09:00 Putiniñ desantlary Gazagystanda | |
PUTINIÑ DESANTLARY GAZAGYSTANDA
Publisistika
Mesele agzalykdan we komitetden has öte Epizodlaryñ hemmesi tanyş, şäherlerde "lideriñ" heýkelleri ýykylýar. Resmi habarnama görä, adamlar edara-kärhanalary basyp alýar, polisiýa ot açýar we adamlary öldürýär. Heýkeller elbetde bir adama degişli we olaryñ biri sa:p altyndan ýasalan. Eýesi-de Gazagystanyñ kommunist döwlet ýolbaşçysy, kapitalist Prezidenti we uly nebit baýlygynyñ hökümdary Nazarbaýewdir. Otuz ýyllap towguna tok diýdirmän bir özi ýurdy dolandyrandan soñ Nazarbaýew hökümetiñ başga formasyna geçmegi makul bildi we halky Kasym-Jomart Tokaýewi saýlamaga terk etdi. Emma asyl täsir Nazarbaýewiñ we onuñ üç gyzynyñ Şweýsariýada, Fransiýanyñ günortasynda, Londonda we Nýu-Ýorkda toplan baýlyklary hem-de alan willalary üçin galdy. Ýakyn günlerde dünýäniñ iñ uly dokuzynjy ýurdy bolan Hytaýdyr Russiýanyñ goñşusynda ýagdaýlar üýtgemäge başlady. Tokaýew şobada Putinden kömek sorady. Putin kömek soralmadyk ýagdaýynda-da, Orta Aziýanyñ uly ýurtlaryna "durnuklylygy üpjün etmek" üçin kömek ugratmagy mümkindi. Sebäp diýseñ, Putin golaýynda bolýan bulam-bujarlyga göz ýumup oturjak adam däl. Russiýa Ukrainadan soñ başga hiç bir goñşusy bilen problemaly gatnaşyga takat edip bilmez. Iñ ýamanam, bu hereketleriñ Putin bilen dialogy kesmeýän, emma oña ýokary heñde ýüzlenmekden çeke durmaýan jenap Jo Baýden tarapyndan dolandyrylýandygyny ýa-da goldanýandygyny duýmak. Beýleki tebigy baýlyklar ýaly, nebit känleri Gazagystany başgalardan has öñe saýlaýar. Hem giñ, hem ýapyk bu ýurtda port ýok. Şonuñ üçinem hiç kimiñem demokrat görünjek bolup durmaga wagty ýok. Edil Putiniñ diktatura režimini dowam etmekde beýleki goñşusy Aleksandr Lukaşenkony goldamakdan çekinmeýşi ýaly. Aziýaly goñşusy üçin hereket etmäge bolan gyssagy beýlekileriñ çaky däl. Biri ýewropaly, beýleki aziýaly diktator we tötänlikden bu iki ýurdam gury ýer bilen gurşalan. Iki režimem sowet döwrüniñ mirasy. Häzir ýewropa gazetlerinde, hatda liberal rus gazetlerinde-de ýazylýan zatlar kagyz ýüzündäki syýadan başga zat däl. Warşawa pakty güýçleriniñ Çehoslowakiýadaky gozgalañy basyp ýatyrmak üçin giden 1968-nji ýylyndaky "Praga baharyny" ýatladýan zatlar bar. Häzir Gazagystandaky rus desantlarynyñ kartinasy Köpçülikleýin Howpsuzlyk Ylalalaşygy Guramasyna (KHYG) beýleki bäş ýurduñ desantlarynyñkydan o diýen tapawutly däl. KHYG-yñ uly rus strategiýasy, hususanam öñ "ýaşaýyş zolagy" diýip atlandyrylandygy üçin diñe resmi keşbe bürenendigi görnüp dur. Prezident Tokaýewiñ izolýasion operasiýalaryny-da öz içine alýan ýurt derejesindäki ähli öñüni alyş çärelerinde Putiniñ kölegesini görmek kyn däl. Iñ möhümi we uzak wagtla niýetlenip geçirilen işleriñ biri-de Nazarbaýewiñ Ýokary Energetika komitetiniñ agzalygyndan çykarylmagy. Mesele agzalykdan we komitetden has öte. Semir ATAULLAH, liwanly žurnalist. "Şarku'l Avsat" gazeti, 08.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |