GÜNDOGARYÑ NAPOLEONY
▶ NEDIR ŞA
Nedir (Nedirguly) şa, 1736-1747-nji ýyllarda Eýranda hökmürowanlyk süren beýik türkmen hökümdary, Owşar dinastiýasynyñ düýbüni tutujy.
■ Nedir şa kim bolupdyr?
Nedir şa 1688-nji ýylyñ 22-nji oktýabrynda Deştgertde dünýä inýär.
Nedir şa Azerbaýjany, Hindistanyñ demirgazygyny, Orta Aziýanyñ aglaba bölegini öz içine alýan ümmülmez Eýran imperiýasyny döreden beýik şahsyýetdir. Ol beýik Mogollar imperiýasyna, kuwwatly Osmanly imperiýasyna, jeñbaz owganlara garşy aýgytlaýjy ýeñişleri gazanmagy başarypdyr.
Gazanan ýeñişleri az wagtlygam bolsa, ony Gündogaryñ iñ güýçli hökümdaryna öwürdi. Emma 1747-nji ýylda onuñ janyna kast edilmegi bilen gana çaýkalyp gurlan imperiýa çat açyp başlady.
Nedir şa Aziýanyñ iñ soñky beýik Fatihidir. Ol Eýranyñ iñ şöhratly serkerdeleriniñ biri hasaplanýar we Osmanlylar bilen Babyr imperiýasynyñ (Beýik Mogollar) arasynda Eýrana ýañadandan hormat goýulmagyny gazanandygy üçin häli-häzirlerem onuñ adyndan öwgi bilen söz edilýär.
Taryhy çeşmeler Nedir şanyñ ýokary guramaçylykly, gaýduwsyz, paýhasly we gujurly adam bolandygyny habar berýär. Nedir şa öz milligine buýsanan şahsyýetdir. Parsçany suwara bilýändigine we hökümdarlyk edýän ýurdunyñ ýerli ilatynyñ pars dilinde gürleýändigine garamazdan hemişe umumy türki (çagataý) we türkmen dillerinde gürlemegi bu aýdanlarymyzyñ iñ gowy delilidir. Hindistanda bolup geçen Karnal söweşinden soñra Babyr imperiýasynyñ türk(men) hökümdary Muhammet şa bilen Nedir şanyñ arasynda bolup geçen duşuşyk hem türki dilde geçirilipdir.
Gazanan harby üstünlikleri üçin käbir taryhçylar ony Gündogaryñ (Eýranyñ) Napoleony ýada "Ikinji Makedonskiý" diýip atlandyrypdyrlar.
Nedir şa Sefewileriñ mezhep dawasyny körükläp döredip giden problemalarynyñ birgidenine akylly çözgüt tapmagy başarypdyr. Ol şaýy-sünni agzybirligini dikeltmegiñ we şaýylary japarylar mezhebi astynda birleşdirmegiñ tarapynda bolupdyr. Japary mezhebini sünnileriñ dört hak mezhebiniñ ýanynda bäşinji hak mezhep hökmünde kabul edilmegini isläpdir. Nedir şanyñ bu garaýyşlary onuñ içerki we daşarky syýasatynyñ özenini düzüpdir.
■ Nedir şanyñ ýaşlyk ýyllary
Nedir ýurdumyzyñ Ahal welaýatynyñ Kaka etrabynyñ Abywert diýen ýerinde owşarlaryñ ýaşaýan Gyrykly obasynda Ymamguly begiñ maşgalasynda dünýä inýär. Kakasynyñ goýan ady Nedirgulydyr. Käbir taryhy çeşmeler Ymamguly begiñ ýonaçylyk edendigini, käbirleri bolsa çopançylyk edendigini habar berýär. Halk arasynda aýdylýan gürrüñler Nedir şanyñ Türkmenistanda ýaşaýan türkmen taýplaryna bolan agressiw garaýyşlarynyñ kemala gelmeginde kakasynyñ rolunyñ uly bolandygyny aýdýar. Has takygy, Ymamguly beg ogly Nedirgula "Hergiz türkmene ýagşylyk edäýmegin..." diýip sargaýarmyşyn. Bu dogrumy, ýa nädogrymy? Dogrusyny diñe Alla bilýär...
Kiçijikkä kakasy aradan çykan Nedirguly heniz 14-15 ýaşlaryndaka sebitdäki goñşy tire-taýpalar bilen bolýan ýiti gapma-garşylyklaryñ içinde ýer alýar.
■ Nediriñ syýasy arena çykmagy we tapawutlanmagy.
♧ Gündogardaky howplaryñ serpikdirilmegi
1704-nji ýylda Horasana talañçylykly ýörişleri gurnan özbeklere garşy bolan söweşde Nedir ejesi bilen birlikde ýesir düşýär. Ejesi ýesirlikde aradan çykýar. 1708-nji ýylda Nedir ýesirlikden gaçýar. Aýtmaklaryna görä onuñ ýesirlikden gaçmagyna-da ýegre dosty Keýmir kör kömek edenmişin. Keýmir kör bilen Nediriñ arasyndaky dostlukly we basdaşçylykly gatnaşyklar ýazyjy Ata Durdyýewiñ "Keýmir kör" romanynda ussatlyk bilen suratlandyrylýar. Nedir Hywadan gelenden soñra owşar taýpasyndan bolan Abywerdiñ häkimi Köse Ahmetli Baba begiñ girýär we soñra onuñ gyzyna öýlenýär. (Abywert galasynyñ galyndylary häzir Kaka etrabynyñ demirgazyk-günbataryndadyr).
Birnäçe ýyllap gaýynatasynyñ hyzmatyny eden Nedir onuñ aradan çykmagy bilen 1723-nji ýylda Abywerdiñ häkimi bolýar.
Gylzaýlaryñ Eýrana ýöriş edip, Yspyhany eýelän wagtynda Sefewileriñ özara agzalalygyndan peýdalanan Sistanly Mälik Mahmyt Maşady we daş-töweregini ele geçirenden soñra Abywerdi elinde saklap duran Nedire güýçlerini birikdirmegu teklip edýär. Teklibi oñyn garşylan Nedir Maşada gidip Mälik Mahmydyñ gullugyna durýar. Ol soñra Mälik Mahmydy at üstünde oýun görkezilýän pursatynda öldürmäge synanyşýar. Synanşyk başa barmaýar we ol Abywerde gaçmaga mejbur bolýar. Soñra Mälik Mahmydyñ üstüne hüjüm edip, ony ýeñlişe uçradan Nedir golastyndaky güýçler bilen Kelat galasynynyñ begini aldawa düşürip, Kelady we Abywerdiñ golaýyndaky Deregezi eýeleýär.
Sistanly Mälik Mahmyt hem özbeklere, tatarlara we türkmen taýpalaryna garşy hüjüme geçýär. Nedir ilki bilen öz daşyna türkmenleriñ owşar taýpasyny, soñra çemişgezek (zafaran taýpasy) kürtleri, beýleki ownuk tire-taýpalary jemländen soñra Mälik Mahmydyñ garşysyna herekete geçýär. Mälik Mahmydyñ Zeýdan galasyny gabandygyny eşiden Nedir onuñ ýoluny kesmek we gabaw astyndaky zeýdanlylara kömek etmek maksady bilen barýarka, ýolda Maşatdan top oklaryny alyp gelýän Mälik Mahmydyñ güýçlerine sataşýar we olary kül-peýkun edýär. Galany eýelemäge az galanda Nedir gelip ýetişýär we Mälik Mahmydyñ syrtyndan urýar. Maşada tarap ökjä tüýküren Mälik Mahmyt yzyndan galman gelýän kowgyny görüp Abywerde tarap gaçýar. Ilki owşarlaryñ elinde bolanam bolsa, dara-direde Abywert Mahmydyñ eline geçýär. Muña garamazdan gazaply gyş aýynda Abywerdi gaban Nedir galany yzyna almagy başarýar. Ondan soñra Keýan galasyny gaban Nedir galanyñ daşynda lagymlary gazdyryp, üç aýa çeken gabawdan soñra galany eýeleýär we şäheriñ gözli-başly adamlaryny ölüme höküm edýär. Özbaşdaklygyny yglan eden Zagçend galasynyñ häkimi Gara hanyñ üstüne gidip, ol ýeri hem ele geçirýär. Soñra Nusaýa tarap gaçan türkmen tireleriniñ yzyndan kowan Nedir Nusaý galasyna gelip girýär. Nusaýda wagtynda Mälik Mahmydyñ Muhammet han atly türkmeni Horasanyñ serdary edip belläp, Mälik Yshaky-da Nişapura tarap ugradandygyny eşiden Nedir güýçlerini toplap, gyssagly ýola düşýär we Mälik Yshakdan öñ Nişapura girýär. Mälik Yshagyñ özüni bolsa ýeñlişe sezewar edýär. Kömege gelen Mälik Mahmyt Nediri ýeñmegi başarýar we Nişapury gaýdyp alýar. Nedir bolsa Maşada tarap gaýdýar. Maşadyñ golaýyndaky Şuturpa diýen ýerde Mälik Mahmyda garşy bolan söweşde ýeñilen Nedir ilki owşarlaryñ soñra Tatar Aşyr begiñ eline geçen Gyzgan (Kuzgan) galasyna tarap gaýdýar. Gyzgany gabaw astyna alan Nedir galany eýelemegi başarýar. Merwe tarap hereket edip, özüne garşy güýç birikdiren tatarlary, özbekleri we çemişkezek kürtleri tabynlygyna salýar. Marynyñ etegine gelip goş ýazdyran Nedir bu göreşleriñ netijesinde ilki Abywerdi, Nusaýy, Kübkany, Zagçeni, Gyzgany, Täzegalany eýelemek bilen özüni Horasanyñ ady belli begleriniñ biri hökmünde ykrar etdirdi. Netijede paýtagty Yspyhany we başga-da birnäçe ýerlerini gylzaýlara giderip, agyr ýagdaýa düşen Tahmasp II-niñ çakylygy bilen onuñ hyzmatyna girýär. 1726-njy ýylyñ sentýabr aýynda bolan Habuşan gurultaýynda "Tahmaspguly han" diýen ady alan Nedir öz güýçlerini Tahmasp şanyñ güýçleri bilen birikdirip, gysga wagtyñ dowamynda ýurduñ içerki tertip-düzgünini üpjün etmäge çalyşýar.
Tahmasp II hem harby meselelere seretmek ygtyýarlygyny doly Nedire berýär we ony baş harby maslahatçy (korçybaşy) edip belleýär.
Nedir 1726-njy ýylyñ 11-nji noýabrynda Maşady eýeleýär. Nediriñ gazanýan üstünliklerine görübilmezçilik eden ýokary wezipeli döwlet işgärleri Şah Tahmaspa Nediri ýamanlap, olaryñ arasynyñ açylmagyny gazanýarlar. Tahmasp II-niñ Habuşana gidip Çemişgezek beginiñ Nedire adaglanan gyzyny özi üçin dilemegi netijesinde olaryñ arasyndaky duşmançylyk hasam artýar. Muña gahary gelen Nedir Habuşana ýöriş edip, ol ýerdäki pitneçi kürtleri özüne doly boýun egmäge mejbur edýär. Soñra ol Nişapura tarap çekilen Tahmaspyñ üstüne gaýdýar. Duýdansyz üsti basylan Tahmasp II Mollabaşy Mirmuhammet Hüseýini Nediriñ üstüne ugradyp ýaraşyk teklip edýär. Taraplar özara ylalaşandan soñra bilelikde Maşada dolanýarlar.
Maşatda Tahmasp II bilen Nedir owgan taýpasy bolan abdalilere (Ahmet şa Dürranynyñ taýpasy, başgaça dürranylar hem diýilýär. Bu taýpanyñ gelio çykyşy boýunça türki taýpalaryñ biridigi barada hem ynamly çaklamalar bar) garşy bilelikde hereket etmegi müwessa bilenem bolsalar, ýanyndaky emeldarlarynyñ gepine gulak gabardyp, Nediriñ bir özüniñ abdalileriñ üstüne gitmegi isleýär. Tahmaspyñ aýdanyndan çykman Hyrata tarap ýola düşen Nedir ýolda şol wagt Sebzewarda bolan Tahmasp II-niñ öz kastyna çykandygyny bilip, Hyrat ýörişini goýbolsun edýär we Tahmaspyñ üstüne gaýdýar. Söweşde Tahmaspy ýeñlişe uçradan Nedir ony tussag astyna alyp, Maşada barýar. Ol ýerde Tahmasp II-den dagy-duwara öz garşysyna çykmajakdygy barada dil haty alýar. Ondan soñra Nedir Tahmaspy hem ýanyna alyp, Mazenderan sebitlerinde gozgalañ turzan türkmenleriñ üstüne ýöriş edip, olary tabynlygyna salýar. Abdalileriñ garşysyne bilelikde hereket etmek barada Tahmasp II-niñ we Nediriñ gaýtadan ylalaşyga gelmeginden soñra, birleşen güýçler abdalileriñ üstüne ýöriş edýär. Hyratyñ demirgazygynda Kapyrgala diýen ýerde bolan söweşde abdaliler derbi-dagyn edilýär. Nedir abdali kethudalarynyñ ýaraşyk teklibini kabul edýär. Abdaliler Nediriñ tabynlygyna girmek bilen birlikde gylzaýlara garşy onuñ bilen bileleşip göreşjekdikleri barada söz berýärler. Nedir abdali meselesini birýüzli edenden soñra 1729-njy ýylda Tahmasp II bilen bile Maşada dolanýar we gylzaýlaryñ hökümdary Eşref şaha garşy boljak söweşe taýýarlyk görmäge başlaýar.
1729-njy ýylyñ 9-njy sentýabrynda Damganyñ ýakynlarynda Myhmandost diýen ýerde bolan çaknyşykda Nediriñ agyr toplar bilen ýaraglanan goşuny Gylzaý goşunlaryny derbi-dagyn edýär. Eşref şah agyr ýitgiler çekip Tährana tarap çekilýär. Has soñra Tähranyñ golaýyndaky Weramin diýen ýere gelen Eşref şah ikilenç zarba duçar bolýar. Ol hemme güýjüni ýitirip Yspyhana tarap gaçýar. Eşref şany yzly-yzyna iki sapar ýeñen Nedir bu ýeñişden soñra Tahmasp II-ni Gylzaýlardan boşadylan Tährany berip, özi Yspyhana tarap gaýdýar.
Eşref şa Osmanly döwleti bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda Osmanlylaryñ Hemedan şäherindäki garnizonynyñ başlygy (muhafyz) Abdyrahman Paşadan alan goşmaça güýçleri bilen Nediriñ garşysyna çykýar. 12.11.1729-njy ýylda Yspyhanyñ demirgazygyndaky Mürçehont diýen ýerde bolan söweşde Eşref şa üçülenji gezegem ýeñilýär.
16.11.1729-njy ýylda Yspyhana giren Nedir Tahmasp II-ni ýedi ýyl arakesmeden soñ Yspyhanda dabaraly ýagdaýda tagtyna geçirýär. Soñra ol Yspyhana tarap gaýdan Eşref şany Şirazyñ ýakynlaryndaky Zergan diýen ýerde kül-peýkun edýär.
♧ Birinji Osmanly ýörişi
Şirazdan daşlaşan Eşref şany Gandagaryñ häkimi Soltan Hüseýiniñ esgerleri öldürmegi bilen Eýranda dowam eden ýedi ýyllyk Gylzaý häkimiýeti soñlanýar we gaýtadan Sefewi agalygy dikeldilýär. Gündogardan Eýrana abanan Abdali we Gylzaý howpuny ýok edip, ýurtdaky bulaşyklygy ep-esli derejede gowulandyran Nedir ýurduñ günbataryna ýönelýär. Osmanlylar bilen netijesiz tamamlanan gepleşiklerden soñra Nihawendiñ üstüne gaýdýar we 1730-njy ýylyñ iýulynda şäheri eýeleýär. Wan häkimi Timurtaş Paşanyñ serkerdeliginde Nediriñ üstüne ugradylan goşun birlikleri Malaýyr diýen ýerde derbi-dagyn edilensoñ, Timurtaş Paşa Hemedana tarap çekilýär. Hemedanda oturan Abdyrahman Paşa şäheri gorap bilmejegine gözi ýetenden soñra, Bagdada tarap çekilýär. Nedir hiç bir garşylyksyz Hemedana girýär.
Nihawend we Hemedan şäherleriniñ elden gidendigini eşiden Osmanly goşun birlikleri Kermanşah şäherini-de terk edýär. Nedir bu şähere-de garşylyk görmezden girýär. Meraganyñ golaýynda Osmanly serhet goşunlary bilen ýüzbe-ýüz bolan Nedir garşydaşlaryny ýeñip, Sawuçbulaç, Meraga, Mukry we Dihharkany eýeleýär.
Stambuldaky Sefewi ilçisi Ryzaguly han bilen geçirilen gepleşikleriñ netijesinde Genje, Tbilisi, Rewan Osmanlylaryñ elinde galýar, Hemedan, Kermanşa we Töwriz bolsa Sefewilere bermeli edilýär. Eýranyñ ilçisi Ryzaguly han bu şertnama bilen Tahmasp II-ni habardar edeninde, Baş wezir Newşehirli Damat Ybraýym Paşa-da Töwriz garnizonynyñ başlygy Çawuşbaşy Wezir Kara Mustafa Paşa şertnamanyñ şertlerine eýerip, Töwrizi Nediriñ ygtyýarlygyna bermegi gizlinlik bilen buýurýardy. Ýaraşyk şertnamasyny öwrenmek bilen birlikde okgunly hereketini dowam eden Nedir Meragadan Töwriziñ üstüne gaýdýar. Şol wagt paýtagtdan gelen emir esasynda Töwrizi boşadyp, Wana tarap çekilip barýan Kara Mustafa Paşa Töwriz bilen Sufyýanyñ arasyndaky Süheýlan/Sahlan diýen ýerde ýüzbe-ýüz bolan Nedir Osmanly birliklerini derbi-dagyn edýär. Şol wagt Kara Mustafa Paşa kömege gelen Heşterudyñ häkimi Rüstem Paşanyñ güýçlerini 12.08.1730-njy ýylda kül-peýkun edip, özüni-de ýesir alýar.
Osmanlylardan boşaldylan Töwriz añsatlyk bilen eýelenýär. Töwrizden soñ Nahçewan, Rewan taraplara ýöriş etmek islän Nedir Abdalileriñ ýolbaşçysy Zülpükar hanyñ gozgalañ turuzandygyny eşidip, ýörişi goýbolsun edýär we Maşady gaban Abdalileriñ üstüne gaýdýar.
04.05.1731-nji ýylda daşy gabalan Hyrat 27.02.1732-nji ýylda eýelenýär. Şol wagt Tahmasp II-niñ Kurijanda Osmanlylaryñ garşysynda agyr ýeñlişe uçrandygy barada habar gelýär. Şol bir wagtyñ özünde Yrak-Ajamda Osmanly goşunlarynyñ serkerdesi Hekimogly Aly Paşa Kirmanşahy we Hemedany ele geçirenden soñra Azerbaýjan frontundan gös-göni Töwrize tarap süýşýär we ilki bilen Owşar Bisütün hanyñ ogly tarapyndan goragy güýçlendirilen Urmyýäni 65 güne çeken gabawdan soñra ele geçirýär. Soñra Sefewi güýçleriniñ boşana Töwriz şäherine-de 04.12.1731-nji ýylda hiç hili garşylyksyz girýär. Kyn ýagdaýda galan Tahmasp II-niñ ilçileri bilen 1732-nji ýylyñ fewral aýynda geçirilen duşuşyklar netijesinde iki tarap özara ylalaşyga gelýär.
"Ahmet Paşa musalahasy (ylalaşygy)" ady berilen bu şertnama laýyklykda Azerbaýjanyñ Araz çaýy, Yrakda Derne we Derteng araçäk diýip alynmak bilen birlikde demirgazykda Rewan, Genje, Tbilisi, Şirwan, Şamahy, Kartly (Gruziýa, Şirwan we Garabag) Osmanlylara galýar. Töwriz, Kermanşah, Hemedan, Lurystan, Erdelan, Huweýze bolsa Sefewilere berilýär. Şol wagt Hyratda bolan Nedir bu şertnamanyñ maddalaryny ykrar etmeýändigi mälim edýär.
1732-nji ýylyñ fewral aýynda ruslar bilen baglaşylan “Reşt şertnamasy” arkaly rus frontuny zyýansyzlandyran Nedir Tahmasp II-niñ Kuma ýa-da Tährana gelip duşuşyk geçirmek baradaky teklibine göwnemändigini bilip Yspyhana ýöriş etmegi niýetine düwýär. 1732-nji ýylyñ awgust aýynda Nedir Yspyhana gelenden soñra Tahmasp II oña Osmanlylar bilen baglaşylan şertnamanyñ düzgünlerini bozmajakdygyny mälim edýär. Muña gahary gelen Nedir Tahmaspy tussag edýär we Maşada sürgün edýär. Egindeşleriniñ tagta geçmek teklibini kabul etmedigem bolsa, Tahmaspyñ 3-5 aýlyk ogly Abbas III-i şa diýip, özüni bolsa "Şanyñ wekili" diýip yglan etmek bilen birlikde 1732-nji ýylyñ fewral aýynda häkimiýeti doly öz eline alýar.
Eýrany doly gysymyna gysan Nedir Osmanlylara garşy herekete geçmezden öñ Yspyhanda tagt çalşygyndan peýdalanmak islän
Bahtyýarylaryñ üstüne hüjüm edýär we olary boýun etmäge mejbur edýär. Şol bir wagtyñ özünde birnäçe wagt bäri Malaýyr sebitinde garakçylyk edýän Zendleriñ üstüne hüjüm edip olary doly zyýansyzlandyrýar. Şonda soñra Nedir Osmanlylara garşy herekete geçýär we Kermanşahy gabaw astyna alýar. Şäher ilatynyñ Osmanly garnizonyna ikilik edip, galanyñ gapylaryny açmagy netijesinde 1732-nji ýylyñ noýabr aýynda şäheri garşylyksyz eýeleýär. Dernäniñ begi Ahmet Paşanyñ serkerdeligindäki Osmanly söweşjeñ birlikleri bilen bolan söweşden ýeñiji bolup çykýar. Bagdady gabawa alan Nedir şa Bagdada kömege gelen Erzurumyñ häkimi öñki baş wezir Topal Osman Paşanyñ goşunlarynyñ garşysynda 19.07.1733-nji ýylda bolup geçen Dujum söweşinde agyr ýeñlişe uçrap, gaçmaga mejbur bolýar.
Nedir Dujum ýeñlişiniñ öwezini dolmaklyk we Topal Osman Paşa bilen garşylaşmaklyk üçin Hemedandan Osmanly araçägine tarap hereket edýär. 1733-nji ýylyñ noýabr aýynda
Topal Osman Paşanyñ garşysyna Kerkugyñ golaýynda bolan söweşde Osmanly goşunlary ýeñlişe uçraýar we Topal Osmanyñ özü-de wepat bolýar. Ýeñişleriniñ arasyna salym salmaýan Nedir Şährizory, Kerkugy, Dernäni eýeleýär. Ol ýerdenem ýene Bagdadyñ eteklerine gelen Nedir Bagdadyñ häkimi Ahmet Paşa bilen ylalaşyk baglaşýar.
Bagdatdan çekilensoñ pitne turuzan Bahtyýarylaryñ (buluçlar) ýolbaşçysy Muhammet Bulujyñ üstüne hüjüm edýär. Şirazyñ eteklerinde bolup geçen aýgytlaýjy söweşde agyr ýitgilere sezewar bolan Muhammet han gaçmaga mejbur bolýar. Şirazy Muhammet han Buluçdan gaýdyp alan Nedir 1734-nji ýylyñ ýaz aýynda Yspyhana dolanýar. 1734-nji ýylyñ awgust aýynda Erbile girýär. Soñra Kawkaz tarapa hereket edip, Osmanlylara tabynlygyny bildiren Şirwanyñ häkimi Surhaý hana garşy söweş yglan edýär we söweşden ýeñiji bolup çykýar. Soñra Şirwanyñ merkezi Şamahyny ele geçirip, ol ýeri weýran edýär.
Genje häkiminiñ kömekçi güýçleri arkaly hüjüme geçen Surhaý hany Şamahy bilen Kebeläniñ arasyndaky Düýebatan diýen ýerde ikilenç ýeñlişe uçradýar. Özünden gaçan Surhaý han bilen Gazykumukda (Kumuk) bolan söweşde garşydaşyny üçünji gezegem ýeñen Nedir Gazygumuga girip, şäheri weýran edýär.
Gyş paslynyñ golaýlamagy we şertleriñ ýaramazlaşmagy bilen öñe hereket etmegi goýbolsun etmäge we yzyna dolanmaga mejbur bolýar. Şol wagtlar Mahaçgalanyñ häkimi Has Fulat han Nediriñ häkimiýerini ykrar edýär. Nedir Ahtä (Akhyti) gelip ol ýerdäki lezginleriñ gozgalañyny basyp ýatyrýar. Şirwany we ol sebitleriñ merkezi Şamahyny ele geçirip Dagystana çenli aralaşan Nedir 1734-nji ýylyñ oktýabr aýynda Genjäni gabaw astyna alýar, emma şäheri eýelemek başartmaýar. 1735-nji ýylda baglaşylan şertnama laýyklykda ruslar Bakudan we Derbentden çykýarlar. Şeýlelikde Sulak derýasy Russiýa bilen Eýranyñ arasyndaky araçäk diýip kabul edilýär. Nedir munuñ netijesinde 1722-nji ýyldan bäri rus basybalyjylarynyñ ýörişlerine uçran Azerbaýjany gaýtadan Eýranyñ düzümine birikdirip, Russiýa tarapyndan howp abanmaz ýaly ýagdaýa getirdi.
24.05.1735-nji ýylda Karsy gabaw astyna alanam bolsa, ony eýeläp bilmedi. 18.06.1735-nji ýylda Osmanly goşunynyñ baş komanduýuşisi (Serasker) Abdylla Paşanyñ serkerdeligindäki Osmanly goşun birliklerini Rewanyñ (Ýerewan) golaýyndaky Bagawert diýilýän ýerde (Arpaçaý söweşi hem diýilýär) agyr ýeñlişe sezewar edýär. Bu uly ýeñişden soñra Genjäni we Tbilisini söweşsiz basyp alýar. Soñra Karsy ikinji gezek gabawa alýar. Emma bu gezegem ony eýeläp bilmeýär. Gruziýany we Dagystany tertibe salmak maksady bilen 1735-nji ýylyñ sentýabr aýynda Tbilisä gelýär. Gruziýanyñ hökümdary we beýleki gruzin aristokratlary Nedire boýun egýändiklerini mälim edýärler. Nedir bir aýdan soñra Tbilisiden çykyp Jarutala lezginlerini jezalandyrandan soñra Kumuga gelýär. Ol ýerde Surhaý hanyñ goşunyny derbi-dagyn edýär. Nediriñ Gruziýadaky we Dagystandaky amala aşyran işleri tutuş bir ýyla çenli dowam edýär.
■ Nediriñ şa diýip yglan edilmegi we onuñ amala aşyran çäreleri
1736-njy ýylda Mugan ýaýlasyna hereket eden Nedir ol ýerde gurultaý geçiirýär, gurultaýa gatnaşan eýranly welaýat häkimleriniñ, ulamalaryñ, urug we tire kethudalarynyñ biragyzdan goldamagy bilen ol Eýranyñ şasy diýip yglan edilýär. Gurultaýda Nedir şa Pygamberimizden (s.a.w) soñra Hz. Ebu Bekiriñ (r.a), Hz.Omaryñ (r.a), Hz.Osmanyñ (r.a) we Hz.Alynyñ (r.a) halyf bolandygyny, bu taryhy hakykatyñ Hindistandan, Türküstandan başlap tä Rumelä (Günorta Ýewropanyñ yslamlaşan we türkileşen ýurdy) çenli bütin yslam älemi tarapyndan kabul edilip durka, hatda Eýranyñam Ehli-Sünnete bagly bolup duran wagty, Şah Ysmaýyl tarapyndan şaýy akydalar arkaly musulmanlaryñ bölünişige sezewar bolandygyny, musulmanlaryñ agzybirligini gaýtadan üpjün etmek üçin şaýylyga Şah Ysmaýyl tarapyndan sokulan bu akydalardan ýüz öwrüp, 12 ymamyñ altynjysy Ymam Japar Sadygyñ prinsiplerine esaslanan japary mezhebiniñ kabul edilmegini teklip etdi. Bu asylly teklip gurultaýa gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan goldanýar.
Nedir şa diýip yglan edilen badyna tutuş Eýrandaky dini ulamalara Pygamberimizden (s.a.w) soñ halyf bolan Dört Çaryýarlaryñ ilkinji üçüsine sögmezlik barada, gaýtam olaryñ ady tutulanda hormat bildirilmegi, şol sanda şaýylar bilen sünnileriñ arasynda düşünişmezligiñ döremegine sebäp bolýan ýene bir zada, ýagny azan okalanda Hz.Alynyñ hormatyna bahanasy bilen soñ goşulan "Alyweliullah" jümlesiniñ mundan beýläk okalmazlygy barada ýörite perman ugradýar.
Şaýy ulamalar 1736-njy ýylyñ fewral aýynyñ başlarynda onuñ hökümdarlygyny ykrar etdiler. Nedir şa şaýy ulamalaryñ täsirliligini gowşatmak maksady bilen olaryñ mülklerini we mallaryny döwletiñ haýryna konfiskowat edýär.
Muganda Eýran şasy diýip yglan edilenden soñra yslam halyflygynyñ merkezi Stambulda-da resmi saparda bolan Nedir şa, 1736-njy ýylyñ mart aýynda Yspyhanyñ golaýyndaky "Ferahabat" willasynda dabaraly ýagdaýda şalyk täjini geýýär we tagta geçýär. Nediriñ Eýranda resmi ýagdaýda şa diýip yglan edilmegi bilen Sefewi türkmen dinastiýasy tamamlanyp, ýerine ýene bir türkmen dinastiýasy bolan owşar türkmenleriniñ häkimiýeti agalyk sürmäge başlady.
Osmanlylaryñ Günbatar frontunyñ bulaşmagy bilen Awstriýa we Russiýa garşy uruşa taýýarlanmagy, şol bir wagtyñ özünde Nediriñ Kerkuk we Arpaçaý ýeñişleriniñ yzysüre Eýrana berilmegi talap eden ýerleriniñ barsyny eýelemegi netijesinde iki tarap hem ýaraşyk baglaşmaga mejbur boldy. Nedir şa Osmanlylar bilen ýaraşyk üçin gepleşik geçirmäge başlanam bolsa, onuñ japarylygy bäşinji sünni mezhebi diýip kabul edilmegini talap etmegi, Osmanly ulamalarynyñ hem muny kabul etmezligi ýaraşygyñ möhletini uzaga çekdirýär.
Nedir şanyñ sünni-şaýy agzybirligini üpjün etmek babatdaky asylly perswektiwasy barada şeýle rowaýat bar. Şaýy ulamalaryny üýşüren Nedir şa olaryñ garaýyşlaryny, orta atýan pikirlerini ahyryna çenli diñläp oturypdyr. Şonda şaýy ulamalarynyñ öz akydalaryny hak ýol hasaplap, beýleki mezhepleri, esasanam sünnileri dinden çykan hasap etmeklerine we ahyretde diñe şaýylaryñ zowalsyz jennete girjekdikleri baradaky reaksioner pikirlerine ses çykarman durup bilmedik Nedir şa: "Näme Allatagala jenneti diñe Eýrandaky bir bölek şaýylar üçin ýaradaýypmy?" diýip gaharly gygyranyny duýman galypdyr.
■ Owganystan-Hindistan-Türküstan ýörişleri
Russiýa bilen 1735-nji ýylda baglaşylan şertnama arkaly demirgazyk-günbatardan geljek howp-hatarlaryñ öñüniñ alynmagy, Osmanlylar bilen ýaraşyk baglaşmak baradaky duşuşyklaryñ netije alynmazdan dowam etmegi, şol bir wagtyñ özünde Osmanly-Russiýa-Awstriýa uruşynyñ başlamagy bilen Osmanlylaryñ Ýewropa fronty bilen başagaý bolmagy sebäpli, özüni günbatar araçäkde has arkaýyn duýup başlan Nedir şa gündogara tarap, ýagny Gandagara ýöriş edýär. 1737-nji ýylyñ 3-nji fewralynda Sistan-Gandagar araçägine gelýär. Soñra Gandagar galasynyñ etegine gelen Nedir şa goşunyñ karargähini şäheriñ gündogar tarapynda gurup, galany gabawa alýar. Bir ýyla çeken gabaw netijesinde şäheri eýeleýär we dly weýran edýär. Şäheri ýumranam bolsa, oña golaý ýerde Nedirabat şäherini gurduryp, ony Gandagar welaýatynyñ merkezine öwürýär.
10.05.1738-nji ýylda Nedirabatdan herekete geçen Nedir şa ilki Owganystany Hindistan yklymyna baglaýan möhüm ýollaryñ çatrygynda ýerleşýän Gaznany, yzyndanam gysga wagtyñ içinde Kabuly eýeleýär.
Babyr (Beýik Mogollar) imperiýasy içerki gapma-garşylyklary netijesinde Gürkanly we Haýdarabat atly iki döwlete bölünýär. Pursatdan peýdalanmak islän Nedir şa bolsa Hindistan ýörişine çykmagy makul bildi.
Kabuldan çykyp Hindistana tarap süýşen Nedir şa yzygiderlilikde Jelalabady, Peşaweri, Lahory añsatlyk bilen eýeleýär. Delä tarap okgunly gaýdan Nedir şa, Deliniñ 115 km golaýyndaky Karnal obasynda 13.02.1739-njy ýylda bolup geçen söweşde Gürkanly goşunyny bary-ýogy 3-4 sagadyñ dowamynda çym-pytrak edýär. 08.03.1739-njy ýylda Delä girýär. 01.05.1739-njy ýylda türk(men)-hindi hökümdary Muhammet şaha şalyk täjini gowşuryp onuñ bilen şertnama baglaşýar. Şertnama laýyklykda Sind derýasynyñ demirgazyk we günbatar tarapyndaky ýerler tutuşlygyna Eýranyñ düzümine birikdirilýär. 05.05.1739-njy ýylda ummasyz baýlyk bilen Deliden aýrylan Nedirguly Owşar gelen ýoly bilen yzyna gidip, 1740-njy ýylyñ maýynda Nedirabada gelýär.
1740-njy ýylyñ iýun aýynda Türküstan ýörişine çykan Nedir şa Nedirabatdan Hyrata gelýär. Ol ýerdenem taryhy çeşmelerde "Şäherleriñ enesi" diýip waspy ýetirilen Balha tarap gaýdyp, 31.07.1740-njy ýylda Balha gelýär. 22.09.1740-njy ýylda Amyderýadan aşyp Buhara barýar. Buhara hany Ebulfeýz han bilen açyk we güler ýüzli duşuşýar. Gelinen ylalaşyga laýyklykda Amyderýa araçäk diýip kabul edilýär.
Şol ýylyñ oktýabr aýynda Nedirguly Owşar Buharadan Horezme geçýär. Ilbars han ilkibaşda garşylyk görkezenem bolsa, 1740-njy ýylyñ noýabr aýynda boýun egmäge mejbur boldy. Şeýlelikde üstünlik bilen tamamlanan Türküstan ýörişinde öz döreden döwletiniñ demirgazyk-gündogar çäklerini doly howpsuzlandyrdy.
■ Osmanlylara garşy uruş
Nedir şa Hindistandan dolanan badyna, gazanan üstünliklerini mazamlamak hem-de öz wagtynda Stambuldaky ýaraşyk gepleşiklerinde (1736-njy ýylyñ duşuşyklary) ýarpy galan japarylyk mezhebiniñ bäşinji mezhep hökmünde kabul edilmegini we Käbede japarylar üçin “rükün” berilmegi baradaky meseläni gaýtadan ara alyp maslahatlaşmak üçin Stambula ilçi ugradýar.
Nedir şa 1736-njy ýyldan başlap 1740-njy ýyla çenli aralykda Owganystana, Hindistana, Türküstana eden ýörişlerinden ýeñiş bilen dolanmagy we Sind derýasynyñ sag kenarlaryny Hindistandan goparyp Eýrana birikdirmegi başarypdy.
Günbatarly taryhçy ser Persy Sykesiñ dili bilen aýtsak, "Beýik Owşar" adyny alan bu adatdan daşary şahsyýet Hindistana eden ýörişi arkaly Hindistanyñ legendar baýlyklaryny edinmek bilen birlikde jahangirlik (älemi sarsdyrmak) arzuwyny hem amala aşyrypdyr.
Ol özünden öñki Çingiz han, Emir Teýmirleñ ýaly Aziýanyñ beýik jahangirleriniñ hataryna girmegi başarypdy.
Şol ýyllarda Osmanly döwleti günbatar frontda Russiýa we Awstriýa garşy giren uruşlaryndan Belgrad şertnamasy arkaly ýeñiş gazanyp çykdy.
Osmanlylar bilen geçirilen duşuşyklarda dini meseleler bilen baglanyşykly iki madda dini doktrina gabat gelmeýändigi sebäpli kabul edilmeýär, şeýle-de bolsa iki döwletiñ arasynda dostluk we doganlyk umyt edip ilçiler 1741-nji ýylda yzyna dolanýar.
Talaplarynyñ dolulugyna kabul edilmezliginden nägile bolan Nedir şa uruşa taýynlyk görüp başlaýar. Osmanlylar hem ätiýajy elden bermeýärler. 1743-nji ýylyñ bahar aýlarynyñ ahyrynda Nedir şa ikinji gezek Yrak ýörişine çykýar. Bagdady gabawa alýar, Şährizory we Kerkugy eýeleýär.
Mosuly gabawa alsa-da, şäheri ele geçirip bilmeýär. Nejepdäki toplanşykdan soñ ýaraşyk boýunça Bagdadyñ häkimi Ahmet Paşa bilen ylalaşyga gelen Nedir şa ele geçiren ýerleri bolan Kerkugy, Erbili we beýleki ýerleri yzyna berip, günortada dowam edip duran Basra gabawynyñ goýbolsun edilmegi barada görkezme berip Eýrana dolanýar.
Osmanlylar tarapyndan Eýranda içki gapma-garşylyklar çykarmak üçin ugradylan Sefewi dinastiýasynyñ wekili Safy Mürzäniñ we lezginleriñ gozgalañyny basyp ýatyrmaga başlaýar.
Surhaý hanyñ ogly Mehmet hanyñ ýolbaşçylygyndaky lezginler Nedir şanyñ ugradan goşunyny ýeñlişe uçradyp Şirwanyñ adminstratiw merkezi Aksuwy gabaw astyna alýarlar.
Şamahynyñ golaýynda 1743-nji ýylyñ dekabr aýynda bolup geçen söweşde Surhaý hany we Safy Mürzäni agyr ýeñlişe uçradýar.
Fars welaýatynyñ beglerbegi Taky hanyñ 1744-nji ýylyñ başlarynda gozgalañ edip, Şirazda garaşsyzlygyny yglan etmegi bilen Nedir şa Taky hanyñ üstüne Allaberdi hany ugradýar.
Şirazyñ daşyny gaban Allaberdi han dört ýarym aýa çeken gabawdan soñ 1744-nji ýylyñ iýun aýynda şähere girýär.
Şol ýyl gajar türkmenleri Fethaly şanyñ ogly Muhammethasan hanyñ ýolbaşçylygynda gozgalañ turuzdylar. Ýomut türkmenlerinden goldawa garaşan gajarlar 1744-nji ýylda Astrabat (Gürgen) şäherini ele geçirip, daş-töweregini talaýarlar. Soñra Nedir şanyñ goşun birlikleri bilen gozgalañçylaryñ arasynda bolan söweş netijesinde Muhammethasan han gaçmaga mejbur bolýar.
Içki tolgunşyklary gysga wagtyñ dowamynda basyp ýatyran Nedir şa Safy Mürzäni ele salyp gözlerini oýdurýar we Karsyñ garnizonynyñ başlygy (Serasker) Ahmet Paşa ugradýar.
Safy Mürze problemasyny çözenden soñra derhal Töwriz-Nahçewan şäherara ýoly bilen güýçli gorag berkitmeleri bolan Karsa tarap gaýdýar. Arpaçaýdan geçip 29.07.1744-nji ýylda Karsyñ etegine gelip şäheri üçünji gezek gabaýar. 09.10.1744-nji ýylda gabawy goýbolsun edip Berdä tarap süýşýär. Özüne tarap gaýdan Osmanly leşgeri bilen Bagawertde bolup geçen we 21.08.1745-nji ýylda tamamlanan söweşdenem ýeñiji bolup çykýar.
Mundan soñ Osmanlylar bilen öñi-ardy görünmedik uruşlary soñlandyrmak üçin resmi duşuşyklar geçirilmäge başlanýar. Geçirilen gepleşikler netijesinde 04.09.1746-njy ýylda Osmanlylar bilen Eýranyñ arasynda Kerdan şertnamasy baglaşylýar.
■ Nedir şanyñ janyna kast edilmegi
Nedir şa Hindistan ýörişinden ummasyz baýlyk bilen dolanypdy we şonuñ şanyna ol halkdan üç ýylyñ dowamynda salgyt toplanmajakdygyny mälim etdi. San-sajaksyz oljalaryñ edinilmegine garamazdan 1743-nji ýyldan başlap Osmanly döwleti bilen we Kawkazda amala aşyrylan harby hereketleriñ ýurduñ ykdysadyýetine beren zyýanynyñ öwezini dolmak üçin halkdan zor bilen salgyt alynmagy Eýranyñ hemme ýerinde diýen ýaly tolgunşyklaryñ döremegine getirdi. Wagtlaýyn alynmaga degişli edilmedik paçlaryñ alynmagy, salgytçylaryñ özlerini halkyñ öñünde gödek alyp barmagy we dörän nägilelikleri basyp ýatyrmak üçin alynan gazaply öñüni alyş çäreleri eýranlylary, aýratynam Sefewi dinastiýasynyñ tarapdary bolup galan we geçirilen asylly dini reformalardan hoşal bolmadyk şaýy gatlagy Nedir şanyñ garşysyna aýaga galdyrdy.
Ýurduñ gündogaryndan ýaýrap başlan bu ynjalykdan gaçyryjy habarlardan soñ Nedir şa 1746-njy ýylyñ dekabr aýynda Yspyhana gelýär.
1747-nji ýylyñ ýanwar aýynda Ýezde we Kermana gitmek üçin Yspyhandan çykan Nedir şa öñünden sataşana gazaply darap, öldürip bilen adamyny öldürdi. Aprel aýynyñ ahyrynda Maşada baran Nedir şa maşatlylaryñ başyna Yspyhanda we Kermanda eden ýowuzlyklaryndan beter sütem saldy. Nedir şanyñ bütin bu eden hereketleri Sistan sebitinde öñräkden ýüze çykyp başlan gozgalañlary basyp ýatyrmak üçin ugradan inisi Alyguly hanyñ ýolbaşçylygynda köpçülikleýin gozgalañyñ döremegine sebäp boldy.
Gozgalañyñ gerimi gitdigiçe giñäp, Horasana we Azerbaýjana syçraýar. Feth Aly (Fetdah) şanyñ ogly Muhammethasan hany özlerine ýolbaşçy edinen türkmenleriñ gajar taýpasy Astrabat we Gürgen sebitlerinde gozgalañ turuzdylar.
19.06.1747-nji ýylda Habuşana gelen Nedir şa goşunyñ ştabyny Fethabada ýakyn Goçan diýen ýerde gurýar. Ol ýerde bolsa öz emrindäki serkerdeler tarapyndan gurnalan dildüwşük netijesinde öldürilýär.
■ Nedir şa barada we onuñ bilen baglanyşykly ýazylan käbir eserler:
1). Ýunus Oguz "Nedir Şa" (taryhy roman);
2). Ata Durdyýew "Keýmir kör" (taryhy roman);
3). Hüseýnbala Mirälämow "Iñ soñky Fatih" (taryhy roman);
4). M.R.Arunowa, K.Z.Eşrefýan "Nedir şa Owşar";
4). Mustafa Çämänli "Xalli gürzä" (taryhy roman);
5). Jahangir Hüseýin Afşar "Nedir Owşar döwleti";
6). Adalat Tahyrzada "Nedir şa Owşar";
7). Syrry Efendi "Rîsalet-üt Târihi Nâdir şah";
8). Michael Axworthy "The Sword of Persia Nadir shah".
9). Abulfazyl Gasymy "Etekde ösen Şir" ("Şir mardi atäk", roman)
● Bellik: Şeýle hem Nedir şanyñ Hindistana eden ýörişinden söz açýan "Nedir şa" atly 1968-nji ýylda surata düşürilen hindi kinofilmi-de bar.
◆ ◆ ◆
Milli öwüşginli taryhymyzyñ mynasyp mirasdüşerleri we öwrenijileri hökmünde Hz.Ebu Bekire (r.a), Hz.Omara (r.a), Hz.Osmana sögmek ýaly aýylganç şaýy dessurlarynyñ soñuna çykan beýik ynsan, Türkmeniñ şan-şöhratly beýik Serkerdesi, Türküstanyñ iñ soñky Fatihi Nedir şaha Alladan rehmet dileýäris. Ruhy şat bolsun!
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Taryhy şahslar