21:45 Kitap - mähriban dost | |
KITAP - MÄHRIBAN DOST
Sözler
- Ylmy kitaplardan iň täzelerini, çeper kitaplardan bolsa has könelerini okaň! Nusgawy edebiýat hiç haçan könelýän däldir. Eduard Bulwer-Litton, iňlis ýazyjysy. * * * Pikirlenmän okadygyňyzça, köp bilýändirin öýdýänsiňiz, pikirlenip okadygyňyzça bolsa, şonça-da az bilýän ýalysyňyz. Fransua Wolter, fransuz filosofy. * * * - Okap düşünmezlik düýbünden okamazlyk bilen barabardyr. Ýan Komenskiý, çeh pedagogy. * * * - Kitap muzd soramaýan mugallymdyr. Ol her pursatda saňa akyl-paýhas peşgeş berýär. Alyşir Nowaýy, özbek şahyry we akyldary. * * * Kitap iň wepaly dostdur. Iň kyn pursatlarda-da onuň goldawyna bil baglamak bolar. Kitap hiç haçan biwepalyk etmez. Alfons Dode, fransuz ýazyjysy. * * * Adamlar okamagy bes edenlerinde, pikir etmegi hem bes edýärler. Deni Didro, fransuz filosofy. * * * Oňat kitaply bolmak, iň uly baýramçylykdyr. Maksim Gorkiý, rus ýazyjysy. * * * Eline oňat kitap düşen adam hiç haçan ýalňyz däldir. Karlo Goldoni, italýan dramaturgy. * * * Dünýäde kitapdan mähriban dost bolmaz. Alyşir Nowaýy, özbek şahyry we akyldary. * * * Her kitaby okamagy başarmak gerek. Blez Paskal, fransuz alymy we ýazyjysy. * * * Pikirlenmän okamak – iýýäniňi çeýnemän ýuwudup oturan ýalydyr. Edmund Bork, iňlis syýasy işgäri. * * * Kitapsyz öý ýüreksiz göwre ýalydyr. Mark Siseron, gadymy grek akyldary. * * * Toplan: Gülşat KULYÝEWA, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |