07:36 "Mergenli gaýa" hekaýaty | |
“MERGENLI GAÝA” HEKAÝATY
Hekaýalar
• Muhy Suhanowyň ýagty ýadygärligine Nesibämde bar eken, ýogsam ençeme ýyl bäri adam aýagy sekmedik bu ýat ýerlere, heý, gelermidim, seniň ters täleýiň hakdaky şu gussaly kyssany eşidermidim, mergen ... Seniň sesiň bu agyr heňňamyň içinden geçip, ahyrsoňy maňa-da gelip ýetdi. * * * Ýylan ýyly gurak geldi. Meýdanda ýalama samanam ýok. Begnazar aga dagy eger telpegiňi togalap goýberseň oňa bir çöp ilişýän bolsa, şol meýdanda malyny aman saklap biljek adam ahyryn. Şo-da howatyr edip alada galansoň, biliber. Ýeke-täk çygalga bar. O-da kyn... Garaz, serhetçiler bilen raýispolkom ylalaşyga geldi, hat-petek düzetdiler. Onsoň kolhozyň üç sürüsi ýüzüni ilerik baka öwürdi. Biz “Çilkeman” ýaýlasyna tarap ýola düşdük. Ondanam ilerik baka gidibermeli... Serhede golaýlaşdygyňça töweregiň keşbi özgerip barýar. Belentli-pesli daglara aralaşdyk. Beýlekiler üçin nähilidigini bilemok. Men weli hatarly ýola gadam goýýan ýaly tolgunýardym. Ozal görmedik ýerlerim bolansoň şeýlemikä? Serhetçi esgerler bizi tä barmaly ýerimize golaýlaşýança ugratdylar. Olar bizden häli-şindi habar tutup dur. Şolar görnüp dursa, ýüregiň suwly. Ýogsam töwerek-daşyňy syrly ümsümlik gurşan ýaly bolup dur. Elbetde, öwrenişýänçäk şeýle bolmagy mümkin. Ýene iki-üç günden öz ýaýlamyz ýaly bolar gider-le... Ine, giden otluk jülgeler, çeşmeli-çaýly dereler. Bu ýerler arzuw edeniňde-de ýetip bolmaýan ýerler ahyryn. Serhet ýakasy bolansoň, süri mal gezdirilmändir. Bossanly bahar saralyp-solup, ýykylyp galypdyr bu ýerde. Ot-çöpüň ysyny diýsene... Goç-teke döwri - oktýabr aýy dowar üçin tüýs gerek ýer-dä. Biz äpet gowagy - Begnazar aganyň aýdýan “Gara gowagyny” peýläp goş ýazdyrdyk. Ol ozal bu etraplarda mal bakyp kän gezen eken. Nirde näme bardygyny bäş barmagy ýaly bilýär. Beýleki sürülerem ýanaşyk ýerde bolansoň, ilki baran günümiz giçlik çopanlaryň köpüsi biziň odumyzyň töweregine jemlenişdi. Ýarygijä çenli könäni ýatlap, söhbet gurup oturdylar. Men-ä bir praktikant oglan. Onsoň kömekçi çopan Allan ikimiz Begnazar aga näme diýse, şonuň bilen bolmaly bolýarys. Ol-a itleri ýallaýar. Goýnuň töweregine aýlanýar, menem ýowşan ýygyp, elime ilen odun-çöpi topbaklap gowaga daşamak bilen... Gije beýleki çopanlar öz goşlaryna dargaşandan soň Begnazar aga meni kömekçi çopanyň ýanyna ýollady: - Bar-da aýt, bärligine sürsün-de gaýdybersin. Besdir, garyn otuny alandyr. Hergiz ýadyňda bolsun: “Oglanyňky eje, goýunyňky - gije” diýýändirler. Gijesine ot saýlamaz - tapan-tupanyny iýer, ylgaşyp ýörmez. Gije örä çykarmasaň, onda ýöne bir örüzseňem peýdasy bardyr. Bolmanda aşagyna ýel çalar, ýatan ýeri çalygar... Ertirden aňry, ine, şular ýaly keçe bölejiginem dyzyňyza daňyň. Dyzlyk ediniň. Ýogsam çöp-çalam çyzar durar, dyzyňyzy persala edäýer... Ol erbet üsgürip, iki egni bilen sojap dem aldy: - “Gutlaýagam” çagyr, ýanyň bilen gitsin. Üsgülewük heläk etjek bolýa welin, tüňçäme bir gysym borjak atyp gaýnatmasam boljak dälmikä diýýän... Köpügören adamyň gep-gürrüňem ap-aýry. Aýdan zatlaryny bloknotyma belläsim gelip dur welin, ýöne göräýse näme diýer? “Ýeri huşuňa näme boldy?” diýäýse. Öňem bir gezek gije oduň başynda otyrkak “Derrew galamyňy çommaldaýýaň” diýip gaharlanypdy ahyryn... Ertesi dogrudanam töwerek-daş bilen gözüm öwrenişip başlady. Öten agşam tüm gara gorp ýaly bolup sussumy basan “Gara gowak” indi penakär ýaly gözüme yssy görünýär. Ol biziň düşelgämiz, öýümiz ahyryn. Dagda güýz gününiň howasy şeýle tenekar bolýan eken. Gün öýleden agandan soň welin, biz garaşylmadyk ýagdaýa uçradyk oturyberdik. Kömekçi çopanyň münüp gaýdan aty duran ýerinde diriň-diriň bökdi-de, arkanlygyna gaýtdy güpürdäp. Näme bolduka? Allanam aldygyna gygyrýar: “Haý, zowtehnik, ýeteweri. Muňa bir döw-ä çaldy. Özüň bir alajyny tapjak bol. Gaýrat et? Boýnuma ýazylandyr. Gaýrat et!” Boýnuma ýazylandyr welin, men nädip gaýrat edeýin. “Stolbiýak” ahyryn. Türkmençesi nämedir-ä?! At janawer aýaklaryny saň gaty edip, gaňtarylyp gidip barýar... Oňa çenli Begnazar aganyň özi ýetip geläýdi hernä. - Baý-bow! Jüre getiren ýaly-la.. Aňsat açylýany-ha ýokdur. Gel-aýt “Ýatyp galandan atyp gal” diýipdirler. Hany, kellesini tutuň! Mäkäm basyp saklaň bakaly... Ol dyzyna çöküp oturdy-da, ýalaw ýaly pyçagyny gynyndan sogrup aldy. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde atyň diliniň ujuny şarpa diläýdi. Eli ýeňil eken. Gan akansoň gatan damarlary gowşady. Janawer ýarym sagat geçip-geçmänkä turaýdy... Metebäň belent bolsun, Begnazar aga. Saňa derek başga biri bolan bolsady, hondan bärsi bolardy: “Haý, alym - zootehnik, sadagaň bolaýyn” diýip, meni utandyrjak bolup, müň gepiň başyna ýeterdi. Sen beýtmediň, gaýtam öwüt berdiň, pendi-nesihat etdiň: “Mal yzynda gezjek bolsaň, bu ugurdan işlejek bolsaň, onda ýaňky ýaly zatlaram görüp, bilip öwrenip goýaýgyn, köşek. Zyýany degmez, ýadyma düşüp duran wagty başga bir zadam aýdyp bereýin: Atyň bili zor alsa, iýmine ýumurtga çakybermelidir. Eger bogazy çişip, demi gelmän ýatsa harlap, ketew degse, angina diýmeýäňizmi näme? Şo angina bolsa, onda arpany gaýnadyp-gaýnadyp üç-dört ýola berseň, açylar... ” Ynandym, Begnazar aga. Seň ýaly göwni düzüň sözi gyşyk bolmaz-a. Şol gün öýleden soň tä giç agşama çenli men goýnuň yzynda boldum. Ýaşuly çopanyň aýdyşy ýaly dowarlary ürküzmän, käýinjiremän, başardygymdan parahat gezdirdim. Ekiz guzlajagy köp bolsun diýseň, onuň bu aýdanlarynyň gylyny gyşartmaly däl. Günbatara tarap ýöräp täze bir jülgä inen wagtym, üýtgeşik bir şekilde nazarym eglendi. Aňkarylyp galypdyryn... Bu çeniňden-çakyňdan beýik, ýylçyr gaýanyň ýokarybaşynda ak kemeri bar. Iň ýokarsynda-da... Bu nä üýtgeşik zat. Gapdaldaky gara dagyň bir kerti oňa tarap uzaýar-da, ýetip bilmän gezelýär duruberýär. Aý ýaly egri kertiň aşagy düýpsüz ýaly uçut. Täk özi seleňläp duran bu ýylçyr gaýanyň üstünde göwnüme bolmasa kimdir biri bar ýaly boldy. Ýok, ýok. Ol ýerde adam nämişlesin?! Arçamyka? Kerkawmyka?! Ýa daşmyka? Ol nämekä, janlarym? Begnazar aga bilýändir-le. Heý, bilmezmi?! Agşam jülgeleri ümür-duman gaplady. Ýagyş jybarlap, howa birneme sowady. Biz eglenmän goş-kötelimizi “Gara gowagyň” agzyna getirdik. Sürimizem arkaýyn penalap dur... Biz ot ýakyp, tüňçeleri oturtdyk. Oduň alawy äpet gowagyň syrça ýaly daş diwaryna gyzgylt reňk çaýýar, onuň çogy bolsa mähirli saz ýaly endamyňa ornap, meýmiredip barýar... Kybla tarapdaky goňşy çopanyň “Haýt-how” diýen sesine, hol, aşak etekde köwejekläp ýören biziň Gutlaýagymyz “Lowh-Lowh” edip jogap gaýtardy... Ak duman barha goýalýan ýaly. Şu wagt mermer sütün ýaly gaýany-da duman örtendir. Onuň üstündäki... - Begnazar aga, şu tarapda bir üýtgeşik gaýa bar eken welin, men-ä birhili... - Hä-ä... “Mergenli gaýany” gördüm diýsene. - “Mergenli” diýdiňizmi? - Gözüni ýola dikip durandyr üstünde, neresse... - Kim?! Ine, şeýdip seniň gussaly hekaýatyň üstünden bardym, mergen gardaş... * * * ...Göwündeş gelni oňa “Sag git-de, aman gel” diýdi... ... Naçar dogany onuň yzyndan bir okara suw serpdi... ... Atasy egni hyrlyly, eli guşly, bili gylyçly, dal kamatly ata atlanan oglunyň boý-syratyna guwandy. “Bar, oglum, ýoluň ak bolsun” diýdi. ...Enesi... Enesi welin “Meniň aýdanymy et. Şu gezek awa gitme, jan oglum!” diýdi. Bile ýola çykan dosty bu söze birhili bolup, göwnüni böljek ýaly etdi. Oňa çenli ol “Atylan ok daşdan gaýtmaz”, ene. Sag oturyň!” diýdi-de, atynyň böwrüne depäýdi. Awa kellesi gyzan iki dost uzak ýollary söküp, şu etraplardan gelip çykypdyrlar. Indi aw-şikar edip göwnüni hoşlan ýigitler gaýdaýsa-da boljak eken. Emma daň saz berende bir belent dagyň gerşinde ýedi sany goç hatarlanyp görünäýmezmi?! Güni garşylaýan aýlawşah goçlar... Ýedi goçuň her biriniň bir harpy aňladýandygyny, onuň tutuşlygyna “aýralyk” diýen sözi emele getirip durandygyny mergen näbilsin... Seniň ýüküň ýetik, dogan. Gaýt indi. Mergenleriň gadymy ýörelgesinde-de bir sapar awa çykanynda ýediden köp janly-jandaryň ganyna galmak günä iş hasaplanylýar ahyryn. Seniň awlanyň ýediniň çeninde durmady. Ýene nämä hyýallanýarsyň?! Dostuň sözi ýer tutmady. Aw höwesi ony ýerden göterdi. Gözleri baglandy. Ol kowdy, goçlar gaçdy. Hiç atyma gelenok. Bu kow-ha-gaçlygyň soňy şol ýokary başy ak kemerli ýylçyr gaýada tamama geldi. Gaýa tarap uzaýan kertden ýedi goçuň ýedisem zyňdy. Gaýanyň ýeke-täk ak kemerine şapylaşyp, jüp düşýän goçlar awçydan gutulmak üçin onuň arka ýüzüne aýlandylar... Ýüňi ýeten ýigidiň goç kemi barmy? Seri dumanly mergenem uçutdan uçdy. Badyny saklaman zyňdy özüni. Barybam gaýanyň ýüzüne ýelmeşdi. Iki-üç gezek omzady-da, gaýanyň çür depesine çykaýdy. Goçlaryň birini urdy, beýlekileri özüni dik başaşak oklady. Şahynyň üstüne düşýän goçlar aşyrym atyp, turup-turup gitdiler. Ýigit muňa haýran bolup ýalaňaç gaýanyň üstünde galyberdi... Bu nä ahwalat boldy? Ol perwaz urup aýlandy. Uçaýyn diýse ganaty ýok... O dag o ýanda, bu dag bu ýanda. Hiç alajy ýok munuň. Şeýdip seniň ýigit başyň tükenmez gowgaýa uçrady, mergen. Diri aýralyk. Zalym aýralyk. Beýle jebre kim dözer? Daglar-eý! Daglar-eý! Hon-ha, dostuň atyňy idip gelipdir. Aýlanýar, dönýär...Atyň otagaly başyny egip dur. Dostuň solan sünbül ýaly. Nä ýüzüne oba barar, barsa, näme jogap berer? “Sen üstünden galsaň, men astynda çüýräp galjak gaýanyň” diýer... ...Seniň wesýetiň daglara-daşlara, dostuň ýüregine, aýlara, ýyllara siňip galypdyr... ...Ýedi goçuň biri gara, Ýüregime saldy ýara, Daýym gyzy - bagty gara - Ýarym gan aglasyn indi. Ýedi goçuň birin urdum, Ýanynda saralyp durdum, Öz ganyma özüm galdym, Enem gan aglasyn indi. Haraý, haraý, haraýlandy, Haraýsyz dost kän aýlandy, Geljek ýollarym baglandy, Naçar gan aglasyn indi. Atymdyr - atam saklasyn, Guşumdyr - enem saklasyn, Läşimi guşlar kaklasyn, Atam gan aglasyn indi... ...Şu aýdymy aýdybam gaýanyň depesinde daşa öwrülip doňup galypsyň. - Görensiň-ä, garaşyp durandyr, neresse... Begnazar aga çörekçi goýny çagyrdy-da, oňa bir döwüm çörek berdi. Soňam çyzymynyň bir ujuny garry goýnuň boýnuna daňdy, beýleki ujunam goşaryndan geçirdi-de, goýunlaryň içinde ýatmaga gitdi. Süri örse, çörekçi goýun ony çekeläp turuzar. Begnazar aga onsuzam sakdyr welin, köne endigine görä edýän bolaýmasa... Allan ýadaw bolansoň, derrew uklady. Menem oýluga bürenip, oduň gapdalynda ýatmakçy boldum. Ýöne wagty bilen gözüme uky gelmedi... Men bilýän, siziň ümürli-dumanly daglarda, “Gara gowagyň” agzynda ot ýakyp oturan çopanlaryň goşunda bolasyňyz gelýändir. Meniň welin içim gysýar. Bu ýerlerden basymrak gaýdasym gelýär... ...Garaş, mergen. Daşa öwrülenem bolsaň, garaş. Men seniň sözleriňi gözi ýolda galanlaryň hemmesine ýetirerin. Olar seni bagyşlar. Dünýädir, munda nämeler bolmaýar?! Ahmet Halmyrat. | |
|
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||