08:43 Nazaraly ahun | |
NAZARALY AHUN ■ Pyragynyñ ýakyn dosty 1983-nji ýylda neşir edilen "Magtymguly hakynda rowaýatlar we legendalar" atly kitabyñ 96-njy sahypasyndaky "Gaýgyly habar" atly bölüminde şeýle setirler bar: "Magtymguly Hywadaky "Şirgazy" medresesinde üç ýyl okap, dördünji ýyla aýak basanda rugsat wagty Etrek tarapdan Magtymgulynyñ janköýer dostlary Nury Kazymdyr Nazaraly gaýgyly günde şahyry ýeke goýbermejek bolup, oña goşulyp gaýdýarlar. Şu setirlerden ugur alyp, beýik ussadymyz Magtymguly Pyragy bilen "Şirgazy" medresinde bile okan Nazaraly ahunyñ kim bolandygyny anyklamaga çalyşdyk. Netijede Nazaraly ahunyñ bäşinji arkadan nesli bolan Pirguly Baýlyýewiñ maglumatlaryna gabat geldik. ■ Nazaraly ahun kim bolupdyr? Nazaraly ahun barada anyk taryhy maglumatlar saklanyp galmandyr. Ol barada diñe rowaýata öwrülip giden hekaýatlar galypdyr. Şeýle-de bolsa, 90-njy ýyllarda Eýrandan Gyzylarbada gelen Baýram ahun atly bir ýaşulynyñ Pirguly aga ugradan hatynda, Nazaraly ahunyñ ömrüniñ soñky ýyllarynda Türkmensähra göçüp gidenden soñra Türkmensähranyñ Güllidag diýen ýerinde "Gylyç işan" gonamçylygynda jaýlanandygyny we onuñ guburynyñ häli-häzirlerem adamlaryñ zyýarat edýän ýerleriniñ biridigi barada gymmatly maglumaty ýazypdyr. ■ "Allanyñ hukugyny aljak bolmañ!" Nazaraly ahun bir gezek Eýrana gidende, myhman baran öýüniñ öý eýesiniñ ýogalan wagtyna gabat gelýär. Oba mollasy bolsa ýogalan bendäni gonamçylykda jaýlamaga rugsat bermändir. Sebäbi ýogalan görgüli dirikä arak-şerapdan daş durmaýan, üstesine-de jalaýrak gezýän birimişin. Ýogalanyñ garyndaşlary nätjeklerini bilmändirler. Muny gören Nazaraly ahun oba mollasyny ýanyna çagyrmaklaryny haýyş edipdir. ■ "Patyşalar haçan synyp bilerler?" Nazaraly ahun Börme obasynda ýaşap ýörkä bir rus generaly ýanynyñ dilmajy bilen Börmä gelipdir. Şonda ol obanyñ sowatly adamlaryny görmekçidigini aýdýar. Börmeliler ilki bilen oña Nazaraly ahuny salgy berýärler. General bilen ahun bile oturyp, pikir alyşýarlar. Şonda rus generaly Nazaraly ahunyñ sowatlylygyna haýran galýar. Ol gaýtmakçy bolanda ahuna sowal bilen ýüzlenýär: | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |