00:39 Köne mülk -3: romanyň dowamy | |
5. – Aý oglan, bu çukuryň näme? – diýip, indi telim günläp, ýadanyny, ajyganyny, suwsanyny bilmän, işe gümra bolup ýören ýigide ýokardan kimdir biri habar gatdy. Mergen başyny galdyrdy. Ol duran yza bolup duran bilini iki eli bilen tutdy-da, özüne habar gatana seretdi. – Oguljan! Oguljanmy sen? – Onuň agzynyň içinde gurap giden dili zordan aýlansa-da, bokurdagyndan ses çykmady. Gyzmy, gelinmi, gelenleriň keýpi köke meňzeýärdi. Häzir Mergen olary tanamasa-da, olaryň Berdi daýy bilen meýlis gurup oturanladygyny, soň oňa Annabike daýza aýdypdy. Olar jak-jak gülüşip başladylar. – A gyz, aýdýanlary çyn oguşýan. Bu oglan gury sudur bolup durşuna, indi adam gepine-de düşünenok-la. Mergen ýokardan, çukuryň gyrasyna özüne seredip duranlara manysyz garady-da, soň, olara elini silkip, ýene işläp başlady. Öňdäki gelin şeýtanja ýylgyrdy. – Ýa serhoşmyka? – diýdi. – Ýok-la, gyz, samsyk ol. Üstüni-başyny göreňokmy? Ýüz-gözem gaty ýigrenji-le, gyz. Olar gülüşip, gelen ýollary bilen yzlaryna gitdiler. Hakykatdan hem Mergeniň süňňünde sähelçe-de deramat galmandy. Ol indi alty-ýedi gün bäri ne iýip, ne-de bir içip bilýärdi. Şonuň üçin süňk bilen deri bolup galan bedeni däl, güýz terne ýaly tüwelekläp duran kellesem işlänokdy. Ol niýetini dürsäp, pikirini jemläbem bilenokdy. Ol gumdan dolduran bedresini göterjek bolanda, başy aýlanyp, topragyň üstüne gapgaryldy-da, sermaňňallak gaýtdy. Mergen: «Ol däldir!» – diýip, bu çola çukury ýaňlandyryp özüne gelip, başyny galdyranda, Gün guşluga galypdy. Ol yra-dara bolup, ölümiň öýünde çukurdan çykyp, gapysyny açdy. Gaz peçde çaý goýdy. Soň duşuň aşagyna girip, sowuk suwa ýagşy ýuwundy. Çykybam, çaý demlendi-de, käsesine ep-esli gant atyp, howlukman nahar edindi. Oguljan onuň kalbyna gozgalaň salyp durdy. Ol onda-da iýýärdi. Ol iýmese, bokurdagyndan zorlabam bolsa, bir zatjagaz geçirmese, ýaşamajagyny duýýardi. Onuň ähli umydy geljekdedi. – Oguljanyň erki elinde – diýip, ol özbaşyna pyşyrdady. Men bir mert, dogumly ýigit bolan bolsam, näme üçin Oguljan bilen kino, teatra, kitaphana, bazara gitdim? Ol meniň ýaşaýan otagyma aýda telim sapar gelýärdi. Şonda oňa öz söýgimi bildirmäge kim päsgel berdi? Ýa biri maňa «Seniň Oguljan bilen işiň bolmasyn» diýip aýtdymy? Men telim ýyl tirkeşen gyzyma söz aýdyp bilmedim. Iň bärkisi, ýekeje sapar elindenem tutmadym. Onsoň Oguljandan zady gaty görmäge hakym ýok. Ol islän ýigidini halabam, oňa durmuşa çykybam biler. Mergen Oguljan bilen tanyşyşyny ýatlady. ...Mergen gaýybanaçylaryň üçünji kursundan gündizki okuwyň ikinji kursuna geçipdi. Tomus ekzamen tabşyrylansoň, gurluşykçylaryň toparyna ýolbaşçy bolup, Arçman kurortyna işlemäge gidipdi. Dynç günleriniň birinde, ol kurortyň merkezjigindäki gazet satylýan dükanjykdan gazet satyn alyp gelýärkä, kimdir biriniň «Ataýew» diýip, adyny tutup gygyrýanyny eşitdi-de, yzyna garady. Gapdalda orta ýaşan göze gelüwli aýal bilen gap-garaja gyz ýylgyryp durdy. – Ataýew, näme, indi kursdaşyňam tanaňokmy? – diýip, gap-gara bolan gyz jedirdedi. Emma ol gyz Mergeniň ömründe gören gyzyna meňzemeýärdi. Ol gyz muny duýdy. Ol Mergeniň ýanyna gelip: – Uniwersitetde okaýaň dälmi – diýdi. – Hawa! – Dil-edebiýatda, Badam bilen bir toparda?! – Hawa. – Menen seniň obadaşyň Şanazar bilen bir toparda-da. – Ol gyz yzdan gelýän ejesine seretdi. – Eje, meniň kursdaşym. – diýdi. Ejesi gyzynyň bolşuny geň görüp: – Ady ýokmy, gyz onuň. Ep-esli adama ýöne Ataýew diýip dursuň-la. – diýdi. – Adyny indi özi aýdar-da. Biz-ä kursdaş bolsagam adyny bilemizok. Oguljanyň ejesi ara goşuldy. Mergen ýylgyryp durşuna: – Adym– Mergen! – diýdi. –Ol aýal: – Gowy adyň bar eken. – diýdi. Oguljan bu ýerde Mergeniň näme işläp ýörenini ýeri-ýatagy, änigi-şänigi bilen sorap bildi. – Onda, agşam naharymyzy iýip, ejem ikimiz size çaý içmäge barýas. Ejesi gyzyna azgyrylyp: – A gyz, Oguljan! – diýdi. Oguljan kursdaşyny görenine biçak begenen bolara çemeli. Ol şadyýandy, erkanady. – Eje, biziň oglanlarymyz şeýle-dä. Olardan bir zatjagaz dagy aljak bolsaň, özüň diklemeseň, özüň soramasaň, özlerinden biljek gümanlary bolmaz. – diýip, jidirdedi. – Onda-da gyz oglana beýdip durmak aýyp bolar. Mergen olary ýaşaýan jaýlaryna çenli ugradyp, yzyna gaýtdy. – Mergen, gazetiňem goýaý. Men agşam ejem bilen baranymda eltäýerin. – diýip, Oguljan onuň elindäki gazetinem alyp galdy. – A gyz, Oguljan diýýän men saňa... Ejesi gyzyna käýinen boldy. Mergen şondan soň on-on bäş günläp, her gün Oguljany gördi. Kä günler onuň bilen kurortyň kinoteatryna baryp, bileje kino gördi. Kä günler özüniň bolýan gurluşykçy studentler toparyna baryp çaý içdiler. Ol Oguljanyň ejesi Ogulnabat daýzany öz toparyna aşpez edip aljak bolup ýörkä, Oguljanyň kakasy Nury aga maşynly gelip, olary alyp gaýtdy... Okuw başlanansoň, Mergen ýaraman keselhana düşdi. Şonda Oguljan onuň yzyndan geler durardy. Ol keselhanadan çykandan soňam, ol Mergeniň köne tanyşy ýaly, oňa eýemsireýärdi. – Me, şuny saňa ejem iberdi – diýip, kursdaşlarynyň arasynda, olardan çekinmän, bir zatjagazy Mergene beren bolýardy. Okuwdan sow ol Mergen bilen onuň otagyna baryp, Mergene özüni öýlerine çenli ugratdyrardy. Kursdaşlarynyň barysy diýen ýaly, Mergen bilen Oguljan halaşýandyr öýdüp ynanýardylar. Emma Mergen welin ümsümdi. Oguljanam bu meselede dil ýaranokdy. Ýöne bäşinji kursuň ahyrynda Oguljan Mergen bilen gelýärkäler: – Ejemem ahyr, şu gün dil ýardy – diýdi. Mergen gyzyň ýüzüne garady. Oguljanyň ýüzi köze goýlan kakmaç ýaly, gyp-gyzyl boldy. – Obaňyzda seniň ýakynyň, hossaryň ýokmy, aý, oglan? – Wah, ýok-da – diýip, Mergen ýere garap barşyna gussaly mydyrdady. Oguljan gaty geň galdy. – Sen ýerden ýeke çykan dälsiň-ä, okuwyňy gutaryp barmaly bolarsyň-a. Öýlenmeli bolarsyň-a. Toýjagaz, oturylyşyk etmeli bolarsyň. Şonda kim saňa hemaýat etmeli? Kim seniň öňüňde durar. Ýaşulyňyz bardyr-a?! Mergen başyny ýerden galdyrman barşyna: – Men häzir oba barsam, ol-a toý eken, ýaşar ýaly ýerimem ýok, Oguljan. Oguljan şeýle bir geň galdy, asyl, duran ýerinden butnabam bilmedi. – Seni çagalar öýüne berdilermi? Mergen başyny ýaýkady. – Ejem bardy. Olam meni bilmeýän, halamaýan bir gyzyma öýerjek boldy. Men razy bolmadym. Gyzyň doganlary gelip: «Şol gyza öýlenersiň, ýa-da biz seni gaýdyp aýalyň ýanyna barmaz ýaly güne salarys» diýip, erbet urdular. Ejemem: «Meniň diýenim bolmajak bolsa, ýekeje ýumurtgamam palak eken. Çyk, şu öýden» diýip, meni öýden kowdy. Şondan soň, men Aşgabada gelip, okuwyň gündizki bölümine girdim. Ejem rektorymyzyň adyna: «Meni idänok, taşlap okuwa gitdi. Okuwdan kowmasaňyz, iň ýokary başlyga çenli arz ederin» diýip, telim sapar arza ýazdy. Gaýdyp men oba gitmedim. Ejem pahyr ýogalanda-da habar etmediler. Soň eşidip barsam, bagçylyk sowhozynda ýaşap oturan jaýymyzam başga birine beripdirler. Indi meniň ne ejem, ne kakam, ne hossarym, iň bärkisi ýeke köpük pulumam ýok. Sen meni indi näçe ýyl bäri tanap ýörsüň, Oguljan. Doga ýarawsyz. Oba işe baranymda-da nädip işlejegimem bilemok. Oguljan Mergeni sesini çykarman diňledi. Ol soňam sesini çykarmady. Diňe diplomyny goran güni gelip, Mergeni hälki bir gutlan boldy. – Mergen agyrdan, ynjadan ýerim bolsa, bagyşla. Baryp ýerleşeňsoň, hat ýaz, jaň edip dur. – diýdi. Ine, bar bolany. – Heý, şu ýerde şunça gussa iýere, dert çekere sebäp barmy?! – Ol öz-özüne jogap berdi. – Oguljandan gaty görer ýaly ýagdaýym ýokdur. Ýöne, näme. Adam pahyryňky inçejik umyt-da. Mergeniň inçe umyt diýýäniniň aňyrsynda işläp, özüni, içersini, hal-ýagdaýyny düzedip, ýene Oguljanyň ýanyna barmak niýeti ýatyrdy. «Heý, dünýäde Oguljandan gowy gyz bir barmyka!» Ýöne ol Oguljandan tamasyny üzüp bilmedi. – Ýalandyr, daýzam. Şanazar bäş ýyllap, Zöhre-Tahyr ýaly söýüşip, bäş günde gelip Oguljana öýlenip bilermi? Bilmez. Oguljanyň özem Şanazaryň bäş ýyllap Maýa bilen söýüşenini görüp, bilip durka, oňa durmuşa çykmaz. Mergen saçagy ýygnady. Kem-kemden onuň aňy durlanyp, kellesine ýagty pikirler gelip başlady. Süňňi gurbatlanyp gitdi. Gapyny gulplap, çukura nädip girenini özem bilmän galdy. Mergen Gün daglara dyzyny direýänçä işledi. – Ýegen, arma! – Salawmaleýkim, Berdi daýy! Çalabek çukuryň gyrasynda durup, Mergeniň edip oturan işini ýagşy synlady. – Seniň munyň gowy futbol meýdanças-a boluberjek. Gör, onuň gapdalynda oturyp, oýun görer ýaly ýerjagazy dagysam bar eken. Munuň içine arpa ekip, obanyň oglanlaryndan futbol toparyny düzmeli. Näme, oglanlara güýmenje-hä bolar. Ol töweregine garanjaklady. – Neme-läý, ýegen, Gulça agşam oturylyşyk edýär. Saňa-da aýt diýdi. Men şony aýtmaga geldim. Adam başyna üç manatdan ýygnaýandyrlar. Gideli, ýegen... Mergen aldygyna işleýärdi. Onuň endamyna der gelip, süňňi ýaňy ýumşap başlapdy. Çaý-çörek, derdiniň egsilmesi onuň iş keýpini örüzip goýberipdi. – Men gitmäýin, Berdi daýy. Basym okuwym başlanýar. Men şu çukury şoňa çenli arassalamasam, soň galar by... Berdi daýynyň gapdalynda duran Durnoýam ara goşuldy. – Onda-da üç manadyňy bir goş-a. Bu obada ýaşap, namart ýaly bolup ýörme-ýä. Bary-ýogy üç manat. Mergen gumdan doly bedrelerini göterip, çukuryň daşyna çykaryp barşyna: – Mend-ä şu wagt birje manadam ýok. Görýäň-ä, çörek almaga pulum bolmansoň, gaty-guty nan bilen günümi görüp ýörenimi. Çukuryň gyrasynda duranlar biri-biriniň ýüzüne seredişen boldular. – Men aýtdym-a, ölse-de ýeke manat çykarmaz diýip – diýişip, öwrülip bir gitjegem boldular-da, ýene çukuryň gyrasyna geldiler. – Bolmasa karz beräý, bir üç manady. Ölme. Bolan çaky bizem gaýtararys. Mergen işläp durşuna: – Bolşuňyz şu bolsa, sizde hiç wagt pulam, malam bolmaz, daýylar. – diýdi. – Baý, gepled-ow, ýer gemren gölejik – diýip, Gara daýy hoňňul-hoňňul etdi. Olar gidensoňlaram, Mergen gijäniň ýaryna çenli işledi. Soň çukurdan çykyp, ýuwunyp, ep-eslije gowurdagyň üstüne sogan dograp, tomat guýup, nahar taýýarlap, garbandy. Gantlap çaý içdi. Soň ýene ýuwundy-da, içeri girip, çyrany ýakyp, orta ýassyk taşlap arada ýazgy edip, el ýüzde goýan bloknotyny eline aldy. Soňra bloknotyň arassa gatyny açyp ýazyp başlady: «Özüme pent» «1. Obada hiç kimden dyrnak ýaly zat tamakin bolmaly däl. 2. Obada hiç kime, eger doganyňam bolsa, mätäç bolmaly däl. 3. Obada ýagdaýyň bu ýerdäki iň gurply adamyňkydanam üpjün bolmaly. 4. Iň baý adamyň kanagatly adamdygyna düşünmeli. 5. Işlemeli! Işlemeli! Işlemeli! 6. Obada ýekeje köpügi bisarpa sowmaly däl. 7. Obada agzyňa ýeke owurt arak, şerap almaly däl. Çilimden daş durmaly. 8. Obada häli-häzire çenli ýeke adam bilen gepleşmeli däl. 9. Obada diňe hereket etmeli, diňe hereket etmeli. Başga ýol ýok. 10. Obada özüni oňarmadyk, bihepbe, ýalta, ykmanda, bihaýa dilegçi adamlary golaýyňa getirmeli däl. 11. Obada nalajedeýinlere nebsiň agyrmaly däl. Tä aýaga galyp, hal-ýagdaýyňy düzedýänçäň diňe özüňi bilmeli...» – diýip ýazdy-da, ýene ýerinden turup, işigini gulplap, işine bakan gitdi. Mergen janyna dözüp işleýärdi. Kem-kemden oňa gurbat gelip başlady. Indi ol öňdäki, ikinji hüjrä-jaýjagaza-da ýetdi. Ikinji hüjredäki ders üýşmegi küle dönüp gidipdir. Diwardan bolsa kerpiç guýulýan galyp asylgy eken. Arassa polatdan bolansoň, galyp zaýalanmandyr. Hüjräniň aşagyna bişen kerpiç düşelipdir. Aýmança ýaly ýere demir gözenek aýlanypdyr. Demir gözenegiň içinde at eýeri, uýan, gamçy, ýüp bardy. Olar görkünem, berkinem ýitiripdirler. Mergen aýyň ýagtysyna bu zatlary synlap, polat galypy eltip, sekiniň üstüne goýdy. Indi kerpiç urubersemem bolar! Ol yzyna gelip, ýene bir salym işledi-de, çukurdan çykdy. Bedrelerini alyp, ýapdan suw çekip, duşuň gabyny suwdan doldurdy. Soň hajathanadan çykan üýşmek gumuň böwrüni ýaryp, ol ýere ýapdan daşap, on bäş bedre suw guýdy. Soň ýuwunyp, düşegine geçip, guzy ýaly uklady. 6. Mergeniň oba gelenine şu gün on gün bolupdy. Ol geçen on günde çukuryň gumunyň ýaryna golaýyny arassalady. Dört ýüz sany uly kerpiç guýdy. Onuň begenýän zady, çukuryň ortasyna üýşüp duran iki maşyn çeni daşy, demir-dümürleri çukuryň gyrasyna çykardy. Ol geçen on günde öýli boldy. Goş-golamly boldy. Öýünde elektrik çyrasy ýanyp dur, gaz pejinde çaý gaýnap, nahar bişip dur. Göwni näme islese özünde bar. Onuň begenýän ýene bir zady, işigindäki belent sütünde çyra ýanyp, gijäni gündizlige öwürip dur. Hajathana, seki, içi suwly duş onuň ömründe gören zadymy?! Indi tutuş oba bu çukur, Mergeniň ony arassalaýandygy barada eşitdi. Her günde gelmedim diýende bäş-on adam ony synlamaga gelip: – Muny sen näme etjek? – diýip soraýardy. – Muny howdan et, muňa balyk goýber. Ýetişdigi sat-da otur. – Aý, ýok-la, şitilhana et muny. – Men-ä limon ekerdim. – Aý, ýok, gyşyna obanyň çekenesine gaty gowy ýatak boljak. – Gyş gelse, jülgeden gelen silden dolup, çaýpanyp ýatar-a. Muny açman, gaýta üstüne bäş-on maşyn gum guýup, ýapmaly eken. Onsoň mellek etseňem bolar durardy. – Goý, aýt, mellek bolmaz obanyň içinden... Bu gürrüňleri Şanazaram eşidýärdi. Ýöne ol bu ýere gelmäge, Mergen bilen görüşmegi pikirem edenokdy. Ol gelni bilen kakasynyň bişen kerpiçden gurlan kaşaň, haýbatly tamynyň garşysyndaky üýtgeşik biçüwde gurlan owadan, üç otagly, eýwanly, polly-patalokly jaýynda ýaşap ýördi. Şanazar oba gelende Beghan aga ogly üçin üç toýy birden etdi. Onuň birinji toýy, ogly okuwy gutaryp, gyzyl diplom alyp geleni üçin, diplom toýy! Ikinji toý Beghan aganyň nowbahar oglunyň Aşgabatdan alyp gelen Aý ýaly gelniniň nika toýy, nika agşamy! Üçünji toý, ogul öýermek toýy. Beghan aga bu toýy öz göwnüniň isleýşi ýaly, on güne çeker ýaly gurady. Şol on günüň dowamynda raýon ketdeleri bir topbak, ýaşlar, bir topbak, raýonyň ownuk ýolbaşçylary bir toprak, mugallymlar, lukmanlar, syrty kädililer bir topbak, obanyň garamaýaklary, myhman-mediwan başgarak. Ol raýon ýolbaşçylarynyň, işi düşäýjekleriniň öňünde guşuň süýdünden başga, ähli iýgini-içgini, nazy-nygmaty üýşürdi. Ýöne obadaşlaryna, garybrak myhman-mediwana welin diňe nahar çekdi. Kimiň içgi islegi bar bolsa, olar Beghan aganyň kömekçilerine pullaryny töläp alyp içdiler. Toýuň bagşysy, göreşi, ýüzük oýny diýseň uludan tutuldy. Toý sag-aman sowulansoň, Beghan aga ogluny, gelnini täze jaýa göçürip, täze jaý toýuna başlady. Bu toýa-da raýonyň ketdeleri, topar-topar bolşup, tapgyr-tapgyr geldiler. Diňe şu gün irden ol toýlaryny sag-aman sowup, ogluny ýanyna çagyrdy. Saçagyň üsti iýmek-içmekden ýaňa gap goýara ýer ýokdy. Beghan aga akja ýüpek köýneklije, töre ýazylan el halysynyň üstünde äpet per ýassyga gyşaryp, irkiljiräp ýatyrdy. Içeri ogly bilen gelni tirkeşip girdi. Onuň yzyndan Şanazaryň ejesi, komsomolyň raýon komitetiniň ikinji sekretary bolup işleýän aýal dogany Tuwak, beýleki doganlary sürülenişip girdiler. – Kaka salowmaleýkim! – Waleýkim. – Salam, daýy! – Waleýkim. Beghan aganyň aýaly öňe geçdi. – Beghan, gelin salamyna serpaýyňy ber. Beghan aga aljyraňňy ýylgyrdy. – Wä-ä, meniň ýanymda zat ýog-a. – Ol akja ýüpek köýneginiň döşlerini iki eli bilen sermedi. Köýneginiň jübüsiniň ýokdugyny bilibem: – Tuwak jan, meniň kassumymy alyp gel – diýdi. Oňa çenli täze gelin, onuň ýanyndaky gyzlar çykyp-çykyp gitdiler. Beghan aga işige tamakinçilik bilen seredip durşuna, ogluna oturmaga ýer görkezdi. – Gel, hany, Şajan, bir käse. Tuwak kakasynyň penjegini alyp geldi. Beghan aga goltugyndan bir petde pul çykaryp, Tuwaga uzatdy. – Me, gelne menden salam haky. Näme alasy gelse, özi alar-da. Tuwak pul bilen penjegi alyp gidenden soň, ýaşuly oglunyň ýüzüne hoşamaý seretdi. – Toýa göwnüň ýetdimi?! Şanazar naharlanyp oturyşyna: – Däde, sag bol! – diýdi. –Ýöne ýekeje zady oňarmadyň-da. – Wä-ä, o näme? – Şu raýkomyň birinjisine söz bereniňde, oňa: «Adamlar! Men Şanazar Beghanowy raýkoma işe alýan» diýdirmediň-dä. Beghan aga oglunyň ýanynda kiçelen ýaly bolup, boýnuny sallady. – Aý, oglum, on-a diýdirseň-ä bolardy. Ýöne men seniň ýanyňda aýdaýyn, ol adam ýaman parahor. Oňa-bir lommaýja zat dykaýmasaň, ed-dil, içinden getiren ýaly. – Näme, indi raýkoma işe aljak däller diýjek bolýaňmy? Beghan aga işige seretdi. – Seni ispolkama işe aljaklar. Eger isleseň, öz mekdebimize okuw bölümi bol. Şanazar tarsa ýerinden turdy-da, kakasynyň ýüzüne öýkeli seretdi. – Hapa ispolkomyň-a diýmäýin, mekdebiňe gidenimden, däde, hol pürsden, – Ol jaýyň pürsleriniň birine elini uzadyp gaharly görkezdi – Özümi asanymy gowy görerin. Pikir etme, men-ä men ekenim, gelnim Oguljanam mekdebiň porsy howlusyna aýagyny ätlemez. Ýaşuly ogly bilen ur-tut ylalaşdy. – Özümem mekdebe gitmegiňizi isläp duramok. Ýöne Mele daýyň: – Maňa gelsin!– diýip, halys özelenip duransoň aýdaýdym. Kakasyndan sähelçejik ýüz tapam Şanazar möwç aldy. – Däde, düşün, men seniň aýdyşyň ýaly, geljekde uly adam bolaýyn diýip, özümi ähli bolar-bolgusyzlykdan daşda sakladym. Diňe bäşlige okadym. Uniwersitetde partiýa agzalygyna girdim. Gyzyl diplom aldym. Aşgabadyň kakasy ýokary işde işläp ýören ketdeleriniň gül ýaly, ýokary bilimli gyzyny alyp geldim. Uniwersitetde işe goýdurdyň. Emma ýene seniň: «Raýondan ösmek aňsat bolar» diýen ýekeje sözüň üçin barysyny taşlap, oba geldim. Dogry, bu zatlarda seniň goldawyň kändir. Ýöne, indi näme, edip-edip, orta ýola gelende meniň ýaly beýik ogluňy mekdebiň porsy klasyny rowa görjek bolsaň... Ýaşuly aýalyny çagyrdy. – Garagyz, aý, Garagyz! Şanazaryň ejesi kürsäp içeri girdi. – Hany, täzeden bir jaz-juz edip, birki çüýşe arak getir. – Gyzlar edip otyr. Häzir... Ýaşuly ýelek ýassygy tirsegi bilen tarpyldatdy. – Gyzlar bolmaz, özüň ylga diýilýär saňa. Çaltyrak bol diýildi saňa. Hä diýmän gowurlan gapyrga bilen iki çüýşe arak getirdiler. – Şu içerä hiç kim girmesin. Ýap gapynam... – diýip, täzeden gygyrdy-da, ýassyga täzeden gyşardy-da, sag eli bilen bulgurlara arak guýdy. – Hany, şuny içeli, onsoň men saňa bir zat aýdaýyn. – diýip, ogly bilen çakyşdyran bulguryny başyna çekip, garbandy. Soňam agyr myşşyldady. – Şu haramzadalar, edil bir doýmadym gark ýaly. Bulara men tutuş kolhozy iýdirip otyryn-a. Ony men seniň üçin edýän-ä. Sen okuwyňy gutaryp gelenden soň olar seniň eliňden çeksinler diýip edýän-ä. Sen entek sesiňi çykarma, olaryň maňa, saňa bergisi kändir-ä. Arak ýaşulynyň dünýesini giňeltdi. – Men olar bilen sen tä obkom bolýançaň gidişerin. Men dogrusyny aýtsam, saňa obkomlygam pes görýän. Sen ýokary gitmelisiň, has ýokary. Şanazar hem henize çenli ajöze arak içip gören adam däldi. Arak onuňam başyny-gözüni aýlady. Ol: – Sag bol, däde – diýdi. – Sen meniň ýüregimi duýduň. Ber, hiç zadyňy gaýgyrma. Meni bu derejä ýetirdiň. Yzynam gaýrat et. Meni bir ýokary çykar. Galanyny özüm bir zat ederin. Ataly-ogul gün guşluga galýança saçagyň başyndan turmady. – Olar bir zadyň-a gürrüňini edip otyrlar. – diýip, Tuwak eli jamly geliniň oturan jaýyna girdi. Gelniň ýanynda goňşy gyz-gelinler, mekdepde işleýän mugallym aýal-gyzlar otyrdylar. – A gyz, Gülsüm bilen bärden bardyk, gyz, bir u-uly çukur. Özem bir çuňňur gyz. Içine dagy bir düşseň, ganatyň bolmasa çykar ýaly dagy däl. Şol çukuryň içinde bir zat gymyldan bolup ýör. Ol -a gyz, al diýsem al däl, arwah diýsem arwah däl, adam diýsem, wapşe adama meňzänok. Eşikleri sal-sal, ýüzi-gözi çişmi, akyp duran wawwaly ýaramy. Duranja bir edrenç-le gyz. – Kim gyz, ol? – diýip, Tuwak aňňalyp durşuna elindäki naharyny saçagyň üstünde goýdy. Gülsüm gapdalyndaky oturan geliniň ýüzüne seredip, çyrpynyp güldi. – Owlagyň klasdaşy-la, gyz. Adam-a, – diýip töwereklerine ýaltaklady. – Mergen bolmaly – diýip, täze gelin dillendi. – Mergenmi, ýorganmy – diýişip, gelinler otagy dolduryp gülüşdiler. – Pahyr, öz-ä çala jan ylhanat bolup duran ekeni. Tuwak Oguljanyň aýyň bölegi ýaly ýüzüne geň galyp garady. – Ol toýa-da gelmedi, gyz? – Çagyrylan däldir. – A gyz, ol ylhanat çagyrylanda bir gelip biljekmi? Edil, gatan gurbaga ýaly, çöpe jan bitdi-le, ol. Içeri Şanazar girdi. Onuň owadan ýüzi, dolmuş duluklary nar ýaly gyzyldy. Ol iki bir beýleki otaga geçjek ýalam bir etdi-de, gelniniň aý ýaly ýüzüni, şerbetli tylla käse ýaly balkyldap duran gözlerini gören, öňdenem başy sämäp duran jahyl göwün ony alyp gaçyp, getirip, Oguljanyň ýanyna kökerdi. Oturanlar bu iki ýaş juwanyň biri-birinden owadanlygyny, näzikligini görüp guwanyp otyrdylar. Şanazar gelin-gyzlaryň özüne garaýşyndan olaryň özüne göwünleriniň ýetýändigini duýup, aýnaklap gürledi. – Nämejik diýişýäňiz, maňa-da aýdaýyň! Tuwagyň onsuzam doganyna habar gatasy gelip durdy. – Didääm, seniň hol Aşgabatda bäş ýyllap bile okan kursdaşyňdan bir habaryň barmy? – diýip, Oguljanyň ýüzüne ýylgyran bolup, köpmanyly garady. Şanazar owadan gaşlaryny gerişdirdi. – Näme, ölüpmi? Gelinler gülüşdiler. – Al, saňa gerek bolsa. Tuwagyň özem güldi. – Aý, näbileýin welin, ol ölmese-de, aýdyşlaryna görä, uzak ýaşajaga meňzänokmyşyn. Şanazar parhsyzlyk bilen: – Oňa näm bolanmyşyn? – diýdi. – Oňa gelinler gören ýagdaýlaryny gürrüň berdiler. Şanazar goluny silkdi. – O tentek toýa-da gelmed-ä – diýip, meseläniň arçalmalyja ugruny dörjeledi. –Iki kursdaşynyň toýuna begene-begene, ilki şol gelmeli ýaly. Şanazar ýumrugy bilen ýassygy urdy. – Ol gelip bilmez. Sebäbi ol gat-ty içigara. Okan döwrümizem, hemişe meniň ýaman gürrüňimi edip gelipdir. Onsoň ol meniň toýuma ne ýüzüne gelsin. Olar ýalynyň geleninden gelmäni gowy ahyryn. Şanazar öňüne getirilip goýulan çäýnegiň ýüzüne-de seretmedi. – Aý, onsoňam, ol gutaran adam-a, Özi agyr, açyk inçekeselli. Onuň üstesine, ne ene-ata, ne mal pul, ne-de bir ýaşar ýaly jaý bar. Ýeriň ýüzünde ýekeje hossary, howandary ýok. Onuň üstesine-de, gaty içigara, adamçylygy juda pes. Kişiniň dyrnagy össe şony görüp bilmez, Bahyl. Men oglanlygyndan beled-ä oňa. Tuwak Mergeni indi telim ýyl bäri görmese-de, şu öýde edilýän gürrüňlerden şol adamyň bolgusyz adamlygyna ynandy. Oguljan sesini çykarmaýardy. Şonuň üçin gepi ýene Şanazar alyp göterdi. – Onda-da maňa ýagşy däl. Ýeri gelse, oňa köne eşiklerimem bererdim. Az-owlak pul kömeginem berse bolar. Ýöne, ol nejis indi nädip ýaşajakka? Oňa bu ýokganç keseli bilen, porsy mugallymçylygam bermezler-ä. Ol ýene biz ýala dert bolar. Şanazaryň ýap-ýaňy kakasy bilen gürleşendigi ýadyna düşdi. Ol özüniň basym partiýanyň raýom komitetinde işe başlajagy baradaky begençli habaryny hut şu ýerde yglan edesi geldi. Ýöne saklandy. Serhoş sesi bilen: – Eý, özi bilen deň bolmarys-la-ý! Diýipdirler-ä, «Daş bilen urany, aş bilen ur» diýip. Nätjek-dä, süýremeli borus-da. – diýip, başyny ýassyga goýup, pessaýja hor çekip başlady. Gelin-gyzlar turup-turyp gitdiler. Içerde, Şanazaryň ýanynda Oguljanyň ýeke özi galdy. Ol Şanazaryň ýassygyny düzedişdirdi. Göwni welin hälki eşiden gürrüňlerinden, gyýym-gyýym bolup durdy. Ol Mergeniň halyna gyýyldy. Sebäbi başga biri bilmese-de, ol Mergeniň adamçylykly, ýüregi Hudaýly oglandygyna ýetik bolupdy. Mergen sähel göwün beren bolsa, Oguljan öz ykbalyny şonuň bilen baglajakdy. Ýöne, nämüçindir Mergen bu meselede gyzyň ýüzüne gaňyrylybam bakmady. Käte gyzyň özi durmuş barada söz açsa-da, ol: «Men-ä durmuş barada söz açyp biljek däl» diýipdi. Soňam: «Bilýäňmi, beýik filosof Gegelem ömründe öýlenmändir. Ondan «näme üçin öýlenmediň?» diýip soranlarynda ol: – Aýal gerek mahal-a ýagdaý bolmady, ýagdaý bolan mahalam, aýal gerek bolmady» diýipdir – diýerdi. – Görýäňmi? Akylly adamlar başgaça pikirlenýär. Men bolsam, heniz ýigrimi üçem ýaşamoga. Entejik, ýagdaýlary aýal alar ýaly derejä ýetirmeli! Oguljanyň ejesem Mergeni gaty gowy görýärdi. – Wah, gyzym, Mergen jan seni gelin edip almaga razy bolsa, toýuňyzy özüm tutardym. Pul näme, zat näme, bary eliň kiri dälmi! Ýöne gül ýaly ýigidi ýitireniň galar. Elbetde, şeýle bolmalydyr-da, Şanazar Oguljanyň dünýäsine edil bir gara tüweleý ýaly, kürsäp girdi. Edil, sähelçe günde gyzy yrdy. Kakasyny gudaçylyga-da getirdi. Oguljan üçin pulam, malam, şaý-sepem gaýgyrmady. Aşgabadyň belli restoranlarynyň birinde deňini-duşuny, mugallymlaryny, raýondan işleşip ýören belliräk adamlary, Oguljanyň garyndaş-doganlaryny ýygnap uly toý tutdy. Soňam ýoluna pullar düşäp, obasyna alyp gaýtdy. Oguljan baryndan müň-de bir razydy. Ol beýle-beýle bagty, beýle gözel oglany arzuw edibem bilmeýärdi, Alla gyzy ýalkady. Gelip görse, onuň düşen ýeri-uçmahdy. Il-bendäniň gara zähmet bilen ömründe-de ýetip bilmejek öýi, içerisi, gün-güzerany, edil bir jadyly saçak ýaly bolup açylyp ýatyrdy. Ol özlerine berlen jaýdaky sowutgyçlaryň ikisinem açyp gördi. Olar her dürli iýmitden urlyp dykylan ýaly. Içerilere diňe el halylary düşelipdir. Mebeller täp-täze, özem, gyzyň ömründe görmedigi. Beýleki goş-golamlar hem saýlanyp, seçilip, iliň ýetip bilmediklerinden alnypdyr. Toý, iýgi-içgi, gadyr-hormat, edil bir patyşalykdaky ýalydy. Onuň üstesine Şanazaryň Oguljana bolan söýgüsi onuň depesini tütedip barýardy. Oguljan baryndan, baryndan razydy. Ýöne, şu Mergenli mesele ony hiç biparh goýanokdy. Elinde bolsa, hut, häzirem, ol Mergeniň ýanyna baryp, onuň halyndan habar alyp gaýtjakdy. Ýöne heý, ony edip boljakmy?! Ýöne bu baý, bagtly öýde Mergene sürtseňem ýokmajak gürrüňler edil, bilgeşleýinden edilýän ýalydy. Oguljan Şanazar oýansa, garaňky gatlyşansoň: «Mergeniň halyndan habar sorap gaýdaly» diýmegi ýüregine düwdi. – Razy bolarmyka?! 7. Ýene on gün geçdi. Indi Mergeniň bilim bölümine barmagyna bary-ýogy on gün galypdy. Howa iň ýokary derejä ýetip gyzýardy. Ýöne Mergen şonda-da ýekeje sagadam boş oturanokdy. Ol tutuş gije-gündiziň dowamynda bary-ýogy bäş-alty sagatjyk dynç alýardy. Ol sekiz ýüz kerpiç guýup, tamlarynyň ýol tarapyndan diwar ördi. Ol saman suwag edip, otag bolmaly jaýyň için-daşyny suwady, suwagy guraşansoň onuň gaýtalap, gaýtalap agartdy. Jaýynyň öň tarapynam öňki suwagyny gyryp aýryp, suwap, agartdy. Täze otag üçin bir gapy, iki penjire, on bir sany pürs, iki-üç desse gargy-gamyş gerekdi. Emma çukur onuň bar wagtyny alýardy. Mergen çukuryň ikinji hüjresindenem geçipdi. Indi bu çukuryň ahyryna çykmaga bary-ýogy on bäş-ýigrimi ädimräk galypdy. Ol iş edinip bu çukury ölçedi. Onuň boýy ýüz ädimboldy. Ini, çukuryň gyrasyndaky hüjräni hasap etseň, altmyş ädim boldy. Olary hasap etmeseň, onda elli ädimden gowurakdy. Munça meýdan az-küş ýer däldi. Umumy hasap edeniňde, ýigrimi, ýigrimi bäş sotuk mellek ýeridi. Mergen niýetini daşyna çykaryp ýörmese-de, bu çukuryň aşagyna düşelen bişen kerpiji aýryp, ony mellek etmekçidi. – Ýorunja ekerin, mekgejöwen ekerin. Gyrakky «hüjrelerde» goýun, sygyr saklaryn. Ot-iým bolsa, suwly ýap gapdalymdan akyp dursa, birneme janyma dözsem, barysy gül ýaly bolar. Ol çukuryň topragy aýrylmadyk bölegini ýene-de ölçäp gördi. Soňra göz çeni bilen hasaplaý-hasaplaý, gaýtadan ölçeý-ölçeý, ahyr soňunda galan ýeri on günüň dowamynda, edil ýigriminji awgusta çenli arassalap bolar diýen berk netijä geldi. – Zyýany ýok, okuw başlanýança müň ýerden gutarýan, nesip bolsa! Ol öň çukury ýigriminji awgusta çenli tamamlap, okuw başlanýança jaýynyň üstüni ýapyp, içine girerin diýip niýet edýärdi. – Zyýany ýok, indi az galdy. Esasy işler edildi, galanyna-da ýetişerin. Mergen soňky üç günde özüniň hakyky güýç-gaýratyna gelenini ýagşy duýdy. Açyk, diýseň şypaly howa, agyr işde derläp-derläp işlemegi, günde üç wagtyna sowuk suwa düşünip, yzyndan oňat naharlanmagy, onuň işdäsini ýagşy açypdy. Gollarynda, aýaklarynda kuwwatyň daş ýaly çiginleri emele gelip başlapdy. Ol ilki-ilkiler demini alman zordan altmyşa çenli sanap bilýärdi. Şu gün ertir bolsa ol demini alman, üç sapar, üç ýüze çenli sanady. Munuň özi indi Mergeniň öýkeniniň arçalandygyny habar berýärdi. Mergen öňler öýkeninden gaty gorkýardy. Indi onuň keýpiçaglygy öýkeniniň arassalanandygyndan hem bolsa bolýandyr. Ol öten agşam gaz pejiniň aşakky gözünde iki sany gatlakly çörek bişirdi. Günortan gowurdakly çorba bişirip, çörek dograp, onuň üstüne çorba guýup iýdi. Yzyndan goýaldylan süýt bilen gök çaý içdi. Soň azajyk dynç alyp çukurda işe başlady. Häzir gün batyp barýardy. Mergeniň çeni boýunça Berdi daýy bilen Gara daýynyň haýsydyr bir oturylyşyga tirkeşip geçmeli wagty boluberipdi. Mergen çukurdan çykyp, çaý goýdy-da, duşa girdi. Hyýaly günortandan galan çorbany gyzdyryp, ýagly gatlakly dograp, üstüne guýup iýmekdi. Ol duşdan çykanda Annabike daýzanyň işikde elewräp duranyny gördi. Ol içeri bakan gygyrýardy. – Ýegen, aý ýegen-ä! Mergen bärden baryşyna: – Salawmaleýkim, daýza – diýdi. Garry oňa bakan gaýtdy. – Ýegen jan, sen bärdemidiň? Mergen begendi. – Daýza, geleniň gowy bolaýdy. Gel, bileje çaý içeli. Meniň senden soramaly zadymam bardy... Garry howlukdy. – Men çaý diýmäýin, ýegen jan. Meniň demgysma dermanym baýapdyr. Çalabek aşak gitjek bolýar. Şoňa «derman getirip ber» diýjek bolýan. Bar bolsa, maňa bir üçje manat ber ýegen jan... Mergen içeri girip pul alyp çykdy. – Daýza, bu obada gargy-gamyş satýan adam ýokmydyr? Men indi bu jaýymyň üstüni ýapmaly. Öňünden satyn alyp goýaýjak bolýan. Garry puly aldy-da oýlandy: – Ýegen jan, ýokarky obalarda bolmasa, aşakky obalarda gargy näme işlesin, gamyş näme işlesin. – diýdi-de, öýüne bakan ýorgalap gitdi. – Ol gidip barşyna: – Bu ne belaň yssysy, demiňi soguryp barýar-eý, janyňy alyp barýar-eý! Mergen çaýyny, çöregini sekiniň üstüne çekip, öleňlikden kürsäp duran eşretli şemalyň gujagyna özüni berip, howlukman iýip, içdi. Çyralar ýandy. Ol Berdi daýy bilen Gara daýynyň aşak däl-de, ýokary barýanlaryny gördi. Ýöne oňa kän bir ähmiýet bermedi. Çaý, nahardan soň Mergeniň gurbaty açyldy. Ol çukura düşüp, öň hiç mahal azap çekmedik ýaly, uly hruç bilen işläp başlady. Onuň göwnüne, indi gumy iki bedreläp daşyna çykarmak has ýeňil göründi. Ol öýdäki, ejesindan galan uly çuwal haltalaryň birini boşadyp alyp geldi. Bir wagtlar ýüň bilen nah garylyp elin dokalan bu halta ýedi bedre gum sygdy. Indi bir sapar gatnanyňda ýedi-sekiz bedre gumy daşyna çykaran ýalydy. Elbetde, ol gaty bir ýeňilem däldi. Ýöne Mergeniň özem öňki Mergen däldi Ýöne ol häzir dok garnyndan azajyk howatyr etdi. Ylgap baryp içeri girdi-de, ejesinden galan köneje ýüň ýaglyk bilen bilini çekip guşandy. Şondan soň edil bir iner ýaly işläp başlady. Ol çukurdan çykyp, ýuwunyp gelýärkä, Berdi daýy bilen Gara daýynyň edil agyr ýükli otly ýaly bolup, çaýkanyşyp zordan gelýänlerini gördi. Tutuş oba bolsa süýji ukudady. Mergen ýerine geçensoňam ýatyp bilmedi. Gözüniň öňüne Oguljanyň didary geldi durdy. – Näme, Oguljan! – diýip, Mergen özbaşyna pyşyrdady. – Arma-da – diýip Oguljan ýylgyrdy. – Sag bol. Oguljan burnunyň gapdalyndaky peşehorda yzyny külembikesi bilen sypalady. – Mergen, gaty ýadamaweri. Mergen başyny ýassyga oýkady. – Men indi gowy-la. Okuw başlanýança dynaýjak bolýan welin, öz-ä agyrrak. Oguljan onuň ýüzüne sowally garady. – Mergen sen indi hakyt mekdebe işe gitjekmi? Mergen baş atdy. – Nesip bolsa, diňe mugallymçylyk! Oguljan aý ýaly ýüzüni çytdy. – Iliň-ä iň nejis görýän zady mekdep, mugallymçylyk. Mergen dözümli pyşyrdady. – Men il däldirin, meniň öz ýolum, öz maksadym bar, Oguljan. Şol ýoldan meni dönderip biljek adam ogly bolmaz. Oguljan öýkeli düýrükdi. – Aý, bolýa-da. – Dur, nirä?! Mergen elini uzatsa ýetjek bolup duran goýy, gök asmana seredip, nädip uka gark bolup galanynam duýman galdy. Ol Oguljanyň yzyndan ýetdi. – Sen näme, menden gaty gördüňmi, hoşlaşman gaýdyberdiň-le! Oguljan indi özüne kän bir meňzäp baranokdy. Ol Mergene sowuk seretdi. – Bilýäňmi, men saňa bir zat aýtjakdym. Ýöne häzir ýeri däl. Mergen «Aýdyber, aýdyber» diýjek boldy. Ýöne şol wagt olar niredendir bir ýerden gelýän süri-süri adamlaryň arasyna düşdüler. Mergen şol garma-gürmeligiň içinde Oguljany ýitirdi. Mergen şunça azara galyp, öýme-öý, obama-oba agtarsa-da Oguljany hiç tapmady. Ol mekdebe geldi. Şol wagt jaň kakyldy. Mergen tisginip oýandy. Ol jaň mekdep jaňy däl-de, sagat dörde düzüp goýan sagadynyň jaňy eken. Mergen ur-tut ýerinden turup, az-kem maşyk etdi-de, soň duşa düşünip ýagşy ýuwundy. Soň sekiniň üstüne geçip, demini alman, üç ýüze çenli sanady. Az-kem demini dürsäp, düşege gyşardy-da, ýüzüni asmana tutup, dört ýüze çenli sanady. – Bäş ýüze çenli sanap bolsady! Ol ýeňillik bilen turdy-da baryp, çukura girip, hyjuw bilen işläp başlady. Belent sütüne berkidilen çyranyň ýagtysy tutuş çukuryň içini gündizlige öwürip durdy. Öleňden akyp, çukura kürsäp urýan şemalda janyňa eşret beriji melhem bar ýalydy. Ol piliniň gapdalynda ýatan ýüň ýaglygy alyp bilini berk guşady. Häzir onuň işledigiçe işläsi gelýärdi. Säheriň howasy sergindi. Şypalydy. Asyl, ol howanyň aşakky jülgeden akyp gelýän ugry hem buldurjyrap, bildirip durdy. Mergen ýaly sergin howanyň tenekarlygyna doga zar bolup, onuň tenekarlygyny ýaňy duýup ugran ýaş ýigit üçin häzir ganat baglap uçsa-da az görünýärdi. Şonuň üçin ol häzir oturyp, ýa ýöräp işlemän, ganat baglap, uçup işleýärdi. Bu köneje çuwal Mergeniň güýjüne, hyjuwyna bap gelip durdy. Ol şol çuwaly her sapar dolduryp, çukuryň daşyna çykaryp dökende, çykan topragy görüp, ýigidiň göhi gelýärdi. Çukur ädim-ädimden, metr-metrden arassalanýardy. Mergeniň pili indi altmyş-ýetmiş ýyl bäri ynjadylman ýatan bişen kerpije degip, ses edende, ýaş ýigidiň göwni galkynyp gidýärdi. Ol oglan ýer gemren diýselerem, hakyky ýer gemren eken. Oňa atadan käýýän ýok, eneden igenen ýok, küýli ýaly, özbaşyna düňderilip işläp ýör. – diýen ýaly gürrüňleri Mergen öz jan ýaly daýzasyndanam, bu ýere çukur görmäge gelenlerdenem telim gaýta eşidipdi. Şonuň üçin onuň bu çukury tiziräk arassalap dynasy gelýärdi. Ol Gün dogýança öýüň içi ýaly ýeriň gumuny, dersini arassalady. Soň çukurdan çykdy-da, gapysyny açyp, gaz peçde çaý goýdy-da ýuwunmaga gitdi. Ol duşdan çykanda sekiniň gyrasynda oturan ýaşulyny gördi. – Salowmaleýkim! Ýaşuly ol golaýyna geliberende ýerinden turdy. – Waleýkim, gurgun gezip ýörenmisiň? – Şükür! – Mergen oňa mürehet etdi. – Agam, geçiň, bile çaý içeli. Ýaşuly sekä geçip, ýüzüni gaýralygyna tutup oturdy. Mergen bu ýaşulynyň gansyz ýüzüne, köseräk sakalyna, ýöne bir çogdum bolup duran sakalsapysyna pikirli seretdi-de, içeri girip, çäýnekleri demledi. Soň orta saçak ýazyp, käse, iýer-içer ýaly zatlary alyp geldi. – Meni tanamadyňmy?! – diýip, ýaşuly, Mergeniň aýagynyň aşagyna sereden bolup gülümsiräp sorady. Onuň ýylgyrşynyň astynda kinemi, göwnüýetmezçilikmi, birhilije, düşnüksizje alamat bar ýalydy. Ýöne Mergen oňa kän bir üns berip durmady. – Özüň-ä görlen adama meňzeýeň-de, ýöne hiç ýadyma düşürip bilemok. – Ol elini silkdi. – Häzir tanyş bolubereris. Ýaşuly öňünde goýlan çäýnegi gaýtarman zat etmän, käsesine çaý eňterdi. – Ejeň aýtmanmydy? Mergen pikirli başyny ýaýkady. – Aý, ýok, aýdan bolsa-da, häzir ýadyma düşenok. Ýaşulynyň halsyz ýüzi öňküdenem agardy. – Alyň, iýip-içip oturyň. – diýip, ol ýaşulynyň öňüne goýaldylan süýt, gatlakly çörek, gowurmaly gap süýşürdi. – Men Şemi! – Ol Mergeniň ýüzüne dikanlady. – Tanamasaň, tanap goý. Men seniň ejjeň birinji äri. Onuň gyzlygyny özüm alandyryn. Mergen ýere garady. – Men bilemok. Ejemiň dädemden öň durmuşa çykanynam ine, birinji sapar eşidip otyryn. Ýaşuly minnetli gürledi. – Bilmeseň, bilip goý. Men seniň ejeňi gyzlygyna heleý edip aldym. Soň seniň tentek dädeň dagy şu ýere atlara seretmäge geldi. Bir görsem şolar bilen guýruk tutdy oýnaşyp ýör, ejeň. Menem öýe salyp, suwasalma ýençdim-de, talagyny berip, kowup goýberdim. Şeýdibem, seniň tentek dädeňe heleý boldy, ol gyrnak. Bar dogranam bi sen bolduň. Ilki dädeň öldi, ejeň bagçylyk sowhozyna göçüp gitdi, o ýrede-de Aman jaj diýenine bardymy, ýa barjak boldumy, onçasyn-a bilemok, ýöne, soň özem-ä ölüp-ýitip gitdi. – diýdi. Mergeniň ýüzi sallandy. – Şony aýtmaga geldiňizmi? Ýaşuly mys-mys edip, içýakgyç güldi-de, elindäki boş käsäni düňderip, saçagyň üstüne taşlap goýberdi. Soň bir topbak bolup duran sakalsapysyny titredip, daşyndan arkaýynsyrap, käseden boşan elini çukura bakan uzatdy: – Bi ýeri, näme, mellek zat etjek bolýaňmy?! – diýdi. Mergen käsesine ep-eslije gant atyp, üstüne gyzgyn çaý guýdy. Soň garbanyp oturşyna: – Heniz-ä näme etjegimi bilemok. Şu lal dädemden, ejemden galan köne mülk. Men Aşgabatdan gelsem, bu çukuram obanyň ortasynda, meniňem edil işigimde, dünýä porsy berip ýatan hennek bolup dur. Munuň porsusnydan, çybyn-çirkeýinden ýekeje salym durar ýaly däl. Menem halys çydaman, häzir-ä arassalap otyryn, arassalap bolanymdan soňam, mellek etmelimi, mal ýatak etmelimi, howdan etmelimi, görübermeli bolar-da. Oglanlar-a futbol oýnar ýaly meýdança edeliňem diýişýärler. Ýaşuly içine giden akçyl gözlerini alartdy. – Kolhozdan ursgadyň barmy?! – diýdi. Mergen çaýyny howlukmaç owurtlady. – Näme, ýyllar boýy porsap, äleme ys berip duran hapa çukury arassalamaga-da kolhozdan rugsat gerekmi?! Ýaşuly gözlerini ýakymsyz agdardy. – Oklan, sen jaýam gurup otyrsyň-a, bu çukury mellek etjek bolsaň, öz-özüligiňe etmersiň ahyryn. Mergen uludan bir dem aldy. Onuň dünýesi giňäp gitdi. – Entek jaýam gurlanok, çukuram arassalanylanok. Gaharym gelse, bulary taşlar giderin-de, hol aşakky öleňlikden mellek alar-da jaý gurubererin. Ýaşuly elini silkdi. – Sen bary bir ir-u-giç bu ýerden göçmeli bolarsyň. Mergen Annabike daýzanyň özlerine tarap eňterilip gelýänini gördi. – Bu ýeri öňden men belläpdim. Kolhozdan ursgadym bar. Barybir, ertir aşakdan milisge, buldozýor getirip, jaýyň-saýyň bilen şu çukura gapgardaryn. Sen şony eşitdim, eşitmedim diýme. Ol adam hasyr-husur turup, gündogarlygyna gitmek bilen boldy. – Ol ýeksurun näme diýip gelipdir, ýegen – diýip, garry heniz sekä ýetmänkä, demi-demine ýetmän atygsyp sorady. Soňam şol bady bilen gargynyp başlady. – Ol bir ýurt ýykan bolgusyz-a, getirme golaýyňa, diňleme gepini. Ylahym, şol bir öýünde ölüp, dulunda süýnmesedi. Sona gyzyýamy öldürenem şol meýdi ýanmyşdyr. Bolgusyz gep-gybat ýaýradyp. Haý, seniň ak girse-de, aň girmedik ýaşyň kesilsin... Daýzasy aýtmanynda-da, Mergen ol adamyň ýagdaýyna düşünipdi. Şonuň üçin sesinem çykarmady. Ýaňky ýaşulynyň taşlap giden käsesini çaýkady-da, çaý guýup, garra uzatdy. – Hany, daýza, bir käse çaý iç. Näme, her kim öz matlapjygyny aýtmaly-da. Aýtdam, gitdem... – Näme diýdi? – Näme diýsin. «Çukur meniňki. Men ony özüme mellek etjek diýdi. Bi jaýy ýykyp, onuň ýerine ogluma jaý saljak» – diýdi. – Sen näme diýdiň? – Menem «Bolar ýaşuly, gutlaýan, haçan jaýy ýykjak bolsaň, buldozeriňi getiriber, men içerdäki goşlarymy daşary çykaraýaryn» – diýdim. – Bary bir aşakky öleňlikden mellek alyp, jaý saljak bolup ýördüm – diýdim. – Oňarmansyň, ýegen jan, olar ýaly meýde, «Belanyň gatysyny alarsyň» tur, ýok bol şu ýerden diýmeli ekeniň. Ýer ýerine belanyň gatysyny alsyn. Sen almasaň, men aljak. Hana, Çalabege mellegem gerek, jaýam gerek. Ýöne, şoňa welin, ýerem ýok, mellegem! – diýip, garry jyzyrdady. Mergen ýylgyrdy. – Dogry, daýza? Garry jaýlaşykly oturdy. – Ýegen jan, ol meýdi ýanan seniň gündogar goňşyň-a! Ol bu çukury arassalajak bolsa, ony mellek etjek bolsa, bu wagta çenli nirelerde gezipdir? Onuň şol garyp tünegini galdyranyna ýigrimi ýyldanam köp wagt geçdi ahyryn. Ol şo jaýy guranda-da, şu çukur aňkap durd-a! Ol ýeksurun şunça ýyllap gözli kör bolup. Bu gün ol çukur gül ýaly arassalanyp durka, batyl gözleri açylaýypmy?! Mergen daýzasyna garşam gitjegem bolmady, ony makullamadam. Ol ispolkoma mundan ýigrimi gün öň «Şu çukury mellek ýer beriň» diýip, ýazan arzasyny ýatlady. «Şony tassykladyp alyp goýmaly». Eger meniň mellek ýeri baradaky hatym bolsa, hiç kim meniň golaýyma gelip bilmez.» Mergen omyn edip, saçagy ýygnaşdyryp başlady. – Daýza, men bir raýon merkezine baryp geleýin» – diýdi. – Azygym azaldy. Bazara degip gaýtjak... Mergen geýinip ýola çykdy. Oba arasynda gatnaýan awtobusa münüp, heniz sagat dokuz bolmanka ispolkoma ýetdi. – Maral Meňliýewna raýkoma gitdi, sagat üçlere geler! – diýip, sekretar gyz aýtdy. – Men mellek üçin arza beripdim, şonuň ýagdaýyny bileýin diýip gelipdim. Sekretar gyzyň hor ýüzi, gözi gara ýanyk, misli zyndandan gaçyp gelen gul ýaly adam bilen gepleşesem gelmedi. – Men bilemok, başlygyň özünden sora – diýip, gyňyr jogap berdi. Häzir Mergeniň keýpi, ruhy belentdi. Ol tomsuň jöwzasyna özüni bermän, salkynjak saýada özüne timar berpjik ýören bu garagözeljik gyz bilen gürleşenini kem görmedi. – Bagyşla, seniň adyň näme? Öňem ýüzüni-gözüni çytyp oturan gyz Mergene ýigrenç bilen seretdi. – Meniň adym bilen näme işiň bar? Bar, gümüňi çek. Ýogsa, milisäni çagyraryn, bu ýigrenji ýer çeken nämäňki gyz. – diýip, ýüzüni kese sowdy. Mergen sesini çykarman, jaýdanam, howludanam çykyp, partiýanyň raýon komitetine bakan gitdi. Mazaly, Maral Meňliýewnanyň özi işine bakan pyýadalap gelýän eken. – Salawmaleýkim, Maral Meňliýewna! Ol aýal ýaş ýigidi tanamady. – Salam, men seni tanamadym-la! Mergen yssa ýanan gap-gara gözlerini, yssa çala çyzylýan gözlerini çala ýyldyratdy. – Men Mergen Ataýew, şu ýyl uniwersiteti tamamlap geldim. Maňa «gapymyzdaky hapa çukury mellek edip beriň. Jaý gurmaga rugsat beriň» diýip mundan ýigrimi gün öň ýanyňyza gelipdim. «Men ýetim, hiç kimim ýok» diýibem aýdypdym. Maral Meňliýewna başyny atdy. – Indi tanadym. Sen onda şol Mergen-dä. Mergen ýer gemren bolduňmy! Mergen boýnuny sallady. – Meniň arzam nähili boldyka?! – Çözdüg-ä, ýeriňem alyber, jaýyňam guruber. Indi seniň golaýyňa baran bolmaz. Mergen özelendi. – Maral Meňliýewna, gaty haýyş edýän, ispolkomyň karary maňa juda zerur, şony maňa beriň. Men häzir bar işimi taşlap siziň ýanyňyza geldim. Maral Meňliýewna Mergeni dabanyndan depesine çenli synlady-da: – Mergen Ataýew, sen näme işleýäň. Ýaman horlanypsyň-a. Özüňe beýle agram salma. Birneme dynjyňy alyp, wagtly-wagtyna iýip, içmek gerek. – diýdi. – Şol karary berseňiz, size söz berýän, indi dynç aljak. – Aslynda, özüň näme işleýäň? Mergen hor, damarlary çykyşyp duran boýnuny sypalan boldy. – Häzir şol işigimdäki porsy çukury arassalaýýan. Bolmasa, porsusundan oturar ýaly däl. – Jaýam gurýan ekeniň-ä, kerpiç guýup. Mergen başlyk aýalyň ýüzüne ynamsyzlyk bilen seretdi. – Heniz o jaýyň işi kän-le... Maral Meňliýewa ýöräp ugrady. – Sen indi azara galma, men şol arzany şu gün saňa gowşurar ýaly ederin. Mergen bu aýala ynanmady, ýöne onuň yzynda ylgap ýörmegem birhili görüp, ýüzüni sallap, bazara bakan gitdi. Bazar boşap ýatyrdy. Beton tagtalaryň üstünde, üzüm, alma bar bolsa-da, olary adamyň ýüzüne tutar ýaly däldi. Ol ýumurtga satyp oturan garryja aýalyňýanyna geldi. – Näçeden, daýza? Garryja aýalyň bedresiniň içinde sähelçe ýumurtga galypdy. – Howlugýan, baljan, baryny bir manada alagaý. Mergen on üç ýumurtgany bir manada satyn aldy. Soň azyk dükanyna girip, bir kilogram kolbasa satyn aldy. Soň oba gaýtdy. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -12: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -4: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Duman daganda: Adalatly bolýançaň güýçli bol - 11.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |