00:38 Na to marmari na to kefali | |
NA TO MARMARI NA TO KEFALI
Publisistika
Adamlar sosial mediýada 140/280 hüý-häsiýet okamaga werziş etdirildi. Şeýlelikde.. Oblomowçylyk-ýaltalyk bilgeşleýin tragediýa öwrüldi, az söz bilen hemme zadyñ parhynda bolmak ahwaly! Munuñ özi aslyýetinde çuññur gaflat ukusyny döredýär... - Türkiýe öz howpsuzlygy üçin Siriýada harby operasiýa geçirýär, belli bir topar aýaga galkýar! - Türkiýe öz howpsuzlygy üçin Yrakda harby operasiýa geçirýär, belli bir topar aýaga galkýar! - Türkiýe öz howpsuzlygy üçin terrorçylykly guramalara goldaw berýän ýurtlary paş edip, olaryñ NATO alynmagyna garşy çykýar, belli bir topar aýaga galkýar! Bu topara “na to marmari, na to kefali” diýsek dogry bolarmy? Ine, şu mermer, ine şu kelle! Añsat düşünenoklar sebäbi. Ýagdaýlary şolar ýaly boljak bolsa, bizem durman NATO-nyñ ikiýüzliligini ýazmagy dowam etdirmeli bolarys. Başlabareýin onda: "Sowuk uruş" gutaranda "NATO-nyñ indi nämä geregi bar?" diýildi. NATO şeýle diýdi: - Urşuñ ugruny üýtgetdik... - "Sowuk uruş" döwründe araçäkleriñ goragyna esaslanýan harby gorag düşünjesiniñ ýerini strategik howpsuzlyk çemeleşmesine çalyşdyk. Bu nämäni añladýardy? - Döwletleriñ döwletlere däl-de, terrorçylykly guramalaryñ döwletlere garşy yglan eden uruşlaryna garşy göreşeris... - Şeýlelikde bolup biläýjek howp-hatarlary öñünden howpuñ formasyny almazdan anyklap, bulary ýurduñ çäklerine gelmezden öñüni alarys... - Şu maksat bilen 1994-nji ýylyñ ýanwarynda Umumy tabşyryklar boýunça birleşen güýçleriniñ (Joint Combined Task Force-JCTF) gurulmagyny makul bildik... Eýsem terrorçylykly PKK agza ýurt Türkiýä hüjüm edende NATO nirededi? Ýitirim! Tersine olara ýaragdan başlap dürli serişdeleri kömek edýär. Tersine Türkiýäniñ bu howpy ýok etmesine garşy çykýar. Biz körmi näme? ABŞ 2001-nji ýylda terrorçylykly aktlary gurnan "El-Kaidäni" ýok etmek üçin Owganystany we Yragy basyp aldy. NATO-nyñ terrorçylyga garşy göreşiniñ täze konseptine ABŞ-na garşy hüjüm bolanda-ha amal edilýär, Türkiýä hüjüm edilende-de görmezlige-bilmezlige salynýar! "Atañanälet" diýsek aýyp bolaýarmyka? • KELLÄÑIZI BULAŞDYRMAÑ Şuny soramaly bolýarys: - NATO iñ güýçli üçünji goşunyna eýe Türkiýäni elden gidermegiñ hatyrasyna näme sebäbe PKK-ni goldaýar? "Sowuk uruşyñ" gutarmagy bilen birlikde NATO-nyñ üýtgän täze konseptine laýyklykda garşysyna göreşmeli toparlaryñ arasynda PKK ýokmy? "Ähli terrorçylykly guramalar" jogaby ýalñyşdyryjydyr. Terrorçynyñ eline berilen ýaragyñ haýsy ugra çenelenini bilmek gerek. Täze howp düşünjesine görä NATO neoliberalizmiñ howpsuzlyk guramasy boldy! Ýagny, NATO düýp özenine seretseñ, bir bitewi döwletleriñ duşmany. Şu sebäpli NATO bitewi döwlete garşy söweşýän terrorçy guramalara kömek edýär. Şu sebäpli Atatürki we kemalizmi nyşanasyna aldy... Şu sebäpli dürli pyrryldaklar bilen türk goşunynyñ haýyny aldy... Şu sebäpli FETÖ-çylara gol-ganat gerdi... Şu sebäpli PKK ýaýrawyna goldaw berdi... Hawa, NATO meselesinde kelläñiziñ bulaşdyrylmagyna ýol bermäñ: NATO diñe harby gurama däl, onuñ gurulmagynyñ missiýasy belli: howplary tutaryk edinip, özüne agza ýurtlaryñ syýasy režimini özüçe dizaýn etmek. "Azatlyk, demokratiýa, adam hukuklary, hukugyñ öñdeligi" ýaly içi boşadylan pak sözleri öñe sürüp, agza ýurtlary "ABŞ imperiýasyna" ýapja edip goýmak! Şol sebäpli... Fransiýanyñ öñki prezidenti De Goll ABŞ-nyñ guramadaky güýçli ornuna we Angliýa bilen arasynrldaky aýratyn gatnaşygyna nägilelik bildirip, harby guramanyñ hataryndan çykdy. ABŞ "hojaýynlyk satmakdan" hiç el çekmedi. Iñ soñunda... Täze howpsuzlyk konsepti bilen ýurtlaryñ araçäklerini däl-de, neoliberalizmiñ araçäklerini esas edip aldy. "Uly Ýakyn Gündogar maksatnamasy" şu maksat bilen orta atyldy... • BOSGUN MESELESI Biziñ intelligensiýamyzyñ wekilleri NATO-ny dar manyda diñe harby ugry boýunça ele alýar. "Günbatar gymmatlyklary" diýilýän "ideologik-syýasy howpsuzlyk" gözlegini ýok saýýar! Ykdysady çarçuwasyny gözden salýar. Hususanam "Sowuk uruşdan" soñ NATO-nyñ dolulygyna global kapitalyñ harby güýjüne öwrülendigi hakykatyny nädip görmezlige salýarlar, düşünmek kyn. NATO imperializmiñ gylyjydyr. Orsyýete, Aziýa tarap giñelmek islemeginiñ sebäbi-de şudur. "NATO-nyñ barlygy Günbataryñ gelejegi üçin iñ wajyp meseledir" sözi neoliberal kolonial düzgüniñ dowam etmegini añladýar! NATO indi "halkara guramalaryñ", "añ-düşünje guramalarynyñ", "strategik merkezleriñ", "goranyş senagaty we ýörite howpsuzlyk kompaniýalarynyñ" howpsuzlyk aktýorydyr... Bularyñ Türkiýä beren missiýasy - ýörite tabşyrygy belli. Meselem, düýn az sanly pyýada goşuny bilen "sowet howpuna" garşy goranyş pakty bolan bolsa, häzir global kapitalyñ diýdimzorlyga esaslanýan eksplutasiýasy arkaly orta çykan millionlarça bosgunyñ Günbatara gecmegini togtadýan goranyş paktydyr! Näçe gün bäri ýazýaryn: NATO-nyñ hakyky ýüzüni 140/280 hüý-häsiýet okanyñ bilen tanap bolmaýar… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 02.06.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |