22:39 Köne mülk -5: romanyň dowamy | |
10. Häzir gijäniň ýary bolsa-da, Oguljan heniz ýatmandy. Ol Şanazara garaşýardy. Onuň ak öýlän «raýon merkezine baryp, geljek» diýip, çykyp gidişidi. Ol Şanazaryň gijä galanyna däl-de, soňky döwürde içgä kän üns berýänine şo halyna maşyn sürýäninden ätiýaç edýärdi. Ol Şanazary indi bäş ýyl bäri tanasa-da, şol döwürlerde uly gyz ýally asylly, parasatly, nurana boýuna gelşikli sallanyp ýören ýigidiň soňky on-ýigirmi günde düýpgöter üýtgemesini aklyna sygdyryp bilenokdy. Ýaş gelin ilki-ilkiler Şanazar okuwy tamamlanyna, öýlenenine begenjine içýändir öýtse-de, soňa baka, Şanazaryň içmesi, içip gelenden soň Oguljanyň üstüne ýersiz ýere azgyrylmasam has artypdy. Oguljan nika gijesinden soň özünde agyr üýtgeşikligiň bolandygyny duýdy. Ony Tuwaga-da duýdurdy. Tuwagam sen ýok, men ýok, aýallaryň üýşüp oturan mahaly: «Eje, gelniň eýýäm agzy bimaza!» diýdi-de goýberiberdi. Bu habar şol günüň özünde ýokarky, ortaky, aşaky Garaganla doldy. Muňa Şanazaryň bolmajasy boldy. Ol agyr içgili halyna Oguljany gujaklap: «Maňa ogul gerek! Soň eşitdim, eşitmedim diýme!» diýip, her dürli gödek oýunlary eden bolýardy. Şondan ep-esli gün geçenden soň Şanazar gelnine saçynyň ýeňsesini deňletdi. Olar oýun-gülki bilen bu işe şeýle bir berilipdiler welin, içeri Garagyz gelnejäniň gireninem duýmadylar. – Gelin! – diýip, Garagyz gelneje ýanjynyp başlady. – Men size gazda suw ýylatmaň diýip, näçe sapar aýtdym. Her bäş günde bir ballon gaz gelýär. Siziň azaryňyza-da däl-le... – diýdi. Oguljan gaýyn enesinden ýaşynmansoň: – Häzir aýraryn! – diýip, gazy öçürip, onuň üstündäki suwdan doly ullakan bedräni ýüzugruna götermekçi boldy. Şodur-da-şodur, onuň içinden bir zat sogrulan ýaly boldy. Ol bedräni ýerinde goýup, baryp jaýyň bir burçunda çugutdyryp oturdy-da, agyrsyna çydaman aglap başlady. – Näm-ow – diýip, Şanazar Oguljanyň ýüzüne-de seretmän gyňyrlaç lak atdy. – Ejem bir zat diýse, gaty görmesi ýokdur. Oguljanyň jan-jan öz janydy. Ol janhowluna: – Ejeňi çagyrsan-a! – diýip, naýynjar seslendi. Onuň demi janalgyçdan gaýdýardy. Şanazar owadan gözlerini balkyldadyp, gelnine seretdi. – Näm bol-da-ý?! – Bilim!.. Çagyr ejeňi... Şanazar dazyrdap öýden çykdy. Bir salymdan ýaş gelniň daşyny aýallar aldylar. Olar gelni düşege geçirip, «Tiz kömege» jaň etdiler. Şol gün oba «Şanazaryň gelniniň çagasy düşüp, ony aşak, keselhana alyp gidipdirler!» diýen şum habar ýaýrady. Ondan bäri bir hepde wagt geçipdi. Şanazar ertir partiýanyň raýon komitetiniň ideologiýa bölüminiň instruktory bolup işe başlamalydy. Oguljan üçinem raýon ýaşlar guramasynda iş görlüp goýulypdy. Indi olar her gün işe bileje gidip, bileje gelip biljekdiler. Emma nämüçindir, Şanazar bir zatlary Oguljandan gizlejek bolýardy. Muny ýaş gelniň ýüregi syzýardy. Sebäbi Şanazar indi öňküsi ýaly, gelnine açykdan mylakatly däldi. Şu gün ertir Garaja diýen oglanyň maşynyny saklap bilmän gelnaljy güni gorpa gaçyrandygy, maşyndaky iki adamyň agyr ýaraly bolandygy baradaky waka ýatlandy. Şonda hiç kim sesini çykarmasa-da Şanazar: «Näme bolanmyş-aý. Bu öýe ýyldyz girene döndi-le. Niräňe seretseň, bişowluk» – diýip, gaty närazy bolup aýtdy. Soňam ejesiniň: «Gelniň işinem görüp goýuň!» diýmesine ýüzüni awynyň sapy ýaly eňşidip, ýüz bermän çykyp gidipdi. Ol günorta çenli kakasy bilen çüýşe baryny boşadyp, hümür-sümür edip oturdy. Öýleden soňam akja ýüzüne şugundyr suwy çalynan ýaly bolup, ýakynda kakasynyň Aşgabadyň bazaryndan getirden täzeje žigulisine münüp, aşaklygyna gitdi. Gijäniň bir wagty bolsa-da, Şanazar henizem gelenokdy. Oguljan maşynyň sesine ylgap daş çykdy. Häzirem ol günbatar tarapdan öwüsýän salkyn şemala gujagyny gerip, durdy. Aşakda ýagty saçýan beýikli-pesli çyralar lowurdaşyp, garaňky gijäniň gujagyna dökülişip ýatyrdy. «Şu çyralaryň bir ýerlerinde senem-ä bar bolmaly, Mergen?» – diýip, ýaş gelin ýüreginiň emrine zarba uran kemligine bäs gelip bilmän pyşyrdady-da, gözlerine ýaş aýlady. «Sen bir meniň bu gara maňlaýymyň nä günlere uçurap ýörenini eşitdiňmikä?! Eşiden bolsaň, bir zat diýýänsiň-ä. Sen näme diýýäň, Mergen!?» Oguljan işigiň açylanyny eşitdi-de, öz tamyna girip gitdi. – A gyz, Oguljan, sen henizem ýataňokmy, gyz? Tuwagyň sesi Oguljany sägindirdi. Ol; – Maşynyň sesi geldi. Şanazar geldimikä diýip daş çykdym. – diýip, göwünsiz jogap berdi. Tuwak ýaş gelniň ýanynda oturdy. – Beýdip oturma. Geler ýörerde, sen bir bar-da ýat-a. Oguljanyň düşünişi boýunça, Şanazar diýmek «hudaý» diýmekdi. Oňa habar gatmagam, bir zat soramagam, maslahat soramagam, edenine däl diýmegem hiç bolup bilmejek zat hasaplanylýardy. Şanazaryň han özi, soltan özüdi. Ejes-ä beýlede dursun, dädesiniň özem ogluna diňe geňeş salyp bilýärdi. Şonuň Şanazaryň gitdi, geldi, oturdy, ýatdy meselesine gatyşmaga hiç kimiň haky ýokdy. Ýaş ýigidiň özem bu obada-ha däl, tutuş raýonda iň owadan, iň baý, iň akylly, iň abraýly adamlygyna gutarnykly ynanýardy. Ol özüni gedem, boýnyýogyn, hakyky häkim hökmünde görýärdi. Häzir ol bu ýaş gelniň özüne gelin näzi bilen, heniz ýüzi açylmadyk gelniň inçejik öýke-kine bildirýändigini dagy guýaýsa, onda bu ýaş gelniň dat gününe bolmalydy. Şanazar Oguljanyň «düşüginden» soň oňa nämüçindir, edil ýagysy ýaly seredýärdi. – Sen raýkom komsomola işe gireňden soň, şol haramzada Mergen – ýer gemren ýalylar bilen hahaha-da wahahaý boluşjak bolsaň, bilip goý, ýeke günem işlemersiň. – Men adamlar bilen işlemeli bolaryn-a! – Adamlaryň ýanynda görüň ýok diýýän men saňa, eşitdiňmi?! Beýle adamlar bilen işläsiň gelen bolsa, Aşgabada, ejeň ýanyna taşlap gaýdaryn. Onsoň, şol ýerde köçe-köçe syrda, adamlar bilen işleşde ýör. Barybir, seniň indi boljagyň boldy... Bu gürrüň öňki agşam Şanazar bilen Oguljanyň arasynda bolupdy. Ýöne bu gürrüň täzelik däldi. Oňa keselhanada bedenini arassalap, däri-derman eden lukmanlar hem aýdypdylar. – Wah, önelgäňe zeper ýetipdir. Diňe Hudaýa ýalbar! Oguljan Aşgabada ejesine jaň edip, aglap, ýagdaýyny aýdanda-da ejesi hamsygyp: «Wah, gyzym, garamaňlaý bolupsyň-da» diýipdi. Ýöne Oguljan beýle agyr urgulara Şanazardan garaşanokdy. Gorkusy az däl bolsa-da, ol iki-üç ýylsyz bu gürrüňiň golaýyna geliner öýtmeýärdi. Emma Şanazar namartlady. Ýaş gelniň öňem ýat ýerde, ýat adamlaryň arasynda tirşelenen ýüregini para-para edip taşlady. Ýöne Oguljan özüni ele aldy. Serhoş adamsynyň gepini ar-namys bilip durmady. Maşynyň sesi eşidildi. Ýaş gelin ylgap daş çykdy. Eýwanyň agzynda Şanazar iki ýigit bilen gürleşip durdy. Ol gyryk, ýöne parahat sesi bilen oglanlara öýe girmegi mürehet etdi. Oglanlar garşy bolsa-da, ol: – Ýok, ýok, öýe girip, bir elli gram urmasak bolmaz! Ýöriň, ýöriň! Ýigitleriň daýawragy sesini çykarmady, emma özi bilen boýdaş bolup duran inçesagt ýigit aýgytly ses bilen: – Ýok-la, indiden soň öý bolmaz. – diýdi. Sag bol, biz gideli – diýdi. Emma Şanazar özelenip başlady: – Beýtmäň-ow, bir ellije gram-how. Oglanlar aşakda duran maşynlaryna bakan gitdiler. Işikde Şanazaryň maşyny görünmedi. Şonda-da ol öýe keýpiçag girdi. – Waý, muny, şol garaşyp otyrmyň? – diýip, gülüp aýtdy. – Men bolsam, sen süýji ukuda ýatansyň diýipdim. – Sen maşynly gidipdiň-ä – diýip, Oguljan ýuwaşja aýtdy. Şanazar daşky eşiklerini çykaryp durşuna geleňsiz gürledi. – E-eý, maşyn hiç-le. Dädemiň jany sag bolsa, maşyny gaýgy edemok. Ol maşyn bolmasa, başgasy... – Ol gelip Oguljany gujaklady. – Gel, ajyja çaý içeli! Oguljan orta saçak ýazyp, iýer-içer ýaly zatlaryň ýany bilen bir çäýnek çaý alyp geldi. – Nahar iýermiň? – Getiräý! Saçak başynda Şanazar ýene-de birneme içdi. – Ertir, ýok, şu gün işe başlamaly. Ýaňy gördüň-ä, şolar-da. Men şolar bilen bile işlemeli-dä. Olary restorana äkidip, işi ýuwduk. Maşyny restoranyň agzynda goýdum. Şol ýerde-de biri meniň maşynymy erbet urup, gaçyp gidipdir. Ony görer ýaly däl. Ussa äkitdik. Şoňa, oglanlar meni getirip gitdiler. Gül ýaly oglanlar... Oguljan öz işi barada gyzyklandy. – Şanazar meniň işim nähili bolarka? Şanazar bagryny ýassyga berdi. – Işiň barada sen Tuwakdan sora. Ony şol bilýändir. Ertir ikimizem işe çykarys. Şol ýerde meseläni çözerler-dä. Näme beýle işläsiň gelýär-le, gelin bolanyňa heniz bir aýam bolanog-a. Oguljan Şanazaryň ap-akja, seçek ýaly sarkaryp duran barmaklarynyň üstüne aýasyny goýdy-da, ýigidiň owadan, nurana gözlerine sadyklyk bilen garady. – Şanazar, ugruna düşen wagty menem işe başlanymy gowy görýän-de. Şanazar elini silkip aldy. – Näme, soň bolmaz öýdýäňmi? Gepleýän gepiň dagy nähili? Bilip goý. Beghanyň çagalarynyňky hemişe wagdyr! – diýip gygyrdy. Bu hökümetde, bu welaýatda bize azy urup biljek goç ýigit heniz enesinden dogan däldir. – Ol aýagy bilen saçagyň ujuny depip goýberdi – Ýygna, men ýatjak... Şanazaryň ynamdar sözlerinden soň,Oguljanyň göwni az-kem aram tapan ýaly boldy. 11. Çendir jülgeleriniň arasy bilen barýan maşyn ýoluň gyrasyndaky çeşmeleriň biriniň gapdalynda saklandy. Mergen maşyndan düşüp, çeşme suwuna elini, ýüzüni ýuwdy. Suw içdi. Ol: – Çendir jülgesinde näçe mekdep bolmaly?! – diýip gapdaldaky kese daşyň üstünde oturan Begjan mugallymdan sorady. Oňa çenli maşynyň içinde gäwüşäp oturan Sonýa Babaýewna: – Ony menden sora, bäş mekdep bar, bäş mekdep – diýip, jogap berdi. – Onda bu gün irräk gutararys! – Irräk gutarsaň, posýologyň özündäki üç mekdebem bardyr. Olara-da aýlanmalysyň. – diýip, Begjan mugallym Mergeniň ýüzüne hilelije seretdi. – Başlyk saňa, «Hasabaty ertir irden maňa gowşursyn» diýendir-ow. – Haýsy başlyk? Meniň başlygym kän-ä. Begjan mugallym hilelije ýylgyrmasyny etdi. – Atdaşyň başlyk! Näme, seniň ondan başga-da başlygyň barmy?! Mergen güldi-de: – Siz üçiňizem maňa kiçi başlyk däl-ä. – diýdi. Maşyn ugran badyna dagdan aşaklygyna düşüp başlady. – Maý aýynda şu ýerde oturypdyk – diýip, Begjan mugallym oturylyşygyň nähili bolanyny, oňa kimleriň gelenini şüweleň bilen gürrüň berip başlady. Mergeniň gözi töweregindedi. Dagyň ýüzi tä jülgä çenli kerkaw, dagdan, garagaç agaçlaryndan basyrnyp ýatyrdy. Ýabany üzüm bolsa agaç tokaýlygyny durşuna basyrypdyr. Jülge bolsa durşuna böwürslen jeňňelligine öwrülip gidipdir. Gapdaldaky gaýalaryň böwründe käkilikler saýraşýardy. Bibijan bu gözelligi görüp, saklanyp bilmedi. – Şu ýerlere söýgüliň bilen gezelenje gelsediň-hä. – diýdi. – Sonýa Babaýewa onuň sözüni alyp gaçdy. – Adamyň bilen gelende nädýe! Begjan mugallym göwresine gelişmeýän ýeňillik bilen hikirdäp güldi-de, yzyna garap, Sonýa Babaýewa gözüni gypdy. – Ýok, ýok, onda barynyň mazasy gaçýa. – diýdi. Mergen nämüçindir olaryň gürrüňine gyzyganokdy. Ol häzir kellesinde başlyk üçin hasabatyň suduryny taslap otyrdy. Onuň ýoldaşlary gülüşdiler. Begjan mugallym bu hezil gürrüňçilige Mergeniň hä bermän oturmasyna geň galdy. – Mergen haw, sen bu gözel ýerlerde nämäniň agyr pikirine batdyň?! – diýdi. – Ýok, menem diňleýän! Begjan mugallym indi özüne Mergeni gepbaşy edip alyp, oňa deginesi geldi. – Mergen, sen öýlendiňmi, özi? – Aý, ýok, heniz-ä öýlenemok. Begjan mugallym ýola seretdi. – Aý, oglan, sen şu ýaşda öýlenmän, indi haçan öýlenjek! – Begjan mugallym, sen Mergeni gyssaberme. Olam Beghanow ýaly, Aşgabatdan birini yzyna tirkäp, getiribermesin. Biz öz sumbarly gyzlarymyzdan birisini oňa saýlap bereli. – diýip, Sonýa Babaýewa jyzyrdady. – Bizde gyzlaryň gowusy bardyr! Begjan mugallym has mojugyna tutdy: – Sen bäş ýyllap Aşgabadyň uniwersitetinde okap, gyzlar bilen söýüşip bir gördüňmi, özi? Mergen başyny ýaýkady. – Päheý-de welin, Mergen jan, sen-ä meniň işimi gördüň. Ýene Sonýa Babaýewa Mergene arka durdy. – Oňarypsyň, «Söýgi! Söýgi!» diýen bolup, barysy biderek zat! Näçe söýgiň bolsa, maşgalaňa etmeli! Söýüşen bolup, bäş gün tirkeşen bolup, altynjy gün her haýsy bir ýerlerik gidenden, gowusy, terbiýeli gezeniň gowy. Şeýlemi, Bibijan! Bibijan söýüşmegiň tarapynda durdy. – Heý, söýüşmek ýalam bir gowy zat bolarmy?! Ine, öýlener. Bar zat, durmuşam, işem, barysy adaty zatlar bolar galar. Diňe söýginiň eşreti ýadyňdan çykmaýar. Söýgi adamy adaty zatlardan beýikde saklaýar. – An-ha, meniň ýüregim bolduň, Bibijan. Meniň diýip bilmän oturan pikirimi sen diýdiň. Özüm-ä Çärjewiň pedinistutynda okan ýyllarym her ýyl bir gyz bilen söýüşendirin. Sonýa Babaýewa gülüp oturyşyna: – Ýeri, onsoň, nähili eken, Begjan mugallym – diýdi. Begjan mugallymyň gözleri ýandy. – Ah, men aýtmaýyn, sen sorama. – diýdi. – Sonýa Babaýewa şofýor ýigidem ýadyndan çykarmady. – Aý, şofýor – diýdi. – Näme? – Maşynyňy saklaman sür, ýogsa Begjan mugallym bilen Bibijan söýüşmäge gidibermesin. – diýip, hezil edip güldi. Aşakda Çendiriň ilkinji obasy göründi. – Şu obada mekdep barmy? – Bolmaly. – Şu oba sür. Şundan başlalyň... Bu günem Mergen güni ýaşyryp öýüne geldi. Ol janhowlyna howlugýan ýaly bolup, çukuryň daşyndan bir aýlandy. Çukuryň jaý tarapynda gyrmançadyr silewäniň, küldür topragyň gabarasy ep-esli bolup durdy. – Bu günem işläp bilmedim! – diýip, ol öz-özünden närazy halda başyny ýaýkady. Soň ol işigini açdy-da, çaý goýdy. Şondan soň plotensasyny egnine atyp, duşa bakan ylgady. Her näçe özünden närazy bolsa-da, geçen iki gün Mergen üçin uniwersitet derejesinde peýdaly boldy. Ol şular ýaly tejribäni bir mekdepde işläp ýören mugallymyň elli ýylda-da alyp bilmejegine-de akyl ýetiripdi. Ol tutuş raýonyň ýigrimiden gowrak mekebine aýlanyp gördi. Şonda ol mekdep direktorlarynyň ählisi bilen gürleşdi. Her mekdepde näçe mugallymyň, näçe okuwçynyň, näçe klasyň, şu ýyl näçe okuwçynyň mekdebe kabul edilenliginiň, geljek ýylda näçe okuwçynyň kabul edilmeginiň göz öňünde tutulýandygynyň, şu okuw ýylynda mekdebi näçe okuwçynyň tamamlap gidendiginiň, şu ýyl näçe okuwçynyň mekdebi tamamlajakdygynyň, mekdepden şu ýyl näçe okuwçynyň ýokary okuw jaýyna girendiginiň, ýetişigiň, gatnaşygyň, dersler boýunça ökde, tejribeli mugallymlaryň hasabyny alyp, depderine belledi. Mekdebiň haçan gurulandygyny, haçan abadanlaşdyrylandygyny, näçe klasyň abadanlaşdyrylyp, okuw ýylyna taýýar edilendigini, her klasyň tagtasy, partalary, yşygynyň ýanyp ýanmaýandygy, mekdep çagalarynyň suw bilen üpjünçiliginiň näderejededigini, hajathana, el ýuwulmak meseleleriniň nähili ýagdaýdadygyny aýratyn belledi. Her mekdebiň direktorynyň, guramaçylyk, terbiýeçilik orunbasarlarynyň atlary, atalarynyň atlary, iş, öý telefonlaryny belläp aldy. Soňra her mekdebiň daş-töweregini elin gördi. Mekdepde bag ekilişine, boş ýerlere pel çekip, ekin ekilişine syn etdi. Bu ýazgylar Mergen üçin hazynady. Ol hazynany Mergen başda Bilim bölüminiň müdiriniň hasabatyna gerek bolaýsa diýip ýazyp alypdy. Ýöne onuň göwni bu işinden suw içmedi. Ýöne onuň göwni «Işle, bu çukuryň işini aýyň aýagyna gutar» diýýärdi. Aýyň aýagyna bary-ýogy ýedi gün galdy. Şol ýedi günüň üç gününi ol ýygnak, beýleki diýip, eli daňylgyja geçirmelidi. Galan günlerde onuň çukura girip biljegi gümanady. Mergen ýuwunyp gelip, sekiniň üstüne düşek, saçak ýazdy. Ol gyzyl açdy. Sebäbi ol aýyň aýagyna çenli iliň saçagyndan, bazardan ýeke lukmany agzyna atmazlyga özüne şert edipdi. Ol şertinde-de durdy. Ýöne öz öýüne gelensoň, halys çydamady. Çaýy gaýnansoň, ol çäýnegi düşürdi-de, ýerine sajy goýup, oňa ep-esli gowurma atdy. Onuň üstüne sogan dogrady. Olaryň üstüne dört sany ýumurtga çakyp, az-owlak duz sepişdirdi. Nahary taýýar bolandan soň, ol çaýyny demledi-de, baryny sekiniň üstündäki saçaga daşady. Howlukman garbandy. Gantlap çaý içdi. Şeýdibem günuzynky açlygynyň, ýadawlygynyň dişini döwdi Indi onuň öňünde duran birinji wezipe, başlygyň hasabatyny ýazmakdy. Ol bu hasabaty düýnden bäri aňynda gaýtalap-gaýtalap, kemini goýman taraşlapdy. Indi ony kagyza geçiräýmek galypdy. Şonuň üçin Mergen bar zady owarram edip, eşigini çalşyryp, bilini berk guşap, çukura girdi. Sebäbi indi telim gün bäri ol çukuryň işine ýa gaty göwün beripdi, ýa-da halys öwrenişipdi. Ol çukurda işläne özüni birhilije erkin, ýeňil duýýardy. Kellesi açylyp, gunt ýaly pikirler döräp başlaýardy. «Men özümem ýadymdan çykarmaly däl!» diýip, ol toprakly köne çuwaly bäş-alty sapar daşanyndan soň oýlanyp başlady. – «Başlyga taýýarlan hasabatymdan interwýu taýýarlap, ertir «Mugallymlar gazetine» ugratmaly!» Mergen bu pikiri şapba tutdy. Özem bu pikiriň kellesine häzir gelenine begendi. Ýöne soň onuň kellesine başga bir pikir geldi. «Men ertir maslahatda «Edebiýaty okatmagyň käbir meseleleri» diýen temada çykyş etmeli. Ol pilini ýumşajyk topraga urdy-da, sähel salym sägindi. Belli pedagoglar Kamenskiniň, Suhomlinskiniň, Myrat aganyň, Jümmi mugallymyň, beýleki halypa mygallymlaryň edebiýaty okatmak baradaky maslahatlary onuň aňyndan ýyldyrym çaltlygynda geçip gitdi. «Birinji bilen Suhomlinskiniň täze adamy kemala getirmek baradaky parasady. Ikinji bilen, mugallymyň beýik göreldesi! Üçünji bilen, okuwçylaryň öz mertebesini ýokary götermek. Dördünjiden, edebiýat sapagyny ynsan edebiniň açaryna öwürmek. Bäşinji bilen, Jemleme!» Mergen derleýärdi. Derledikçe aňyna ýazylyp duran makala süýjeýärdi. Onuň aňynda, pikirinde. ýüreginde, asyl sözlük sostawynda ýok sözler häzir onuň diline gelýärdi. Mergen bu sözleri aňynda gaýtalap oturmaga halys çydamady. Ol çukurdan ýyldyrym ýaly bolup, atylyp çykdy-da, özüni duşuň aşagyna urdy. Soň öýe girip, çyrany ýakdy. Kagyz, galamyny alyp, sagat bire çenli özüniň ertirki maslahatda etjek çykyşyny, bilim bölüminiň müdiriniň hasabatynam ýazdy. Diňe şondan soň sagadyny dörde düzdi-de, sekä düşegini ýazyp ýerine geçdi. Ol sagat dörtde oýandy. Duşa düşüp, agşamdan galan naharyny gyzdyryp iýdi. Çaý içdi. Soň sagat ýedä çenli öz makalasyny – interwýuny ýazdy. Ony gaýta-gaýta okady. Syntgylady. Bellik eden sahypalaryny täzeden göçürdi. Hasabatam, özüniň çykyşynam şeýdip işledi. Soň düýnde, öňňinde geýmedik jalbaryny ütükläp, ýene duşuň aşagyna girip, yslyja şampun bilen saçyny, endamyny howlukman ýuwdy. Mergen öýden çykanda sekiziň ýarydy. Ol howlukdy. Ilki posýolokdaky poçta baryp, interwýu-makalany bukja salyp, buýrma edip, «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaksiýasynyň salgysyna ibertdirdi. Soň bilim bölümine geldi. Müdir onuň özi bilen deňiräk geldi. – Gel, hany, atdaş, näme iş bitirdiň, hany göreli! Mergen oňa hasabaty gowşurdy. Soňam: – Mugallym, bir haýyşym bar! – diýdi. – Näme? – diýip, müdir hasabata gyzygyp oturyşyna, başyny galdyryp äýneginiň üstaşyry Mergene seretdi. – Gowy ýazypsyň, sag bol, aýdyber! Mergen başlyga golaý bardy. – Şu günki maslahatdan soňky usuly seminarda menem çykyş edeýin. Başlyk elini uzatdy. – Hany, getir-äni... Mergen çykyşyny uzatdy. Başlyk haýran galmaly çaltlykda okady-da: – Baý, gowy edipsiň-äý, hökman çykyş etmeli! – diýdi. –Ýöne ol birki sözlemi çyzdy. – Ýöne sen bir zat et, metodik seminary Begjan Abdyýew alyp barýandyr. Meniň adymdan şoňa duýdur. Sanawa goşsun. – Ol ýene bir salym hasabata güýmendi. – Ine, munda tutuş raýonyň mekdeplerini edil, aýna sereden ýaly edipsiň. Munyň gaty uly zat!.. Ol hasabaty edil gyzyl tapan ýaly göterip, kabinetinden çykdy. Soň eli hasabatsyz kabinete girip: – Baran ýerlerňizde aşyňyza-suwuňyza seretdiler dälmi?! – diýdi. Mergen: – Aý, ol pahyrlar gara gadyr-la! – diýdi. Başlyk güldi. – Begjan-a elli gram urmasa jany çykar-la. – Ol ýene güldi. – Özüňem bir elli gram urduňmy?! Mergen başlygyň özünden gep aljak bolýanyna düşündi. Ol Abdylla bilen Gyzylarbatdan gelende-de osmakladan bolup «Bu bagty ýatan nirede içip ýör, beýle?» – diýip soran bolupdy. Emma Mergen oňa per bermändi. Bu sapar ol gürrüňi kesdi. – Men mugallym bilesiň gelse, aýdaýyn: iliň öýüne-de, saçagynyň başyna-da baramok. Iliň gürrüňinem oňa-muňa ýetirip ýörenleri halamok! Şonuň üçin menden iliň gepinem soramaň. – Näme, seni nahara çagyrmadylarmy? Mergen ýüzüni sallady. – Men iliň öýünden, bazardan. Ýoldan iýmit iýmezligi özüme şert etdim. – O nähili? Şu günem iýmezmiň?! – Meniň öz öýüm bar-a! Başlyk onuň ýüzüne dikanlap seredip durşuna: – Güni bilen aç bolmak bolmaz. Hökman iý. Seniň ol pikiriň nädogry. – Ol Mergeniň başyndan dabanyna çenli synlady. – Sen gaty hor-ow. Bu ýagdaýyňda işläp bilersiňem öýdemok. – Mergen ýylgyrdy: – Işlärin, işlärin. Nesip bolsa, onda-da nähili işlärin! – Ol ýolda gelýärkä «aýdaryn» diýen pikirini häzir aýtmaly hasap etdi. – Mugallym! Müdir başyny göterip, Mergene diň saldy. – Maňa haýsy mekdepden, näçe sagat berýäňiz? Müdir bir salymdan: – Sen bilim bölüminde kabinet müdiri bolarsyň! – Mergen tisginip gitdi. – Jan, mugallym, meni mekdepden aýyrma! – Oňa duýdansyz ýerden aýgytlylyk geldi. – Maňa mugallymçylyk bermeseňiz, giderin! – Nirä gitjek? – diýip, müdir işini taşlap ýaş ýigide bakan öwrülip sorady. – Eger mugallymçylyk bermeseňiz, mugallymçylyk berilýän ýerine giderin. Gyzylarbat raýonynda mugallymçylyk kän. Hojagalanyň mekdebinde ýer bar, «gel, näçe ölçeg okatsaň bereli» diýip durlar. Men şoňa giderin. Maňa diňe mugallymçylyk gerek. Başga işiňiz gerek däl... Bilim bölüminiň müdiri ýerinden turup, elini Mergene bakan uzatdy. – Ataýaew, atdaş! Men saňa gowusyny etjek bolup durun. Häzir seni ýaşlar guramasam sorap dur, içeri işler bölümem sorap dur, ispolkomyň başlygam sorap dur. Seniň hatyň gowy, pikirleniş ukybyň ýokary, edebiň gaty gowy, arassa, işeňňir. Birinjiden-ä, seni mekdep zaýalar, ikinjidenem, mekdepde seni goýmazlar. Bu ýerde sen meniň öz ýanymda bolsaň, men ýalbararyn, sögüşerin, saklaryn. Meniň kömekçim bolarsyň, hat-petegime kömek berersiň, oňa-muňa git-gelime ýardam edersiň. Wagty gelende men seni ýokarrak çekerin. Näme işiň bar pohly mekdepde... Mergen razy bolmady. – Siz maňa ýagşylyk etjek bolsaňyz, maňa sapak beriň. Galany bilen özüm oňuşaryn. Bolmasa Oblast bilim bölümine «Garrygala raýonynda dil-edebiýat dersinden sapak bolmany üçin meni başga raýona geçiriň» diýip, arza ýazyp, şu günüň özünde ýola düşjek. Müdiriň gözleri peträp gitdi. – Goý, beýle gepiňi goý!. – Ol ýerine geçip oturdy-da öňünde ýazylyp ýatan kagyzlary dyrmalady. – Onda sen bir zat et! Sentýabryň birine çenli meniň ýanymda bolarsyň. Soň men seni mekdebe geçirerin. Bormy?! Mergen ýüzüni salap durşuna: – Bolar! – diýdi. Mergen bilim bölüminden çykyp, Awgust maslahatynyň geçýän ýerine geldi. Ondan soň ol mugallymlara goşulyp, 1-nji mekdepdäki usuly maslahata bardy. Begjan mugallymy görüp, ölümiň öýünde öz çykyşyny seminaryň sanawyna goşdurdy. Ol seminaryň ahyrynda «Edebiýaty okatmagyň käbir meseleleri» diýen temada doklad etdi. Mekdep diýen çylşyrymly dünýäde ömrüni geçiren, tejribeli mugallymlar, horja, ejizje, heniz mugallym hökmünde mekdep mekdep, okuwçy garasyny görmedik agzy sary «jüýjejige» äsgermezçilik, uly ynamsyzlyk bilen seredişýärdiler. Mergen dokladyna başlap-başlamanka: – Sen, oglan ýaman uly gepleýäň welin näçe ýyl pedagogik stažyň bat – diýip, 7-nji mekdepden Güljeren mugallym gapdaldan azgyryldy. Mergen bu sowala taýýardy. – Men uniwersiteti ýaňy gutardym. Meniň pedagogik stažym ýok. Telim ýyl mekdepde işledim diýip biljek däl. Ýöne şu çykyş meniň bütin ömrüme oba mugallym bolmaly programmam meniň. Men şol programany size hödürleýän. Tejribeli mugallym hökmünde näme belligiňiz bolsa men diňlärin. Mergeniň çykyşy esasan üç meseläni öz içine aldy: – Mugallymyň mertebesini beýgeltmek; – Okuwçynyň mertebesini beýgeltmek; – Şu güne çenli emele gelen usullardan, tärlerden öz ýerinde ýerlikli peýdalanmak! Ol: Mugallymyň mertebesi, ynsaby, ahlagy, söýgüsi nebsi bozulyp, adamçylykdan çykyp barýan, nebis üçin hallan atyp barýan tutuş adamzady çüýräp, ýok bolup gitmekden halas edip biler – diýdi. Soň «Okuwça düşünmek, onuň adamdygyny, geljegiň beýik şahsyýetidigini her bir okuwçynyň aňyna, ýüregine guýmak» barada gürrüň etdi. Mugallym hiç wagt özüni okuwçydan ýokary tutmaly däldir. Ýaş çaga duýgur bolýar. Ol mugallymynyň özüni gedem tutýanlygyny, onuň hondanbärisiligini duýdugy, ol mugallymy äsgermän başlar. Mergen Uşinskiniň bir hekaýasyny mysal getirdi. Mekdebiň rus dili mugallymy Nataliýa Iwanownanyň kiçijik çagajygy ýaramany üçin, ol bütin gijeläp ýanyp ýatan çagajygynyň başujynda oturyp çykdy. Ol sapaga girende ýadawdy, gaharjaňdy. Ýüzüni sallap oturşyna, okuwçylar bilen gepleşesem gelenokdy. Şonda-da ol okuwçylarym boş gezip ýörmesin diýip, klasa girip, sapak düşündirip durdy. Mugallym şeýdip azaplar çekip okatsa-da Wanýa diýen oglanjyk sapagy diňlemän, gahardan ýaňa ýarylaýjak bolup duran mugallymynyň ýagdaýyny äsgermän, şo-ol penjirä garap, ýüzüni sallap, agyr gussa batan bolup otyr. Mugallym ony gördi. Birki sapar oňa kakdyryp sapagy diňläň diýip aýtdam. Emma Wanýanyň şol bolşudy. Mugallym saklanyp bilmedi. Ol agyr kitaby bilen Wanýanyň partasyny tarpyldadyp gazap bilen urdy. – Sen, haramzada oglan, meniň çagajygym gijesi bilen ýanyp çykdy. Men syrkaw çaganyň başujynda oturyp, tutuş gijämi çirim etmän geçirdim. Şonda-da janyma dözüp, size sapak berýän. Sen bolsa meni, sapagy, tutuş klasy äsgermän, iki gözüňi daşardan aýyrman otyrsyň. Çyk klasdan, gümüňi çek... Wanýajyk gitmedi. Orta hatarda oturan bir gyz ýerinden turdy. – Mugallym, daňdan Wanýanyň ejesi ýogaldy! – diýdi. Tutuş klas dym-dyrslyk boldy.» Mergen üçünji meselede beýik Kamenskiniň «Diňe ökde okuwçylary sapaga çekmeli» diýen parasadyny ýatlatdy. – Sebäbi näme? Sebäbi, käbir okuwçy mugallymyň pikirini, düşündirişini kabul edip bilmeýär. Emma okuwçy okuwça gowy düşünýär. Olar mugallymy diňlänlerinden öz deň-duşlaryny diňlänlerini gowy diňleýärler. Okuwçy okuwça sada, düşnükli dilde düşündirýär... Garry, gyňyr mugallymlar Mergeni goldamasalar-da, ortada oturan ýaşyrak, orta ýaşyndaky mugallymlar ýerli-ýerden «dogry-da, dogry» boluşdylar. Mergen raýon bilim bölüminiň hormat hatyna mynasyp boldy. Ol bu gün öýüne sagat dörtlere bardy. 12. Mergeniň kellesi açylyp, pikiri işläp başlady. Onuň indi çukuryň ahyryna çykmagyna bary-ýogy on ädimjik ýer galanda çukuryň topuryny daşyna çykarmagy bes etdi. «Indi aşaga düşelen kerpiji söküp başlamaly! Soň kerpiji aýrylan ýere galan dersi, silewäni, galan gap-gara gumy ýaýradaýmaly!» Onuň bu pikiri erbet pikir däldi. Sebäbi onuň indiki çykarmalysy toprak däldi. Ol indi altmyş-ýetmiş ýyl bäri ýagyş, sil suwlary bilen çukura eňterilen gapdaldaky giden jülgäniň ýüzüniň dersi, ot-çöpi, tozy, topragydy. Şol silewe, ders, ot çöp geçen ýyllarda ýapdan gelýän suwuň yzgary bilen eýlenip, çüýräp, baýlaşyp, başga bir güýçli massa öwrülip giden bolmaly Olary ekine dökäýseň, olar islän ýeriňi «Müsüre» dönderip taşlajakdy. Toprak görnüşindäki şol gara massany Mergeniň yrýa edesi gelmedi. Ol bäşinji gün öýlän başlaýşyna birinji gün daňdan çukuryň düýbündäki kerpiçleri goparyp, çukuryň gyrasyndaky hüjreleriň birine örüp gutardy. Kerpijiň aşagy mesirgäp ýatan toprak bolup çykdy. Ýyllar boýy üýşen suw dersiň, silewäniň ot-çöpüň, saman-süplügiň güýjüni kerpiçleriň arasyndaky yşjagazdan syza-syza topraga siňdirip oturypdyr. Mergen kerpiji sökülen ýerleri depişdirip gördi. Onuň aşagy iki depime golaý ýer bolup çykdy. Mergen gaty ýadawam bolsa, öýüň içi ýaly ýeri depip çykdy. «Bu ýer däl, durşuna hazyna. Galanyny, nesip bolsa, ýekşenbe güni deperinem, galan dersleri şu ýerlere pytyradarynam...» Onuň öz janyna haýpy gelip, çukurdan çykdy. – Häzir tüýs işläsiň gelýän çagy. Häzir baryp bir gantlyja çaý içeýin. Bolmasa, ertir meniň boş günüm-ä. Güni bilen ýatar-turar ýörerin-dä.– diýip, ol çukurdan çykyşyna, kürsäp, duşuň aşagyna girdi. Ol iýip-içenden soň, bu sergin howada gantly çaýyň özüne aýratyn güýç-kuwwat berýändigini,haýran galmak bilen tekrarlady. Ol student wagty süýji satlary, ylaýta-da gant atylan çaýy hijem içip bilenokdy. Oba gelensoň welin, ol gantly çaýa aýratyn ürjiý bolup galdy. Häzirem ol öleňden gelýän jana şypa berýän salkynjak şemala ýüzüni tutup, derläp çaý içdi Gantly çaý onuň süňňüne üýtgeşik güýç-kuwwat çaýdy. Onuň bedenindäki agyr ýadawlyk el bilen aýrylan ýaly boldy. Ol çäýneginiň soňuna çenli içip bilmedi. Güýjüne bäs gelip bilmän, nädip çukura gireninem, iş eşigine girip, bilini nädip guşanyp işe başlanynam ep-esli mahaldan duýup galdy. Mergen şol bady bilen Gün dogýança işledi. Soň çukurdan çykdy. Kerpiji goparylan ýer üstüne ütük çekilen mawut mata ýaly, lowurdap ýatyrdy. Ýokardan kerpiçler görnenokdy. Mergen kerpiçleriň bäş hataryny gyradan goparman goýupdy. Bir metre golaý ýer gyradan ýöremek üçin ýanýoda meňzäp durdy. Örülen kerpiçler ýap tarapdaky hüjräni durşuna dolduryp dur. Mergen oturyp bilmän kerpiji aýrylan ýeri depdi, bir gyrada harman bolup ýatan dersli gumy şol ýere ýaýratdy. Ol öl-myžžyk bolup çukurdan çykdy-da, duşa girip gelip, sekiniň üstünde ýygnalmadyk saçagyň gapdalyna gelip gyşardy. Ol ýene Oguljany gördi. Bu sapar gyzyň özi gelip Mergene elini uzatdy. – Gutlaýan, Mergen, awgust maslahatynyň usuly seminarynda gaty gowy çykyş etdiň! Mergen oňa geň galyp seretdi. – Sen nireden eşitdiň? Oguljan gidip barşyna: – Adam bir gowy iş etse, il bilýändir. Tutuş raýon şol çykyşyň barada gürrüň edýär-ä. Oguljan gitdi. Ýigidiň ýüregi ýene telwasda galdy. Ol tutuş düýşüni Oguljany ýeke görmäge zar bolup, kösenip geçirdi. Maşyn düýdüldedi. Mergen Şanazary gördi. Ol maşynyň kabinasynda bagtyýar ýylgyryp oturşyna: – Näm-ow, gözüň ýokmy?! – diýdi. – Hany, aýryl ýolumdan. Mergen ýanýoda garşy sowuldy. – Bir-ä ýatyr! – diýip, kimdir biri gygyrdy. Mergen Şanazaryň maşynyna tarap howsalaly seretdi. Şanazar maşynyny şol zoguldadyp durdy. Ony biri yralady. – Dirimiň-how, hany, tursan-a! Mergen laňňa ýerinden galdy. Işikdäki maşyna gözi düşdi. – Men diri, men diri – diýip samyrdady. – Kelte boýly, garynlak pyýada onuň üstüne abanyp durdy. – Senmi Mergen Ataýew? Mergen alasarmyk halda: – Men! Men-diri! Men, diri. Garynlak pyýada bu jyzyrdap duran yssyda günüň aşagynda günorta çenli şorlap ýatan ýigide göwnüýetmezçilik bilen seretdi. – Hany, oýan, ýüküňi kabul et. Mergen şondan soň Nobaraly aganyň öz ýüküni iberendigine düşünip galdy. Ýüküni getiren sürüjiniň adynyň Amanmämmetdiginem bildi. Nobaraly aga hat ýazyp iberipdir. Ol hatynda ýüki alyp barýan adamyň adynyň Amanmämmetdigini, oňa kireý haky elli manat bermelidigini ýazypdyr. Ammanmämmet aga Mergen haty okaýança onuň gapdalynda sömaýak durdy-da: – Puluň barmy, onsoň – diýdi. –Bar! Bar ! Sürüji baş atdy. – Bolmasa, indiki gelýänçäm taýýar edäýseňem bolar diýjek boldum-däni. – Ýok, bar. Elli manat taparyn. – Ýöri, onda ýüki düşüreli! – Amanmämmet aganyň ýanyndaky gara saçy buýralanyp duran uzyn, hor ýigit gapdaldan goşuldy. – Ýüküňi düşürişenim üçin maňa-da bir litr bino berersiň! – diýdi. – Bolýar. – Çapy, sen ýokary çyk – diýip, sürüji buýrunjyrap başlady. – Bol, sallanyp durma. Sähel naharlanyp, ýokary-da degmelidiris, biz. Mergen iki penjiräni, bir gapyny getirip sekiniň gapdalyna söýedi. Ýaşuly bir ýaşik çüý. Sütünleri berkitmek üçin ýigrimi sany polat saklaw, bir topar petle iberipdir. Ýöne olaryň baryndan tagtalar gowudy. Pol üçin, şifer kakmak üçin, sütün üçin gerek boljak tagtalar arassady, lowurdap durdy. Mergen gelen adamlar bilen tagtalary, soň altmyş bäş şiferi dessine düşürdi. – Ýegen! – diýip, Amanmämmet aga maşynyny ýoluň gyrasyna sowup gelendensoň, aýtdy. – Gazyň barmy? Garbanyp, bir käse çaý içmeseg-ä boljak däl. – Bor, bor, hemme zat bar. Siz şu jaýa giräýiň. Ýaşuly duşuň üstündäki suw gaba seretdi. – Duşda suw barmy? – Bardyr, baraýyň. Ýaşuly ýoldaşyna maşynyň kabinasyndaky iýmek-içmegi getirmegi tabşyrdy-da, Mergenden plotensa sorap, duşa girdi. Mergen çaý goýdy. – Sajyň, pyçagyň, soganyň, duzuň barmy? – diýip, hälki Çapy diýilýäni sorady. – Bardyr. – Çaltyrak getir. Bol, bir jamam al! – Ol ýigit sähel salymda saja kolbasa dograp, özleri bilen alyp gelen pomidoryny, soň sogan dogrady-da, soň Mergene berdi. – Me, şuny gaza goý, ýegen. – Ol duşa tarap seredip durşuna: – Maňa ýöne on manat beräý – diýdi-de, Amanmämmet agadan soň duşa girdi. – Ýegen, eşret-ä duşda eken – diýip Amanmämmet aga öýe girdi. – Duşy özüň gurduňmy. – Hajathananam, duşam! – Şony oňarypsyň, ýegen. Içeri naharyň tagamly ysy ýaýrap ugrady. – Pomidor, sogan atyldymy? – Atyldy. – Duzjagazam sepgin. Mergen orta saçak ýazdy. Jama gowurdak salyp getirdi. – Çaýam demläýinmi? Ýaşuly gysgajyk gaşlaryny galgatdy. – Ýok, ýok, häzir «ak çaý» içeris. – nOl töweregine garanjaklady. – Ýaňky Çapy «ak suwlary» getirmedim-äý? Mergen ýaşulynyň ýüzüne seredip, eginlerini gysdy. – Bilmedim. Amanmämmet aga ýerinden turdy-da, maşyna bakan gitdi. Ol birsalymdan, närazy hüňürdäp içeri girdi-de, elindäki çüýşeleri Mergene uzatdy. Ol harap, maşynyň ýüküniň ýaryny düşürmän, galdyrypdyr-a. Edil şol pursadam eli öl plotensaly Çapy içeri girdi. – Hezil etdim, ýaşa ýegen! Sürüji burnuna salyp, oňa azgyryldy. – Sen näme, maşynyň ýüküniň ýarysynam düşürmänsiň-ä, o näme etdigiň? Çapy gözlerini mölerdip, Mergeniň ýüzüne sereden boldy. – O nämäň ýük-äý! – Bar seret, poluň aşagyna düşeljek, tagtalar, şiferiň aşagyna goýulan, jaýyň üstüne düşeljek pürsler poluň gyrasyna kakyljak reýkalar düşürilmändir. Häzir özüm gördüm, görmesem, gidiberjek ekenim. Çapy bugaryp duran sažyň gapagyny açyp, ýapan boldy. – Näme, özüň, boldumy diýse, «boldy» diýeňsoň... Menem, saňa bolsa, maňa-da bolýar diýip düşdüm-dä. Indi nämä goh edýäňiz. Aç öldük, bir zat garbanyp, soň düşüreris-dä. Ýaşulynyň Çapydan ýaňa öňem agzy bişen bolara çemeli. Ol zeýrendi. – Inim, şu bet gylygyňy goý diýip, öň men saňa näçe sapar aýtdym. Nobaraly diýen adam bar zady hasaplap iberýär. Bir çüýüni alsaň, – Ol Mergeni görkezdi. – Bu ýegen oglan aňňalak gapar oturar. Men saňa goý, şu pişäňi diýýän. Çapy iki elini galdyrdy. – Ýes, goýdum, goýdum... Olar saçagyň üstüne goýlan nahary üç bolup, garbanyp başladylar. Amanmämmet aga käsäniň ikidigini görüp; – Hä, sen näme? – diýip, Mergene seretdi. Mergen başyny ýaýkady. Myhmanlar iýip-içip, turansoňlar, maşynyň üstünde galan ýüki düşürdiler. Bu sapar maşynyň üstüne Mergeniň özi mündi. Hakykatdan hem, edil ýaşulynyň aýdyşy ýaly eken. Mergenem munça tagtanyň galanyna ünsem bermändir. – Men dört list fanerem sarypdym-a. Olaram bar eken... Maşyndan düşürilen ýükler ep-eli bardy. Olary görüp, Mergen begendi. – Ýegen oglan, meňem maşyn hakymy berseň, biz ýola düşeli. Ýene bir gyssagly barmaly ýerimizem bardy... Mergen içeri girip, pul alyp çykdy. – Nobaraly aga köp salam aýdandyr. Ol bir maşyn semendem alyp goýdum diýendir – diýdi. – Onam ýakyn günlerde ibererin diýdi. – diýip, elindäki puluny sanady. – Boýnumda galmasyn-däýt. – Puluň ujundan Çapa berdi. – Ýöne gaýdyp ýaňky oýnuňy etme. Çapy aýdylany ýüzüne-de alman: – Oýun etdim-how. – diýen boldy. Mergen razylyk bilen Amanmämmet aganyň ýüzüne seretdi: – Nobaraly aga köp salam aýdyň. Gezmäge gelsin. Maşyn ugrady. Mergen munça ýüke aljyraňňylyk bilen seredip durşuna, gyssanmaç oýlandy. «Men näme etmeli. Çukurly meselesini doly gutarmadyk halyma, jaýyň üstüni ýapyp, pol urmaly, şifer kakmaly bolarmykam. Penjiräni, gapynam goýmal-a. Ol häzir Garajany ýatlady. Gaty gowy ýigitdi welin, birden zym-zyýat bolaýdy-la». Şol ýanymda bolup, sähelçejik kömek berenem bolsa, bu işleri özümem alyp çykardym. Ýa Berdi daýydan kömek soraýsammyka?!» Ol gapysyny gulplap, Annabike daýzalara bakan ýöneldi. Eýwana baryp gygyrdy. – Daýza, salowmaleýkim! Garry ýüzüni-gözüni asyp, içerden çykdy-da, Mergeniň salamyny göwünsiz aldy. Ol öňküler ýaly öýde oturmagy mürehet etmedi. – Daýza, näme boldy? – diýip, Mergen garra ýakyn baryp sorady. – Daýza, men jaýymyň üstüni ýapmaly. Berdi daýym kömek edip bilmezmikä?! Garry gapdalda duran suwly bedräni göterip, onuň suwuny eýwana sepişdiren boldy-da – Kim! – diýen boldy. – Berdi daýym. – diýip, Mergen gaýtalady. Garrynyň gahar-gazaby ýetjek ýerine ýetip duran bolara çemeli. Ol gaharly gepledi. – Seniň Berdi daýym diýýäniň şu Çalabek dälmi? Ol saňa jaýyň üstüni ýapyşmak däl, iki etažly köşk gurup bersin, köşk. Özünem şu gün agşama çenli gurup berer. Sen bardajyk, ondan ýaňa arkaýyn boldajyk öýüňde ýatyber. Ol maňa-da «Mamaş, şu jaýyňy ýykyp, ýerine köşk gurup bereýin» diýýär. Ýöne sen kekras, wagtynda geläýdiň. Men oňa «ýok» diýip durdum-da. Onuň iş küýsäp eliniň gijäp duran wagty şu wagt. Bar, haýyş bir edip gör... – Garry elini içeri salgady. Mergen garrynyň bu gepine ynanjagynam, ynanmajagynam bilmedi. Näme-de bolsa, daýzasynyň salgy beren otagyna girdi. Berdi daýy bilen Gara daýy ikisi üsti iki sany boşan çakyr çüýşe togalanyp ýatan boş saçagyň gapdalynda agyzlaryna siňek baryny gonduryp, horlaşyp ýatyrdylar. Mergen olary görüp, garrynyň gaharyna, teýeneli sözlerine düşündi. Ol eýwana çykdy-da, öleňlikde ýaşaýan hojalyklara bakan gitdi. Howlularyň iň gündogarynda üsti ýapylmadyk pagsa jaý göründi. Şol jaýyň içinden heniz artylmadyk gamyşyň ujy görünýärdi. Ol derwezesi, gapysy ýok howla girdi. Açyk işigiň agzyna baryp gygyrdy. – Salawmaleýkim, habarlaşar ýaly adam barmy! Içerden ýaş, diýseň owadan gelin çykdy. Ol megerem, çagasyny emdirip oturan bolmaly. Ýakasy açyk bolany üçin, ak göwüsleri durşuna diýen ýaly görünip durdy. – Kim gerek saňa? – diýip, gelin ýakasyny, başyndaky ýaglygyny düzedip durşuna sorady. Mergen ýylgyrdy. – Gürleşer ýaly adam ýokmy? – Ýaş gelin hüžžerildi. – Men näme, adam dälmi? Aýdyber. – Ýok, maňa erkek adam gerek. Men bir haýyş bilen geldim. Gelin yza çekildi. – Ejem, dädem Arçman kurortynda, ýene on günden gelmeli. Aýdyber, näme haýyşyň bolsa-da... Mergen töweregine seretdi. – Bagyşlaň, men siziň goňşyňyz, hol gaýraky çukuryň ýanyndaky jaýda ýaşaýan. – Wiý, siz şol Mergen ýer gemren diýilýän oglan dälmi?! Mergen gelniň sypaýçylyksyzrak gepleýşine üns bermedik boldy. – Men birje otag gurýan. Boýuny ýetirdim, üstüni ýapmaly. Maňa bir otagyň üstüne ýeter ýaly gyldyrgan, gamyş gerek. Sizde bar diýdiler. Şony satmazmysyňyz? – diýip, soramaga geldim. Öý eýesi bar bolsa, gürleşäýjekdim... Gelin näzli ýylgyrdy. – Näme gerek bolsa alyp gidiberiň. Mergen düşünmedi. – Satýaňyzmy? Näçe diýýäňiz? Men häzir öýden pulumy alyp geleýin, onda. Gelin içeri seretdi. – Sen häzir näme gerek bolsa, äkitde, derdiňe ýaradyber. Ony dädem satýar. Ol gelende, dädem bilen habarlaşyberersiňiz. Mergen baş atdy. Ol baryp, pashasy bir wagt gurap giden jaýyň içine girdi. Ol ýerde daşy arassalanmadyk iki bölegräk gamyş desseleri dikeldilip goýulypdyr. Ýerde bolsa daşy arassalanan iki desse ot-çöpe bulaşyp ýatyrdy. Mergeniň olardan özüne gerek bolaýjagyny göterip, daşary çykjak bolanam şoldy welin, bir ýerlerden öýi bozulan ary sürüsi onuň üstüne hüjüm bilen topuldy. Ýigit oňa kän bir üns bermejek boldam welin, arylar onuň ýüzünden-gözünden neşderlerini geçirip, daşyna aýlanyşyp başladylar. Mergen ary awusyna çydaman bir gygyrdy-da, elindäkini taşlap, böküp daşary çykdy. Ary zäheri ýaş ýigide bada-bat ýöredi. Onuň ýüzi, gözi güpbe çişdi. Bu ýerdäki gykylyga ilki bilen hälki ýaş gelin daş çykdy. – Näme, ýylan barmy? – Mergen arynyň awysyna zordan çydap, syryny bildirmän durşuna: – Ýok, ar-ry-yy! – diýdi. Ýaş gelin elini çarpyp, hezil edip güldi. – Çakdymy, hany, göreýin-äni. Mergen arynyň çakan ýerine goýan aýasyny aýyrdy. Gelin golaý gelip, Mergeniň ary çakan ýerlerini sypalaşdyrdy. – Wah-heý, ýüzüň çişip, elek ýaly bolupdyr. Sen dur, men häzir oňa palçyk çalaýyn. – Ol içeri girip, bedrede suw alyp çykdy. – Al sowuk suw bilen ýüzüňi bir ýuw, menem häzir palçyk çalaýyn. – Ýerden bir gysym gum alyp, onuň üstüne suw guýdy. Soň ony eli bilen birki gaýta bulaşdyrdy-da, getirip, Mergeniň ýüzüne çalyp başlady. – Men saňa barma, näme gerek bolsa. Meretden ibererinem – diýjek boldum. Seni hälem ary çakypdyr. Dädemi tas ýylan çakypdy. Ol-a elindäki gamyşy taşlap, bu ýerden gaçyp sypdy. Indem gamyşyňam, gyldyrganyňam ýanyna baryp bilenoklar-a. Sen indi bir barma o taýa. Merediň özi bararam, saňa äkidip bererem. Mergen ýumulyp barýan gözlerini ýyldyradyp: – Näme, Meredi ýylan çakmaz öýdýäňmi? – diýdi. Ol geline geregem şol gep bolara çemeli. – Wah, şony bir çaksady. Beýdip, günüň-gününe içip ýatman düzeläýsedi. Ol bir ile gelmedik içýakgyj-a. Indi dädem, ejem gideli bäri şol içip ýatyş-a. Gördüň-ä, gygyranyňda-da çykanok. – Adamyňmy? – diýip, Mergen arynyň awusyna az-kem öwrenişensoň sorady. Gelin çynlakaý görnüşe gelen ýüzüni sypady-da: – Doganym-la! – diýdi. – Yzyndanam, boýnuny birhilije burdy-da: – Adamym ýog-a – diýdi. – Aýrylyşdym. Ýok bolsun. Ýer çekem, baran günümden bäri içip azar berip, ýaşamaga bermedi. Onsoň, dädem çydamady-da, diýdi, «gyzym, mundan gün bolmaz, gümüne gitsin» – diýdi. Onsoň, nädeýin, aýrylyşyp geldim. Mergen bedrede galan suwy arynyň öýüniň üstüne sepeleşdirdi-de, gamyşlary jaýyň daşyna çykardy. Soň olaryň daşyny çig gyldyrgan bilen mäkäm bogdy-da egnine aldy. – Onda, Meret bir arka gyldyrgan eltewersin. Maňa şu gün zerur gerekdir. Ol gelin: «Sen arkaýyn bolaýgyn» diýip galdy. Mergen bolsa arylaryň özüni ertirki işden halas edendigine ynandy. – Ýüziň gözüň bu çişi bilen nädip işe gitjek! Arynyň çakmasy Mergen üçin bähbit boldy. Ol üç günüň içinde jaýynyň üstüni basyryp, suwady. Şiferini kakdy. Üçünji gün öýlänräk gapy oturtmaly ýerini açyp otyrka, gapy kakyldy. Ol penjireden çykyp, aýlanyp işige bardy. Işikde maşyn durdy. Ol Ýoldaş Ahmedowyň maşynydy. Mergen işigi kakyp duranyň ýeňsesinden: – Salam, ýoldaş Ahmedow! – diýdi. Ahmedow hyrra yzyna öwrüldi. Ol salam bermezden ozal Mergeniň ýüzüni-gözüni görüp, pyňkyrdy. – Ýüzüňi nädäýipsiň-ow?! Mergen henizem çişi aýrylmadyk gözlerini gaşap durşuna. – Ýüzümden bäş-alty sany ary çakdy. Men şu ýüzüm-gözüm bilen işe-de baryp bilemok. – diýdi. Ahmedow ýylgyrdy. – Jaýyň-a bitiripsiň. Işdenem galmaly däl ekeniň. Seniň işe barman näme edip ýöreniňi tutuş raýon bilýär-ä. Başlygyň gaty gahary geldi. Heniz «Işe başlamanka munuň beýtmesi nämekä?» diýip, meni iberdi. Başlyk ýüzüni-gözüni çytyp: «Ertir sagat ona naçalnik milisiýäniň ýanyna barmaly. – diýdi. – Jan dost, ýoldaş Ahmedow jan, men bu ýüzüm, gözüm bilen nädip adama görüneýin. Sen başlyga aýt, maňa birinji sentýabra çenli rugsat bersin. Arynyň zäheri özüme-de erbet täsir etdi. Indi yssa-da çykyp bilemok, hiç ýarawlygym ýok... Ýoldaş Ahmedow: «Aý, seniň işiň arynyň, parynyň işi däl ýaly-la» – diýýän ýaly ýakymsyzja ýylgyran bolup, – Bolýar, başlyga özüm düşündirip aýdaryn. Ýöne arynyň çakany çyn bolsa bolýar – diýdi. Mergen gülüp: – Çyn-la. Şaýatlarymam bar. Meni çakan arylary hem tutup saklap otyryn – diýdi. Dowamy bar >> | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -12: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Duman daganda: Geçä jan gaýgy, gassaba ýag gaýgy - 11.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |