08:51 Magtymguly Pyragy | |
MAGTYMGULY PYRAGY (1724—1807 ý.)
Magtymgulyny öwreniş
Halkyň ýeke-täk hem taýsyz genisi bolmak üçin, megerem, adamyň erkinde bolmadyk million şert gerekdir, şol milliony ýekänme-ýekän sanap görkezmek mümkin däl, emma bir zat belli — Magtymguluda olaryň hemmesi-de bar. Türkmenleriň gadymy oturymly ýurdy Etrek dürli halklaryň ylmynyň, medeniýetiniň alyşýan ýeri bolupdyr. Gerekli ýerinde we gerekli wagtynda dogulmak diýilýäni geniligiň ilkinji şertlerinden biri bolsa gerek, bu babatda şahyryň bagty getiripdir. Külli yslam dünýäsiniň iň kämil edebi dilinde ýazylan, dünýä söz medeniýetiniň altyn hazynasyna giren pars şygryýeti Magtymgulynyň eliniň aşagynda bolupdyr. Günbataryň Gýote, Puşkin, Geýne ýaly ägirtleriniň agzyny açdyran, iki elini galdyrdan Firdöwsi, Haýýam, Sagdy, Hafyz, Nyzamy ýaly beýikleriň sungaty Magtymgulynyň öz mirasy, edebi mekdebi bolupdyr. Şahyrana sözüň şolardaky beýik derejesi biziň milli şahyrymyzyň bada-bat şygryň hem pelsepäniň ýokary belentligine çykmagyna esas bolýar. Galyberse-de, onuň dogduk mekany biziň tä XX asyra çenli ösdürilip, taraşlanylyp gelnen iki sany esasy edebi dilimiziň — Orta Aziýa edebi dili adyny alan çagataý — türki edebi diliniň (iň beýik wekili Alyşir Nowaýy) hem-de rumy-türki edebi diliniň (Ýunus Emre, Nesimi, Fizuly ýaly wekilleri bar) özboluşly utgaşýan künjegidi. Şu ikisiniň mynasyp mirasdüşeri bolan Magtymguly bulary utgaşdyryp, olaryň gazananlaryna halkyň janly durmuşynyň diliniň gymmatlyklaryny siňdirip, täze — häzirki türkmen edebi dilini döretmegi başardy. Aýdylyşy ýaly, halypa göreniňki başgaça bolýar-da, ýöne ýene aýdylyşy ýaly, halypadan ozduranyňky ondanam başgaça bolýar! Beýik, onda-da juda beýik şahyr bolmak üçin halypa görmek, üstesine-de, halypalardan ozdurmak gerek. Ýöne iň beýik şahyram, ilki bilen, adamdyr. Adama bolsa asyl gerek. Biraz başga ruhy, az-kem başga ysy bolan orta asyrlary yzda goýup, XVIII asyrdan başlanýan Täze döwrüň milli genisi Magtymgulynyň şejeresinde türkmeniň milli taryhyna dahyl¬lylygy görýäris. Ol gökleň türkmenlerinden. Gökleňler orta asyrlaryň iki beýik taýpasynyň — gaýylar bilen dodurgalaryň birleşmeginden emele gelipdir. Beýik osmanlylaryň, gaz¬nalylaryň gaýy türkmenlerinden çykandygyny taryh bilýär. Ga¬ýylaryň meşhurlygy, öňbaşçylygy Magtymguluda edebi-şa¬hyrana beýiklik bolup oýanypdyr. Milli geçmişiň ruhyýet beýik¬ligi atasy Döwletmämmet Azadynyň şahsyýeti arkaly janly hakykata öwrülipdir. Ähli türkmen ulamasy, geçmişiň ga¬barasyna maýyllyk bilen çäklenmän, durmuşyň öňde goýan güzaply meselelerine tutuş milli möçberde irginsiz jogap gözläp, şeýdibem, nazary gyzyklanmalary hem aladalary türk¬meniň geljekki ykbalyna gönügen Azady Magtymguly üçin ruhy, ahlak hem akyl mekdebi bolupdyr. Şahyryň öz ata¬syndan biziň pikir edişimizden hem bilşimizden has köp zatlary alandygyny tassyklap bolar. Bu babatda dini, sopuçylyk hem pelsepe ylymlarynyň esaslaryny çagataý-türkmen edebi diliniň inçeliklerini hem nepisliklerini we ýene-ýeneleri agzamalydyrys. «Pygamber destidir desti atamyň» sözleri Azadynyň ogly üçin kim bolandygyny öz-özünden görkezýär. Magtymguly ylym-bilim hem edebi gözleglerinde atasynyň geçen ýoluny geçdi. Ýörite hem ulgamlaýyn orta bilimi bir¬wagtlar Döwletmämmedi okadan Nyýazsalyh mollanyň mekdebinde aldy. Ýigit çykyp, niçe menziller söküp, Hywa bardy we birwagtlar Azadynyň ýokary bilim alan medresesine maň¬laýyny diredi. Atasynyň gymmatlyklaryny, pikirlerini janyna siňdirdi, onuň döreden jümleleri hem keşpleri bilen pikirlendi. Emma munda saklanmady. Milletiň janly, her günde hem her pursatda üznüksiz kemala gelýän, onuň geljegini amal edýän durmuşyna lükgeligi bilen özüni urdy. Durmuş baradaky kämil pikir-pelsepelerden durmuşyň özüni has ileri goýdy, ýüregiň janly urgusyny howaýy ýürek hyýalatyndan has ileri tutdy, «kitapdan däl, durmuşdan has köp akyl aldy». Durmuşy kitabyň diline sygdyrjak bolup azara galmady-da, durmuşyň dilinde sözlemäge ukyply kitaby — şygryýeti döretdi. Netijede, Azady atly kökleri asyrlaryň çuňluklaryna gidýän beýik daragtyň garaşylmadyk, düýbünden üýtgeşik miwesi peýda boldy. Muňa Magtymgulynyň diňe aýry-aýry pursatlary we wakalary, belli-belli şygyrlarynda saklap galan terjimehaly we ömri şaýatlyk edýär. *** «Şahyra ykbal gerek, terjimehal gerek». Hakyky. Muny atasyndan tapawutlylykda, diňe alymlaryň däl, bütin milletiň şahyry bolan, diňe ylmyň däl, hut durmuşyň halypasy bolan Magtymguly Pyragynyň ömri ýene bir gezek tassyklaýar. Bu hakykat miweli baga öwrülmek üçin tohumyň yzgarly topragyň çuňlugyna atylmalydygyny, nahalyň gunçalap gül açmagy üçin onuň topragyň, suwuň hem howanyň ýaşaýyş güýjüni özüne siňdirmelidigini, onuň, daşdan bakanyňda asudalyk bolup görünýän, aslynda, aldym-berdimli durmuşyň jümmüşine özüni urmalydygyny aňladýar. Ýöne bu hakykatyň bir ýüzi. Ikinji ýüzüne seredeniňde, terjimehal diýilýäniň genileriň üstüniň açylyşynyň, geniligiň durmuş arkaly gunça¬lap, gül açyşynyň taryhydygyny görýärsiň. Hakykatyň ikinji ýüzi has agramly gelýär, birinjilik şoňa degişli. Beýle däl bolsady, onda durmuş her bir adamdan beýik şahyry ýasardy. Rowaýat bar. Aýaly Orazgül toýluka, Döwletmämmet düýş görüpdir. Düýşünde howlusynyň ortarasynda äpet daragt gül açyp, miweläp oturanmyş. Dosty bu düýşüň şeýle ýorgudyny beripdir: senden üýtgeşik beýik ogul dörejek, ýöne döwründe onuň gadyry bilinjek däl. «Öz Watanyňda pygamber bolup bolmaýar» diýen gadymy pähimiň ýene bir tarapdan tassyklanmasy. «Watan» düşünjesi diňe giňişligi däl, wagty, döwri-de öz içine alýar. Şertliräk aýdanyňda, «öz döwrüňde pygamber bolup bolmaýar», heňňam bar zady ýerbe-ýer goýýar. Öz döwründe — oglanlykda hem ýigitlikde Magtymgulynyň başdan geçiren durmuşy XVIII asyryň adaty türkmen ýigidiniňkiden az tapawutlanandyr. Geniler akyl däl, beden taýdanam ir ýetişýärler. On bäş — on alty ýaşlarynda ol Meňli atly obadaş gyzynyň yşkyna düşüpdir. «Magtymguly Meňlini alypmy ýa almanmy?» diýen jedel bar. Meniň bu jedele goşulmak islegimem ýok, borjumam. Meniň meseläni aşa ownadasym gelenok. (Onsoňam ownuklyk bolanda, irilik bolanda-da, bu meniň — ýazyjynyň däl, edebiýatçylaryň işi) hiç hili jedele girmezden, anyk düşündiriş bermezden, diňe şahyryň terjimehalyny öz görşümi beýan etmek isleýärin. Şahyryň öz aýdyşy ýaly, oňa «Meňliniň nesibi bolmandyr». Sebäbini Hudaý bilýär, onuň bilýänini ynsan bilmeýär. Bir zat belli — Magtymguly Meňlini genilere mahsus mähire baý ýürek bilen çuňdan söýüpdir. Ondan aýra düşmek ýaş ýürek üçin uly zarba bolupdyr. Şondan köp wagt geçmänkä, ýaşyna ýeten Magtymgulyny öýeripdirler. Arman, bary-ýogy üç ýyl¬dan soň — ýigrimi ýaşynda, onuň gelni aradan çykýar. Bu ykbalyň ýaş Magtymgulynyň başyna inderen ikinji aýylganç urgusy bolupdyr. Ine, şeýdip, geniligiň üstüniň açylmagy üçin gerek terjimehal wakalarynyň pajygasyny şahyr jahyllykdan görüp ugrapdyr. Ilki aýralyk, aýralykdan ýanmak, soň nätanyş gyza öýlenmek, onuň özüňe düşünmeýänliginden zeýrenç («Duş¬dum üm bilmez nadana»), ondan soňam içgysgynç hem hasratly müjerretlik... Bu zatlaryň bary şahyrda özboluşly ýasawy terbiýeleýär. Şahsy durmuşynda geniler tas hemişe ýalňyz bol¬ýarlar. Durmuşy şeýle öwrüm alan Magtymguly ýaly beýikler iki esse ýalňyz. Şeýdip, Freýdiň «sublimasiýa» diýýäni işläp başlaýar: Şahyryň ähli gujury (energiýasy) bir gujura — döredijilik gujuryna öwrülýär.... Döredijilik gujurynyň kuwwatlylygy barada biraz soň... Şahyryň şahsy durmuşynda bu pajygaly wakalar milletiň ykbalyndaky öwrümli pursady bilen gabat gelipdir. 1747-nji ýylda Nedir şanyň öldürilmegi bilen awşarlar hanedanlygy ýykylýar. Merkezi Aziýada beýik döwlete — mirasa eýe çykmak ugrundaky gazaply, tas wagşyýana darkaşlar hem göreşler başlanypdyr. Magtymgulynyň özi-de, maşgalasy-da şol taryhy, harby syýasy wakalara dahyl¬ly bolupdyr. Onuň iki agasy bolsa şol göreşleriň gurbany bolýar. XVIII asyryň 50-nji ýyllarynyň ikinji ýarymyndaky wakalaryň özboluşly beýany şahyryň şygyrlarynda saklanyp galypdyr... Bu ikarada başyboş şahyr eýýäm 25 ýaşa ýetýär. Döwletmämmediň ömri paýawlap barýar. Gelni Akgyz dul otyr. Azadynyň maslahaty bilen 25 ýaşly Magtymgula 33 ýaşly Akgyzy dakypdyrlar. Munda hiç hili geň-taňlyk göremok. Dünýä halklarynyň aglabasynda ýöredilip, «lewirat» adyny alan däbe türkmenlerde «dakylma» diýlipdir. Bu Magtymgulynyň 25 ýaşynda başyna düşen iş. Emma 20 bilen şol 25-iň aralygynda ýurtda Magtymgulynyň terjimehalyny kemala getiren möhüm harby syýasy, taryhy wakalar bolup geçipdir. *** «Şahyr döwrüne hyzmat etmelidir» diýen durmuş-döre¬dijilik ýörelgesi bize — türkmen ýazyjylaryna Magtymguludan galan miras hem-de sapakdyr. 1747-nji ýyl-da Nedir şanyň öl¬dürilmegi bilen başlanan gyzgalaňly, dartgynly jemgyýet¬çilik-syýasy durmuş döwrüň täze gahrymanlaryny we täze ideýalaryny öňe çykarýar. Şol gahrymanlaryň keşbi we şol ideýalaryň beýany Magtymgulynyň onlarça şygyrlarynda taryhy anyk¬lygy hem-de joşgunly äheň bilen suratlandyrylypdyr. Döwrüň ykbal kesgitleýji wakalaryna gönüden-göni dahylly bolan türkmenler, hususanam, ýomut-gökleňler syýasy sahna özbaşdak güýç hökmünde çykyp bilmän, sebit möçberinde häkimlige dalaş eden başga güýçli toparlaryň ol ýa beýlekisiniň tarapynda çykyş edipdirler. Şahyryň şygyrlarynda şol taraplaryň üçüsi — Rumustanda häkimligi barha rowaçlanýan Osman türkmenleri, owganlar, olaryň öňbaşçysy Ahmet Dürrany, şeýle-de gajarlar we olaryň baştutany Muhammethasan han hem-de türkmenleriň bulara gatnaşygy beýan edilýär. Şahyr «Döwletalynyň» atly goşgusynda osman türkmenleriniň döwletiniň waspyny ýetirýär. Bu döwletiň «süňňüýe sütündigini», «äleme dessandygyny», «Yrak ülkelerde, ýakyn illerde, dost-duşmanynyň razydygyny» nygtaýar. Şol döwürde osman türkmenleriniň döwleti musulman jemgyýetçiliginde «Döwleti-Ali» diýlip atlandyrylypdyr. Bu barada şahyr Kakamyrat Rejebow ýörite makala ýazdy. Ýomut serkerdesi Begenjaly begiň ýegeni bolan Nedir şanyň öldürilmegi bilen öňki gizlenip oturan ýerinden — ýomutlaryň arasyndan (şol ýerde ol 20 ýyla golaý bolupdyr) çykyp, ilki Astrabady, Mazanderany eýeläpdir, soňra Eýranyň demirgazyk sebitlerini tä Yspyhana çenli basyp alypdyr. Şol döwürlerde hem Magtymguly Muhammethasana bagyşlap, «Aly Siziňdir» şygryny ýazypdyr. Şahyryň: Sür, Feth serdar ogly, geldi wagt, Ýene bu döwrany — Aly Siziňdir — diýen sözleri 1746-njy ýylda Nedire garşy gozgalaň turzup, Astrabady hem Mazanderany eýelän, emma soňra ýeňlip, türkmenleriň arasyna — çöl içindäki guýularyň birine gaçmaga mejbur bolan Muhammethasanyň täzeden aýaga galmagynyň buşlukçysy hem gutlagy bolup eşidilýär. Şahyryň XVIII asyryň 50-nji ýyllarynyň wakalaryna seslenip ýazan şygyrlary halypanyň döredijiliginde iň joşgunly, iň dabaraly şygyrlar bolup galypdyr. Onuň diňe Muhammethasana däl, Ahmet Dürrana bagyşlan kasydalary hem dabara, joşgun bilen dolup dur. Megerem, döredijiliginiň ilkinji kämillik basgançagyna çykan Magtymgulynyň gepiniň äheňinde, her bir sözünde özüniň hem halkynyň geljegine doly ynam, üstünlige hem bagtly günlere garaşma mesaňa görünýär. Öz syýasy öňbaşçylaryny öwüp arşa çykaranda, ol meňzetmeleriň hem deňeşdirmeleriň iň ýokary perdesinden gopýar: olary Günbataryň — Rumuň hem-de Gündogaryň — Eýranyň geçmişindäki iň şöhratly şa¬lara deňeýär. Bu döwür Magtymgulynyň beýik zehin çeşmesiniň ýöne bir göz açan däl, eýsem, çüwdürim kimin beýik güýç bilen atylyp çykan, daş ýaran birinji halaty bolmaly. Şeýdip, onuň genisi kitap bilen däl-de, gyzykly hem galagoply, çylşyrymly hem joşgunly döwür, durmuş tarapyndan açylypdyr. Emma tiz wagtdan öwgüli kasydalaryň deregine onuň genial galamynyň astyndan agyly mersiýeler çykyp başlaýar. Iliňkini öwüp-arşa çykaran şahyr özüniňkileriň agysyny aglamaly bolupdyr. Ilki Muhammethasanyň, soň Ahmet şahyň uly wadaly çagyryşyna seslenip ata çykan Çowdur han, Öwezgeldi ýaly türkmen serkerdeleri, Abdylla, Mämmetsapa ýaly ýönekeý türkmen esgerleri türkmene ýakyn geljekde-de, uzak syýasy geljekde-de hiç hili peýda bermedik söweşlerde wepat bolýar. Magtymguly öz «ýowuz dessanyny biçmäge» mejbur bolýar. Köp okan hem köpügören Azadynyň «Arzuwlama begi, hany-soltany» diýen sözleri öňdengörüjilik bolup çykýar. Bu dogry. Ýöne agyp-dönüp, möwç urup ýatan durmuşa özüni uran Magtymgulynyňky has dogrudyr. Galagoply döwür onda beýik şahyry — eý¬ýamyň anyklyk dilinde sözläp, heňňamyň bakylyk syrlaryny açyp bilýän, durmuşyň janly anyklygyndan syzdyryp, baky¬ýet kitabynyň täze hilini döreden şahyry kemal edipdir. Eger şol ýyllarda hem şol pursatlarda ol ýöwselläp, çekinen, yza çekilen bolsady, onda türkmeniň buýsanjy bolan Magtymguly döremezdi. Diňe döwrüň süňňüni elendiriji tolkunlaryny, seňselediji hem aýňaldyjy zarbyny ýüreginden geçirip bilenler beýiklik basgançagyna ýetip bil-ýärler. Döwri bilen kesişmeýän parallellerde ýaşaýanlardan, durmuşyň jümmüşinde ýaşaman, ony diňe gapdaldan bir ýerden — bukuja, asudaja, ýöne howasyz, ýagtysyz hem hereketsiz ýerjagazdan gorka we dilsiz-agyzsyz synlap gününi görýänlerden beýik şahyr çykmaýar. Zehin dänesinden beýik pikirleriň, täze açyşlaryň ununy diňe aňyň hem ýüregiň harazyny herekete getir¬ýän durmuş akabasy işläp çykarýar. Ol undan adamzadyň ruhy höregi bolan mele-myssyk nany taýýarlamak işi bolsa diňe irginsiz zähmet bilen amal bolýar. Döredijilik jöwudanlygynyň (ölümsizliginiň), sungat bakylygynyň ýeke-täk syry bar: ýazyjy janly durmuşyň gapdalynda bijanpisintlikde gün geçirmeli däl, ol döwrüniň içinden parran geçmeli, şonda döwür hem bakyýet şekili bolan kalbyň içinden parran geçip, onuň döredijiligi görnüşinde bakylyk derejesine eýe bolýar. *** Magtymgulynyň halypalary diýlende, Döwletmämmet Azadynyň gapdalynda ýene bir üýtgeşik şahsyýet peýda bol¬ýar. Ol — Durdy şahyr. Az sanly, ýöne ajaýyp goşgulary sak¬lanyp galan Durdy şahyr Magtymgulynyň beýikligine şeýle baha beripdir: «Meniňkini ýel alar, sil alar, seniňkini — il alar». Megerem, Magtymgulynyň kimdigine ilkinji bolup göz ýetiren hem şoldur. Beýiklige ilden öň akyl ýetirmek üçin üýtgeşik adam bolmaly, ýöne şol halypanyň ähmiýeti ýokarky baha bilen tükellenmeýär. Magtymgulynyň Magtymguly bolmagynda sopuçylyk diýilýän hertaraply hadysanyň adat¬dandaşary ähmiýeti bar, muny oňa öwredenem Durdy şahyrdyr. Muny halypa — şägirdiň aýdyşyklary, taryhy rowaýatlar, şeýle-de üns edilmeýän bir maglumat açyp berýär. Ondan owal bir zady aýtmakçy: alymlarymyzdyr okyjy köpçüligi Magtymguly sopuçylygy her hili kitaplardan okap-öwrenendir diýip göz öňüne getirýärler. Bu dogrudyr, ýöne ol hakykatyň ýarysy. Eýse, beýleki ýary şahyrymyzy tanamakda has möhümdir. Türkmen genisi sopuçylygy, ilkinji nobatda, durmuşdan öwrenipdir, ony, ilki bilen, durmuşdan alypdyr. Çünki XVIII asyrda sopuçylyk türkmeniň ruhy, ahlak hem gözellik ýaşaýşynyň düýpli faktorydy, onuň ýöne bir intellektual däl, eýse irrasional durkunyňam giň bir şekilidi. Ol milletiň ynançlarynyň, ýaşaýyş hem bakylyk pelsepesiniň örküdi, onuň däp-dessurynyň, folklorynyň, metafiziki aňlatmalarynyň, gündelik ýaşaýşynyň ruhy özenidi. Magtymguly beýik milli şahyr hökmünde, milletiň juda çuňluklarda ýatan barlygyny aňladyjy hökmünde mundan sowlup geçip bilmezdi. Degişli kitaplary bolsa ol diňe bu milli-ruhy, durmuşy hadysanyň çeşmelerine hem nazaryýetine has oňat, ylmy akyl ýetirmek maksady bilen okap özleşdiripdi. Indi bolsa Durdy şahyr bilen baglanyşykly, üns edilmeýän bir maglumat hakynda. Gerkezler öz aslyny ene tarapdan XIV asyrda Balkan eteklerinde ýaşap geçen Gözli ata bilen baglanyşdyrýarlar. Gözli atanyň gönüden-göni neberesi bolan Durdy şahyryň «şyh» lakamyny almagy «jähriýe» atlandyrylan ata zikri bilen baglanyşyklydyr. XVIII—XIX asyrlarda Günorta-Günbatar Türkmenistanda gaty rowaç bolan sesli zikr—jähriýe Hoja Ahmet Ýasawydan gaýdyp, ol häzirki wagtda dünýewileşip, «küştdepdi» halk tansyna öwrülipdir. Sesli zikrde oguz-türkmenleriň yslamdan ozalky şamançylyk dessurynyň alamatlary örän oňat saklanyp, muny ýerine ýetirmegiň berk düzgünleri, talaplary bolupdyr. Ilkinji nobatda hem zikri ýerine ýetirmeli şahslaryň kesgitli düzümi hem de olaryň kesgitli wezipesi bolupdyr. 1. Pata beriji. Örän köp bilýän, şamançylyk tekstlerden oňat baş çykarýan, köp okan işan bolmaly. Zikri mahaly ýerine ýetirilýän tekstler, esasan, Ahmet Ýasawynyň, Mahmyt Gaýybynyň, Babarahym Meşrebiň, «Şems» lakamy bilen ýazan beýik Rumynyň, Fizulynyň, Hoja Hafyzyň, Sopy Allaýaryň, Bahaweddin Nagyşbendiniň gazallaryndan ybarat tekst bolup, olary pata beriji saýlap alypdyr. Ol şeýle-de zikre gatnaşmaly adamlary saýlapdyr. 2. Hapyz ýa-da gazalçy. Zikriň tekstlerini solist ornunda ýerine ýetirýän gazalçynyň oňat sesi bolmaly. Ol degişli gazal¬lary ýatdan bilmeli. Adatça, bir zikrde birnäçe gazalçy çykyş edip, olar bir-birini çalşyp durupdyrlar. 3. Zikrçi — gazalçynyň gapdaly bilen köpçülikleýin ses çykarýan «huwwa» ýaly sözleri gaýtalaýan, rakysyň düzgünlerini oňat bilýän köpçülik topary. 4. Şyh — rakysy esasy ýerine ýetirýän, hereket edýän adam. Onuň rakysy gazalçynyň we zikrçileriň ritmine laýyk gelmeli eken. Şyh diňe atalardan bolup bilipdir. Adatça, bir zikrde sany ikiden köp bolan şyhlar özüňi ýere urmak, çatmadan böküp geçmek, çapak çalmak, közüň üstünde aýakýalaň gezmek ýaly hereketler edipdir. Munuň manysy öz güýjüňi — keramatyňy görkezmekden ybarat eken. Näsagy bejermek üçin guralan zikrde esasy orun şyha degişli bolup¬dyr. Durdy şahyryň «şyh» lakamy hut şu ýerden gaýdýar. Munuň özi zikr diýilýän täsin hadysanyň Magtymguly üçin barypýatan adatylyk bolandygy, şahyryň özüniňem, megerem, zikrçi ýa da gazalçy bolup, şol dessura gatnaşyp görendigi baradaky pikire iterýär. Gazalçy Magtymguly, zikrçi Magtymguly zikriň düzgünine görä, şyh Durdynyň görkezmeleri boýunça hereket edýär, onuň özboluşly manydaky okuwçysy, şägirdi. Edil şonuň ýaly-da şygyr tesktlerinden hem rowaýatlardan görnüşine görä, ol Durdy şyhyň şygryýetdäki şägirdi. Bu beýik şahyryň şahsyýetine degişli bir aýratynlygy açýar: Sopuçylykda Magtymguly türkmen durmuşy bilen gönüden-göni baglanyşygy bolmadyk haýsydyr bir intellektual bigäneligi alamatlandyrýan kitapdan däl-de, türkmen durmuşynyň özünden, onuň adatylygyndan hem günde-günaşalygyndan ruhlanandyr, ylhamlanandyr. Eýse, öz ýanyndan baryp ha XVIII asyr türkmen durmuşynyň bu özboluşly adatyny ýazyjylyk hyýalatyny işledip, göz öňüne getirip otyrkam, bu hadysany öz asylbaşkylygynda, janlylygynda hem örän düýpli ruhy-emosional manylylygynda ekranda ýa-da sahnada gaýtadan dikeldip biljek režissýor ýokmy diýip göwün ýüwürtdim. Çünki bu we şuňa meňzeş hadysalar diňe Magtymgulynyň däl, eýse, beýleki şahyrlarymyzyňam durmuş gönezligi ahbetin, milli ruhy durmuş diýilýäniniň hut özi ahbetin! «Şahyra terjimehal gerek» diýilýäni beýigi beýik edýän baý, özboluşly, gaýtalanmaz durmuş gerek diýildigidir. *** Ýokarky göz öňüne getirmeler bilen Magtymgulynyň pata goşgularynyň mazmuny — «Turgul» diýdiler», «Ýar bizim sary», «Uçdum, ýaranlar», «Külahly geldi» ýaly onlarça şygyrlarynyň mazmuny, bir tarapdan, janly milli durmuşyň, beýleki tarapdan, şahyryň şol durmuşy täzeden, döredijilik¬li, dikeldiji psihologiýasynyň aýratynlyklaryny görmäge müm¬kinçilik berýär. Ol mazmun, ol waka janly durmuş bilen dörediji aňyň täsin, intellekte hem logika sygmaýan utgaşmasyndan kemala gelipdir. Beýik sungatyň tebigaty şeýle: ol ýalaňaç durmuşyň poeziýasy, kölegesi, eşiksiz suraty däl, ýöne ol boş, boz ýerden alnan oýlap tapma, fantaziýa hem däl. Sungat durmuşyň janly adatylygyndan hem panylygyndan ylhamlanan şahyr kalbynyň özboluşly döredijilik gurby arkaly şol adatylygy täsinlige, panylygy bakylyga öwürmek işidir, bu arkaly bolsa barlygyň täze çäkleriniň hem gözýetimleriniň açylmagydyr. Magtymgulynyň pata goşgularynda durmuş hakykaty bilen şahyr hyýalatynyň (fantaziýasynyň) arasyndaky çäk ýitýär, bu şeýle-de bolmaly, çünki wakalar wagtyň «o tarapynda», panylyk bilen bakylygyň serhedinde bolup geçýär. Munuň özi olaryň gönüden-göni fiziki hakykat hem däldigini (okyjy köpçüligi, köp-lenç, şeýle göz öňüne getirýär), awtoryň göwün ýüwürtmegi, çig hyýalaty hem däldigini görkezýär (alymlar topary, köplenç, şeýle düşünýär), olar — üçünji bir barlyk, tebigaty boýunça başga barlykdyr. Şahyryň özi «Özge älem, başga bir owaz berdi» diýip, örän jaýdar hem anyk aýdypdyr. Şeýlelikde, sungat bu durmuşyň suratlandyrmasy, durmuşyň beýany däldir, ýok, ol durmuşyň çeper-döredijilik işinden başga bir ýol, usul bilen açyp bolmaýan täze nusgasydyr, täze ölçegidir, ýagny sungat bu durmuşyň özüdir. *** Magtymgulynyň şahsyýetine şahyrlyk däl-de, sopulyk, ulamalyk hökmünde seretmek ýoň boldy. Döredijiligi sopulyk, ulamalyk çeşmelerinden suw içenem bolsa, Magtymguly özüni aňlaýşy, durmuşa gatnaşygy, öz wezipesine hem ömür matlaplaryna aňly-düşünjeli garaýşy boýunça, sözüň anyk hem doly manysyndaky şahyrdyr. Munuň özi örän düýpli zatdyr. Bu, ilkinji nobatda, onuň şahsyýetiniň durmuşda erkin bolşy ýaly, sungatda döredijilik fantaziýasynyň hem owal-başdan erkinligini aňladýar. Onuň şygyrlary dini ýa sopuçylyk kitaplaryň haýsydyr bir düzgünleriniň talabyna görä döredilen goşgular däldir. Magtymguly hatda iň beýik kitaplar bilenem şertlendirilen hadysa däldir. Ol öz tebigaty boýunça durmuşy — öz daşyny gurşap alan barlygy hem-de ýürek, paýhas janlylygyny kitaba sygdyrmak üçin däl-de, bu durmuşy sözde aňlatmak üçin kitaba arka dirän şahsyýetdir. Şu netijede-de, täze sungat dili hem-de durmuşyň täzeçe aňladylmasy kemala geldi. Şu täzeçilligi, şu üýtgeşikligi, öňki galyplara sygmaýanlygy sebäpli hem onuň kitabyny köne mekdeplerde okatmandyrlar. Onuň kitabyna Hywada-da, Buharada-da pitiwa berilmändigi hakynda rowaýatlar saklanyp galypdyr. Bu hakda anyk maglumat däl-de, diňe halkyň onuň döredijiligine gatnaşygynyň, onuň kimdigine we nämedigine düşünişiniň maglumaty bolanda-da, bu örän ähmiýetli zatdyr. Durmuş maglumatlardan durmaýar, durmuş gatnaşyk¬lardan ybarat bolýar. Magtymguly men şahyrdyryn diýýär (Magny bazarynda haýýata döndüm, Şirin gazal donun biçdim, ýaranlar. Magtymguly, şükür, bize til berdi), munuň özi men arkasyz, daýançsyz däldirin, çeşmesiz, gözbaşsyz däldirin, bişekil däldirin, emma men öz döredijilik hyýalatym boýunça hem erkindirin diýmekdir. Durmuşa gatnaşygym boýunça erkindirin diýmekdir. Şahyr bar, kitapdan ylham alýar, Gaýyby, Şeýdaýy, Azady dagy şu hatara girýär. Şahyr bar, diňe eşiksiz durmuşdan ylham alýar, XIX asyryň şahyrlarynyň aglabasy şu hatara gir¬ýär. Magtymguly üçünji bir hatardandyr. Ol kitapdanam, durmuşdanam geregini alypdyr, şeýdip, durmuşyň täze bir düýp¬li ölçegini açypdyr. G.Ezizowyň dili bilen aýdanyňda, ol dur¬muş bilen kitabyň täze sungaty döreden täsin nikasyny gy¬ýyp bilen şahyrdyr. Bir tarapdan, geçmişiň beýik sungatyny, akyl, paýhas, ruhy hem çeperçilik baýlygyny düýp¬li özleş¬diren, beýleki tarapdan, öz ýüregini janlylygynda, ýeke duý¬gusynam yrman, söze geçirip bilen ikinji şahyr ýok¬dur. Biri¬nji üçin beýik zehin, ikinji üçin uly töwekgellik, batyrgaý¬lyk gerekdir. Öz içki dünýäsini aňrybaş çuňlugynda, çylşyrymlylygynda, hiç bir zady ýuwup-ýuwmarlaman, ähli reňbe-reňlikde hem öwüşginlerde, mümkin bolan düşün-mezliklerden, geň galmalardan, hatda aýyplamalardan çekinmän, gorkman okyjynyň öňünde açmak üçin atyň kellesi dek ýürek gerekdir. Magtymguluda şeýle ýürek bolupdyr. Ol, öz aýdyşy ýaly, özüni paş etmekden gorkmandyr. Bu onuň imanly¬lygyndan, durmuş hem döredijilik ynanç-ygtykatlylygyndan hem uçursyz päkligindendir. Onuň Allatagalanyň barlygyna hem birligine, ähli mukaddesliklere ynanjy, olaryň öňündäki borjuna wepalylygy şübhesizdir, jedelsizdir hem şeksizdir. Ynanç hem wepalylyk gaty düýpli düşünilende, döredijilik erkinligine böwet bolanok-da, tersine, esas hem ýol berýär. Durmuşyň manysynyň çägi ýokdur, ol seniň aňlaýşyňa baglydyr. Magtymgulynyň ömrüniň manysyny bakylyk öňündäki borç we bakylyk maksady kesgitleýär. Şu kesgitlemedenem durmuş ýörelgeleri, döredijilik düşünjeleri gelip çykýar. Emma ol diňe özüniň aladasy bilen ýaşanok, ol panyda galýanlarynyň gamyny iýýär: Magtymguly, sözle herne bileniň, Özüňe kemlik bil aýtman öleniň. Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň, Senden soňkulara ýadygär bolar. Bu hili ahlak hem döredijilik aňyna diňe iň beýik sungat eýe bolup biler. Bu babatda biziň Magtymgulymyz külli adamzat şahyry hem mugallymy bolmaga mynasyp şahsyýetdir. Ýagşy-ýaman sözüm köpdür, çalyşman, Neçüýn, her kim bildijegin diýr gider. Maksat diňe imanly gitmek däl, eýsem, görelde bolup galmakdyr hem. Imanyň içine şu dünýäde galýan söz we döredijilik hem girýändir. Wezipe dünýäden baş alyp gaçmakdan däl-de, dünýäni oňatlyga tarap özgerdip gitmekden ybaratdyr. Diňe ahyret dünýäniň netijesi boýunça döredil¬ýän, gazanyl¬ýan barlyk däl, dünýä üýtgewsiz barlyk däl, eýsem ol ahyret gymmatlyklary esasynda üznüksiz gaýtadan döredilip durlan barlykdyr (reallykdyr). Şonuň üçin onuň dünýä — düýbi boş düýş diýen nalajedeýin many bilen hiç hili umumylygy ýokdur. Ol adamyň ömrüni ruhy başlangyçlardan hem dowamatdan mahrum edýän çäklilige, adamy kiçeltmäge eltýän çäkl¬ilige garşy gönükdirilendir. Adamzat durmuşynyň manysyny çuňlukdan hem geljekden mahrum edýän şygryýet adamyň haýryna işläp bilmez. Mundan beýik sungatyň döremegi mümkin däl. Beýik Magtymgulynyň dünýägaraýşynyň hem ynanjynyň düýp manysy, ine, şundan ybaratdyr. *** Onuň nurana keşbi asyrlaryň içinden geçip, halk hakydasy arkaly bize gelip ýetipdir. Ony gözi bilen göreni göreniň şeýle suratlandyrmasy saklanyp galypdyr. Magtymguly ortadan uzyn boýly, siňirlek, goýungöz, pakga gulagy otagaly, ýaýlyp ýatan tüňňüräk maňlaýly, ýuka dodak, kak çekge (agajet), at ýüzli, oňurga burun, selçeň sakgaly döşüni basyp duran adam bolupdyr. Galagoply zamana, gussaly hem pajygaly şahsy we maşgala durmuşy geniniň döredijiligine hem hasrat möhürini basypdyr. Onuň doganlaryndan aýra düşüp ýazan goşgusyna çykgynsyz pajyga, perzentleriniň ölümi zerarly bagryndan ýarylyp çykan şygyrlaryna hasratly lirizm mahsusdyr. Çykgynsyz ýagdaýa uçranda, hemişe edişi ýaly, ol Biribara ýüzlenýär hem-de «Beýle har eýlediň meni» diýip zarynlaýar. Biribaryň herne edenine gürrüňsiz razylygyň, oňa şeksiz boýunlygyň çäginde türkmeniň perzent babatdaky üýtgeşik hamraklygy, nesil duýgusynyň näzikligi açylyp gidýär. Ýaşaýşyňy endige öwrüp bolýar, emma Magtymgulyny okamagy endige öwürmek mümkin däl. Onuň bilen galtaşdygyň, ýüregiň, kalbyň, hatda süňňüň hem herekete gelip başlaýar, adatylykdan, onuň dili bilen aýdanyňda, gaf¬latdan açylyp başlaýar. Kä hasratdan, kä buýsançdan, käte-de hyjuwdan gözüňe ýaş aýlanýar, setirlerindäki ölmez-ýitmez dirilik, egsilmez güýç seniň ýüregiňe dolýar. Magtymgulyny içiňden okamagam (G.Ezizow), ýalandan okamagam mümkin däl. Setirleri, düzümleri, bentleri joşgunlydan dabaraly ýa-da haýaldan hasratly, ýa-da akyllydan aram heňe salyp, hiňlenip okaýandygyňy duýman galýarsyň, munuň başgaça bolmagy mümkin däl görünýär. Onuň şygyrlary beýik poeziýa manysyndaky hakyky aýdymlardyr, ýüregiň dilidir. Magtymguluda many owazy döredýärmi ýa owaz manyny döredýärmi — akyl ýetirmek mümkin däl. Bularyň ikisi birden, bir zat bolup ýaşaýar. Ony okanyňda, türkmen dilinden lezzet alýarsyň. Öz ene diliň nähili belentlige hem gözellige, çuňňurlyga hem çäksizlige ýetip bilýändigini görüp, hözirli duýgulara melul bolýarsyň. Munda Allatagalanyň il hatarynda türkmene söýgüsini, gadyryny hem mähir-muhabbetini duýýarsyň. Biribar Magtymguly üçin ýaşaýşyň, döredijiligiň hem sungatyň çeşmesidir. Ol ölümi-de diriligi mana hem tagama getirmek üçin ýaradypdyr. Dirilik bilen bilelikde ölüm ýaşaýşyň bitewi hakykatyny düzýär. Ölüm ýaşaýşyň aňryçägi däl. Magtymgulynyň teswirinde, ol ýaşaýşyň täze, başga geljegi açýanlygy bilen oňyn paýhasa laýykdyr. Ölüm — diriligi şöhlelendirýän gözgüdir. Diriligiň ölüm gözgüsinde şöhlelenmegini ýa-da dirilikdekäň ölümiň nämedigini görmek ukybyny Magtymguly «yşk diýip» atlandyrýar. Bu maglumaty biz onuň, ylaýta-da, «Bu derdi» şygry arkaly açyp bilýäris. Dirilige ölüm arkaly göz ýetirilýär, çünki ölüm diriligiň arka ýüzüdir. Şonuň üçinem ölümlidigiňden şikaýat etmek asylykdyr. Ýaşaýşyň ikitaraplaýynlygy — ýüz hem arka taraplardan ybaratdygy, ikuçlulykdan diňe yşka düşülende, aýan bolýar. Magtymgulynyň nesibesine düşen sopuçylyk dünýägörşüniň baş aýratynlygydyr, ýagny paradoksal¬lykdyr. Sopuçylyk paradoksalizmi Mag¬tym¬gulynyň yşk ýoluny beýan edýän şygyrlar top-lumynyň içinden eriş argaç bolup geçýär. Ýaşaýşy yşk arkaly duýuş özboluşly çeper şahyrana dili döred¬ýär. Ol dil paradoksal dil. Şol sebäpli oňa dogry düşünmegiň şerti öz dünýäduýşuňy, öz köňlüňi-de şol giňişlige çykarmakdyr. Şu şerti berjaý etmeseň, şahyryň yşkyna düşünmek mümkin däl. Ony berjaý etmezden düşünmäge synanyşmak owal-başdan şowsuzlyga sezewar edilendir. Biziň iň oňat magtymgulyşynaslarymyzyň işlerinde şol şowsuzlygy görýärsiň. «Näme sen?», «Galyp men», «Uçdum, ýaranlar», «Içmeýin janym», «Gyzmaly boldum», «Sataşdym», «Buluda gardy meni» ýaly ajaýyp goşgularynda ol yşky ýoluny, yşk derdini şoňa mahsus dilde teswirleýär. Edebiýatçy alymlarymyza ynansaň, hamana, şahyr yşkdan baş çykaryp bilmänmiş, özüni gidibilmän ýa onuň, göýä, boş zatdygyny bilip, yşkdan ýüz dönderenmiş. Muňa dört zat diýip biljek: beýik şahyryň yşk hakykatyna dolulygyna, ahyryna-düýbüne çenli göz ýetirmek üçin, birinjiden, ýeterlik pelsepe — edebi sulh gerek. Tagam biliş, baha beriş ukyby hökmündäki sulhuň kemala gelmegi üçin indi indiler taryhy-medeni şertler döräp başlady. Sulh bize filosofik hem edebi sopuçylygyň ýokary derejedäki ruhy-medeni hadysa hökmündäki özboluşlylygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berer. Haýranylygyň, aljyraňňylygyň — paradoksallygyň adaty dile getirip bolmaýan aňlatma usullary hem baýlygy bar. Ondan adaty dildäki kesgitlemelere garaşdygyň — işiň gaýtdygydyr. Yşkda şahyr, has dogrusy, onuň köňli kosmiki ölçeglere geçip gidýär. Arşyň sözlemini zeminiň sözleri bilen düzmek mümkinmidir?! Laçynyň duýgularyny pyşbaganyň depgininde aňlatmak mümkinmidir?! Ikinjiden, bize ýene bir zat—akyl ýetirmek üçin diňe akylyň däl, eýsem ýüregiňem gerekdigini ykrar etmek ýetenok. Alyma akyldan başga ýüregem, ýazyja, şahyra ýürekden başga akylam gerek. Ýürek, duýgy alyma asgynjaň, hakykatdan sowa geçirýär, akyl şahyr üçin gerekmejek ýük diýen mif iň zyýanly hem biakyl miflerdendir. Gep bularyň haýsydyr biriniň gerek däldiginde däl-de, alym ýa şahyr bolup ýaşaýşy açmakda olaryň özara gatnaşygynyň dürlüçedigindedir. Edebi eseri zat hökmünde, edil ösüp oturan agaç hökmünde duýmakdan ylmy akyl ýetiriş başlanýarmyka diýýärin. Ýürek bermän, akyl ýetirip bolanok. Aýdaly, Magtymgulynyň şygryny gözüne ýaş aýlaman okap bilmeýän alymyň magtymgulyşynas alymdygyna şübhäm bar! Üçünjiden, beýik sungaty şeýlebir çynlakaý, şeýlebir uly, şeýlebir agyr zat weli, ony öz ýüregiň, ahlagyň, ömür gymmatlyklaryň hiç hili gatnaşmaýan hünär-pişäň edinip, onuň nämedigini bilmek asla mümkin däl. Muňa tutuşlygyna gatnaşmaly. Diňe akyl, bilim bilen ony alyp bolmaýar. Ylym, sungat, döredijilik — bary ömür işi, etiň-ganyň, süňňüň, ýüregiň, ar-namysyň, düşünjeleriň we ş.m. we ş.m. işi, ýöne hünär işi däl. Dördünji şu üçüsinden gelip çykýar. Yşk — amaly, durmuşy miwesi bolan ruhy iş. Yşk arşa gidip, başga biri bolup zemine gaýdyp gelmekdir. Magtymgulynyň yşk şy¬gyrlar toplumynda biz hut şuny-da görýäris. Yşk bikemal-lykdan kämillige geçmek bolup, şahyryň özi muny «merdana boldum» diýip aňladypdyr, «uly bolmak» diýip kes¬gitläpdir. Imdi gör-bak: uly bolup galyp men. Yşk geldi, başa düşdi, merdana boldum imdi. Seýr edip bardym pelekden, lamekana ugradym. Gaýda-gaýda oglanlygyň deminden, Ýetip geldim kämilligiň çeminden. Yşkyň miwesi yşk derdiniň eýýäm özüdir. Ten derdinden tapawutlylykda, ol näsazlyk däl-de, tersine, hakykat bilen sazlaşyklylygyň esasy şertidir. Dertsiz many ýokdur, diňe şady-horramlyk hem meslik bardyr. Iň esasy netije-de: Magtymguly yşkdan Pyragy bolup gaýdyp gelýär. «Pyragy!» diýp çagyrdylar, eltdiler, «Kandadyň?» diýp, gulagymdan tutdular. Istihanym altmyş para etdiler, Diýdiler: «Mert olsaň, ýör bizim sary!» Magtymguly, hoş hab içre ýatyrdym, Emrine ugradym, iman getirdim. Özümni unutdym, huşum ýitirdim, «Pyragy» diýp çagyraý sen bu namym. «Pyragy — 1) asuda bolma, rahat bolma, hiç bir işe meşgul bolman, rahatlyk etme; 2) asudalyk, rahatlyk; 3) el çekme; 4) el çeken, dynan, rahat bolan, boşan» (A.Meredow. Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi. II tom, 661-nji sah.). Istihany altmyş para edilip, täzeden ýaradylan, «Tur, gul!» diýlensoň süýji ukudan oýanyp, özüni ýitirip, huşuny ýitirip, soňam täzeden başga kişi — merdana bolup dörän Magtymguly rahatlyk tapýar. Şondan soň il öňünde ahlak ybraty, ömür göreldesi, nesihatçy bolmaga hukuk gazanýar. Öz milletiniň hem adamzat mugal¬lymy bolmaga hukuk gazanýar. Pyragy, yşka uçraşdym, Derýa girdim, möwje düşdüm, Hor galmasyn puştba-puşdum, Berkarar döwlet islärin. Has ähmiýetli zat — ol halk bilen Halygyň arasynda baglanyşdyryjy halka, halkyň öňünde Allanyň adyndan, Allanyň ýanynda halkyň adyndan gürlemäge hukukly bolýar. Bu hili şahsyýete weli ýa-da öwlüýä diýipdirler. Magtymguly ilki öwlüýä, diňe soňra şahyrdyr, ilki yşk derdini çekiji, diňe soňra sözleýji şahsyýetdir. Ol sözüň taryhy-klassyky manysynda türkmeniň, belki-de, külli Gündogaryň iň soňky öwlüýä şahyrydyr. Magtymguludan soň bizde şahyryň täze tipi — öwlüýä däl şahyrlar döräp başlapdyr. *** Öz adyndan, iliň adyndanam Allanyň ýanynda sözlemek usulyna «mynajat» diýilýär. Öz adyndan sözlenende, mynajat — bu Biribaryň dergähinde öz-özüňi paş etmekdir. «Guluň boldum», «Çykardym çenden», «Halyma meniň», «Güzeşt eýle», «Şypa ber» ýaly mynajatlary psihologizmiň juda çuňňurlygy bilen akylyňy haýran edýär. Magtymguly — türkmen ruhuna berlen çuňlukdyr. Şahyryň şygyrlarynda türkmen ruhunyň gujury, türkmen diliniň emosiýa aňladyş baýlygy, äheňleriň hem owazlaryň, many öwüşginleriniň hem röwüşleriniň dürlüligi gaýtalanmaz görnüşde ýüze çykýar. Mynajatlary şahyryň ylhamly goşgularyndandyr. Mynasyplyklary hem kemçilikleri, kämillige yhlasy bilen Biribaryň öňünde kellesini ýalaňaçla¬ýan şahyryň boýun almalary ýüregiňi sarsdyryp, endamyňy jümşüldedýär. Onuň kalby, ömri, jismi fiziki duýarlykly när¬sä öwrülýär. Bu-da ybratyň bir görnüşidir, özem aňyň görnüşidir. Hudaýa ynanç, diňe şoňa bil baglamak, «yhlasy diňe Özünden eýlemek» mutlaklyk häsiýete eýe bolýar. Yşk ýaly, toba hem oňyn özgermegiň, kämil bolmagyň ýoludyr. Ýöne yşk kämil¬likde arşylykdan zemine geçiş bolsa, toba peslikden belentlige göterilmedir. Çeper eseriň, sungatyň, şahyr bilen okyjy (diňleýji) gatnaşygynyň ýazylmadyk kanuna görä, okyjy özüni awtor bilen psihologik bitewüleşdirýär. Ol awtorda özüni görýär. Bu bolsa şahyryň ýaşaýyş hyjuwynyň, gaýratynyň soňka geçmegine, onuň päklenmegine, arassalanmagyna getir¬ýär. Ynanç — direg. Direg tapan köňlüň ejizlik¬leri güýçlülige, gorkusy umyda, kemçilikleri kämillige geçip gidýär. Özünden has ýokarda, özge, has belent hem beýik hakykatyň barlygy adamy kemsitmeýär hem kiçeltmeýär. Gaýtam, tersine, ony diregsizlikden hem garawsyzlykdan, çolalykdan hem ýaşaýşa kesekilikden halas edýär. Kim bilýär, belki, Magtymguly gazalçy bolup, halypalaryň gazallary bilen birlikde öz mynajatlaryndanam zikr çekendir?! *** Magtymguly iň ýokary derejäniň hadysasydyr. Onda adamzat jynsynyň iň beýik wekillerine mahsus ruhy gözlegleri, ahlak örtenmelerini hem-de ýürek heserlenmelerini görýärsiň. Ol adamzat pelsepesiniň we çeper söz medeniýetiniň iň arzyly aýlawyna at çykaryp bilýän şahyr. Ol — ekzistensial şahyr. Ýöne Günbataryň ateistik ekzistensializminden (Sartr, Haýdegger...), şeýle-de hristian eksiztensializminden (Berdýaýew, Kýerkigor, Şestow...) tapawutlylykda, onuňky sopuçylyk ekzistensializmidir. Ol diňe ölüm bilen ömrüň serhedindäki hakykatlary açanok. Onuň ýaýlymy has düýplüdir. Magtymguly ruhy barlyk bilen dünýäniň, wagt bilen bakylygyň serhedindäki duýgulary açýar. Bu babatda onuň dünýä baradaky goşgularyny ýatlamalydyrys. Bular ýöne bir şygyrlar toplumy däl, eýsem, ekzistensial açyşlar toplumy. Wagt diýilýäni şeýle çuňlukda aňladyp bilen ikinji şahyr Gündogarda, megerem, ýok. Gürrüň wagtyň pelsepewi jäheti, pelsepewi tebigaty hem manysy baradadyr. Şeýle diýip aýtmaly: Magtymguluda Wagtyň, Dünýäniň tas Allatagalanyň ýanyndan bakanyňdaky sypaty açylyp gidýär. Yşkyň manysy Hudaýa akyl ýa göz ýetirmekden ybarat däl, çünki Ol akyl-u-göz ýetirerden has belentlikdäki Gudratdyr. Tymsal edip sözläniňde, Ol — Gündür. Güne dikanlasaň, gözüň gamaşar, barça zat tümlüge döner. Gün Dünýäni, Wagty, ýaşaýşy, ynsany görmek üçin gerekdir. Magtymguluda Wagtdan bir gapdala çykyp, ony kesesinden synlan ýaly duýgy döreýär. Diýmek, ondan çykyp bilýän bolsa, adam Wagtyň hem Dünýäniň bir bölegi däl-de, başgarak bir närsesidir. Gapdaldan bakyp, şahyr Wagtyň başlangyjyny, ortasyny hem ahyryny, geçeni hem geljegi görýär. Ol serhetden aňryk ätläp görýär. Adamzat tebigy jöwher bolsady, beýle amal mümkin bolmazdy. «Pyragy» sözüniň «el çeken», «boşan», «dynan» ýaly many jäheti «Aňryk ätläp gören» diýmekdir. Magtymguly, adyň döndi Pyraga, Pyrag bolup, çek özüňni gyraga. Şahyr Wagt atly iň syrly, iň düşnüksiz, iň akyla sygdyrarlyksyz, şonuň bilen birlikde-de Dünýäde iň hökmürowan gaýybana mahlugy gözüň alnynda goýýar, ony synlamaga, syzmaga, hatda elläbem görmäge mümkinçilik döred¬ýär. Sebäbi onuň özi yşkdaka Wagty görmek ukybyna eýe bolupdyr. Ol göz-açyp ýumasy salymda bolup geçýän ruhy-aňlaýyş özgermesini edinipdir. Bu dünýäni göçüp bargan göç bildim, Öňün oýun gördüm, soňun puç bildim, Işini bet aňdym, özün hiç bildim, Tirik erken, öli bolup galyp men. Şu hili pelsepe açyşlardan dolup duran şygyrlary barlygyň türkmençe beýanydyr, açylyşydyr. Wagt serhedinden o ýana ätländigi üçinem, şahyry okanyňda geň duýgy gaplap alýar: Sen öz jynsy boýunça özüňden — adamzatdan has ýokardaky, has kämil bir barlygyň sözlerini diňlän ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Magtymguly tutuş bir milletiň ruhy hem akyl keşbi, görnüşi. Diňe bumy näme? Ol — Gündogaryň ruhunyň täze, gaýtalanmaz adatdandaşarylygy. Dünýä üçin bolsa ol — entek açylmadyk dünýä. Birmahal tötänlikde diýen ýaly şeýle diýip okapdym: Isaak Nýutonyň mazardaşynda: «Her bir ynsan adamzat jynsynda şeýle beýikligiň döräp bilýändigine buýsanmaga hak¬lydyr». Biziň Magtymgulymyz barada: «Dünýä adamzatdan şeýle beýikligiň döreýändigini gözügidijilik bilen boýun almalydyr» diýip ýazylsa, tüýs dogry bolardy. (Dowamy bar).. Osman Öde. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |