01:24 Mete han | |
METE HAN
Taryhy şahslar
Oguz türkmenleriniň beýik Hun döwletiniň hökümdary (hökümdarlyk döwri b.e. öňki 209–174 ý.) Mete hana gadymy atasynyň ady dakylyp, oňa Oguz han hem diýlipdir. Taryhçy Ö.Gündogdyýew Mete hanyň 35 ýaşynda, ýagny b.e.öňki 247-nji ýylda tagta çykandygyny ýazýar. Hökümdarlygy döwründe Oguz hanyň häsiýetine gaty ýakynlygy bilen tanalan, edil şonuň ekiz taýy diýdiren han bolupdyr. Duman Beýik Ýuwejileriň döwletiniň köşgünde agöýli hökmünde saklanan bu oglunyň zamunlykdan gaçmagy başarandygyna guwanyp, oňa bir tümeni, ýagny 10 müň öýli ilaty dolandyrmaga beripdir. Hökümdarlygynyň başynda ýer sorap yrsaraýan Dunhuanyň hökümdaryna «Ýer bermeris, ser bereris!» diýip, bu welaýaty özüne boýun egdiripdir. Mete han ownukly-irili 26 döwleti öz çägine birleşdirip, güýçli merkezleşdirilen döwleti döredipdir. Bu döwletiň bir tarapy Hazardan tä Hindi ummanyna, beýleki tarapy bolsa Gimalaý daglaryndan Sibire çenli aralygy öz içine alypdyr. Mete han goňşy Hytaý bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýdy. Mete hanyň döwründe iki döwletiň arasynda birek-biregiň tejribesini öwrenmek babatynda hem gatnaşyklar edilipdir. Hytaý Hunlaryň döwlet edarasy üçin bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ýardam beripdir. Hytaý ykdysatçylarynyň kömegi bilen Hunlar döwlet gurluşynda salgyt ulgamyny kämilleşdiripdirler. Bu ýagdaý iki döwletiň arasyndaky oňyn gatnaşyklaryň başlangyjyny düzüpdir. Hytaý bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Mete handyr. Hunlar bilen Hytaýyň arasyndaky «Ýaraşyk we garyndaşlyk» hakyndaky ilkinji şertnama b.e.öňki 198-nji ýylda, has takygy mundan 2216 ýyldan hem ozal baglaşylypdyr. Biz muny türkmen diplomatiýasynyň taryhynda belli bolan ilkinji resminamalaryň biri hasaplap bileris. Mete hany takmynan 20 ýaşynda hökümdar bolan hasap etsek, onda ol men diýen wagty, ýagny 31 ýaşynda Hytaý bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan bolýar. Meşhur rus alymy N.Ý.Biçuriniň ylmy neşirlerine salgylansak, bu şertnama Hytaý imperatory Lýu Banyň we Hun hökümdary Mete hanyň gol çekmekleri bilen hukuk taýdan güýje giripdir. Şertnamanyň asyl nusgasy saklanyp galmandyr, ýöne şol şertnamanyň ýerine ýetirilişini guramak boýunça alşylan köpsanly hatlaryň birnäçesi görkezilýär. Agzalan şertnamanyň esasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda iki döwletiň arasyndaky dowam edip gelýän ýaragly çaknyşyklar bes edilip, iki döwletiň arasynda uzak mahal garaşylan parahatçylyk gazanylypdyr. Hytaý tarapynyň başlangyjy bilen baglaşylan bu resminama, ilkinji nobatda, Hytaý döwleti üçin uly bähbide eýe bolupdyr — ol onuň kuwwatly goňşusy bolan hun türkmenleri bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga oňaýly şertleri döredipdir. Iki döwletiň arasyndaky bar bolan serhediň goragy babatynda meselä hem üns berlipdir. Taryhçylar Ö.Gündogdyýewiň, L.N.Gumilýowyň belleýşi ýaly, taraplar söwda gatnaşyklaryny ýola goýmagy we ösdürmegi talabalaýyk hasaplapdyrlar. Bu babatda ep-esli üstünlikleri hem gazanypdyrlar. Haryt alyş-çalyş işleri ýola goýlup, serhetde bazarlar açylypdyr. Şertnama diňe bir parahatçylyk adalgasy bilen çäklenmän, eýsem «garyndaşlyk» gatnaşyklarda bolmalydygyny hem göz öňünde tutupdyr. Hytaý ýüpek hem nah matalary, şerap, tüwi we beýleki dürli ir-iýmişleri ýollamaga borçlanypdyr. Çyn-Maçyndan Hun döwletine her ýylda iberilýän peşgeşleriň agramly bölegi Hunlaryň ýönekeý ilaty üçin niýetlenipdir. Hunlara gelinlige berlen Hytaý şazenanlary özleriniň ýanlarynda getiren birnäçe kenizleri bilen özleriniň däp-dessurlaryny hunlaryň han-begleriniň arasynda ornaşdyrypdyrlar. Mete han hem 35 ýyl şalyk sürüp 174-nji ýylda dünýäden ötýär. Agzalan şertnama ondan 40 ýyl soň hem güýjüni saklapdyr. "MILLI GOŞUN" žurnaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |