10:39 Reklamanyň görnüşleri we serişdeleri | |
REKLAMANYÑ GÖRNÜŞLERI we SERIŞDELERI
Hukuk maslahathanasy
Mälim bolşy ýaly, islendik alyjy ilki harydy satyn almazdan öň şol harydyň hili, çykan wagty, onuň peýdalylygy we beýleki ýagdaýlary barada, islendik bir kärhana bolsa, başga bir kärhana bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmazdan öň şol kärhananyň näme bilen meşgullanýandygy, ol kärhananyň nähili önümleri öndürýändigi, onuň hemişelik müşderileriniň bardygyny ýa-da ýokdugyny, bolan ýagdaýynda onuň hemişelik müşderileriniň kimdigi, kärhananyň abraýy barada köpräk maglumatlary almak isleýär. Häzirki zaman bazar gatnaşyklarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, islendik harytlar we hyzmatlar barada ýeterlik maglumatlary almagyň esasy serişdesi hökmünde, reklamanyň çykyş edýändigi ikuçsuzdyr. Sebäbi, bellenip geçilişi ýaly, hut reklamanyň kömegi bilen önüm öndürijiler we satyjylar öz döreden ýa-da satýan maddy hem maddy däl gymmatlyklary barada, ilata hyzmat edýän kärhanalar bolsa, öz ýerine ýetirýän hyzmatlary barada has gyzyklandyryjy maglumatlary, düşündirişleri bermek bilen şahslaryň ünsüni özlerine çekýärler we olary öz harytlaryny almaga ýa-da bitirýän hyzmatlaryndan peýdalanmaga höweslendirýärler, netijede bolsa, olary öz müşderilerine öwürýärler. Şonuň üçin hem, reklama üçin ummasyz çykdajylar edilýär. Reklamanyň näderejede möhümligini, dünýä belli kärhanalaryň öz harytlaryny we hyzmatlaryny reklama etmek üçin ummasyz serişdeleri sarp edýändikleri hem tassyklaýar. Mysal üçin, Russiýanyň “Kommunikassion agentlikleriniň Assosiasiýasiýalarynyň (Ассоциации коммуникационных агентств)” hasaplamalaryna görä, reklamany sargyt edijiler öz harytlaryny we hyzmatlaryny reklama etmek üçin 2004-nji ýylda jemi 3,9 mlrd. ABŞ-nyň dollaryna barabar çykdajy etdipdirler. “Media Direction OMD” we “Optimum Media OMD” uly reklama agentlikleriniň maglumatlaryna görä Russiýanyň reklama bazarynyň dolanşygy 2010-njy ýylda jemi 4,2 mlrd. dollara barabar bolupdyr. Edil şonuň ýaly, “Zenith Optimedia” kompaniýasynyň hasaplamalaryna görä, 2004-nji ýylda Hytaýda reklama bazarynyň göwrümi ABŞ-nyň 9 mlrd., 2006-njy ýylda 12 mlrd., 2011-nji ýylda bolsa reklama bazarynyň göwrümi Hytaýda 18 mlrd. dollara bararbar bolupdyr . Elbetde, reklama islendik kärhananyň abraý gazanmagy üçin esasy serişdeleriň bir bolup hyzmat edýär. Ýöne muňa garamazdan, “Marketingiň esaslary” atly okuw gollanmasynyň awtory F.Kotler “Alyjylaryň dykgatyna ýetirilýän reklamanyň elmydama üstünlik getirjekligine güwä geçmek ýalňyşlyk bolardy” diýip öz işlerinde örän jaýdar belläp geçýär. Çünki, halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýän reklama görnüşleri boýunça hil-hil bolýar. Şoňa baglylykda, olaryň adama edýän täsirleri-de dürli-dürli bolýar. Reklamanyň täsirli bolmagy bolsa, ilki bilen ony ýaýratmagyň serişdelerine baglydyr. Reklama maglumatlaryny ýaýratmagyň serişdeleri diýlende bolsa, reklama edilýän obýektlere has köp müşderi çekmek maksady bilen, köpçüligiň dykgatyna ýetirilýän reklama maglumatlaryny beýan etmekligiň aýratyn bir görnüşine düşünilýär. Käbir ylmy edebiýatlarda islendik alyjy ýa-da müşderi bilen aragatnaşyk saklamagyň has peýdalysy hökmünde şu aşakdaky ugurlar hödürlenýär: Müşderi bilen şahsy aragatnaşyk saklamak, ýagny ýarmarkalarda, sergilerde kärhananyň wekiliniň (baş direktorynyň ýa-da işgäriniň) hut özüniň müşderi bilen ýüzbe-ýüz duşuşyp, gepleşikleri geçirmek (adatça, şonuň ýaly duşuşyklarda, öndürilýän ýa-da satylýan harytlaryň şekilleri ýerleşdirilen bukjajyklar, bukletler, kataloglar we ş.m. müşderilere hödürlenýär) . Ýöne adamzat siwilizasiýasynyň häzirki döwründe alyjy ýa-da müşderi bilen aragatnaşyk saklamagyň bu ugry elmydama mümkin bolup durmaýar. Şonuň üçin hem häzirki wagtda haryt öndürijiler görkezilen bu ugurdan başga-da reklama maglumatlaryny ýaýratmagyň beýleki serişdeleriniň kömeginden has giňden peýdalanýarlar. Reklamany ýaýratmaklygyň tejribede has giňden ýaýran, netijeli we esasy serişdeleri hökmünde, şu aşakdakylary görkezmek bolar: - metbugat serişdeleri (esasan hem has köp okalýan we giň meşhurlykdan peýdalanýan gazetleri, žurnallary, býulletenleri we ýörite okyjylara niýetlenmeýän, jemgyýetiň ähli gatlaklary üçin düşnükli hem elýeterli bolan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri); - audio-wizual serişdeleri (radio, telewideniýe, kino, açyk bazarlarda, sergilerde gurnalýan ýörite wideo enjamlar, slaýdfilmler we ş.m.); - daşky reklama serişdelerini (reklama plakatlary, adamlaryň jemlenýän ýerleri bolan demir ýol menzillerinde, şäherleriň işewürlik hem täjirçilik merkezlerinde, gatnawly uly ýollaryň ugurlarynda we ş.m. ýerlerde dürli harytlara hem-de hyzmatlara jemgyýetçiligiň ünsüni çekýän dürli şekillendiriş we ýazgy habarnamalary); - ulaglardaky reklama (ulag (transport) serişdeleriniň daşynda we iç ýüzünde, duralgalarda, ulaglaryň dürli görnüşlerine niýetlenen menzillerde (howa, demir ýol, awtoulag) ýerleşdirilýän reklama häsiýetli bildirişler) we ş.m. Reklamany ýaýratmaklygyň ýokarda görkezilen serişdeleri barada has giňişleýin durlup geçilende şu aşakdakylary görkezmek bolar: Metbugatdaky reklama Metbugatdaky reklama yzygiderli çykýan neşirlerde çap edilen reklama maglumatlaryny özünde jemleýär. Olary esasan iki topara bölmek bolar: - reklama bildirişleri; - syn beriji-reklama häsiýetli maglumatlar (göni ýa-da gytaklaýyn reklamany beýan edýän dürli makalalar, synlar, reportažlar we ş.m.). Reklama bildirişi – bu yzygiderli neşir edilýän metbugat serişdelerinde ýerleşdirilýän, tölegli reklama habarydyr. Nusgawy görnüşde reklama bildirişi uly ýazylan baş jümle (slogany) bilen başlanýar. Şol jümle-de gysby görnüşde reklama berijiniň täjirçilik teklibiniň mazmunyny hem artykmaç taraplaryny beýan edýär. Reklama bildirişiniň esasy ýazgy bölegi baş jümlä garanyňda ownuk harplar bilen ýazylýar we ol az sözlülik bilen reklama ýüzlenmesiniň özenini, reklama edilýän önümiň sarp ediji üçin peýdaly häsiýetlerini hem beýleki önümlere garanyňda artykmaçlygyny takyk hem jikme-jik açyp görkezýär. Reklama bildirişiniň soňunda bolsa müşderiniň ýüz tutmaly salgysy, telefon belgileri we ş.m. görkezilýär. Şu ýerde reklama bildirişleri çap edilende käbir ýagdaýlarda onuň bilen birlikde gyrkyp almak mümkinçiligi bolan kuponlaryň ýa-da sargyt ediş blanklarynyň çap edilýändigini hem bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, reklama bildirişiniň çeperçilik taýdan resmileşdirilişi mümkin boldugyndan onuň mazmunyna gabat gelmeli. Kärhananyň nyşanlarynyň (haryt nyşany, hyzmat ediş nyşany we ş.m.) esasy düzüm bölekleriniň has göz-görtele şekillendirilmegi hem reklama bildirişlerinde maksada laýykdyr. Adatça, makalalar we syn beriji-reklama häsiýetli beýleki neşirler belli bir kärhananyň işine syn bermek ýa-da şol kärhananyň ýolbaşçylary, hyzmatdaşlary we müşderileri bilen gürrüňdeşlik görnüşinde beýan edilýär. Şeýle neşirleriň dürli suratlar bilen bezelmegi has hem maksada laýykdyr. Sebäbi suratlar, dürli şekiller bilen bezelmedik uly göwrümli ýazgylar mümkin bolan müşderiler tarapyndan örän ünssüz kabul edilýär hem-de olarda ýerleşdirilen reklama maglumatlary niýetlenen maksadyna ýetip bilmeýär. Şeýle neşirler bezelende kärhananyň nyşanlaryny ulanmak hem oňyn netije berýär. Reklama bildirişlerini we syn beriji-reklama häsiýetli makalalar neşir etmek üçin esasan hem yzygiderli çykýan neşirleriň gazetler, žurnallar, býulletenler, sözlükler, syýahatçylar üçin kitapçalar ýaly görnüşleri ulanylýar. Metbugat neşirleriniň amala aşyrýan işiniň ugruna we temasyna baglylykda olary jemgyýetçilik-syýasy we ýöriteleşdirilen (dürli pudaklaýyn neşirler we ş.m.) görnüşlere bölmek bolar. Jemgyýetçilik-syýasy neşirlerde esasan hem giň halk köpçüligine niýetlenen harytlar we hyzmatlar barada reklama bildirişler berilýär. Senagatyň, ylmyň hem tehnikanyň ol ýa-da beýleki pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenleriň dykgatyna hödürlenýän senagatda, ylmy önümçilikde ulanylmaga niýetlenen önümler we harytlar barada reklama bildirişleri bolsa, ýöriteleşdirilen neşirlerde çap edilýär. Özüniň ykjamlygy, çalt hem yzygiderli gaýtalanyp çap edilip, giň möçberde ýaýradylýandygy sebäpli, metbugatdaky reklama reklamanyň iň netijeli serişdeleriniň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, daşary ýurtlaryň käbirlerinde metbugatdaky reklama edilýän çykdajylar reklamanyň ähli görnüşlerine sarp edilýän serişdeleriň agramly bölegini emele getirýärler. Biziň ýurdumyzda reklamanyň bu görnüşiniň öndürilişi günsaýyn artýar. Reklama bildirişlerini çap etmek baradaky sargytlary kabul edýän jemgyýetçilik-syýasy we ýöriteleşdirilen neşirleriň sany ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda reklamanyň bu görnüşiniň biziň döwletimizde näderejede ýaýrandygyny “Biznez-reklama”, “Rysgal”, “Habarlar”, “Нейтральный Туркменистан” we ş.m. ýaly gazetleriň mysalynda görümek bolýar. Şu ýerde metbugatdaky reklamanyň gönükdirilen maksadyna ýetmegi üçin üns berilmegi zerur bolan käbir ýagdaýlar barada bellemek ýerlikli bolardy: 1. Metbugatdaky reklamanyň alyjylaryň islenilýän toparynyň dykgatyna ýetmegini üpjün etmek üçin bu maksada has laýyk gelýän, ýagny alyjylaryň şol toparynyň arasynda meşhurlykdan peýdalanýan neşiri saýlap almaly. Munuň üçin ilki bilen gazetleriň, žurnallaryň we olaryň ýanyna goşulýan dürli goşundylaryň sanawyny düzmeli hem-de şol sanawda olaryň her haýsynyň neşir sany (tiražy) barada maglumaty ýerleşdirmeli. Soňra neşirleriň umumy sanawyndan degişli harytlaryň (hyzmatlaryň, önümleriň we ş.m.) reklamasy ýerleşdirilip bilinjek neşirleri saýlap almaly. Haýsydyr bir neşiriň soňky sanlarynyň birnäçesiniň mazmunyny seljermegiň esasynda şol neşiriň jemgyýetiň haýsy gatlagynyň, haýsy sosial toparyň dykgatyna hödürlenýändigi, onuň mümkin bolan alyjylar topary üçin gyzyklanma döredýändigi ýa-da olar tarapyndan düýbünden okalmaýandygy barada belli bir derejede anyk netijä gelmek bolar. Esasan hem söwdada, senagatda we beýleki hünär çygyrlarynda ýerlenilmeli harytlary, önümleri reklama etmek göz öňünde tutulanda degişli neşirleriň okyjylarynyň sany hem-de gaýry häsiýetli aýratynlyklary has çuňňur öwrenilmäge degişlidir. Mysal üçin, saglygy goraýyşyň umumy ugurlary bilen bagly žurnaly lukmanlaryň we saglygy goraýyş pudagynda zähmet çekýän beýleki hünärmenleriň müňlerçesi okap biler, saglygy goraýyşyň belli bir çygryna degişli has ýöriteleşdirilen neşir bolsa, diňe birnäçe ýüz sany ýokary derejeli hünärmeniň dykgatyndan peýdalanyp biler. Ýöne şol birnäçe ýüz hünärmeniň ünsüni çekmek hem harydyň (önümiň, hyzmatyň we ş.m.) reklamanyň esasy maksady bolmagy mümkindir. 2. Reklamany ýerleşdirmek üçin degişli neşir saýlanyp alnanda onuň çap edilýän sanynyň möçberiniň hem örän wajyp ähmiýeti bardyr. Gündelik neşir her günde bir gije-gündiziň dowamynda köpçülige ýaýradylýar. Şonuň üçinem okyjy ony şol gün okaýar-da, bir gyra süýşürip goýýar, sebäbi ertesi gün çap edilen neşirdäki täze maglumatlar onuň ünsüni çekýär. Adatça, hepdelik neşirlere okyjylar tarapyndan birnäçe gezek garalýar we ol bir hepdäniň dowamynda okyjynyň eliniň aşagynda saklanylýar. Degişlilikde her aýda ýa-da çärýekde çap edilýän neşirleriň okyjylaryň (alyjylaryň) ünsüne mynasyp bolmakda ömri has hem uzak bolýar. Onsoňam ýene-de bir bellemeli ýagdaý: gündelik neşirler hepdelik neşirlere garanyňda maşgalanyň agzalarynyň ählisi tarapyndan okalmaýar. Çünki aglaba köp ýagdaýda gündelik täzelikler gazetden däl-de agşamky telewizion habarlar gepleşiklerinden özleşdirilýär. Onuň tersine, hepdelik ýa-da her aýda çap edilýän neşirler köplenç halatda diňe bir maşgalanyň agzalary tarapyndan okalman, eýsem olar okalyp bolnandan soňra maşgalanyň agzalarynyň dostlaryna ýa-da tanyşlaryna-da berilýär. Ýöne başga bir tarapdan gündelik neşirleriň yzygiderliligi we gündeligi reklamany belli bir günde çap etmek bilen birlikde ony hepdäniň dowamynda birnäçe gezek gaýtalap çap etmäge, netijede-de alyjylaryň ýadynda galdyrmaga mümkinçilik berýär. Ondan başga-da reklamanyň günde çap edilip, günde-günaşa okyjynyň, ýagny alyjynyň gözüne ilip durmagy oňa durmuşylyk häsiýetini berýär. Netijede neşiriň yzygiderliligi we gündelik çap edilýänligi reklama möwsümi meýilleşdirilende göz öňünde tutulmaly örän wajyp şertleriň biri bolup durýar. Çünki gündelik we hepdelik neşirleri alyjylara bada-bat hem yzygiderli täsir etmek üçin ulanyp bolar. Her aýda ýa-da çärýekde çap edilýän neşirler bolsa, başdaky täsirlerinden soň belli bir haryt (hyzmat ýa-da önüm) barada uzak wagtlaýyn ýatlatma häsiýetine eýe bolup biler. 3. Metbugatdaky reklamanyň gönükdirilen maksadyny üstünlikli amala aşyrmagy üçin ol çap edilende dürli reňkleriň we öwüşginleriň ýerlikli ulanylmagynyň hem örän uly ähmiýeti bardyr. Elbetde, şeýle reklamada ýerleşdirilen dürli reňkli fotosuratlaryň, suratlaryň, şekilleriň, slaýdlaryň çap edilmegi baha nukdaýnazaryndan gymmada düşýär, emma käbir ýagdaýlarda şeýle çykdajylaryň çykarylmagy reklamanyň öz maksadyna ýetmegi üçin örän möhümdir. 4. Reklamanyň ýerleşdirilýän ýeriniň hem onuň netijeliligine örän uly täsiri bardyr. Mysal üçin: žurnalyň soňky sahypasynyň dörtden bir bölegi möçberinde ýerleşdirilen reklama bildirişiniň, wajyp makalalaryň, gyzykly maglumatlaryň gapdalynda, neşiriň ilkinji sahypalarynda ýerleşdirilen reklama bildirişlerine garanyňda alyjylaryň ünsüni çekmeklige has az mümkinçiligi bardyr. Okyjynyň ünsüni çekmeklige görkezilenlerden başga-da şu aşakdaky ýaly dürli kesgitleýji sebäpler täsir edýändir: - reklama bildirişiniň gapdalynda ýerleşdirilen maglumat toplumlary; - reklama bildirişiniň özüniň bezegi (dizaýny); - neşiriň şol sahypasynda ýerleşdirilen beýleki maglumatlaryň reňkiniň arasyndan saýlanmagy; - bildirişiň harplarynyň ululyk möçberi hem görnüşi (şrifti) we ş.m. 5. Reklama bildirişiniň gönükdirilen maksadyna ýetmeginde onuň umumy möçberiniň hem wajyp ähmiýeti bardyr. Mysal üçin, eger-de bazara täze haryt çykarylýan bolsa, ondan peýdalanmagyň tertibi we onuň bilen bagly artykmaçlyklary jikme-jik düşündirmek üçin degişli reklama bildirişiniň göwrüminiň uly bolmagy maksada laýykdyr. Ýöne şonuň bilen birlikde-de, şu ýerde uly göwrümli reklama bildirişini gazetde ýa-da žurnalda bir gezek çap etmekligiň oňa okyjy tarapyndan düýbünden üns berilmezlik howpuny döredýändigini bellemek gerek. Çünki kiçi göwrümli bildirişleriň yzygiderli toplumy şol bir neşirde belli bir wagt möçberiniň çäginde dowamly çap edilende onuň bir gezek bolmasa başga bir gezek okyjynyň gözüne ilmäge mümkinçiligi bardyr. Reklama bildirişiniň möçberi ony yzygiderli gaýtalap çap etmek zerurlygy, reklama üçin goýberilýän serişdeleriň möçberi, reklama ýüz tutmasynyň häsiýetli aýratynlyklary, reklama bermek arkaly amala aşyrmak göz öňünde tutulýan maksatlar we ş.m. bilen kesgitlenýär. Reklamany ýaýratmaklygyň tejribede has giňden ýaýran, netijeli we esasy serişdeleri hökmünde bolsa, şu aşakdakylary görkezmek bolar: Reklama serişdesiniň bu görnüşine seljerme geçirilende, onuň bilen bir hatarda onuň mazmuny we häsiýeti boýunça meňzeş bolan çap edilen reklama serişdesine hem aýratyn seredip geçmelidir. Çap edilen reklama hem reklamanyň esasy serişdeleriniň biri bolmak bilen, ol ilkinji nobatda alyjylaryň görüş ukybyna täsir etmekligi maksat edinýär. Çap edilen reklama maglumatlarynyň ähli toplumyny iki sany esasy topara bölmek bolar: - kataloglaýyn-reklama häsiýetli neşirler; - täze ýyl üçin sowgat-reklama häsiýetli neşirler. Sanawlaýyn-reklama häsiýetli neşirler harytlaryň, önümleriň we hyzmatlaryň anyk görnüşlerini reklama edýärler. Mälim bolşy ýaly, katalog – bu kitapça görnüşinde taýýarlanan we tikilen, özünde harytlaryň köp möçberiniň ulagmlaşdyrylan, yzygiderli tertipde ýerleşdirilen, dürli suratlar bilen bezelen sanawyny jemleýän neşirdir. Düzgün bolşuna görä, katalogyň ýazgy böleginde görkezilen harydy öndüriji-kärhana barada giriş makalajygy berilýär, soňra bolsa hödürlenýän harytlaryň jikme-jik suratlandyrylmasy we tehniki häsiýetnamalary görkezilýär. Katalog köp reňkli, uly göwrümli neşir bolmak bilen ol uzak wagtyň dowamynda ulanylmagyna niýetlenýär. Prospekt – bu kitapça görnüşinde taýýarlanan we tikilen, özünde belli bir anyk haryt ýa-da harytlaryň topary barada maglumaty jemleýän neşirdir. Ol hem katalog bilen birmeňzeş görnüşde taýýarlanýar, ýöne ondan tapawutlylykda onuň göwrümi kiçidir we köplenç halatda belli bir kärhananyň şahsy senesi (ýubileýi) ýa-da haýsydyr bir dabara mynasybetli taýýarlanýar. Buklet – bu katalogdan we prospektden tapawutlylykda, tikilen hem sahaplanan däl-de birnäçe gezek eplenen görnüşde taýýarlanýan kitapçajykdyr. Ol dürli göwrümde we dürli görnüşde bolup bilýär hem-de gysga wagtlaýyn ulanmak üçin niýetlenýär. Plakat – bu uly göwrümli, eplenmedik we sahaplanmadyk, äpet sahypanyň diňe bir tarapyndan çap edilýän neşirdir. Onda uly çekilen ýa-da taýýarlanan surat äpet giriş sözi (slogan) bilen bilelikde ýerleşdirilýär we surat hem giriş sözi bilelikde reklama edilýän harydyň ýa-da hyzmatyň esasy aýratynlygyny açyp görkezýär. Täze ýyl üçin sowgat-reklama neşirleri hem reklama neşirleriniň örän netijeli görnüşi bolup durýar. Olaryň şu aşakdaky ýaly görnüşleri bardyr: 1. Belli bir kärhana üçin ýörite taýýarlanan diwardan asylýan ýa-da stoluň üstünde goýulýan senenamalar (kalendarlar), gündelikler, ýandepderçeleri we ş.m.. Olarda ýörite reklama zolaklary bolmak bilen, şol zolaklarda hödürlenýän harytlar we hyzmatlar barada maglumatlar ýerleşdirilýär. Görkezilen neşirleriň reklama zolaklary düzülende sargytçy kärhananyň (guramanyň) firma nyşanlary giňden ulanylýar. 2. Ýanyňda götermek üçin niýetlenen, çaklaňja senenamalar (kalendarlar). Olarda sargytçy kärhananyň firma nyşanlary we onuň hödürleýän harytlary hem hyzmatlary barada ýörgünli bolan şygarlary ýerleşdirilip bilinýär. 3. Dürli görnüşdäki baýramçylyk plokatlary sergileri, söwda we tanyşdyryş dabaralarynyň geçirilýän ýerlerini, gulluk jaýlaryny, kabulhanalary, gepleşikleri geçirmek üçin otaglary bezemek üçin ulanylyp bilinýär . Çap edilen reklama maglumatlary işewür duşuşyklaryň we täjirçilik gepleşikleriniň dowamynda giňden ulanylýar, açyk söwda satuwlarynda, bazarlarda we sergilerde ýaýradylýar. Täze ýyl üçin sowgat-reklama neşirleri bolsa, şahsy işewürlik duşuşyklarynda sowgat berlişi ýaly, poçtanyň üsti bilen hem ugradylyp bilinýär. Düzgün bolşuna görä, täjirçilik-reklama neşiriniň baş maksady alyjylary reklama ediji kärhananyň öndürýän harytlary bilen doly we hemmetaraplaýyn tanyşdyrmak bolup durýar. Ýeriň ýüzüniň köp döwletleriniň reklama kanunçylygyna we reklama işiniň umumy ykrar edilen iş dessurlaryna, ýörelgelerine laýyklykda, reklamanyň beýleki görnüşlerindäki ýaly, täjirçilik-reklama neşirlerinde-de reklama edilýän harytlar, hyzmatlar hem önümler barada ýalan maglumatlary bermeklige ýol berilmeýär. Audio-wizual reklama Audiowizual reklama reklama kinofilmlerini, wideofilmlerini we slaýd-filmleri öz içine alýar. Görkezilenlerden reklama kinofilmleri we reklama wideofilmleri şu aşakdaky ýaly görnüşlere bölünýär. Reklama kinofilmleri: 1. Reklama rolikleri – bu dowamlylygy 15 sekuntdan birnäçe minuda çenli bolan, gysgajyk reklama filmleri bolmak bilen, olar düzgün bolşuna görä giň halk köpçüliginiň ulanýan harytlaryny we hyzmatlaryny reklama edýärler hem-de ilatyň ähli gatlaklaryna görkezmeklige niýetlenýär. Olar kinoteatrlarda ýa-da telewideniýede çeper filmleriň görkezilişinden öň ýa-da olaryň arasynda görkezilýärler. 2. Reklama-tehniki filmler – bu dowamlylygy 10 minutdan 20 minuda çenli bolan, diňe bir önüm barada däl-de şol önümi öndüriji kärhana barada-da gürrüň berýän, reklama berijiniň amala aşyrýan işi barada oňyn jemgyýetçilik pikirini döretmek hem-de onuň iş abraýyny artdyrmak maksady bilen dürli jemgyýetçilik toparlaryna (hünärmenlere we giň halk köpçüligine) görkezmeklige niýetlenen reklama filmidir . Reklama-tehniki filmler öz gurluşlary hem görnüşleri boýunça köpçülige niýetlenen ylmy filmlere has ýakyndyr. Kähalatlarda olar döredilende multiplikasiýanyň, kompýuter grafikasynyň we çeper kinonyň usullary hem giňden ulanylýar. Şeýle filmler bazarlarda we sergilerde, tanyşdyryş dabaralarynda, metbugat-maslahatlarynda (press-konferensiýalarda), işewürleriň duşuşyklarynda we ş.m. görkezmek üçin niýetlenýärler. Reklama wideofilmleriniň götrnüşlere bölünişi bolsa, reklama kinofilmleriniňki bilen birmeňzeşdir. Reklama wideoekspress maglumaty hem, wideoreklamanyň özboluşly görnüşi bolup, ol haýsydyr bir reklama beriji guramanyň işindäki adatdan daşary dabaraly, şanly hadysa (täze, öňdebaryjy harydyň öndürilip başlanmagy, uly möçberli serişdeler babatda täjirçilik geleşiginiň baglaşylmagy, kärhananyň döredilmeginiň ýa-da giň meşhurlyk gazanan harydyny öndürip başlamagynyň şanly senesi we ş.m.) barada tizden-tiz we ykjam görnüşde taýýarlanan wideogörnüş bolup durýar. Häzirki döwürde reklama işiniň tejribesinde reklama kinofilmlerine garanyňda reklama wideofilmleriniň öndürilişine has artykmaç ýykgyn edilýändigini bellemek gerekdir. Bu ýagdaý wideoreklamanyň şu aşakdaky artykmaçlyklary zerarly ýüze çykýar: - wideoreklamany kinoreklama garanyňda has çalt öndürip bolýar we önümçilikde ep-esli serişdeler tygşytlanýar; - ony has köp möçberde aňsatlyk bilen öndürip bolýar; - onuň önümçiliginde dürli elektron effektleri ýokary netijelilik bilen ulanyp bolýar; - taýýar önümleri daşamak aňsat; - olary görkezmek üçin ýörite enjamlar, jaýlar zerur däl. Reklama slaýd-filmleri bolsa awtomatiki usulda biri-birini çalyşýan we bir ýa-da birnäçe ekranlarda görünýän reňkli suratlaryň programmasydyr. Şeýle programmanyň gapdaly bilen ýörite taýýarlanan ses üpjünçiligi hem fonogramma görnüşinde berilýär. Daşky reklama Daşky reklama esasan hem giň halk köpçüligi tarapyndan gündelik ulanylýan harytlaryň reklamasy üçin iň netijeli serişdeleriň biri diýlip hasaplanýar. Sebäbi ol ilkinji nobatda ilatyň aglaba köp böleginiň ünsüni çekmek üçin niýetlenýär. Hut şonuň üçin hem soňky döwürde ýeriň ýüzüniň uly senagat kärhanalarynyň, birleşmeleriniň we konsernleriniň aglaba köpüsi öz haryt nyşanlaryny reklama etmek daşky reklamanyň kömegi bilen amala aşyrmaga ýykgyn edýär. Daşky reklama serişdeleriniň dürli görnüşleriniň esasylary hökmünde şu aşakdakylary görkezmek bolar: afişalar; pannolar; transparantlar; yşyklandyrylan plakatlar; ägirt uly ekranlar; elektron tablolar we ş.m. Daşky reklamanyň köp halatlarda uzak aralyklardan we geçilip barylýan wagtynda görmek üçin niýetlenýändigi sebäpli, ony adatça, gysgaça, täsirli habar-jümle görnüşinde şekillendirýärler. Şeýle reklama maglumatlarynyň çeperçilik bezeginde bolsa kärhananyň nyşanlary uly görnüşde görkezilýär. Reklama afişalary, pannolar we transparantlar düzgün bolşuna görä, esasy ulag we pyýada ýollarynyň ugurlarynda, meýdançalarda, sport-toplumlarynyň girelgelerinde, bazarlarda we sergilerde, şonuň ýaly-da adamlaryň köp üýşýän ähli beýleki ýerlerinde ýerleşdirilýär. Yşyklandyrylan plakatlary, elektron tablolary we ekranlary bolsa, dürli harytlaryň gijeki reklamasynda ulanmak maksady bilen şäherleriň merkezi köçeleriniň ugurlarynda we dabara meýdançalarynda ýa-da dürli baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerlerinde ýerleşdirilýär. Daşky reklamanyň ýene-de bir görnüşi ulaglardaky reklamadyr. Ulaglardaky reklama dürli ulag serişdeleriniň ýüzünde (ýük ulaglarynda, awtobuslarda, tramwaýlarda, trolleýbuslarda, otlularyň wagonlarynda we ş.m.) ýerleşdirilýän reklama maglumatlaryndan hem-de şekillerinden ybaratdyr. Käbir ýagdaýlarda reklama maglumatlary ulaglaryň salonynyň içinde hem ýerleşdirilýär. Mundan başga-da daşky reklamanyň dürli görnüşleri demirýol, howa we ulag menzillerinde-de ýerleşdirilýär. Ulaglardaky reklama bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmekde dürli döwletleriň ulanýan düzgüleşdiriş tejribesi barada aýdylanda, Russiýa Federasiýasynyň reklama hakynda kanunçylygynda şu aşakdaky ýaly kadalar bar: „Ulag serişdelerinde reklamanyň ýaýradylmagy, ulag serişdeleriniň eýeleri bilen şertnamanyň baglaşylmagy we degişli edaralaryň rugsat bermegi esasynda amala aşyrylýar. Şunda ulag serişdelerinde ýerleşdirilen reklama ýol hereketiniň howpsuzlygyna päsgel bermeli däldir hem-de beýleki ulag serişdeleriniň sürüjileriniň we köçe ýol hereketiniň gatnaşyjylarynyň görüş meýdanynyň öňüni ýapmaly ýa-da çäklendirmeli däldir. Olar tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň beýleki kadalaryna laýyk gelmelidir. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ulag serişdelerinde reklamanyň ýaýradylmagyny çäklendirmek ýa-da gadagan etmek ýaly ýagdaýlary ýol hereketiniň howpsuzlygyna gözegçilik etmek wezipesi ýüklenen ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan kesgitlenilýär” . Türkmenistanda bu gatnaşyklar, ýagny ulag serişdelerindäki reklama bilen bagly gatnaşyklar 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň 6-njy bendinde berkidilen kadalar bilen düzgünleşdirilýär. Salgylanylýan Kanuna laýyklykda hem ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary, içeri işler edaralary bilen ylalaşyp, daşarky reklama we maglumat desgalarynyň mazmunynyň ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryna laýyk gelmeginiň üpjün edilmegini amala aşyrýarlar . Daşky reklama – bu adam öýünde ýa-da iş ýerinde otyrka däl-de ýolda barýarka onuň ünsüni çekmäge gönükdirilen reklama serişdesidir. Reklama işiniň nazarýetinde daşky reklamany amala aşyrmaklyga bäş sany wajyp talap bildirilýär: 1. Adamlaryň gözüne has köp ilýän ýerde ýerleşdirilmeli; 2. Adamlaryň ünsüni özüne çekmeli; 3. Gysga bolmaly; 4. Ýüzugruna ýeňil okalar ýaly derejede sada bolmaly; 5. Örän düşnükli bolmaly . Ýokarda bellenip geçilşi ýaly, reklamanyň ilkinji we esasy wezipesi belli bir harytlar we hyzmatlar barada maglumat bermek bolup durýar. Şonuň üçin hem biziň pikirimizçe, şu ýerde daşky reklama bildirilýän talaplara ýene-de reklama edilýän harytlar we hyzmatlar barada takyk maglumatlaryň berilmelidigi, şeýle hem, reklamada berilýän maglumatlaryň kanuna laýyk bolmalydygy (ýagny, reklama bildirilýän umumy we ýörite talaplaryň berjaý edilmelidigi) baradaky talaplar hem goşulsa ýerlikli bolardy we reklama çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, raýat dolanşygyndaky ýerine ýetirmeli esasy jemgyýetçilik wezipelerini doly açyp görkezerdi. Gündelik durmuşda daşky reklamanyň has köp duş gelýändigi sebäpli dünýäniň aglaba köp döwletleriniň kanunçylygynda reklamanyň bu görnüşini düzgünleşdirmeklige belli bir derejede aýratyn üns berilýär we ony amala aşyrmaklyga käbir daşary ýurt döwletleriniň kanunçylyk namalarynda berkidilen şu aşakdaky ýaly talaplar bildirilýär : 1. Obalarda we şäher ýerlerinde ýa-da beýleki ilatly ýerlerde plakatlaryň, stendleriň, yşyklandyrylan tablolaryň we beýleki serişdeleriň üsti bilen aç-açan reklama (daşky reklama) ýaýradylanda, daşky reklama serişdeleri ýol belgileri we ýol ugrukdyryjylary bilen bir meňzeş bolmaly däldir we olaryň görmeklige hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmeklige päsgel bermegi gadagandyr. 2. Obalarda we şäherlerde ýa-da beýleki ilatly ýerlerde daşky reklamany ýaýratmaga, şu aşakdaky edaralardan ygtyýar almak bilen rugsat berilýär: - obalaryň we şäherleriň çäginiň daşyndaky ulag ýollarynyň golaýynda we aýlaw zolaklarynda degişli döwlet ýol-ulag dolandyryş edarasynyň ýerlerdäki bölümlerinden, şeýle hem, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň ýerlerdäki bölümlerinden; - oba we şäher ýerleriniň çäginde ýerli häkimliklerden we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan; - demir ýoluň aýlawly zolaklarynda demir ýol dolandyryşynyň degişli edaralaryndan. 3. Çäklerde (territoriýalarda), (şol sanda medeniýet ýadygärlikleriniň, dessur desgalarynyň, tebigaty goramak boýunça toplumlaryň çäklerinde) jaýlarda, desgalarda we beýleki obýektlerde dikeltmek ýoly bilen daşky reklamany ýaýratmak, şeýle hem görkezilen reklamany ýaýradylanlygy üçin tölegiň tertibini we möçberini kesgitlemek, emläge eýeçilik hukugy bolan ýa-da emlägiň eýesi bolan şahs bilen şertnama esasynda, eger-de kanunda ýa-da şertnamada emlägiň eýesi we eýeçilige hukugy bolan şahsa degişli başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa we görkezilen rugsatnama bolan ýagdaýynda amala aşyrylýar. Reklamanyň ýokarda görkezilen serişdelerinden başga-da, şu aşakdaky ýaly has giňden ýaýran görnüşlerini-de görkezmek bolar. Radio we telereklama Radio we telereklama reklama etmegiň has giň ýaýran serişdeleridir. Özi-de reklamany ýaýratmagyň bu serişdeleri günsaýyn kämilleşýär we jemgyýetçilik durmuşynda barha giň gerime eýe bolýar. Radio eýýäm bir asyra golaý wagt bäri adamzadyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Günde radio enjamy işledýän her bir adam öz halaýan gepleşikleriniň arasynda radioreklamany hem diňleýär. Hut şonuň üçinem radioreklama reklamany ýaýratmagyň iň netijeli, ondan başga-da iň tygşytly we çalt hereket edýän serişdesidir. Sebäbi radiodan habar beriljek reklama bildirişini taýýarlamak üçin kän wagt we uly möçberdäki serişdeler gerek bolmaýar. Üstesine-de radioreklamany alyjylaryň dykgatyna ýetirmek üçin kinoteatrlar, sergiler we ş.m. ýaly ýörite gurnalan jaýlar ýa-da enjamlar zerur däldir. Müşderi radioreklamany ertirlik edinip otyrka-da, ulagyny dolandyryp barýarka-da, öz işi bilen meşgullanýarka-da diňläp bilýär. Şonuň üçinem köplenç halatda radioreklama ýürege düşgünç resmilikden erkin bolan, dostlukly hem mesawy söhbet ýa-da habar görnüşinde düzülýär. Köp ýagdaýda ýeňil kabul edilmegi hem-de diňleýjiniň irizilmezligi üçin radioda berilýän reklama bildirişiniň dowamlylygy 30 sekuntdan 1 minuda çenli bolýar. Ol esasan hem ýeňil ýaňlanýan saz bilen utgaşdyrylýar. Görkezilenler bilen bir hatarda radioreklamanyň alyjylaryň dykgatyna ýetirilmeginiň hem özboluşly aýratynlyklarynyň bardygyna-da ünsi çekmek zerurdyr: mysal üçin, okyjy reklama bildiriş ýerleşdirilen gazeti satyn alan ýagdaýynda ol gazete islendik wagtyň dowamynda ýene-de birnäçe gezek seredip, reklama bildirişini gaýtadan okap biler. Radioreklama bolsa diňe bellenilen wagtynda we köplenç halatda bir gezek yglan edilýär. Şonuň üçinem ilkinji nobatda radioreklamanyň niýetlenen şahslaryň mümkin boldugyndan köpüsi diňlär ýaly wagtda yglan edilmeginiň örän wajyp ähmiýeti bardyr (mysal üçin: irden sagat 08-e çenli we agşam sagat 20-den soňra işçiler, gullukçylar, talyplar, sagat 09-dan 12-ä çenli öý hojalykçylar hem pensiýadakylar we ş.m.). Mundan başga-da radioreklamada gazetlerdäkä ýa-da başga hili neşirlerdäkä garanyňda gaýtalamaklyga has köp üns bermek zerurdyr. Çünki diňleýjiniň radioreklamada berilýän maglumatlary bir gezek eşidende doly özleşdirip ýetişmezligi mümkin. Radioreklamany dükanyň içindäki we daşyndaky görnüşlere bölýärler . 1. Dükanyň içindäki reklama belli bir söwda kärhanasynyň çäginde, ýörite yglan ediş ulgamynyň kömegi bilen yglan edilýär. 2. Dükanyň daşyndaky radioreklama oba, etrap, şäher, welaýat, ýurt, halkara radio habar beriş ulgamynyň üsti bilen yglan edilýär. Radioreklamanyň has giňden ýaýran görnüşlerine radiobildirişler, radiorolikler, dürli reklama häsiýetli radiožurnallar we radiosöhbetdeşlikler degişlidir. 1. Radiobildiriş – bu alyp baryjy tarapyndan okalýan reklama maglumatydyr. 2. Radiorolik – bu ýörite taýýarlanan, çeper hem üýtgeşik görnüşde, düzgün bolşuna görä saz bilen utgaşdyrylyp, satuwa hödürlenýän haryt, önüm ýa-da hyzmat barada habar berýän sahnalaşdyrylan radiooýundyr. Kähalatlarda reklama radioroligi kiçiräk reklama aýdymjygy görnüşinde-de taýýarlanyp bilinýär. 3. Radiožurnal – bu belli bir tema boýunça taýýarlanan maglumat beriş-reklama häsiýetli radiogepleşikdir. 4. Radio söhbetdeşlik – bu dürli adamlar bilen taýýarlanan haýsydyr bir bazarlar, açyk jemagat satuwlary, sergi-satuwlar we beýleki hadysalar barada göni ýa-da gytaklaýyn reklamany özünde jemleýän gürrüňdeşlikdir. Tele ýaýlymlaryndaky reklama (telereklama). Reklamany ýaýratmaklygyň bu görnüşi XX asyryň 50-nji ýyllarynda dünýäniň köp döwletlerinde giňden ýaýrap başlaýar we gysga wagtyň içinde reklamany ýaýratmaklygyň beýleki serişdeleriniň arasynda aýratyn uly orna eýe bolýar. A. Kondriniň belleýşi ýaly, teleýaýlymlarda ýaýlyma goýberilýän reklamanyň, reklama maglumatlaryny ýaýratmagyň beýleki serişdelerine garanyňda has uly meşhurlyga eýe bolmagynyň kesgitleýji sebäpleri bar. Olar: - telewideniýe uly gurşawy üpjün edýär; - telewideniýede berilýän reklama şahslaryň dykgatyna çalt ýetýär; - telereklama aýratyn usulda adamlaryň aňyna täsir edýär . Başgaça aýdylanda, telereklama täsin hereketleriň, sesleriň we dürli reňkleriň kömegi bilen, adamlaryň aňynda reklama edilýän obýekte bolan höwesi döredýär. Mysal üçin, haýsydyr bir ýurt barada, ol ýurduň gözel we jana şypaly tebigaty barada dürli şekilleriň üsti bilen berilen telereklamadan soň, şol reklamany gören adamynyň aňynda şol ýurda gidip görmeklige bolan höwes döreýär. Köp reklama maglumatlaryna mahsus bolşy ýaly, telereklama hem adamlary ýalňyşdyrmaly däldir we ol adamlara hiç-hili zeper ýetirmeli däldir. Şonuň bilen baglylykda hem käbir döwletleriň reklama gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynda tele ýaýlymlarynyň üsti bilen, şonuň ýaly-da reklamany ýaýratmaklygyň beýleki serişdeleriniň üsti bilen, halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýän reklama, berk kadalar bilen düzgünleşdirilýär. Mysal üçin, Russiýa Federasiýasynyň reklama hakynda kanunçylygynda tele we radio ýaýlymlarynda berilýän reklama babatda şu aşakdaky düzgünleriň berjaý edilmelidigi barada kesgitli bellenilýär: ýagny, çagalara niýetlenen gepleşikleriň; okuw gepleşikleriniň; hukuk eýesiniň razylygy bolmazdan radio oýunlarynyň we çeper filmleriniň; sanawy kanunçylyk bilen kesgitlenilýän, göni efirde görkezilýän gepleşikleriň; ýaýlyma gidýän umumy dowamlylygy 15 minutdan az bolan beýleki gepleşikleriň; iki gezekden köp bolmadyk ýagdaýda, ýaýlyma gidýän dowamlylygy 15 minutdan 60 minuta çenli bolan beýleki gepleşikleriň arasyny reklama bilen bölmeklige rugsat berilmeýär . Mundan başga-da salgylanylýan kanunda telereklama babatda şu aşakdaky kadalar hem ulanylýar: - tele we radio gepleşikleriň arasynda berilýän reklamanyň sesi, şol gepleşigiň sesinden ýokary bolmaly däldir. - üstünden goýma görnüşindäki, şonuň ýaly-da “çalt geçýän setirler” usulyndaky reklamadan peýdalanylan wagtynda, onuň ölçegi kadryň 7 essesinden köp bolmaly däldir we tele ýaýlymlarda alnyp barylýan gepleşikleriň tekstini ýa-da maglumatlaryň manyly yzygiderligini bozmaly däldir. - Reklama häsiýetli resminamalar we habarlar boýunça ýörite meşgullanýan hökmünde tele we radio gepleşiklerde hasaba alynmadyk reklama, bir gije-gündiziň dowamynda ýaýlyma goýberilýän gepleşigiň göwrüminiň 20 göteriminden geçmeli däldir. - Reklama häsiýetli resminamalar we habarlar boýunça ýöriteleşmedik (degişli hasaba alyş resminamasy bolmadyk) tele we radio gepleşiklerde berilýän reklama, bir gije-gündiziň dowamynda ýaýlyma goýberilýän gepleşikleriň göwrüminiň 25 göteriminden geçmeli däldir. - Ählihalk matam günlerinde, elektron maglumat beriş serişdelerinde reklama bermek gadagandyr . Sergiler we bazarlar Reklamany ýaýratmagyň serişdeleriniň uly toplumynyň arasynda sergileriň hem bazarlaryň özboluşly orny bardyr. Sebäbi olaryň kömegi bilen alyjylar dürli harytlary, önümleri we hyzmatlary, olaryň wajyp aýratynlyklaryny giňişleýin açyp görkezmegiň, alyjylar bilen gönüden-göni aragatnaşygy ýola goýmagyň ägirt uly mümkinçilikleri bardyr. Esasan hem dürli reklama çäreleri (metbugatdaky reklama işi, tanyşdyryş dabaralary, metbugat-maslahatlary, hünärmenleriň arasyndaky açyk gürrüňdeşlikler we ş.m.) bilen bilelikde toplumlaýyn amala aşyrylýan sergiler we bazarlar has şüweleňli hem netijeli bolýar. Reklamany ýaýratmagyň bu serişdeleriniň ýokary netijeliligi her ýylda ýeriň ýüzünde örän köp çykdajylary çykarmak bilen müňlerçe sergileriň we bazarlaryň geçirilýändigini bellemek gerek. Şu ýerde sergi hem bazar diýen düşünjeleri bulaşdyrmazlyk üçin şu aşakdakylary bellemek zerur. Belli bolşy ýaly, bazar – bu harydyň alyjysynyň we satyjysynyň duşuşýan, ýagny alyş-satyşyň amala aşyrylýan ýeri . Bu ýerde haryt we hyzmat satyn almak isleýän alyjylar bilen haryt we hyzmat hödürleýän satyjylar bir-birleri bilen gatnaşyk açyp bilýärler. Şonuň üçin hem bazar hem özbaşdak reklama çäresi bolup durýar. Sebäbi, onuň esasy maksady sergä çykarylan harytlar ýa-da önümler barada gerekligi maglumatlary berip satmak bolup durýar. Ondan tapawutlylykda sergiler adamzadyň ol ýa-da beýleki ugurlarda, ýagny ykdysadyýetde, ylymda we tehnikada, şeýle hem, medeniýetde we sungatda ýetilen sepgitleri jemagata görkezmek maksady bilen geçirilýär. Ýöne şonuň bilen birlikde-de sergileriň hem ahyrky maksady sergide goýlan harytlaryň we önümleriň ýerlenilişiniň möçberini artdyrmak bolup durýar. Görkezilenlere esaslanyp, olara şu aşakdaky ýaly kesgitleme bermek bolar: - bazar (açyk bazar ýa-da ýarmarka) – bu täjirçilik reklama çäresi bolmak bilen onuň esasy maksady görkezilýän harytlary ýerlemek babatda söwda geleşiklerini baglaşmakdyr; - sergi – bu ilkinji nobatda jemgyýetiň ýaşaýşynyň maddy ýa-da ruhy çygrynyň ol ýa-da beýleki pudaklarynyň gazananlaryny giň halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirmek üçin guralan çäre hökmünde onuň baş maksady bir wagtyň özünde täjirçilik işini hem amala aşyrmak arkaly pikir alyşmak, bilimleri we tejribäni alyş-çalyş etmek bolup durýar. Ýöne ýyl geçdigiçe bu düşünjeleriň arasyndaky tapawutlyklar ýitýär. Şonuň üçinem belli bir derejede sergi we açyk bazar çärelerini şu aşakdakylar ýaly görnüşlere bölmek bolar: Halkara açyk bazarlary we sergileri – bu adatça, yzygiderli (her ýylda ýa-da başga bir yzygiderlilik tertibinde) geçirilýän sergi häsiýetli çäreler bolmak bilen olara dünýäniň köp ýurtlarynyň önüm öndürijileri gatnaşýarlar. Halkara açyk bazarlary we sergileri ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli önümler görkezilen umumy pudak sergiler we açyk bazarlar hem-de ykdysadyýetiň bir ýa-da birnäçe utgaşyk we biri-biriniň üstüni doldurýan pudaklaryna degişli önümler görkezilen ýöriteleşdirilen sergiler we açyk bazarlar ýaly görnüşlere bölünýär. Halkara açyk bazarlarynda we sergilerinde önümleriň görkezilişi milli alamatlar (ýagny, her milletiň öndüren önümleri aýratynlykda), şeýle hem, pudaklaýyn alamatlar boýunça (ýagny dürli sergi toplumlary olarda görkezilýän önümleriň degişliligi bilen baglylykda) guralyp bilner. Muňa mysal hökmünde 2012-nji ýylyň 12-nji maýy – 12-nji awgusty aralygynda Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde dünýä ýurtlarynyň we halkara guramalarynyň gatnaşmagynda geçirilen “EХPO-2012” atly bütindünýä sergisini – iri halkara ykdysady forumyny görkezmek bolar. Milli sergiler ýörite (adatça, şanly seneler mynasybetli ýa-da ylmy-tehniki, medeni alyş-çalşygyň çäklerinde we ş.m.) guralýan sergi toplumlary bolmak bilen olar sergini ýa-da açyk bazary guraýjy-ýurduň jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarda gazananlaryny açyp görkezmekligi maksat edinýär. Şeýle sergileri guraýjy ýurduň öz çäklerinde-de, daşary ýurtlarda-da guralyp bilner. Şonuň bilen birlikde-de ol sergiler stasionar görnüşde-de, göçme görnüşde-de guralyp bilinýär. Häzirki döwürde milli sergileriň reklama we täjirçilik işini amala aşyrmagyň möhüm serişdeleri hökmünde ähmiýeti ýylsaýyn artýar. Türkmenistanda reklamanyň bu görnüşi giňden hem netijeli ulanylýar we ýurduň çäklerinde hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän milli sergileriň sany ýylsaýyn artýar. Mysal üçin, 2012-nji ýylyň 17-18-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisini, 2012-nji ýylyň 26-27-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen – “Türkmen halysy - biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly halkara sergisini, 2012-nji ýylyň 19-21-nji iýuny aralygynda Aşgabatda geçirilen – Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanan halkara sergisini;şeýle hem, 2010-njy ýylyň 5-7-nji sentýabry aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen – “Awaza-2012” atly halkara sergisini we sungat festiwalyny we .ş.m. Lomaý söwda bazarlary – bu lomaý söwda bilen meşgullanýan täjirleriň öndüriji kärhanalar we birleşmeler bilen önümleri we harytlary satyn almak barada dürli şertnamalary baglaşýan dabaraly çäreleriniň biridir. Reklama berijiniň ýöriteleşdirilen sergileri bolsa, reklamany sargyt ediji gurama tarapyndan guralýar we maliýeleşdirilýär. Olar hem diňe bir ýerde (stasionar görnüşde) ýa-da göçme görnüşde guralyp bilinýär. Ýöriteleşdirilen sergileri guramagyň ep-esli çykdajylar bilen baglydygyna garamazdan bu çäreleriň netijeliligi adatça, örän ýokarydyr. Hemişe hereket edýän sergi toplumlary (nusgalaryň jemlenen otaglary, sergi zallary we ş.m.) köplenç ýagdaýda edara-kärhanalaryň dolandyryş binalarynda guralýar. Köp konsernlerde, korporasiýalarda we uly önümçilik birleşmelerinde öndürilýän önümiň nusgalaryny görkezmeklige niýetlenen hemişe hereket edýän sergi toplumlary bar. Dürli önüm öndürijilere we alyjylara halkara, milli we ýerli sergilere, hemişelik hereket edýän sergi toplumlaryna gatnaşmak arkaly önümçiligiň, işjeňligiň islendik çygrynda, senagatyň her bir pudagynda her ýylda nähilidir bir täze maglumatlary almak, önümçiligiň täze usullaryny özleşdirmek mümkinçiligi döredilýär. Şeýle çärelere gatnaşyjylar üçin olar ýöne bir bazar ýa-da duşuşyk däl-de eýsem, köne hyzmatdaşlygy berkitmek, täze hyzmatdaşlar tapmak, harytlary ýerlemegiň täze ýollaryny döretmek, täze maglumat çeşmelerini açmak, hünärdeşler bilen täze pikirleri, usullary ara alyp maslahatlaşmak, şonuň ýaly-da täze-täze açyşlary giň jemgyýetçiligiň dykgatyna ýetirmek hem-de ykdysady dolanyşyga tizden-tiz ornaşdyrmak üçin döredilen wajyp mümkinçilik bolup durýar. Bilesigeliji we öňdebaryjy pikir ýöredýän işewürler üçin görkezilen çäreleriň örän uly ähmiýeti bardyr. Ownuk önüm öndürijiler üçin şeýle çäreler uly meşhurlyga eýe bolmagyň serişdesi hem-de alyjylar we hünärmenler bilen duşuşmak mümkinçiligi bolup durýar. Şonuň bilen birlikde-de şeýle çäreler alyjylar üçin hem juda peýdalydyr. Sebäbi sergä gatnaşýan alyjylar dürli önüm öndüriji kärhanalaryň ýöne wagtda duşuşmak kyn bolan ýolbaşçylarynyň aglaba köpüsi bilen arkaýyn ýagdaýda duşuşyp, gepleşip, sergide görkezilen dürli önümler barada pikir alşyp we olara girizmek zerur bolan üýtgeşmeler hakynda öz pikirlerini aýdyp hem delillendirip bilýärler. Eger-de sergä giň halk köpçüligi gatnaşýan bolsa, önüm öndüriji öz harytlarynyň ahyrky satyjylary bilen gönüden-göni aragatnaşyga girmäge we degişli haryt barada olaryň pikirlerini bilmäge mümkinçilik gazanýar. Mundan başga-da şeýle çäreler önüm öndürijileriň öz bazarlary bilen ysnyşykly gatnaşyga girmegine getirýär. Köp halatlarda sergilerde täze harytlar görkezilýär ýa-da täze kärhana bilen önüm öndürijiler we alyjylar tanyşdyrylýar. Şeýlelik bilenem ýokarda görkezilen çäreleriň ählisiniň harytlaryň, önümleriň we hyzmatlaryň islendik görnüşini reklama etmegiň iň wajyp serişdeleriniň biri bolup durýandygyny nygtamak bolar. Reklama sowgatlary (suwenirleri) Häzirki döwürde reklama sowgatlaryny (suwenirlerini) hem reklama maksatlary bilen giňden ulanýarlar. Sebäbi reklama sowgatlary degişli guramanyň meşhurlygyny üpjün etmegiň möhüm serişdesi bolup durýar. Kärhananyň sowgat (suwenir) önümleri – bu adatça, kärhananyň nyşanlarynyň giňden ulanylmagy bilen taýýarlanan harytlardyr. Şeýle harytlaryň mysaly hökmünde dürli nyşanjyklary, ruçkalary, köýnekçeleri, sebetjikleri, ýandepderçeleri we ş.m. görkezmek bolar. Reklama beriji guramanyň haryt nyşany, hyzmat ediş nyşany ýa-da firma nyşany, kähalatda bolsa, kärhananyň salgysy we poçta belgileri ýa-da meşhur reklama şygary (slogany) olaryň çeperçilik taýdan bezelişiniň hökmany alamaty bolup durýar. Kärhananyň nyşanlary ýelmenen ýa-da ýüzüne neşir edilen reklama sowgatlyk harytlary we önümler türkmen edaralary, kärhanalary hem guramalary tarapyndan giňden ulanylýar. Şonuň ýaly-da Türkmenistanda daşarky söwda reklamasy üçin halk döredijiliginiň, halk amaly-haşam sungatynyň halylar, keşdeli tahýalar, gyňaçlar, ýaglyklar, horjunlar, saçaklar, torbalar, haly sebetler, don, telpek, seçekli guşak, keçe, dürli saz gurallary, gap-gaçlar ýaly önümleri hem giňişleýin we netijeli ulanylýar. Düzgün bolşuna görä, reklama sowgatlyk önümleri dürli guramalaryň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň dürli şanly seneler mynasybetli, uly göwrümli täjirçilik şertnamalaryny baglaşmak bilen bagly we ş.m. işewürlik duşuşyklarynda-da birek-birege gowşurylýar. Ýokary derejedäki duşuşyklarda adatça, bu attaşe-keýsler, ýazuw esbaplary, diwar, stol sagatlary, içi çaklaňja suratly gapyrjaklar, çeperçilik albomlary, farfor küýzeler ýaly gymmatbaha sowgatlar bolýar. Gowşurylmazyndan öň şeýle sowgatlaryň ýüzüne kärhananyň nyşanlary we ýadygärlik ýazgysy ýazylýar. Mundan başga-da reklama üçin berilýän sowgatlaryň daşyna kärhananyň nyşanlary bilen bezelen kagyzdan, matadan we ş.m. ýörite dolaglar hem dolanyp bilinýär. Göni poçta reklamasy Göni poçta reklamasy (direkt meýl) diýlende reklama maglumatlarynyň alyjylaryň belli bir toparynyň salgylaryna ýa-da geljekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak islenilýän şahslaryň salgylaryna ugradylmagyny aňladýar. Göni poçta reklamasynyň alyjylaryň ägirt uly köpçüliginiň ünsüni çekmegiň netijeli serişdesi hökmünde çykyş edýändigi sebäpli ol dünýäniň köp döwletlerinde giňden ýaýrandyr. Ýöne häzirlikçe Türkmenistanda reklamany öndürijiler tarapyndan reklamany ýaýratmagyň bu serişdesinden örän ujypsyz derejede peýdalanylýar. Dürli döwletleriň reklama işi bilen bagly kanunçylygynda poçta ýollanmalarynda reklamany ýaýratmagyň, diňe poçta aragatnaşyk meselelerine garamaga ygtyýarly edaralaryň rugsat bermegi esasynda amala aşyrylýandygy bellenilýär. Şonuň ýaly-da käbir döwletleriň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynda şeýle rugsady bermekligiň tertibi we alynýan tölegiň möçberiniň görkezilen edara tarapyndan kesgitlenýändigi hem görkezilýär. Şonda tölegiň möçberi, reklamany ýaýratmak we ýerleşdirmek işleri boýunça edilen çykdaýjylaryň möçberinden köp bolmaly däldigi kesgitlenýär. Göni poçta reklamasy ýörite taýýarlanan maglumat beriji-reklama häsiýetli hatlaryň ýa-da ýörite ugradyş haty bilen bilelikde neşir edilen reklama maglumatlarynyň dürli salgylar boýunça ugradylmagyny öz içine alyp biler. Maglumat beriji-reklama häsiýetli hatlar düzgün bolşuna görä, reklama berijiniň firma blanklaryna ýazylýar. Şeýle hatlaryň mazmunynda hödürlenýän önümleriň artykmaçlyklary we söwda hyzmatdaşlygy babatda anyk teklipler beýan edilýär. Şonuň bilen birlikde-de, şeýle hatlarda reklama edilýän harytlaryň bahasy, olaryň degişli ýerine getirmegiň möhletleri we şertleri, töleg möhletleri we ş.m. barada maglumatlar hem berilýär. Esasan hem göni poçta reklamasy halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenleriň belli bir derejede çäkli topary tarapyndan satyn almak meselesi çözülýän senagat önümleriniň we enjamlarynyň käbir ýörite görnüşlerini ýerlemek babatda amala aşyrylýan reklama çäreleriniň toplumynyň çäklerinde örän netijelidir. Göni poçta reklamasynyň tapawutly aýratynlyklary hökmünde: - potensial alyjylary saýlamaga bolan mümkinçiligi; - harytlaryň (hyzmatlaryň) reklamasynyň amala aşyrylmaly çägini (sebitini) saýlamaga bolan mümkinçiligi görkezmek bolar. Mundan başga-da göni poçta reklamasy reklamanyň has şahsylaşdyrylan görnüşleriniň biri hasaplanýar. “Göni poçta reklamasy” diýen adalga reklamanyň bu görnüşiniň ähli ugurlaryny öz içine alyp bilmeýär. Reklamanyň bu görnüşiniň “göni reklama” diýlip atlandyrylmagy has takyk bolar diýip käbir alymlar belleýärler . Sebäbi bu adalga göni poçta reklamasyny-da, poçtanyň üsti bilen amala aşyrylmaýan göni reklamany-da göz öňünde tutýar. Elbetde, reklama işiniň bu görnüşi amala aşyrylanda göni reklamanyň aglaba köp bölegi poçtanyň üsti bilen ugradylýar, ýöne onuň ep-esli bölegi ýörite ýaýradyjylaryň üsti bilen alyjylaryň degişli toparyna öýin-öýin ýa-da köçeleriň ugrunda-da, dükanlarda-da paýlanýar. Beýan edilen ýazgysynyň (tekstiniň) gurluş (stil) aýratynlyklary boýunça göni reklama reklamanyň beýleki serişdelerinden hiç-hili tapawutlanmaýar. Ýöne göni reklamanyň ýazgylary daşky şekili boýunça dürli görnüşlerde paýlanylyp bilner. Göni reklama köp halatda hatlar, prospektler, kataloglar, bukletler, çakylyk hatlary, plakatlar, senenamalar, söwda sözlükleri görnüşinde ýaýradylýar. Kompýuterleşdirilen reklama Kompýuterleşdirilen reklama – bu reklamany ýaýratmagyň has giňden ýaýran serişdeleriniň biri bolup durýar. Häzirki döwürde dünýäniň köp döwletlerinde kompýuterleşdirilen reklama maglumatynyň çeşmeleri, ýöriteleşdirilen kompýuter ulgamlarynyň maglumat banklary hereket edýär we olara reklama berijiler belli bir möçberdäki tölegleri töläp, öz kärhanalary, harytlary barada reklama maglumatlaryny ýerleşdirýärler. Haýsydyr bir önümi ýa-da harydy satyn almak isleýän alyjylar bolsa internet aragatnaşygynyň ýa-da telefonyň üsti bilen juda ujypsyz wagtyň içinde görkezilen reklama maglumaty saklanylýan ulgamlara birigip, özlerini gyzyklandyrýan maglumatlary alyp bilýärler. Adamzat siwilizasiýasynyň XX asyrynyň ahyry we XXI asyry hakykatdan hem, kompýuteriň we internet ulgamynyň döwrüne öwrüldi. Hut şonuň üçin hem reklama işi bilen bagly ylmy seljermeleri alyp barýan käbir daşary ýurt hünärmenleri ýakyn geljekde kompýuterleşdirilen reklamanyň beýleki ähli serişdelerinden öňe saýlanjakdygy, soňabaka bolsa, olaryň düýpgöter diýen ýaly ulanyşdan galmagyna getirjekdigi barada çaklamalary öňe sürýärler. Bu çaklamalar belli derejede dogry hem bolup biler, sebäbi, kompýuterleşdirilen reklamany ulanmak reklama berijiler üçin hem, reklamadan peýdalanyjylar, reklamany öndürijiler üçin hem hemme taraplaýyn peýdaly bolup durýar. Ony ulanmagyň reklamany ýaýratmagyň beýleki serişdelerini ulanmakdan bähbitlidigi bolsa şu aşakdaky ýagdaýlar bilen häsiýetlendirilýär: - ony öndürmek üçin has az çykdajy çykýar (ýagny, ony neşir etmek üçin, kagyz, reňk, ýörite enjamlar ýa-da ony ýazgy etmek üçin wideokassetalar, ony görkezmek üçin sergi zallary ýa-da kinoteatrlar gerek däl, ol kompýuterde işlenip düzülýär we internetiň üsti bilenem reklamadan peýdalanyjynyň kompýuterine ugradylýar); - ol internetiň üsti bilen potensial alyjylaryň agramly böleginiň dykgatyna ýyldyrym çaltlygynda ýetirilýär; - onda has täsirli reklama täsirlerini ulanmak bolýar; - ony sansyz gezek gaýtalap alyjylaryň dykgatyna ýetirip bolýar; - ony ýaýratmak üçin daşky reklama serişdeleri ulanylandaky ýaly bir topar döwlet edaralaryndan rugsat almak zerurlygy ýok we ş.m. Internet reklama Mälim bolşy ýaly, Internet üsti bilen halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýän reklama häzirki wagtda reklamanyň beýleki görnüşlerine garanyňda has giňden ýaýran görnüşleriniň biri bolup durýar. Onuň esasy artykmaç tarapy bolsa, birinjiden: Internet reklama, reklama maglumatlaryny halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirmekligiň iň aňsat we elýeterli usuly bolup durýar; ikinjiden, ol ýokary saýlanyjylyk häsiýetine eýedir; üçünjiden, reklama maglumatlaryny Internete ýerleşdirmek üçin az möçberde çykdajy edilýär, ýagny çykdajysy az bolýar; dördünjiden, ol ýokary tizlige eýedir, ýagny ol halk köpçüliginiň dykgatyna çalt ýetýär; bäşinjiden bolsa, ol interaktiwlilik häsiýete eýedir. Şonuň üçin hem Internet saýtlarynda berilýän reklama häzirki wagtda has giňden ýaýran reklama serişdeleriniň biri bolmaklygynda galýar. Internetde reklamany ýerleşdirmegiň esasy usullary bolsa, geçip barýan setir, ýüze çykýan penjereler, hem-de şlagbaun (ýagny, doly ekranly reklama bildirişi hasaplanýar). Emma muňa garamazdan medalyň iki tarapynyň bolşy ýaly, Internet reklamanyň hem özüne mahsus käbir ýetmezçilikleri-de bar. Olara esasan hem şu aşakdakylar degişlidir, ýagny bririnjiden, Internet reklamasy özboluşly demografiki düzüme eýe bolup durýanlygy sebäpli, onuň auditoriýasy kiçi bolýar; ikinjien, telewideniýede ýa-da radioda berilýän reklama garanyňda Internetde berilýän reklamanyň täsiri otnositel az bolýar, üçünjiden bolsa, Internetde berilýän reklamanyň özbaşdak ýöriteleşdirilen auditoriýasy bolýar. Amatly (oňyn) jemgyýetçilik pikirini döretmeklige gönükdirilen (public releations) çäreler Amatly (oňyn) jemgyýetçilik pikirini döretmeklige gönükdirilen (pablik rileýşnz) çäreler – bu giň halk köpçüliginde reklama beriji gurama babatda oňyn (amatly) jemgyýetçilik pikirini döretmeklige gönükdirilen çäreleriň toplumydyr. Şeýle çäreleriň esasy wezipesi reklama beriji gurama we onuň reklama edilýän harydy (önümi ýa-da hyzmaty) babatda ilatyň aglaba köp böleginde gowy pikir hem ynam döretmek bolup durýar. Görkezilen çäreleriň ahyrky maksady bolsa öndürilýän harytlaryň ýerlenilişiniň möçberini ýa-da reklama edilýän hyzmatdan peýdalanýan müşderileriň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr . Amatly (oňyn) jemgyýetçilik pikirini döretmeklige gönükdirilen çärelerini şu aşaky ýaly dört topara bölmek bolar: 1. Tanyşdyryş dabaralary (prezentasiýalar), metbugat-maslahatlary (press-konferensiýalar), duşuşyklar (simpoziumlar) reklama beriji tarapyndan ýörite guralýan maglumat beriji-reklama häsiýetli çäreler bolup, olara ýörite çagyryş peteklerini ugratmak arkaly degişli adamlar çagyrylýar. Köplenç halatda-da çagyrylýanlar reklama berijiniň öňden gelýän we täze hyzmatdaşlary ýa-da hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleýän şahslary bolup durýar. Köplenç halatda şeýle çäreleriň netijeliligini has-da artdyrmak maksady bilen olara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyrylýar. Çäre başlamazyndan öň çagyrylanlara nutuklaryň ýazgylary, reklama maglumatlary we sowgatlar gowşurylýar. 2. Jemgyýetçilik üçin peýdaly bolan çäreleriň geçirilmegi üçin maliýe serişdelerini bermek. Bu çäre haýsydyr bir jemgyýetçilik-syýasy ýa-da haýyr-sahawat maksatly çäreleriň geçirilmegi üçin reklama beriji gurama tarapyndan maliýe serişdeleriniň muzdsuz berilmeginden ybaratdyr. Reklama beriji gurama tarapyndan bu hereketiň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňişleýin şöhlelendirilmegi ýola goýulýar. 3. Hemaýatkärlik (sponsorlyk) haýsydyr bir jemgyýetçilik-syýasy ýa-da haýyr-sahawat maksatly çäreleriň geçirilmegi üçin reklama beriji gurama tarapyndan belli bir reklama hyzmatlaryndan peýdalanmak hukugyny gazanmak bilen (radio we tele söhbetdeşliklerde çykyş wagtyny almak, tomaşaçylaryň öňunde reklama plakatlaryny ýerleşdirmek, ýeňijilere kärhana tarapyndan goýlan baýraklary gowşurmak, reklama beriji guramanyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeşligiň efire berilmegini üpjün etmek we ş.m.) maliýe çykdajylarynyň belli bir böleginiň çekilmeginden ybaratdyr. 4. Jemgyýetçilik üns merkezini eýeleýän hadysalar barada redaksiýa maglumatlaryny çap etdirmek, reklama berijiniň umumy döwlet ýa-da umumy dünýä meselelerine bolan garaýşynyň köpçülikleýin şöhlelendirilmesini üpjün etmek (kärhanalaryň we guramalaryň ýolbaşçylarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde olaryň işjeňliginiň umumy adamzat gymmatlyklary nukdaýnazaryndan jemgyýet üçin peýdalydygy barada çykyşlaryny guramakdan ybaratdyr). Şeýle çykyşlarda reklama beriji guramanyň daşky gurşawy goramak, alyjylaryň hukuklaryny goramak, tebigy baýlyklaryň netijeli we paýhasly sarp edilmegini ýola goýmak, zähmeti goramak, durmuş üpjünçiligini kämilleşdirmek işlerine goşýan goşandy barada aýratyn nygtalyp bilner. Reklamany ýaýratmagyň ýokarda görkezilen serişdeleriniň toplumy ýylsaýyn giňeýär we dürli döwletlerde reklamany ýaýratmagyň täze-täze serişdeleri oýlanyp tapylyp, ykdysady dolanyşyga goýberilýär. Şonuň üçin hem ýokarda görkezilen reklamany ýaýratmagyň serişdeleriniň toparlara we görnüşlere bölünişi gutarnykly däldir diýip aç-açan aýdyp bolar. Ýöne şonuň bilen birlikde-de reklamany ýaýratmagyň serişdeleriniň mysal getirilen görnüşleri häzirki güne çenli hereket edýän reklama işiniň usullary we serişdeleri barada belli bir derejede ýeterlik maglumaty berýär diýip hem nygtamak ýerliklidir. Aýdogdy Çaryýew Hukuk ylymlarynyň kandidaty "Türkmenistanda reklama işiniň hukuk meseleleri. Monografiýa. – A.: Ylym, 2014". | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |