00:22 Köne mülk -2: romanyň dowamy | |
3. Şol günüň ertesi Mergeniň dünýesi düzeldi. Ol gijesi bilen ýatman hajathana, duş ýasap, gazan çukurynyň üstünde oturtdy. Soň işige golaý ýerde çaklaňja seki ýasady. Goş-golamlaryny sekiniň aşagyna ýerleşdirdi. Gijäniň bir wagty gidip, maşyn-traktor salynýan gražyň işiginde bir wagtdan bäri demigip ýatan hekden bir bedre alyp geldi. Soň gijesi bilen jaýynyň arça pürsleri saralyp giden agaçlaryny, gamyşlaryny sabynly suw bilen gaýta-gaýta ýuwdy. Daňdan bäşlerde ukudan oýanyp, agşam ezip goýan hekini düşegi sypyrylan jaýyň diwarlaryna gaýta-gaýta çaldy. Sähel salymdan koridorjagazam, içi uly jaýam Mergeniň gözüne mermer jaý ýaly bolup lowurdap göründi. Ol sekiniň üstüne özüni zordan atyp, iki sagatlap guzy ýaly uklady. – Ýegen, aý ýegen-ä. Ol daýzasynyň sesine oýandy. Gözlerini depesinde lowurdap duran günden penalap: – Salowmaleýkim, daýza – diýdi. – Goş-golamyň daşarda çaşyp ýatyr. Bu bir ýere göçjekmikä diýsem, bir zatlar gurulanam ýal-a. Bu sekiň nämä porsy çukuryň gapdalynda. Günüň aşagynda beýdip ýatma näme? Turaweri, ýegen jan, il-gün näme diýer, hany, tur... Mergen düýnki ýadawlygynyň el bilen aýrylan ýaly bolanlygyny duýdy. Ol ýerinden turup, içeri ýöneldi. – Hany, içerini gör, hany, daýza. Annabike daýza syrçaly jam ýaly tämiz, lowurdap duran otagy görüp begendi. – Wah, ýegen jan, şun-a oňarypsyň. Gazyňam, toguňam gutly bolsun. Bu jaýlar indi görmedigini görüpdir. Mergen oňa täze guran «binalarynam» görkezdi. – Ine, bu hajathana, daýza. Bu-da duş. Hol ýokarky gaby suwdan doldyrýaň. Onsoň, şu burmany towlasaň, üstüňden suw akýar. Onsoň aşagynda durup arkaýyn ýuwunybermeli. – Wah, şun-a oňarypsyň, ýegen jan. Tüweleme, dünýäniň harydynam alypsyň, onam oňarypsyň, nesip etsin. Mergen daýzasyna mürehet etdi. – Gel, daýza, täzeje sekiniň üstünde oturyp, bileje çaý içeli. Ertir turup, menem çaý-nahar edinemok. Annabike daýza boýun towlady. – Maňa otur, çaý iç diýme, ýegen. Men gideýin, Çalabek turandyr, Durnoý turandyr. Olara çaý-suw bereýin. Düşeklerini ýygnaýyn men. Garry gitjek ýalam etdi-de sägindi. – Ýegen jan eşitdiňmi, Abdylanyň sygyry ekiz guzlanmyş. Öten agşam Meläniň ol tentek oglynyň ýaşy dolanmyş. Çalabek bilen Durnoý menden üç manat alyp şoňa gitdiler. Bularyň doglan günem gutarmady, meýlis gurmasam gutarmady ýegen. Bu günem Beghanyň oglunyň gelin toýunyň ikinji günimiş. Ol «Men oglum öýlenende on günläp toý berjek» diýip söz edenmiş. Şoňa-da bir ýüz görkezmeli. Sen-ä baransyň-la, ýegen?! Annabike daýza içiniň gepini boşadyp gitdi. Mergen gaz peçde çaý goýdy-da ýene daşary çykdy. Annabike daýza ýene gaýdyp geldi. – Ýegen jan, saňa aýdaýyn diýen zadymy aýtman gidibersem näme. – Ol töweregine birlaý göz aýlady. Gepiniň diňlenilmeýänine göz ýetirensoň, gepläp başlady. – Agşam, ol ýer çekenler bäş gram içip, seniň gürrüňiňi edipmiş-ä: «Bul ýetim göle gaty gidýe. Her iş etmeli, biz ony alkaş etmeli. Goý, bize meňzeş bolsun. Ýogasam, ýer gemrip ýörşüne, bizi masgara edýär. Ol-a işleýemiş, bizem işlemeýekmiş» diýip kasam edenmişler, Maňa Durnoý aýtdy. Görýeňmi bularyň pygylyny, ýegen jan, bulary golaýyňa getirer ýaly däl. Men şony saňa aýdaýyn diýip gelipdim... Garry gidiberjek bolanda ony Mergen saklady. – Daýza, meniň senden sorajak zatlarym bardy. Görýäň-ä, ejem pahyr-a ýok. Indi senden soramasam, onda kimden soraýyn. Bu söz garra täsir etdi. Ol sekiniň bir gyrasynda aýagyny sallap oturdy. – Şu çukuryň porsusy ýaman, ýegen. Bu erbet ys edil bara, demligiňi kertip barýar. – Ol orta saçak ýazyp demli çäýnekleri saçagyň üstünde goýuşdyryp ýören Mergeniň ýüzüne dikanlady. – Bar içjegiň çaý bolsa, ýöri, biziňk-ä gidäýýeli-le, ýegen. Mergen razy bolmady. Saçagyň üstüne baryndan goýuşdyrdy. – Daýza, men öýe gerek zatlary alyşdyrdym. Indi ile zar bolman ýaşasam boljak. – Hawa. – Indi, daýza, sen aýt, bu obada kimde gatyk-süýt bar, kimde sogan, kartoşka bar. Maňa nahar-şor üçin pomidor, sogan, kartoşka, gerek. Tomsuň güni çaljagaz bolsa gowy boljak-da. Men obada ýaşap şol zatlar üçin raýon merkezine gidip bilmen-ä. Utanç bolar-a. Annabike daýza oturan ýerinden ellerini ýaýyp yrandy. – Sorama, sorama, ýegen jan, o diýýän zatlaryň derman diýseňem tapylmaz diýip men saňa baýak aýtmadymmy. Mergen geň galdy. – Näme üçin bolmasyn, daýza. Garry Mergeniň uzadan käsesini eline aldy. – Bu oba soganam, sarymsagam, burçam düşýän däldir. Onuň ýaly zady bularyň birem ekmez. – Näme üçin ahyry? – Näme üçini şol. «Burç, sogan ekenimde torsuk ýaly oglum öldi» diýer welin, yzyny soramarsyň. Başga biri «Sarymsak ekenimde aý ýaly gyzym syçrady» diýer. Ýene biri pamidor ekenimde sagyp oturan sygrym tarpa-taýyn öldi ýatyberdi. Halallamaga-da ýetişmedik «diýer. Şeýdip olar seniň diýýän zatlaryňy jenaýatçy eder goýar welin, sypmaga ýer tapmarsyň. Özler-ä bir ekmez, ekene-de gün bermezler. Mergen ýylgyrdy. – Gülme, ýegen – diýip garry ýüzüni turşartdy. – Meniň çynym. – Onda nahara näme atýarlar? Garry käsesini saçagyň üstünde goýdy-da kolbasa bölegini agzyna saldy. – Wah, ýegen ekmek bir başga, iýmek bir başga. Mergen ýene ýylgyrdy. – Onda näme üçin bag-bakja ekenoklar. Ýa olam günämi? Görýäň-ä öýleriň barysynyň işigi takyrap ýatyr. Garrynyň agzy gyzdy. Ol ep-eslije çörek döwüp alyp, sary ýaga batyryp agzyna saldy. – Bag-a, özümem halamok, ýegen jan. Bag arwah-jynyň öýi bolýandyr. Ähli hapysalyk bagdan gelýändir. Bu ýalançy dünýäde alaň-açyk bolup ýaşamagyňam öz höziri bardyr. – Daýza, bag bolmasa, ir-iýmiş bolmaz-a. Garry ýene elendi. – Seniň o bagyň bäş gün güllän bolar. On gün nowçalan bolar. Ýene alty gün miwe getiren bolar. Galan arly ýyl bolsa tozan ýygnap pisini aşyryp durandyr. Mergen janlandy. – Gül bolsa, miwe bolsa, salkyn saýa bolsa, heý, oňa ýetesem zat bolarmy, daýza! Garry elindäki käsäni boşatdy-da, ony saçagyň üstünde goýup, ýeňiljek omyn etdi. – Ýegen jan, sen miwäniň gürrüňini edýäň, bu obanyň upbat bolan çagalary seniň iriňi goýjakmy, iýmişiňi. Olar seniň bagyň heniz gül düýbi wagty soňuna çykmajaklarmy. Olar çaga däl-de, duranja bir äjit-mäjid-ä. Onsoň sen bag ekip, bakja edip, ahyrynda-da şirinje janyňy ýakjak bolandan, gowusy ile meňzeş bolda geziber diý. Şondan gowusy ýokdyr, ýegen... Mergen güldi. – Sen-ä daýza, haýsy tarapyndan barsaň ot bilen ýalyn etdiň goýaýdyň. Seniň munyň «Iş hoş ýakmadyga ýumuş buýrsaň, eneň, ataň bermedik öwüdini berer» diýenleri bolup barýar. – Mergen gapdalda ep-esli ýeri tutup, çydap bolmaz derejede porsap ýatan çukura elini uzatdy. – Men-ä şu çukura elli-altmyş maşyn mes, arasa toprak guýduryp, bag-bakja, sarymsak, sogan ekäýjekdim welin, sen-ä ekiniň golaýyna barar ýaly etmediň. Garry öjügip gepledi. – Ýo-ýo-ýo-ge-ý! Ýog-eý, ýegen goýaweri. – Ol sekiden düşdi-de, gözlerini elek-çelek edip, töweregine garanjaklady. – Ýegen jan, sen bu desgalary etmeli däldiň. Mergen ýylgyryp durşuna: – Hä, nämüçin? – diýip, garra aňkaryldy. – Häsi şol – diýip, garry pyşyrdap gepläp başlady. – Bu çukuram, bu köne jaýam jynyň, arwahyň öýüdir, ýegen. Munda ýeke sagadam ýaşamak bolmaz. Gaç mundan, çukuram gurap galsyn, köne harabasam. Men öz garaja gözlerim bilen telim gata görendirin, bu boş jaýda gyzyl oduň parlap ýanyp, onuň töwereginde al-arwah, jynlaryň böküşip, tans edip duranlaryny. Sen hälem bolsa, bir çeni, taşla bu harabany. Meniň diýenimi etseň-ä, jaýam diýme, çukuram. Garry aýtjagyny aýdyp. Düwdenekläp öýüne bakan düňderilip gitdi. Ep-esli ýere baransoňan, şol bady bile Mergene bakan gaýtdy. – Kellesi guran-a men. Kellesi guramyş. Saňa aýdaýyn diýenimi aýtman, niräniň gepini aýdandyryn. – Ol sekä golaý geldi. – Beghanyň dükanynda et bar. Bir tutuş goýun on iki manat. Şonuň birjigini al, men saňa gowurma edip bereýin. Saňa hurş bolar. Daýzasynyň bu habary Mergene ýarady. Ol jübüsinden diýen puluny alyp, daýzasyna berdi. – Daýza jan özüň satynam al, gowurybam ber. Meniň işim kän. Men seniň gadryňy bilerin... Garry kyn görse-de puly aldy-da, sesini çykarman öýüne gaýtdy. Mergen gün gyzyp başlansoň, düýnden galan işlerini edip başlady. Öýiň içini süpürip, ýuwup, ejesinden galan köneje düşekleri kakyşdyryp, düşedi. Ejesinden galan ýüzi keşdeli şkafy boşadyp, içeri saldy. Gap-gaçlary, çäýnek-käseleri, beýleki gap-gaçlary, goş-golamlary oňa tertiplije edip ýerleşdirdi. Düýn işige düşen tagtalardan ýük galdyrmaga seki ýasady. Soň edil ejesiniň edişi ýaly edip, ýük galdyrdy. Ýüküň aşagyna gerekmejek goşlary, kitaplary ördi. Işikden giren ýeriň çep böwründe çüý kakyp, eşikleri asar ýaly asgyç ýasady. Aýnalara tuty tutdy. Penjireden siňek, çybyn, çirkeý geçmez ýaly iki gat marly asdy. Indi içeri adam ýaşaýan öýe meňzedi. Mergen şondan soň ýapdan iki bedreläp suw daşap, duşuň suw gabyny doldurdy. – Dokuz bedre suw sygýan eken! Entek birneme gyzsyn. Şonda suwa düşerin. Ýogsa, halys porsadym-laý! Ol duşuň içine sabyn, ullakan plotensa getirip goýdy. Düýn Garajanyň getiren taňkalaryny suwdan dolduryp, hajathanada goýdy. Öten agşam sekiniň gapdalynda diken dik agajyndan el ýuwulýany asdy. Agajyň depesine sabyn goýaýar ýalyja tagta bölegini kakdy. Mergen birhilije ysgynynyň gaçýandygyny duýdy-da, sekiniň üstüne ýazylan köneje keçäniň üstüne geçip gyşardy. Şol ýerde-de dünýäni unudyp, uklap galdy. Mergen garaňky ýagşy düşende nähilidir bir goh-galmagala oýandy. – Aý, soňy turmuşlar, siziň soňuňyz tursun, heý, beýdäýmek bolarmy, bular hakyt başyna görüpdirler, men indi ne alaç edýin! Mergen gözlerini elek-çelek edip, garaňkynyň içini sermeledi. Işikde elektik togy çekilen sütünde çyra ýanyp dur. Pürsüň ýanynda Allaş iş enjamlaryny ýygnap dur. Onuň gapdalynda täzeje eşikli Garaja dur. Aňňyrrakda Annabike daýza jany ýangynlylyk bilen gargynýardy. – Ýok, bular adam däl. Bular haýwan-a. Haýwan bolanda-da beýtmek bolmaz-a. Saçak açyk bolsa, pişige-de uýat ýagşy diýipdirler. Bular it, pişikçe-de bolmadylar. Mergen hiç zada düşünmedi. Ol ýerinden turup, öten agşam guran duşuna girip, üstüne suw aldy. Ol ýylgyryp daş çykdy. – Hany, geliň, adamlar, arkaýyn oturyp çaý içeliň! Ol içeri girip suwdan doly çäýnegi ýanyp duran gaz pejiň üstünde goýdy-da, ýene daş çykdy. Ol sekiniň gapdalynda elini agzyna tutup duran garra ýüzlendi. – Daýza, näm boldy? Annabike daýza hop-hor, edil kirli ýeňlik ýaly eli bilen agzyny tutdy. Soň goltugynda saklap duran ep-esli pitisini sekiniň üstünde goýdy-da Mergene ümledi. – Ýegen jan, heý muňa bir seret ahyryn. Gel, seret şuňa. Mergen pitidäki gowurdagy görüp begendi. – Daýza, bu näme? – Şu piti dolujady, ýegen jan. Ol soňlary turmuşlar Çalabek bilen Durnoý ikisi diýmäýin diýsem, obanyň ähli ykmandalaryny ýygnap. Munuň daşyna geçseler näme. Men hol Beghanyň oglunyň toýuna baryp gelýänçäm bolýan iş şol. Ýogsa, men bir känem eglenmedim, ýegen... – Aýdýanyň dogry, ýöne, bu gowurma näme. Annabike daýza Garajanyň ýüzüne seretdi. Soň Mergene garady. – Weh, ýegen sen nähilli? Özüň maňa: «Daýza bir goýun al-da, maňa gowuryp ber» diýip on bäş manat berdiň ahyry. – Hawa, hawa. – Hawa bolsa, men şol puluňa gidip, Beghanyň dükanyndan bir majyrap duran goýun alyp gowurdym. Şu pitä salyp, sowasyn diýip goýdum. Allaş gelip, sekiniň gyrasynda oturdy. Ol: – Goýsan-aý, mamaş. Özüň iýip, indem Çalabek bilen Durnoýa ýapmaň näme – diýdi. Bu gepe Annabike daýzanyň tas ýüregi ýarylypdy. Ol gyra çekilip: – Şu bar-a, men şol etden dişime degiren bolsam, itiň etindenem haram bolsun, boldumy! Mergen çaý demläp ýörşüne: – Daýza, şol bar galany dälmi? Garry ejizledi. – Ýegen jan, bar goýanlary-da, men indi nädeýin. Saňa başga goýun alyp gowuryp bereýin diýsemem, ýekejje apbasymam ýok-da. Men-ä halys basyldym, şu soňy turan Çalabegindenem, Durnoýyndanam, obanyň beýleki ataňanäletlerindenem... Bu bir Çalabek bolmaga ýetmedig-ä. Mergen garryny köşeşdirdi. – Hany, goý, sen gynanma, daýza. Her kim nesibindäkini iýer. Bize şu galaman besdir. Garry täzeden gargynyp, ýanyp başlady. – Wah, wah, ýegen jan. Heý, beýle-de bir zat bolarmy ahyryn, aý, bolýa-da. Öňde birem, «Bolýadadan içde dertler galýa-da» diýenmişin. Meniňkem şol boldy. Orta çaý, çörek geldi. Allaş elini ýuwup, saçagyň başyna geçdi. Ol içgilidi. Şonuň üçin özüni batyrja alyp barýardy. – Eý, dide, beýle gysyk bolm-ow, Beghan ýaly. Ol-a «Baýyň güni, waý» Men seniň sütüniňe çyra çekip berdim. Koridoryňa tok çekdim. Iki sany tok açylýan goýdum, özümden. Hany, getird-ä indi, bar-a sende... Mergen Garaja-da mürehet etdi. Garaja serhoşdy. – Men seni Şanazaryň toýuna alyp gideýin diýip geldim. Men oturjak däl. Allaş agzyna gowurma dykyp oturyşyna: – Barma, barma, olaňky «Baýyň güni, waý». Olar içgi berenoklar. Aragyň puluny töle diýip utanman dileşip durlar. Ondanam bir toý bolarmy?! Beghan, syrnyh. Iki gün gapysynda guly ýaly bolup hyzmatyny etdim. Ýüz gram arak ber diýseň, bermed-ä. Barmaň, ol toý dälläý. – Ol Mergene ýalbardy. –Ölme, ýüz gram ber, ýüz gram... Mergen içeri girip, şeraply çüýşäni getirip, orta goýdy. – Ýüzje gram guýaýyn, onsoň ýygnaý. – Ol käsäni çakyrdan püre-pür doldurdy. – Ine, boldy, ýygnaý. – Ol käsäni başyna çekdi. Soň käsäni ýene doldurdy. Çyraň hemişe ýansyn, seniň saglygyňa. Annabike daýza Allaşa ýigrenç bilen seredip durşuna: – Ýaman porsy-la, ýegen, nädip oturyp bilýäň – diýdi. Mergen ýerinden çalynyp turdy-da, içeri girip, kerosinli gaby alyp çykdy. – Häzir, daýza, häzir şu porsyny edişime bir seret. Ol birki gün bäri suwdan kesilip, gijesi-gündizi ýandyryp barýan jöwzaly yssa ýagşy çalygan çukura kerosin serpdi. Soň ýerde ýatan bir bölejik kagyza ot degirdi-de, ony çukuryň içine oklap goýberdi. Ot kem-kemden tutaşyp, tutuş çukur ot-ýalyn bolup, lowlap ýanmaga başlady. Mergen sekä geçip, käsesine ep-esli gant atyp, üstüne çaý guýdy. Soň gowurma, çörek bilen howlukman agşamlyk edinip oturyşyna: – Hanam bir ýene porsasyn-la! – diýdi. Garaja turmakçy boldy. Mergen ony saklady. – Garaja, meniň diýenimi etseň, häzir maşyn münme. – Me, şuny al-da, ertir maňa puluň düşdügine sogan, pomidor, kortoşka getirip ber. Häzirem maşynyňy gapyda goý-da git. Nahar etmäge ýeke damja tomadam, sogan, kartoşka-da ýok. Men bir nahar şor edip garnymy doýuraýmasam, halys ysgynym ýok. Barybir ertir sen işe gidersiň-ä. Meniň üçin, gaýrat edip bazara sowul. Garaja özüne uzadylan puly almady. – Dide, pul diýme. Ertir hökman getirerin. Gapyda bar-a... Allaş elini uzatdy. – Oňa gerek bolmasa, al bäri. Men getirip bereýin. Mergen puly Allaşa berdi. Olar gitdiler. Annabike daýza oduň lowlap ýanyşyna geňler galyp gürledi. – Ýegen jan, oduň ýanyşyna bir seret! Ahmal bolmaweri. Hudaý saklasyn... Obaňy, öýüňi, iliňi oda berewoma. – Daýza, sen arkaýyn bolaý. Men ot ýagşy öçýänçä ýatman. Sen arkaýyn gaýdyber. Garry bir zat aýtjak bolýan ýaly, sägine, sägine öýüne bakan gitdi. Mergen saçagy ýygnap durşuna, hälki çakyrly çüýşäni ýom-ýok bolanyna haýranlar galdy. Ol şu iki arada, çäýnek-käsäni içeri eltip gelýänçä kimiň sekiniň üstündäki çüýşäni alyp gidip biljegine aklyna-da getirip bilmedi. Zadyňa bek bolmaly. «Malyňa bek bol, goňşyňa ogurlyk ýapma» diýen bir pähim bolmaly, onda-da, oba ýerinde. Ol daýzasynyň getiren gowurmasyny içeri salyp, ejesinden galan köneje şkafyň üstünde goýup durka, elektrik çyrasynyň ýagtysyna içeri bir gara akymyň gelýändigini gördi. Ol siňe seretse, gapydaky äpet çukuryň içinde ýyllar boýy ösüp-örňäp ýatan möý, içýan, saçakçy, garynja ýaly mör-möjekleriň ot-ýalyndan gaçyp çukuryň daşyna akýandygyna düşündi. Ol ylgap baryp, «sygyrguýruk» sübsesini koridordan başlap, işik bilen birlikde sübseläp, yzyna, çukura gapgaryp başlady. Soň ylgap baryp, ýapdan iki bedre suw alyp gelip, işigi suwlady. Soň çukuryň gyralaryny, işigi gaýta-gaýta syryşdyrdy. Daňa golaý ot birneme köşeşip, tüsseläp başlady. Şondan soň Mergen mör-möjek içeri girmez ýaly, bosaga köne keçeleriň birini taşlap, özi sekiniň üstüne geçip, uzaboýuna süýndi. Oba şirin ukuda ýatyrdy. Niredendir bir ýerlerden aýdymyňmy, sazyňmy sesi gelýärdi. «Şanazaryň toýy heniz sowulmandyr öýdýän?» diýip, ol ýeňiljek oýlandy. Mergeniň garagözelek, owadan ýigide, Şanazara hemişe göwni ýetýärdi. Ol uniwersiteti juda gowy okady. Geçen bäşýyllykda onuň suraty bäşlikçileriň suratynyň arasyndan aýrylmady. Onuň özem owadandyr welin, surata gaty owadan düşýän eken. Ol Mergen bilen bir kursda okasa-da, Mergen oňa kän gabat gelmeýärdi. Ýöne birinji kursuň ikinji ýarymyndan tä okuwy gutarýançalar Şanazar tutuş kursuň baştutany boldy. Ony üçünji kursdan partiýa çlenligine kabul etdiler. Şondan soň, Şanazar uniwersitetiň partiýa buýrosynyň hatarynda boldy. Ol gurluşyk otrýadyna ýa-da garamaýak studentleriň gatnaşýan köpçülik ýa-da, guramaçylyk işlerine gatnaşmaýardy. Ol okan döwründe umumy ýaşaýyş jaýynda ýekeje günem ýaşamady. Ýöne ýolda, yzda görende welin gara gadyrdy. Iň soňky sapar duşanlarynda-da ol: «Ejeň pahyr ýogalypdyr, yzy ýarasyn». Habaryň barmy» diýipdi. – Soňam: – Sowhozdaky jaýyňyzam eliňizden alypdyrlar-a, ony bilýänsiň-le. – diýdi. Soň ondan nirä iberýänlerini sorady. Men-ä uniwersitetde mugallym bolup galmaly boljak. Ýigrenýän kärim mugallymçylyk, ýöne uniwersitet ýene mekdepden ganymat bolaýmasa. – diýipdi. «Ol Aşgabatda mugallymçylygy taşlap oba gaýdypdyr» diýip, Mergen oýlandy. Mergeniň Aşgabatly Maýa atly, keşbi, görki maýa ýaly owadan bir gyz bilen halaşýanyny Mergen bilýärdi. Ol gyzy Şanazaryň maşynynda telim sapar görüpdem. Kursdaş gyzlaryň gepine görä, Maýanyň kakasy haýsydyr bir ministrlikde ketderäkmiş. Mergen Şanazar ýaly owadan dogumly, gurply ýigidiň islän gyzyny özüne imrindirip, islän edarasynda işe ýerleşip biljegine ynanýardy. Öz ýanyndan şeýle obadaşynyň bardygyna buýsanýardy. «Nesip bolsa, ol bizden has bagtly bolar. Sähel ýyldan bir deräniň şiri bolup ýetişer. Meniň ýaly özüni zordan oňaryp ýörenlerden bolman, biziň obamyzyň adyny, abraýyny belende göteren ýigit bolar, enşalla!.. «Şol obadan, şol raýondan Şanazar bar» diýdirer. Ile-güne, biziň ýalylara arkadag bolar...» Öz oglanlygyndan bäri Mergeniň özünden eli sowapdy. Ol doga keselbentdi. Açylyp duran iriňli ýarasy, bildirip duran tutgaýy, gaýtalap duran garaguş keseli bolmasa-da ol elmydam halsyzdy. Juda ejizdi. Oglanyň çüpekligi diňe bir onuň fizologiýasynda däldi. Ruhy binýadyna-da täsir eden ýalydy. Mergen heniz kiçijikkä özüniň gaýratynyň beýleki oglanlara garanda gowşakdygyny duýupdy. Şonuň üçin ol ekabyr, garagol oglanlaryň oýnuna-da gatyşman ulalypdy. Il-gün Sona daýzanyň oglunyň baryny duýanam däldir. Ine, bir görseler sulba-sudur bolup duran, ep-esli ýigdekçe orta mekdebi tamamlady. Aşgabada gidip, ýokary okuw jaýlarynyň birine gaýybana okuwa girip geldi. Soň bagçylyk sowhozynda näme buýursalar ýerine ýetirip, işläp başlady. Birki ýyldanam obadan başyny-aýagyny alyp gitdi. Ol uniwersiteti ýokaram däl. Pesem däl, ortaça, asyl ortaçadanam azyrak ýokarak okady. Ol hernäme-de bolsa, talyp hakyna ýetişdi. Her aýda berilýän ýigrimi sekiz manat oňa uly goltgy boldy. Ol her ýyl studentleriň gurluşyk toparyna goşulyp, işlemäge gitdi. Bu işiň iki sany uly peýdasy bardy. Birinjisi, tomsuň iki aýynda saňa ep-eslije harç bolýardy. Ikinjiden, gidip gelen oglanlara minnetsiz ýatak jaý berilýärdi. Bu hem Mergen üçin az-küş goldaw däldi. Mergen ylmy-barlag edaralarynyň birinde üç günden bir gün agşamky garawulam bolup işläpdi. Ondanam üç talyp haky ýalyrak aýlyk alýardy. Ýöne ol nämüçindir, oba kän bir gitmedi. Obadakylar Mergeni ýatlaryndan çykaryberipdiler. Şonuň üçin onuň ejesi ýogalanda-da ony bada-bat çagyrmadylar. Ýöne Mergen eşiden badyna oba gitdi. Oňa çenli eýýäm birki aý geçibem gidipdi. Barsa, hakykatdanam, ejesem ýok, öýlerem, ojaklaram. Diňe Mergene: – Ejeň goş-golamy aşakky Garaganlydaky öýňüzde bolmaly – diýip, olaryň ýaşan jaýyna göçüp baran bir aýal aýtdy. Mergen ejesiniň ölümine aglajagam, onuň öýüni görjegem bolmady. Boýnuny sallap, göni Aşgabada gaýtdy. Aşgabada gelensoň, Mergen özüniň düşen ýagdaýy barada geljegi barada düýpli oýlandy. « – Indi näme işlemeli? Kimden goldaw soramaly? Işe nirä gitmeli? Geljekde kim bolmaly?» Ol bu sowallara jogap berip bilmese-de, bir meseläni gutarnykly çözdüm etdi. – Men oba gidip, tä ömrümiň ahyryna çenli mugallym bolaryn! Ol şondan soň sähel wagty bolsa Aşgabadyň mekdeplerine gatnap başlady. Tanyşrak mugallymlaryň sapagyna girip oturýardy. Ylaýta-da şäheriň 26-njy mekdebinde Jümmi mugallym bilen sulhy alyşyp gitdi. Jümmi mugallym Mergeniň gürrüňlerini diňläp, oňa düşündi. – Inim, sen bir mugallym boljak diýme. Ine, maňa bir seret. Kyrk ýylyň mugallymy. Emma baryp ýatan ülhit garyp. Agzymda ýeke dişim galmady. Diş saldyrmaga ýeke şaýy serişdäm ýok. Bu zamanyň okuwçysyny klasa salsaň, edil, bir süri malyň bar. Hiç haýsynyň okasy gelenok. Gara töňňä azap çeken ýal-a. Men bulara çeken azabymy hol ilerden iki gektar ýer alyp, şoňa bag ekip, şoňa çeken bolsam, bu wagta çenli tümüstan bagly, bakjaly bolardym. Ýöne näme diýse-de Jümmi mugallymy mugallymlar, tutuş mekdep biçak sylaýardy. Okuwçylar ony görenlerinde begenip salamlaşýardy. – Men okuwçyny wurmanam, wuruşmanam, wuranam halaman. Okuwçydan diňe talap etmeli. Öwret, talap et. Talap et, öwret. Okuwçydan talap etmeli zady ýumşaklyk bilen talap ediber. Adamlar nämeden çekinýe? Kanundan! Hawa, kanundan! Mugallymyň talaby Kanun ýaly dürs, arassa, mazmunly, berk bolmalydyr. Okuwçyny sandan çykarýan zat ýalan, ikiýüzlilik. Eddil, hamyňy soýjak bolsalaram, okuwçynyň bar ýerinde, mekdepde, klasda ikiýüzlülik etme. Hakyky mugallym bolup okuwçy okatmak kyndyr, gaty kyndyr. Sen mugallym boljak diýip, gül ömrüňi köýdürme. Gowus-a, sen söwda-satyga gitseň günüň ýeňil, güzeranyň şüweleňli bolardy. Namarda zar bolmazdyň-da. Mergen bu sözlerden meçew alýan ýalydy. Ol pedagogik ylymlaryň ylmy-barlag institutyna gatnap, dil we edebiýat bölüminiň müdiri Sapar Agaýewi diýen adamdan, pedagogika bölüminden Myrat Nobatow diýen alym adamlaryň, türkmen dilini okatmak boýunça Nazar Gara diýen alym adamlaryň ýanyna dynman gatnaýardy. Olaryň okatmagyň tejribeleri baradaky gürrüňlerini, maslahatlaryny, usuly işlerini, makalalaryny ýörite depdere ýazyp ýat tutdy. Orta mekdepleriň bäşinji, onunjy klaslary edebiýatdan we dilden okatmagyň meýilnamasyny göçürip, ony ürç edip ýat tutdy. Şol meýilnama girýän eserleriň ählisini gaýtalap-gaýtalap okap, täzeden öwrendi. Myrat Nobatowyň: «Her klasyň her sapagynda okuwça ýekeje, birje täzelik öwret. Baha gysganma. Gaçgynyň bir galyplylyk, öň lenç edilen gep-gürrüň bolsun» diýen sözlerini özüne pent etdi. Nazar Garaýew türkmen dili sapagyny geçeniňde, okuwçylara oba adamlarynyň dilini mysal almagy ündeýärdi. Myrat aga edebiýaty geçeniňde uly-uly alymlaryň edebiýat baradaky jedellerini mysal alsaň, ýatda galgyç bolar diýýärdi. Mergeniň maslahat sorap ýanyna barýan usulçy alymlarynyň bary: – Okuwça el degirmek jenaýat!» – diýip pent edipdi. Mergen tutuş bäşinji kursuny mekdep, okuwçy, okuwçy okatmagyň usullary baradaky meselä bagyşlady. Güni bilen diýen ýaly Jümmi mugallymyň ýanynda bolýardy. Käte okuwçylary özi okatdy, okuwçylara baha goýdy. Ol okadýan mahaly okuwçylaryň özüne gulak asýandygyna buýsanýardy. Şeýde-şeýde, mekdep, okuwçy onyň aňyna, ýüregine ornap gitdi. – Döwlet her temany geçmäge kyrk bäş minut bölüp berendir. Kyrk bäş minut diýmek, kyrk bäş manat diýmekdir. Sen hemişe şu mysaldan ugur alyber. Sapagy guramak, salamlaşmak üçin üç manat, geçen temaňy gaýtalap, sapagy bişirmek üçin, on iki manat, täze temany geçmek üçin on bäş manat, täze temany berkitmek üçin on manat, okuwçylary bahalandyrmak üçin iki manat, öýe ýumuş tabşyrmak üçin üç manat, bolar jemi kyrk bäş manat! Şu wagtyň içinde sen okuwça bilimem, terbiýe-de, täzeligem, beýik görelde-de berip ýetişmeli. Pedagog Amanly aga okuwça bilimi terbiýe bilen utgaşykly bermegi endik et diýýärdi. Jümmi mugallym: «Aý, olar ýala gulak asmazlar, öz usuljagazyň bolsun» diýýärdi. Onuň özi her sapar sapaga girende, okuwçylaryň ýagdaýyna görä bir zatjagaz aýdardy. Bäşinji, altynjy klaslara girende, ýüzüni gaty çynyrgadyp: «Aý, eden işim bar bolsun, ýaňy beýleki klasa girenimde, bolgusyzyň biri betçilik etdi, goý, diýsem halys goýmady. Baryp gulagyndan tutupdyryn. Gaharyma gulagyny goparaýypdyryn. Indem şonuň gulagyny jübimde göterip ýörün, Siz bir gaýrat edip, betçilik bir etmejek boluň. Ýogsa, halys elim öwrenişip barýar» diýýärdi. Sekizinji, dokuzynjy klaslaryň sapagyna girende: – Haý, ulalyp oňalmadyk. Dokuzynjy klasa baraýypdyr welin, özüni alyp barmany oňaranok. Şolar ýalynyň kakasy öz gyzyma gudaçylyga gels-ä, gara çynym, yzyna it salyp kowardym...» – diýerdi. Onunjy klasa girende: – Balalar, şu gün gaty ýadadym. Ýa indi şu işi goýmalymy, nämemi?! Onda-da sizi öz çagalamdan artyk görýän. Sizi bir sag-amanja gutartsam, onsoň, mekdep bilende, okuw bilenem hoşlaşjak. Siz gaty edep-erkamly. Men siz ýaly edepli, asylly, zehinli okuwçy gören däldirin. Wah, siziň bir okuwy gutaryp, ýokary okuw jaýyna girip okanyňyzy bir görsedim. Onsoň okuwçylar bu bedroýrak, garasöýmez mugallymy başlaryna täç edäýjek bolýardylar... Mergen Jümmi mugallymdan okuwçylar bilen gatnaşygy guramagyň gaty köp usulyny öwrendi. Jümmi mugallymyň özem Mergeni gowy gördi. Bir gün bolsa: – Bala, men seni öz öýüme ýazgy edeýin. Bir otagymy bereýin. Müdiriň ýanyna baryp, saňa mekdepden iş alyp bereýin. Gal, Aşgabatda! – diýip maslahadam saldy. Ýöne Mergen razy bolmady. – Men oba gitmeli, mugallym – diýdi. Mergen ýaly mekdep, mugallymçylyk, okuwçy diýip ýören student beýle bir känem däldi. Mergen mesliginden, ýa-da öwünmek üçin, hälki bir kiçi dilden mugallymçylyga gitjek diýip ýören däldi. Ol çagalykdan ýarawsyzdy. Onuň çep gapdaly bilen sag gapdalynyň hereketi deň däldi. Çep aýagyny doga süýräp alýardy. Daşyndanam hor, lagşan görünýärdi. Şonuň üçin bir görende, inçekeseli ýa şoňa meňzeş bir derdi bar bolmaly – diýdirýärdi. Ol şol ýagdaýynda mekdebe gitmese, başga bir işe ýarajak däldi. Onsoňam onuň ýüz-gözi edil Şanazaryňky ýaly özüne seredeni imrindirip duran däldi. Onuň üstesine, student döwrüniň tutuş dowamynda ýetde-gütdelik, doýa garyn iýmedik birahatlyk, geljek barada howsalaly oý-pikirler onuň ruhuny jylaw astynda saklandy. Geçen bäş ýylda onuň ýüzüne ýeke gyzam gülüp bakmandy. Ýöne, onuň özi boýun almasa-da, Mergen Oguljany halapdy. Oguljan, owadandan mähirli gyzdy. Ol gyz Mergen bilen bile bolmany, gürrüň etmäni gowy görerdi. Mergen ol gyz bilen kino-da, teatra-da, kitaphana-da kän sapar gitdi. Öz otagynda Oguljan bilen bileje çaý içen saparlaram bolupdy. Ýöne Mergeniň bu gowy görmesi studentlik dostlugyndan aňry geçmedi. Ýetim, hossarsyz, howandarsyz ýigide Oguljan ýaly elýetmez gyz näme üçin göwün bersin. Mergeniň şäher-ä däl, obada-da barara jaýynyň, hossarynyň ýokdugyny gyz bilýärdi. Iň bärkisi Oguljanyň özi: «Mergen men seni halaýan, durmuş guraly» diýäýende-de, oglanyň toý etmäge-de harjy, harajady ýokd-a. Aslynd-a, Oguljan ölse-de beýle sözleri aýtjak maşgala däldi. Mergen Oguljan bilen hat alyşyp, habarlaşyp gatnaşyp durmagy wadalaşyp oba gaýdypdy. Ine, ol oba-da geldi. Indi o diýen aňrybaş bolmasa-da, ýaşar ýaly jaýy bar. Işiginde mellegi boljak. Jaýyň arkasyndan ýene bir hatar diwar örse, iki otagy üç boljak. Ýene bir aýdan obadaky mekdepde işläp, içersini, üst-başyny düzetse, oňa çenli saglygy birneme gowulaşsa oý-pikiri durlansa, ine, onsoň Oguljana habar gatsa bolman durjak däl. Bu süýjüje oý-pikirler Mergeniň ýüregine melhem bolup döküldi. Ol süňňiýeňillik bilen ýerinden turdy. Çukuryň ody sönüp, her ýerräkden, her ýerräkden edil, duman ýaly bolup çal tüsse ýokary galýardy. Indi öňki hapa, porsy ys ýokdy. Aşakky öleňlikden ýarygijäniň salkyn, şypaly, näzijek şemaly tüssäniň arasy bilen gelip, ýüzüňe urýardy. Ullakan Aý edil işige gelip, göni Mergeniň ýüzüne bakyp, enaýyja ýylgyrjaklap durdy. Mergen bu görenlerini ýagşa ýordy. Bu giden çukurdaky hapa-porsy närseleri otlap, arwah-jynyň ketegini bozandygyny tutuş oba ýigrenji ys berip duran bu ýowuz ojagy weýran edeni üçin tutuş Ýeriň, Asmanyň özüne minnetdarlygy diýip düşündi. Oba geleniniň üçünji güni tutuş töweregi uly ýakymsyzlygyň bendiliginden halas edendigine onuň özem begendi. – Eýýäm, iki gün geçse-de, öý üçin eden işim ýok-la! Men her günde on sany düýpli iş etmeli ahyryn. On iş! Iki günde bar eden işim ona ýetenog-a! Işe başlamagyma ýigrimi sekiz günüm galdy. Iki güni biderejik geçirdim. Galan günlerimem şeýle boljak bolsa, onda meniň biderek adam boldugym. Bar başarýanym, öňden ýygyp, ýygşyranja pulumy ýele-yga sowuryp ýörmek boljak-da. Puly gazanmak kyn, sowurmak işiň aňsady. Ol çyrany ýakyp, içeri girdi. Orta köneje ýassyklaryň birini taşlady-da, ýüküň aşagyna sümülip, ýygnap goýan kitaplarynyň arasyndan köne, ýarysy ulanylan bloknotlarynyň birini soguryp aldy. Ruçkasyny gözläp tapdy. Soň, heniz hatdan çykyşmadyk elleri bilen bloknotyň ters, ýazgy ýok ýüzüniň birinji sahypasyny açyp, oňa: «Mergen Ataýweiň öýi dolandyryş işleriniň meýilnamasy – plany» – diýip uly-uly harplar bilen ýazdy-da, aşagyna iki çyzyk çyzdy. Soň oňa ýazyp başlady. 1. – Her gün irden, sagat dörtde turmaly. Ol sözlemiň soňuna ruçkasyny dürtüp, ep-esli oýlandy: – Gaty ir dälm-äý?! – Ýok-la, ir bolarmy. – Başararmykam? – Başararsyň. – Namartlama! – Onda tassyk. Ýöne jaňly sagat almaly bolar. Mergen sesini çykarmady. 2. Sagat ýedide ertirlik edinmeli. – Nähili, bolýarmy? – Gül ýaly! 3. Günota nahary sagat birde! – Bolubilýär. 4. Agşamlyk nahary sagat 6-da. – Ir däl gerek? – Ir däl. 5. Gije sagat 1-de ýatmaly. Eger ýagdaýy bolsa, gündizem bir sagat ýatmak bolar... Mergen iň wawwaly ýerine basdy. 6. Aýlyga çenli, indi ýekeje manat pulam sowmaly däl! «Sentýabra çenli, 1-nji sentýabra çenli ýekeje manadam sowmaly däl!» – diýip, daşyndan gygyryp aýtdy-da, soň ýazyp, aşagyny gazap bilen çyzdy – Sowmaly däl, düşnüklimi! 8. Hiç kim bilen gepleşip, syr berşip, syr alyşmaly däl. 9. Hiç kimiňkä barmaly däl. 10. Özümi hülli-hülli saklamaly däl. 11. Özümiň gowşaklygyma gulak asmaly däl. 12. Her minudymy, her sagadymy, her günümi eddil eşrepi ýaly saklap, juda peýdaly geçirmeli. Mergen bu ýazgysyny gaýta-gaýta okady. Käbir sözlemi ýüzugra düzetdi. Birdenem, laňňa ýerinden galdy. – Meniň jaňly sagadym bolmal-a. Ol köneje şkafyň gözünden edil, gyzyl tapan ýaly edip, jaňly sagady çykaryp, tow berip, ony sagat dörde düzdi. Soňam daş çykdy. Aý ep-esli aşak gitse-de, ýüzi Mergendedi. Mergen bu ýerlerde Aýyň şeýle ýakynlygyna begendi. – Eý, Aý dost jan, gel, bileje çaý içeli! – diýip, oňa habar gatdy. Özi bolsa sekiniň üstünde arkaýyn oturdy. Häzir howa juda mylaýymdy. Aşaky öleňden näzijek, derdiňe derman akym gelýärdi-de, tutuş dünýäňi gaplap alýardy. Mergen bu akyma haýran galdy. Bu şypaly akymyň dünýäsinde salkyn suwuň demi, näzik maýsanyň ter ysy, ýaşajyk gökje ýapraklaryň şiresi, mes, ýaňy tagta gelen topragyň mazasy, ir-iýmişleriň şirinligi, dürli guşlaryň ganatynyň şowurdysy bardy. Göwnüňe bolmasa, hol aşakda ýylgyryp duran Aý çernil gök asman, almaz ýaly, müň bir reňkde lowurdaşyp duran ýyldyzlar hem bir zatlary goşýan ýalydy. Mergen bu akymy duýup, ondan kükregini dolduraly bäri edil bir guş ýaly ýeňläp gitdi. Aşgabatda onuň halsyzlygy gün-günden, aý-aýdan, ýyl-ýyldan beterläp gidip otyrdy. Ol her sapar studentleriň gurluşyk toparyndan gaýdyp gelende, onuň diňe sudury gelýän ýalydy. Ol şol halsyzlygyndan, tä gyş çykýança, özüni ele alyp bilmän geçerdi. – Näm-ow, sen halys kakadylan balyk ýaly bolup, inçekesel dagy bolaýma – diýip, ýoldaşlary oňa duýgudaşlykmy, gatyrganmamy bildirýärdiler. Mergen Aşgabadyň inçekesel institutyna baryp, özüni barlatdy. Üýtgeşik zat tapmadylar. Institutyň professory Basarskiý diýen adamyň ýanyna gatnady. Oňa özüni doly barlatdy. Preofessor barlap-barlap: – Sen heniz ýaş oglan, basym açylarsyň! – diýdi. – Agzyňa ýaraýan, göwnüň isleýän zadyny iý! – diýdi. – Iň esasam, bedenterbiýe maşyklaryny köpräk et. Şadyýan bol. Sende üýtgeşik kesel ýok. Bu bolşuň ata-babaňdan gelýän, ýagny nesil yzarlaýan fizologik boluşdyr. Basym geçer gider. – diýdi. Mergen professoryň diýenini edip bilmedi. Onuň göwnüniň islän zadyny satyn alyp iýmäge bolbara harjy bolmady. Onuň üstesine-de, ýarawsyzlyk, işdäsizlik ony halys bürüp taşlady. Ýöne şol doktoryň: «Sende nesil yzarlaýan fizologik gowşaklyk bar. Şol gowşaklyk sende ýürek-damar, ruhy, nerw, psihiki bozulmalara alyp barypdyr. Ýöne özüňe ynam edip, mertebäňi belent saklap, wagtly-wagtyna oňat naharlanyp, bedenterbiýe maşyklaryny üznüksiz ýerine ýetirseň, aňry gitse, bir aýda etiňe-ganyňa-da gelersiň, bu keseldenem ýüzugra dynarsyň...» diýip professoryň gulagyna guýan sözlerini Mergen undanokdy. Ol bu sözler barada köp oýlanypdy. Ol özüňi aýamaly däldigine, wagtly-wagtyny gurplyja nahar iýmelidigine, agyr işläp, der dökmelidigine, eger şeýtmeseň, mertebeli adam bolup bolmajagyna düşündi. Ýöne, Mergen indi nätsin? Ol oba gelip, birki gün urundy welin, bedeninden ysgyn mydary gidip, ýerinden galyp bilmän otyr-a. Häzirem oňa ýa şu howa täsir etdimi, ýa başga bir zatdanmy, süňňi jowranyp ajygyp başlady. Ol ýaltanman, turup çaý goýdy. Sekiniň üstüne saçak ýazyp, gowurmaly pitini, gant, sary ýag, köke getirip goýdy. Çäýnege çaý atyp, baryp duşuň aşagynda durup, üstünden suw akyzdy. Soň süpürindi-de, çaýyny demledi. Howlukman iýip-içdi. Endamyna der gelip, misli, dünýä täzeden gelen ýaly boldy. Diňe şondan soň, ol endamynda gyzgyn ganyň ýaşlyk hyrujy bilen çarp urup başlanyny duýdy. Häzir onuň göwnüne bujagaz işleri bitirmek däl, ilerdäki, gaýradaky gara daglary talhan edäýjek ýaly duýgular geldi. Häzir onuň işläsi geldi. Ýöne häzir, gijäniň ýary näme edip biljek diýsen-e. – Wah, häzir kerpiç guýulýan uly galyp, palçyk eder ýaly eslije ahyr bolsady, hajathananyň çukuryndan çykan gumdan, hiç bolmanda kyrk-elli kerpiç guýardym. Ertir turanymda biri edip beren ýaly bolardy. Ol şol hyjuwly bady bilen saçagy ýygnady. Gap-gaçlary içeri saldy. Soň ýene sekiniň üstüne geçip oturdy. – Ertir irden başlap, uly ýabyň raýşyndaky boz toprakdan iki ýüz bedre alyp, çukura guýaryn. Ýene ýigrimi ýedi günüm bar. Her günde iki ýüz bedre gum çeksem, ýigrimi ýedi günde näçe bolar? On günde iki müň bedre. Ýigrimi günde dört müň bedre, ýedi günde bir müň dört ýüz bedre, olaram goşsaň, bolar, bäş müň dört ýüz bedre! Olam, bäri hasap edeniňde, iki-üç maşyn gum bolar. Az däl, men her iş etmeli welin, awgustyň aýagyna çenli şu çukury arassa, mes toprakdan dolduryp, tekizläp, ekmäge taýýar etmeli. Mergen bu tapan pikirine begendi. Ol öz güýjüne bäs gelip bilmän, on-on bäş sapar oturyp turdy. Asmana-asmana bökejekledi. – Gel. Men bu gün ir gözinden ýataýyn. Sagadam indi bir, iki bolup ýörendir. Ol ýatmanka öleňlikden, ýaplaryň üsti bilen akýan jana tenekar howanyň köwlenip bu çukura gaplanyp, ondanam sekä çenli akyp, baryp jaýyň diwarlaryna degip, ondanam hajathana bilen tamyň aralygynda uly ýola bakan akyp girýändiginem aňlap ýetişdi. – Görsen-e, şujagaz şemalyňam bary-ýogy iki-üç ädim ini bar, Şu-da hemme ýerden akaýanok. Asyl, şunda-da birje hikmet bolmaly. Ýöne, ony okap bilmek gereg-dä. Mergen edil şol salkynjak akymyň ugrunda düşegini ýazyp, uklap galdy. 4. Mergen jaňly sagadynyň sesine oýananynda heniz daň atmazyna ep-esli wagt bardy. Tutuş oba süýji ukuda rahat ýatyrdy. Ol duşa düşüp geldi-de, eline pilini, bedresini alyp, ene ýabyň raýşyna bakan gitdi. Ýolugruna çukury synlady. Edil futbol meýdançasy ýaly bolup ýatan, äpet çukuryň birki metre golaý çökendigini gördi. Mergen töweregine haýran galyp, dikanlap seretdi. Çukuryň dört-bäş ýerinde, ýer deşilip, hoňkaryp ýatyrdy. Çukuryň içindäki bu deşikler nämäniň alamatyka? Ýa bu ýerde gadym zamanlar medrese bolup, olam çöküp galaýdymyka?! Ol aşak, çukuryň içine düşdi-de, gyradan bur ýeri tä pili ýere toňkuldap degýänçä gazdy. Çykaran gumuny bedreläp, çukuryň daşyna dökdi. Ol bu işe gyzygyp gitdi. Ýagşy derländen soň daň atdy. Ol birsalym dynç almak maksady bilen çukurdan çykdy. Töwerek ýagtylypdy. Çukur indi edil eliň aýasynda ýaly açyk görünýärdi. Mergen ýakan odunyň bu çykyryň içindäki ot-çöpdir, süplik-sarygy, mal-garanyň porsap ýatan süňklerini, beýleki akyr-ukury küle öwrendigine düşündi. Indi diňe çukuryň ortasynda gara-gara daşlar, demir bölekleri, maşyn pokryşkalarynyň sudurlary üýşüp ýatyrdy. Mergeniň gazan ýeriniň bir metre golaýy, kül bilen garyşan gara toprakdy. Ol gyra çykaran topuryna seretdi. Olam gap-gara üýşmek bolup ýatyrdy. Maşynyň sesi eşidildi. Ol Garajanyň maşynynyň sesini tanady. Ýöne ol oňa garşy seretmedem. Sebäbi, onuň kimdir biri bilen bu çukur barada maslahatlaşasy gelýärdi. – Bäri gelsene! – diýip, işikde özüne garaşyp duran Garajany çagyrdy. Garaja elindäki kortoşkaly, soganly tory ýokary göterdi. – He-he-eý, getirdim-eý, nirede goýaýyn! Mergen oňa elini bulady. – Gel, bäri, gelsen-e! Muňa bir seret. Garaja bu çukury öň ýa görmändi, ýa oňa kän bir üns bermändi. Bu çukury görüp, onuň agzy açyldy. – Dide, bu ýeri öň öwlüýä ýa mazarlyk bolan bolaýmasyn. Sen oňa ýanaşmasaň gowy bolardy. Mergen Garajanyň serhoşdygyny onuň gürleýşinden aňdy-da, oňa näme diýjeginem bilmedi. Ol Garajanyň ýanyna geldi. – Ýöri, nahar ataraly, çaý içeli. Olar koridora girdiler. Mergen kortoşkany, sogany görüp begendi. – Şun-a oňarypsyň, Garaja. Gel, indi men saňa ajyja çaý bereýin. – Men gyssanýan, dide. Ejem saňa bir litrlik tomatam iberendir. Sen maňa çaý däl-de, içer ýaly aragyň bolsa ber. Mergen bir litrlik tomatly bankany eline aldy-da, – Sag boluň, şuny gaty oňarypsyňyz, bary üçin Taňry ýalkasyn. Nesip bolsa, bizdenem gaýdar. – diýip, ol agyr ýuwdundy. – Garaja, sen näme üçin ýigit janyňy köýdürýäň. Heý, ýaş oglanam bir munça arak içermi. Özem, ertir bilen, ajöze! Sen beýtme, goý, bu biderek gylygyňy. Meniň bilýän oglanlarymyň içinde seniň ýaly merdini, adamkärçiliklisini gören däldirin. Sen içme, şol zährimary!.. Garaja hümür-sümür etdi-de, daş çykmak bilen boldy. Mergen onuň bilen maşyna çenli bardy. Garaja ýüzüni sallap maşyna münüp, aşak gapdala sürüp gitdi. Mergen öýe girmän duşa düşdi. Soň gelip çäýnegi dolduryp, çaý goýdy. Çaý gaýnaýança alýumin pitä ep-esli gowurma salyp, gaz pejiň üstünde goýdy. Soň ony sogan, tomat bilen gowurdy. Bir tarelka gowurlyp duran etden saldy-da, çaý demledi. Galan gaýnan suwy pitä eňterip goýberdi. Sekiniň üstüne saçak ýazyp, oňa iýmek içmek daşaýança, gazan gaýnap başlady. Ol çorba iki sany kartoşka arassalap dograman atyp goýberdi. Duz, lawrowoý list, gyzyl burç atyp, gazanyň aşagyny birneme peseltdi. Daşary naharyň tagamly ysy ýaýrap başlady. Irden süňňüni derledip işlän ýigidiň işdäsi açylypdy. Ol käsesine ep-esli gant atyp, hälki gowurmany hurş edinip, ýagşy naharlandy. Mergen öten agşam bir ýagdaýa düşündi. Onuň güýji nahardady. Esasan hem gantly çaý oňa gowy gurbat berýärdi. Ýöne endamyndan der çykdygy welin bar gurbaty, kuwwaty gidýärdi. – Men kompot gaýnatmaly. Derläp ugradygym, bir bölejik çörek bilen kompot içmeli. Aşgabatda şol professoryň «Sende doga ganazlyk bar». Ýokumly iýmitleri köpräk iý» diýmesiniň manysyna indi düşündi. Ol saçak başynda-da çukur barada oýlanýardy. «Näçe wagtlap agyr, ýeňil azap çekmelem bolsa, azapdan gaçman, çukury ahyryna çenli arassalamaly. Men ekin ekmek barada çukury arassalanymdan soň pikir etmeli.» Ol arkaýyn iýip-içenden soň baryp naharynyň duzuny dadyp gördi. Kartoşkany çykaryp, ownujak bölüşdirdi. Çorba tomat atdy, ýene duzuny gördi. Soň gazanyň aşagyny öçürdi-de, ýene çukura girdi. Mergen gün öýläne agýança çukurdan çykman gara dere batyp işledi. Ol şu geçen bäş –alty sagadyň dowamynda iki otagly jaýyň içi ýaly ýeri arassalap, gumunu daşyna çykaryp dökdi. Onuň bir gyrada agzy hoňkaryp ýatan deşigi hüjre kysymly jaýjagaz bolup çykdy. Edil şu çukuryň aşagy ýaly, şol hüjräniň aşagam berk, hiç hili şikes ýetmedik patyşalyk bişen kerpiçden örülendi. Mergen hem işleýärdi, hem oýlanýardy. «Bu çukur, megerem, patyşalyk athana bolmaly. Oktýabr rewolýusiýasyndan öň, ýalňyşmaýan bolsam, şu ýerlerde patyşalyk mülk bolan bolmaly. Rus inženerleri Sünt dagynyň günbatar ýüzünden şol patyşalyk mülke araba ýolunam çekipdirler.» – diýip, ol adamlardan oglan wagty kän eşidipdi. Mergen: «Şol ýollaryň biri şu çukurdaky athana gelen bolmaly. Gyradaky hüjre ýaly jaýlarda tohum atlar saklanan bolmaly. Bu çukur bolsa patyşalyk atlaryň seýislenip, müngi, saklaw öwredilýän meýdançasy bolmaly. Bu ýer obanyň çeti bolan bolmaly. Başga zat däldir. Galanam, işläbersem belli bolar.» – diýip oýlandy. Ol Gün ýagşy öýlä agandan soň çukurdan çykdy. Ýuwundy. Naharyň aşagyny ýakdy. Çaý goýdy. Soň sekiniň üstüne saçak ýazdy. Ol Annabike daýzanyň özüne bakan haýdap gelýänini gördi. – Daýza, salowmaleýkim – diýip, ony hol aňyrdan garşylady. Garry heniz Mergene golaýlaşmanka zeýrenip başlady. – Ýegen jan, sen çymjygyňky ýaly halyňa, bu arwahly, jynly çukuryň içinden çykaňog-a. Özüňe bir sered-ä, iki günde kesewä dönüp, gara köýük bolup gidipsiň-ä. Näme, sen beýdip, dünýä iki geljekmi, ýa ekläp bilmeýeniň dagy barmy? Taşla bu pişäňi. Mergen ep-esli tabaga wermişelli çorba guýup, saçagyň üstünde goýdy. – Gelsen-e, daýza, ikijigimiz bileje nahar iýeli. Häzir çaýam gaýnaýar. Ol içeri girip, iki çäýnege çaý demläp geldi. Soň sekä geçip, daýzasynyň oturaryna garaşyp, arkaýynlaşdy. – Daýza, men işigimdäki bu çukury şeýle taşlap bilmen-ä. Gör, ol kimlerden galan mülk. Gör, ol näçeme ýyllar hapa baglap, porsap ýatyr-a. Men ony arassalap, gül ýaljak edäýmesem, porsusyndan ýatyp bilemog-a. Ýene ýigrimi, otuz günden okuw başlanýar. Onsoň, edeýin diýsemem elim degjek däl. Häzir iki başdan elim boş, söw-söw syryp ýörenden, şuňa güýmenenimi amatly görýän. Garry sesini çykarmady. Ol alyp gelen tabagynyň agzyna ýapan ýaglygy sypyryp, tabagy orta goýdy. – Häli, bir tike belke etdim. Sen açsyň diýdim. Asyl naharyň baram eken-ä. Garrynyň keýpi bolmady. Ol ota goýlan çorbadan iýip oturyşyna: – Bu obanyň gyrylmyş adamlaram ýöne göz-de, dil. Gören menden: «Hany, goňşyň Mergen gelenmiş-ä. Ol aldygyna çukur gazýarmyş-a. Ol çukury näme etjekmişin. Ol öýlenjek bolanokmy? Işe nirä ýerleşipdir?» diýip soraýalar. – Sen näme diýýäň, daýza? – Siz menden köp bilýän ekeniňiz – diýdim. – Men-ä şonuň çukur gazýanynam bilemok, işe nirä belleneninem bilemok – diýdim. – Ol maňa hasap berip duranok diýdim. – Ol Mergeniň ýüzüne tiňkesini dikip seretdi – Dogry dälmi, ýegen – diýdi. Megen ýylgyrdy: – Dogry, oňarypsyň, daýza! Garry iýip-içip oturyşyna: – Onsoň bu çukur näme? Mergen etsem-petsemlerini açmady. – Men daýza, häzirlikç-ä bu çukury diňe hapadan arassalajak. Onsoň, ol kime gerek bolsa, alaýsyn. – Sen bütin ömrüňe gije-gündizläp işläniňde bu çukuryň hapasyny aýryp biljegiňi bildiňmi, ýegen jan. Onuň içi durşuna läbik gum-a. Mergenem ilki şeýle pikir edýärdi. Emma çukura girip, ony arassalap başlandan soň, bu çukurdaky topragyň ýyllar boýy çüýräp, derse öwrülip gidendigine düşündi. Haçanam bolsa bu ýerde saklanan atlaryň dersi çukurdan çykarylmandyr. Ýöne bu çukur taşlanylandan soň, bu çukura gaýraky dag jülgesi tarapdan gelýän siller şu giden meýdanlardan alyp gaýdan dersli gyrmançalayny silewelerini, ot-çöplerini şu çukura gapgarypdyrlar. Şeýdip çukur dolupdyr. Ýyllaryň geçmegi, her ýyl gelen siller bu çukuryň içindäkileri çüýredip, ýakyp, sowadyp çüýrüntgä öwüripdir. Onuň üstesine oba adamlary hem mal ýataklaryndan çykan dersi, saman-süplikli ot-çöpi, mal-garalarynyň maslyklaryny getirip bu ýere taşlapdyrlar. Ene ýapdan ýyllar boýy akyp gelen suwam bu dersi, ot-çöpi eredip, çukuryň düýbüne düşäpdir. Mergen çukuryň üstki bölegini otlansoň, ýokarsy küle öwrülip, aşagynyň ýagşy minerallaşan, dersli topury özboluşly gatlaga öwrülip galypdyr. Eger şol gatlagy çukuryň daşyna çykaryp bolsa, onda tutuş Sumbar jülgesiniň ekin meýdanlaryny on-on bäş ýyllap dökünläp, diýen hasylyňy alyp bolardy. Ýöne Mergen gepi başga ýana çekdi-de: – Daýza, Şanazaryň toýuna gitdiň-de, toýdan habar bermediň-ä. Toý nähili geçdi? Şanazar owadan gyz saýlap bilipmi, ady näme eken, gyzyň? – diýdi. Garry eline alan käsesinden çaý owurtlady-da, topbusyndan gaýdyp, eňeginiň aşagyndan geçýän alyndaňysynyň ujuny agzyna çekdi. – Meniň çakym çak bolsa-ha, ýegen, gyz gowy ýeriň çagasy bolmaly. Özi, ýylgyrypjyk otyr, kürte-hä atynmandyr. Ady näme diýdi, gyz?! Ady bolsa, Oguljan bolmaly. Hawa, Oguljan! – diýdiler. Daýzasynyň sözüne Mergeniň ýüreginiň başy ýanyp gitdi. Ol erbet tisgindi. Ol sekiden böküp düşdi. – Näme, Oguljan! Daýza, Oguljan? Garry Mergeniň birden ruhy öçen ýüzüne, birden oda-köze düşübermesine gözlerini mölterdip seretdi. – Şeýlemikä diýdim-dä ýegen, meniň kän bir ýadymam ýog-a. Bu boş kelle işlänog-a – ol kellesini tutdy. Mergen takyr ýerde çöküne düşüp oturdy-da hor, gap-gara elleriniň ýumrugy bilen maňlaýyna urdy. – Ah, wah, men bir zat duýdum-a. Meniň öňki betbagtlygymyň üstüne, bu näme boldugy, eý, Allam?! Ol oda-köze düşüp çabalandy. Soň içeri girip, silkinip-silkinip eňredi. – Ah, Oguljan, Oguljan! Mergen tä Gün batýança köşeşmedi. Garry içeri boýnuny uzatdy. – Ýegen, ýygna saçagy. Naharyňam ýygna. It-guş degmesin. Men gaýtdym. Mergen içki jaýyň sag dulunda burlup oturyşyna: – Şolary ot alsyn. Goý, dünýäni ot alsyn. Menem ot alsyn – diýip, şol eňräp oturşyna samrap gygyrdy. Ol şondan turup, ertesem, tä güni bilen, soňam daň atýança özüni bilmän işledi. Diňe süýrenip, özüni sekiniň üstüne atansoň, halys bedeniniň gurpdan gaçandygyny duýdy. Ol sekiniň üstünde özüni bilmän ýatyşyna, diňe gün batar ara gözüni açdy. Ýöne Oguljanly mesele ýadyna düşende, özüni otdan alyp oda urasy geldi. | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -13: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak -1-nji kitap -8: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -27: romanyň soňy - 27.05.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Duman daganda: Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?! - 16.06.2024 |
√ Köne mülk -5: romanyň dowamy - 12.06.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |