LUIZA MEÝ OLKOTT
Luiza Meý Olkott, dünýä belli amerikan ýazyjysy, gotiki žanrly edebiýatyñ görnükli wekili.
L.M.Olkott 1832-nji ýylyñ 29-njy noýabrynda ABŞ-nyñ Pensilwaniýa ştatynyñ Filadelfiýa şäherinde dünýä inýär. Ol öz eserlerini "A.K.Barnard" edebi tahallusy bilen döredipdir.
L.M.Olkott esasanam öz çagalyk ýyllaryndan gürrüñ berýän "Kiçijik aýallar" atly awtobiografik romany arkaly uly meşhurlyga eýe boldy.
Luiza Meý tanymal amerikan transsendantalist ideology, pedagog Amos Bronson Olkottyñ we sufražistka Ebbi Meýiñ gyzydyr. Onuñ daýysy Samuel Josef Meý hem gulçulyga garşy göreşen meşhur şahsyýetleriñ biridi. Luiza doglandan soñra maşgala öñki ýaşan ýerleri Bostona dolanyp barýarlar. Luizanyñ kakasy Bostonda hususy okuw jaýyny gurýar we ol ýerde "Transcendental Club" edebi kružogynda Ralf Waldo Emerson we Anri Dewid Thoreau ýaly meşhur ideologlardyr, edebiýatçylary jemleýär.
Luiza sekiz ýaşyndaka güzeran kynçylygy zerarly maşgalasy Massaçusetse göçýär. 1840-njy ýyllaryñ ahyrynda olar Bostondan öý alyp, yzlaryna göçüp gelýärler. Luiza Meý kakasynyñ egindeşleri Anri Dewid Toro, Ralf Waldo Emerson, Nataniel Gotorn ýaly şahsyýetleriñ elinde bilim alýar. Ol ýaşlyk ýyllarynda aýal-gyzlaryñ hukugy ugrunda we gulçulyga garşy işjeñ göreşýär.
Güzeran üçin mugallymlyk, süpürüjilik, enekelik, hyzmatkärlik ýaly birnäçe işleri birwagtyñ özünde etmek bilen birlikde döredijilige hem baş goşan ýazyjy gizlin ýollar arkaly öýünde ýörite gul hem saklapdyr.
Basnýalardan düzülen ilkinji kitabyny 1854-nji ýylda neşir etdirýär. 1860-njy ýylda belli "Atlantic Monthly" edebiýat žurnalynda eserleri çykýar. Dürli ýyllarda ýazyşan hatlaryny jemläp 1863-nji ýylda kitap görnüşinde çykardýar. Luiza Meýiñ döredijiligi edebiýaty öwreniji alymlaryñ üns merkezine öwrülýär. Öz başyndan geçirenleri esasynda ýazan "Moods" romanyny 1864-nji ýylda okyjylar köpçüligine hödürleýär. Ol soñra "A. M. Barnard" lakamy bilen şol wagtlar "potboilers" (külalçylyk romanlary) diýip atlandyrylan pynhan duýgulary oýaryjy söýgi kyssalaryny ýazmaga başlaýar. Emma "Kiçijik aýallar" romanynda döreden Jo atly aýal obrazynyñ şeýle romanlary ýazýandygy üçin "edep-ekramly ýaş gyzlaryñ munuñ ýaly romanlary okamaly däldigi" barada pikire gelip, yşky temaly döreden romanlaryny üýşürip ýakýar. Şeýdibem ýazyjy çagalara niýetlenen ahlak temaly hekaýalary ýazyp başlaýar. 1868-nji ýylda neşir edilen "Kiçijik aýallar" romany ýazyja görlüp-eşdilmedik şan-şöhrat getirýär. Bu eser onuñ adyny dünýä edebiýatynyñ klassyklarynyñ hataryna goşýar.
Meg, Jo, Bet we Emi atly dört gyz doganyñ çagalyk ýyllaryndan söz açýan bu romanyñ yzy şol dört doganyñ kämillik ýaşyna ýetenden soñky durmuş ýollaryny suratlandyrýan "Oñat aýallar" bilen dowam edýär. Jonuñ adamsynyñ mekdep açmagyndan gürrüñ berýän "Kiçijik erkekler", romany 1871-nji ýylda, şeýle hem "Jonuñ çagalary" romany 1886-njy ýylda neşir edilýär. Bu romanlar tapgyry bilen bir wagtyñ özünde 1870-nji ýylda "Köne kelleli gyz", 1871-79-njy ýyllarda "Jo daýzanyñ garalamalary" (6 tom), 1876-njy ýylda "Sekiz doganoglan", "Gül açýarka" romanlaryny halka hödürläp giñ okyjylar gatlagyny özüne çekmegi başarýar.
Luiza Meý ömrüniñ ahyryna çenli durmuşa çykmandyr. Emma 1879-njy ýylda aradan çykan aýal doganynyñ çagasy Nerikeri özüne gyzlyk edip alýar. Ömrüniñ soñky ýyllarynda egindeşleri Elizabet Drew Stoddard, Rebekka Harding Dewis, Anne Monkure Kreýn ýaly aýallar bilen birlikde hereket edip, aýal-gyzlara saýlaw hukugynyñ berilmegi ugrunda ABŞ-nyñ içinde döwlet derejesinde alnyp barylan göreşiñ öñ hatarlarynda ýer alýar. Ol Massaçusetsde bir mekdebiñ ene-atalar guramasyna saýlaw hukugy arkaly gatnaşyp, şol ştatyñ taryhynda ilkinji gezek saýlaw hukugyny ulanan aýal boldy.
Luiza Meý Olkott şol wagt ABŞ-da Graždanlyk urşunyñ dowam edýän wagtynda sanitar-lukmançylyk hyzmatyny edip ýörkä "gurşun zäherlenmesi" zerarly saglygy ýaramazlaşýar. Ýazyjy 1888-nji ýylyñ 6-njy martynda 55 ýaşynda Bostonda aradan çykýar.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly