10:03

Leýlisaç

LEÝLISAÇ

Egip otyr şahalaryn aşaga,
Göýä ynsan çekýän ýaly gam-gussa.
Ýapraklary pyşyrdaýar şemala,
Gürrüñ berýän ýaly owadan kyssa.

Uzyn baldaklary şeýle bir näzik,
Edepli gyz ýaly sülmüreýärler.
Onda yşkdan başga ýokdur-la ýazyk,
Iller töweregne gül büreýärler.

Aýt, leýlisaç, çawlap söýginiñ ody,
Ýa-da senem yşka düşüp galdyñmy?!
Aşyk-magşuklary goýnuñda gizläp,
Ýa olaryñ pynhanlygy bolduñmy?!

Syrly şahalaryñ egip aşaga,
Ýüreginde galan ýaly gam-gussa.
Ýapraklary pyşyrdaýar şemala,
Gürrüñ berýän ýaly söýgüli kyssa.

Tyllagözel AÝNAZAROWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 417 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tyllagözel Aýnazarowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Suratkeş / Goşgular - 26.01.2024
Ýedi ýassyn / Goşgular - 17.02.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Garaýolly  
27
,,Ashyk magshuklary goynuñda gizlap,
Ya olaryñ pynhanlygy bolduñmy".

0
2 Garaýolly  
27
,,Pynhanlyk". Gowy añlatma.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]