10:02 Köne mülk -4: romanyň dowamy | |
8. Mergen gijesini gündiz edip işleýärdi. Çukuryň içindäki toprak barha azalýardy. Indi bir hepdedem, Mergen raýon merkezine gatnap başlamalydy. Raýispolkomdan karar gelmese-de, onuň bu çukuryň öz mellegi boljagyna ynamy bardy. Ol bu gün günortanlygyny edinip, aldygyna işledi. Bir aýyň dowamynda gije-gündiz diýmän işlänsoň, onuň bedenem, tutuş süňňüdir, ýürek-bagram agyr işe werziş bolup galypdy. Ol ýadanokdy. Ýaş ýigidiň ähli maksady çukuryň ähli gumuny ýigriminji awgusta çenli daşary çykarmak baradaky niýete jemlenipdi. Emma onuň diýeni teý bolaýanokdy. Çukuryň ýene azyndan ýigrimi günlük işi bardy. Mergen oňa-da gynanyp baranokdy. «Nesip bolsa, Täze ýyla çenli jaýymy basyrsam, çukury arassalap, onuň düýbündäki kerpiçleri gazyp alyp, daşyna çykarsam bolar. Täze ýyla çenli, bary bir, çukura hiç zat ekip bilmerin-ä. Ýylyň ahyryna çenli bolsa, heniz ýüz ýigrimi gün bar, sentýabrdan hasap edeniňde...» diýip, ol öňünden belläp goýan serhedini, bu gün azyrajyk yza çekdirip goýdy. Ol şähtiniň barha açylýanyny duýdy. Göwrümi giňäpdi. Edil şol wagtam ol işigine gelip saklanan maşynyň sesini eşidip, çukurdan çykdy. Onuň gapysyny biri kakýardy. Mergen oňa garşy ýöredi. – Salowmaleýkim! Men bärde. Gapyny kakyp duran kelte bolýly, garynlak, gap-garaýüzli adam bärisine bakdy. – Şu jaýda sen ýaşaýaňmy? Mergen başyny atdy. – Şu jaýda sen ýaşaýaňmy, jogap ber? – Hawa, men ýaşaýan. Bu özüne gelişmeýän milisioner eşikli adam oňa azgyrylyp gepledi. – Sen ýaşaýan bolsaň, hany, dokumentleriňi görkez, men barlajak. Mergen gapynyň gulpuny açyp, içeri girdi-de ýene daş çykdy. Aňyrdan Mergeniň näme diýerini aňtap duran Şepi aga oglanyň golaýyna süýşdi. – Häzir-ä meniň pasportym ýok! – Näme üçin ýok bolýar? – diýip milisioner gap-gara ýüzüni hasam hyrsyzlandyryp sorady. Gapdaljykda duran Şepi aga eliniň aýasyny aýasyna şarpyldadyp urdy. – Açjy jan, men aýtdym-a, munda ne ýaşamaga dökuwmant bar, ne-de beýleki. Asyl, ol serhet etraplarynda diwersant, içaly bolup ýören bolsa bildiňmi?! Milisioner oglan ýaşulynyň gepinden beleň alyp, Mergeniň egnine batly kakdy. – Hany, pasportyň? Mergen gowşady. – Pasportymy içeri işler bölümine ýazgy etdirmäge beripdim. – Näçe gün boldy – diýip, milisioner azmly sorady. – Şu gün ýigrimi gün! Milisioner öjükdi. – Sen-ow, pylança gün bolandyr diýen bolup maňa eliňi silken bolma. Men başga zadyňy bilemok. Häziriň özünde getir pasportyňy. Mergen baş atdy. – Şu gün baryp alyp gaýdaryn. – Ýalan sözleýýe. – diýip, Şepi aga gapdaldan goşuldy. – Seni aldaýýa. Häli görseň, munda döküwmenden ýokdur, beýlekem. Meniň mellek ýerimem hiç bir edaradan ursgatsyz eýeläp otyr by. Şunuň bolup ýörşi hiç bir zäkuna syganok, Atjy jan! Milisioner bu gepe üşerildi. – Hany, mellek ýere rugsat hatyň barmy? Mergen «Raýon ispolkomy» diýip diýmänkä, milisioner kakynly ýaly gygyrdy. – Bes et diýýän men saňa, barmy rugsat hatyň, ýa-da... Mergen duýdansyz gykylyga tisginip gitdi. – Häzir-ä ýok! Milisioner jöwzaly yssydan gahardan gazanyň garasyna dönen ýüzüni hapa eliniň arkasy bilen gaharly süpürdi. – Onda men «pasportsyz ýaşaýar, kişiniň mellek ýerini rugsatsyz eýeläp, jaý gurup otyr» diýip, akt ýazjak. Soň bolsa goşjyňy arkaňa daňyp, raýonyň araçäginden güňmüňi çekip, çykarjak. Ol baryp sekiniň gyrasynda aýagyny sallap oturdy-da, san-sanajyndan kagyz, ruçka çykaryp, ýazmaga oturdy. Ol hata dümtünen bolup, ep-esli oturansoň, ýerinden turdy. – Onda eşidiň. – Ol öz ýazan hatyny gözlerine golaý tutup okap başlady: «Garrygala raýonynyň aşakky Garaganly obasynyň ýaşaýjysy, uruş we zähmet weterany, şu obanyň sylagly ýaşulusy Şepi Remezan 1975-nji ýylyň 20-nji awgustynda raýon içeri işler bölümine ýazan arzasy uçastok inspektory Atjy Ybraýymow tarapyndan barlanyldy we arzada görkezilişi ýaly, hakykatdan hem Mergen Ataýew raýonyň degişli edaralaryndan rugsat haty bolmasa-da, Ş.Remezan oglunyň mellek ýerini özbaşdak eýeläp, ol ýerde bejeriş işlerini geçirip, jaý salyp başlapdyr. Barlag mahalynda Mergen Ata oglunyň serhet raýonyna ýazgysynyň ýoklugy, aslynda bolsa, onuň pasportynyň hem ýoklugy ýüze çykaryldy. Şu akt günäkäriň we arzaçynyň gatnaşmagynda 1975-nji ýylyň 23-nji awgustynda ýazyldy. Gollar:» Ol ýaşula baş atdy. – Daýy, gel, goluňy çek! Şepi aga milisioneriň ýanyna ýeňillik bilen bardy-da, görkezilen ýere goluny goýdy. Milisioner ýaşulynyň gulagyna nämedir bir zatlary pyşyrdap durşuna Mergene dözümli garady. – Gel-ow, senem goluňy çek – diýdi. Mergen onuň ýanyna bardy-da: – Men golumy çekmäýin – diýip, ýumşaklyk bilen aýtdy. – Çekjek däliň bolmaz, meniň, seniň bilen hallaň-sallaňlaşyp otuyrmaga wagtym ýok. Äziriň özünde goluňam çek, şu ýerden goşyňam al-da, göteril. Mergen daş-töweregine birlaý göz aýlady. Görse, goňşulary, Berdi daýy, Gara, hälki buldozerçi ýigit, tanyş, nätanyş adamlar gapdalrakda «indi näme bolarka» diýýän ýaly, hümerlenişip durlar. – Sen uçastok inspektory bolsaň, menem bir diňle – diýip, Mergen öz ýagdaýyny düşündirdi. – Ýene bir hepdeden meni nirä işe goýjakdyklary baradaky mesele çözüljek. Belki, yzyma, Aşgabada gitmeli bolaryn. Şonuň üçin men siziň akt-protokolyňyňza bir hepdeden soň gol çekeýin... Uçastok inspektory haýbat bilen Mergene topuldy. – Sen ýuwusga ýaly bolub-aý, indi hökümet wekilini oýnajak bolýaňmy? Goluňy häzir çek-de, bar gabra git. Mergen boýun gaçyrdy. – Ýok, bir hepde gaýrat edersiňiz. Milisioner ýigidiň gözleri ýandy. – Eý, dur-rak, sen gowja bol-eý! Häzir ol guran jaýyň-a buldozer bilen ýykdyrýan. Şol çykaran gumyň barynam häziriň özünde yzyna gapgardýan. Özüňem, uçastok inspektoryna garşylyk görkezeniň üçin, äkidip gabaýan. Onsoňam bir etjegim bardyr.... Mergen içinden bu ýigidiň aýdýanlaryny göz öňüne getirdi. Köýse, onuň bir aýlyk azaby köýjekdi. Ýöne ýaş ýigidiň öz mertebesine çirk ýetirdesi gelmedi. Olam haýbat atyp başlady. – Eý, sen milisener, hany, sen şol jaýa, şol çukura barmajygyňy batyr, göreýin. Menem häziriň özünde raýkoma baryp, pogonyňdan dyndaryp, seni ýok etdirmesem, atamyň ogly bolmadygym. Men seniň şu adamdan para alandygyňam onuň seniň golaý garyndaşdygyňam, ol adamyň meniň ýerime rugsat hatynyň ýokdugyny bilseňem bilmediksireýändigiňi gaty gowy bilýän. Özüňem, «men obaňyzyň inspektri» diýip, görenden para alyp ýörsüň. Meniň on sany şaýadym bar. Olaryň baryny raýkoma alyp barýan häzir. Ondan başga-da seniň parahor, zulumkeşdigiň barada ýüz adama gol çekdirip, Ýoldaş Gapurowa, içeri işler ministrine, obkoma, raýkoma arza iberjek. Men seniň bagtyňy ýatyryp, gözüňi türmede açdyrmasam, sen meniň ýüzüme tüf diýäý. Sen meni entek tanaňok. Uçastok inspektorynyň agzy uçuklady. Ol hakykatdan hem, üstünden ýazylan arzalar sebäpli, iň soňky käýinjiniň üstünde otyrdy. Ol indi Mergen bilen gygyryşjagynam, ondan ötünç sorajagynam bilmedi. – Şu ýerde kimde telefon bar. Men häzir narýad çagyryp, seni edişime seret – diýen bolmadan başga alajy galmady. Edil şol wagt aşak tarapdan üsti çadyrly maşyn gelip, Mergeniň işiginde, buldozeryň gapdalynda saklandy. Ondan Maral Meňliýewna bilen şol maňlaýy sakar adam çykdy. – Ataýew nirede ýaşaýar? – Mergene gözi düşensoň hem: – Mergen, sen şu taýda ýaşaýarmyň? – diýdi. Olar tirkeşip, çukura bakan ýöneldiler. – Hany, şol çukury bir görkez bize. Mergen olara goşulyp, çukuryň daşyndan aýlandy. – Sen-ä muny oňaraýypsyň. Indi muny näme etseňem bolup dur. – Başlyk Mergenden ötünç sorady. – Bagyşlarsyň-da, ispolkomyň kararyny diýen wagtym getirip bilmedim. – Ol aýal sumkasyndan bir bölejik kagyzjyk çykard-da, Mergene uzatdy. – Nesip etsin. Içeri işler bölüminiň başlygy maýor Guzuçyýew hem baş atdy. – Pasportyňam ýatandyr, şonam çaltyrak alyp gaýt. – Ýazgy bir edildimikä? – diýip, Mergen bir gyrada müzzerilip duram uçastok milisionerine seredip sorady. – Sen öz obamyzyň oglan-a. Onsoňm raýonymyza ýörite iberilen ýaş spesialist. Bir wagt ýazgy edildiň-ä. Ýöne beren wadaňy ýadyňdan çykarmagyn. Ýeriň durandyr... Maral Meňliýewna ullakan gözlerini petredip, ýoldaşyna garady: – Bäşim Guzuçyýewiç «ýeriň durandyr» diýen bolup, Ataýewe näme diýjek bolýaň? Maňlaýy sakar pyýada mylaýym ýylgyrdy. –Ýok, ýok, başga zady pikir etmäň, başlyk. Işe aljak bolýan-daýt. Maral Meňliýewwna hasam geňirgendi. – Menem şony diýjek bolýan-da. Onuň ýeri biziň edaramyzda-da taýýarja dur. Ýöne bilim bölümi «iki ýyl tejribe gerek» diýensoň ýaş oglana el urman otyrys. Guzuçyýew boýun sunujylyk bilen baş atdy. – Düşdüm, düşdüm, başlyk. Ýöne gaty arassa, sowatly diýip öwensoňlar işgärlerimiziň üstüni sowatly kadrlar bilen dolaýjak bolýan. Maral Meňliýewna Guzuçyýewi burça gabamasyny goýmady. – Näme, arassa, sowatly kadr size gerek bolanda ispolkoma halal däl, sowatsyz kadrlar gerekdir öýdýäňzmi, halys indi?! Bize-de Ataýew ýaly gowy adamlar gerek. Bizem Ataýewi öwrenip ýörüs. – Düşdüm, düşdüm! Gapdalda özüni haýsy deşige urjagyny bilmän, aljyrap duran uçastok inspektory bularyň öňünden alakjap çykdy. – Sen bu ýerde näme işläp ýörsüň – diýip, sakar pyýada oňa azgyryldy. Milisioner ýigit kekeçläp: – Ýoldaş maýýor, men oba ýerinde iş geçirýän – diýdi. – Nämäniň işi? – Arza, arza, ýeme, ýoldaş maýýor! Maýor öz işgärine serhoşdyr öýtdi. – Ugra, şu ýerden. Edara bar-da garaş maňa. Oba ýerinde näme iş geçirýäniňi men seniň gözüňe görkezerin. Ol ýeňsesine çalynan oglanjyk ýaly bolup, nirädir bir ýerlere ýom-ýok boldy. Maral Meňliýewa işikde duran buldozere seretdi. – Mergen bu boldozer bilen näme etjek bolýaň?– diýdi Mergen Şepi aganyň ýüzüne seretdi. – Goňşular alyp gelipdirler, meniňki däl. – Bolýar, onda, sag boluň. Okuwyň başlansa meniň ýanyma bir bar. Olar hoşlaşyp, maşyna münüp gitdiler. Mergen gapdalda sömelişip duran ataly-ogula mürehet etdi: – Öýden oturalyň, goňşular, çaý bereýin! Şepi aga närazy ýüzüni sargardyp, öýüne bakan düňderilip gitdi. Ogly bolsa, tä garaňky düşýänçä buldozeriniň töwereginde köwejekledi ýördi. Mergen gapysyny gulplap, tä gijäniň ýaryna çenli çukurdan çykman, zarp bilen işledi. Ol halys ýadandygyny duýup, çukurdan çykdy. Yraň-daraň bolup, sekiniň üstüne özüni goýberdi-de, düşegem salynman, guş ýaly bolup, uklap galdy. ...Ol bagy-bossanlygyň içi bilen sallanyp barýan Oguljany gördi. – Men saňa bir zat aýtjak diýdim-ä – diýip, Oguljan yzyndan ýeten Mergene gysmyljyrdady. Mergen uýalyp, töweregine ynjyly garady. – Oguljan, indi beýtme. Sen biriniň gelni. Il-gün görse näme diýer? Oguljanyň ýüzüne gara bulut çöken ýaly boldy. – Gowusy, men saňa gowy habar aýdaýyn. – Oguljan Mergeniň ýüzüne pikirli bakdy. – O nähili gowy habar? Mergen uçaýjak boldy. – Maňa mellek ýeri almaga, onda jaý salmaga ispolkomyň rugsat hatyny berdiler! Indi işigimizdäki çukura-da hiç kim dawa edip bilmeýär. Oguljan gussaly gözlerini oňa dikdi. – Wah, Mergen, indi sen şoňa-da şeýle begenýäňmi?! Meniň elimde ygtyýar bolsady, saňa tutuş Zemini bagş ederdim! Sen şoňa mynasyb-a, Mergen! Ýöne indi, menem saňa bir zat aýdaýyn, Mergen. Sagat jyňňyrdady. Mergen ýerinden kynlyk bilen turdy. Ol çaý goýdy. Soň duşuň aşagyna baryp ýuwundy. Gelip çaý demledi-de, käsesine ep-esli gant atdy. Ony howlukman bir bölek çörek bilen iýdi. Onuň ruhy bada-bat üýtgedi. Göwün guşy ýene göge galyp pel-pelläp başlady. Mergen gowurdak bilenem garbandy. Indi onuň süňňüne güýç geldi. Ol şu halynda, sähelçejigem bolsa. Oguljany ýatlady. – Näme üçin düýşüme girýärkä? Ýa başyna bir iş düşüp ýörmükä?! Ýa Şanazara durmuşa çykany çynmyka?! Ony kimden elin sorap bolarka? Ol ýerinden turdy-da, saçagy ýygnaman ýene çukura girdi. Günorta çenli başyny galdyrman işledi. Indi Mergeniň raýon bilim bölümine barmagyna sähelçe gün galypdy. Ol şu galanja wagtda bu çukury arassalap bilmejegine-de, jaýynyň üstüni ýapyp bilmejegine-de gaty gynandy. Ýöne ony begendirýän esasy zat bardy. Ol ýene dört günden mugallymlaryň beýik hataryna goşulmalydy. Ol şu geçen bir aýda ýekelikden, juda agyr işden halys ýorulypdy. Onuň mekdebe baryp, neresse çagajyklara bilim beresi gelýärdi. Göwnüne bolmasa, ýüreginiň teýinden bir gussaly ses:» Sen mekdebe barmarsyň! Sen mugallym bolup işlemersiň!» diýýän ýalydy. Ol gorkup başlady. Şol işläp ýörşüne-de: «Eý, keramatly Alla, maňa mekdebi bagyşla, meni mekdepden aýyrma!» diýip, Haka ýalbaryp başlady. Mergen mekdebiň tilsim, usul, dünýäsini az-kem öwrenenem bolsa, onuň mekdebiň ruhuna, özboluşly dünýäsine çümesi gelýärdi. – Gowy okadaryn! Şeýle bir jan edip gowy okadaryn. Mekdebe, her sapaga şirin janymy bagyşlap okadaryn. «Tä eli pişekli, garryja bolýançam mekdepde işläýin, Allam! Meni şu umydyma ýetir. Gaýdyp, men senden başga hiç zat dilemäýin!.. Mergen gara dere batyp işläp ýörşüne, özüni okuwçydan doly klasda gördi. – Salam, okuwçylar! – Ol tutuş tomusda dynç alyp gelen tokarja, tokarja oglan-gyzlary ýekän-ýekän synlady. OL ýüz-gözleri güne ýanan, mekdebe gelenlerine çakdan aşa begenýän okuwçylaryň ruhuna garylyp gitdi. – Geliň, tanyş bolalyň! Meniň adym, Mergen! Kakamyň ady – Ata! Siz ýöne, «mugallym» diýäýiň. Okuwçylar oňa ýerli ýerden sowal berdiler. Mugallym, okuwa öz güýjüň bilen girdiňmi? – Siz näme üçin mugallym bolduňyz. Biziň mekdebimizde iň gowşak, körzehinler mugallym bolýarlar! – Mugallym, diňe aýallar mugallym bolup işleýär-ä. – Siziň gowy, uly işlerde işläsiňiz gelenokmy? Mergen howlukdy. – Okuwçylar, metodika boýunça, bize tanyşmak üçin bary-ýogy üç minut berilýär. Geliň, sapaga başlalyň. Arakesme wagtynda men siziň ähli sowalyňyza jogap bererin, bolýarmy! Tutuş klas gowurdap galdy. – Ýuwaş, okuwçylar! – Waý, ýegen, özbaşyňa gepläp otyrmyň? Mergen bu sese tisginip gitdi. Ol ilki mekdebiň direktory ýa-da onuň orunbasarlarynyň biri okuwçylaryň gykylygyna çydaman klasa girendir öýtdi. Görse, çukuryň depesinde Annabike daýza dur. – Daýza, salowmaleýkim! Garry çukuryň gyrasynda çommalyp oturdy. – Näbileýin, ýegen, çukuryň içi ala gykylyk bolup duransoň, näme bolduka diýip geldim-ä. – Aýdyma hiňlenen bolýan, daýza. Hiňlenip işleseň iş şüweleňli gidýär. Annabike daýza göz çeni bilen çukuryň içini ölçedi. – Bolsa-da, indi alyberdiň, ýegen jan, bu çukur bir saňa gara dert boldy. – Azalýar-maý, daýza?! Garry ýokarda duran ýerinden bu çukury uzaboýyna synlap durşuna: – Azalypdyr, indi zat galmandyr-la – diýip, dabaraly aýtdy. Dagy näme indi neçeme gün-hä, sen ganyňy garaldyp, gije diýmän, gündiz diýmän, nädip işläp ýörsüň-ä, ýegen! Bütin oba gürrüňiňi edip ýör-ä ýegen jan, häzir bol, beýdip, göze, dile-de düşme. Çukuram upbat bolsun, beýlekisem... Mergen ýene-de işine güýmendi. Ol köne çuwaly gumdan dolduryp, agyr hyklap göterdi. Şeýdibem agyr haltany bäş-alty sapar ýokary çykardy. Ýaş ýigidiň beýle azabyny gören garry dözmezçilik bilen: – Beýtme, ýegen, beýtme, şirin janyňa haýpyň gelsin. Beýdip, işläp, näme, ekläp bilmän oturanyň bamy?! Hiç bolmanda az-azdan daşa ahyryn! Mergen ýylgyrdy: – Daýza jan, janyňa dözmeseň iş bitýämi, näme?! – diýdi. Garry ot aldy: – Biliň iner, biliň. Ingiň inse, ýa garnyň bogusy çözülse gowumy, ýaş başyňa? Saňa nesil öndürme gerek dälmi? – Garry ýene-de çukuryň gyrasynda oturdy. – Anha, Beghaanyň täze alan gelni agyr bedre göterip, içindäkini düşüripdir. Mergen başyny galdyrdy. – Näme, näme? Garry gara çyny bilen: – Hawa-la. Näme, ynanmajak bolýaňmy? Seniň Şanazar dostyň Aşgabatdan alyp gelen owadanja gelni bar-a. Oguljanmy, nämedir, bir gowy adam bar-la, gyz. Mergen ynanmady. – Onuň içindäki düşüp-düşmez ýaly, toý edeni ýaň-a, daýza. Garry ýeň berer ýaly däldi. – Düşegine galan bolsa, indi bir aýlyk bolup barýar-da, näme. Bolsa bolubermeli! – Garry ýene-de ýerinden turdy. – Meniň diýjek bolýanym, özüňe kän agram salma, ýegen. – Garry Mergeniň işigine bakan elini salgady. – Ol Şepi tentegiň ýurt ýykan ogly näme buldozýoryny seniň gapyňda taşlap gidipdir? «Ýok et!» diý oňa. Onuň porsysyndan durar ýalymy? Mergen basgançak bolup giden ýerden egni haltaly ýokary çykdy-da, haltasyny boşadyp, ýene aşak düşüp, gelip, piline söýenip durşyna: – Degme, dursun, daýza – diýdi. – Ony otlap bilenoklar öýdýän. Öten agşam Berdi daýymam-a şol buldozoryň daşynda aýlanyp ýördi. Garry başyny ýaýkady. – Çalabek bejerip bilmedik bolsa, bu buldozýory kyýamata çenlem bejerip bilmezler. Onda Şepi tentek Hudaýyndan tapypdyr diýsene, ýegen. Garry gidenden soňam Mergen günortana çenli gara der bolup işledi. Ol Oguljanyň derdine ýana-ýana ep-esli ýeriň gumuny çukuryň gyrasyna çykaranynam duýman galdy. Mergen Oguljany ýatladygyça näbelli bir dert ýaş ýigidiň kalbyna dolup galdy. «Ol hergün agşam meniň düýşüme näme üçin girýärkä? Her saparam «Saňa bir zat aýtjak» diýýär. Ol maňa näme aýdyp biler? Mergeniň tutuş süňňi lowlap gitdi. Onuň tutuş dünýäsini, ruhy älemini Oguljanyň näzik didary tutdy. – Oguljan! – Ol kalbynyň sarsgynyna çydap bilmän,tutuş çukury ýaňlandyryp gygyrdy. – Ogul-ja-ann!!! Mergeniň ýüregi köşeşmedi. Gaýta, Aşgabatda, student mahallary bileje tirkeşende aňynda, ruhunda galan duýgular häzir täsin bir güýje öwrülip, ýedi gat ýeriň astyndaky otlaryň aýylganç otly akyma öwrülip, ýeriň ýüzüne çykyp daglary, daşlary kül-talhan edip ýakyşy ýaly, Mergeniň on iki süňňüni lagşada-lagşada daşyna çykýardy. Mergen ýüreginiň astynda bulduraýan ýalawly akyma çydamady. Ol «eý, Alla!, eý Hudaý maňa çydam ber!» diýip eňredi. Sähel özüni dürsän badyna, ýene piline ýapyşdy. Şol otly duýgularyň lowlap galaryndan heder edip, tä gijäniň ýaryna çenli başyny galdyrman hars urup işledi. Agyr jöwzadan soň howa az-kem köşeşip başlady. Jana şypa beriji salkyn akym öwsüp başlady. Mergen yranyp çukurdan çykdy-da, özüni mylaýymja duşuň aşagyna atdy. Ol süňňi ýagşy sowaýança ýuwundy. Soňra çaý içip, nahar iýip, sekiniň üstüne düşegini ýazyp, ýyldyzly asmana garap ýatdy. Soň onuň dodaklary pyşyrdap başlady: – Eý, Alla jan, maňa bagtam, saglygam, eşretem, yrsgal-döwletem gerek däl. Maňa berjek yrsgal-döwletiňem, bagtyňy, eşretiňem Oguljana bagş et. Şol bagtly bolsa, meniň bagtly boldugymdyr! 9. Mergen «ertir bilim bölümine gelmeli» diýen habary alandan soň, bilindäki köne ýaglygy çözüp, pilini arassalap, gapdala goýdy-da, çukurdan çykdy. Çukurdaky gum, ders, silewe demirgazykky beýik diwara düýrlenipdi. Indi çukurda bolsa bäş-alty günlük iş galypdy. – Zyýany ýok. Günortana çenli bilim bölüminde bolsamam, öýlän gelip, gijeler ýatman işlärin welin, ony arassalaryn, çukuryň düýbündäki kerpiçleri goparyp, ýokary daşaryn... Hakykatdan hem çukuryň düýbine durşuna patyşalyk bişen kerpiç düşelipdir. Geň ýeri, näçe wagt ýatsa-da, olaryň ýekejigine-de şikes ýetmändir. Ählisi bitinje. Olary aýawlyja ulansoň bir jaýy arkaýyn gurmaga ýetjekdi. Häzir Mergeniň jaý barada asla pikir edesi gelmeýärdi. Oba ýerinde gymyldan ugruňda pul gerekdi. Ähli zady satyn almalydy. Mergeniň sanalgyja puly bardy. Dogrusy, ol häzir näçe pulunyň galanyny bilenokdy. Ýöne özünde bar puluň ýekeje teňňesinem arta-şarta sowanokdy. – Men häzir näçe pulumyň galanyny bilmeli!» – diýip, ol gyssanmaç oýlandy. Soň gidip çaý goýdy, duşa düşdi. Çaý-nahardan keýpini köklänsoň, ol çemodanyny aldy. Mergeniň bary-ýogy sekiz ýüz otuz ýedi manady galypdy. – Az däl! – diýip, ol begençli oýlandy. – Aýyň aýagyna çenli otuz ýedi manadyny sowsam, aýyň birinden soň maňa aýlyk bererler-le. Mergen suw gyzdyryp jalbarlaryny, köýneklerini, joraplaryny ýuwuşdyryp, sekiniň üstünde serişdirdi. Soň duşuň suw gabyny doldurdy. Daýzasynyň ýanyna baryp goňşulardan bir jam süzme aldyrdy. Ýuwan eşikleri guransoň, olary içeri saldy-da, saçyny, kellesini, ýüzüni süzme çalyp, ýagşy ýuwdy. Soň ellerine, ýüzüne süzme çalyp, ol guraýança dynç aldy. Ellerine, ýüzüne çalan gatygy guransoň, oňa täzeden süzme çalyp, ýagşy ýuwdy. Ol guran eşiklerini ütükländen soň, köwşüni arassalady. Mergeniň köwşi täzejedi. Heniz peti gitmedikdi. Ýöne oba ýollary durşuna gum bolup ýatyrdy. Köwşüňi süpürmek üçin ýumşajyk matany jübiňden aýyrmaly däldi. Mergen köwşi üçinem bir elýaglygy jübüsine salyp goýdy. Ol ýatmazynyň öň ýany ýene ellerine, ýüzüne, saçyna süzme çaldy. Ol ýagşy siňişensoň, baryp duşa düşündi-de, sekiniň üstüne ýazan düşegine geçdi. – Meni näme üçin beýle ir çagyrdylarka? Meniň ýene iki günüm bar-a. Ýa «Başga raýona geçirmeli» diýip oblast bilim bölüminden habar beýleki geläýdimikä? Mergen bu pikirinden gorkdy. – Ýok-la, indi her zat diýselerem, men başga ýere gidip bilmen. Ýokary bilimim barmy-bar! Ýaşar ýaly jaýym barmy-bar! Az wagtam bolsa, öz günümi göre rýaly harjym barmy, bar! Maňa başga näme gerek. Ugradyş hatym bar. Olar her zat etselerem, maňa iki ýyla çenli bir ölçeg sapak beräýmeli! Men mugallymçylykdan başga käre dawa edemok. Bulara menden arzan düşýän adam ýog-a. Maňa jaý gerek däl, ulag grek däl, wezipe gerek däl. Mekdepden hiç kimiň almadyk sapagyny berselerem, sagadymy meniň islegime görä goýuň, çagam bar, gelip bilemok, pylanynjy gün meni boş ediň Meniň öýüm daş, pylan zadym ýarawsyz diýip dawa etjek aladam ýok.» diýip pikir etdi. Ol irkilen badyna ýene Oguljany gördi. – Meni ertir işe çagyrýarlar! – diýip, ol begenjini buşlajak boldy. Emma Oguljan oňa ýüz bermedi. Mergen Oguljanyň agyr hassalykdan ýaňy turan ýaly halsyz ýüzüne, her biri suwy süýjän garaluw ýaly kirpikmen gözlerine aladaly garady. Emma Oguljan oňa barmysyňam diýenokdy. «Gel, men oňa azar berip durmaýyn-la» diýen pikir bilen Mergen öýe geldi. Ol öýde ilkinji sapar ejesini gördi. – Eje jan, salowmaleýkim! – Mergen ejesi bilen görüşjek bolup ellerini uzatdy. Emma Sona daýza gyňyr ýüzi bilen oglunyň nazaryny dalady. – Sen näme diýip geldiň?! Mergen ejesine düşünmedi. – Eje, men okuwymy gutardym. Indem öz obama mugallym bolup, işe geldim. Näme, gelmeli däl ekenimmi?! Ejesi dözümli gepledi. – Sen oglan, meniň diýenimi etmän gaçyp gitdiňmi. Indem şu içerä girmersiň. Mergen haýran galyp durşuna: – Eje, onda men nirä gideýin ahyryn? Ejesi oba mazarçylygyna tarap elini uzatdy. – Hana, mazarçylyk. Bar git şoňa, ýöne meniň öýümde garaň görünmesin. Mergen erbet tisginip oýandy. Indi Aşgabatdan oba geleli bäri onuň öýde ýatyşydy. Ol düşegini ýygnap, daşary çykyp, sekiniň üstüne ýazdy-da, gyşardy. Ol daňdana golaý, ýaňy irkilende bir gara aýal üstüne münüp, bokurdagyndan bogup başlady. Mergen urunyp, gygyrjak boldy. Ahyry bar güýjüni jemläp, ol gap-gara eşik bolup duran aýaly üstünden gapdala taşlap goýberdi. Ol gara der bolup turanda özüni «gara» basanyna düşünip galdy. – Bu gije nähili gije boldy?! – diýip, ol düşegiň üstünde aýbogdaşyny gurup oturdy. Men indi ýatmaýyn. – Ol ýerinden çalynyp turdy-da, içeri girip, çyrany ýakdy-da, sagada seretdi. Sagat üçüň ýary bolupdyr. Mergen duşa düşdi-de, soňra gelip çukura girdi. Başyny galdyrman, tä daň atýança işledi. Bu gün bilim bölüminiň töweregi gum-guklukdy. Mergen Gün dogup, al samana galýança şol töwereklerde aýlandy ýördi. Sagat dokuz bolandan soň, bilim bölüminiň işgärleri ygam-sagam bolup gelip başladylar. – Başlygy gördüňmi? – diýip, mekdepler boýunça inspektor ýigit kelte halyna, boýnuny içine çekip gelişine aladaly sorady. – Sen Mergen Ataýýewiç dälmi! – Hawa. – Onda ýöri, jaýa gireli. Olar tirkeşip, bilim bölüminiň jaýyna girdiler. – Maňa Ýoldaş Ahmedow diýýändirler. Senem maňa Ýoldaş Ahmedowiç diýiber. Bizde supirdinasiýa gaty berk saklanýandyr. Adamyň adyny tutmak gadagandyr. Diňe adyny atasynyň ady bilen tutmalydyr. Şuny bilp goýgun... – «Mugallym» diýmek bolarmy?! Ahmedow ilki başyny ýaýkap, soň gürledi. – Seni okadan bolsa diý. Ýöne men seni okadamog-a. Ýa başlyk seni okadanog-a. Onsoň, sen utanman oňa nädip «mugallym» diýip biljek. – Heý, mugallym diýmegiňem bir utanjy bolarmy?! Ahmedow hekgerlip, boýnuny ýene içine çekdi. Onuň suw çalynyp, gapdalyna daralan saçy gymyldap girdi-de, gyňyr ýüzüne, kiçijik, sowuklaç gözlerine janlylyk berdi. – Ýok, siz-eý, agzy sary jüýjejik halyňyza, eýýäm «jüýk-jüýk» edip, akyl satyp başlaýaňyz-aý. Şol wagt müdir içeri girdi. Ol şol gelişine Mergen bilen salamlaşdy. – Bo-ow, atdaş, sen-ä asyl, ýigit dagy bolmansyň. Maral Meňliýewna meniň ýüregimi ýardy. «Gaty hor, üsti başy ejiz, gepi agzynda pytyrap dur» diýip. – Ol öz kabinetine garşy ýöräp baryşyna: – Gelen bolsaň, sen näme et diýsen-e, ýöri, meniň ýanyma gel. Mergen onuň yzyna düşdi. – Sen näme et diýsen-e. Şu gün Ahmedow bilen Gyzylarbada gidersiň. Gyzylarbadyň bilim bölüminde biziň bir topar işçi enjamlarymyz, žurnallar, kitaplar, kartalar, reňkler, mel, baýdak, şygar ýazar ýaly materiallar, bolmaly. Ýöne, başga pikir bolmasyn. Olar demir ýola ýakyn-da. Şonuň üçin özüm olardan: «bize gelen zatlary alyp goýuň» diýip haýyş edýän. Gerek bolsa, bizem olar bilen arkalaşýarys. Mysal üçin, Täze ýylda olara dagdan bäş-on sany arça ýygyp iberýäs. Şonuň üçin olar bize «ýok» diýmeýeller. Müdir çilim otlandy-da Mergeniň ýüzüne seretdi. – Çilim çekýäňmi? Mergen başyny ýaýkady. – Gaty oňarýaň, atdaş! Ýigrenji zat, çekme, şuny. – Bolýar! Müdir ýerinden turdy-da, seýfini açdy. Ondan bir tagta kagyz çykardy. – Sen näme et diýsen-e. Şuňa hökman gol çekdir. Ýöne bu haty Ahmeowa beräýme. Ol kellesizdir. Özüň al. Bir ýerlerde galdyryp, gaçyraýma. Ol şol tagta kagyzyň niresine gol çekdirip, niresine möhür basdyrmalydygyny gaýta-gaýta görkezdi. – Sen näme et diýsen-e. Ähli alan zadyňy özüň maşyna ýükle. Ýeke zadam ahmal etme. Ahmedowa bil baglaýmagyn, ediljek jürüňi diker. Ol gaty kelasaňdyr-a. Ol diňe maşynyny sürer. «Elim agyrýar, maňa agyr ýük götermek bolmaýar» diýer oturar. Seni gerek ýeriňe elter. Sen näme et diýsen-e, bar zady özüň etgin. Soňam, ýüki edara getrersiň. Men sen gelýänçäň garaşjakdyryn. Maňa tabşyrarsyň, getiren zatlaryňy, hasabatyny berersiň. Onsoň, sen boş.. Ýok, soň näme etmelidigini özüm aýdaryn... Ol kabinetinden çykdy. – Ahmedow, sen taýýarmy? Ahmedow ýyljyraklap müdiriň alyndan çykdy. – Taýyn men, taýyn, başlyk. Müdir Ahmedowyň üstüne heňkirdi. – Sen näme et diýsene, bararsyň bilim bölümine. Bul oglana görkezersiň. Ýöne özüň girme jaýa. Näme diýseler «Elim agyrýar» diý-de otur. Öňkiň ýaly, piwo-da ýok saňa, arak-şerabam. Düşündiňmi?! – Ýo-ok, başlyk jan, indi seniň diýeniň ýaly ederin, Alla jan çapsyn, ynanaý! – Onda bir zat ediň, pasportyňyzy alyň-da, ugraberiň. Mergen Ahmedow bilen raýon içeri işler bölüminiň pasport berilýän ýerine baryp, öz pasportyny alyp çykdy. Soň çekine-çekine, Ahmedowa ýüzlendi. – Ahmedow, sende näçeräk pul bar? – diýdi. Ahmedow Mergeniň syryny aňjak bolýan ýaly bolup, onuň gözlerine jikgerip seretdi. – Ýok, mende pulam ýok. Men adama pulam karz beremok. – diýdi. Mergen onuň egninden tutdy. – Onuň ýaly bolsa, ýöri, öýe baryp birneme pul alaýyn. Gyzylarbada barsak meniňem aljak, goýjak zadym bar. – Ýok, how, men seniň syrtyňa düşüp ýörjek däl. Ýöri, çaltyrak bol... Mergen öýüne girip üç ýüz elli manat pul alyp çykdy. Onuň gapysyndaky buldozeriň töwereginde bir topar adam üýşüp durdy. Mergen olara kän bir ünsem bermedi. Ýöne duranlar oňa üns berdiler. Olar Gyzylarbat şäherine sagat on bir bolmanka bardylar. Raýon bilim bölüminde olara garaşyp duran ekenler. Inspektor oglanlar kitaplary, klas žurnallaryny, iki guty meli, mata-marlygy, beýleki goş-golamlary, baýdaklary kemini goýman maşyna ýerleşdirdiler. – Sizde hasap haty bolmaly. – diýip, müdir oglanyň özi sorady. – Men şoňa gol çekip, möhür basaýyn... Ol kagyzyň diýilen ýerlerine gol çekip, möhür basdy. – Sagat näçe? – diýip, Mergen sorady. – Sagat ondan işleýär. – Näçe? – Bizde Moskwa wagty bilendir. Näme bir ýere barjak bolýaňmy? Mergen maslahat soraýan şeklinde: – Men täze gurýan jaýymyň üstüni ýapyp bilemok. Maňa pürs, gapy, penjire, tagta, şifer gerek. Okuwy şu ýyl gutardym. Ýaşar ýaly jaýym ýok. Bir jaýjagaz gurýan, üstüni ýapyp bilemok. Ahmedow arkaýyn gürledi. – Aý, senem-eý, öwlýä kessin. Agaç öz raýonymyzda-da şundan. – Aýasy bilen bokurdagyny çaldy. Indi şularyň arasynda gedaýlanyp ýörmelimi. Başlyk näme diýdi, saňa... Gyzylarbadyň bilim bölüminiň müdiri myhmanynyň işini bitirmän goýbermegi gelşiksiz gördi öýdýän, sagadyna seretdi-de, – Ýöri, barar göräýeris – diýdi. Olar Ahmedowyň maşynyna münüp, raýonara agaç bazasyna geldiler. – Han-a, bar eken-leýt – diýip, bilim bölüminiň başlygy maşyndan düşdi. –Ýöriň! Eli pişekli, etli-ganly ýaşuly kiçijik bassyrmanyň aşagyndaky stoluň başynda ýalaňaç aýaklaryny köwşüniň üstüne atyp, jalbaryny dyzyndan geçirip oturşyna astyndaky kiçijik oturgyjy jygyldadyp, kimedir haýbat atyp gygyrýardy. Ol müdiri görüp, äýnegini gözünden aýryp, ýerinden turdy. – Köşekli, gel, gel, näme ýumuş! – diýip, göwünjeň habarlaşdy. – Öten agşam gowy tagta geldi. Şifer bar. Müdir Mergene bakan baş atdy. – Garrygaladan ýegen gelipdir. Şoňa odur-budur gerek. – Ýaşuly baş atdy. – Kekras üstüne geldiň, ýegen. – Ol Mergene tarap öwrüldi. – Saňa näme gerek? – diýdi. Mergen häliden ýazyp goýan bir tagta kagyzyny ýaşula uzatdy. Ýaşuly stoluň üstünde ýatan äýnegini alyp, onuň aýnalaryny barmagy bilen süpürip, gözüne geýensoň, hetjikläp okap başlady. – Täk, täk, şifer, näçesi gerek? – Bilmedimd-ä – diýip, Mergen oňa aljyraňňy seretdi. Ýaşuly ölçeg äýnegini gözünden aýryp Mergeniň ýüzüne seretdi. – Sen ölçegini aýt, gurýan jaýyň. Mergen baş atdy. – Boýy sekiz, ini alty metr! Ýaşuly stoluň bir gyrasynda duran çota kakyşdyrdy. – Uly şiferden ellisini alaý. – Soň ol müdiriň ýüzüne seretdi. – Tagtaň barmy? – Tagta-da gerek! Ýaşuly ýene-de çotuna kakdy. – Çüýüň, gaňyrçagyň barmy! – Ýok, gerek! – Gapyň, penjiräň barmy? – Ýok, gerek. – Näçesi. Mergen aýdyp ýetişmänkä, ol ýaşuly: – Panar gerekmi? – diýdi. – Hawa. Fanerem gerek. Ýaşuly Mergeniň kagyza ýazan, ýazmadyk, jaý üçin gerek bolaýjak materiallary ýazyp, hasaplap, ilki «530» diýip ýazdy, soň ony çyzyp «500» diýip ýazdy. – Ulagyň barmy, puluň nagtmy? Mergen jübüsinden puluny çykardy-da, stoluň üstünde goýdy. Ýaşuly puly sanady-da: «Salgyňy aýt!» – diýdi. – Garrrygalanyň aşaky Garaganly obasy. Mergen Ataýew». Ýaşuly başyny laňňa galdyrdy. – Kimiň ogly? – Atanyň. Ýaşuly onuň ýüzüne hyrydar seretdi. – Ata janyň diýsen-e! Ejeňe Sona diýerler. Köne mülkdemi?! Mergen baş atdy. Ýaşuly öz agzyna aňkarylyp duranlardan gussaly ýüzüni sypjykladyp: – At ýatak – çukur durmy, ýa-da gömlüp gidenmi? – diýdi. Mergen indi ýaşula ynandy. – Men şu ýyl uniwersiteti tamalap oba bardym. Şol çukuram özüme mellek edip aldym. Häzirem onuň içini arassalap otyryn. Şol köne jaýyň arkasyndan bir diwar örüp, özüme iş otag edindim. – Soňra ol öz maşgala ýagdaýy, käri, işe başlajak bolýandygy barada gysgajyk gürrüň berdi. Ýaşuly Mergeni sesini çykarman diňledi-de, razylyk bilen: – Maňa Nobaraly diýýändirler. Seniň dädeň ýegre dosty men. Ataňa Hajymämmet ahun diýerdiler. Ol pahyry Sibire sürgün etdiler. Ata ýetim galdy. Soň bileje patyşalyk athanada ilki çapyksuwar, soň seýis bolup işledik. Soň, ak patyşa ýykylansoň men-ä atdan gaýtdym. Ata neresse şol athanada galdy. Öýlendi. Frontdan ýaraty bolup gelip, ellinji ýyllarda amanadyny tabşyrypdyr. Meniň neressäň yzynda zurýadynyň galanyndan habarym ýokdy. Arada oba bir aýlanyp gaýtdym. Ol athanamyz porsap, çüýräp, weýranhana bolup galypdyr. Jaý weýran bolupdyr. Görüp, gözümiň ýaşyny saklap bilmedim... Ýaşuly birden göterilip gürledi. – Sen Atanyň ogly bolsaň, atýataga, şol köne mülke eýe bolýan bolsaň, bar, gidiber, ogul. Näme gerek bolýan bolsa, Nobaraly çekýär şony. Men saňa gerek agaç-tagta dynç güni gowşar ýaly ederin. Mergen ýaşulynyň yzyna uzadan puluny almady. – Men saňa bir maşyn gowy sementem ibererin. Mergen ellerini daldalatdy. – Ýok, beýtmäň! Men köne mülke halal gazanjymy siňdirjek. Nobaraly aga ýylgyrdy. – Meniň berenimem saňa halaldyr, köşegim. Olar ep-esli çekeleşensoňlar, ýaşuly öz diýeninde durdy. Gerek bolaýjak zatlary ýagşy aýdyp-goýansoňlar, Mergen raýon bilim bölüminiň müdiri bilen hoşlaşyp, ýola düşdi. Ahmedow ýolboýy Mergene iňirdeý-iňirdeý geldi. – Sen maňa naharam alyp bermediň, ýuwmadyňam, adamlygyň gaty pes eken... Mergen edip oturan agyr oýlaryndan açyldy. – Näme diýdiň? Ahmedow hilegärje ýylgyrdy. – Hojagalanyň naharhanasynda süýjüje naharlar bolýar. Alarsyň, ýuwarsyň – diýýen. Mergen baş atdy. Olar sagat üçlere bilim bölümine geldi. Müdir aýdyşy ýaly, garaşyp oturan eken. – Baý, eglendiňiz-eý! – Ol Ahmedowyň ýüzüne seredenden, onuň ýagdaýyny aňdy. – Onuň pormysyna bir seret, haý, seniň mysalaň gursun. Men saňa näme tabşyrdym. Şu ýyl senden dynmasam, atamyň ogly bolmadygym... Müdir getirilen goş-golamlarymaşyndan düşürişip, otaglaryň birinde ýerleşdirensoň, Mergene minnetdarlyk bildirdi. – Sen bir zat et, indi gaýdyber! – Ol birden sägindi. – Sen bir zat etsen-e. Ertir yzyňdan maşyn barar. Şolara goşulyp, tutuş raýonyň mekdeplerine aýlanarsyň. Mekdepleriň täze okuw ýylyna taýýarlygy baradaky hasabaty birigün irden maňa getirip berersiň. Mekdepleriň abadanlaşdyrylyşy, klaslaryň okuw ýylyna taýýarlygy, ýedi ýaşy dolan çagalaryň mekdebe çekilişiniň ýagdaýy, mekdepleriň içiniň, daşynyň bejerilişi. Ine, şular barada sanlar, mysallar bilen hasabat ýazarsyň. Düşündiňmi? Bar, indi gaýdyber... Mergen tüp yssyda ýanyp-bişip öýüne bardy. Ol işigini açyp durka, Annabike daýza demi-demine ýetmän, hasanaklap geldi. – Ýegen jan, gördüňmi, eden işlerini! – Salawmaleýkim, daý... – Onuň sözi agzynda doňup galdy. Nebir hajathanasy, duşy gara köýük bolup ýatyrdy. Mergen işiginem açman, baryp ýanan ýerleri synlady. Agaç-tagta sütünler, faner diwarlar ýanyp, gap-gara sudur bolup durdy. Diňe işikler ýanman çukura gapgarylypdyr. – Ýaşy kesilmiş, Şepi tentegiň iki ogly etdi. Olar seniň azap çekip daşyna çykaran gumlaryňam aşak taşladylar. Ýene men ýetişdim, ýegen jan. Ol meýitler ýogsa seniň öýüňem otlajaklar. – El ýuwulýany nätdilerkä? – Men bilmedim! – Garry gowurdaga dönen ýüzüni eňşitdi. – Ýegen jan, sen hiç zada eliňi degirme. Men aşakdan milisge çagyrtjak. Bularyň gözüni gazamatda açdyrtmasaň, adam däl-ä bular! Başda-da men «Bulara ýanaşma, ýygen» diýdim, etmediň sen. Bu gün şeýdýän bolsalar, ertir sen günüňe goýmazlar bular. Ol baryp çukura seretdi. Oňa-da üç-dört bedre diýen ýaly gum pytyradylypdyr. Garry her näçe jibrinse-de, Mergeniň göwni ynjalykdan gaçmady. Ol işigini açdy-da, köwşüni çykarmanka çaý goýdy. – Hany, gel, daýza, bileje çaý içeli. Özümem şu duş bilen hajathanany ýykjak bolup ýördüm. Mazaly goňşularyňam maňa kömek etjek ýeri bar eken. Emma garry köşeşer ýaly däldi. – Häk, ýegen jan, sen çaý, paý diýip, muny sowuk-salalyga urma! «Utananyň ogly bolmaz» diýipdirler. Bularyň gözünde ot ýakdyrmasaň, olar seniň häli öýüňem otlawersinler. Çagyr milisgäni, basdyr gazamata!.. Mergen salkyn içerä girensoňlar ýadandygyny, suwsandygyny duýdy. Orta saçak ýazansoň ol garra ýüzlendi: – Daýza, sen Nobaraly diýen adamy tanaýan dälsiň? – diýdi. Annabike daýza Mergeniň ýüzüne haýran bolup seredip galdy. – Näm boldy? – diýip, gorkuly sorady. Soň sesini çykarmady. – Men şu gün Gyzylarbada bardym. Şol ýerdenem jaýjagazymy basyrmak üçin şifer, tagta, faner alaýyn diýip bir baza bardyk. Pulumy töläp, salgymy aýtsam, ol adam «Sen kimiň ogly bolarsyň?» – diýip sorap dur. Menem aýtdym. Ol adam barysyna belet. Barysyny aýdyp otyr. Garry ýumrugyny agzyna tutup, içinden diýen ýaly, «Ol tanar-la, Dädeň jan ýaly dosty bolmaly, meniň diýýän Nobaralym boljak bols-a» diýdi. Soň Mergeniň ýüzüne dikanlap: – Jany bir sagmy? – diýdi. Mergen ýerinden turup, iki çäýnegi demledi. Düýn aşakdan satyn alan kolbasasyny getirip kesişdirdi. Saçagyň üstüne iýmek-içmek goýuşdyrdy. Soň käsesine ep-eslije gant atyp, garbanyp başlady. Nämüçindir, garrynyň hälki gaýnap duran gahar-gazaby bada-bat köşeşdi. Ol öňünde goýlan çaýly çäýnegi boýnysunujylyk bilen içip başlady. – Işe başladyňmy? Mergen baş atdy. – Işe üç gün ir çagyrdylar. – Gowy-da – diýip, garry saçaga elini uzadyp, bir bölejik kolbasa aldy. –Ýene idäp dursalar gowudyr. Mergen çaý içip oturyşyna garra öz ýagdaýlaryny gürrüň beren boldy. – Hiç işime ýetişip bilemok, daýza! Çukuryňam ýene on günlük işi ýatyr. Jaýyň üstüni basyrmaly. Şiferlemeli, pollamaly, gapy, aýna goýmaly. Ine, indem okuw başlanýar. – diýip ýörkäm, hajathanamy, duşumy otlapdyrlar. Bularyň barynyň üstesine pulumam azaldy. Puluň üstünden baranlarynda garry gepi başga ýana sowdy. – Onsoň, işläp başlasaň, aýlygyň näçe bolmaly, ýegen? Mergen ikinji käsesinem lezzet bilen içdi. – Aý, daýza jan, aýlyk bolup, üýtgeşik aýlyk ýokdur-la. Mugallymçylykda işlän ýylyň näçe köp bolsa, şoňa seredilýär-dä. Men işe indi başlaýan-a. Şonuň üçin meniň aýlygym bolsa, zordan ýüz manat bolar. Garrynyň gözleri ligirdedi. – Kän eken, ýegen jan, nesip etsin. Ol oturdy-oturdy-da: – Gel bir zat edeli, ýegen jan. Sen öýüňi-iliňi taşlap, güni bilen başyňy alyp gitmeli. Onça aýlyk alsaň, men seniň öýüňden, işigiňden guş uçurmaýyn. Senem maňa her aýlyk alanyňda on manat ber. Mergen ýylgyrdy. – Bolýar, daýza! – Işigiňem süpürip goýaryn, suwuňam getirip bererin. – Ýok, olar saňa agyr bolar. Garry galkynjyrady. – Pulam az däl-de, ýegen. Köne puldan ýüz manat ahyryn ol. Şondan soň garrynyň aýaklary ýeňläp, öýüne guş bolup uçup giden ýaly boldy. Mergen saçagy ýygnap daşary çykanda, Gün sallanyp ugrapdy. Mergen baryp hajathananyň, duşuň ýanmadyk, ýanan tagtalaryny sökdi. Ýerde ýatan suw guýulýan gaby getirip, sekiniň üstünde goýdy. Hajathana işigine çenli ýanypdyr. Duşuň gündogar gapdaly, üstki gatlagy, sütünleri ýalyna garalsa-da, doly ýanmandyr. Iki işik bitin durdy. Mergen heniz üsti basyrylmadyk jaýyň içine göz aýlady. Bölek büçekleri hasap etmäniňde-de, ýüz sany uly kerpiç üýşüp ýatyrdy. Bölek kerpiçlerem ep-esli bardy. Mergen ýüz ugraragam bolsa, iki ýarym metr ýere, boýy iki metr bolanda näçeräk kerpijiň gitjegini hasaplady. Jemi ýüz kerpiç töweregi gitjekdi. Iň bolmanynda metr ýarymrak ýeri örüp, duşy gurup, galanyny soň ýetiriberseňem bolman durjak däldi. Ýöne häzir her etmeli, hesip etmeli «Mergeniň öýi otlanypdyr» diýdirmeli däldi. Ol suwag palçygyny edýänje agaç ahyrjygyny getirdi. Ony gumdan dolduryp palçyk etdi. Soň Günüň ýaşaryna garaşyp, bilini daňdy, iş eşiklerini geýdi. Ol garaňkyny düşürip, işe başlady. Irden Annabike daýza gelip, öňki ýanan duşuň, hajathananyň ornunda lowurdap duran jaýjagazlary görüp, agzyny açdy. – Ýegen, ýegen jan, turaweri! – diýip, garry ýüregi ýarylan ýaly bolup gygyrdy. – Oňa bir seret, seret oňa! Mergen gözlerini açdy. – Salawmaleýkim, daýza! – Maleýkim! Mergen bütin gijeläp çeken zähmetinden bina bolan ymaratjagazlaryny höwes bilen synlady. – Bolupmy, daýza? Garry agzyny açyp durşuna: – Kemi galmandyr, ýegen jan, özüň etdiňmi? Mergen güldi. – Sen ony sorama, daýza. Sen sagatyň näçe bolanyndan habar ber? – Sagad-a ýedi! Mergen laňňa ýerinden galdy. Ol gijesi bilen işläp, kerpiç örenine, suwanyna, duşuň suw gabyny ýerine goýup, ony suwdan dolduranyna begenmän, arada jaýynyň içini, daşyny agartmak üçin hekini ezip bu ymaratjyklarynyň daşyny, içini agardanyna begendi. Sähelçejik ýer bolansoň onuň içine, daşyna telim gaýta hek çalypdy. Howa gijesi bilen petiş bolansoň, suwagam bada bat gurapdyr. Häzir bolsa onuň guran ýerlerine çalynan hek bu jaýjagazlary ak gunduz ýaly edip görkezýärdi. Mergen ylgap baryp çaý goýdy. Soň duşa girip, ýuwunyp çykdy. Sekiniň üstüne ýazylan düşekleri ýygnap, saçak ýazdy. – Gel, daýza, çaý içeli. Garry ýaýdanjyrady. – Ýegen jan, öňňin sen gatyk diýdiň. Menem bu haram ölmüş Şepiniň aýalyndan bir banka gatyk diläp aldym. Öten agşam: «Şonuň puluny ber» diýip Şepiniň aýaly iki sapar geldi. Meýit, sakalyny sallap, ärem ýaňy gelip gitdi. Şony berewomasaň boljak däl... – Näçe manat? Garry başyny namys bilen ýaýkady. – Wah, ýigirimi teňňe-le! Mergen daýzasynyň diýen puluny berdi. – Taňry ýalkasyn! – diýdi diýeweri. Mergen sekä geçip, öleňlikden gelýän jenneti öwüsgine ýadaw gursagyny gerip, çaý içdi. «...Azaby kän, çykdajysy uly bolsa-da, bir işjagaz bitirseň-ä ruhuň begenýän eken. Ýöne şular ýaly işjagazlaryň adamy özüne imrindirip, esasy maksatdan sowup goýberýän wagtlaram gyt bolmaýar. Çukjurly meseläni men aýyň aýagyna dynaryn diýip, özüme söz berdim. Nädeýin, bu çukura indi bir gije-gündiz bäri giribem bilemok. Heniz okuw başlanmanka şeýle. Okuw başlanansoň munça-da boljagy belli däl.» Ol şol oýlanyp oturşyna çaý-çörekden keýpini kökledi. Göwni bolsa ýene-de çukura girip, tä gara dere batýança işle diýýärdi. Mergen ony edip biljek däldi. Hä diýmän yzyndan adamlar gelmelidi. Onda-da ol halys çydaman, içeri girip, eşiklerini çalşyryp, çukura girdi. Günortanyň öň ýanynda onuň yzyndan üç adam geldi. Mergen maşynyň sesini eşiden badyna çukurdan çykdy. – Geliň, men size çaý bereýin! – diýip, ol gelenlere mürehet etdi. – Sag bol, geýin, gideli, öňem giç bolup gitdi? – Daýaw pyýada maşyndan düşüp, töweregine syn salyp durşuna Mergeni gyssady. Mergen duşa girip çykýança beýleki aýallaram çukuryň daşyna aýlanyp geldiler. Mergen geýinip, işigi gulplady. – Bu çukury arassalamak üçin bir ýyl-a gerek bolandyr – diýip, hälki epeý pyýada maşynyň alynky oturgyjyna münip, jaýlaşykly oturandan soň sorady. Mergen yzda oturan iki aýalyň gapdalyna mündi. – Bir ýyl-a däl, ýöne otuz gije-gündiz-ä gerek bolar. – Näçe adama? – Bir adama. Epeý pyýada ylalaşmady. – Bir adam ekskowator bolanda-da birki aýda alyp bilmez. Gelinleriň biri: – Şonça ýeri näçe aýda arassaladyň? – diýdi. Mergen ýylgyrdy. – Ýigrimi gije-gündizde, ýene on gije gündizlik işi galdy. Maşyndakylar gaňyrylyşup, Mergeniň ýüzüne-ýüzüne seredişdiler. – Tüweleme! Şondan soň hiç kim bu meseleden gep gozgamady. Epeý pyýada özüni tanatdy: – Ine, men bilim bölüminiň müdiriniň orunbasary Begjan mugallym! Gapdalyňdaky ak ýüzli perizat ýaly owadan gelin raýon ýaşlar guramasyndan Bibijan Babaýewa, aňyrky owadan gelin profsoýuz Sonýa Baýlyýewna! – Menem Mergen Ataýew. Biz nirä barmaly? – Biz mekdeplere aýlanmaly – diýip, Sonýa Babaýewa öňürtiledi. Emma Begjan mugallym bu gysgajyk düşündiriş bilen kanagatlanman, özi düýpli düşündiriş berip başlady. – Biziň etmeli işimiz kän. Awgustyň ýigrimi üçi, ýigrimi dördi aralygy awgust maslahaty bolmaly. Eddil, ýene üç günden. Şoňa biz şu ýerden tä, ýokarky Summardaky on bäş mekdebe aýlanyp, şol mekdepler boýunça abatlaýyş boýunça, mekdebe ýedi ýaşlylary çekmek boýunça, mugallymlaryň, mekdebiň, klaslaryň okuwa taýýarlygy boýunça ýagdaýyny öz gözümiz bilen görüp, gerek bolsa dil kömegini berip, hasabatlaryny alyp gaýtmaly. Şofýor ýigit howsala bilen: – Bu gün ýetişmesek nätmeli? – diýdi. Begjan mugallym güldi. – Ertirem bar-a. Ertire galyp, Çendir tarapyny soňa goýmaly bolarys-da. – Ýok, şu gün her iş etmeli, gutarmaly – diýip, Sonýa Babaýewna ýüzüni turşardyp aýtdy. – Çagalara seretmäge adam ýok, goňşa goýup gaýtdym. Juda bolmasa, her obada bir mekdebe seredip gaýdalyň. Begjan mugallym sesini çykarmady. Mergen töweregine seretdi. Ýoluň Sumbara tarap käl bolup gidýän ugrunda onuň ýaşan, tomus aýlarynda işlän sowhozynyň öňler gara bulut ýaly bolup ýatan baglygy indi gurap galan agaçlaryň jeňňelini ýadyňa salyp, gury töňňe bolup, kalbyňda ýakymsyz duýgy döredýärdi. – Onda her mekdebe on bäş, ýigrimi minut berýäris. Köşek, senem gaýgyrman sür. Ýolumyz gaty uzakdyr. Ol ýerlerden yzyňa geljek bolsaňam, ýarym gün gerekdir. Begjan mugallymyň bu teklibine hiç kim sesini çykarmady. Ilki bilen ýedinji, soň sekizinji mekdebe baryldy Bu mekdepler ýoluň ugrundady – Iň gowy dil-edebiýat mugallymyňyz kim bolmaly? – diýip, Mergen mekdebiň ditektoryndan sorady. – Äşe mugallymdyr! – diýip, mekdep direktory, görmegeý gelin bada-bat jogap berdi. Mergen baran mekdeplerinde mekdep direktorlarynyň adyny, mekdepde näçe mugallymyň, näçe klasyň, näçe okuwçynyň bardygyny, dersler boýunça, ylaýta-da dil we edebiýat dersi boýunça ökde, tejribeli mugallymyň adyny ýazyp aldy. Mekdepleriň her biriniň töweregini, mekdep mugallymyň, okuwçylaryň elleriniň yzlaryna üns berdi. Baryny belleşdirdi. Her mekdepde ýaşuly mugallymlaryň näçesiniň bardygyny hasaba aldy. Bu toparyň maşyny Güni ýaşyryp, Mergenleriň işigine gelip saklandy. – Ertir Çendir tarapyna gideris! – sagat ýedä taýyn bolgun. – diýip, olar gitdiler. Mergen gelişine duşa girdi-de, çaý goýup, gantlap çaý içdi. Mekdeplere aýlanyp ýörkäler birki ýerde çaý-nahar hödür etseler hem, Mergen hatyna güýmenen bolup barmady. Şonuň üçin maşyndakylar onuň bilen kän bir ýüz açyşyp gürleşmediler. Häzirem onuň kellesinde barlagyň hatynyň dowamy işlenip durdy. Mergen çaýdan sol çukura girip, gijäniň bir wagtyna çenli işledi. Ol işläp oturşyna şu günki edilen işleriň hasabatyny düzüp gutardy. «...Wah, şol ýaşlar guramasynda işleýän gelinden Oguljany soramaly ekenim.» – diýip, ol gysgajyk oýlandy. Aýsyz asman garamtyl ýaşyl mahmalynyň üstüne tapan-tupan dür monjugyny pytradyp, özüni güjeňleýän ýaly, pynhan halda otyr. Öleňden öwüsýän tämiz dem bolsa, şol owadan tämiz asmana uçsam-uçsam diýdirýärdi. Dünýäniň ýüzünde ses-selem ýokdy. Diňe ýap boýundan şol bir tanyş sesler turýardy-da, ýene çykan ýerine siňip gidýärdi. Bu ümsümlik, rahatlyk dynçlyk Mergeniň hyýalynda «Oguljan!» diýen ägirt ruhy, umyt, hyýalyndan gurulan harmany otlap goýberdi. Ol ýene-de Oguljanyň dünýäsine girdi. Ýigit gyzyň hasratly didaryny gördi. Ýöne oňa hiç zat diýip bilmedi. Oguljan käse ýaly owadan gözlerini şuglalandyryp durdy. Mergen sözläp bilmedi. Ýöne onuň ýüreginiň çuňlygyndan bir aýdym paşyrdap çykdy. Sen diýp ýandym, külüm ýok, Bilbil boldum, gülüm ýok, Seni söýenim bäri, Aglamadyk günüm ýok! Bu aýdymyň nireden kalbyna siňenine Mergen düşünmedi. Ýöne bu aýdym älemi ýaňlandyrdy. Oguljan bu aýdymy eşidenden «goý, oglan» diýýän ýaly, tylla pyýala gözlerini petretdi. Onuň gözlerinden dury damjalar paýrap gitdi. Mergeniň kalby täzeden joşup başlady. Seniň derdiň maňa dermandan artyk, Saňa gul bolanym, soltandan artyk, Eger çöl içinde adyň eşitsem, Meger şol çöl maňa bossandan artyk. Oguljan, megerem, Mergeniň agzyny akja, näzik aýalary bilen tutjak boldy. Ol elini oňa uzadyp, Mergene garşy gaýtdy. Mergen yza çekildi. Sygamok bu jahana, Gyş, tomus, güýz, bahara, Goşgy-da bir bahana, Seni göresim gelýär! Seni göresim gelýär, Ogu-ul-ja-ja-aa-an! Mergen serpmeden gaýdan ýaly bolup, düňderilip gaýtdy. Ol dyzanaklap ýerinden turdy. Görse, toprakdan doly agyr çuwala büdüräp ýykylypdyr. Ol ýerde ýatan agyr çuwaly zordan göterip, çukuryň gyrasynda goýdy. Özi çukuryň gyrasyna çykanda, erbet ýadandygyny duýup galdy. Tutuş durky öl-myžžyk derdi. Ol bilindäki köneje ýüň ýaglygyny çözüp, köne eşiklerini çykaryp, duşa bakan ylgady. | |
|
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?! - 16.06.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |