02:02

Özüm hakdaky hamhyýallardan

ÖZÜM HAKDAKY HAMHYÝALLARDAN

Men pany dünýäden gaýdamda, dogan,
“Bir uçgun armanly köýdi” diýerler.
“Ol pir bolmasa-da bir ýalky dogan,
Hakykat donuny geýdi” diýerler.

“Tebigata sylag-hormaty artyp,
Almanam iýende, iýmezdi artyp,
Hiç wagt hiç kim oňa diýmedi artyp,
Olam ile hormat goýdy” diýerler.

“Ata-babalaryň yzyn çalardy,
Wagtyndan öň saç-sakgaly çalardy,
Gara gazman özüçeräk çalardy,
Saz tagamyn çyndan duýdy” diýerler.

“Näme tapsa, salyp sanlyja bende,
Meňzeşdi az suwa gurulan bende,
Kişi göwni üçin aýtmazdy bende,
Öz sözi göwnüne jaýdy” diýerler.

“Şol Rejep şahyrdan düşüpdi nepes,
Şu adamlar ýaly: ne beýik, ne pes,
Ussady Pyragy, Andalyp, Nepes,
Kemine, Mätäji, Seýdi…” diýerler.

“Gözel duýgulary ylhamdan alar,
Pöwhe goşgulardan ykjamdan alar,
Elýetmezdir onuň üçin danalar,
Sözüň hikmetine uýdy” diýerler.

“Heman görseň, derdi başdan agardy,
Wagtyndan öň saç-sakgaly agardy,
Danalardan däldigini aňardy,
Sözleri asaldan süýji” diýerler.

“Aňry geçmän “Kulhualla”, “Alhamdan”,
Ganyp içdi söýgi atly melhemden,
Edenje işini tapdy ylhamdan,
Özüni tötänlik saýdy” diýerler.

Italmaz AKMYRADOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 509 | Добавил: Нawеran | Теги: Italmaz Akmyradow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Podýumda / Goşgular - 28.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Şert / Goşgular - 09.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]