20:17 Köne mülk / roman | |
KÖNE MÜLK
Romanlar
BIRINJI BÖLÜM 1. Agyr ýük maşyny gijäniň bir böwründe, uly ýoluň gyrasyna sowulyp saklandy. Onuň kabinasyndan orta boýly, hordan agajet ýaş ýigit böküp düşdi-de, soň gyzgyn tigire basyp. maşynyň agaç aýmançasyny labyryny atdy-da, ondan bölek-bölek goşlaryny ýere düşürdi. Maşyn ýigit bilen ýeňiljek hoşlaşandan soň, ýoluna rowana boldy. Ol Mergendi. Mergen maşyn gidenden soň gumak ýerde ýatan goşlaryny ýygnaman, öňünde ýaýylyp ýatan garaňky gijäniň salkyn ummanyna syn saldy. Onuň niçeme ýyllap gelmän gelmän bu gün dolanan dogduk obasy bu ýalňyz ýolagça üşerlip, imisala ýatyrdy. Her ýerde-her ýerde, belent sütünleriň depesinde yranyp duran elektrik çyralary Mergene uýaljaňlyk bilen göz gypýardylar. Mergen goşlaryny eline aldy. Olar agyr çemodandan, bir halta kitapdan hem-de tutuş bir tor bolup duran akyr-ukurdan ybaratdy. Ol uly ýoldan göni ileri, hol aşakda gugaryp oturan köne tama bakan ýöneldi. Üsti şifersiz, ýel-ýagyş-ýagmyra suwaglary tutuş diýen ýaly sypyrylan bu jaý uzak ýerlerden bu ýaş ýigidiň öňünde özüniň görk-görmeginden erbet utanja galan ýaly, hor eginlerini gysyp otyrdy. Mergen jaýyň ileri bakyp duran köneje gapysynyň agzynda goşlaryny goýdy. Işik gulplydy. – Essalowmaleýkim! Mergen köne bolsa-da, ahyr soňy öz öýüne gelip, öz köneje mülküniň işiginde dyz epipdi. Öl birhilije eýemsireme bilen öz jaýynyň işigini gaýta-gaýta çekip gördi. Işik açylar ýaly däldi. «Açary kimdekä?» Ol obanyň gap-gara, garaňky ruhuna göz aýlady. «Goňşular kimlerkä?» Ol bu tama ýakyn jaýlaryň birine nazar saldy. Soň günbatarky goňşulara bakan gitdi. Jaýyň eýwany açykdy. Içerki otagdan yşyk görünýärdi. Mergen eýwana girdi-de, ýapyk duran gapyny batly-batly kakdy. – Kimsiň? Geliber! – diýip, ýaşuly aýalyň gyryk sesi eşidildi. Birsalymdan garryja aýal eýwana çykdy. – Bally, senmidiň? – Ol aýal eýwanyň çyrasyny ýakdy. Soň elini gözlerine kölegeledip, nätanyşa seretdi. Mergen ol aýaly tanady. Ol ejesiniň doganoglan aýal dogany Annabike daýzady. – Daýza, salowmaleýkim. Men Mergen. Garryja aýal elini agzyna ýetirdi. – Waý, Sona janyň ogly! Wah, Mergen jan! – Ol aýal möňňürip aglady-da, gelip Mergeniň boýnundan aslyşdy. – Wah, iner ogul, bal ogul. Mergen jan balajygym, geldiňmi?! – Ol Mergeni gujagyndan sypdyrdy-da, onuň ellerinden ogşady. Arka dagym, Mergen janym – diýip samrady. Mergen bu aýalyň üstünden içeriniň hem-de garran, ýarawsyz adamyň düşnüksiz ysyny aldy-da kellesini gapdala öwürdi. – Geldiňmi? Nädipler geldiň, ýegen jan! – Garrynyň süňňi silkindi. Sesi titiräp, agyly çykdy. – Sona jan diýip gelensiň, bala. Hany indi Sona barmy? Hany indi ejeň galdymy, bala! Ol ep-esli mahalllap, Mergeni bagryna basdy, soň az-kem özüni dürsäp: – Gel, obam, öýe gir, ertire çenli öýde bolarsyň. – diýdi. Mergen ýygrylyp durşuna: – Daýza, jaýyň açary kimdekä? – diýip sorady. Annabike daýza eýwanyň, megerem açar açylýan ýerine seredip durşuna: – Wah, häzir açar nämä gerek, hany, öýe gir, bir käse çaý içmän, duz datman açar bolmaz-a. – Ol ýene durumsyzlyk bilen – Açar bolmaly. Nirdedi, gyz, şol. Ýa Çalabek alypmydy. Ol Mergeniň öýe girmejegini duýup, açarly meselä düýrmegi bilen berildi. – Menden Çalabeg-ä bir aldy. Ýöne yzyna berenini, bermänini aýdyp biljek däl-de, ýegen jan. – Ol birden ynamlyja gepledi. – Açar şonda bolmaly. – «Çalabek» kim bolmaly, daýza? – Wah, ýegen jan, şonam bileňokmy. Biziň Berdimiz-le. Armydan gelende ýöne «Çalabek, Çalabek» boldy durdy-da. Şondanam meniň dilimde galdy-da, ýegen jan. Mergen oňa kän bir ünsem bermedi. Onuň bar aladasy açardy. – Meniň goşlarym daşarda ýatyr, daýza. Şolary bir öýe salyp bolsady. Annabike daýza ellerini arkasyna tutdy. – Goşlaryňy daşarda goýma. Ýegen jan, bu bir oba däldir. Kakar giderler. Bar, getir, içeri salaly. Mergen onuň bilen ylalaşmady. – Açary tapaly, daýza. Meniň şu eşiklerimi düýnki geýenim. Öýe girip, eşiklerimi çalşyrnaýyn, az-owlak dynç alaýyn. Juda bolmasa, gapyny döwüp giräýerin. Annabike daýza ýaýdandy. – Ol Durnaýam yzyna tirkäp, baryp gün batmanka «oturlyşyk bar» diýip menden üç manat alyp gidiş-ä. – Bolýar, daýza. Men onda gapynyň zülpesini goparaýyn. Ertir özüm bejererin. Annabike daýza oňa razy bolmady. – Dur, ýegen, beýtme. Hany men Çalabegiň jübülerini bir gözläýin. – Ol içeri girip gitdi. Mergen garrynyň Mergeni nämüçindir şol jaýa goýbermejek bolýanyny güman etdi. Garry bir salymdan eli açarly çykdy. – Açar onuň jübüsinde eken. – Ol Mergene panusy uzatdy. – Içeri garaňkydyr. Şuny ýakowoý. Ertir özüm Çalabege aýdyp, elektrik çekdirerin. – Garry Mergene seretdi. Bolmasa, öýde bolubersen-e. Näme diýseňem, gündiz gündiz bolar. – Ýok, men öýe baraýyn! – Mergen öz diýenine tutdy. Ol öz diýenini etdi. Gapynyň gulpuny zordan açyp, içeri girdi. Goşlaryny içeri salmanka içerini synlady. Içerden arzan çakyryň, «Astramy», «Pamirmy» ýa gazete dolanyp çekilen temmäkiniňmi, syçanyňmy, ýa başga bir jandaryňmy agyr ysy pörsap gelýärdi. Howa juda yssy, dymyk bolansoň, içeriniň porsusy dymyk howa bilen garyşyp jebegäňi daraldyp, janyňy alyp barýardy. Orta ýazylan gazet böleginiň üstünde arzan çakyr çüýşeleri, balyk gapyrjaklary, çörek bölekleri çaşyp ýatyrdy. Kirli käseleriň düýbi, gap-gara suw kesmekläp durdy. Gapdalda pytrap ýatan köne ýassyklar başly-barat çaşyp ýatyr. Mergen panusy orta goýdy-da ylgap daş çykdy, daşarynyň howasy içeriniňkidenem agyrdy. Bir ýerlerden haram ölen malyň janyňy alyp gelýän porsy ysy. Ýigide nätanyş bir porsy ys bilen aňkap, göni ýüzüňe pürkülýärdi. Mergen goşlaryny içeri saldy. Ortada bulaşyp ýatan zatlaryň baryny daşary çykardy. Koridorjagazda pytyrap ýatan köneje sübsäni alyp çogdamlap, onuň bilen içerini boldugyça süpürdi. Içeriniň tot-tozany otagy doldursa-da çydady. Tozan ýatýança, eşiklerini çykaryp, ejesinden galan köneje şkafyň üstüne atdy. Ahyr soňy munuň bilenem bolmajagyny bilip, içeriniň düşegini daşary çykaryp, takyr ýerde, ýeke-ýekeden kakdy. Öýden bedre-de, tasam, taňka-da tapmady. Şonuň üçin ýene daýzasynyňka bardy. Ol gapyny kakyp garryny çagyrdy. – Daýza suwy bilen bir bedräňi alaýyn. – Al, al ýegen jan. Menem ynha, çaý demläp bardym. Mergen içerini suwlap süpürdi. Soň kakan köneje keçelerini getirip içeri ýazdy. Penjireleri giňden açdy. Soň galan suwa çalarak ýuwunyp, Aşgabatdan alyp gelen ýeňilräk eşiklerini geýdi. Orta köneje saçagy ýazdy. Saçagyň üstüne ýany bilen getiren ýumşajyk ak kökesini, konfetleri goýuşdyrdy. – Ýene birje bedre suw bolaýsady. Bu çäýnek-käseler kirden, tozandan ýaňa görer ýaly däl-ä. Aýak sesi geldi. – Kim bar-aý? Erkek adamyň sesi içerini endiretdi. – Kim bar, Çalabek sem-mo-ow? – Geliberiň! Kim gerek size? Daşarda hümürdi eşidilse-de, içeri giren bolmady. Birsalymdan Annabike daýza bir bedräni göterip içeri girdi – Suwmy? Getir, maňa beräý – diýip. Mergen gyssanyp sorady. – Garry bedräni bermedi. – Sen otur, ýegen. Men seni çaýlap-suwlaýyn. Nirelerden gelipsiň-ä. – Ol bedreden bir çäýnek, iki käse, ýarty çörek, şakäsede içine gowurdak atylyp bişirilen heýgenek çykardy. – Hany, geç. Garynjygyňy doýur. Mergen saçagyň başyna geçdi. – Daýza men bu öýden bedre, tas tapmadym-la. Annabike daýza panusyň çalamydar yşygyna ýüzüni awuly sypjyklatdy. – Bolmazam. Sona janyň hemmeje zadam bardy. Ýöne biziň şu Çalabegimiz, ýanyna-da Durnoýy alyp, ýegen jan şu bir yrjal boldy, şu bir yrjal boldy. Ol bu içerde zat goýman dargatdy. «Aý, oglan ýogalan adamyň yzynda galan zady dargatma, erte onuň agyr günäsi bardyr» diýip, dilime tüý bitendir, ýegen jan. Ol «Sen diýdiňmi, ýa ösüp barýan ýel diýdimem» diýmedi ahyryn. Bu öýem öz meslekdeşleri bilen arakhasyna, küntühana öwürdi. Indi şu jaýda çyra ýansa, ýalaň bedibagtlar süňňüni saklap bilmän, dyzaşyp dur-a. Atasy urup, ejesi käýýänleň bary şu ýerdedir, ýegen, ine, görersiň... Men olardan bizar bolandyryn. Mekdebe Dürjemalyň ýanyna baryp, raýon milisesine «Şu jaýy ýykyp ýok ediň» arza ýazdyrdym. Mergen bu garry aýalyň aýdan sözüne aňňalyp galdy. – Jaýy näme üçin ýykmaly, daýza? Annabike daýza oňa çöňňelen gözlerini alardyp garady. – Men halys bizar boldum! – Ol töweregine gorkuly seretdi. Howlugyp boş käsäni eline alyp, agzyna ýetirdi. Niräniň orramsy arakhor ýer ýuwdanlary üstümi kürrediwan etdi meniň. Onsoň, men başga näme alaç edeýin, ýegen jan. – Ol sesini birneme peseltdi-de, kesewi ýaly gap-gara, horja elini açyk penjirä tarap uzatdy. –Munyň bolmaz, ýegen, äpişgäňi ýap! – Yssa-a! – Bu jaýyň öňi porsy batgalyg-a. Näme, ýaňy görmediňmi? Dünýäň bar çybyn-çirkeýi, ýylan-içýany şu batgalykd-a. Dünýä şu batgalykdan ýaýraýar, şol ylhanatlar. Olar näme, seni sylap goýar diýýeňmi? Onuň üstesine, şemal ýatsa bir aldajy porsy aňkap, seniň jaýyňa bir urar welin, gaçyp gitjek ugruňy bilmersiň, ýegen jan. Bu jaýyň, porsyň däl. Sen oduň içine düşensiň, ýegen jan. Öňki Sumbaryň, öňki adamlaryň ýok indi. Gahatçylyk indi bu obalara. Derman, şol bolmasa ölýen diýseňem, şu üç obada ýeke owurt gatyk, süýt tapmarsyň. Ýumurtgany, pomidor, sogany, eti, ýagy Aşgabadyň bazaryndan getirdýek. Oba diýmersiň, bahalar, Aşgabat bazaryndanam ýokarydyr. Daýzasynyň bu gürrüňlerine Mergen kän bir düşünibem baranokdy. Onuň pikiriçe, ýer bolsa, suw bolsa bu toprakda bitmejek zat bolmaly däldi. Ýöne ony şu porsy meselesi gyzyklandyrdy. – Bu porsy nirden bolsun, daýza? Annabike daýza janykdy. – Jan ýegen tutuş üç oba haram ölen malyny, ähli hapa-hupasyny, pohuny-yrryhyny getirip şu, indi ýüz ýyl bäri şu çukura gapgaryp otyr-a. Onsoň bu ýer maslykhana bolman, porsaman nätsin. Indi bu ýer alyň, arwahyňam mesgen bolup gitdi. Gaýta milisgeler buldozor getirip, gugaryp duran bu tamam şol çukura gapgarsalar bähbit dälmi? Men ony ýöne ýere aýdamoga, ýegen jan. Mergen bu gün ejesinden galan köneje jaýa gelip, edil, begennik bolana dönüpdi. Iýip-içibem onuň ugry bolmady. – Sen jaý etjek bolsaň, tam gurjak bolsaň näme, şu ýurtda ýer gytmy, gelip, arwah-jynly tama gyssyrylmanyňda! Mergen bu garry aýala hiç zat diýmese-de, onuň juwan ýüreginiň teýindäki nagmaly perdeleri saýrap: «Ýok, seniň bagtyň şu ýerde. Bu ýer seniň ata-babaňdan miras galan köne mülküňdir!» diýýän ýaly, hoşamaý saýrap durdy. –Ýok, daýza, entejik howlukmaly! Men ertire bir çykaýyn, soň näme etmelidigini özüm aýdaryn. Garry çäýnek-käsesini bedresine salyp başlady. – Sen indi köp boljakmy, bu tamda? Mergen penjiräni ýapdy. – Men, daýza, indi ömürlik ýaşamaga geldim, ömürlik! – Ömürlik! – Okuwyň näme? – Okuwy tamamladym, bäş ýyl okadym. Besdir. Indi okuw bolmaz, bilmek gerek... Garry heýgenekli şakäsäni eline alyp, gözlerine ýakyn tutup, onuň içine seretdi. – Iýmänsiň-ä. Iýmeli ekeniň-dä. Munuň özi nämeji-gä... – Sag bol, daýza. – Bäş ýyl okap, kim bolmalymyşyň indi? Mergeniň sesi dabaraly çykdy. – Mugallym! – Garry hor ýumrugyny agzyna ýetirdi. – Aşgabat ýaly ýerde bäş ýyl okap, indi boljagyňam mugallymmmy? Han-a Dürjemalam mugallym-da. Şonuň-a okanyny göremizok biz. Garry turmakçy boldy. Emma daş işikden eşidilen hümmürdi ony saklady. – Öýde kim bar, mamaş senm-äý? Içeri uzyn, şilliň adam eplem-büklem bolup girdi. – Mamaş men-läý! Jaýyň çyragy ýanyp duran eken diýip sowulaýdym. Garry Çalabegi görüp, gülüm-ýalym eden boldy. – Geldiňmi, oglum. – Ol bedresinden heýgenekli şakäsäni çykardy. – Iýjekmi, Al iýäý. Käsäni oglunyň öňüne süýşüribem: – Hana, Sona daýzaň ogly Aşgabatda bäş ýyl okap, mugallym bolup, ömürlik ýaşamaga gelipdir. Garry bu sözüniň üsti bilen ogluna nämädir kakdyrýanyny Mergen aňdy. Ýöne ol kakdyrmany aňy alardan Çalabegiň parasady has ýüzleý bolup çykdy. Çalabek işigiň agzyndaky düşege süýndi. – Mamaş, ýamm-man pors-aý. Nädp, nädip çydaýaňyz-aý? Ýamman nejis porsaýar. Demiňi gysdyryp barýar-a-ow, of! Ol az-kem demini dürsäp, Mergene seretdi. – Aşgabatdan okuwyňy gutaryp gelen bolsa, Berdi daýyňa içer ýaly gowja arak getirensiň-ä. Mergen beýle söze garaşmadyk bolara çemeli. Ol aljyrady. – Aý, ýok. Men-ä bu obalarda arak içilýandirem öýtmändirin. Ol wagt içeri Gara daýy, Berdiniň kiçisi girdi-de, agasynyň gapdalyna süýndi. – Durnoý! Senem geldiňm-ow. Seret, Aşgabatdan ýegen gelipdir-ä. Annabike daýza ýaňy elini ýetiren bedresini şakyrdatdy: – Çalabek! Sen bu oglana azar berme diýmedimmi. – Otagyň duluna arkasyny berip irkiljiräp ýatan Gara daýy ziňk edip gitdi. – Maňa diýýäňm-äý? Annabike daýza mys-mys edip güldi. – Ýatyber, Durnoý jan, saňa zat diýýän ýok. Çalabekdir-dä... Ejesi işikden çykan badyna Çalabek Mergeni ýene gyssap başlady. – Eý, Çalabek, saňa diýilýär. Aragyň ýokmy? – Mergen «arak ýok» diýip sypjak boldy. Emme Çalabek sypdyr ýaly däldi. – Aragyň bolmasa, puluňam ýokmy? – Näçe gerek? – diýip, Mergen indi bu adamdan başyny gutarsa razy bolup gepledi. Çalabek oňa kasty bar ýaly darady. – Bol, beýdip, syrnyhlanyp durma-da. Sen-ow, Aşgabatdan okuwuňy gutaryp gelibem indi ýuwmajak bolýaňmy. Ýuwman oýnarsyňam! – Ol elini uzatdy. – Dawaý, näçe bolsa ber! Mergen ýerinden turup, ýoldan geýip gelen jalbaryny şkafyň üstünden alyp, onuň jübüsine elini sokdy-da, eline ilen puly daşyna çykardy. – On alty manadym-a bar. Bolarmy? Çalabek oňa göwnüýetmezçilik bilen seretdi. – Öl-ä, öl. Aşgabatdan, uniwersiteti gutaryp gelibem, bar berýäniň şu bolsa, senden hakyky mugallym çykar-ow. – Ol hüňürdäp, başyny hondan bärsi tutdy – Aşakda traktorçylyk kursuny gutaryp gelenler senden bäş esse artyk çykarýa. Ol ýerinden turdy. – Ýer-ow, Durnoý. Bu gysganç kürräniň ýüzem gerek däl, pulam. – Ol erbet sögündi. Olar tirkeşip daş çykdylar, bir salymdan Gara daýy içeri girdi. – Çalabek ýaňky puly bersin diýýe. Mergen jübüsine saljak bolup duran puluny Gara daýyň uzadyp duran eliniň aýasyna goýdy. Gara daýynyň yzyndan ol ortadaky saçagy, çäýnek-käsäni ýygnaşdyrdy. Ol penjiräni açmakçy boldy. Ýöne penjiräniň aýnasynyň aňyrsynda edil bir kölge ýaly bolup yranyp duran peşe sülsadyna gözi düşüp, pälinden gaýtdy. Gelip panusy öçürdi. Indi içeri hakyky dowzah diýilýäni boldy. Petişdenem beter juda aldajy porsy ys janyňy alyp barýardy. Onuň üstesine, her biri başam barmak ýaly çybynlar iýip-içip barýardy. Mergen bu zuluma çydamady. Ylgap daşary çykdy. Emma daşary hem içeriden idili däldi. Haram ölen malyň maslygynyň ýene haýsydyr bir eýmenç ys bilen garyşyp, edil beýniňe urýan ysy, çybynyň, çirkeýiň ýowuz daramasy aklyňdan azaşdyryp barýardy. Mergen janhowluna jaýyň daşyndan aýlandy. Mergene ýeke ýol galypdy. – Jaýyň üstüne çykaýmasaň. Ol panusyň pelteli bokurdagyny açyp, endam janyny nebit bilen suwady. Soň içeri girip ejesinden galan düşeklerden, ýorgan, ýassykdan alyp, jaýyň üstüne taşlady. Soň onuň özem hyklap-çoklap tamyň üstüne çykdy. Gündizlik jöwzadan ýaňa henizem sowap ýetişmedik kerpiçleri, daşlary bir gyra üýşürdi. Özüne düşek ýazyndy. Soňam, edil eli ýetäýjek bolup duran çerre-çerre ýyldyzlara seredip süýji uka gitdi. Ol garym-gatym gykylyga oýandy. Ilk-ä hiç zada düşünmedi. Daş-töwerekde adam-gara görnenokdy. Özüni dürsänsoň, özüniň jaýyň üstünde ýatandygyna düşündi. Az-kem daňdan çigregi düşüpdir. Çybynlar ýatyşypdyr. Aşakky öleňlikden gurbagalaryň, sazlaşykly sesi eşidilýär. Nirededir bir ýerlerde it üýrýär. Ýene-de goh galyp başlady. Mergen gohuň öz jaýynyň içinden gelýändigini duýdy. Ol goh jaýyň tüsse çykaryndan ýokary galýan, edil Mergeniň gulagynyň düýbünde ýaňlanyp duran eken. Mergen şol deşikden aşak, içeri seretdi. Jaýyň içi garaňkydy. Şonda-da panusyň çalaja yşygyna, ol içerde oturanlaryň alty-ýedi baryny saýgardy. Onuň gözüniň saýgarýan ýerinde Berdi daýy gyşaryp ýatyrdy. Onuň gapdalynda Gara daýy düňderilip oturdy. Beýleki adamlary, gyrarakda oturan gelinleri ol tanamady. – Men seniň zadyňy bilemok! – diýip, Gara daýynyň gapdalynda oturan daýaw pyýada logur-logur gepledi. – Sen maňa näme diýdiň? «Eşegiňi ber» diýdiň. «Oňa derek daýzamyň jaýyny bereýin» diýdiň. Özem edil at ýaly eşek. Ak bazarda müň manada dileýärler. Seniň bu jaýyň iki ýüz segsen mana-da-da degenok. Men erkek bolup sözümde durdym. Oňa, ine, doganyň Durnoýam şaýatdyr. Berdi daýy serhoşdy. Ol, megerem, ýerindenem galyp bilmän ýatyrdy. Oňa derek Gara gürledi. – Men şaýat, diýde. Çalabegiň diýeni dogry – diýdi. Ýalan diýjek däl. Ýöne, dide jan, ol bu kürre geler diýip, pikir etmed-ä... – Hawa, diýende sen bardyň. Men başga zadyňy bilmen. Ýa eşegimi ber, ýa puluny ber... Maňa dawaly zat gerek däl. Hana, kürräň, hana-da Çalabegiň, Kürräňi öldür, ýitir, nirä ýok etseň öz işiň. Maňa puluny bersin... Şol wagt aýallaryň ýaşyragy çyňsap gygyrdy. – Ýok bol-a meýit. Çek eliňi. Men seniň oýnaşyň däl. Ýok bol... Berdi daýy çala gymyldady. – Degmäň, how, gyzlara degmäň...Emma dawa edýän adam köşeşer ýaly däldi. Ol gaýtadan möwç alyp başlady. – Özi aýtdy gerek, eşegiňe derek jaýymy bereýin diýip. Erkek ýaly söz berdi. Sözünde durmady gerek. Durmady, Senem şaýat...Indi erkek bolup jaýyny bersin. Indi bu jaý meniňki. Men bilmen. Erkek bolsun... Ol pyýada serhoş sesi bilen haýkyryp gepledi. – Häzirem, meniň jaýymdan çykyň. Men bilemok. Jaýdan çykyň!.. – How, keýp çekilip otyrka gykylygyňyzy bes ediň. – Men bilmen. Meniň jaýymdan çykyň. Bu ýer size jelephana-da däl, arakhana-da. Ýok boluň. Aýallar ýerlerinden turdular. – Myjjy bizi ugratsan-a. Hälki eşek, jaý dawasyny edip, haýkyryp gürleýän pyýada ýerinden turdy. – Men häzir gelýen. Gelýençäm meseläni çözüň. Başgaňy bilemok. – Olar ygam-sagam bolup jaýdan çykdylar. Mergen olary daşary çykanlaryndan soň ýene bir sapar sanady. Olar içerde gyşaryp ýatan Berdi daýydan başga ýedi erkek adam bilen iki aýaldylar. Ol daýzasynyň: «Men şulardan bizar boldum!» diýmesine indi düşündi. «Bular bu eýesiz jaýy mugutjak meýlishana öwren ekenler-ow. Ýöne men olaryň beýle oýnuna ýol bermen. Şu gijeki meýlisleri olaryň iň soňkyja meýlisi bolar Sen Myjjyk jan, jaý ýerine daşyň gatysyny alarsyň...» Mergen ukudan açyldy. Ol jaýyň üstünden töwerege seretdi. Aşakdan Sumbar bilen ene ýabyň aralygyndaky melleklerden bag-bakjalardan salkynlyk öwüsýärdi. Ene ýapdan, tä jaýyň işigine çenli giden bir futbol meýdançasyndanam giňiräk meýdan bolsa öl, yzgar çukur bolup porsap ýatyrdy. Bu porsy öleňlikden gelýän salkyn şemaly demine ýuwudýardy-da, soň ona porsy demini garyp äleme ýaýradýardy. Ol çukuryň içi selmedir, ak baş, ýekendir, hyşa bilen jeňňel bolup gidipdi. Häzir şol gap-gara porsy batgalykdan gurbagalaryň ýakymsyz sesi goh bolup ýaýraýardy. Garaňky, dymyk gijede şol çukurdan gelýän süňňüňi elendiriji porsy ys ruhuňy hopukdyryp, şol tarapa nazar aýlasyň gelenokdy. Göwnüňe bolmasa, şol gorkuly batgalykdan ot-ýalyn bolup, şaýly gelin çykaýjak ýaly... Şondan soň Mergeniň gözüne uky gelmedi. Ol oň gözüne ilmedik, bu gün juda owadan, üýtgeşik bolup görünýän mawy asmana seredip ýatdy. Daňyň düýbi çyzylyp, dünýä ýagtylyp başlady. Ýaş ýigit mundan aňry düşege baglanyp ýatmaga takaty ýetmän, ýorgan-düşegini düýrläp gapdala goýdy-da, jaýyň üstünden ýere düşdi. Içeri bir süri doňuz giren ýaly bolup ýatyrdy. Orta düşelen gazet saçagyň üsti arzan çakyr çüýşelerden, käsedir bulgurlardan münder bolup ýatyr. Jaýyň içi çilimiň, çakyryň ýürek bulandyryly ysyndan porsap dur. Gaty-guty çörek bölekleri, «Kilka» balygynyň gapyrjagy, gawun-garpyz paçaklary, çigitmisiň, gabykmysyň, asyl, ortadaky gazetiň üstüne seretseň, aňryň bäri gelýärdi. Mergen penjireleri açyp, çüýşeleri daşary taşlaşdyrdy. Soň gazet bölegini dolaşdyrdy-da daş çykdy. Elindäkini köneje ojagyň içine atdy. Ol ýeriň holtumy ýaly bolup, porsap, lokur-lokur gaýnap, bugaryp ýatan äpet çukuryň gyrasyna bardy. Çukur hakykatdanam, edil futbol meýdançasynyň aýtymy ýaly çuň kölçe bolup porsy suwdan, hyşadyr ýekenden, haram ölen haýwanlaryň çüýräp ýatan meýdinden säheriň imisalalygyna bulkuldap ýatyr. Mergen: «Bu çukura suw nireden gelýärkä?» – diýip, oýlandy. Ol çukuryň tutuş daşyna aýlanyp, çukura suwuň geläýjek ýerlerini yzarlady. Ol obanyň ortasyndan akyp geçýän uly ýap bilen bu çukuryň arasynda syçanyňmy, ýylanyňmy hininiň bolaýmagynyň mümkinligi barada oýlandy. Sebäbi bu suwly ýap çykyrdan bary-ýogy on-on bäş ädim ilerden akyp geçýärdi. – Şu gün her iş etmeli welin şol hini tapmalam, beklemelem – diýip, ol özbaşyna gepledi. Soňam, ony birki gün, tä guraýança goýup, ýagşy arassalamaly. Bu ýerde ýandakdan, hyşadan, haram ölen mallaryň maslygyndan başga bir zadam bolmaly däl. Olary otlasaň näme galjak. Çynymy etsem, olaram üç-dört günde arassalaryn.. Soň bu ýeri tekizläp, mellejik etseňem bolman durjak däl-ä.. Ol bu işi häzir, gyzgyny bilen başlajak bolup, içerden, daşardan pil gözledi. Pil näme işläpdir. Asyl, bu töwereklerde derde ýarar ýaly agaç bölegi bir bolsun-la... Mergen içeri girip, agşamky çagşap ýatan sübsesi bilen içerini süpürdi. Soň ejesinden galan köneje bedräni alyp, ýapdan suw alyp gelip, işige sepdi. Işikleri syrmak üçin porsy çukuryň gyrasynda paşyrdap oturan sygyrguýruklardan bäş-alty sanysyny döwüp aldy-da, töweregi süpürdi. Çüýşeleri ojaga saldy. Gap-gaçlary, çäýnek-käseleri, bulgurlary gül ýaljak edip ýuwup arassalady. Ýene bir bedre suw alyp gelip, özi ýuwundy. Şondan soň Annabike daýzalara bakan ugrady. Mergen eýwana girip, gaz peçde çaý goýdy. Çaý gaýnaýança bu töweregiň ýan-ýanaşyk bolup oturan jaýlaryny synlady. Jaýlaryň bary çig kerpiçden çalamydar edilip gurulandy. Käbiriniň daşy suwalyp, käbiriniňki suwalmandyram. Barynyň depesi şifersizdi. Jaýlaryň öňünde köneje ojaklar bolaýmasa, bag-bakjanyň, mal-garanyň, towuk-towşan keteginiň adam ýok. Gapdaldaky ýataklarda palaňy aýrylmadyk eşek bolaýmasa, başga bir mal-gara gözüň düşenok. Çäýnek gaýnady. Ol eýwanyň bir böwründe duran çäýnekleriň birine çaý atyp, demledi-de, öz tamyna bakan gitdi. Çäýnegi orta goýdy. Mergen bu jaýyň koridoryna göz aýlady. Onda ýok zat ýokdy. Köne peç, dört-bäş turba, köneje bedre, tas, üç-dört sany bogdak halta, ýüň, köne keçe, ýüň darak. Asyl işikden töre çenli köne-küşül baslygyp ýatyrdy. Şol tarapdanam ýakymsyz ys burnuňa urup gidýärdi. Mergen Aşgabatdan getirenje köke süýjüsini saçagyň üstüne goýuşdyrdy-da çaý içdi, garbandy. «Men ir bilenjik raýon merkezine gideýin. Ilki bilim bölümine barmaly. Işe gelenime bellik etdirmeli. Soň öýe gerek-ýarak zatlary almaly. Ol oýlandy. «Öýe näme almaly. Men indi myhman däl. Öý özümki. Ine, edil çarwada ýaly bolup otyryn. Şu wagt bir del adam gelse, meniň bolup oturyşyma näme diýer. Men indi beri adam ýaly ýaşamaly!» Hakykatdanam, bu öýde ýaşamak, öz durmuşyňy dolandyrmak üçin hiç zat ýokdy. Ol durmuşa indi başlamalydy. Şonuň üçin bu öýe näme gerek bolsa, ony Mergeniň özi satyn almalydy. Ýigidiň puly bardy, ýöne näme gerekdigini gowy hasaplamalydy. «Bu öýde, iň bärkisi, pilem ýog-a». Mergen ýassyga gyşardy-da, gapdalda küt-küt bolup ýatan kitap daňysyna elini ýetirdi. Ondan ulanylan konspekt depderini soguryp aldy. Soň ýerinden turup, agşam çykaryp goýan jalbarynyň jübüsinden gysgajyk galam çykardy. Soňra bloknodyna seretdi-de»Öýe gerek harytlar» diýip ýazdy. «Birinji, berk gulp». Öýi Çalabekden, onuň hemşerlerinden gorajak bolsam, ilki bilen öz gulpum bolmaly! Her ýeten çüý bilen açyp girip ýören öýden öý bolmaz. 2. Çüý, ulusy, orta hilisi, hersinden bir kilogram. 3. Çekiç. 4. Eşik asylýan. Häzirlikçe, alty sanysy. 5. Pil, adaty we uly pil. 6. Pil sapy, dört sany. 7. Çarşak. 8. Palta. 9. Palta sapy. 10. Çalgy. 11. Kätmen. 13. Orak, iki sany. 14. Bedre, dört sany. 15. Kir ýuwulýan, ulusy, kiçisi. 16. Çemçe, alty sany. 17. Jam, ulusyndan, kiçisinden dört sany. 18. Tarelka, alty sany. 19. Klýonka, bäş metrlik. 20. Pyçak, üç dürli. 21. Süýji salynýan. 22. Gant döwülýän. 23. Sabyn, kir ýuwulýany, el ýuwulýany. 24. Diş, köwüş çotgasy. 25. Eşik çotgasy. 26. Diş pastasy. 27. Ädik, garasy. 28. Duz. 29. Soda. 30. Gara burç. 31. Lawrowyý list. 32. Makaron, iki kilo. 33. Tüwi, iki kilo. 34. Şeker, iki kilo. 35. Nabat, iki kilo. 36. Sary ýag, iki kilo. 37. Çigit ýag, iki kilo. 38. Ýag üçin gap, üç sany. 39. Kepgir, iki sany. 40. Burç, duz guýulýan gapjagaz. 41. Stakan, alty sany. 42. Lampoçka, alty sany. 43. Razetka, iki sany. 44. Patron, dört sany. 45. Sim, 20 metr. 46. Atagzy. 47. El ýuwulýan. 48. Sabyn salynýan. 49. Platensa, ulusy, kiçisi. 50. Iki bölek şifer, ulusy. 51. Iki list faner, ulusy. 52. Tagta, iki kub metr. 53. Duş üçin suw gap, enjamlary bilen. 54. Penjirelere tuty, owadan, ýörite matadan. 55. Marly, on metr. 56. Derman: aspirin, analgin, ýod, zelýonka. 56. Depder, on sany. 57. Edebiýatdan, dilden okuw kitaplary. 57. Gaýçy, iňňe, sapak. Ol boldum etdi-de, saçagyň üstüne seretdi. Soň ýene ýazyp başlady. 58. Nebit gap, nebit, bäş litr. 59. Üç pelteli kerogaz. 60. Kružka, iki sany. 61. Çäýnek, iki sany. 63. Käse alty sany... Mergen penjireden daşary seretdi. Gün henizem doganokdy. Soň ol gyssanman ýazan zatlarynyň bahasyny çen-çak bilen hasaplady. Barysy aňry gitse üç ýüz otuz manat boljakdy. Ol çemodanyny ýanyna alyp, açdy-da, barja puluny sanady. Onuň tutuş müň manat puly bardy. Iki ýyllap student gurluşyk topary bilen Tejene, Arçmana gidipdi. Okuwynyň daşyndan wokzalda ýük düşürip işläpdi. Krasnowodskiý oblast bilim bölümi bolsa, okuwyny gutaryp bellenilen ýerine işe geleni üçin oňa iki ýüz ýigrimi manat beripdi. Müň manat Mergen üçin az zat däldi. Onuň üstesine onuň student wagty ulanan sajy, ütügi, elektrik çäýnegi, termosy, radiosy, sakal syrylýan maşinkasy hem bardy. Üç sany täzeje jalbary, dört köýnegi, iki trusisi, üç-dört maýkasy, poltosy, ädigi, gulakçyny bardy. Munça zat ýetim oglan üçin az däldi. Mergen el galdyrdy-da, turup saçagy ýygnady. Häzir geýip gitjek eşiklerini çykaryp goýdy. Çemodanyndan dört ýüz elli manat alyp jübüsine saldy. Pasportyny, okuwy gutarandygy baradaky kepilnamany, oblast bilim bölüminiň ugratmasyny çykardy. Soň geýinip, daş çykdy. – Bloknot galypdyr. Ol içeri girip bloknodyny, ruçkasyny alyp çykdy. Işigi ýapyp, gapyny gulplady. Soň Annabike daýzalara bakan ugrady. – Daýza, salowmaleýkim! – Ol eýwanda güýmenip ýören garra habar gatdy. Gary begendi. – Gel, ýegen jan, otur, çaý, çörek iýeli... Mergen gyssandy. – Daýza, sag bol. Men bir aşak baryp geljek. – Annabike daýza Mergeniň bir zatjagaz tamakin bolýanyny aňdy... Ol pul dilär diýip oýlandy. Oňa ýok diýmäge bahana gözledi. Emma ýetişmedi. – Daýza, maňa elektriksiz gaty kyn boljak. Obanyň elektrik montýoryny tapyp, maňa yşyk, radio çekdirip bersen-e. Men el hakjagazyny bererin. Garra ýegeni pul dilemese boljakdy. Ol ýegeni beýle ýeňil iş buýrar öýtmändi. Şonuň üçin ol ör-gökden gelen boldy. – Goýaweri, ýegen jan, el haky ýerine belanyň sapyny alsynlar. Ýaman öwretme, sen bulary. Agşamam Çalabege on alty manat beripsiň. Durnoý diýdi. Belanyň sapyny içsinler. Nirelerden gelen ýetim çaga berenlerimi? Ondan ýaňa gaty arkaýynja bol, özüm saňa togam, raýda-da çekdirip goýaryn. Mergen ýola çykdy. Ol barmaly ýerine pyýadalap barýança, gün al asmana çykdy. Raýon bilim bölüminiň müdiri Mergeni güler ýüz bilen garşy aldy. Onuň uniwersiteti gutarandygy baradaky kepilnamasyny, ugradyş hatyny birlaý görüşdirip, ýylgyrdy. – Ikimiz atdaş ekenig-ow. Men-ä Atda Mergenow, senem Mergen Ataýew. Saňa beýle familýaň bilen, hökman kömek etmeli bolar. – Ol stolunyň üstünde duran kagyzlaryň birini aldy-da ýaş ýigide bir uzatdam, ýöne ony elinde saklap durşuna, Mergeniň ýüzüne seretdi. – Heniz-ä birneme irräk, sen awgust aýynyň ýigrimisine, arza ýazyp gelersiň. Ýok, sen näme et diýsen-e... Mergen baş atdy. – Bolsa-ha maňa öz obamdaky 8-nji mekdepden sapak beriň. Müdir ullakan gara gözlerini ýumjykladyp köçä, aňyrda seleňläp görünýän baglara tarap seretdi. – Atdaş, entek men saňa bir zat diýmäýin. Bu gün iýulyň ýigrimisi. Ýene dopba-doly bir aý wagtymyz bar. Oňa çenlem mekdepler açylar. Her mekdepde haýsy mugallym bar, haýsy mugallym ýok, olar barada hasabatlar geler. Şony görüp, saňa bir zat diýmesem, häzir menem edil seniň özüň ýaly. Ýöne, sen häzir bir zat et, ýaz, arzaňy. Ol Mergen hälki kagyzy, ruçka berdi. – Ýöne indiki sapar meniň ýanyma geleniňde kagyzyňam, ruçkaňam bolsun. Mergen şol günüň dowamynda ýazan dört arzasynyň birinjisini ýazyp müdire berdi. Müdir onuň arzasyny okap iki ýerini düzetdi. – Hatyň owadan eken. Ýöne ýalňyşmajak bol. Mergen hoşlaşyp işikden çykjak bolanda müdir ony saklady. – Atdaş, sen näme et diýsen-e, bolmasa, biz şu ýyl Hasar dagy bilen Sünt dagynyň aralygyndaky Ýollydere diýen ýerde çagalara pioner lagerini açdyk. Sen şonuň soňky ongünlügine terbiýeçi bolup gidäýsen-e. Mergen ylalaşmady. – Ýoldaş mugallym, meniň ene-atam, dogan-garyndaşym ýok. Onsaň ýaşamaga-da ýerim ýok. Üçünji Garaganly obasynda bir sümelge bar. Ony azap edip bejermeli. Men ýigriminji awgusta çenli jaý meselämi düzedip bilsem, uly iş etdigim boljak. Müdir Mergeniň bu çözgüdine sesini çykarmady. Ýöne: – Atdaş, men saňa birneme pul kömegin-ä edip biljek. Elbetde, üstüne azajyk goýumjagazy bilen – diýdi. – Nesip bolsa, ilki bir peýdajygyny görüp, soň, işläp başlasaň, ýuwaş-ýuwaşdan üzüberersiň-dä... – Sag boluň, ýoldaş mugallym. Müdir hoşamaý hoşlaşyp galdy. Mergen ol ýerden raýon içeri işler bölümine baryp, şu raýona ýazgy etmeklerini sorap ikinji arzasyny ýazdy. Bölüm naçalnigi Mergenden sud soragyny etdi. Ahyram: – Sluşaý, sen, Ataýew, organ işinde işlemäge höwesek dälsiň-ä? – diýdi. Mergen ör-gökden geldi. – Aý, ýok-la, men mugallym bolaryn. Müdir bagyr ýaly ýüzüni ajytdy. – Meniň çynym. Sen oýlanyp gör. Iliň-ä gaçgyny mugallymçylykdyr. Okuwçylaryň porsy oslugyndan başga näme bar onda. Meniň saňa ýamanlygym ýokdur. Oýlan. Bize bir gowja oglan gerek. Mergen bu ýerden edil sapandan sypan ýaly bolup, garasyny saýlady. Onuň indiki barmaly edarasy, raýispolkomyň jaýy bu ýerden kän bir uzakda däldi. Ol raýyspolkomyň edarasynyň agzyna baryp, «munuň niresinden girmelikä?» diýip aýak çekenem şoldy, «Gaz-69» maşyn onuň gapdaljygynda gelip saklandy. Ondan etli-ganly, mapraç aýal düşdi. Ol aýal Mergene habar gatdy. – Sen Mergen Ataýew dälmi?! Mergen oňa salam berdi. – Gurgunmyň, janym! – Ol raýispolkomyň adyny bilmese-da, özüni tanady. – Sen meniň ýanymamy? – Hawa. – Bolaýypdyr. Senem maňa gerek. Olar tirkeşip edara girdiler. Başlyk ýerine geçip, öz myhmanyna mürehet etdi – Hany, geç, otur. – Ol aýal ullakan çargadyny başyndan aýyrdy-da, ýerinden turup ony asgyçdan asdy. – Sen «Meni nirden tanap ýörkä?» diýmegin. Sen şol Sona daýzanyň ýekeje oglusyň. Men hemişe seni sorap ýörendirin. – Hawa. – Ýadyňa düşýärmi, mekdepde seni mugallymlaryň biri urupdyr. Şonda Sona daýza meniň ýanyma arz edip geldi. Menem ýörite baryp, şol mugallym gaýdyp iliň çagasyna el galdyrmaz ýaly edip gaýtdym. Şonda ol görgüli menden razy boldy. Bolman, bolman oglum bolanda, öýüme çelpek ýapyp, gelip gutlap gitdi. Ýöne görgüli ir gitdi. Seniň çynar ýaly ogul bolup, Aşgabadyň uniwersitetini gutaryp geleniňi birje görmedi-de. Mergen bu gürrüňi diňläp oturşyna gussaly ýüzüni galdyryp bilmedi. – Bu dünýä giden sazlaşyk-da, bir nesil gitmeli. Başga bir nesil gelmeli, hanym. Görýäňmi, biz ol pahyra goldaw, hemaýat berdik. Ine, sen ýetişdiň. Biziň çagalarymyza olaryň çagalary hemaýat, goldaw bermeli. Şeýdip, nesil nesile utgaşyp gidip oturmaly... Ol sekretar gyza bir çäýnek çaý getirmegi tabşyrdy. – Meniň «Maňa sen gerek diýmegim, bizde jemgyýetçilik guramalary bilen işleşmeli bir wezipe bar. Şoňa bir gowja oglan gerek diýip ýörkäm, öten agşam öýüme siziň kolhozyňyzdan Beghan aga geldi. Onuň ogly Şanazar Beghanow seniň bilen uniwersiteti bile gutaran bolmaly. Men senden şol ogan barada sorajak bolýan. Sen ony gowy bilmeli. Tanadyň dälmi! Mergen başyny atdy. – Şanazar gowy oglan bolmaly. Diňe bäşlik bilen okady. Ýöne ony men kän bilemok. Sebäbi, mekdepd-ä, ony maşyn bilen getirip, maşyn bilenem alyp giderdiler. Uniwersitetde-de, ol tanyşlarynda bolup okady. Biz umumy ýaşaýyş jaýynda. Ony biz biziň barýan ýerlerimizde göremizokdyk. Ýöne ol uniwersiteti tamamlanymyzda şol okuw jaýynyň özünde mugallym edilip alnyp galynan bolmaly. Ispolkomyň başlygy geň galyp Mergeniň ýüzüne garady. – Ýok, ýok, edil beý-ä diýmedi. Kakas-a: «Mugallym bolasy gelenok. Tam süpürijiden ýokarrak bir işem bolsa, ispolkoma işe alsaň...» diýip ýalbardy. – Onda men bilemok. – diýip, Mergen başyny aşak saldy. – Bolmasa, şol ýere özüň geçäýseň nähili bolarka? Mergen ör-gökden geldi. – Ýok, ýok, ýok! Başlyk güldi. – Näme beýle ör-gökden geldiň. Ýolbaşçylyk etmäge-de adam gereg-ä. Ýa halaňokmy? Mergen agyr ýuwdundy. – Men mugallym bolaryn. Özem, tä ömrümiň ahyryna çenli. Başlygyň özem Çärjewiň pedagogik institutyny tamamlap, obada on-on bäş ýyl mugallym bolupdy. Şonuň üçin ol mugallymçylygyň kynçylyklaryny, onuň nähili kärdigini birinden soramaly däldi. Ýöne ol başga hörpden gopdy. – Il-ä mugallym bolmasa razy. Mergen dogumly gürledi. – Meniň olar ýaly mugallym bolasym gelenok. Men sözüm bilen däl-de, öz göreldäm bilen mugallym bolaryn. Görýäňiz-ä, nesiller barha aýallaşýarlar. Başlyklar – aýal. Mugallymlar – aýal, terbiýeçiler, aýal. Öýde käkeläp oturan ejeler aýal. Indiki nesle erkek terbiýesi gerek. Dogry, bu meniň öz şahsy pikirim. Ýöne men öz pikirimi nädogram hasap edemok. Başlyk ýylgyrdy. – Menden, näme goldaw gerek!.. Mergen başlygyň ýüzüne çynlakaý garady. – Bagyşlaň, siziň adyňyz nämedir? Başlyk hezil edip güldi. – Asyl, sen meniň adymam bilmeýäň ogşýan. Adym, Maral, Meňliýewa! Ol Maral Meňliýewnanyň dolmuş, erkekleş, ýüzüne, murtlak dodagyna içine gidip ýatan naýynjar gözlerini balkyldadyp seretdi. – Okuwy gutaryp geldim, ýaşar ýaly ýerim ýok. Maňa aşakky Garaganlydan mellek ýer almaga kömek ediň. Maral Meňliýewa Mergen jaý sorar öýtdi. Oňa bu ýakynda jaýyň bolmajagy bolsa köre hasady. Ýöne ýigidiň mellek ýerini soramagy onuň derisini giňeltdi. Ol sowala dälde höküme çalym edýän äheň bilen: – Näme beýle, aýry-başga aşakky Garganlydan – diýdi. Näme sowhozdan ýa şäherden bolanda bolanokmy? Mergen öňem tebsiräp duran dodagyny ýalady. Ondan gözüni aýyrman seredip oturan başlyk oňa çaýly käsäni süýşürdi. – Al, çaý owurtla... Mergen sekretar gyzyň getirip giden çaýly çäýnegine seretse-de, özüne uzadylan käsäni almady. – Onuň sebäbi, şol ýerde ejem pahyryň köneje jaýy bar. Onuň öňünde, ýabyň ediljek gapdalynda bir mellek çykaýjak hapa çukur bar. Ol bir hapa-hupadan dolup ýatan gadymy çukur-la. Men ony arassalap, gül ýaly ederin. Onsoň, men jaýa-da, mellege-de eýe bolaýsam diýýän. Başlyk oýlandy-da: – Ýaz arzaňy – diýdi. – Men başlygyňyza-da tabşyraryn, ot-çöp, odun beýlekem kömek ederler. – Maňa edil häzir gazpeç bilen bir ballon gazam gerek. – Bor, häzir gaz edarasyna Berdiýewiň ýanyna baryň. Özüm oňa telefon ederin. – Mergen nädip arza ýazanynam, nädip hoşlaşyp gaýdanynam bilmedi. Şol ýerden iki ädimlikdäki gaz edarasyna geldi. Bu edarada iňlär siňek ýokdy. Adamlar arakesmä çykana meňzeýärdi. – Abitden soň gel – diýip, köne maşynyň aşagyna girip, ony bejerip ýatan ýigit gygyrdy. – Mergen oňa golaý bardy. – Salowmaleýkim! Edaraň başlygyna kim diýerler? Maşynyň aşagynda bulaşyp ýatan adam jogap bermänkä, yzdan, edara jaýdan: – Geliber. Bäri geläý – diýen ses çykdy. Mergen penjireden gygyrýan ýigidi gördi. Ol it ýylgyrşyny edip: – Salowmaleýkim, geliň – diýdi. Mergen içeri girende stoluň başynda oturanlar arak çüýşelerini, bulgurlaryny gizlejegem bolmadylar. – O-ho, Mergen jan! – Berdiýew Mergeni tanady. – Hany, gel, geç, nahar iýeli. Birje ellije gram ur hany... Mergen Berdini oglanlykdan tanaýardy. Berdiler obadan şähere göçüp gaýdypdylar. Mergen olar bilen gadyrly salamlaşdy-da, dik duran ýerinden arzyny aýtdy. – Men okuwy gutaryp geldim. Öýde ne ot bar, ne ojak. Maňa gaz peç bilen, bir ballon gaz gerek. Ýaňy Maral Meňliýewanyň ýanyna bardym. Olam, Berdiýewiň ýanyna meniň adymdan bar. Özümem jaň ederin. Işiňi häzir bitirsin – diýdi. Berdi it ýylgyrşyny etdi. – Mergen jan, sen haýsy okuwy gutardyň. Indi oba gelip sen kim bolmaly? – diýdi. Mergen Berdiniň syrtaryp duran serhoş ýüzüne garady. – Men uniwersiteti gutardym. Mugallym bolmaly. Dil-edebiýat mugallymy. Berdi güldi. – Maladis. Gowy, gaty gowy – diýse-de, Mergen onuň göwnüýetmezçiligini aňdy. – Gaz pejem, gaz ballonam sen öýüňe barmankaň elterler. Sen arkaýyn bol. Ýöne häzir şol stola geçip bir arzajyk ýaz. Mergen talap edilýän arzany ýazdy. – Sen indi oglanlara bir altmyş manatjygam töle. Eger häzir ýanyňda bolmasa. Gaz eltip guranlarynda töläýgin. Mergen olaryň aýdan puluny töledi. Soň olar bilen hoşlaşyp, ondanam «Demir dükany» diýip at alan belli dükana bakan ugrady. Sagat ýaňy on iki bolupdy. Dükan sagat birden üçe çenli arakesmedi. Arakesmä çenli ep-esli wagt bardy. Mazaly dükançy tanyş adam bolup çykdy. Ol çagalyk dosty Garabegdi. Garabeg birhilije sowuklaç bolsa-da, Mergen ony gyzgyn tutyp gürleşdi. Onuň hal-ahwalyny soraşyp, öten agşam gerek zatlaryny ýazan kagyzyny oňa berdi. – Şulary almaga bir kömek edeweri. Garabeg dükanda bar harytlary orta üýşürdi. – Ulagyň bir barmy? Munça zady sen nädip alyp gitjek? – Ýokdur, kireýine maşyn tapylar-la. – Aý näbileýin-dä. – Garabek nähilem bolsa, Mergeniň harytlaryny kireýine maşyn tutup, onuň öýüne ýetirmegi boýun aldy. – Ýöne, haw, sen tüňňürleriňi, gilmalaňy, piliňi, pil sapylaryňy bir al. Galanlaryny skladdanam galanyny alyp, ibereýin men. – Puluňy bir töle, ilki. Mergen onuň diýen zatlaryny aldy. Olary gapynyň agzynda üýşürip goýdy-da, puluny töledi. Garabege özüniň salgysyny berdi. Ol dükandan çykanda iki elinde ep-esli goş bardy. Ol azyk harytlary dükanyna baryp öýe gerek-ýarak azyk baryny aldy. Olaryň üstesine «Çemen» çakyryndanam bir ýaşigini aldy. Ol dükandan çykanda ýokarky Garaganlydan Ybraýym aganyň ogullarynyň biri oňa salam berdi. – Gaýtjak bolýaňmy? – Mergen goşlaryna seredip ýylgyrdy. – Gaýdyp bolsa-ha gaýtmaly. Sen gaýtjak dälmi? Ýigit baş atdy. – Men gaýdyp barýardym-laý, ýöne seni gördüm-de, «oba gidýän bolsa alyp gideýin» diýip sowulaýdym. – Meniň ep-eslije goşumam bar. Bir adama munça goş bilen «meni alyp git» diýmegem gelşikli däl. Ol ýigit ilgeziklik bilen: – Men kömekleşerin! – diýdi. Garaýagyz daýaw ýigit iki sapar gatnanda goşlary özüniň köneje «Moskwiçine» çekdi. Mergene daşar ýaly zadam galmady. – Inim, özüň-ä gowy ýigit ekeniň welin, men adyňy bilemok-da. – Men Garaja. Şu gün Aşgabatdan Beghan dädemiň ogly Şanazar okuwyny gutaryp, bir Aşgabatly gyzam alyp geldi. geldi. Şonuň gelnini Gyzylarbatdan kejebeläp alyp gaýtdyk. Men Garrygala gelemsoň, «Maşynyň köne, sen gal» diýdiler. Otuz-kyrk maşyn bar olar. Hemmesem täzeje maşynlar. Onsoň, menem galaýdym. – Şanazar öýlendimi? – diýip, Mergeniň ýüregi owsunyp sorady. – Öz-ä bile okan gyzy bilen söýüşipmi. Şony alyp geldi. Agşamam onuň nika toýy. Mergen kursdaşynyň, obadaşynyň, deň-duşynyň öýlenenine begendi. – Onuň toýuna barmaly bolar! – diýip, dabaraly aýtdy. Garaja ýylgyrdy. – Sizem-ä şu ýyl okuwy gutaran bolmaly. Näme siz öýleneňizokmy? Mergen göwnüýarym ýylgyrdy. – Öýlenmeli, öz-ä. Ýöne ilki bilen gelin salar ýaly jaýjagaz bir edineli. Edil häzir-ä isleg bar-da, ýagdaý ýok. Nesip bolsa, işläp bir başlaly, şonda ýagdaýam bolar, jaýam bolar, pulam. Sabyrly gul dur-a, bara-a şat bolar – diýipdirler... – Nesip bolsa. – Nesip bolsa. Maşyn Mergeniň öýüne bakan sowuldy. Mergeniň gözüne ilki ilen zat, onuň tamynyň işigi serpilip durdy. Ojagyň içindäki çüýşeler ýygnalypdyr. Içki jaýda ýene şagal mesligi guralypdyr. Içeri agşamkydanam beterdi. Keçäniň üstüde ýazylan gazet böleginiň üsti çakyr çüýşelerinden, köne käselerden, çörek böleklerinden, beýleki odur-budur azyk böleklerinden dolup ýatyr. Howa petiş yssy bolansoň, olaryň üsti siňekden ýaňa wag berýärdi. Mergeniň gahary geldi. – Men gapyny gulplapdym-a. Garaja onuň dawasyna goşulmady, maşyndaky ýükleri düşürip, öz ugruna gitdi. Mergen goňşularyna bakan gitdi. – Daýza, barmyň. Annabike daýza içerden elem-tas bolup çykdy. – Geldiňmi, ýegen jan? – Geldim. Garry garört bolan hor ýüzüni sargardyp, ýaş ýigide ýüzlendi. Gapyňy açyp, bu haram ölmüşler öýňüzde meýlis guradylar seniň, ýegen jan. Men seniň şemedanyňy öýe getirdim. Bu araga aňyny aldyran tenteklerden her zar çykar. Durnoý aýtdy Çalabek seniň şemedanyňy açyp, bir gysym puluňy alypdyr. Garry ýegenine öýden oturmagy mürehet etdi. – Ýok, daýza, dükandan satyn alyp, getiren harytlarym daşarda dargap ýatyr. Şolary bir ýerleşdireýin. Ýöne sen gaýrat et-de maňa bir çäýnek çaý demläp ber. Çaýymy öýde içerin... Mergen gidip barşyna yzyna öwrüldi-de, aýak çekdi. – Daýza, elektrik montýory görüp bildiňmi? Şu gün ol tok çekermi? Annabike daýza hor, gap-gara ýumrugyny agzyna çenedi. – Ýegen jan, men saňa ýalan sözlemäýin. Öýüne bardym. Ejesem bar eken. «Şu gün hökman tok çekerin» diýip,ant içip, awy ýalady. – Ol Mergene bakan ýöneldi-de, badyny birneme peseltdi. – Näme, ýegen jan bulara ynam barmy. Olam bir biziň Çalabegimiz ýaly aňyny araga aldyran meýid-ä...Kellelerinde çüýşe bularyň. Ýöne men barmasyna bardymam, diýmesine diýdimem. Mergen üçin bu gün wadalar güni boldy. – Bu nähili bolýar-aý, bilim bölümi boş wada, içeri işler bölümi boş wada, ispolkom boş wada, gaz edarasy boş wada, Garabeg boş wada, daýzam boş wada, elektrik montýory boş wada! Etrap, oba diýilýän ýerler ýüzüňe ýylgyran bolup, ýüzüň beýlä öwrülen badyna, «barsan-aý» diýilýän ýere öwrülip gidipdir öýdýän. Mergeniň bu ýere gelip ilkinji alan sapagy «Özüňden başga ynam etmeli däl» diýen sapak boldy. Ine, bu maňa gowy sapak boldy... 2. Mergen tutuş gije ýatmady. Ol hajathananyň, duşuň çukuryny gazdy. Koridoryň ugrunda duran, ejesinden galan şkafda duran köne-küşül zatlaryň baryny şol çukuryň içine üýşürdi. Şäherden satyn alan azyk-owkadyny, şkafyň içinde ýerleşdirdi. Ýöne onuň göwnünde çyrpynyp duran hyjuwy bolsa-da, edil eli-aýagy daňylgy ýalydy. «Demir dükandan» alan harytlary gelmändi. Berdi gaz peji, ballonyň deregine belanyň sapyny iberipdir. Elektrik montýoram gara salmady. Şeýdip, ýigrimi dört günüň bir güni Mergen üçin puç geçdi. – Men öý üçin her gün azyndan on iş etmeli. Meni düýn hiç iş etmedi hasap etmeli. Diňe özüm. Başga adama, eger pul berip, ýanynda durup etdirmeseň. doganyňam bolsa, bil baglamaly däl. Ol sagat dörtlerde turup, düýnki saplan pilini eline alyp, ene ýapdan uly çukura akýan suwyň ugruny anyklamaga ugrady. Şol ýerde-de çukuryň içinde, indi gör, niçeme ýyllar harman bolup ýatan hapany otlamagy pikirine düwdi-de, soňam. Ony goýbolsun etdi. Daňdanyň ümüş-tamyşynda oba süýji ukuda ýatyrdy. «Obany bimaza edäýmäýin». Ol suwuň çukura akaýjak ýerlerini bellik edişdirip, şol ýeri gazmaga başlady. Ýeriň üsti gatam bolsa, toprak gitdigiçe yzgarlaşyp, ýumşaýardy. Ol bir metr töweregi gazansoň, suw çüwdürimi açyldy. Ene ýapdan eňaşaklygyna piliň sapy ýaly dury suw akyp ýatyrdy. Ol gazanyň agzy ýaly ýeri ýagşy depip açdy. Soň ol ýere toprak sürüp, ony depeledi. Şondanam ýabyň raýşyna bakan gazyp, depeläp, tä ýabyň çuňlugyna çenli gitdi oturdy. Ol jalbaryny çykaryp, ýaba girdi. Indi oňa suwuň nireden çukura akýandygy aýandy. Ol hälki beklän deşiginiň gapdalyndan ýene iki sany deşikden çukura suwuň akýandygyny anyklady. Olaram daşyna tarap gazyp, soň çukurlar suwdan dolýança depeledi. Soň çukurlary gumdan dolduryp, ýene depeledi. Mergeniň pikiriçe, indi çukurlara suw gitmeli däldi. Edil gyzan tamdyr ýaly jöwzaly günlerde suwy kesilen çukur iki günüň özünde tagt ýere öwrülmelidi. Mergen öten agşam gazan çukuryny synlady. Çukurdan ep-esli gum çykarypdyr. Ol: – Galyp bolan bolsady, kerpiç guýub-a boljak eken. – diýip oýlandy. O töweregine garanjaklady. Eger kerpiç guýaýanda ony nirä ýaratjagy barada oýlandy. – Näme, jaýyň araka ýüzünden ýene bir otag salanymda gelişmän durmy?! Ol jaýyň arka ýüzüne geçip, onuň inini, boýuny ölçedi. Uzynlygyna sekiz ýarym ädim. Ini dört ädim. – Uzynlygy alty ýarym metr, ini üç metr bolmaly. Her metriňe ulysyndan dört kerpiç gitse, bir hataryna kyrk kerpiç bolsun. Boýy iki ýarym metr bolsa, oňa-da goý, üç metr bolsun, her metriňde alty ýarym kerpiç, üç metrde ýigrimi hatar bolsun, diýmeli, maňa arka ýüzden ýene bir otag gurmak üçin, seki ýüz kerpiç, iki penjire,bir gapy, elli, ýüz otuz, üstüne goýmak üçin on iki agajyň hersi on manatdan, olam bolar ýüz ýigrimi manat, onuň üstesine-de iki ýüz otuzy goşsaň,bolar üç ýüz manat. Kerpiji özümden bolanda-da maňa üç ýüz manat pul gerek. Mergen bu pikiri bilen gyzykdy. – Men her günde kyrk kerpiç guýsam, onda maňa üç hepde wagt gerek. Birneme köpräk guýsam, on günde alaryn. Her günem iki hataryny hem örmeli, hem suwamaly. Ol düýnki ýagdaýy göz öňüne getirdi. Satyn alan harytlarynyň dükanda çaşyp ýatmasyny, Berdiniň öz çüýşedeşleri bilen «kolhozdan gelen samsygy nätdim» diýip yzyndan gülýän bolmagyny, Çalabegiň gulply gapyny açyp, içerde eýemsiräp ýörmesini, içine sygdyryp bilmedi. – Şu bolup ýörşüm, özümi görene oýnatdyryp ýörşüm bilen, menden mugallymam çykmaz, beýlekem. Jemgyýetiň iň çüýrük adamlary meni äsgermeýän bolsa, onda meniň özümde bir lellimlik bolmaly. Olar meniň şol gowşaklygymy duýandyrlar. Bolmasa, elektrik montýor «hökman gelerin» diýip näme üçin gelmändir. Özümem, bu gowşaklygym bilen Çalabege öwrülip giderin... – Bu obada yşygyň bolmasa, gazyň bolmasa, gapyň açyk, çemodanyň iliň elinde bolsa, seni kim äsgersin diýsen-e. – Mergen gazap bilen dişlerini jygyrdatdy. – Men şu gün ölmeli, galmaly welin, elektrigem çekdirmeli, gazam goýdurmaly, gapynyň gulpunam täzelemeli. Şäheriň dükanynda pytrap ýatan harytlaryma-da eýe çykmasam duzam datmaryn. Edil-ä gaz edarasyna baraýyn. Soň dükandan zatlarymy alyp geleýin, Soň, tä agşama çenli, elektrigiň ugruna çykaýyn... Ol şol badyna geýindi-de, ýola çykdy. Pyýadalap gidibereýin diýip säginende özüne bakan gelýän tanyş köneje «Moskwiçi» gördi. Maşyn onuň deňinde saklandy. – Oh-o, salowmaleýkim, gel, mün... Mergen Garajany tanady. Onuň bilen salamlaşdy. – Beýle irläpsiň-le, Garaja! Garaja ukuly gözlerini kirli aýasy bilen owkalady. – Toý bar-laý, Aýtdym-a, Beghan agamyň ogly Şanazar okuwyny gutaryp gelip, bu gün diplomyny ýuwýar – diýip. – Ertirem gelin toýy. Şolara on sany gaz ballony gerek-läý. Maşyn ugrady. – Dur, Garaja! – Maşyn duransoň, ol Garaja tarap öwrüldi. – Sen nirede işleýän diýdiň? Garaja gap-gara ýüzünde güýze galan garaly ýaly bolup ýanyp duran gözlerini mölertdi. – Seniň düýnki baran gaz edaraňda. Mergen ellerini daldalatdy. – Düýn men kän edara bardym. Men gaz edarasyna baranymda barmydyň? Garaja ýylgyryp, baş atdy-da rula ýapyşdy. – Dur, sürme. Garaja onuň ýüzüne geň galyp seretdi. Sebäbi onuň bolup oturşy, basymrak baryp bir bulgur içgini başyna çekmese, haly harap görünýärdi. – Näme bold-ow, meni saklama. Men, men... Mergen özüni dürsedi. – Sen düýn meni gördüň-ä. Şol arak içip oturanlaryň biri mendim-ä. Saňa salamam berdim. – Maňa haçan gaz peç, gaz ballon bolar. Sen maňa şony aýt.. Garaja gönüsinden geldi. – Şu gün-ä bolmaz. Mergen janykdy. – Näme üçin. Berdi düýn bolar diýd-ä. Garaja aýaklarynyň astyny sermeledi-de, soň kirli barmaklary bilen ruly dyrmalady. – Berdiniň sözüne ynanma. Ol hemmä kişäde şol bir sözi aýdýar. Gaz peç, ballon gerek bolsa, düýn onuň gepine ynanayp gaýtmaly däldiň. Aglamalydyň, ýalbarmalygyň, wada baryny berip, ýalbar-ýakar edip işiňi bitirmelidiň. Men saňa bir zat aýdaýyn, biziň obalaryň adamlaryna işiň düşse, ol kim bolsa-da gepine, andyna, tobasyna ynanmaly däldir... Eger ynandygyň, özüňi oýnatdygyňdyr. Mergen oňa derdindi. – Garaja, men ýagdaýym bolan bolsa, şol adamlaryň ýanyna baryp, haýyşam etjek däl. Ynan, öňki agşamdan bäri gazymam ýok, elektrigimem ýok, özümem aç-suwsuz otyryn. Men indi näme edeýin. Seniň diýişiň ýaly, adamlara ýalbarmanam, dilemänem başaramog-a. – Puluň barmy? – diýip, Garaja her näçe howluksa-da, halys dözmän sorady. – Näçe gerek? – Gaz peje ýigrimi manat, deduktoryna bäş manat. Gaz ballon üçinem bäş jemi otuz manat gerek. Mergen gözlerini mölertdi. – Satlyk ýeri barmy? Garaja buýralanyp duran kirjimek gara saçly kellesini ýaýkady. – Özümde köne, iki gözli gaz peç ýatyr. Şony, häzirlikçe getirip guraýyn. Bir gaz ballon-a, maşynda-da bolmaly. Häzir edara baryp. Şolary alyp gelip, saňa guraýyn. Mergen begendi. Ol jübüsindien puluny çykaryp. Ondan kyrk manady sanap, Garaja berdi-de, galanynam jübüsine saldy. – Garaja, sen, munça bolanyna görä, maňa ýene bir ýagşylyk et. Garaja onuň ýüzüne «şunça ýagşylyk azmy» diýen manyda garady. – Me, şu puly al. Bu saňa otuz manat. Me, bu otuz manadam. Düýn men «Demir dükandan» bir topar haryt alyp, dükanyň içinde goýup gaýtdym. Dükançy Garabeg «özüm maşyn tapyp ibererin» diýse-de, görýäň-ä, gelýän zat ýok. Men gijesi bilen garaşdym. Şol on manadam maşyn haky bolsun. Sen, gaýrat et-de, ulag tap-da, şu on manadam ber-de, şol ýüki maňa ugrat. Men gidip ýörmäýin. Mergen özelendi. – Görýäň-ä, men häzir halys ugrumy ýitirip otyryn. Sen şuny bir gaýrat et. Garaja onuň maşyndan düşerine gyssandy. – Bolýa, bolýa. – Elektrik montýory kim bolmaly? – diýip, ol maşyndan düşüp baryşyna sorady. Soň birdenem: – Hä, ýadyma düşdi, Allaş, Allaş. Men oňa-da bir ýalbaryp göreýin. Garaja maşynynyň aýnasyndan: – Agla, ýalbar, wada beriber. Şonda olaryň özüne meňzärsiň, işiňem biter. Mergen oňa garap baş atdy-da «düşündim» diýen manyda ýylgyrdy. Ol ýokarky Garaganla tarap barýarka Gün dogy. Mergen şol bady bilen Allaşlaryň öýüne bardy. Olaryň öýi ýokarky Garaganlynyň orta gabadynda, ýabyň ýakasynda eken. Allaşlaryň öýi hem edil Annabike daýzalaryňky ýaly, üç otagly, açyk eýwanly, üsti şifersiz jaýdy. Töwereginde bag-bakja, mal-gara gözüň ilmeýärdi. Ýöne ýola golaýrak ýerde iki düýp senewer agajy ösüp otyrdy. Ol agaçlar ýaşam bolsa, ep-esli ýerden seleňläp görünýärdi. Allaş baranda Allaşlaryň jaýynyň töwereginde yns-jyns görnenokdy. Ýöne ol eýwana golaý baranda takyr ýere düşelen köne keçeleriň üstüne düşelen ýorgan-düşegiň bulaşyp ýatanyny gördi. – Salowmaleýkim! Ýorganyň bir gyrasyndan ýaşuly aýal başyny galdyrdy. Ol aýal Mergeni görüp laňňa ýerinden galdy. Soň gözlerini owkalap durşuna: – Turuň-u-uw! Adam-gara geldi. Turuň-a. Ýatman geçenler. Gün dogup gitd-ä. Porsaşyp ýatyrsyňyz... Onuň sesine, arka tarapyndan ýaşuly adam başyny galdyrdy. Ol Mergeni görüp çalynyp turdy. – Wä-ää! Gel, geliber. Geliber-äýt! Ol düşekde oturan ýerinden gelene elini uzatdy. – Gel, hany... –Ýaşuly oturar ýaly ýeriniň ýokdugyny görüp, aýalyna azgyryldy. – Tur-a, ýygnaşdyr-a. Gün dogýança ýatma bolarmy. Ýene şular ýala aýal diýjeksiň... Hany, düşek ýazyň, çaý goýuň. Mergen ol adamyň üstüne abanyp durşuna: – Sag boluň, men oturjagam däl, çaýam içjek däl. Maňa Allaş gerek – diýdi. – Allaş! – Ýaşuly aýalyna garady. – Hany Allaş?! Ol aýal düşekleri ýygnaşdyryp ýörşüne: – Allaş bolarmy. Hudaýym, Allaş gurasyn. Ol indi telim gün bäri Beghanyň gapysynda dälmi. – diýdi. – Şolar toý edýär diýip, öýünden, içersinden bizar-a, ol. Ýaşuly ilk-ä sesini çykarmady. Birdenem keýplije ýylgyrdy-da: – Dagy näme, ýaş oglanlar toýy bahana edip, içýeller-dä. Beghan tutuş kolhozyňy gemirip ýatan yranmaz baý. Indi gije-gündiz içip ýörmek obada-da ýoň bold-a. Oba-da indi şäher ýaly. Şäherde piwohana bar . Şonuň gapdalyna üýşüp-üýşüp içýeller-ä. Obada toýda, oturyşmada içýeller. Ýaşlar-da, näme diýjek... – Şolar içmän geçsediler. Heý, beýle-de bir içme bolarmy?! Öýüňe, iliňe gelmän, iş-güýç etmän. Bu zamanyň ýaşlarynda ne bir gazanç, ne bir talap bar. Bular utanç-haýany bir wagt başlaryndan aýlap urdular. Ýaşuly içýakgyç güldi. – Arakdan gowam bir iş bolarmy? Ol-how, duran bir keýp-ä. Aý, heleý, özüň içmänsoň bileňok ony. Aýal adamsyna gaty-gaýrym bir zar diýip bilmese-de, janynyň ýangynyna hüňürdäp, eplän düşeklerini göterip içeri girip gitdi. Şol wagtam holpuk maýkasynyň ýakasyny göbegine düşürip, Allaş daş çykdy. – Ýatmaga goýaňyzog-aý. – diýip, ol ukuly gözlerini owkalap, Mergene seretdi. Soň gelip salamlaşdy. – Men seniň ýanyňa, Allaş! Allaş syçyrap gepledi. – Ýok, men diýme. Men saňa kömek berip biljek däl. Kelläm edil ýarylyp gelýär. Men ýerimdenem galyp bilemok. Ýöne häzir halys balagyma siýmejek bolup, ýerimden turdum. Ol ylgap baryp, ejesine, kakasyna görnüp duran ýere, jaýlarynyň burçuna şarladyp buşugyp başlady. Ep-esli wagtdanam balagyny çekişdirip, içeri bakan ylgady. Mergen onuň yzy bilen öýe girip, ýorgana bürenip ýatan adamyň başujynda duran ýerinden: – Allaş, Allaş, sen maňa kömek et. Men indi üç gün bäri çyrasyz otyryn-a. Seniňem bir nebsiň agyraýsyn. Senem adam çagas-a, Allaş. Emma Allaş başyny ýorgandanam çykarmady. Şol wagt içeri giren ýaşuly oglunyň bolup ýatyşyna, bir epeý adamyň hem oňa ýalbaryp durşuna buýsandy. – Bar-san-aý, azar berme. Şu gün-ä janyň çyksa-da, menden işlän ýok. – Diýdim-ä, bir sözlüdir – diýip. Mergen Allaşyň başujunda oturyp, ýalbar-ýakar etdi, emma onuň ýalbar-ýakary edil eşegiň gulagyna ýasyn okan ýalydy. Ol ahyr bolmajagyny bilip, ýüzüni sallap öýden çykdy-da, günbatarlygyna ugrady, birdenem sakga durdy. – Öz obamda, öz ilimde, bular meni äsgermän, öz ugruna gezip ýören ylhandydyr öýdýärmikäler? – Ol hyrra yzyna döndi. Bat bilen, ýaňy çykan tamyna girdi. Şol badyna ýorgana bulaşyp ýatan Allaşyň golunda gazap bilen tutdy-da, ony süýräp daşary çykardy. Ol häli gündogarly çalamydar kümäniň gapdalyndan ene ýabyň lummurdap akyp ýatanyny görüpdi Şol bady bilen Allaşyň gamak ýaly göwresini töňňe süýrän ýaly edip, ýabyň gyrasyna eltdi-de, suwly ýabyň içine taşlap goýberdi. – E-e-e eý! Allaşyň jany bokurdagyna geldi. Ol birden herekete geldi-de, ylgap suwdan çykjak boldy. Emma Mergen ol gyra çykjak bolup dyzadygyça, gaýta-gaýta yzyna itdi. – Ölýän-ow, çykaýyn men! Mergen gazabyna tutdy. – Sen ölmeseňem, men seni öldürerin. Hany, şu ýapdan çykyp bilşiňe çyk, göreýin. Allaşyň ejesi jan durmazlykdan ylgap geldi. – Haý, oglan, ol ýalaňaç çagany buz ýaly suwa gark edip, onda näme kassyň bar. Çykar ony. – Aýryl, daýza. Gepiňi köpeltseň, senem taşlaýan şu ýaba... Allaş elini bulap, sögüp topulan boldy, gargan boldy. Emma netije çykmady. Ahyry ol bolmajagyny bilip, suwa çökdi. – Saňa näme gerek?! Mergen jany ýangynly azgyryldy. – Annabike daýza senden näme haýyş etdi? – diýdi. – Mergen gözlerini elek-çelek etdi-de kellesini suwa çümdirip çykardy. – Alla jan kessin, ýadyma düşenok. Mergen dişini jygyrdatdy. – Ýadyňa düşür, ýogsa suwdan kyýamata çenlem çykmarsyň. Şol wagt Allaýoşyň ejesi ýene dolanyp gelip gykylyk edip başlady – Huw, oglan, saňa diýilýär. Meniň çagamy sen suwa taşlar ýaly, näme sen maňa çaga ekleşdiňmi?! Goýber diýdim, goýber hany. Mergen ol aýala gaharly garady. – Şundanam bir çaga bolarmy. Ol at ýitiren ysnad-a. Ýaňy özüň näme diýip otyrdyň oňa. – Goýber diýdim, goýber. Allaş ejesiniň ýüzüni aldy. – Aýrylsan-eý, seniňki näme. Ol Mergeniň ýüzüne garady. – Indi ýadyma düşdi, Ýöne agajymam, simimem ýok. Men nädip tok çekeýin. Şol aýala aýtdym-a. Mergen ogluny suwdan çykarjak bolýan aýaly, bir eli bilen saklap durşuna: – Men bilemok. Düýn erkek bolup söz berdiňmi, bu gün men seni heleýletmen. Allaş boýnuny burdy. – Içer ýaly zadyň barmy? – Bar, ýöne elektrik togy çekilensoň. – Ýöne mugt-a etmen. Mergen oňa elini uzatdy. – Ilki elektrik toguny bir çek. Soň men seni närazy etmen. Ol Allaşy ýapdan çykardy. Allaş sähel salymda eşiginem çalşyrdy, iş guralaryny aldy. Olar tirkeşip ugradylar. Mergenlere baryp, çakyrly çüýşeleri görensoň, Allaş edil, köz gysymlan ýaly boldy. Bir ýerlerden sütünem, simem tapdy. Haý diýmän sütün sygar ýalyjak çukur gazyp sütüni oňa dikdem. Edil bir ýabany pişik ýaly bolup, sütünden sütüne çykyp simleri akja, keramiki çüýşejiklere berkitdem. Aý, garasaý, edil bir sagada ýetip-ýetmän Mergeniň jaýyna elektrik yşygy lowurdap durdy. Öýleden soň Mergeniň ähli geçisi örä ýaýrady. Garaja onuň düýn satyn alan ähli harydyny gaz peji, ballony bilen maşyna ýükläp alyp geldi. Soň gaz peji gurup, gazy ýakyp gitdi. Mergen düýn satyn alyp gelen kolbasasyny sary ýaga gowrup, jaýyň kölgesine keçe düşäp, saçak ýazyp, Allaşyň çakyr paýyny berdi. Özi onuň gapdalynda oturyp, indi üç-dört gün bäri gurap giden süňňüni çaýdan, nahardan ine, gana gandyrdy. Allaş turmakçy boldy. – Men-ä seniň işiňi bitirdim. Indi senem meniň işimi bitir. Mergen jübüsine elini ýetirdi. – Näçe bermeli bolsa... Allaş boýnuny burdy. – Maňa bir çüýşe miýne ber. Galanynam, özüň näme berseň beräý. Mergen razy bolmady. Ol jübüsinden puluny çykaryp, ondan gyzyl onlugy sogurdy. – Me, razy bol. Çakyr-a beremok. Bar, özüň nireden alsaň, alyber. Allaş ýalbaryp başlady. – Beýtme, ýekeje çüýşe. Men bu puluňam al welin, bir çüýşe çakyr ber. – Gep gutardy. Saňa ýarym çüýşe-de ýok. Sen meniň gaharymy getirme. Han-a, ene ýap lummurdap akyp durandyr. Allaş närazy bolup, hümürdeý-hümürdeý gitdi. Mergen Garajadan diýseň minnetdar bolup, onuň ýüzüne seretdi. – Saňa näm bereýin. Garaja ellerini daldalatdy. – Dide, beý diýme, gaty görerin. Razy bolsaň bolýar! – Sag bol, gaty razydyryn. Dowamy bar >> | |
|
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |