18:43 Mezhepsizlik | |
MEZHEPSIZLIK
Mezhepsizligiñ (bimessepligiñ) düýbüni tutan - yslam dinini daşyndan ýykmaga güýçleri ýetmänsoñ, içinden ýykmagy maksat edinip, musulman ýurtlary agzalalyga salmak isleýän iñlis imperializmidir. Iñlisleriñ pitne-pesat çykaryp musulmanlary çökertmek bilen asyl maksatlary Ýakyn Gündogaryñ baý nebit ýataklaryny eksplutatirlemekdir. Iñlis imperialistleri mezhepsizligi ilkinji bolup wahhabylyk ady bilen öz hyýanatçylyklaryna wepaly Saud Arabystanly din alymsumagy Muhammet ibn Abdylwahhaba gurdurypdyrlar. Bu dinden çykan sapyk adam käbir şahsy bähbitlere kowalaşyp, iñlis içalysy Hemper bilen dil birikdirdi we iñlisleriñ yslamyýeti ýok etmek işlerine öñaýak boldy. Muhammet ibn Abdylwahhab Ibni Teýmiýäniñ Ehli-sünnete dogry gelmeýän kitaplarynynyñ täsirine düşüpdi we "Nejd şeýhi" ady bilen tanalyp başlapdy. Onuñ öñe sürýän pikirleri iñlis sermaýasynyñ we iñlis ýaragynyñ penakärliginde arap çarwalarynyñ ýolbaşçysy Muhammet ibn Saud tarapyndan goldandy. Sapyk din "alymy" Ibni Teýmiýäniñ öñe sürýän pikirleri bilen Hemperiñ toslap tapan bolar-bolmaz ýalan-ýaşryklaryndan emele gelen ideologiýa wahhabylyk diýip at berildi. Abdylwahhabyñ ogly Muhammet 1738-nji ýylda wahhabylygy yglan etdi. Wahhabylyk iñlisleriñ syýasy we harby hemaýatkärliginde tutuş Arabystana ýaýrady. Wahhabylara ynanan Deriýýäniñ häkimi Abdyleziz ibn Saud ilkinji bolu 1791-nji ýylda Mekgäniñ emiri şerif Galyp ependä garşy uruş yglan etdi. Ol ilkibaşda wahhabylygy gizlin ýollar arkaly mazaly ýaýradypdy. Netijede, ol sansyz-sajaksyz musulmanlaryñ ganyna galyp, aýal-ebtatlary, çaga-çugalary we mal-garalary oljalady we ejiz biçäre edibilen sütemkärligini etdi. Olardan başga-da, Müsürde ýykgynçylykly işleri alyp barýan iñlisler "tagmaly" mason Muhammet Abdony ulandylar. 1905-nji ýylda Osmanly soltany Abdylhamyt II tarapyndan Kairiñ müftüsi wezipesinden boşadylan Abdo Soltan Abdylhamyt II tagtdan düşürilensoñ, ýykgynçylykly işlerine iñlisleriñ goldawy bilen şägirdi Jemaletdin Efgany bilen dowam etdi... Bularyñ nobatdaky aýakçylary bolan mealçylar hak mezhepleri we tasawwufy inkär edip, tasawwuf beýikleri bolan öwlüýädir welileri müşriklikde aýyplamakdan çekinenoklar. Bu niýet-maksatlaryny garañkylyga bürän betpygyl adamlar Gurhany diñe özleri bilýän we okaýan ýaly görnüş bermäge çalşyp, sünni mezheplere eýerýän hakyky musulmanlary we hakyky tasawwufçylary ylymsyzlykda we müşriklikde aýyplap, özleri küfüre girýär. Olar Ymam Agzam, Ymam Şafygy, Ymam Ahmet ibn Hanbal, Ymam Mälik hezretleri hakynda delilsiz we ýerliksiz pikirler ýaýradyp mömin-musulmanlaryñ päk ýüreklerini, arassa añlaryny bulamaga çalyşýarlar. "Möjek ümürli howany gowy görýär" diýip ýönelige aýdylmandyr. Bu messepsizler şeýle bir tüýsüni üýtgetmäge ökde welin, aýdar-diýer ýaly däl, hamala, yslamyñ 1400 ýyllyk taryhynda gelip-geçen munça alymlar, munça weliullahlar hakykaty görmändirler, şu gurrumsaklar hakykaty bilýärmişinler we diñe özleriniñ hakykaty bilýändiklerini adamlaryñ añyna guýmaga çalyşýarlar. Olar öz guşbeýinlerine görä Gurhana many çaýyp, 1400 ýyldyr Gurhan we Sünnet ýolundan birjigem gyşarmadyk we bu hususda hiç hili gyşarma göz ýummadyk ýokarda ady agzalan dört beýik alyma "mezhepçilik edip musulmanlaryñ arasyny böldüler" diýip aýyplama gaflatyna düşenlerini özleri-de bilenok. Ymam Agzam hezretleriniñ sahabalardan ençemesiniñ ylym söhbetlerinde bolan ylym ummanydygyna garamazdan, bu mealçylar hiç bir tutaryksyz bular ýaly beýik yslam alymlaryna hapa ýöñkemäge synanşyp, yslam alymlaryny Gurhanyñ aýatlaryndan bihabarmyş ýaly görkezjek bolup arryklaryny gynaýarlar. Ýogsa-da, olaryñ öz aýdyşy ýaly hemme zady Gurhanda görmek isläp, Gurhanda agzalmadyk zatlary-da gereksiz hasap etmeli bolsa, "namaz" we "oraza" sözleri "Gurhanda geçenok" diýip gereksiz hasap edäýjeklermikä? Gurhanda namaz "salat", oraza "sawm" bolup geçişi ýaly, mezhep hem "syrat" (ýol) bolup geçýändir. Syratyñ iñ dogrusy hem "syraty-mustakyýmdyr". Allatagala Kurany-Kerimde şeýle diýýär: "Resulym şek-şübhesiz, sen iñ dogry ýoldasyñ" ("Ýasyn" süresi, 4). Ynha, şu aýat hem Resulallanyñ (s.a.w) ýolunyñ, ýagny mezhebiniñ syraty-mustakyýmdygyna şaýatlyk edýär. Pygamberimiziñ (s.a.w) ýoly bolsa ehli-sünnet ýolunyñ (mezhebiniñ) hut özüdir. Şeýle-de bäş wagt namazlarymyzda "Fatyha" (Elham) süresini okanymyzda "ihdines-syratal-mustakyým" ("Rebbimiz bizi iñ dogry ýol bolan Resullallanyñ ýoly Ehli-sünnet ýoly bolan syraty-mustakyýma ýetir") diýip okamaýarysmy näme? Şeýle-de, hut Resulallanyñ (s.a.w) özi "Sahyh Buharynyñ" bir hadysynda: "Halas bolanlar Meniñ we Sahabalarymyñ ýolundan gidenleridir" diýýär. Allatagala hem Kurany Kerimde şeýle diýýär: "Eý Resulym, aýt şolara, eger Allany söýýän bolsañyz, geliñ maña uýuñ diý, Alla hem sizi söýsün, günäleriñizu bagyşlasyn. Alla bagyşlaýjydyr, Alla merhemetlidir" ("Aly-Ymran" süresi, 31). Şu aýatlara we şu aýatlaryñ manysyna meñzeş manydaky başga aýatlara laýyklykda, Resulallaha uýmak parz bolşy ýaly, Resuallanyñ mezhebine, ýagny syraty-mustakyýma uýmak hem hemmämize parzdyr. Ýokarda ady agzalan dört müjtehit alymymyz hem bu iñ dogry ýola nähili eýermelidigini we munuñ içtihadyny görkezip, halkyñ iñ dogry ýoldan ýöremegine öñaýak bolupdyrlar. Olaryñ hiç birisem "meniñ görkezen syraty-mustakyýmymyñ ady hanafylyk bolsun, şafygylyk bolsun, ýa bolmasa hanbalylyk bolsun" diýmändirler. Çünki muny şol döwürde ýaşap geçen halk köpçüligi çeşmelerde şeýle ýatlaýar we häzire çenlem şeýle ýatlanylyp gelinýär. Ygtykatda iñ dogry ýol bolan Ehli-Sünnet ýoly (Sünni mezhebi) dowam edip gelşine, amalda bolsa ýüzden gowrak dürli-dürli içtihatlardan häzirki wagta çenli diñe dört sünni mezhebi galypdyr. Resulyñ ýoly bolan ygtykatda Ehli-Sünnet ýoly (Syraty-Mustakyým), ýagny mezhebi, amalda-da diñe dört mezhep dowam edipdir. Allatagala bu dört hak mezhebiñ biziñ günümize çenli gelip ýetmegine sebäp bolan mömin-musulman bendelerininiñ we hak ýoldan ýörän ata-babalarymyzyñ jaýlaryny jennet eýlesin. Allatagala ol mujtehit we ýolgörkeziji alymlarymyzyñ bitiren beýik işleriniñ sogabyny bersin. Bugünki-gün yslam dininiñ duşmanlarynyñ aýakçylygyny edýänler käbir hususy teleýaýlymlarda we internet saýtlarynda amatyny peýläp ýatan ýyrtyjy haýwanlar kimin düýp meseläniñ nämededigini añşyrmaýan musulmanlary duzaga düşürip, olary yslamyñ ehli-sünnet ýolundan daşlaşdyrýarlar. Munuñ bilenem çäklenmän torlaryna düşüren musulman ynançly ýaş oglan-gyzlary guduzlan ite öwrüp ýene-de musulmanlaryñ üstüne küşgürýärler we kapyrlaryñ çyrasyna ýag damdyrýarlar... "Kuran dini", "Bize Kuran ýeter", "Töwhid Ehli" ýaly atlara duwlanyp yslam duşmanlaryna hyzmat edýän bu gapyllar özlerini hakyky hudaýsöýer hökmünde görkezip, hakyky musulmanlary şirke düşmekde aýyplaýarlar. Bu aýakçylar özleri bilip ýa-da bilmezden töwhidi tutaryk edinip, yslamyñ duşmanlaryna hyzmat edýärler we yslamyñ hak ýolun hyýanat edýärler. Musulmanlar dinlerini Gurhan meallaryndan däl-de, yslam ylmyhallaryndan öwrenmelidir. Sözümiziñ soñunda, yslam duşmanlaryna hyzmat edýän bu biçäre ehli-mealçylara Allatagalanyñ hidaýat bermegini umyt we nyýaz edýäris. Abdylla BEKIR HOJA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |