MUHAMMET ATAŞOW
Halkymyzyň taryhyny, durmuşyny, meşgullanan kesp-kärlerini, däp-dessurlaryny, psihologiýasyny, isleg-arzuwlaryny, geljege bolan ynançlaryny, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, gahrymançylygyny öz içine alýan edebi baýlyklarymyzy toplaýjylaryň biri-de, şu wagta çenli ady halkyň arasynda az mälim bolan Muhammet Ataşowdyr. Muhammet Ataşowyň näme kär bilen meşgullanandygy, nirede, nähili ýaşandygy, umuman, terjimehalyna degişli maglumatlar entek biziň elimizde ýok. Diňe golýazmalar hazynamyzyň 383f-nji bukjasynda „Garlawaç dostlugy” hakyndaky hekaýatyny nireden alandygy barada M.Ataşow şeýle ýazypdyr „Meniň bir garryja enem bardy şonuň aýdan-görenlerinden ýazylan”. Ýazgy 1936-njy ýylyň 2-nji dekabryna degişli. Hekaýat Şorgala obasynda ýazylan. Şondan çen tutsaň, M.Ataşowyň ýerligi Gökdepe etrabynyň Şorgala obasyndan bolup çykýar. Ol Hurmant Gökje obasyna-da göçüp, şol ýerde-de ýaşapdyr. Asly tekelerden. „Hatyra” kitabynyň 4-nji jildinde Ataşow Muhammediň 1900-nji (1907) ýylda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda doglandygy, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, 1943-nji ýylyň sentýabr aýynyň 26-synda aradan çykanlygy, Russiýanyň Orýol welaýatynyň Gordeýewka etrabynyň Jownýa obasynda jaýlanandygy (seret: „Hatyra”, 4 jilt, A., 1995, 777 sah.) barada maglumat bar. Onuň Tejen etrabyndan edebi mirasymyza degişli käbir eserleri toplandygyny göz öňünde tutsak, M.Ataşow şol ýerden harby gulluga gidendir, soň hem urşa gatnaşandyr diýen çaklama döreýär. Sebäbi hazynamyzda 1937-nji ýyldan soň, ne Gökdepäniň, ne-de Tejen etrabynyň obalaryndan toplanan ýazgylaryna gabat gelinýär. Ýöne onuň toplan edebi gymmatlyklarynyň esasy bölegi Gökdepe etrabyndan. Muňa garamazdan, Ahal welaýatynyň Gökdepe we beýleki etraplaryndan urşa gidip wepat bolan hem gaýdyp gelen Watan gahrymanlarynyň arasynda Muhammet Ataşowyň ady „Hatyra”, „Şöhrat”kitaplarynda gabat gelenok.
Nurmyrat Saryhanowyň „Kitap” nowellasynyň gahrymany ýaly, M.Ataşow obama-oba aýlanyp, halkyň dilinden edebi gymmatlyklarymyzy irmän-arman ýygnapdyr. Hatda ol gürrüňçil oba adamlarynyň üýşen ýerlerinde bolup, gojalaryň, obadaşlarynyň durmuşyndaky geň-enaýy wakalary hem olaryň gylyk-häsiýetleriniň dürli taraplaryny açýan söhbetlerini diňläp, olary ýazyp alypdyr. Olar özbaşyna bir toplum: „Ataguly pälwan”, „Geldi öýçi we Agamyrat”, „Ataguly kesik” we şuňa meňzeşler.
Onuň toplan maglumatlaryTYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynyň elliden gowrak özbaşdak bukjalarynda saklanylýar. Olar Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Şorgala, Hurmantgökje, Kelejar, Germap we Tejen etrabynyň käbir obalaryndan 1935-1937-nji ýyllarda ýygnalypdyr. Olaryň köpüsi ertekiler. Galyberse-de, ol il-ýurt atlary bilen bagly rowaýatlaryň ençemesini ýygnapdyr. Meselem, 412-nji bukjada „Şordepe”, 361-nji bukjada „Gypjagyň çaýy”, „Hurmandyň taryhy”, „Seýitjemaletdin”, 329-njy çeşmede „Kümmethowuz”, 292-njy bukjada „Hurmant gala” ýaly rowaýatlar.
Hazynamyzyň folklora degişli 348-nji çeşmesinde 922 sany atalar sözüdir nakyllar bar. Onda ertekilerdir läleleriň, hüwdüleriň-de ençemesi ýerleşdirilipdir. 292-nji çeşmede „Asly-Kerem” dessanyndan ýetmişe golaý goşgy bar. Dessanyň daşbasma nusgasynda we neşirlerinde gabat gelmeýän bu goşgular we şygyr bentleri many hem çeperçilik taýdan dokuzy düzüw eserler. Olaryň dessanyň asyl nusgasyny dolulygyna neşire taýýarlamakda uly gymmatynyň boljakdygy şübhesizdir.
M.Ataşowyň toplan baýlyklarynyň arasynda meşhur „Şirin-Perhat” we „Leýli-Mejnun” dessanlarynyň erteki nusgalary-da bar. Olar Germaply Magtymguly aganyň dilinden ýazylyp alnypdyr. Aslynda hazynamyzda dessanlaryň erteki nusgasy, hazyna toplaýjy Çary Garabekowyň halkyň arasyndan ýygnan maglumatlarynyň arasynda-da bardy. Şol nusgada dessanda gabat gelýän goşgular hem bar. M.Ataşowyň „Leýli-Mejnun”, „Şirin-Perhat” ertekilerinde gahrymanlarynyň duýgularyny açýan şygyrlar ýok. Bu, ol ertekileriň esasy alamaty däldir. Ol beýan ediliş, mazmunlary taýyndan dessanlardan esli derejede özboluşly.
Ataşowyň ýazyp alan “Şirin-Perhat” ertekisi bolsa mazmunynyň çuňlugy, milliligi wakalarynyň beýan edilşiniň dartgynlylygy, janlylygy, çeperligi, Perhadyň keşbiniň çekilşindäki, ýagny onuň häsiýetinde jemlenen ynsanperwerlik, adamkärçilik, gaýduwsyzlyk, edermenlik, kämil şahsyýetlere maksus bolan sadalyk, akyllylyk akylyňy haýran edýär. Perhadyň şol häsiýetleri ýüzlerçe nesilleri terbiýeläp biljek. Erteki ençeme kämil eserlere-de “gaýra dur” diýip biljek.
M.Ataşowyň ýygnan söz hazynasynda „Aşyk şa” hem „Päliýaman aýal we adalatly wezirler” atly ertekisi bar. Žanry boýunça bu eserler „Totynyň hekaýalaryna” meňzeýär.
Bu ertekilerde şanyň wezirleriniň hakykata göz ýetirip, oýlanyp, ölçerip-döküp aýdýan çuň mazmunly erteki sýužetleriniň süňňüni boýdan-başa ynsanperwerlik, halallyk, dogruçyllyk, sabyrlylyk ýaly ideýalar düzýär. Olaryň hersi bir taglyma gulluk edip, hersinde özboluşly bir mazmun bar. Olarda il-ýurt bähbitli meseleler-de, maşgala meselesi-de orta atylyp, olar gyzykly wakalaryň akymynda dürli-dürli häsiýetli gahrymanlaryň gatnaşmagynda, hereket etmeginde çözülýär.
Erteki-de soňunda päliýaman öz pälinden tapyp, ýagşylyk, adamkärçilik, halallyk dabaralanýar.
M. Ataşowyň ýazyp alan ähli eserleriniň ýazylyp alnan senesi, ýazyp alan aýdyjynyň ady görkezilipdir. Bu aýdyjylar üçin uly hormatdyr. Meselem, Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda saklanýan 318f belgili bukjadaky ertekiler Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Germap obasyndan 50 ýaşly Mürze Aga Hüseýin oglunyň dilinden 1935-nji ýylyň noýabr aýynyň 9-nda, 916f-njy bukjadaky ertekiler şol etrabyň Şorgala obasyndan Annanazar Hallydan, „Iki patyşa” ertekisi germaply Magtymguly agadan 1935-nji ýylyň noýabr aýynyň 2-nde, 348f-nji bukjada saklanýan „Patyşanyň iki ogly” ertekisi Şorgalaly Ata Muhammetgulydan 1936-njy ýylyň iýun aýynyň 15-inde ýazylyp alnypdyr. Beýleki çeşmeleriň hem ýagdaýy şunuň ýalydyr.
M.Ataşowyň toplan edebi mirasynyň agramly bölegi entek halka näbelli. Ýöne, XX asyryň otuzynjy ýyllarynda onuň çap edilen golýazmalarynyň bolmagy mümkin. Çünki neşir edilen kitaplarda aýdyjynyň, göçürijiniň ady görkezilmändir. Onuň toplan ertekileriniň agramly bölegi beýleki köp ertekilerden tapawutlylykda, aşakdaky söz oýnatmalar bilen başlanýar. „Badyreň, badyreň gülaby şeň-şeň, ala garga erewil, türki tümen terewil. Bir atym bar mandahar, sürüp bardym Gandahar, Gandahar uly şäher, onda çymçyk çagalar, söw-söw eder paralar, şüdügär ýerni malalar, ajyga ajyk, süýjüge süýjük, zagara künjük.
Sadyraň-sadyraň ýerlerde tazy bilen tilki oýnar, ilki agşamyň çagynda ýigit bilen gyz oýnar, säher wagty gurbakga deý böküşip, pyşdyl deýin çekişip, garry bilen çal oýnar.
Ertekim erte geler, gulagy perde bolar. Gaz garawyl, durna ýasawyl, hekge budumag, çymçyk şugulçy, gurbakga ýüpekçi, ýüpek tartar gulaç-gulaç.
Emma rawyýan, asary nakylan ahbary harman, suhany hoşasynan, destan we bostan.”
„Ertekilere mahsus „Bir bar eken, bir ýok eken” jümleler bulardan soň gelýär. Galyberse-de, kyssawy eserleriň köpüsinde erteki gahrymany ýola düşende aşakdaky jümleler gaýtalanýar. Bu M.Ataşowyň ertekilerine-de mahsus. „Garyp ýola düşüp, ýeriň pesdi bilen, Janbike janyň garaja çatmasynyň üsti bilen, ýörhä ýör, sürhä sür, barha-bar bolup, ýol kesip, ýolda goýup, çöl kesip çölde goýup, birnäçe wagtdan soňra şol barjak şäherine golaýlaşýar” („Döwden sylag alan garyp” ertekisinden).
Öňem nygtaýşymyz ýaly, M.Ataşowyň edebi mirasy onuň halkyň hazynasyna juda aýawly, jogapkärli garan, sowatly adam bolandygyny tassyklaýar. Ol ýygnan ertekileridir hekaýatlaryny sünnäläptäzeden işläpdir.
Her bir ýazyjynyň döreden eseriniň onuň zehinine, ukybyna, talantyna görä, mazmun kämilligi, kemleriň çekilşiniň çeperçilik taýdan dürlüçe bolşy ýaly, halk hazynasyny toplaýjylaryň toplan edebi gymmatlyklary hem şol bir halka degişlidigini, şol sanda olaryň ençemesiniň şol bir etrapdan, ýa obadan ýygnanandygyna, hatda ondanam daş gitse, şol bir ertekilerdigine garamazdan, olaryň arasynda esli tapawut bar. Gepiň gysgasy, ol baýlyklary hazyna toplaýjylar hersi öz ülňüsine salypdyr. Ýöne, bu täzeden ýazypdyr diýdigi däldir.
Şeýlelikde, döredilen eserleriň ýazyjynyň öz ussatlygyna bagly bolşy ýaly, toplanan edebi gymmatlyklaryň kämilligem ony toplaýjylaryň ussatlygyna bagly. Meselem „Kerwenbaşy”, („Düýş”) ertekilerini M.Ataşow hem Ç.Garabekow hem halkyň dilinden ýazyp alypdyrlar. Emma „Kerwenbaşyda-da”, „Düýşde-de” wakalaryň beýan edilişinde ep-esli tapawut bar. Şeýlelikde, hazyna toplaýjynyň (M.Ataşowyň) erteki gahrymanlarynyň keşpleriniň çekilşinde, dil meselesinde-de tapawut bar. Sebäbi olar söz baýlygy, diliniň şireliligi, milliligi, çuň manylylygy bilen has ünsi çekýär. Olarda özboluşlylyk, tebigylyk, millilik şeýlebir güýçli, haýsydyr bir ertekidäki ýa hekaýatdaky sözlemi täzeden timarlamak maksady bilen sähelçe üýtgetdigiň, ondaky millilik, özboluşlylyk şolbada agsaýar. Olara iňňän seresaply çemeleşmeli bolýar. Ussadyň elinden çykan ýaly, şeýle manyly hem çeper ýazylan „Goýun we möjek” eserinden alnan aşakdaky mysalda sözlemleriň gurluşyna, aýdylyşyna, diliniň şireli hem milliligine üns berip görüň:
– Bir goýun otluk derede otlap ýörkä, bir möjek gelip:
– Ýeri, goýun, näme kişiniň ýerinde otlap ýörsüň – diýýär.
Goýun:
– Aý, men-ä şu derede özümden başga jandar göremok. Nireden bu seniňki bolýarmyş? Onsoňam, men-ä, heniz deräni paýlaşýana gabat gelemok. Kim otlasa, otlabermeli bolar-da – diýýär.
Möjek:
– Beýle däl, şu deräniň ata-baba meniňkidigine şaýat taparyn. Sen nädersiň goýun dost, seniň hem şaýadyň barmy? – diýeninde, goýun:
– Aý, zerur bolsa menem taparyn. Şu derede otlaýanymy bilýän gaty kändir – diýip aýdan. Möjek:
– Onda ertir irden, senem şaýadyňy alyp gel, menem şaýadymy alyp geleýin diýen. Bularyň ikisem gaýdanlar.”
Hormatly Prezidentimiziň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen bolýan duşuşyklarynda milli dilimizi baýlaşdyrmaklyga aýratyn üns berildi. Bu meselede türkmen dilimiziň gadymy nusgalarynyň, dil baýlygyny özünde jemleýän edebi gymmatlyklaryň hyzmaty hele-müçük däldir. Diýmek, milli dilimizi baýlaşdyrmakda M.Ataşowyň toplan hazynasynyň gymmaty hem uludyr.
M. Ataşowyň toplan il hazynasyndaky parasatly, giň göwrümli, sabyr-kanagatly, sahawatly, ynsanperwer gojalaryň gep urşundaky, oturyp-turşundaky hakyky millilik hem özboluşlylykdan nyşandyr. Her bir eseriň özboluşlylygyna, tebigatyna kepil geçýän, çeperçilik gymmatyny kesgitleýän esasy alamatlar şol eseriň gahrymanlarynyň häsiýetlerinde jemlenýär. Hazyna toplaýjynyň ýygnan edebi mirasynyň aýratyn gymmaty, özüne çekijiligi, tälim berijilik güýji, esasy aýratynlygy adamkärçilik, halallyk, ruhubelentlik, ynsanperwerlik ruhuna ýugrulan, sahy, jomart, halal gahrymanlara-da juda baýlygyndadyr. Ajaýyp häsiýetleri bilen maksadyna ýetip, il-ýurduna hemaýat edip, alkyş alyp ýören özboluşly gahrymanlar her bir eserde göze kaklyşyp duranok. „Geň söwda” („Gymmat alyp, arzan satan”) ertekisinden bir mysal. Bu ertekide halk pähimi sahylykdan, halallykdan gudrat döredýär.
Erteki wakalarynyň beýan edilişiniň, ondaky gahrymanlaryň häsiýetleriniň açylyşynyň özboluşlylygy, milliligi hem şireli dili bilen adygan uly, kämil ussat tarapyndan döredilen nusgawy esere meňzeýär.
Ertekide öz ýurdunda halys gününi dolap, maşgalasyny ekläp bilmän başga bir ýurda ýol söküp, il söküp düşen garyp, bir söwdagär baýyň myhmanhanasynda düşleýär. Bu mysapyr adama söwdagäriň pisindi oturýar we ondan öz ýurtlaryna düşmeginiň sebäbini soraýar. Garyp ony bolşy-bolşy ýaly gürrüň berýär. Baýyň oňa nebsi agyryp:
– Onda bolsa men saňa söwda puly bereýin. Sen ony mazalyja halallyk bilen hyýanatsyzja ýöredip söwda edip bilermiň? – diýip soraýar.
Garyp:
– Şol hyýanatsyzlyk, halallyk diýeniň-ä, men oňararyn – diýýär.
Baý:
– Onda bolsa bolýar – diýip, garybyň eline birbaş alty müň tümen pul berýär-de:
– Eý, pylan bazarda bir dükan aç, özi-de matanyň bir arşynyny bir gyrana alsaň, arşyn ýarymyny bir gyrana sat, gawunyň ikisini bir gyrana alsaň, üçüsini bir gyrana ber. Şeýlelikde, tä eliňdäki deregiň gutarýança söwda edersiň. Ahyrda görýäs-dä – diýýär.
Garyp:
– A-how, baý aga, bu neneňsi söwda bolýar? Eger-de beýle söwda etsek, adamlar derrew gelip, biziň ähli zadymyzy sanly günde alyp gutararlar – diýip aýtdy. Onsoň deregini gutaryp, men seniň öňüňde näme jogap bereýin? – diýýär.
Baý:
– A-how, pylany, men saňa aýdýan, seniň bir halallygyň maňa bolýar. Başgasy, zyýan, peýda, onuň gürrüňini etme. Tä, deregiň tükenýänçä gidiber. Ahyrda deregiň baýar welin, ýene maňa gel – diýýär.
Garyp:
– Halallyk diýmegiň-ä men başararyn welin, bolýar-da, garaz, seniň diýeniňi edeli – diýýär.
Är ömründe beýle zady görmänden soň garyp, baýyň söwda etdirişine, onuň bolşuna, maksadyna düşünip bilmän, akly haýran bolup, bir tarapdan gam-gussa batyp, ejir hem çekýär. Sebäbi yzynda onuň gazanjyna mätäç bolup oturan çagajyklary bar. Baýyň söwdasyndan bolsa ne baýyň özüne, ne-de onuň jübüsine zat düşjek. Hawa-da, halk-da büý. Öz paýhasyna daýanyp, döreden gahrymanlaryna mätäje nähili ýagşylyk, hemaýat etdiresi gelse etdirip ýör. Käbir sahy barlylaram baýlygyny derkara dürlüçe paýlaýar. Baý, bu garybyň halallygyny synamak, barlamak üçin harydy gymmat alyp, arzan satdyrýar. Şu ýol bilen begenişip harytlaryny towsa göterýän alyjylara hemaýat edýär. Baý olaryň begenjinden hem garyby ýalkap, lezzet, kuwwat alýar. Kellä geljek zatmy? Halallyk bilen sahylyk birleşip, iki tapgyr söwdadan galan iki sany gawun bilen iki sany nardan altyn önýär. Garyp bütin ömrüne ýetjek baýlygyň eýesi bolýar. Tüýs erteki-dä.
„Çopan bilen kyýamatlyk dogan okaşan patyşa” ertekisinde ýurduň şasyny süýt bilen naharlajak bolup, uly sürüniň içinden sagmak üçin, çopanyň öz goýnuny agtaryp ýörşi, içi eljuk diýýän şany howlukdyrýar. Ýekeje mysal. Salamlaşykdan soň, çopan bilen myhmanyň arasynda şeýle gürrüň bolýar:
Myhman:
– Aý, biz-ä geçip kän oturmakçy däl. Awa çykypdyk-da ýanymyza zat götermändiris, gaty ajygaýdyk. Eger-de, sende bir az-kem garbanar ýaly zat bolsa... – diýýär.
Çopan:
– Aý, myhman, örän gowy edipsiň, ynha, iki sany goýun bardyr, şony bir sagaýyn-da, saňa süýt bişirip bereýin – diýip aýdýar.
Patyşa ylalaşyp, düşege geçip oturýar. Çopan onuň öňünde bir çäýnek çaý goýýar-da, özi goýunlaryň arasynda gezip ýörýär. Şa howlugyp:
– Aý, çopan, aýlandyň, aýlandyň ýördüň-le, çem geleni tut-da, sag-da al-da gaýdyber-dä – diýip gygyrýar.
Çopan:
– Ol beýle däl, myhman, goýunlaryň her haýsy, biriniňkidir. Ili närazy edip, goýnuny sagyp bolmaz. Ondan, ýöne men öz goýunjyklarymy tutup, şolary sagyp, saňa bişirip bererin welin, ol siziň üçin siňňitli bolar – diýip aýdýar.
Çopanyň kişi malyna garaýşy, halallygy şany haýran galdyrýar. Bu häsiýet türkmeniň hut özüniň uzak asyrlaryň dowamynda beýnisine guýlup, ganyna siňip gelen milli häsiýeti. Çopan şol halallygy bilen şanyň hormatyny gazanýar. Şa doganly bolýar.
Mirasgäriň toplan mirasynda gahrymanlaryň häsiýetindäki sahylyk, halallyk ýaly häsiýetler sahypa saýyn çuňlaşýar. Sahylygyň aňyrsynda bolsa ynsanperwerlik ýaly belent ideýa ýatyr. Onuň toplan eserleriniň gymmaty hem şuňa meňzeş ideýalarda ýüze çykýar.
Şeýle hem M.Ataşowyň toplan ertekileridir hekaýatlarynyň gahrymanlarynyň her bir päsgelçiligi ýeňip geçmekde, daýanýan esasy güýji adamkärçilik, ynsanperwerlik. „Aşyk şada-da”, “Şirin-Perhatda-da”, „Patyşa bilen kyýamatlyk dogan okaşan garypda-da”, „Geň söwda-da” we beýleki-beýleki eserlerde-de gahrymanlar şol mizemez belent güýjüň üsti bilen maksatlaryna ýetýär.
Mirasgäriň „Leýli-Mejnun”, „Şirin-Perhat”, „Geň söwda”, „Ak balyk”, „Döwden sylag alan garyp”, „(„Rehimdar döw”), „Altmyş ýaşy arka atan patyşa” we şulara meňzeş ertekileri we „Päliýaman aýal we adalatly wezir” atly erteki hekaýatlary heniz halka nämälimdir.
„Altmyş ýaşy arka atan patyşa” ertekisinde, edermen, işeňňir, juda ynsanperwer, ýigidiň häsiýetindäki adamkärçiligiň, yhlaslylygyň, birek-birege wepalylygyň ýüze çykarylyşy özboluşly we seýrek duş gelýän çeper şöhlelendirilme.
Hazyna toplaýjynyň mirasynda ýokarda-da belleýşimiz ýaly, esasy ünsi çekýän möhüm zat, ahlak meselesiniň onuň ýygnan eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçmegidir. Bu meseläniň orta atylmagy, çözülmegi, her döwür üçinem möhümdir. Boýdan-başa diýen ýaly, M.Ataşowyň ertekileriniň oňaýly gahrymanlary juda ahlaklylygy, namysjaňlygy bilen ünsi çekýär.
Ine, M.Ataşowyň ýygnan edebi baýlyklarynyň süňňüni düzýän esasy alamatlar. Aňzakly gyşlarda, howurly tomuslarda sünnälenip-sünnälenip, irginsiz toplanan il baýlygynyň ynsanperwer, ruhubelent, adalatly, lebzi halal, çaksyz sahy, il-halkyna wepaly, watanperwer, pähim-parasatly gahrymanlary diňe bir türkmen halkynyň daýanjy bolman, dünýä halklarynyň hem küýsegidir. Galyberse-de şu ajaýyp häsiýetleri, şol sanda doganlyk-dostlugy, agzybirligi, adalatlylygy ündeýän eserler hem milli gahrymanlar haýsy halkyňkydygyna garamazdan, dünýä medeniýetiniň edebi hazynasyny hem baýlaşdyran gymmatlyklardyr. Şeýlelikde, olarda M.Ataşow ýaly hazyna toplaýjylaryň hem paýy uludyr. Mirasgäriň toplan edebi hazynasynyň gymmatam adamzada zerurlygyndadyr.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly