16:48 Kölegeler / hekaýa | |
KÖLEGELER
Hekaýalar
Haçan-da asmanda gün şöhleleri öçende, ýerden alagaraňkylyk göterilýär. Iňrik – bü gijäň beýik goşunynyň müňlerçe göze görünmeýän leşgerleri bilen milliardlap esgeri. Bu kuwwatly ýygyn, zamanalaň başyndan bäri ýagtylyk bilen göreşýär, her irden yza tesýär, her agşam ýeňýär, gün ýaşandan tä dogýança-da hökmürowanlyk satýar, gündiz bolsa ýeňlip, buljum ýerlerde gizlenýär-de garaşýar. Ol dag jülgelerinde-de, şäher ýerzeminlerinde-de, garaňky kölleriň jümmüşinde-de garaşýar. Asyrlyk ýerasty gowaklarda, känlerde, garymlarda, jaýlaryň burçlarynda hemem diwarlaň oýmurynda bukulyp, garaşýar. Edil ýom-ýok bolan dek pytrap, ol hemme pynhan ýerleri doldurýar. Ol agaç gabygynyň her bir jaýrygynda, eşikleň epininde ýaşaýar, iň bir kindiwanja çäge külkejiginiň astynda-da ýatyr, inçejik kerebe-de aslyşýar – hem-de garaşýar. Ony bir ýerden ürküz, ol dessine başga ýere geçer, özem özüniň kowlan ýerine dolanmak üçin, eýelenmedik orunlary basyp almak üçin, özi bilen tutuş zemini doldurmak üçin her bir mümkinçilikden peýdalanar. Haçan-da gün ýaşanda, iňrigiň ýygynlary ýuwaşjadan we seresaplylyk bilen, jebis hatar gurap öz gaçybatalgalaryndan çykýar. Olar öýlerdäki dälizleri, girelge otaglaryny, ölügsi ýagtyldylan basgançaklary doldurýar; tekjeleň, oturgyçlaň astyndan otagyň ortasyna süýşýärler we tutulary gabawa alýarlar; ýerzeminleň gapagyndan hem-de penjirelerden syzylyp, olar köçä çykýarlar, gömük lam-jimlik bilen diwarlardyr üçeklere zabt edýärler, üçek erňekde gizlenibem, günbatarda al bulutlaryň solaryna sabyrly garaşýarlar. Ýene-de pursat – birdenem tümlügiň zeminden asmana çenli zymdyrylyjak mähnet partlamasy bolup geçer. Haýwanlar öz hinlerine sümler, adamlar öýlerine dagar; ýaşaýyş, edil suwsuz ösümlik deý, ýygrylar-da, doňup galar. Reňklerdir sudurlar eräp-akyp, hiç zada öwrüler, howsala, günä hem jenaýat dünýäň agalygyny basyp alar. Şeýle wagtda Warşawaň köçelerinde täsin adam sudury peýda bolýar, depesinde-de kiçijik otjagaz. Ol, edil tümlükden halas bolmaga çytraşýan dek, ýanýodalardan çaltlyk bilen ylgap geçýär-de, her çyrasütüniň ýanynda dem salymlyk togtap, şadyýan yşygy ýakýar, soňam kölege deýin sumat bolýar. Günbe-gün, tutuş bir ýyllabam şeýle. Meýdanlarda bahar gülleriň hoşboý ysy bilen dem alýarmy ýa-da iýun tupany möwjeýär, ýa-da köçelerde dergazaba münen güýz ýelleri tozan turuzýar ýa-da gyş howasynda gar tozgajyklary pyrlanýar – agşam düşdügi bu adam şäheriň ýanýodalaryndan öz otjagazy bilen gybyrdyklap, yşyk ýakýar-da, kölege deýin zym-zyýat bolýar. Sen nireden gelýäň, seniň ýüzüňi biz görmez derejede, sesiňi eşitmezimiz ýaly, sen nirede gizlenýäň? Seniň dolanyp geleriňe garaşýan aýalyň, ejeň barmy? Seniň ýançyraňy bir künjekde goýup, seni çagalaryň bir garşylarmy, dyzyňa atlanyp, boýnuňdan gujaklarmy olar?! Öz şatlygyňy-guşşaňy paýlaşýan byradarlaň, iň bolmanda gündelik hysyrdylar hakda ümmüldeşer ýaly tanyşlaň bir barmy? Asla, sende, seni tapyp boljak öý bir barmy? Adyň barmy, seni çagyrar ýaly? Senem edil biz dek adam edýän zerurlyklaň, duýgulaň? Ýa-da sen hakykatdanam tensiz, sedasyz, tutup bolmaýan jandar bolup, hut şoň üçinem diňe iňrikden soň emele gelýärsiň-de, yşyk ýakyp, soňam kölege deýin gürüm-jürüm bolýarsyňmy? Maňa bu adamyň hakykatdanam bardygyny aýtdylar, hatda onuň öý salgysynam berdiler. Men aýdylan jaýa ugradym we howly süpürijiden soradym: -Siziňkide köçedäki sütünçyralary ýakýan ýaşaýarmy? -Hawa, ýaşaýar. -Nirede? -Hanha, hol sümelgede. Sümelge temmelengi ekeni. Men penjireden garanymda diňe diwara ugurdaş ýatyş sekisini, onuň gapdalynda-da uzyn syrykda – ýançyrajygy gördüm. Çyraçyň özi ýokdy. -Iň bolmanda oň daş sypatynyň nähilidigini bir maňa gürrüň beriň-ä? -A ony kim bilýä!-diýip howly süpüriji egnini gysdy:-Meň özümem ony ine-gana synlamadym. Soňam ol üstüne goşdy: -Gündiz ol hiç haçan öýünde oturmaýar. Ýarym ýyldan soň men ýene-de geldim. -Ýeri, nähili, bu gün çyraçy öýündemi? -E-e,-diýip howly süpüriji süýkdürdi:-Ol ýok, bolmazam, Düýn ony jaýladylar. Öldi. Howly süpüriji oýa batdy. Men ondan käbir jikme-jikler barada soraşdyrdym-da, gonamçylyga gitdim. -Gabyrçy, maňa düýn nirede çyraçyny jaýlandyklaryny görkezsene? -Çyraçyny?-diýip ol gaýtalap sorady:-Kim bilýä! Düýn bärik otuz sany ýolagçy gelip gowuşdy. -Ýöne ony iň garamaýaklar üçin şahamçada jaýlapdyrlar ahyry. -Şoň ýalylardanam ýigrimi bäşisi döküldi. -Ýöne ol reňklenmedik tabytda ýatypdyr. -Oň ýalylardanam on altysyny getirdiler. Şeýlelikde, men onuň keşbini görmedim, onuň adyny bilmedim, hatda oň guburynam tapmadym. Ol ölenden soňam, ýaşandakysy ýaly bolup galdy: diňe iňrikden soň göze görünýän jandar, lal hem-de kölege deýin eke düşmezek. Ömrüň iňriginde, ynsan tohumynyň öňüni sermeläp enteýän möwritinde, birewleriň bökdençlikleri süsýän, beýlekileriň bolsa girdaba gaçýan, hiç kesiňem dogry ýoly bilmeýän ýerinde, köre-kör, galp ynançlaryna bendi ynsany külpetleň, mätäçligiň hem ýigrenjiň garawullaýan mekanynda – ömrüň garaňky çarkandagyndan şol öňküsi ýaly çyraçylar erew-de-berew bolşup ýörler. Olaryň her biri depesinde kindiwanja otjagazy göterip gelýär, her haýsam öz ýolunda yşyk ýakýar, bildirmän ýaşaýar, hiç kes tarapyndan gadyrsyz zähmet çekýär, soňra bolsa, ýitirim bolýar, kölege mysaly... © Boleslaw Prus | |
|
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||