OGUZ TARYHYNYÑ ÇEPER ÝAZGYSY
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitabynda ata Watanymyzyň gadymy Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşip, ýakynu-alys ýurtlaryň biri-birleri bilen aragatnaşyk saklamaklarynda uly ähmiýete eýe bolandygy nygtalýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen diňe bir gymmat bahaly harytlardan üsti mas ýüklenen agyr kerwenler gatnamandyr, eýsem, bahasyny hiç bir baýlyk bilen ölçäp bolmajak, dünýäniň paýhasyny özünde jemleýän kitaplar ýurtdan-ýurda aşyrylypdyr. Şol kitaplaryň arasynda türkmen «Oguznamalary» hem bolupdyr. Edebiýat ylmyna mälim bolan «Oguznamanyň» Pariž, Kazan nusgalary bu pikiriň degerli delilidir.
«Oguznamalar» nesilbaşymyz Oguz han hem onuň nesil daragty, oguz durmuşy hakyndaky çeper eserlerdir. Halk taryhynyň çeper ýazgysyny oguznama sýužeti arkaly ýöredipdir we ol edebi däp hökmünde edebiýata ornaşypdyr. Olarda türkmenleriň ata-babalary bolan oguzlaryň durmuşyndan söhbet açylýar. «Oguznamalar» türkmen halkynyň şejeresiniň çeper ýazgylary bolup, edebiýatyň taryhyndan orun aldy.
Türkmen «Oguznamalary» özboluşly sýužetli bolup, taryhy hakykata esaslanyp ýazylan çeper eserlerdir. Olarda halkyň taryhynyň bellibir pursatlary çeper beýana geçirilipdir. Biziň günlerimize «Oguznamalaryň» dürli nusgalary gelip ýetipdir. Oňa mysal edip «Oguznamanyň» Pariž hem Kazan şäherlerinde saklanýan nusgalaryny, Reşideddin Fazlallahyň «Jamy at tawaryh» kitabyndaky «Oguz hanyň jahangirliginiň hekaýatyny» — «Oguznamany», «Gorkut ata» kitabyny, Dana atanyň «Oguznamasyny», Ýazyjy oglunyň, Salar Baba Gulaly ogly Salar Harydarynyň «Oguznamasyny», Abulgazy Bahadur hanyň «Şejereýi terakime» («Türkmenleriň nesil daragty») eserini, Nurmuhammet Andalybyň «Oguznama» poemasyny görkezmek bolar. Bu «Oguznamalaryň» ählisiniň umumy hem aýratyn taraplary bar.
Edebiýatçy alym A.Bekmyradow «Andalyp hem oguznamaçylyk däbi» atly kitabynda baryp VI asyrda Ulug han bitigçiniň (kitapçynyň, ýazyjynyň) biziň günlerimize gelip ýetmedik «Oguznamasynyň» dari diline geçirilendigi hakyndaky maglumaty getiripdir. Metbeçiligiň taryhyny öwrenýän belli alym Almaz Ýazberdiýew bu barada aşakdaky ýaly has anyk maglumatlary berýär. Ol bu «Oguznamanyň» asyl gelip çykyşy boýunça seljuk türkmenlerinden bolan, XIV asyrda Müsürde ýaşap geçen taryhçy Abubekr Dawadarynyň «Şöhratlananlaryň taryhyndan dürler» («Dürar ut-tidjak wa tawaryh gurar az-zaman») atly kitabynda ýatlanylýandygyny habar beripdir. Maglumata görä, Abubekir Dawadary ady agzalan işinde Abu Muslimiň kitap hazynasynda gadymy türkileriň taryhyna degişli ýazgynyň bolandygy hakyndaky maglumaty galdyrypdyr. Özem şol ýazgy Sasany döwletiniň patyşasy Hysrow Anuşirwan I-niň weziri Buzurgmihr ibn Bahtaganyň emlägine degişli bolupdyr. Edebiýatçy alym Halyk Görogly şol ýazgy Ulug han bitigçiniň «Oguznamasy» bolmaly diýen pikiri aýdypdyr. Ol apbasy Harun ar-Raşidiň (763-809) halyflyk eden döwründe Jebraýyl Bahtiýaşy tarapyndan arap diline terjime edilipdir. Ýöne onuň haýsy dilden (oguzçadan ýa-da ortapars dilinden) arap diline terjime edilendigi hakynda maglumat berilmändir. Sasany hökümdarlary otparazçylyk dini döwründe, has-da oguz-türkmen döwletiniň güýçlenip başlan irki döwründe gadymy oguzlaryň medeniýeti bilen içgin gyzyklanypdyrlar (Язбердиев А.Книжное дело в древней Средней Азии. — Ашгабат, «Ылым», 1995, стр. 255-256).
«Oguznamanyň» VIII asyrda arap diline geçirilmegi kanunalaýyklykdy. Sebäbi apbasylaryň häkimligi döwründe dürli kitaplary arap diline terjime etmek işi giňden ýola goýulýar. Bu iş Harun ar-Raşidiň ogly Mamunyň döwründe-de dowam etdirilýär. A.Bekmyradow ýokarda şu «Oguznamanyň» gürrüňini edipdir. Alym A.Ýazberdiýew «Oguznamanyň» VI asyrda ortapars, VIII asyrda arap diline terjime edilendigini anyklapdyr. Munuň özi «Oguznama» eserlerimiziň ýaşynyň has aňyrdandygyny subut edýän ikinji bir delildir. Birinji subutnama bolup «Oguznamalaryň» mazmuny hyzmat edýär.
Oguznamaçylyk däbinde ýazylan kitaplaryň käbir boýlary Aleksandr Makedonskiniň döwründen habar berýär. Munuň özi bu edebi däbiň iň gadymy döwürlerde hem irki orta asyrlarda giňden ýaýrandygyny aňladýar. Emma edebiýatyň bu däbi araplaryň yslam dinini Orta Aziýa ýurtlarynda ymykly ornaşdyranyndan soň öz ösüşini birbada haýalladypdyr. Ol XI-XII asyrlardan soň ýene rowaçlanyp ugraýar. Şu ýerde Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwani lugat at-türk» («Türki dilleriň diwany») sözlüginde hem türkmenleriň oguzlardygy, oguzlaryň türkmenlerdigi barasynda maglumatyň berilýändigi we onuň sözlüginde oguzlar hakyndaky rowaýatlaryň we oguz edebi nusgalarynyň orun alandygy bellärliklidir.
«Oguznamalaryň» özara deňeşdirme derňewi gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri hökmünde orta çykýar. Çünki türkmeniň ýanyp duran watanparazlygyny ündeýän «Oguznamalaryň» dürli nusgalary, «Gorkut ata» şadessany we beýleki oguz dessanlary bilen tanşanymyzda, türkmeniň medeniýetiniň gadymyýetine, halk bilen häkimiýetiň birdigine, bitewi bir göwredigine göz ýetirip bolýar. Bellemeli tarapy, ol eserler şahyrana zehiniň arassa çeper toslamasy däl-de, eýsem, özeninde anyk taryhy durmuş wakalaryny saklaýan, gönüden-göni taryhy wakanyň esasynda dörän eserlerdir, taryhy hakykatyň çeper ýazgylarydyr.
Türkmeniň şejere daragtynyň başynda duran Oguz han türkmen hakynda döredilen eserler ep-esli bar. Emma asyrlara uzaýan taryhyň içinde olaryň aglabasy ýitip gidipdir. Şeýle-de bolsa, türkmen milletiniň bagtyna türkmen «Oguznamalarynyň» bir bölegi biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Taryhy hem edebi çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Oguz han türkmen bäş müň ýyl mundan öň ýaşap geçipdir. Oguz türkmenleriniň guran ilkinji döwletinden bäri bäş müň ýyl wagt geçipdir. Bagabat, Altyndepe, Täk gala, Ary jülgesi, Margiana, Köneürgenç töwereklerinde gadymy döwre degişli tapyndylaryň üstüniň açylmagy ata-babalarymyzyň guran döwletleriniň taryhy ýerleşişi hakda düýpli pikirleriň döremegine esas beripdir. Oguzlaryň ýaşan ýerleri «Oguz ýurdy» diýlip atlandyrylypdyr. Ol hakynda orta asyrlarda «Hududyl-älem» ýaly ygtybarly arap çeşmelerinde anyk maglumat berlipdir.
«Oguznamanyň» ygtybarly hasaplanýan Pariž nusgasyny ylmy jemgyýetçilik XI-XII asyrlarda ýazylan hasaplaýar. Özem bu nusga soňraky «Oguznamalara» belli derejede täsirini ýetiripdir. XII asyrda eýýäm yslamyň ruhy edebiýata doly ornapdyr. Şonuň üçin «Oguznamalar» yslamyň täsirinde döredilip başlanypdyr. Oguzlaryň taryhy bilen gyzyklanan, orta asyrlarda we ondan soňky döwürde ýaşap geçen awtorlar Oguz hany musulman, yslama uýan şahsyýet edip görkezmäge çalşypdyrlar. «Oguznama» sýužetiniň esasynda taryhy wakalar bolup, olar arassa çeper mazmuna öwrülipdir. Şonuň üçin taryhylyk babatda olar seresap öwrenilmegini talap edýärler. Diňe anyk taryhy maglumatlary bu eserleriň mazmuny bilen deňeşdirmek, inçelik bilen yzarlamak arkaly taryhy hakykaty ýüze çykarmak mümkin. «Oguznamalaryň» taryhy ähmiýeti hem şundan gelip çykýar.
«Oguznamalarda» Oguz hanyň musulman dinine uýan şahsyýet hökmünde görkezilmegini «Oguznamalaryň» ýazylan döwrüniň täsiri diýip düşünmek dogrudyr. XII asyrda we ondan soňra ýazylan «Oguznamalar» yslam dininiň täsirinde döredilipdir. Bu döwürde bolsa Oguz han hakyndaky rowaýatlar, esasan, halkyň hakydasynda ýaşapdyr. Şonuň üçin «Oguznama» sýužetini emele getirýän wakalar halk hakydasyndan alnypdyr. Biziň bu pikirimizi Salar Harydarynyň «Oguznamasynyň» ilkinji setirleri-de tassyklaýar: «Türkmen halkynyň taryhçylary şeýle rowaýat edýärler. Nuh alaýhyssalam ýer şaryny perzentlerine paýlady...» («Oguznama». — Aşgabat, 2001, 5 sah.). Oguz rowaýatlary bolsa juda gadymy rowaýatlardyr. Halkyň hakydasynda dil üsti bilen ýaşaýan edebiýata öz döwrüne uýgunlaşma häsiýetiniň mahsusdygyny edebiýat ylmynyň nazaryýeti öwredýär. Islendik eser döwrüň talabyna görä üýtgeýär. Öz ýaşaýan zamanasynyň ruhuny kabul edýär. Bu onuň ýaşamagynyň baş şertidir. Şol sebäpli hem oguz dessanlarynyň yslamyň ruhuna girmegine kanunalaýyk edebi hadysa diýip düşünmelidir. Diňe ýazuwly edebiýat taryhy ösüş nukdaýnazardan ýazylan döwrüniň ruhy ýörelgelerine tabynlykda galýar. Emma muňa garamazdan, XI-XII asyrlarda ýazylan hasaplanýan, Parižde uýgur hatynda saklanýan «Oguznamada» yslamyň täsiri görünmeýär. Ýogsa bu dessanyň ýazylan wagty hem yslam dini oguz kowumlaryna aralaşypdy. Eýsem, muny nähili düşündirip bolar?
Uýgurlaryň Oguz hanyň kowumyndan bolup, oňa uýan halkdygyny, şonuň üçinem olara uýgur adynyň galandygyny oguz çeşmeleri tassyklaýar. Şu sebäbe görä, uýgur halkynyň arasynda Oguz han atamyzyň taryhynyň ýazgysynyň edilmeginde geňläre zat ýokdur.
Uýgur hatyndaky «Oguznamada» musulman dininiň täsiriniň bolmazlygynyň özüne ýetesi sebäbi bar. Uýgur halkynyň taryhyna nazar aýlanymyzda, olaryň budda dininiň bolandygyny görýäris. Bu barada Faruk Sümer şeýle ýazýar: «X asyryň ikinji ýarymynda budda uýgur köpçüliginiň dinine öwrüldi» (Faruk Sümer. Oguzlar-türkmenler. — Aşgabat, 1999, 55 sah.). Edil şu mesele bilen baglanyşykly Gündogar metbeçiligini öwreniji alym A.Ýazberdiýewiň pikiri has gyzyklydyr: «...Buddaçylyk taglymatynyň uýgur dilindäki kitaplary uýgur elipbiýi bilen, mukdary şeýle bir köp bolmadyk maniheý kitaplary bolsa maniheý elipbiýi bilen neşir edilipdir» (Ýazberdiýew A. Gündogar metbeçiligi we köne türkmen basma kitaplary. Aşgabat, 2002, 39 sah.). Diýmek, şol döwürde uýgur elipbiýini ulananlar, esasan, budda çokunýan adamlar bolmaly. Şonuň üçünem onda musulmançylygyň ruhunyň bolmazlygy kanunydyr.
Bu «Oguznamanyň» ýazylan ýeri we döwri hakyndaky pikirem gyzyklydyr. Faruk Sümer bu eseriň uýgur ülkesinde ýazylandygyna doly garşy çykýar: «Öňi bilen bir zady aýratyn nygtamak gerek, ýagny uýgurça «Oguz Kagan» dessanynyň-da Eýranda Ilhanly döwründe, Gazan han ýa-da halesi zamanynda ýazylandygyna hiç hili şübhe ýokdur» (Faruk Sümer. Oguzlar-türkmenler. — Aşgabat, 1999, 320 sah.). Elbetde, ony uýgurlaryň döretmändigi hakyndaky pikir jedelsizdir. Onuň ýazylan döwri weli has irräk bolmaly. Özem bu dessanyň Oguz han atamyz baradaky bize näbelli bir «Oguznamanyň» esasynda döredilendigi ikuçsuzdyr.
«Oguznamanyň» oguzlaryň — türkmenleriň özleri tarapyndan hut şu toprakda ýazylan nusgasynyň bolandygyna ynanasyň gelip dur. Şeýle diýip oýlanmaga esas berýän ýene bir pikir bar. Türkmen diliniň, onuň hatynyň taryhyna nazar aýlanymyzda, gadymy Oguz han atamyzyň elipbiýinden — oguz-orhon ýazuwyndan soň bellibir döwür aralygynda türkmenler uýgur hatyndan peýdalanypdyr diýen pikir bar. Eger şeýle bolsa, «Oguznamanyň» Pariž nusgasy ýa-da oňa esas bolan nusga türkmenleriň özleri tarapyndan şu toprakda ýazylandyr diýen ylmy çaklama esas berip bolar.
Öňde hem belleýşimiz ýaly, «Oguznamalaryň» deňeşdirme derňewi gymmatly edebi maglumatlary berýär. Oguz hanyň dünýä inişi bilen baglanyşykly waka ähli «Oguznamada» birmeňzeş däldir. Mysal üçin, Pariž nusgasynda Oguzyň dünýä inen dessine çig et, aş isleýşi, tiz ulalyşy, tokaýa awa gidişi çeper beýana salnypdyr. Özem bu waka her niçik çeper toslama baý hem bolsa, oguzlaryň yslamdan öňki irki oguz ýaşaýşyna juda mahsusdyr. Ondaky Altyn han, Urum, Ulug Orda beg, Masar han, Ulug Türük, Gök Taňry, Tömürtü Kagul, Barmaglyg Çoçun Billik kimin atlar, Çürçüt, Barkan, Tangut, Sind ýaly ýer-ýurt atlary eseriň gadymylygynyň, irki nusgalygynyň özboluşly delilidir.
Beýleki «Oguznamalarda» Oguz han musulman bolup jahana gelýär. Salar Harydarynyň «Oguznamasynda» bu ýagdaý şeýle beýan edilipdir: «Allatagalanyň permany bilen ondan bagtyýarlyk we patyşalyk nyşanly bir ogul dünýä indi. Ol üç gije-gündizläp enesiniň süýdüni emmedi. Enesi bu ahwalatdan gaýgy-gama batyp oturdy. Ol bir gije düýş gördi. Düýşünde ogly oňa:
— Eger maňa öz süýdüňi emdirmegi isleýän bolsaň, onda ýeke-täk we taýsyz Hudaýa iman getirip, Taňrynyň şerigatyny kabul etgin — diýdi» ( «Oguznama» — Aşgabat, 2002, 5 sah.). Görşümiz ýaly, bu «Oguznamada» Oguz hanyň dogluşy yslamy röwüşde berlipdir. Onda Oguz hanyň mydama Allatagalany ýat edip gezendigi ýörite nygtalýar: «Oguz çagalyk zamanyndan kämillik ýaşyna ýetdi. Ol hemişe şükür we doga edip, Allatagalany ýat ederdi» ( Şol ýerde, 6 sah.).
Gürrüňini edýän «Oguznamamyza» şeýle ýiti derejede yslamyň siňmegi onuň ýazylan döwri bilen baglydyr. Sebäbi eseriň awtory Salar Baba Gulaly ogly Salar Harydary XVI asyrda ýaşap geçen türkmen alymydyr. Ol öz «Oguznamasyny» 1555—1556-nji miladyda ýazypdyr. Bu döwür bolsa yslam dininiň dini ynanç hökmünde diňe bir doly kabul edilmän, eýsem, gülläp ösen zamanydy. Şu ýerde ylmy çeşmelerde Salar Harydarynyň «Oguznamasynyň» terjimedigi hakynda aýdylýar. Emma ol döwrüň terjimeleri döredijilikli terjimelerdir. Her bir ýazar oňa öz garaýşyny goşupdyr.
«Oguznamalarda», esasan, iki ýerde waka yslam dininiň täsirinde beýan edilipdir. Birinjisi Oguzyň dogluşynda, ikinjisi Oguz hanyň öýlenişi bilen bagly wakada. Özi-de bu ýagdaý «Oguznamanyň» Pariž nusgasyndan beýlekileriniň ählisinde birmeňzeşräk gaýtalanýar. Meselem, Salar Harydarynyň «Oguznamasynda» berilýän maglumata görä, atasy Oguza ilki inisi Kör hanyň gyzyny alyp berýär. Emma «Oguz onuň bilen söhbet tutman, oňa golaýlaşmazlygy ygtyýat etdi» ( «Oguznama». — Aşgabat, 2002, 6 sah.). Soňra atasy beýleki inisi Ler hanyň gyzyny alyp berýär. Ýagdaý munda-da şeýle bolýar. Sebäbi Oguz olary musulmanlyga çagyrýar. Iki agasynyň gyzam Oguzyň bu sözüni kabul etmeýär. Iň soňunda atasy Oguza kiçi inisi Or hanyň gyzyny alyp berýär. Ol Oguzyň sözüni tutup musulman bolýar. Edil şular ýaly ýagdaýy «Oguznamanyň» Kazan şäherinde saklanýan nusgasynda hem görmek bolýar. Bu nusga, beýlekilere seredende, göwrümi boýunça has uly bolup, onda oguzlaryň gelip çykyşy hem Oguz hanyň taryhy terjimehaly has giň beýan edilýär. Ýöne beýan etme yslamyň täsirinden azat däldir: «Oguzyň dili çykanda hemişe «Alla, Alla» diýip aýdardy. Ony her kim eşitse: «Oglan bolýar, dili öwrülmän, näme aýdanyny bilmän dur» diýýärdiler. Sebäbi «Alla» sözi arapçadyr. Mogolnyň hiç biri arap dilini eşiden däldi» («Oguznama». — Aşgabat, 2002, 115 sah.). Munuň özi gadymy oguz sýužetiniň yslam dininiň ruhuna ýugrulmagyndan başga zat däldir.
«Oguznamalarda» dini wakanyň birsydyrgyn işledilmeginiň sebäbi Oguz han atamyzyň köphudaýlylykdan ýekehudaýlylyga geçmegidir. Il-ulsuny ýekehudaýlylyga çagyran pygamberligidir. Muhammet Pygamber hem, Oguz han atamyz ýaly, köphudaýlylykdan birhudaýlylyga, Alla uýmaga çagyrdy. Emma Oguz han atamyz Gök Taňra — ýeke Taňra uýupdyr. «Taňry» sözi soň «Alla» manysynda işledilipdir. Bu söz biziň günlerimizde-de şeýle manysyny ýitirmändir. «Oguznamalaryň» şaýatlyk etmegine görä, Oguz han şahsyýet hökmünde ir kemala gelipdir. Kemala gelibem, ol kakasy bilen gapma-garşylyga girýär. Bu ýerde gürrüň ownuk dawa-jenjel hakynda däl-de, jemgyýeti özgertjek tutumlar hakda barýar. Oguz han bilen kakasynyň arasyndaky gapma-garşylygyň esasynda düýpli sebäp ýatýar. Oguz kakasynyň dini ynanjyndan ýüz öwrüp, täze bir ynanja — Gök Taňra — Asman hudaýyna gol ýapypdyr. Ol ýekehudaýlylyk ynanjynyň tarapynda. Bu wakalarda biz taryhy özgerişlikleriň ýaňyny eşidýäris.
Islendik döredilen zat, goý, ol çeper eser bolsun, ýa bolmasa başga bir närse, tapawudy ýok, oňa bitewülik mahsusdyr. Ol mazmun, forma, wagt we giňişlik nukdaýnazaryndan bitewidir. Oňa soňky goşulan zatlar artykmaçdyr. Bu çeper eser babatynda has hem göze dürtülip durandyr. Eger biz anyk «Oguznamalar» hakynda gürrüň etsek, onda iki häsiýetdäki mifologiýany görýäris. Birinjisi göktaňryçylyk, ikinjisi yslamy mifologiýa. Soňky birinjä soňundan ýabşyrylypdyr. Aýdylyşy ýaly, ol eseri sähel silkseň, ondan sypyrylyp düşýär. Emma orta asyrlarda ol mifologiýa eseri ortodoksal yslamyň yzarlamagyndan gorap saklan gorag dony bolupdy. Ýeri gelende bellesek, çeper eserlere döwrüň galagoplygyndan goranmak, geljege dowamat dowam bolmak ýeňil düşmändir. Edebi aň gadymy sýužetleri mydama gorag astynda saklapdyr. «Oguznamalar» taryhda türkmen halkynyň beýik döwletiniň bolandygyny şu günki hem geljekki nesillere habar berýän eserlerdir. Oguz han türkmeniň taryhynyň başynda duran beýik soltandyr. Ol döwletliligiň nyşanydyr.
Indi oguz sýužetleri hakyndaky söhbedimize dolansak, iň gadymy döwürlerde dünýäniň köp halklarynyň ynanç-ygtykadynda pygamberi Oguz han bolan Gök Taňry dininiň däp-dessurlary, urp-adatlary hakynda, seýregrägem bolsa, bar bolan ylmy garaýyşlary öwrenmek zerur. Elbetde, Gök Taňry dininiň mukaddes kitabynyň bolmazlygy bu meselede kynçylyklary döretjekdigi ikuçsuzdyr. Emma dürli dini däpleriň birinden beýlekisine geçendigi hakyndaky pikir täze däldir. Ol bireýýam subut edilen hakykatdyr. Dürli ynanç-ygtykatdaky halklaryň käbir dessurlarynyň, çalymdaş urp-adatlarynyň bolmagy umumadamzat medeniýetiniň bitewüliginden we olaryň başlangyç ösüşleriniň umumylygyndan habar berýär. Bu ýagdaý, öz gezeginde, milli medeniýetimiziň iň gadymy döwürlerden başlap umumadamzat siwilizasiýasynyň içinde bolandygyny alamatlandyrýar. Türkmenleri siwilizasiýalary — ösüşleri döredýän halklaryň hatarynda goýýar. Hakykatdan-da, keçelerimiziň gadymy nagyşlary, haly gölleri, Gök Taňry dinine uýan adamlaryň mazarüsti daşlaryndaky çyzgy-şekiller, hatda, haç şekilli çyzgylar umumadamzat medeniýetine siňipdir. Nygtamakçy bolýan pikirimiz gök taňryçylygyň käbir dini dessurlary ondan soňraky dörän dinlere siňipdir. Gök Taňry dininiň pygamberiniň Oguz handygy hakyndaky iň ygtybarly maglumat bolsa biziň gönüden-göni öz halkymyzyň döreden «Oguznamalarynda» bar. Şonuň üçin oguznama ýordumlaryny hertaraplaýyn öwrenmek meselesi öňde dur. Türkmen «Oguznamalary», türkmeniň halysy, keçesi, aty, alabaý iti, saryja goýny, şaý-sepleri ýaly, halkymyzyň dünýä medeniýetine beren genji-känidir. Ol gadymy Ýüpek ýolunyň üsti bilen dünýäniň gaty köp ýurtlaryna ýaýrapdyr.
Akmyrat TÄJIMOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň uly mugallymy.
Taryhy makalalar