09:52 Mollamyrat işan Horezmi | |
MOLLAMYRAT IŞAN HOREZMI
Taryhy şahslar
■ Awtordan Türkmen milli taryhynyñ Mañgyşlak döwrüniñ käbir şahsyýetleri barada öñem ýazypdyk. Olardan Ärsarybaba, Hojanepes Söýün ogly, Bekdurdy işanyñ ogly Nurmuhammet işan, Mämmetsapa, Maşryk hajy barada "Gömlen akabalar, göçülen ýurtlar" atly kitabymda giñişleýin maglumat berlipdi. Emma Mollamyrat işan baradaky maglumatlaryñ, onuñ edebi mirasynyñ biziñ ýurdumyzyñ çäklerinden has uzaklarda-da bellidigine garamazdan, biz Mañgyşlak türkmenleriniñ bu şahsyýeti barada çykyş etmekden saklanypdyk. Çünki meniñ bu kişiniñ oturan ýerlerini, mazaryny tapmak we ol ýerlerde bolup görmek pikirim bardy. Soñky döwürlerde hususy ylmy ekspedisiýalaryny gurnamak bilen, men öz maksadyma ýetdim, indi ol barada maglumat bermek mümkin diýen netijä geldim. * * * Mañgyşlak geçmişde gazak-türkmen gatnaşygynyñ dürli etaplaryny başdan geçiren ýurt. Häzirem Gazagystanyñ şol künjegine baranyñda bu iki kowumdaş halkyñ mizemez, asyrlary arka atan dostlugynyñ dowam edýändigine göz ýetirýärsiñ. Temirbaba, Kendirlä, Gawunla, Gurruga barsañ-da, Bekdurdy işanda, Goçgaratada zyýarat-da bolsañ-da ýerli gazaklaryñ orta asyrlardan galan türkmen gonamçylyklaryna howandarlyk edişleri, olaryñ türkmen halkynyñ wekillerine sarpa goýuşlary Mañgyşlagyñ ili bilen tanyş bolan meni geñ galdyrmasa-da, milletara dostluk-doganlygyñ köküniñ çuñdugyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Ýogsam maña iki ýüz ýyl mundan öñräk dünýäden öten Mollamyradyñ mazaryny tapmak añsat bolmazdy. Men Özen şäherinde 85 ýaşly Baýpak atly ýaşuly bilen söhbetdeş bolanymda, ol özüniñ Mollamyrat işanyñ guburyby bilýändigini aýtdy. Emma özüniñ saglygy zerarly, Mollamyrat işanyñ hatyrasyna hyzmat edip bilmeýändigine näler gynanýardy. Ýöne ol ötünç sorap, şol şäherde Kamal Aýbergenow diýen adamy tapmagy tabşyrdy. Kamal aga-da ýedi onlugy arka atan adam eken. Ol menin haýyşyma allaniçigsi bolup, Mollamyrat işanyñ kowumdaşlarynyñ gelenine örän begendi. Kamal aga bilen çaýbaşy gürrüñimiz gyzyşyp gitdi. Ol goja arasynda hamsygýardam. Beýle ýagdaýyñ başga-da sebäpleri ýok däldi. Kamal Boran ogly kiçi ýüz gazaklarynyñ tirebaşysy Adaýyñ agtygy, takmynan, mundan bäş ýüz ýyl öñ dünýäden öten kosaýdan gaýdýan uruga degişlidi. Kosaýdan soñkular özlerini türkmenleriñ ýegeni hasap edýärler. Ol hakykat. Kosaýyñ pajygaly ýagdaýda bir wagtda aýaly we alty ogly aradan çykyp, ol ýeke galypdyr. Bu waka Mañgyşlakda bolup geçipdir. Kosaý şol wagt aradan çykan, özüniñ dosty, türkmenleriñ hoja tiresinden bolan Seýitgulynyñ dul galan aýaly Ogulmeñlä öýlenipdir. Ogulmeñliden Baýbol, Tneý, Aýtaý, Begeý, Bäli, Söýündik diýen ogullary bolupdyr. Indi şol Ogulmeñliniñ çagalaryndan ýaýran adaý gazaklary türkmenlere ýegen bolmagynda galýarlar. Kamal aga bolsa Ogulmeñli bilen Kosaýyñ Söýündik atly oglundan onunjy arkada durýar. Söýündikden soñ Dosmambet, Kurmankul, Bögüli, Karamende, Şektibaý, Altynaly diýen arkalar geçip, Altynalynyñ Kümüsbek atly oglyndan Aýbergen, ondan Boran bolýar. Onuñ hem ogly Kamal agadyr. Kamal agadan dört arka ýokarda duran Altynaly Özeniñ Bossan we Ärbossan diýen belentlikleriniñ arasynda ýerleşen Aladepedäki gonamçylygyñ gonambaşysy hasap edilýär. Altynaly bolsa Mollamyrat işan bilen bir döwürde ýaşap, onuñ bilen ýakyndan gatnaşyk saklap, ony özüniñ piri hasap edipdir. Adaýlaryñ arasynda saklanyp galan rowaýatlara görä, Mollamyrat işan häsiýetlilikde Altynala gudrat görkezipdir, hemiş kyn pursatlarda ýetişipdir, hatda ölüm howpundan hem halas edipdir. Altynalynyñ adyndan aýdylýan gürrüñleriñ birinde şeýle diýilýär: "Altynaly iki düýesini ýitirip, Özeniñ demirgazygyndaky daglykdan çykyp, gündogardaky düzlük bilen barýarka, Mollamyrat işanyñ: "Altynaly, düýäñ yzyñda galdy" diýen sesini eşidipdir. Gönüläp yzyna gaýdyp, düýelerini dag eteginden tapypdyr". Adaý gazaklarynyñ arasynda Mollamyrat işanyñ gudraty barada başga-da ençeme rowaýarlar saklanyp galypdyr. Altynaly Mollamyrat işanyñ hormatyna özüniñ bäş oglunyñ iñ ulusyna Türkmenbaý, soñky ogullaryna bolsa türkmençeleşdirip Taganýaz, Begnyýaz diýen atlary dakypdyr. Elbetde, türkmen-gazak gatnaşygynda şunuñ ýaly yz galdyran şahsyýetler barada ýürekden syzdyrylyp edilen gürrüñler Kamal gojany hamsykdyrýardy. Kamal aga uly ruhubelentlik bilen bizi Mollamyrat işanyñ ýoluna alyp çykdy. Men ýeñil awtomaşyny Kamal aganyñ görkezmesine görä orta tizlikde gara ýol bilen Özenden günbatara - Aktau tarap alyp barýardym. Bu uly ýoluñ ön dördünji kilometrine baranymyzda ýolbelet goja maşyny togtatdyrdy. Ýoluñ demirgazygynda uzakdan görünýän uly belentligiñ depesinde salgym atýan gonamçylygyñ Mollamyrat işan öwlüýäsidigini aýdyp aýat okady. Biz uly ýoly dowam etdirdik. Men diýseñ tolgunýardym. Mundan 170 ýyl çemeleri wagt ozal dünýäden öten işanyñ guburyna ilkinji gezek barýardymm ol gubura XX asyryñ başlarynda Mañgyşlakdan il göçüleli bäri kowumdaşlary barmandyrlar. Mollamyrat işanyñ guburyny gören we bilýän adamlar soñky 80-90 ýylyñ dowamynda dün ýäden ötüp gidipdirler. Men bolsam indi ony täzeden tapmalydym. Ol belent şahsyýetiñ guburyny tapmak, adyny dikeltmek örän tolgundyryjy we diýseñ jogapkärli işdi. Gara ýoluñ 24-nji kilometrinden demirgazyga tarap çarkandakly ýola düşüp gitdik. Ýol ýeñil maşyn üçin däldi. Men şol beýik şahsyýete sygynýardym, eger gudraty bar bolsa, onuñ meni türkmen topragyndan uzaklykdaky çöl içinde ýaýow goýmajagyna bil baglaýardym. Ine, biz asyryñ dowamynda yzarlanylyp ýörlen guburyñ başynda. Kamal aga öñe saýlanyp duran, daşyna giñden daş aýlanan, umumy meýdany iki adam boýy çeninde bolup, başujunda tug ornaşdyrylan mazaryñ Mollamyrat işanyñkydygyny aýtdy. Mazar öz keşbi, ýerleşiş tertibi, daşlarynyñ gadymylygy bilen orta asyrlardan habar berýärdi. Emma mazaryñ hiç ýerinde ýazgy-da, tagma-da ýokdy. Oña islendik adamyñ mazary diýip boljakdy. Ýöne gonamçylygyñ kyblasynda şol mazaryñ başgalardan öñe saýlantgyly bolmagy, başujynda tug ýerleşdirilmegi we daş aýmançanyñ giñden tutulmagy onuñ gonambaşydygyna şübhe döretmeýärdi. Galyberse-de, şol gonamçylykda onuñ daşyndakydan gadyny daş ýokdy. Ýöne oña Mollamyrat işanyñky diýmäge mende heniz doly esas ýokdy. Gonambaşynyñ demirgazyk gapdalynda, ondan bir metr ýaly aşagrakda ýene bir mazar saýlanyp ýatyrdy. Ol görnüşi boýunça adatydy, emma gonambaşa has golaý ýeke-täk mazardy. Ol meni ýene bir çaklamanyñ üstünden alyp bardy. Türkmenistan YA-nyñ Golýazmalar institutynyñ 2025 nomerli dokumentinde, 60-njy ýyllarda aradan çykan, krasnowodskili Aşyr Seýit oglunyñ maglumatynda onuñ atasy Ödemädiñ (Ödejik mollanyñ) Mollamyrat işanyñ ýanynda ýerlenendigi barada aýdylýardy. Şondan ugur alyp, mende ikinji mazar Ödemädiñki bolmaly diýen pikir döredi. Bu bolsa biziñ başujunda oturan mazarymyz baradaky şübhäni aradan aýyrmaga ýardam etdi. Biz öwrülip ýene-de Özen şäherine geldik. Mollamyrat işanyñky hasap edilýän guburyñ hatsyz, tagmasyz bolmagy meni iñkise goýýardy. Men şu mesele boýunça ýene-de Baýpak gojanyñ ýanyna bardym. Ondan özüne mälim bolan deliller barada gürrüñ bermegini haýyş etdim. Baýpak aga öz kakasy bilen alty ýaşyndan başlap, şol gubura gözegçilik edendigini, garry atasynyñ bolsa çüýräp giden tugy çalşyrandygyny we häzirki tugy mundan 80-90 ýyl öñ özüniñ garry atasynyñ goýandygyny gürrüñ berdi. Gubura Mollamyrat işanyñky, öwlüýä bolsa, "Mollamyrat işan öwlüýäsi" diýmegiñ şol döwürlerde ýaşan adaý gazaklarynyñ arasynda nesilden nesle geçip gelýändigine goja güwä geçdi. Dogrudan-da, ol gonamçylykda şu wagtam adam jaýlanylýar, olar oña "Mollamyrat işan öwlüýäsi" diýýärler. Şeýlelikde, gazak garyndaşlaryñ uly ýardam etmegi bilen Mañgyşlagyñ ýene bir beýik şahsyýetiniñ mazaryny tapdyk. Mollamyrat işan diñe bir gudratly bolan şahsyýet däl. Ol öz edebi döredijiligi bilen hem yz galdyran adam. Onuñ döredijiligi dünýä belli edebiýatçy alymlaryñ gyzyklanmagy, galyberse-de, 1990-njy ýylda Türkmenistan YA-nyñ Golýazmalar institutynyñ uly ylmy işgäri M.Araznepesowyñ "Mollamyrat Horezmi we onuñ edebi mirasy" diýen temada ýörite dissertasiýa goramagy bilen meşhurlyk gazandy. Türkmen tire-taýpalarynyñ orta asyrlar zamanynda ençeme sebäplere görä göçüp-gonmalary dyngysyz we çylşyrymly ýagdaýa eýe bolupdyr. Meşhur alym H.G.Görogly 50-nji ýyllaryñ ahyrlarynda halk arasynda Mollamyradyñ ady bilen belli bolan goşgular bilen tanşyp, ol şahsyýeti öz watanyndan uzakda bir ýerde ýekeligiñ dagyny çeken adam diýip çaklapdyr. Dogrudan-da, Mollamyrat igdirleriñ akbilek urugundan bolup, Horezmiñ Şirşa obasynda dünýä inipdir. Ol özüniñ "Dilewar we Gülesrar" dessanynda: "Aslym Horezmli, ýerim Şirşaly" diýen setiri getirýär. Şonuñ üçin-de, alym M.Araznepesow ony Mollamyrat Horezmi diýip atlandyrýar. Ylmy çeşmelerde bar bolan maglumatlara görä, Mollamyrat işan XVIII asyryñ 80-nji ýyllarynda doglup, XIX asyryñ birinji ýarymynyñ ahyrlarynda aradan çykan bolmaly. Mollamyrat işan öz bize bolan goşgularynda Bekdurdy işan barada söz açmaýan hem bolsa, şonuñ ýaly güýçli piriñ döwründe ýaşap, ony bilmezligi mümkin däl. Çünki Magtymguly Bekdurdy işan barada: Sözle, Magtymguly, aklyñ ýetinçä, Kyýamatyñ gazan bikär ýatynça, Tamugda sen tä güzerden ötünçä, Pirimiz Bekdurdy işan degilmi?! - - diýip ýazýar. Bekdurdy işan biziñ çaklamamyz boýunça, 1737-1807-nji ýyllar arasynda ýaşapdyr. Ol çowdur wekilidir. Horezmde-de, Mañgyşlakda-da çowdurlaryñ we igdirleriñ ykbaly bir meñzeş bolup, olar Esenili birleşmesine giripdirler. Olar esasan, bir wagtda göçüp-gonup ýaşapdyrlar. XIX asyryñ 10-njy ýyllarynda çowdurlar we igdirler Eltuzer hanyñ zulmuna çydaman, Horezmden Mañgyşlaga köpçülikleýin göçüpdirler. Çowdurlar deñiz kenarynda - Gyzylgumda, igdirler bolsa Özen, Gawunly, Kendirli töwereklerinde ýerleşipdirler. Mollamyrat işanyñ-da şol wakalar bilen baglanyşykly Horezmden gaýdan bolmagy ähtimal. Onuñ 1814-1815-nji ýyllaryñ soñunda göçen bolmagy mümkin. Ol "Dilewar we Gülesrar" dessanyny Horezmde ýazyp gutarypdyr. Onda: Pygamberden soñra niçe zamany, Ötüp erdi, tesnip eýledim any, Bu kitapnyñ senesiniñ beýany, Hezaru du sed-u si hasap eýledim. - diýip ýazýar. Şol esasda-da alym M.Araznepesow awtor dessanyny 1814-1815-nji ýyllarda tamamlapdyr diýen netijä gelýär. Görşümiz ýaly, H.G.Görogly mamla: Mollamyrat işan hem han zulumy zerarly watanyny terk edip, Mañgyşlaga öz tiredeşleri bilen göçmäge mejbur bolupdyr. M.Araznepesowyñ dissertasion işi Mollamurt işan barada bahasyna ýetip bolmajak maglumatlary berýär. Akademik A.N.Samoýlowiç asyryn başynda halk arasynda ýörgünli goşgulary toplap, şol wagtda-da Mollamyradyñ adyjy türkmen klassyk edebiýatynyñ görnükli wekilleriniñ arasynda getiripdir. Onuñ sanawynda Magtymguly bilen bilelikde ýigrimi dokuz şahyr bolup, Magrupy, Kemine, Talyby, Zelili, Mollanepes, Mätäji, Misgingylyç ýaly wekilleriñ arasynda Mollamyrat şahyryñ-da ady tutulýar. Şeýlelikde, A.N.Samoýlowiç ylmy jemgyýetçiligi Mollamyradyñ döredijiligi bilen ilkinji tanyşdyran adam bolsa, H.G.Görogly ol işi 50-60-njy ýyllarda dowam etdiren alymdyr. 90-njy ýyllarda bolsa M.Araznepesow Mollamyrat Horezmi barada doly esasly ylmy netije çykaran alym boldy. Mollamyradyñ eserleri türkmen alymlarynyñ ençemesiniñ teswirlemelerinde ýatlanýar. Onuñ goşgulary örän köp ýerlere ýaýrapdyr. Magtymgulynyñ meşhur Britan muzeýinde saklanýan diwanynda-da Mollamyrat işanyñ alty sany goşgusy bar. Onuñ goşgularynyñ we dessanlarynyñ esasy bölegi Türkmenistan YA-nyñ Golýazmalar institutynda, Azady adyndaky Türkmen döwlet kitaphanasynyñ, Russiýanyñ Gündogary öwreniş institutynyñ Peterburg bölüminiñ, Peterburgyñ M.Ý.Saltykow-Şedrin adyndaky jemagat kitaphanasynyñ, Gruziýa YA-nyñ K.S.Kekelizde adyndaky Golýazmalar institutynyñ golýazmalar fondunda saklanýar. Mollamyrat işanyñ goşgulary diñe bir Mañgyşlak türkmenleriniñ arasynda däl, eýsem, Gyzylarbatda, Gökdepede, Bäherdende, Daşhowuzda ilat arasynda ýaşamagyny dowam etdirýär. Indi biziñ ylmy jemgyýetçiligimize Mollamyrat işanyñ otuzdan gowrak goşgulary, "Zöhre-Tahyr", "Dilewar we Gülesrar" dessanlary belli hem-de ol golýazmalar toplanyldy. Elbetde, bu makalada biz Mollamyrat işanyñ edebi mirasyny derñemegi ýa-da doly häsiýetlendirmegi maksat edinmedik. Emma, şeýle-de bolsa, şahyryñ goşgularynyñ çeperçilik taýdan kämildigini we durmuşyñ örän köp tarapyna bagyşlananlygyny nygtap bileris. Onuñ goşgulary awtoryñ öz döwrüniñ diñe bir sowatly däl, eýsem, çuññur dünýägaraýyşly, ylma-bilime hormat goýýan adam bolandygyna şaýatlyk edýär. Mollamyradyñ "Bolmasa" diýen goşgusynda şeýle setirler bar: Bir "bi" bilen bissimilla diýilmez, Ýeke "şinden" keleme-şahadat bitilmez, Bir "jim" bilen janyñ ady tutulmaz, Ýanynda "elibi", "nuny" bolmasa. Munda ol arap elipbiýiniñ aýratynlyklarynyñ üsti bilen öz ideýasyny aýdyñlaşdyrýar. Şunuñ ýaly taryhy şahsyýetleriñ il bähbitli eserleri indi diñ bir Golýazmalar fonduny bezemän ýa-da ylmy derñewler üçin ulanylman, il-halkymyza ýetirilmegi aktual mesele bolmagynda galýar. Amantagan BEGJANOW, taryh ylymlarynyñ doktory. "BALKAN" gazeti, 1996 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |