NOWRUZ — MILLILIGIÑ NUSGASY
Milli mirasymyza täze öwüşgin, täze mazmun, täze ömür berilmegini buýsanjy kalbyňy pürepürleýär. Watanymyzda pederlerimiziň örän çuňňur pelsepesi, ymgyr pähim-paýhasy siňen milli mirasymyzyň galkyndyrylmagy dünýä nusgalyk işdir.
Nowruz däpleriniň mazmunynda tebigaty goramagyň nusgalyk ýörelgeleri ata-babalarymyza mahsus ynançlary, nesilleri terbiýelemegiň ahlak-edep kadalary, jemgyýeti jebisleşdirmegiň kuwwatly güýjüne öwrülen ruhy dessurlar, tagamy baldan datly milli naharlaryň taýýarlanyşynyň gadymy usul-tärleri jemlenipdir.
2016-njy ýylda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň umumadamzat medeni gymmatlyklarynyň sanawyna girizildi. Şeýlelikde, Nowruz baýramy Türkmenistandan başga-da 12 döwletiň medeni gymmatlygy hökmünde ykrar edildi.
Halkymyzyň toý-baýrama sowgatly-serpaýly, gatançly-goşantly barmak ýaly asylly däbi bar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan 2013-nji ýylda Halkara Nowruz güni mynasybetli «Nowruz — parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. «Nowruznama» ady bilen alymlaryň ylmy makalalar ýygyndysy hem-de «Nowruz — türkmen halkynyň milli baýramy» atly kitap türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edildi. Olary taýýarlamak üçin etnograflar tarapyndan Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ylmy gözleg işleri alnyp baryldy. Netijede, halkyň ruhy dünýäsinde nesilme-nesil dowam edip gelnen däp-dessurlaryň ençemesi toplanyp, ylmy dolanyşyga girizildi, folklor-etnografiýa toparlarynda sahnalaşdyryldy. Munuň özi Merkezi Aziýada ekerançylygyň iň gadymy ojagy bolan Türkmenistanyň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklaryny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik boldy. Çünki Nowruzyň döreýiş kökleri, ilkinji nobatda, ekerançylyk medeniýeti bilen baglydyr. Şu babatda Gahryman Arkadagymyzyň 1-nji martda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde 21-nji martda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek hakyndaky Karara gol çekmegi örän ýokary ähmiýete eýedir. Sebäbi gadymy döwürlerden bäri halkymyz bagy-bossanlyga aýratyn üns berýär. Olary goramagy, köpeltmegi parz iş hasaplaýar. Ak bugdaýyň Watany bolan mukaddes topragymyzda Nowruz günleri ýere tohum sepilip, bol hasylyň düýbi tutulýar.
Nowruz baýramynyň maldarçylygyň gadymy dessurlary bilen utgaşyp gidýändigini hem bilmeýän ýok bolsa gerek. Ýöne «Nowruz oty» diýilýän adalga hemmä tanyş däldir. Nowruz oty barada bize Bäherden etrabynyň Kazy obasynda ýaşaýan, ömrüni bereketli Garagumda süri yzynda geçiren 83 ýaşly Atamyrat Nuryýew gürrüň berdi: «Irki döwürde bir döwletli, parasatly kişi malyna çopan gözläpdir. Ol çopan boljak adamy paýhas synagyndan geçiripdir. Ençemäniň telwasy wysal bolmansoň, «Ata kesbi ogla halal» edip, çopanyň kömekçisi bolup ýören ýaş ýigit, ýaňky baýyň ýanyna barypdyr. Onuň: «Üçi dokuza ýetirip bilermiň?!» diýen sowalynyň jogabyny nagt edipdi: «Mallary Nowruz otunda bakyp ýetirerin». Baý muňa hoşal bolup, oňa çopan taýagyny ynanypdyr. «Nowruz oty» diýip baharyň üç aýynda öriniň ýaşyl ýapynjasyna öwrülýän gülälekdir dertlä derman otlara aýdylýar. Şoňa görä-de, säherde üsti çygly otdan iýip, semrän mallar uzak wagtlap horlanmaýar, galan dokuz aýy başy bitin geçirýär».
Nowruza bagyşlanyp düzülen monjugatdy dessury diňe biziň halkymyzda bar. Ýaşlaryň köpüsine «Nowruz deňňenesi-de» tanyş däldir. Bu adalga Nowruz güni belli bir toparyň «Deňňenä deň şärik» nakylyna eýerip, deň çykdajy edip taýýarlap paýlaýan nahar-nygmatlary bilen bagly döräpdir.
Ýakynda geçirilen etnograflaryň ylmy gözlegleriniň netijesinde halk döredijiliginiň täsin görnüşi dikeldildi. Ol «Nowruz şadiwanasy» diýlip atlandyrylýar. Dessura görä, gadymy derwüşler agaç tabagy ak undan dolduryp, gapyma-gapy aýlanypdyrlar. Her gapa barlanda, unuň üstüne ýagyş damjasyna meňzedip suw syçradylypdyr, Nowruzdan ýagyş, rysgal-bereketlilik, il-güne agzybirlik, salamatlylyk dilenipdir. Şol pursatda aýdylýan şadiwana bentleri dessuryň mazmunyny has-da baýlaşdyrypdyr. Adatça, şadiwana:
Nowruzlygy beriň bize,
Doga-dileg edeli size,
Ýaşyňyz ýetsin ýüze,
Şadiwana, şadiwana -
- ýaly bent bilen başlanypdyr.
Nowruz baýramynyň baş tagamy — semeniden başga-da, halkymyzda Nowruzyň hormatyna dürli nygmatlar taýýarlanylypdyr. Demirgazyk Türkmenistanda täze ýylyň sarpasy diýlip, Nowruz köjesi bişirilse, Günorta Türkmenistanda Nowruz ýarmasy taýýarlanylýar. Bu naharlary köpçülige hödür-kerem etmek sogap hasaplanýar.
Nowruz — agzybirligiň we jebisligiň baýramy. Munuň şeýledigine Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky Çaltut obasynda henize çenli ýörgünli bolan «Nowruz gazany» dessuryny öwrenenimizde has magat göz ýetirdik. Peýwendi tuduň kölegesine atylan halynyň üstünde, daşyna suhangöý eneleri jemläp, biziň gelerimize garaşyp oturan Altyn daýza bilen gürrüňdeşligimiziň bijebaşy bu dessuryň gadymylygy we onuň oba ilatynyň ruhy dünýäsinde tutýan orny dogrusynda boldy. Onuň mazmuny Nowruz güni ähli hojalykda nahar bişirilip, baýramçylyk desterhanyny dürli-dümen naz-nygmatlardan dolduryp, myhmanlara hödür-kerem etmek bilen bagly eken. Ojak-gazan — döwletliligiň, agzybirligiň nyşany. Şu gadymy obalarda körpeje çaga gijelerine ýatman, köp aglasa, ojagyň daşyndan aýlaýarlar. Täze gelni ýigidiň öýüniň, tamdyrynyň, ojagynyň daşyndan üç ýola aýlap, «Ojak kabul etsin, rysgal-döwlet eçilsin» diýip doga-dileg edilýär. Şu ruhy ýörelgelere eýerilip, Nowruz gazany doldurylyp nahar atarylýar. Şoňa görä-de, dessura «Gazan doldy» hem diýilýär. Baýram güni obanyň ýaşulularyndan düzülen topar ähli hojalyklara birin-birin myhmançylyga baryp, duz dadýarlar. Öý-içeriniň ýerbe-ýerligi, maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş aladalary bilen gyzyklanýarlar. Zerur halatynda, durmuş, hojalyk ýörediş tejribesi zyýat gojalar baglary ýetişdirmek, ekinleri haçan ekip, näçe wagty ara salyp suwarmalydygy, gurluşyk işleri barada degerli maslahatlaryny berýärler. Maşgala agzalarynyň ýa goňşy-golamyň arasyna düşen öýke-kinäniň düwünini çözüp berýärler. Tersleşen goňşulary biri-biriniň öýlerine eltip, duz dadyşdyrylýar.
Görnüşi ýaly, Nowruz milli öwüşginlere baý baýram bolup, onuň bilen bagly ruhy gymmatlyklaryň gadymy nusgalaryny öwrendigiňçe, milli mirasymyza bolan buýsanjyň artýar.
Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri.
Edebi makalalar