13:01 Komplimasiýaçy wirus | |
KOMPLIMASIÝAÇY WIRUS
Publisistika
Agzymyzy açyp "Rokfeller" diýen badymyza, sözümizi gutarmanka gäbazan hor ansambly ýerli-ýerden zenzele turuzýar: "Komplimasiýa bu!" Agzyñyzy açyp “Bill Geýts” diýen badyñyza, ýene şol bir garşylygy berýärler: "Komplimasiýa bu!" Hamala, olar "ylmyñ" tarapdarymyşyn, olaryñ ylym diýýäni Bütindünýä Saglyk guramasynyñ totyguşlugyny etmek! Bu gurama näme diýse, şoña güpbe ynanmak... "Aý-how, siziñ bu saglyk guramasy diýýäniñiz Rokfellerdir Geýts ýalylaryñ pulunyñ hasabyna işleýär" diýýärsiñem welin, ýene şobir jogaby berýärler: "Komplimasiýa bu!" Gadyrdan, alyñ, okap görüñ ahwetin: bu guramanyñ pyrylldaklary barada ýazylan müñläp kitap bar. Şol sanda: Eger komplimasiýaçy düşünjeleri ýalana çykarasyñyz gelýän bolsa, onda sizem oña garşy argumentleri orta goýmaly bolýarsyñyz, bir zat diýilse köre-körlük bilen "komplimasiýa bu!" diýip gygyryp oturmak kanagatlanarly netije berenok. Ony diýseñ, çekişmä girmäge-de bogunlary ysanok! Olaryñ görnüp duran başga niýetleri bar: Her aýry düşünjäni dillenenleri jemgyýete betpygyl patologik waka ýaly görkezmäge ant içipdirler! Biraz pessaýdan uçaýyñ how, gowşañ azajyk: Komplimasiýa latyn dilindäki “conspirare” sözünden dörän söz, ol - "bilelikde dem almak" diýen manyny berýär! Serediñ... Mazmunynda akyl-paýhas we gyzykly maglumatlar bar bolan komplimasiýa teoriýalaryny okamagy halaýaryn, emma çynym bilen ynanyp duramok: masonlar, ybadathana rysarlary, illýuminaty, sion protokollary we ş.m. hakynda ýazylan ritoriki hekaýatlara ýylgyrýan-da geçip gidiberýärin. Meselem, nemes faşistleriniñ ýasan gapbarçanagy (NLO) bilen Gitleriñ polýuslara gaçyp gidendigi baradaky fantaziýalara gülesiñiz gelmezmaý? Teoriýa otarmak her öñýeteniñ oñarjak işi däl... ■ Zenzeleçi topar Soñky ýyllarda… Her täze maglumaty, her çekişmäni "komplimasiýa teoriýasy" diýip, gürp-tarp basyp ýatyraýjak bolýanlaryñ bolşundan iñkise gidip başladym. Baýbuww! Düýnki güne çenli FETÖ hakynda ýazylan hakykatlara-da "komplimasiýa" diýilenokmydy näme? (Mysal üçin... Biz "FETÖ-nyñ nökerleri agdarylyşyk geçirmäge taýýarlanýar" diýenimizde, Dogu Perinjege çenli biziñ garşymyza aýtmadyk-ýazmadyk zady galmady. Hiç üýtgeýän zat ýok: türmä girende ony aklandygy üçin tussag astyna alynan OdaTv-ni bu gün ol Gökçegiñ ýaýlymynda garalap bilşine garalaýar. Utanç...) Ýeri, bolýa-la... Hawa, soñky döwürde global resmi düşünjeden başgaça pikir ýöredýänleri "komplimasiýaçy" diýip, abraýdan düşürmek isleýän populist jemendeler bar. Kim bu galmagalçy jemende? Serediñ: “Oýlanyñ”, biz eksport edýän ýurt däl, "importçy" ýurt! Şek-şübhesiz kesgitlilik bilen terjimeler tasa getirilýär: global medýanyñ ýazýanlaryny gaýtalaýarlar. Şübhelenmek diýilýän zady bütinleý unutdyk öýdýän. Orta çykyp ýeke sorag berip bilýän ýok. Adamlarymyz "emeli añly" robota öwrüldi: aýdylany gaýtala! Mugallym galmady indi: intellektual adamy ýok etdiler. Adamyñ pikirlenme ukyby göýdükleşdirilsi: daşky görnüşe-badyhowalyga ýeñildik. Ekranlarda görýänlerimiziñ, metbugatda arşa çykarylýanlaryñ ýeke-täk ylmy çeşmesi bar - olam diñe "okuw kitaplary!" Taryhdan mälim bolşy ýaly, ylmyñ ösüşine hemişe uniwersitetler öñaýak bolupdy! (Häzir şu ýazanlaryma çydap bilmän elektron salgyma her hili agza alynmaz hapa-paýyş sözleri ýazyp ugratjak mugallymlarymyz bar ahyryn biziñ! Ehh, gadyrdan, entek biziñ aşmaly nijeme çarkandakly menzillerimiz bar... Netijede: Her tapawutly düşünjä "komplimasiýa" diýýänleriñ pikir dünýäsine goşýan dynnym ýalyja peýdasy ýok. Olar muny diñe "Ak düýäni gördüñmi? Göremok!" edip, diñe özleriniñ howpsuz durmuşy üçin biragyzdan şeý diýýärler. Beýleki ýol kyn, agyr, sebäbi: Intellektual adam bolmak hupbatly, kän-kän ýerde biliñi agyrtmaly iş... Intellektual adam diýmek - ýalñyzlyk diýmek, her hili sögünçlere, myjabatlara, ýalan-ýaşryk töhmetlere uçramak diýmek. Emma... Hakyky intellektual adam bularyñ garşysyna döşüni gerip çykyp bilýän adamdyr. Biz mundan beýlägem öz düşünjämizde dürli penjirelerden seretmäge dowam ederis: günde-günaşa käkelenip, añymyza guýulmaga çalşylýan zatlary saldarlap göreris, "komplimasiýaçy wiruslaryñ" duzagyna düşmejek bolarys... ■ Haýsy wirus? Gürrüñimiziñ döwli ýerine-de ýetip geldik: Koronawirusyñ çeşmesi näme? Şeýle ýazypdym: - Koronawirusa 5G sebäp boldumy? - Ýa-da koronawirus Hytaýyñ 5G tehnologiýasynyñ öñüne taýak oklamak üçin tapylan zatmy? Men diñe sowal berdim. Gynansak-da, ýañsylamagyñ obýektine öwrülen "ylmy žurnalist" kimin derman öndüriji baronlaryñ goltugynda galam ýöredýänlerden hemişe bolşy ýaly "komplimasiýaçy" şarpygyny iýdim! Şol makalamyñ ýazylanyna üstünden üç hepde geçdi welin, Hytaýyñ daşary işler ministrliginiñ wekili Çžao Liszýan "epidemiýany Uhana amerikan esgerleriniñ getirendigini" mälim etdi! Al, saña gerek bolsa! Ol meniñ makalamda aýdylanlary gaýtalady oturyberdi: ýagny, Uhanda 2019-njy ýylyñ 18-27-nji oktýabrynda geçirilen Bütindünýä söweşjeñ oýunlarynyñ 7-nji Olimpiadasyna gatnaşan amerikan esgerlerine yşarat etdi. Onuñ bu sözleri näderejede hakykata gabat gelýär. Ony bilemok. Bu ara alnyp jedelleşmäge degişli tema. Emma inkär edip bolmajak bir hakykat bar: Hytaý döwleti añsat-añsat bular ýaly zatlary doly anygyna ýetmän aýan etmeýär: olar özlerini hemişe sowukganly alyp barýarlar. Liszýanyñ sözlerini berkidip ýa-da ýalana çykaryp biljek onlarça makala ýazsa bolar. Çekişmek, jedelleşmek lazym. Emma. Şu ikiarada men siziñ dykgatyñyza jedelleşere täze soraglary hödürläýin: - Hytaýdaky wirus bilen Günbatardaky wirus birmi? - Hytaý bilen ABŞ-nyñ arasynda wirus urşy bolup geçýärmi? - Tramp näme üçin "hytaý wirusy" diýen sözi köp gaýtalaýar? - Hytaý halkara dolanşykda 44% pese düşen paýlaryny nädip añsatlyk bilen toplap bildi? Her tapawutly pikire oturan ýeriñden galman gözüñi ýumup "komplimasiýa" diýmekden añsat zat ýok. Işiñ kyny - ýadaman-ýaltanman soraglaryñ ýumagyny çöşlemek, köp okamak, köp agtarmak... Soner ÝALÇYN. 26.03.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||