleşýän ençeme bukjalary agtarypdyr. Mirasgäriň iň kämil eserlerini saýlap alyp tekstler ýygyndysyny taýýarlapdyr. Ony sözbaşy bilen üpjün edip, sözbaşyda hazyna toplaýjynyň ýygnan mirasynyň ideýa-mazmuny, terbiýeleýjilik ähmiýeti, türkmen folkloryny baýlaşdyrmakdaky hyzmaty barada pikir ýöredipdir. Ol mirasgäriň ençeme ertekilerini seljeripdir. Edebi keşplere baha beripdir. Hazyna toplaýjynyň ýygnan mirasynyň bir ýere toplanmagy möhüm hem gymmatly zat. Aslynda mirasgäriň halkyň arasyndan ürç edip ýygnan edebi çeper eserleriniň köpüsiniň ertekilerdigini belläpdik. Ertekiler bolsa aýdyjylaryňam, halkyňam ürç edip diňleýäni hem birek-birege gürrüň berýän folkloryň gaýmagy bolup durýan kyssa eserleri. Meselem, diňe bir 692-nji bukjada „Göze görünmeýän mal“, „Üç çopan“, „Palçy işan“, „Gorkak batyr“, „Temmel“, „Totuguş“, „Maral we keýik“,„Gyzyldan aşyk“, „Ýarty“, „Akyllyja serçe“, „Hatam Taý“, „Üç ogully patyşa“, „Üç ogully adam“, „Ak eşek“, „Japbagyň ýag alşy“, „Şaapbas“ ýaly ertekiler saklanylýar. Elbetde, bu ýerde ertekileriň hemmesine saýlama eserler diýip bolmaýar. Olaryň arasynda meselem, „Göze görünmeýän mal“, „Üç çopan“, „Gömülen teňňe“ ýaly ideýa taýdan yrga ertekiler hem bar. Meselem, „Göze görünmeýän mal“ atly ertekide üç doganyň iň kiçisi zähmet çekmän, der dökmän jadyly pyçagyň hemaýaty bilen ýaşap ýör. „Gömülen teňňe-de“ tapan teňňelerini agzybirlik bilen gömüp, soňam biri-birine al salyp, aldap ýören dostlar, „Üç çopanda“ açgözlük paş edilýär. Çopanlar birek-biregi aldapony özleriçe gahrymanlyk hasaplaýarlar. Elbetde, bu ertekilerde düşünene, iş ýakmazlyk, ýaltalyk, aldawçylyk, nebisjeňlik, paş edilýär. 529-njy çeşmede-de „Iki heleýiň bäsleşigi“, „Gurt bilen tilki“, „Tylla keýik“, „Emir Temir we aždarha“, „Hajymelik“, 623-nji çeşmede bolsa „Üç ogully adam“, „Alty laňlaň bilen ýeke leňleň“, „Üç dost“, „Kel oglan“ atly ertekiler saklanylýar. Ertekileriň köpüsiniň ýazylyp alnan seneleri, etraplary, aýdyjynyň atlaryna çenli görkezilipdir. 529-njy çeşmedäki ertekileri bolsa mirasgäriň bir wagt kimdir birinde eşidip özüniň ýazan bolmagy mümkin. Ýazylyp alnan senesi (1935ý) görkezilipdir. Aşagynda bolsa „Saýat, Garkyn obaly, Osmanow Kerim“ diýlen maglumat bar. Şeýle hem bulary „Özüm bilýärin“, „Ýaşlygymda adamlardan eşitdim“ diýen ýazgy bar. Olary mirasgäriň özüniň dilinden ýazandygy düşnükli. 623-nji çeşmedäki ertekiniň aşagynda-da, „Ýazan institutyň işgäri Kerim Osmanow“ diýen bellik bar. Ýazgy 1939-njy ýylyň 3-nji noýabrynda edilipdir. „Kel oglany“ mirasgär öňki Kaka etrabynyň Ýüzbaşy obasyndan Täzegül diýlen gyzjagazdan eşidipdir. 270-nji bukjada hazyna toplaýjynyň 1935-nji ýylda dürli-dürli wagtda Saýat etrabynyň Garkyn obaly Nazarow Merdanyň dilinden ýazyp alan „Nowruz söwdagär“, „Akpamyk“ atly Göknabat“, „Aknabat“, „Äk bilen päk“, „Iki aýally molla“, „Gyzyl alma“, „Enesi owadanja“, „Emir Temur“, „Üç ogully patyşa“ (soňky sahypalary ýok) „Sünnet toý“, „Çakçy, çençi, oýçy“, „Seýdi ýuwnuksyz“, „Tylla horaz“ ýaly ertekileri saklanylýar. 791-nji çeşmede bolsa hazyna toplaýjynyň 1945-nji ýylyň noýabr aýynda Orazow Hojanepesiň dilinden ýazyp alan „Ýarty“, „Akyl bilen döwlet“, „Süleýman pygamber“, „Gyzyldan aşyk“ ýaly kyssa eserleri we Meleje Täç oglunyň dilinden ýazylyp alan Beýik Watançylyk urşuna degişli goşgudyr, läleler bar. K. Osmanowyň pöwrizeli Gylyçmergen Alybekowyň dilinden eşiden ençeme rowaýatlary („Gyzlar galasy“, „Nusaý“, „Pöwrüze“, „Şetdat“, „Arman gala“, „Nedir şa“ we ş.m, şol sanda aýdyjy Gylyç Mergen Alybekowyň terjimehalyna degişli we 1939-njy ýylyň ýanwar we fewral aýlarynda toplan halk döredijiligine degişli eserleri 557-nji bukjada.
Gylyçmergen Alybekow 1863-nji ýylda Gurskaýa Gorsak diýen ýerde eneden doglupdyr. Gökdepe urşunda ol 14 ýaşynda eken. Onuň atasy we aýal dogany Gökdepe urşunda okdan wepat bolýar. Ol 1917-nji ýyldan sowet hökümetine gulluk edip başlaýar. Ol bäş ýyl araçäkde Gyzyl goşunda gulluk edýär. Basmaçylaryň garşysyna göreşde onuň iki ogly ýogalýar, 1937-nji ýylyň 6-njy noýabrynda hökümet sylagyna, Hormat hata mynasyp bolýar. Onuň Mämmet atly bir ogly we birnäçe gyzynyň bardygyny mirasgär ýazýar, olar barada maglumat berýär. Terjimehal 1939-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda ýazylan.
557-nji çeşmedäki „Gyzlar galasy“ atly rowaýatda bir emeldaryň juda owadan gyzy bolup, ony ile görkezmezlik üçin emeldar juda berk gala saldyrýar we oňa birnäçe garawul goýýar. Rowaýatda şol berk gala girip bilmän kösenýän bir beg ýigidiň goşunynyň arasyna gyzyň haty ýazylgy bir ok düşýär. Gyz ýigide şeýle ýazýar:
„Sen eger atamy ýüz ýyl gabasaň hem alyp bilmersiň. Ýöne sen şu serçeşmäniň boýuny alyp git. Onuň başyndan bir gysym samany akdyryp goýber, eger şol saman akyp gelip nirede aýlansa, şol ýerdäki turbany bekläp, biziň suwumyzy kesseň atamy yryp bilersiň“. Hakykatdan hem, suw kesilen soň gyzyň atasy amana gelýär. Rowaýatda „Ýagşylyga ýamanlyk edip“ gyza öýlenjek bolan beg, gyzy duluna geçiren soň, ony „Ataňa näme wepa berdiň, maňa wepa berer ýaly“ diýip jezalandyrýar. Umuman, rowaýat „Gyzlar galasynyň“ döreýşi barada. Ýöne rowaýatda, elbetde, ýigit gyza öýlenmek üçin goşun çekip barypmy ýa-da, onuň kakasyny boýun egdirmek üçin barypmy bu anyk däl. Eger rowaýatda gyzyň atasyny boýun egdirmek üçin beg ogly goşun çekip baran bolsa, gyzam atasyna dönüklik eden bolsa, onda ony jezalandyrmak bolar. Ýöne ýigit diňe öýlenmek niýeti bilen çykalga agtaran bolsa, gyzam oňa kömek eden bolsa,onda bu ýerde gyzda beýle birgünäýok. Ol ýalňyz geçmeli däl, üstesine-de ol etmişi bilen ýigit ak jüýje däl. Rowaýatlarda yrga pikirler bolsa, olar seljerilende bellemeli. Galyberse-de, ideýasy dürs bolmasa, olar toplanyňa degenok. 780-nji bukjada K.Osmanowyň 1945-nji ýylyň aprelinde toplan soltan Söýündir Myrala degişli „Soltan Söýüniň atasy“, „Soltan Söýün we Myraly“, „Gara atyň ölüşi“ we „Gyzyldan tam“ „Isgenderiň hudaýlyk dawasy“ ýaly kyssa eserleri bar. Olary mirasgär Sakar etraply Ýazguly Berdiýewden eşidipdir. Başga-da „Görogly“ şadessanyndan Arap Reýhana degişli bir şaha bar. 634-nji bukjada „Bit büräniň bäsleşigi“. „Bir garyp adam“ atly kyssa eserleri saklanylýar. Olary mirasgär 3-nji mart bilen 4-nji apreliň aralygynda Merdanow Nazar diýen biriniň dilinden ýazyp alypdyr. Çeşmedäki „Şagalyň patyşa bolşy“ atly ertekini Kadyr Allaberdiýewiň dilinden, „Diriň-ň-ň“ atly ertekini Batyrow Şajanyň dilinden 1940-njy ýylyň 4-nji fewralynda eşidip, ýazga geçiripdir. „Gaýtarma bilen görme-görşe giden“, „Serçe“, „Hezret Aly we suwlugan“ atly kyssa eserlerini Baýramalynyň pagta zawodynyň işçisi Nazar Şamyrat oglunyň dilinden 1940-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda „Üç köri“ we „Kör meddany“ Saýat etrabynyň Garkyn obasyndan Allaberdiýew Kadanyň dilinden ýazyp alypdyr. Mirasgäriň „Serçe“ hekaýatjygyny juda manylylygy, öwredijilik häsiýeti güýçli bolan soň şol durşuna almaklygy niýet etdik.
Bir bar eken, bir ýok ekeni öň zamanda, bir adam bar eken. Ol elmydama çirtmek gurap serçe-torgaý tutup gün geçirer eken. Günlerde bir gün onyň çirtmegine bir serçe düşüpdir. Ol adam baryp, serçäni tutupdyr. Serçäni tutandan soň, serçe gepläpdir. Serçe ol adama:
– Eý adam, meni tutduň welin, sen meni öldürme, meniň üç nesihatym bar, şony saňa aýdaýyn. Şol nesihatlarymy tutsaň, ölýänçäň hor bolmarsyň – diýen.
Onda ol adam özünden özi oýlapdyr. “Eger bu serçäni öldürip iýsem, maňa bir agyz hem bolmaýar. Ondan munuň nesihatlaryny eşideýin, belki, dogry aýdýandyr. Eger göwnüme batmasa, şonda-da öldürip bolar” diýip oýlanypdyr-da: serçä:
– Gel onda, nesihatlaryňy aýt hany? – diýipdir. Onda serçe:
–– Birinji nesihatym: görmedigiňe ynanma. Ikinji nesihatym: öten işe ökünme. Üçünjisini bolsa sen meni goýber. Men azat bolup bir silkineýin. Ondan soň aýdaýyn – diýipdir.
Ondan soň, ol adam oýlapdyr: „Munuň birinji nesihaty bilen ikinji nesihaty gowy ekeni. Belki, üçünjisi bulardanam gowudyr. Ýogsam beýle gadyrly etmezdi“ diýipdir. „Gel, şu serçäni goýbereýin. Şunuň bilen men aç-dok bolmaryn“ diýipdir-de, serçäni goýberipdir. Ol serçe bir beýik agaja gonupdyr-da, silkinip, daranyp bolandan soň:
– Eý, adam, seniň ýaly akmak ýokdur, serçäniňem nesihaty bolarmy?! Meni öldüren bolsaň, garnymda kyrk mysgal gyzyl bardy. Sen şony alyp, baý bolardyň. Saňa ýedi arkaňa çenli iýmek-içmegiňe ýeterdi. Indi saňa üçünji nesihatymy aýtjagam däl – diýipdir. Onda ol adam:
– Wah, dogrudanam, öldürip gyzylňy alsam bolmadymy?! – diýip, köp gynanypdyr. Onda ol serçe:
– Eý, adam, sen meniň hiç bir nesihatymy tutmansyň. „Görmedigiňe ynanma!“ diýmedimmi, „Öten işe ökünme“ diýmedimmi? Sen bolsa bu ikisini hem tutmadyň. Ondan soňam, meniň özüm bir serçe bolsam, meniň garnym näçedir. Meniň garnymda kyrk mysgal gyzyl ýerleşermi? – diýip, uçup beder gidipdir.
Dünýä belli sahy, ynsanperwer Hatam Taý hakynda türkmen hem Gündogar edebiýatynda ajaýyp eserler döräpdir. XV asyrda ýaşan akyldar Haýdar Horezminiň „Mahzan ul-esrar“ („Syrlar hazynasy“) eserinde-de Hatam Taý ýordumy gabat gelýär. Onuň mazmuny örän uzaklara uzap gidýär. „Hatam Taýlaryň“ ýordumy birem bolsa mazmuny dürli-dürli, ýagny wakalar dürliçe beýan edilýär. Her ertekide-de Hatamyň häsiýeti dürliçe açylýar. Derýalaryň deňize birigişi ýaly ol ertekiler akyp gelip deňize guýýar. Ol deňizde Hatam ýüzüp ýör.
Başgaça aýtsak, dürli sapaklardan alaja işilişi ýaly, dürli mazmunly ertekilerden bütewi, owadan alaja emele gelýär. Ol alaja ýagny, kesip dürli reňki bilen lowurdap dünýäň ýüzüne uzalyp gidip, her reňk Hatamyň bir häsiýetini açýar. Ol häsiýetler birigip, adamzat pähiminden emele gelen bütewikeşbi, janly keşbi, şol sanda akylyňy haýran edýän milli keşbi emele getirýär. Näçe ýyllar milli folklorymyzda altyn ýüzügiň göwher gaşy ýaly lowurdap duran ajaýyp keşp bilen görnäçe nesillere edep-terbiýe berlip gelnipdir. Şol keşbi halka ýetirmekde, K.Osmanowyň Hatam Taý hakynda toplan mirasynyň hyzmaty uly. Mirasgäriň Baýramaly etrabynyň ýaşaýjysy 1908-nji ýylda doglan Nazar Şamyrat oglundan ýazyp alan Hatam Taý hakyndaky, onuň ynsanperwerligini sahylygyny, adyllygyny, päkligini, başarnygyny açýan ertekisi TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň 634-nji bukjasynda saklanylýar. „Hatam Taýlaryň“ mazmunynyň dürli-dürlidigini ýatlapdyk.
K. Osmanowyň ýokarky çeşmedäki „Hatam Taý“ atly 39 sahypadan ybarat ertekisi Ş. Geldiýewanyň neşir edilen „Türkmen halk ertekileri“ atly (2006) ýygyndysyndaky „Hatam Taý“ ertekisine mazmun taýdan meňzeşräk. Erteki gahrymanlaryň ikisem garyp ýerden çykan. Ikisem baýlygy öz gara güýji bilen toplaýar. K. Osmanowyň ýazyp alan bu ertekisinde Hatam bir garybyň ýalňyz ogly. Garybyň garşylygyna garaman, aldap-ogşap oňa bugdaý berip, bir molla onuň ogluny hyzmatkärlige alýar. Hatamyň baýlygynyň, sahylygynyň syrlary şu wakadan soň başlaýar. Molla garybyň ogluny öwlüýäniň töwereginde mal bakdyrýar we oňa şeýle ýumuş buýurýar. Mazarystanlyga bir gyzyň jesedi getirilmeli. Hatam ony garawullap onuň gömülen mazaryny belläp, molla habar bermeli. Oglan ýumşy mollanyň tabşyryşy ýaly ýerine ýetirýär. Soňundan öz gazan çukuruna özi düşýän molla gyzyň mazarynyň aýak ujundan çukur gazdyryp, gapdalynda gylyjyny dikip, doga okap başlaýar. Mazaryň depesinde ilki tüweleý, soň jadynyň güýji bilen ýagtylyk peýda bolýar, mazardan dürli-dürli haýwanlar çykyp (goç, öküz, düýe, aždarha) gylyjyň ýanyna gelýär. Iň soňunda mazardan bir ýalaňaç adam çykyp, gylyjy bilen mollany iki bölýär. Molla mazaryň aýak ujunda bukulyp oturan oglanyň çukuryna ýykylýar. Ol ýerde gyzyl tüsse peýda bolup, molla altyna öwrülýär. Bu ýagdaýa haýran galyp çukury gömüp gaýdan oglan bu wakany kakasyna gürrüň berip zordan ynandyrýar. Mollanyň gyzyla öwrülip ýatanyny gören garyp, bu ýurtda galsa ol gyzylyň özüne nesip etmejegini bilip, başga ýurda göçüp gidýär. Hatam ýolda özi ýaly üç sany garyp galandara duşup olaryň ak ýürekli adamlardygyny bilip, olar bilen dogan okaşýar. Özünde uly hazynanyň bardygyny olardan gizlemeýär. Hatamyň sahylygy beýleki adamkärçilik sypatlary şu ýerden hem başlanýar. Ol galandarlara sadalyk bilen ynanyp, olara kömek edýär. Soň onuň kömegi ula ýazýar. Sebäbi mollanyň niresinden kesip alsalar, ol ýeri ýene öňküsi ýaly gyzyla öwrülipdir, soň Hatam doganlary bilen maslahatlaşyp, ol gyzyllary garyp-gasarlara paýlap başlaýarlar. Hatama degişli ertekileriň hemmesinde diýen ýaly hyýaly güýçler hereket edýär. Jadyly tilsimler ulanylýar. Hatamyň garşylyklary ýeňmekde güýjüniň ýetip bilmedik, ýetip hem bilmejek ýagdaýynda halk oňa jadyly güýçleriň üsti bilen kömege ýetýär. Bu ertekide-de ýagdaý şeýle. Hatam gyzyl almaga bir adamyň iki-üç gezek gelendigini synlaýar we bu ýagdaýy oňa duýdurýar. Beýleki ertekilerde bolşy ýaly bu ertekide-de gelmişek Hatamyň gysgançlygyny ýüzüne basýar. Şonda ol başga bir ýurtda bir şa gyzyň adamlara tylla okarada nahar berip, yzyndanam şol okarany özlerine berip goýberýändigini buşlaýar. Bu habar, doganlarynyň her bir ykmandanyň gürrüňine gulak gabardyp ýörmezligini Hatama maslahat berseler-de onuň ynjalygyny alýar. Ahyr ony anyklamak üçin uzak ýola şaýyny tutýar. Ol ençeme kynçylyklary başyndan geçirip erjellik, mertlik bilen Taýyň mekanyna ýetýär. Hakykatdanam Taýyň halka gyzyl paýlaýşy, şol gelmişegiň gürrüň berşinden hem köp bolup çykýar. Taýyň gözelligine aşyk bolan Hatam hem hat üsti hem kynlyk bilen onuň bilen duşuşýar hem şol baýlygynyň syryny gyzdan soraýar. Taý oňa „Uzak bir ýurtda Gülsenewer atly bir patyşa bar. Ol gapysynda bir it saklaýar, şonuň syryny bilip gelseň aýdaýyn“ diýýär. Gülsenewer bolsa ol syryny hiç kime göwünjeň aýtmaýan eken. Aýdan adamlarynam bada jezalandyrýan eken. Ölümini boýnuna alan Hatam Gülseneweriň mekanyna-da, hupbat baryny görüp diňe beýleki ertekilerde-de bolşy ýaly, Symrug guşuň çagalaryny ölümden halas edip şonuň kömegi bilen ýetýär. Gülsenewer özüne dönüklik edenaýalyny jadynyň güýji bile ite öwürşi we onuň bilen baglanyşykly syryny Hatama gürrüň berenden soň, Hatam ol syry bilip, ýene Symrug guşyň kömegi bilen ölimden halas bolýar. Ýokarky „Türkmen halk ertekilerine“ girizilen „Hatam Taýda“ Gülüň baýlygynyň syryny bilmäge ugradylanda Hatam onuň syryny bilenden soň (ony-da Taý ugradýar) gyz çaksyz owadanam bolsa, Hatamda Güle ýigrenç döreýär. Sebäbi adamlary jadynyň güýji bilen Gülüň özi doňduryp baýlyk gazanýar. Şonuň üçinem Hatam ol ertekide Gülüň başyna özi ýetýär. Adamlary onuň zulumyndan halas edýär. Bu ýerde bigünä adamlaryň hasabyna giden baýlyga eýe bolan aýalyň örän kynlyk bilen ynamyna girip başyna ýetýän Hatamyň mertligi, gaýratlygy, ynsanperwerligi, ahlak arassalygy has giňden açylýar. Bu erteki TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň 926-njy bukjasynda saklanylýar. Ony Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjysy S. Omarowyň dilinden 1959-njy ýylyň maý aýynda B. Setdarow ýazyp alypdyr. Bu erteki juda kämil.Onda beýan edilýän wakalar, bir uly maksat bilen ýola düşen gahrymanyň, şol ýolda maksadyny amala aşyrmak üçin, ýüzbe-ýüz bolan garşylyklary, gahrymandan akyl-paýhasy başarnygy,tutanýerliligi talap edýär. Erteki bir tarapdan juda durmuşylygy bilen durmuş hakykatyny çeper hakykata öwrüp beýan edýän çeper edebiýatyň naýbaşy eserine meňzeýär. Çagalykda ene-atadan ýetim galan üç doganyň körpesi Hatam doganlarynyň özüne gatnaşygyndan, olaryň doňbagyrlygyndan ejir çekip, adalatsyzlykdan köp horluklary başyndan geçirýär. Ertekide halk baýlygyň gönezligini halallykdan, halal zähmetden gözläp, jomartlygyň sahylygyň, ynsanperwerligiň nusgasy hökmünde Hatamyň ölmez-ýitmez keşbini döredipdir. Mähriban ata ýurdundan kowlup, çem-gelen ýerde hor-homsy ýaşap, diňe şu günligini tapypertirligini gazanmak üçin eňip ýören, ahyrda-da Taýa duşup, halka altyn paýlaýan Gülüň, şol altynynyň çeşmesini bilmek üçin ýola düşen Hatamyň ýolda gören azaplaryny beýnisinde durlap, ahmyr edişinde we beýleki häsiýetlerinde çeper edebiýatyň gahrymanlaryna mahsus häsiýetler jemlenipdir. K.Osmanowyň „Hatam Taýynda“ Hatamyň iş salyşýan gyzlary Güle meňzeş däl, olaryň baýlyk gazanyşlary-da başgaça. Gülseneweriň syryny bilip gelensoň Taý utansa-da, Hatama öz baýlygynyň syryny açýar. Taýy kakasyndan bir molla satyn alyp, onuň elini-aýagyny daňyp, haýynlyk bilen oňa sütem edýär. Soň aýalyndan bolan çagany bada gaýnap duran suwa oklaýar. Soň bolan wakalary Taýdan gizleýär. Bir gezek uzak ýerden gelen kerwen Taýyň bişiren naharyny iýip yzyna gaýtmaýar. Beýle waka ýene gaýtalanandan soň, Taýda müňkürlik döreýär. Ol molladan gizlin hereket edip başlaýar. Birgünden bir gün ol mollanyň öz haýyşy boýunça onuň bilen bilelikde nahar iýmekçi bolýar. Taý oňa duýdurman inçelik bilen onuň hereketlerini yzarlap, Mollanyň öz başyna ýetmekçi bolýanyny anyklaýar. Iki tabaga nahar guýup gelen Taý Mollanyň öz tabagyna un ýaly bir zat sepepini görýär-de, ýeserlik bilen onuň ünsüni başga zada sowýar-da tabaklary çalşyryp ýetişýär. Molla aň etmän, nahara agyz urup ýuwdunandan soň, ondan gyzyl tüsse çykyp, altyna öwrülýär ýatyberýär. Taý mollanyň açarlaryny alyp jaýlarynyň gapysyny açandan gyzyla öwrülip ýatan kerweni beýleki adamlary görüp, zähresi ýarylýar. Ýene hyýaly güýçler kömege ýetýär. Hatam olary direldýär. Halkynyň arzuwy amala aşýar.
Bu ýerde Taý Gül ýaly baýlygy haýynlyk bilen gazanmaýar. Horluk baryny gören Taý, päk, Hatamyň özi ýaly sahy, ynsanperwer şonuň üçinem olar birigip, adamdan altyn döredýän tilsimleri ýok edip, diňe halallyk bilen eden gazançlaryny halka paýlap, alkyş alýar. Köki uzaklardan gaýdýan, dünýä edebiýatyny milli keşpler bilen baýlaşdyran „Hatam Taýlar“ ynsanyýetiň söýgüli gahrymanlaryna öwrülip olaryň kalbynda ýaşap ýörler. Görelde mekdebine öwrülen ol gahrymanlar hakyndaky ajaýyp kyssalary halka ýaýratmak hazyna toplaýjylaryň olary ýaýradyjylaryň uly hyzmaty. Amangül Durdyýewanyň toplan ertekileriniň arasynda (Ata Çepow toplan bolsa gerek – Ş.G.) Hatam sýužetli birnäçe erteki bar. Olaryň birinde Hatam bir gezek ýol bilen gelýärkä, guma bulaşyp, ah çekip ýatan bir ýigidiň üstünden barýar. Gynanyp Ony turuzyp halyny soraýar.
– Ýer-ow ýaş ýigit! Şu ýaşyňda köçäniň ortarasynda ile göz bolup guma bulaşyp ýatmaga utanaňokmy?
Ýigit utanyp, ýüz-gözüni süpürip:
– Ötegçi geçibersene öz ugruňa, ne işiň meň bilen. Derdim çekip çydardan agyr bolmasa, şeýdip ýatjakmy? Ýa aýdamda seniň nepiň degjekmi?
– Yrsarama-da derdiňi bir aýt how, soňkusyny soň görüberýäris.
Ýigit utanyp:
– Men pylan şanyň gyzyna aşyk, oňa ýetmek üçin Hatamyň boýnuna ýüp salyp, şol şanyň gaşyna eltmeli.
– Bow, ondan aňsat zat ýok. Ýöne bu bolup ýatyşyňa şa gyzy seni başyna ýapsynmy? Ýa ol seni idäp geler öýdýärmiň? Tur ýeriňden ynha men Hatam-da haýsy şanyň huzuryna gitmeli bolsa ýör, öňüme düş.
– Kellämi agyrtmasana, gardaş, Hatam nä aklyndan azaşypmy, şa kellesini aljak bolup durka, onuň gaşyna baryp.
– Sen tur, kelläň aladasyny etme, şonuň bilen möhümiň bitýän bolsa me ýüp, sal boýnuma-da öňüme düş.
Ýigit gulaklaryna ynanmaýar.
Haýsydyr bir möhüm iş üçin şirin janyňy orta goýmak, sahylygyň aňrybaşy, ondan aňyrda gudrat ýok. Bu erteki juda gyzykly, ýokarky jümleler onuň ýüzleýje mazmuny.
Gaşynda başyny belent tutup, şirin janyny hödürläp duran bu ajaýyp saha şanyň akyly haýran bolýar. Aslynda onuňam maksady Hatamyň kellesini almak däl-de, ady dünýä dolan Hatamy görmek.Hazyna toplaýjylar şu ýol bilen gyzykly-gyzykly wakalaryň ölmez-ýitmez keşpleriň üsti bilen halky terbiýeleýär. Türkmen folkloryny bolsa baýlaşdyrýar.
774-733-nji bukjalarda Göroglynyň atasynyň at seýişleýşi, Göroglynyň döreýşi, onuň Arapdan ar alyşy bilen baglanyşykly. Kyssa eserleri bar. Kyssa 1945-nji ýylyň 26-njy martynda ýazylypdyr. 774-nji çeşmedäki kyssanyň poçerki Osmanowyňky däl. Ony mirasgäriň golýazmalar hazynasyna özüniň getirip tabşyran bolmagy ähtimal. Ol Garagan obaly Durdy Sarpdan, Sopyýew Baýramdan, mürçeli Alyýew Gurbandan 93 küplet goşgy ýazyp alypdyr. Durunly Ejebaý Gulmämmedowadan, Kelete obaly Annagurbanowdan, Gökdepeli Anna Sapardan, Mämmedowa Bikeden, Annaniýazowadan, Büzmeýinde Ýasmansalyk obaly Meredow Şahydan ençeme çeper eserleri toplapdyr. Bu çeşmede Osmanow Kerimiň Lebap welaýatynyň öňki Sakar etrabynyň „Iskra“ kolhozynyň ýaşaýjysy 55 ýaşly Ýazguly Berdi oglunyň dilinden ýazylyp alnan „Görogly“ şadessanyna degişli goşgular-da bar. GoşgularGöroglynyň Öwezi getirmäge gidişi bilen hem Arapdan ar alnyşy bilen baglanyşykly.Çeşmede bir sygyr çopana degişli we dertlere derman bir köl hakyndaky mazmuny öz içine alýan kyssa eseri-de bar. Çeşmede ýerleşýän Beýik Watançylyk urşuna degişli goşgular şol döwrüň ruhuna ýugrulan. Ýüzlerçe gelin-gyzlaryň isleg-arzuwlaryny öz içine alýar. Doganlarynyň, agalarynyň söweşde gahrymanlyk görkezip, ýeňiş bilen gaýdyp gelmekleri arzuw edilýär. Meselem:
Muzykany bilbil kimin saýradan,
Dabarasyn ýer ýüzüne ýaýradan,
Duşmanlara gyzyl gülle paýradan,
Men tarapdan jan doganyma kän salam.
Göroglynyň ýeňňesini ýatlap aýdan, onuň arabyň gyzyna ýalbaryp aýdan, Gülendamyň Arap Reýhany turuzjak bolup aýdan goşgulary 733-njibukjada saklanylýar. Başga-da bu çeşmede Nurynyýaz şahyryň käbir goşgulary we irki döwürde halkyň arasynda ürç edilip aýdylýan we aşakdaky bentleri öz içinealýan „Alty gyz egledi meni“ diýen goşgy bar.
Alty gyzyň biri Äşe,
Halysy bar goşa-goşa,
Getir birin bize düşe.
Alty gyz egledi meni.
Alty gyzyň biri Aýna,
Gyrmyzy geýip barsaň toýna,
Günde myhman bolsam öýne,
Alty gyz aldady meni.
827-nji bukjada-da Mehin obasyndan toplanan Eziz Dajan oglunyň dilinden ýazylyp alnan monjukatdylar, läleler, „Döwletýarbeg“ dessanyndan bir aýdyşyk saklanylýar.
791-nji çeşmede mirasgäriň 1945-nji ýylyň 13-nji noýabryndan başlap Ahal welaýatynyň Aşgabat etrabynda ylmy saparda bolanda toplan edebi-çeper eserleri bar. Ol Gypjakda, Gökje obasynda bolanda Beýik Watançylyk urşuna degişli 48 setirden ybarat goşgy, 56 setirden ybarat läleleri toplapdyr. 15-nji noýabrdan 26-njy noýabr aralygynda Büzmeýin obasyndan halkyň arasyndan Beýik Watançylyk urşuna degişli 260 setir goşgy, 40 setir läle, 4 sany erteki ýazyp alypdyr. Bagyr obasyndan urşa degişli 104 goşgy 28 setir läle, Garadamakda bolanda, uruş temasyndan ençeme goşgulardyr läleleri Aşgabatda bolanda ýene şol temadan ençeme bent goşgy, Gämiden 123 setir, Köşüden 56 setir we birnäçe bent läle ýazyp alypdyr. Awtor bu toplan mirasy hakynda hasabatynda ýeke-ýeke maglumat beripdir. Hasabatda halkyň arasyndan edebi mirasyň ýygnamagyň aňsat däldigini ýazypdyr hem bu meselede özüne kömege ýeten mekdep okuwçylaryna minnetdar bolupdyr. 800-nji bukjada-da mirasgäriň Aşgabat etrabynda Bäherden töwereklerinde bolanda toplan edebi çeper eserleri hakynda ýazan hasabaty bar.
K.Osmanowyň toplan monjukatdylarydyr läleleri we beýleki käbir goşgy bentleri 827-nji çeşmede.
Mirasgäriň ýygnan ertekilerinde-de M. Ataşowyň toplan mirasynyň girişinde ulanylan söz oýnatmalary gabat gelýär. Ýöne ony mirasgär ertekilerden üzňe özbaşdak getiripdir.
„Ertekim erte bolar,
Gulaklary kelte bolar,
Gaz gorawul,
Durna ýasawul.
Hekge habarçy,
Serçe şugulçy,
Gurbakga synçy
Ýöne bu söz oýnatmalary M.Ataşowda has köp. „Tylla Horaz“ atly 69 sahypalyk ertekini (bu ertekiniň soňky sahypalary ýok) „Emir-Temir“, „Sünnet toý“ atly 129 sahypalyk ertekini mirasgär özi ýazman, aýdyjylardan ýygnap alypdyr. Bular 1935-nji ýylyň 24-nji iýunynda ýazylyp alnypdyr.
K.Osmanow diňe bir halk hazynasyny toplap, gymmatly iş etmän, ol toplan hazynasyny neşir edip halka ýetirmekde-de möhüm işleri ýerine ýetiripdir. Ol M.Sakali bilen 1946-njy ýylda 65 sahypadan ybarat nakyllary „Türkmen nakyllary we atalar sözi“ at bilen çapa taýýarlapdyr. „Nakyllar“ sözbaşy bilen üpjün edilip, olar „Agzybirlik“, „Myhmanparazlyk“, „Hüşgärlik“ ýaly tematikalara bölünipdir. Sözbaşyda nakyllardan, Magtymgulynyň, Seýdidir Zeliliniň, Mollanepesiň, Andalypdyr Aşykynyň we beýlekileriň eserlerinden peýdalanylypdyr. Sözbaşyda nakyllaryň türkmen edebiýatyny, şahyrlaryň folklory baýlaşdyrmakdaky hyzmatlary hakynda, olaryň durmuşda ulanylyşy, trebiýeleýjilik hyzmatlary hakynda pikir ýöredipdir. Ýygyndy golýazmalar hazynasynda 814-nji bukjada saklanylýar. Ýygyndynyň soňunda institutyň direktory B.Garryýewiň toplanan nakyllara degişli düşindirişi bar. 524-nji çeşmede bolsa ýörite japbaklar, Esenpolat, Aldarköse bilen baglanyşykly, rowaýatlardan ýygyndy taýýarlanyp, oňa sözbaşy ýazylypdyr. “Sözbaşyny”K.Osmanow bilen A.Kulyýew bilelikde ýazypdyr. Belki ýygyndyny-da awtorlaryň bilelikde taýýarlan bolmaklary mümkin. Ýygyndy-da Aldarköse kim, Aldarköse diýilip nähili adama aýdylýar, aslynda ol durmuşda bolupmy ýa ýok, bu hakda gyzykly pikir ýöredilýär. Şeýle adamyň durmuşda bolmandygy köse bilen baglanyşykly toslanyp tapylan tipdigi aýdylýar. Japbaklar bilen Esenpolada gezek gelende, bularyň durmuşda ýaşap geçen adamlardygy hem olaryň terjimehallary barada gyzykly maglumat berilýär. “Sözbaşyda” Japbaklaryň Baharly etrabynyň Durun obasynda ýaşap öten garyp oglanlardygy barada gürrüň berilýär. Japbaklaryň Mapbak, Topbak däl-de hakyky atlary (Betdi, Aýýa, Nazar, Japbak) getirilýär. Japbaklar hakyndaky döredilen anekdotlaryň, gülküli gürrüňleriň olaryň hereketleri özlerini alyp baryşlary, gürrüňleri bilen baglanyşykly nähili ýagdaýda dörändigi, halkyň arasyna ýaýramagynyň sebäpleri barada gyzykly pikir ýöredilýär. Hakykatdan hem şol gülküli gürrüňler, şorta sözler hem halk tarapyndan olara ýanalyp döredilipdir, bir toparyny bolsa olaryň özleri döredipdir. Şeýlelik bilen ol şorta sözler, ýumorly gürrüňler folklorlaşyp halkyň arasyna ýaýrap gidipdir. Ýygyndyda Esenpolat barada şeýle maglumat berilýär. Esenpolat türkmeniň teke urugyndan, Gara ýörme tiresinden. Ol 1926-njy ýylda eneden bolup, 1974-de dünýäden ötüpdir. Onuň kakasyna Jürli diýer ekenler. Ömrüniň ahyrynda „Esenpolat Aşgabadyň köne galasynda oturypdyr. (häzirki Lenin bagynyň ýerleşýän ýeri – Ş.G.). Mazaryny özi gazyp içine çäge döküp goýupdyr soralanda: „Ile azarym degmesin we ýatjak ýerim ýumşak bolsun diýip şeýtdim“ diýipdir. Bir günem düýä münüp bir toýda: „Meni görjek görsün, men basym ölýärin“ diýipdir we birki günden ýogalypdyr. Esenpolat bilen baglanyşykly şorta sözleriň, rowaýatlaryň hemmesini diýen ýaly halk öz aralarynda hezil edip birek-birege gürrüň beripdirler, diňläpdirler, täsir alypdyrlar. Kä olary üýtgedip, kä üstüne goşup ulanypdyrlar. Halk hatda Esenpolat bilen baglanyşykly ýiti anekdotlary, gürrüňleri dürli-dürli döwürlerde özleri täze temalar bilen baýlaşdyryp ulanypdyrlar we ýaýradypdyrlar. Sözbaşyda Esenpolat bilen baglanyşykly aşakdaky mazmundaky rowaýat mysal getirilýär.
Bir gezek Esenpolat otly basan bir düýäniň buduny süýräp gelýärkä öňünden bir molla çykyp:
–Eý, Esenpolat, bu eti näme üçin süýräp gelýärsiň munyň haram ahyry – diýipdir. Esenpolat bolsa:
– Aý akmak, munyň asty polat, üsti polat, iýjek hem Esenpolat, bu nireden haram bolsun – diýipdir.
Esenpolady halk toýlara, märekelere onuňgülküli sözlerini eşitmek üçin çagyrýar ekenler. Ol wäşi, gepe çeper, degişgen adam bolupdyr. Halkyň idegi bolsa şahandaz adamlar. Sözbaşyda şu ýygyndynyň Türkmenistanyň Döwlet ylmy Derňew, taryh dil we edebiýat institutynda ýygnalan anekdotlar gülküli gürrüňler esasynda ýörite taýýarlanandygy we ony neşir etmekligi göz öňünde tutulandygy nygtalýar. Diýmek şol döwürde A.Kulyýew, K.Osmanowyňam şol institutda işleýän bolmaklary mümkin. Ýygynda Aldarkösä degişli 17 sany anekdot girizilipdir. Japbaklara degişlileri 86 sany. Umuman, ýygyndyda olaryň hersi hakynda aýry-aýry maglumatlar berlipdir we olaryň hersiniň özüne degişli gysgajyk-gysgajyk, manyly kyssa eserleri ýerleşdirilipdir. Ýygyndynyň sözbaşysynda Japbaklaryň gezegenligi hakynda şeýle bellik edilipdir. Japbaklaryň Büzmeýinden, Gökdepeden başlanýan ýoly, gezelençleri soňabaka Aşgabada, Mara, Hywa, Türkmenbaşa çenli ýetipdir. Bolan ýerlerinde olara dürli-dürli atlar berlipdir. Aşgabat töwereklerinde „Japbaklar“ Türkmenbaşyda Işanlar, Mary etraplarynda „Japbawlar“ atlandyrylypdyr. Durmuşda özlerine gabat gelýän ýoknasyzlary, bikärleri, kimdir biriniň üstünden güljek bolýan „men-menleri“ duzlaýan söze çeper halk gahrymanlary çagalaryň söýgüli tipleri. Diňe bir Japbaklaryň häsiýetlerinde däl, beýlekilerde (Esenpolat, Aldarköse) ýaşlaryň hatda ulularyň-da ýüregine jüňk bolýan zatlar köp. Aldarköse çem geleni aldanok. Ol aldamaly adamlaryň-hilegärleriň üstünden gülýär. Çagalar üçin gaty gerek. Hatda ol çagalara ugurtapyjylygy, doganlyk-dostlugy öwredýär. Japbaklar bolsa gülkünç-gülkünç hereketleri, oýunlary edýän unamadyk zatlaryny halanmaýan adamlary ýumorlyja sözleri, bilen duzlaýan, kä halatlarda kellelerine gelenini aýdyp goýberýän, hatda öz-özleriniňem üstünden gülýän gahrymanlar. Çagalar olardan batyrlygy, her hili ýagdaýda-da ruhubelent ýaşamagy-da öwrenýär. Elbetde, beýle eserleriň toplanmagy-da, halka ýetirilmegi-de K.Osmanow ýaly mirasgärleriň uly hyzmatlary halka eden uly ýagşylyklary. Ýygynda girizilen eserleriň saýlanyp alnandygy görnüp dur. Olar okyjynyň duýgusyny täzeläp, olara dilewarlygy, adamkärçiligi ugurtapyjylygy, adamlar bilen gatnaşmagyň özboluşly ýollaryny öwredip biljek, adamzat durmuşynyň bezegi bolan ýagşy-gylyk häsiýetleri ündäp biljek. Ýygyndynyň jemlemesinde düzüjiler şeýle ýazypdyrlar. „Halk köpçüliginiň arasynda bulardan ýygnalman galan anekdotlar kändir. Japbaklaryň bu kiçijik anekdotlar ýygyndysy çap edilip ýaýradylandan soň, halkyň arasynda şolaryň ýygnalmagyna höwes has köpeler we şeýlelik bilen olaryň heniz ýygnalman galanlaryny hem ýygnamaga doly mümkinçilik bolar .
827-nji çeşmede K.Osmanowyň toplan monjukatdylary, läleleri käbir goşgy bentleri saklanylýar. 692-nji çeşmede bolsa K.Osmanowyň çagalar üçin neşire taýýarlan ertekileri bar. 104 sahypadan ybarat ýygyndy „Türkmenistan“ neşirýatynda 1939-njy ýylda neşir edilipdir. Oňa aşakdaky ertekiler girýär:
„Akmak molla“, „Bir molla“, „Garga bilen tilki“, „Tilki garga we syçan“, „Üç ogry bilen bir daýhan“, „On ýalan“, „Guýruksyz tilki“, „Gotur tilki“, „Şärikli ekin“, „Aldar Köse“, „Tilkiden gorkan şagal“, „Bir keriň syrkaw soraýşy“, „Gurt bilen tilki“, „Boýy bir garyş, sakaly iki garyş“, „Teňňe gömenler“, „Üç çopan“, „Ýetim gyz“, „Arzan söwda“, „Eýesinden öýkelän geçi we goýun“, „Keýikler“, „Göze görünmeýän mal“, „Jikjiki“, „Tilkiniň awy“, „Bir möjek“, „Ak eşek“, „Çarygyň ýag alyşy“, „Altyn aşyk“, „Mämet kömek“, „Lökgijik“, „Bagt bilen akyl“, „Üç dost“, „Kör garga“, „Toty guş“, „Gorkajyk batyr“, „Dälije we sagja“, „Ýalta“, „Çopanyň ogly“, „Palçy işan“, „Hajymelik“, „Tylla keýik“, „Maral we Jeren“. Awtor bu ertekileri şol institutyň golýazmalar hazynasyndan toplapdyr.
K.Osmanowyň ýygynda girizen ertekileri gysgajykdan, tüýs çagalar okar ýaly ýeňil, düşnükli, gyzykly. Meselem, „Arzan söwda“ atly ertekide çagalary pikirlenmegi, ugur tapmagy öwredýän bir gysgajyk waka bar. Onda gyran ýarym pula bir sada çopandan ilki guzy, ony yzyna eltip berip, „guzam seňki, gyran ýarym pulumam seňki“ diýip ýaş oglan çopandan işjek alyp soň onam maň goýuna çalyşýar. Sada çopan guzynyň öň özüniňkidigini aňam edenok. Elbetde, bu ýerde çopanyň jyda sadalygy, sahylygy açylyp görkezilýär. Ýogsam çopanyň oglana aldanmagy, ýagny onuň sadalygyndan peýdalanyp, guzynyň deregine maň goýnuň alynmagy ertekiniň peýdasyna däl. Ýöne bu ýerde çagalara pikirlenmek öwredilýär. Gysgajykdan gyzykly „Keýikler“ atly ertekide çagalara agzybir bolmaklyk pent edilýär. Gepiň gysgasy ýygynda ideýa taýdan sagdyn, öwredijilik häsiýeti güýçli ertekiler saýlanylyp alnypdyr. Bir tarapdan ertekileriň neşir edilen döwründe çagalara hödürlemäge kitaplaryň entek ýetmezçilik edýän wagtynda beýle ýygyndylar derwaýysdy, olaryň juda möhüm ähmiýeti bardy.
„Şärikli ekinde“ hilegär tilkiniň öz üstünden gülünýär. Göle, geçi we sakyrtga ekin ekmekçi bolanda bir tilki gelip dawa tutýar. Olaryň ekjek bolýan ýerleri tilkiniň atasyndan oňa miras galan ýermiş, şärikli ekmeli. Ýogsa-da ol ýerden goşuňy saýlamaly, nälaç razy bolunýar. Şol gidişine, tilki hasyl ýygnananda gelip dawa tutýar we olaryň öňünde şert goýýar. Ýaryşmaly, ýaryşda harmana ylgap kim öňürti barsa hasyl şonuňky bolmaly. Bu ýerde halk hem agzybir zähmeti ündäp, hakykatyň ýeňmegi, hilegär tilkini paş etmek üçin sakyrtga ýaly erteki gahrymany gelşirip, oýlap tapypdyr.
Ýaryşdasakyrtga tilkiniň guýrugyna ýapyşyp gidip ol gyzyl jäjiň üstünde oturjak bolanda „Wäk“ meni öldürdiň“ diýip gygyrýar. Şeýlelik bilen, harman sakyrtga galýar. Tilki utulyp, sakyrtga harmany ýalňyz özi alman, bileje gazanç eden jandarlar bilen paýlaşýar. Bu ýerde çagalara agzybirlik hem ündelýär. „Patyşa we aýaly“ atly ertekide türgenleşip her bir işde üstünlik gazanyp boljakdygy ündelse, „Teňňe gömenlerde“ iki dostuň biriniň kezzaplygy, haýynlygy paş edilýär. Bir akyldaryň kömegi bilen bileleşip bäş ýüz teňňäni bir ýere gömüp, zerur wagty almagy wadalaşyp aýrylyşan „dostlaryň“ biri, ol teňňäni ogurlaýar. Beýleki onuň alanyny bilýär. Bu wakany aýdyp bir gojadan maslahat soraýar. Goja oňa dostunyň özüne görä hereket etmegi maslahat berýär. Ýagny, oňa şol teňňeleriň üstüne ýene bäş ýüz teňňe gömekçidigini aýtdyrýar. Ogry muňa ynanyp, teňňelerini bada alan ýerinde gömüp gaýdýar. Beýleki soň ol teňňeleri tapyp diňe öz hakyny alyp, galanyny ýene öňküsi ýaly gömüp goýýar. Ogry aldanany bilip ahmyr edýär. Adam bilen adamyň arasy ýer bilen gök ýaly. Iki dostdan çagalar ägä bolmagy öwrenýär. Aşakdaky çagalara pikirlenmegi öwredýän „On ýalan“ atly hekaýat öz boluşly, oň „Kyrk ýalan“ ýaly nusga bardy. Olar çagalaryň oýlanmak ukybyny artdyrýar. Ýygyndynyň “Sözbaşysynda” nakyllaryň türkmen edebiýatyny, şahyrlaryň folklory baýlaşdyrmakdaky hyzmaty hakynda, olaryň durmuşda ulanylyşy, terbiýeleýjilik hyzmaty hakynda pikir ýöredilipdir. Ýygyndy golýazmalar hazynasynda 814-nji bukjada saklanylýar. Ýygyndynyň soňunda institutyň direktory B.A.Garryýewiň toplanan nakyllara degişli düşündirişi bar.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly