RASIM KARAJA
Rasim Karaja, tanymal azerbaýjan ýazyjysy, žurnalist.
■ Terjimehaly we döredijilik işi
Ol 1960-njy ýylyñ 18-nji fewralynda Azerbaýjanyñ Aly Baýramlyda dogulýar.
1985-nji ýylda Azerbaýjan Döwlet uniwersitetiniñ žurnalustika fakultetini tamamlaýar. Okuwy tamamlandan soñra Kommunistik partiýanyñ metbugat organlary bolan "Maýak" we "Yşyk" gazetlerinde işleýär.
1990-njy ýylda Aly Baýramlyda Azat Ýaşar, Ysmaýyl Baýramogly dagylar bilen birlikde ilkinji bolup garaşsyz "BACA" edebiýat toparyny döredýär we şol toparyñ resmi däl "Ýaşyl Söz" býulettenini çykaryp başlaýar.
1994-2000-nji ýyllarda Russiýada ýaşaýar. Russiýada işleýärkä gurluşuk sektorynda işleýän türk firmalarynda terjimeçilik edýär.
2001-nji ýylda täze nesliñ ýazyjylaryndan düzülen "Erkin ýazyjylar merkezini" ("Azad Yazarlar Ocağı") döredýär.
2002-nji ýylda Rasim Karajanyñ redaktorlyk eden "Alatoran" atly hepdelik edebi býuletteni "Adalat" gazetine goşmaça hökmünde çykarylyp başlanýar. Býuletteniñ 31 sany çykandan soñ erkin pikirli ýazgylary sebäpli işi gadagan edilýär. Mundan soñra, 2004-nji ýyldan başlap "Alatoran" 3 aýdan bir gezek çykýan garaşsyz edebiýat žurnaly bolup işini dowam etdirýär. Žurnal 2011-nji ýylyñ aprel aýyna çenli 16 gezek neşir edilýär.
2003-nji ýylda ýaş ýazyjylaryñ goşgularyndan we hekaýalaryndan ybarat "Yaguar yerişli zaman" atly antologiýany neşir etmegi ýola goýýar.
2005-2006-nji ýyllarda ikinji gezek "Adalat" gazetiniñ "Nar" edebiýat bölüminiñ redaktory wezipesinde işledi. Şol bir wagtyñ özünde "Gündelik Azerbaycan" gazetinde-de žurnalistlik edýär.
2006-njy ýylda Krymda, 2008-nji ýylda Kiprde geçirilen şygryýet festiwallaryna gatnaşýar.
Kosowada we Türkiýäniñ Izmir şäherinde geçirilen şygryýet festiwallaryna Azerbaýjan wekili hökmünde gatnaşýar.
Rasim Karajanyñ goşgulary rus we türk metbugatynda yzygiderli çykyp durýar.
Rasim Karaja neşirçilik işini hem ýöredýär. "Alatoran" neşirýaty onuñ hususy neşirýatydyr.
■ Kitaplary:
1). "Ölüm hakynda Güneş" - 2002 (goşgular);
2). "Türküñ nakyly" - 2005;
3). "R" harpy bolmadyk aýlar" - 2006 (goşgular);
4). "Keseki öýüñ aýaly" - 2010 (hekaýalar).
5). "Eý, Siz ol ýerdäkiler" (goşgular), Baku 2011;
6) "Gämiler balyklaryñ bulutlary" (goşgular), Ankara-2012;
7). "11 gije" (roman) - 2014.
■ "ELAN" (azerbaýjan dilinde)
Gelinlik paltarlarımı kiraye verirem
Dekolte ve etekleri işlemeli
Bütün aksesuarları üstünde
Temiz atlasdan
Qolsuz.
Aşağı yeri de var...
İsteseniz paltarın içinde olabilerem
Bütün aksesuarlarım
Ve qollarımla birlikde
Çox ucuz...
Elcek deodema yelpaze tac
Çatıq qaşlarım var, ala gözlerim
Aile terbiyesi görmüş
Bakireliye teminat verirem
2001 katalogları esasında
Gece paltarlarını
Ve istirahet günü
Kostumlarını
Beyaz tenim
Qızıl saçlarım
Diger aksesuarlarımla birlikde
sedaqetli olabilerem
Könlüm sevginizle her an
Gerilmiş sim kimi olacaq
Namuslu olmağa teminat verirem
Qiymetim razılaşma ile.
("Ölüm hakynda Güneş" kitabyndan).
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly