MISWAK
Miswak araki diýen agajyndan alynýar. Ol bir garyş ýaly kesilip, agyz boşlygyny, ýagny dişleri we dili arassalamak üçin ulanylýar. Miswak ulanmaklyga Yslam dininde uly üns berilýär. Sebäbi owaly bilen ol ähli pygamberleriň sünneti, galybersede ol dişleri arassalaýjy, dişleriň etlerini berkidiji, diliň üstünde emele gelýän hapa gatlaklary-da arassalaýar. Häzirki wagtda-da dürli ylmy barlaglaryň üsti bilen miswagyň ynsan saglygy üçin örän uly peýdasynyň barlygy göz ýetirildi. Diş miswak bilen ýuwulandan soňam tas iki günüň dowamynda agyz boşlugyndaky bakteriýalary, mikroblary gyryp durýar. Şonuň üçin hem häzirki zaman diş ýuwujy pastalaryň käbirleri öz düzüminde miswakdan alynan maddalary saklaýarlar. Miswak ulanmak barada aýdylan, ýazylan zatlar köp. Şu ýerde okujylarymyzy miswak barada aýdylan, ýazylan zatlara ünsi çekýäris.
Hadys şerifleriň, sahabalaryň hem-de alymlaryň aýtmaklaryna görä
MISWAK ulanmaklygyň wajyplygy
Miswagyň uly ähmiýeti barada
Abdylla ibn Jaraad (r.a.) Allanyň resulynyň (s.a.w) sözlerini habar berdi: «Miswak ulanmak zerurlygy – ynsan üçin tebigy zatdyr.» (Al Fahhul Kabiir).
Pygamberleriň (a.s.) sünneti
Ebu Aýýub (r.a.) Allanyň resulyndan (s.a.w) aýdanyny habar berdi: «Şu dört sany zat Pygamberleriň (a.s.) sünnetidir: sadalyk, huşba (atyr) ulanmak, miswak ulanmak, şeýle hem nikalaşmak».
Bellik:käbir ýerlerde sadalyga derek sünnete ýatyrylmak hem getirilýär.
Miswak ulanmaklygyň uly artykmaçlyklary bilen birlikde, miswak ulanmaklygyň özi diňe bir pygamberiň sünneti bolman, eýsem ähli pygamberleriň sünnetidir. Beýik Allanyň pygamberleriniň ulanan miswagyny ulanmaýan adamlaryň nämeler ýitirýändigini pikirlenip görüberiň.
Allýama ibn Ysmaýyl rahmetullah aýtdy: «Men şeýle ynsanlara haýran galýan, ýagny, miswagyň şeýle uly sogabynyň we peýdasynyň barlygyna garamazdan, ony ulanmaklyga ähmiýet bermeýärler, şeýlelik bilen özlerine berilýän uly sogaplary terk edip, özlerini zyýana hem-de mahrumçylyga sezewar edýärler.»
Miswak – Allahyň söýýän ammallaryndandyr
Abdylla ibn Omar (r.a.) Allanyň resulynyň (s.a.w.) şeýle sözlerini habar berýär: «Özüňiz üçin miswak ulanmaklygy wajyp ediň, sebäbi ony ulanmakda diňe bir agzyň arassalygy bolman, eýsem Beýik Allanyň razylygyda bardyr.» (Şerh Tirmizi).
Hezreti Aýşa (r.a.) enemiz Resulalladan (s.a.w) şeýler sözleri habar berýär: «Miswagy ulanmaklyk agyz arassalygyna hem-de Allanyň razylygyna getirýär». (Buhari).
Hezreti Alidan (r.a.) habar berilýär: «Miswagy ulanmaklygy özüňiz üçin wajyp ediniň we hemişe oňa amal ediň, sebäbi ol Allahyň razylygyna elter. Ýene-de, has hem miswak ulanyp soňundan okalan namaza beriljek sogap 99-dan 400 çenli artar.»
Jebraýyl (a.s.) perişdäniň maslahaty
Miswagyň tasdan parz bolmagy
Abu Umaamah (r.a.) Allanyň resulyndan (s.a.w) habar berýär: «Miswagy ulanyň, sebäbi ol agzy arassalaýar hem-de sizden Allanyň razy bolmagyny berýär. Jebraýyl (a.s.) perişde maňa miswak ulanmaklygy şeýle köp masalahat bererdi welin, miswak ummatym üçin parz bolar diýip pikir etdim. Özüm bolsa miswagy şeýle köp ulanýaryn welin öz dişlerim üçin gorkýaryn.» (Ibn Majdah).
Abu Hureýra (r.a.) Resulalladan (s.a.w.) şeýle habar berýär: «Men ummatyma kyn boljaklygyndan gorkmadygymda, miswagy her täret alynanda ulanmaklygy buýrardym.» (Buhari).
Abu Hureýra (r.a.) Resulalladan (s.a.w.) şeýle habar berýär: «Men ummatyma kyn boljaklygyndan gorkmadygymda, her namazyň öňünde miswak ulanmaklygy buýrardym.» (Tirmizi).
Hezreti Ummi Salma (r.a.) Allanyň resulyndan (s.a.w.) şeýle habar berýär: «Jebraýyl ýygy-ýygydan miswak ulanmaklygy maslahat bererdi welin, öz dişlerim üçin gorkardym.» (Tabarany).
Pygamberimiz Muhammediň (s.a.w.) miswak barada Alla tarapyndan iberiljek aýata garaşmagy
Abdylla ibn Abbas (r.a.) Resulalladan (s.a.w.) şeýle rowaýaty habar berýär: «Maňa ýygy-ýygydan miswak ulanmaklyk buýrulýardy welin, men miswak barada Alladan aýat iberiler öýdüp pikir etdim.» (Musnad Abi Ýalaa).
(Bu rowaýatdan miswak ulanmaklygyň uly ähmiýetiniň bardygyny görýäris. Allanyň rahmeti bilen miswak farz bolmady, ýöne berk sünnete eýe boldy. Ýagny ony ulanmakda uly peýdalar we sogaplar bar. Olaryň biri-de miswak ulanmaklygyň bereketi bilen ynsan ölüm pursatynda kelemesini aýtmaklyk mümkinçiligini alar.)
Miswak hem-de pygamberimiz Muhammediň (s.a.w.) düýşi
Ibn Omar (r.a.) Allahyň resuly Muhammetden (s.a.w.) şeýle rowaýat edýär: «Men düýşümde özümi, dişlerimi miswak bilen arassalaýan ýagdaýda gördüm. Soňra meniň ýanyma iki sany adam geldi, biri ýaşulydy, beýlekesi bolsa ýaşdy. Haçanda ýaş adama miswagy berenimde, maňa ony ýaşuly adama bermeklik buýruldy. Şonuň üçin hem miswagy ýaşuly adama berdim.» (Mişkaat).
Miswak Ybraýym (a.s.) pygamberiň ýaşaýşynda
Ibn Abbas (r.a.) Mukaddes Kuranyň Al-Bakara surasynda, Rebbimiziň Ybraýymyň (a.s.) ýerine ýetiren aýratyn buýruklar bilen synag ýedilmegi baradaky aýatyna eden tefsirine düşündiriş berýär.
«Ybraýym (a.s.) pygambere täret barada synag berilende, bäşisi kellä we ýüze, ýene-de bäşisi bedene degişlidi. Kellä we ýüze degişli bolan bäş zat: murtlary deňlemek, agyz çaýkamak, burnyň içini suw bilen ýuwmak, miswak ulanmak hem-de saçlaryňy timarlamak. Bedene degişli bolan bäş zat: dyrnaklary aýyrmak, sünnete ýatyrmak, goltuk we göbek asty tüýleri aýyrmak hem-de istinja almak.» (Tefsir ibn Kasir).
Ukydan turup miswak ulanmak
Hezreti Aýşanyň (r.a.) habar berişine görä, Pygamberimiz Muhammed (s.a.w.) gije ýa-da gündiz ukydan turanda-da miswak ulanypdyr we täret alypdyr.
Gijedäki miswak
Hezreti Aýşadan (r.a.) habar berilişine görä, Resulalla (s.a.w.) üçin täret almak üçin suw we miswak hemişe taýyn durardy. Haçanda gije tahajjud namazyna ukydan turanda, namazdan öň miswak ulanardy. (Abu Daud).
Huzeýfadan (r.a.) habar berilişine görä, Resulalla (s.a.w.) gije ukydan turup agzyny miswak bilen päklärdi. (As-siaah).
Hezreti Aýşadan (r.a.) habar berlişine görä, Resulla (s.a.w.) üçin köplenç 3 sany gap taýyn durardy: birinde täret üçin suw, ýene birinde miswak, beýlekisinde bolsa içmek üçin suw durardy.
(Miswagyň suw bilen bir ýerde durmagynyň fakty, ýene-de bir gezek miswagy ulanmagyň wajypdygyny subut edýär.)
Öýe gireniňde miswagy ulanmak
Şuraýr ibn Haani hezreti Aýşa (r.a.) sorapdyr, «Muhammet (s.a.w.) pygamber öýüne gelende nämeden başlardy (öýe girende)?». Aýşa (r.a.) enemiz «Miswak ulanmakdan başlardy» - diýip jogap beripdir. (Mişkaat).
Käbir ulamalar bu hadysa düşündiriş berenlerinde şeýle diýipdirler: «Biz öýe girjek bolanymyzda salam (Es-salamu aleýkum wa rahmatullahi we barakätuh) berip girmeli. Bu salamda Allahyň ady bar. Allanyň ady bolsa arassa agyz bilen aýdylmaly». Şeýle-de öýe geleniňde, öz söýgüňi hem-de mähriňi bildirmek üçin öz aýalyňy öpmeli. Bu ýagdaýda-da agyzyň arassa bolmagy, zenanaňyz üçin ýakymly bolar.
Kuran okamakdan owwal miswak ulanmak.
Ali (r.a.) aýdypdyr: «Hakykatdanda, siziň agyzlaryňyz – Kurana ýollardyr. Şonuň üçin hem agyzlaryňyzy miswak bilen päkläň.» (ibn Majah).
Fikh boýunça ulamalar aýdypdyrlar, Kuran okamakdan owwal miswak ulanmaklyk mustahabdyr.
Ýene-de Ali (r.a.) aýdypdyr: «Biz miswak ulanmak boýunça görkezme alypdyk. Haçanda ynsan namaz okap başlanda (namaza duranda), bir perişde peýda bolýar, ol ynsanyň ýanynda durýar hem-de (namazda okalýan) Kurany üns bilen diňleýär. Kem-kemden perişde adamyň tas agzynyň ýanyna çenli gelýänçä golaýlaşýar. Adamyň namazda okaýan Kurany, perişdä ýetýär (ýagny içine girýär).» (As-sunnatul-Kubra).
Duşuşykdan ýa-da ýygnakdan öň miswak ulanmak
Ibn Tamami ibn Abbas öz kakasyndan şeýle rowaýaty habar berýär, Resulalla (s.a.w.) aýdypdyr «Haçanda meniň ýanyma geleniňde, seniň dişleriň reňki nähili? Miswak ulanmak gerek.»(Tabarani, Al-Mujamul-Kabir).
Juma günündäki miswagyň hukugy
Hezreti Ibn Sabeýek (r.a.) Resulalladan (s.a.w.) rowaýat edýär: «Eý musulmanlar! Allatagala bu güni (juma gününi) musulmanlar üçin baýram etdi, şonuň üçin gusul çykyň hem-de huşba (atyr) ulanyň. Şeýle-de özüňiz üçin miswak ulanmaklygy wajyp ediň.» (Muatta Imam Muhammed).
Abu Hureýra (r.a.) Resulallanyň aýdan sözlerini bize habar berýär: «Eger-de ynsan, juma güni gusul çykyp, miswak ulanyp, (bar bolsa) huşba çalynyp, özüniň iň gowy (sünnete laýyk) eşigini geýip, soňra hem metjide gitse. Metjide girende-de, beýleki musulmanlara närahatlyk döretmese, öňden gowy ýer tapjak bolup olary itekleşdirmese, gaýtam sypaýylyk bilen islendik boş ýeri eýelese. Soňra-de hutba aýdylanda ümsümligi bozmasa hem-de namazyny üns bilen okasa. Onda bu aýdylanlaryň hemmesi, öňki jumgadan şu jumga çenli eden günäleriniň Alla tarapyndan geçilmegine sebäp bolýar.» (Şerh Maniýýul Aser).
Syýahat edilende miswak
Aýşa (r.a.) enemizden habar berişine görä, Resulalla (s.a.w.) haçanda ýola-syýahata çykanda, öz ýanyna elmydama miswak we darak alar eken. (As-Siaýah).
Miswagy elmydama ýanyňda saklamak
Jabir ibn Abdullah (r.a.) habar berýär, Resulalla (s.a.w.) köplenç miswagyny gulagynyň arkasynda sakalar eken. (As-Sunnatul-Kubra).
Abu Hureýra-da aýdypdyr, Resulallanyň (s.a.w.) sahabalary ýöränlerinde hem miswagy gulaklarynyň arkasynda saklapdyrlar.
Abu Selma aýdypdyr, Zeidi (r.a.) miswagy gulagynyň arkasynda saklap metjitde oturanyny gördim. Hem-de Zeit namaza gitmäkä miswak ulanardy. (Ebu Daud).
Aýşa (r.a.) enemizden şeýle hadis bar: «Miswak ulanyp okalan namaz, ony ulanman okalan namazdan 70 ýesse gowydyr.» (As-Sunnatul-Kubra).
Ýene-de Aýşa (r.a.) enemiz Resulalladan (r.a.) habar berýär: «Miswak ulanyp okalan 2 rekat namaz, meniň üçin miswak ulanylman okalan 70 rekat namazdan has gymmatlydyr we söýgülidir.» (As-Sunnatul-Kubra).
Dili miswak bilen arassalamak mümkinçiligi
Hezreti Abu Burdäh öz kakasyndan eşidenini habar berýär: «Bir gün maslahat almak üçin Resulallanyň (s.a.w.) ýanyna geldik. Şonda men ony miswagyň kömegi bilen dilini arassalaýanyny gördüm.» (As-siaýah).
Başga bir rowaýatda şeýle habar berilýär: «Men Muhammet (s.a.w.) pygamberiň miswak ulanýan wagtynda onuň öýüne girdim. Ol miswagy dilinde saklap, «Äah» diýen ýaly ses çykarýardy». (As-siaýah).
Miswak – zynadan gorag
Faýzul-Kadirden rowaýat edilişine görä: «Eşikleriňizi päkläň, miswak ulanyň hem-de öz daşky görnüşiňize esewan ediň. Beni Israýlyň erkekleri şu zatlary amal etmedikleri üçin zenanalary olara biwepalyk etdiler.»
Ölüm pursatlaryndaky miswak
Käbir ulamalardan habar berilişine görä, miswagyň ýene-de bir bereketi, miswagy köp ulanan ynsana ölüm halatynda, Alla tarapyndan «Lä ilähe illä Llah» kelemesini aýtmak mümkinçiligi berilýär.
Şeýle hem Aýşa (r.a.) enemizden habar berilişine görä, Resulalla (s.a.w.) ölüm pursatynda-da miswak ulanypdyr.
Resuly (s.a.w.) ekremiň sahabalarynyň (r.a.) miswak barada aýdanlaryndan:
Hassan ibn Atiýäh (r.a.) aýdypdyr: «Miswak ulanmak – Imanyň ýary we wudu (täret) hem imanyň ýary». (Fazail-Miswak).
Ali (r.a.) aýdypdyr: «Miswak ulanmaklygy äsgermezçilik etmäň we ony hemişe ulanyň. Onda Allanyň razylygy bardyr. Namazyň sogaby artýar. Miswagyň hemişe ulanylmagy, maddy bolçulygy, baýlygy getirýär hem-de kynçylyklary daşlaşdyrýar. Miswak dişleri arassalaýar, etlerini berkitýär, agyzyň ysyny aýyrýar. Miswak kelle agyrylary ýeňilleşdirýär hem-de gakylyga garşy serişde bolup durýar. Miswak dişleri berkitýär, görüşi gowulandyrýar. Miswak aşgazan kesellerine şyfa bolýar hem-de beden saglygyny berkitýär. Miswagyň ulanylmagy dilewarlygy, akylyň we ýadyň mümkinçilikleriniň gowulanmagyna sebäp bolýar. Miswak kalblaryň päklenmegine, haýyrly amallaryň artmagyna ýardam berýär. Perişdeler miswagy ulanýan ynsandan razy bolýarlar, hem-de onuň ýüzünden çykýan nur üçin onuň elini gysýarlar. Ol namaza barýarka Perişdeler oňa ýoldaş bolýarlar. Arşy saklaýan perişdeler bolsa, ol metjitden çykanda Alladan oňa magfyriýet dileýärler. Hatda pygamberlerde (a.s.) oňa magfyriýet dileýärler (sebäbi ol olaryň sünnetine eýerýär).»
Miswak ulanmaklyk şeýtana ýakymsyzlyk getirýär hem-de ondan daşlaşdyrýar.
Miswak akylyň durlanmagyna, iýmit siňişiniň gowulanmagyna we nesiliň artmagyna ýardam edýär.
Miswak ulanmaklygyň netijesinde Allanyň izni bilen Syrat köprüsinden ýyldyrym çaltlygynda geçmeklige mümkinçilik bar.
Miswak garrylyga päsgelçilikdir (ýagny garrylykda gelýän kesellere).
Miswak ulanýana ölüm pursadynda Allah kelemäni ýatladar hem-de janyň bedenden çalt çykmaklygyna ýardam berer.
Miswak bogazy we dili arassalaýar.
Miswak ulanýana, Allanyň izni bilen, dünýewi işlerinde ýardam alar, ölenden soň gabyry giňeler hem-de ol adam gabyrdaky ýalňyzlygyň azabyndan halas ediler.
Miswak ulanýan yhlasly ynsana (uly günäleri etmeýän), Jennet bilen sylaglanar, jähennemiň gapysy bolsa onuň üçin ýapyk bolar. Perişdeler aýdar: «Bu adam – Pygamberleriň (a.s.) yzyna eýerijiler. Ol düneden päk görnüşde gaýtdy.»
Ölüm perişdeleri Öwlüýalaryň ýanyna gelişleri ýaly, miswak ulanan ynsanyň ýanynada gözel görnüşde gelerler. (As-Siaäh).
Abu Hureýra (r.a.) aýtdy: «Miswak dilewarlyk mümkinçilikleri gowulandyrýar.» (Fazail-Miswak).
Aýşa (r.a.) enemiz aýdypdyr: «Miswak ölümden başga ähli keselleriň dermanydyr.» (Fazail-Miswak).
http://www.mugallym.narod.ru/makalalar/miswak.html
Medisina