10:34 Reklamanyň toparlara bölünmegi we olaryň häsiýetli aýratynlyklary | |
Reklamanyň ähmiýetiniň häzirki zaman raýat dolanyşygynda günsaýyn artýandygy sebäpli, reklama gatnaşyklary pursatsaýyn çylşyrymlaşýar we ykdysady dolanyşykda reklamanyň dürli-dürli görnüşleri (reklamanyň görnüşleri barada ylmy işiň 1.4 bölüminde has giňişleýin durlup geçilýär) ýüze çykýar. Şoňa görä-de, alymlar häzirki wagtda reklamany ýaýratmagyň we ýerleşdirmegiň usulyna baglylykda olary esasan aç-açan we ýaşyryn reklama bölýärler .
Hukuk maslahathanasy
Aç-açan reklama – telewideniýede we radioda berilýän reklama rolikleri, gazetlerdäki we žurnallardaky reklama häsiýetli bildirişler, reklama plakatlary, dürli görnüşdäki şekiller, stendler, ulaglaryň dürli görnüşlerindäki plakatlar, şekiller we stendler, geýimleriň dürli görnüşlerindäki şekiller we ýazgylar, jemgyýetçilik ýerlerinde bolsa, jarçylar tarapyndan berilýän reklama, reklama maksady bilen ýörite guralýan dabaralar, konsertler we ş.m. degişlidirler. Aç-açan görnüşinde halka ýetirilýän reklama gönüden-göni adamyň aňyna täsir edýär. Her kim aç-açan reklamanyň reklamadygyna, onuň baş maksadynyň hem reklamanyň predmetine alyjynyň ýa-da hyzmatlardan peýdalanyjynyň ünsüni çekmekdigine we şonuň netijesinde-de girdeji ýa-da abraý gazanmakdygyna düşünýär. Ol reklama üns bermek ýa-da bermezlik meselesini hem köplenç halatda adamyň özi çözýär. Ýaşyryn reklama – kino we dokumental filmler, edebiýat we sungat eserleri, dürli sport ýaryşlary, festiwallar, forumlar, ylmy-amaly maslahatlar, seminarlar degişlidirler. Adatça, ýaşyryn reklama adama gönüden-göni däl-de, onuň aňastyaňyna gytaklaýyn, ýaşyryn täsir edýär. Mysal üçin, haýsydyr bir özge halkyň taryhy geçmişi barada häzirki zamanyň kompýuter tehnologiýalaryny ussatlyk bilen ulanyp düşürilen, gyzyklylykdan ýaňa demiňi tutdurýan çeper filme tomaşa edip oturan adam özi hem duýman çeper filmiň täsin sýužet ýordumynyň aňyrsynda gizlenen ýaşyryn reklamanyň täsirine düşýär. Tomaşaçynyň özüne bildirmän onuň aňynda filmiň wakalarynyň bolup geçýän ýurdunyň dünýäde iň ajaýyp ýurtdugy, ömrüňde iň bolmanda ýeke sapar şol ertekiler ýurduna syýahat etmegiň uly bagtdygy hakynda pikir peýda bolýar. Dürli esaslara görä, häzirki wagtda, reklama gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarda we dürli ylmy edebiýatlarda, şeýle hem bazar gatnaşyklarynyň tejribesinde reklamany şu aşakdakylar ýaly toparlara bölmek ykrar edilendir : Reklama edilýän harydyň görnüşine baglylykda: - Azyk we azyk däl önümleriniň reklamasyna; - Senagat hyzmatlarynyň reklamasyna; - Derman serişdeleriniň we medisina maksatly ulanylýan beýleki serişdeleriň reklamasyna; - Haşal otlara, ösümlik kesellerine garşy ulanylýan serişdeleriň (preparatlaryň) we agrohimikatlaryň we beýleki harytlaryň reklamasyna. Reklama edilýän hyzmatlaryň görnüşine baglylykda: - Ätiýaçlandyryş we maýa goýum (inwestisiýa) hyzmatlarynyň reklamasyna; - Bank hyzmatlarynyň reklamasyna; - Guramalaryň, gymmat baha kagyzlar bazaryna gatnaşyjylaryň we pul hyzmatyny amala aşyrýan beýleki gatnaşyjylaryň (subýektleriň) reklamasyna. Reklamany ýaýratmagyň serişdesine baglylykda: - Metbugatdaky reklama (gazet, žurnallaryndaky); - Tele we radio ýaýlymlaryndaky reklama; - Kino we wideo hyzmatlaryndaky reklama; - Ulag serişdelerindäki reklama; - Harytlaryň ýüzündäki reklama; - Obalarda we şäher ýerlerinde ýa-da beýleki ilatly ýerlerde plakatlardaky, stendlerdäki, yşyklandyrylan tablolardaky reklama; - Bazarlardaky we söwda nokatlaryndaky reklama; - Sergiler we ýarmarkalardaky reklama; - Daşky reklama; - Içerki reklama; - Poçta ýollanmalaryndaky reklama. Reklamanyň maksadyna baglylykda: - Syýasy reklama – bu reklama saýlawa (saýlaw kompaniýalaryna) gatnaşyjylar, ýagny, saýlanýanlar tarapyndan jemgyýetçilik pikirini emele getirmek üçin ses berlişikde islenilýän netijäni almak maksady bilen ýaýradylýan reklama degişli edilýär; - Durmuşy (sosial) reklama – bu reklama haýyr-sahawat maksady bilen, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerinden ugur alýan reklama degişli edilýär; - Täjirçilik (kommersiýa) reklama – bu reklama bolsa, telekeçilik işi bilen baglanyşykly ähli reklama degişli edilýär. Görkezilenlerden başga-da, reklamanyň kämillik ýaşyna ýetmediklere gönükdirilen reklama diýen görnüşi hem bardyr. Ýaş nesliň islendik halkyň, milletiň geljegi we şol halka mahsus bolan milli däp-dessurlary dowam etdirijiler bolup durýandygy sebäpli, reklamanyň bu topary köp döwletleriň aýratyn gözegçiligi astynda durýar we berk hem has talapkär hukuk kadalary bilen düzgünleşdirilýär. Şonuň bilen baglylykda-da Reklama işi hakynda halkara kodeksine esaslanýan käbir daşary ýurt döwletleriniň reklama gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynda reklama öndürilende, ýerleşdirilende we ýaýradylanda kämillik ýaşyna ýetmedikleri goramak maksady bilen şu aşakdakylar ýaly hereketlere ýol berilmeýär: - kämillik ýaşyna ýetmedikleriň tejribesizliginden we ynanjaňlygyndan hyýanatly peýdalanmaklyga; - ata-eneleriň hem-de kämillik ýaşyna ýetmedikleri terbiýeleýjileriň abraýyny we terbiýelenýänleriň (kämillik ýaşyna ýetmedikleriň) olara bolan ynamyny gaçyrmaklyga; - reklama edilýän harytlara höwes döretmek bilen, özleriniň ata-enelerine ýa-da başga adamlara reklama edilýän şol harytlary mejbury satyn aldyrmak maksady bilen, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň aňyna täsir etmeklige; - ol ýa-da beýleki reklama edilýän harytlara eýelik etmek bilen, özi ýaly beýleki kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda artykmaçlyk berýändigine, şol reklama edilýän harydyň bolmazlygynyň bolsa, tersine täsir edýändigine kämillik ýaşyna ýetmedikleri ynandyrmaklyga; - islendik maglumat göterijileriň üsti bilen berilýän reklamada kämillik ýaşyna ýetmedikleri howply ýerlerde we ýagdaýlarda görkezmeklige; - kämillik ýaşyna ýetmediklerde özleri üçin niýetlenen harytlaryň hakyky däl (ýoýulan) bahasy we şol reklama edilýän harydyň islendik maşgala üçin elýeterliligi baradaky nädogry maglumatlaryň berilmegine. - kämillik ýaşyna ýetmediklere gös-göni degişli bolmadyk harytlaryň reklamasynda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň keşbini ulanmaklyga we ş.m . Reklamany ýaýratmaklygyň çägine baglylykda: - Halkara reklama, ýagny daşary ýurt maýadarlaryny ýa-da hyzmatdaşlary çekmek maksady bilen, berilýän harytlar we hyzmatlar baradaky reklama; - Sebitleýin reklama, ýagny, belli bir sebitde ýerleşýän birnäçe döwletleriň çäklerinde berilýän reklama; - Milli reklama, ýagny, belli bir döwletiň çäginde berilýän reklama; - Ýerli reklama, ýagny, belli bir welaýatyň, etrabyň, daýhan birleşigiň hatda belli bir obanyň çäginde berilýän reklama. Hödürlenýän reklamanyň hiline baglylykda: - Semantiki (lat. Semantikos – aňladýan) reklama, ýagny, reklamanyň we reklamada peýdalanylýan sözlemiň düzümi bilen bagly görnüşindäki reklama; - Estetiki reklama, ýagny, kesgitli bir duýga täsir edýän reklama. Reklama maglumatyny bermegiň takyklygyna baglylykda: - Göni reklama, ýagny, täjirçilik şertlerinde amala aşyrylýan we halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýän reklamada, reklama edilýän obýektiň ähli ýagdaýlary (onuň bellige alyş belgisi, ygtyýarnamasynyň belgisi, ylmy barlag edaralaryň netijesi, şeýle hem, reklama berijiler we öndürijiler baradaky maglumatlaryň görkezilmegi) görkezilen gönüden-göni reklama; - Gytaklaýyn reklama, ýagny, reklama halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilende, göni reklamadaky ýaly, reklama edilýän obýektiň ähli ýagdaýlary görkezilmän diňe onuň peýdaly tarapyny görkezmek bilen çäklenýän reklama. Reklamany sargyt edijä baglylykda: - Reklama önümlerini öndürijiniň adyndan berilýän reklama, ýagny, öndürijiniň hut özüniň reklama roliklerini, plakatlaryny, stendlerini we ş.m. sargyt etmegi; - Araçynyň adyndan berilýän reklama, ýagny şol önümleri satmak bilen ýa-da başga hili ýol arkaly şol önümlerden peýda görýän fiziki we ýuridik şahslar (şol sanda reklama üçin tölegleri töleýänler) tarapyndan sargyt edilmegi; - Fiziki şahslar tarapyndan berilýän reklama, ýagny fiziki şahslar (şol sanda reklama üçin tölegleri töleýänler) tarapyndan reklamanyň sargyt edilmegi. Reklamanyň haýsy şahslara gönükdirilýändigine baglylykda: - Şahsy zerurlyklaryna görä harytlardan we hyzmatlardan peýdalanýan şahslara gönükdirilen reklama. Ýagny, özleriniň gündelik harajatlary ýa-da zerurlyklary üçin reklama edilýän harytlarlardan we hyzmatlardan (mysal üçin, belli bir kärhananyň öndürýän telewizorlaryndan, mikro tolkunly peçlerinden, sport desgalaryndan, dürli görnüşli massažlardan we ş.m.) peýdalanýan adamlara gönükdirilen reklama; - Telekeçilik işi bilen meşgullanýanlara gönükdirilen reklama. Ýagny, telekeçilik işini amala aşyrmak üçin dürli görnüşli harytlary, önümleri, şonuň ýaly-da dürli hili hyzmatlary hödürleýän reklama; - Önümçilik çygryna gönükdirilen reklama; - Söwda-satyk çygryna gönükdirilen reklama; - Kesgitli bir wezipedäki adamlara gönükdirilen reklama (mysal üçin, mugallymlaryň sapak bermek işini ýeňilleşdirmek üçin hödürlenýän dürli görnüşdäki kompýutorlaşdyrylan enjamlar we ş.m.); - Oba hojalyk çygryna gönükdirilen reklama (mysal üçin, oba hojalygynda ulanyp boljak enjamlaryň, dökünleriniň we ş.m. reklamasy). Reklamanyň obýektine baglylykda: - Harytlar we hyzmatlar barada maglumat bermek; - Harytlary taýýarlaýjylar ýa-da olaryň satyjylary barada maglumat bermek; - Intellektual döredijilik barada maglumat bermek; - Geçiriljek çäreler barada maglumat bermek. Reklamanyň kanuna laýyk gelmegine baglylykda: - Oňaýly reklama, ýagny, reklama edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň, reklama bildirilýän umumy we ýörite talaplara doly gabat gelmegi; - Oňaýsyz reklama, ýagny ynsapsyz, nätakyk, ahlaksyz, görnetin ýalan we reklamanyň kanunda bellenilen mazmunyna, şonuň ýaly-da reklamany ýaýratmaklygyň ýerine, wagtyna ýa-da usulyna bildirilýän umumy ýa-da ýörite talaplar bozulan beýleki reklama; Reklamanyň ýokarda sanalyp geçilen görnüşlerinden başga-da alymlar şu aşakdakylary reklamanyň goşmaça görnüşleri hökmünde öňe çykarýarlar: - Prewentiw (öňüni alyş) reklama. Reklamanyň bu görnüşi, reklama serişdeleriniň dürli görnüşleriniň üsti bilen, şol bir harydy satýan ýa-da şol bir hyzmaty bitirýän fiziki we ýuridik şahslaryň, biri-biri bilen bäsleşip, reklama üçin çykarylýan adaty çykdaýjylardan has köp çykdaýjy çykarmak bilen, öz bäsdeşlerinden üstün çykmaklygyny aňladýar. Bu bolsa öz gezeginde reklamanyň bu görnüşiniň bäsdeşligi güýçlenmegine oňyn täsir edýän ýagdaý hökmünde çykyş edýär; - Deňeşdiriji reklama. Reklamanyň bu görnüşi bäsdeşleriň ýagdaýyny (haýsy hem bolsa bir edaranyň öndürýän önümini, bitirýän hyzmatyny umuman alyp barýan işini) deňeşdirýän reklama. Reklamanyň bu görnüşi haryt öndürijileriň harytlaryny deňeşdirmek bilen, bir harydyň beýleki harytdan tapawudyny, onuň kemçiligini görkezmek arkaly, beýleki haryt öňdürijiniň abraýyny we bazaryny pese gaçyrmaklyga gönükdirilen reklamadyr. Şonuň üçin hem reklamanyň bu görnüşini ulanmaklyk dünýäniň köp döwletlerinde kanun tarapyndan gadagan edilen (mysal üçin, Germaniýa Federatiw Respublikasynda deňeşdiriji reklama bikanun hasap edilýär we degişlilikde jogapkärçilige getirýär) . Şunuň ýaly ýagdaýlar, Reklama işi hakynda halkara kodeksiniň 5-nji we 10-njy maddalarynda hem göz öňünde tutulandyr. Görkezilen hukuk kadalaryna laýyklykda, haçanda reklamada bäsdeşleriň öňümleri deňeşdirilende olaryň haryt nyşanlarynyň abraýyny ýa-da olaryň öňümleriniň bazaryny gaçyrýan ýagdaýda bolmaly däldir (ýagny, bu diýildigi haçan-da deňeşdirme geçirilende başga bir haryt öndürýän kärhanalaryň haryt nyşanlary ýa-da öndürýän önümleriniň atlary görkezilmeli däl diýildigidir). Türkmenistanyň çäklerinde, bu ýagdaý Türkmenistanyň Raýat kodeksinde berkidilen hukuk kadalary bilen düzgünleşdirilýär. Umuman häzirki zaman ykdysady we hukuk ylmynda, şeýle hem bazar gatnaşyklarynyň tejribesinde reklama esasan ýokarda görkezilen görnüşlere we toparlara bölünýär. Ýöne häzirki döwürde bazar-ykdysady gatnaşyklaryň, ylmy-tehniki serişdeleriň, multimedia tehnologiýalarynyň tizleşýän depginde ösmeginiň netijesinde, seljerilýän jemgyýetçilik gatnaşygynyň başga görnüşlerde-de hereket etmek mümkinçiligini inkär etmek bolmaz. Çünki, haýsy görnüşde hereket edýändigine garamazdan reklama öň hem, häzirem, geljekde-de özüniň iň esasy wezipesini – bazar ykdysady gatnaşyklarynyň ösmeginiň kesgitleýji şertleriniň biri bolan öndürilen önümleriň ýerlenilmegini has-da artdyrmak wezipesini ýerine ýetirmekden üzňeleşmez diýmäge doly esas bar. Beýan edilenleriň, şeýle hem reklamanyň mazmuny boýunça geçirilen seljermeleriň esasynda hem reklamanyň ýokarda görkezilen görnüşlerini öz içine alýan toparlar bilen bir hatarda, biz reklamanyň: 1) oferta etmeklige çagyrýan reklama, 2) jemagat ofertasynyň reklamasy we 3) oferta bolup durmaýan reklama ýaly görnüşlerini reklamanyň raýat-hukuk gatnaşyklaryna degişli topary hökmünde aýratynlykda seretmekligi teklip edýäris. Çünki, edebiýatlarda we käbir döwletleriň reklama gatnaşyklaryny dügzünleşdirýän raýat-hukuk kadalarynda jemagat ofertasynyň öz tebigaty boýunça reklama bilen meňzeşdigi baradaky pikirlere we degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryna duş gelmek bolýar. Mysal üçin, käbir edebiýatlarda teklipleri kabul eden şahs (akseptant) bilen şertnama baglaşan şahsyň, ýagny şol şertnamany baglaşmak üçin teklip eden şahsyň (oferentiň) meýlini kesgitli we anyk beýan edýän, hem-de bir ýa-da birnäçe şahslara ýüzlendirilen teklibiň oferta diýlip hasap edilýänligi baradaky garaýyşlara duş gelmek bolýar . Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 343-nji maddasynyň 1-nji böleginde bolsa, eger-de şertnama baglaşmak hakyndaky teklipde (ofertada), teklip eden şahsyň (oferentiň) öz teklibini ýerine ýetirmäge taýyndygy beýan edilen bolsa hem-de ol (teklip-oferta) bir şahsa ýa-da birnäçe şahslara ýüzlendirilip, ol hem akseptant bilen ylalaşylan bolsa (ýagny, teklip kabul edilen bolsa), onda oferta baglaşylan diýlip hasap edilýär diýen hukuk kadasy bar. “Söwda hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň 16-njy maddasynyň 1-nji böleginde bolsa, harytlary satyn almak-satmak şertnamasynda, eger harydyň ady görkezilse, şeýle hem olaryň mukdary we bahasy göni ýa-da gytaklaýyn bellenilse ýa-da olary bellemegiň tertibi göz öňüne tutulsa, onda şertnamany baglaşmak hakynda teklip (oferta) amala aşyrylan diýlip hasap edilýändigi baradaky hukuk kadasy berkidilýär . Salgylanylýan kanunyň 16-njy maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda bolsa, söwda kärhanalarynyň tekjelerinde bahalary ýazylyp goýulan harytlar (harytlaryň nusgalary), jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň tagam ýazgylary, şeýle hem harytlar hakyndaky atlar ýygyndylary we beýleki habar beriş-reklama maglumatlary, şol sanda elektron görnüşindäki habar beriş-reklama maglumatlary hem harytlary satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak (oferta) hakyndaky teklip hökmünde seredilýär . Russiýa Federasiýasynyň Raýat kodeksiniň 437-nji maddasynda, şahslaryň kesgitlenmedik toparyna ýüzlendirilen, reklamanyň we beýleki teklipleriň, eger-de bu teklipde başga ýagdaýlar gös-göni görkezilmedik bolsa, onda onuň oferta etmeklige bolan çagyryş diýlip hasap edilýänligi barada hukuk kadasy berkidilýär . Diýmek, ýokarda beýan edilenlerden görnüşi ýaly, teklipleri kabul eden şahs bilen şertnama baglaşýan, ýagny, şol şertnamany baglaşmak üçin teklip edýän şahsyň meýlini kesgitli we anyk beýan edýän hem-de kesgitlenen şahslara ýüzlendirilen teklip oferta bolup durýar. Şol şahslaryň kesgitlenmedik toparyna ýüzlendirilen reklama we beýleki tekliplerem (eger onda gös-göni başgaça görkezilmedik bolsa) oferta etmeklige çagyryş, ýagny jemagat ofertasy bolup durýar (esasy bellemeli zatlaryň biri-de, teklibiň, sözüň doly manysynda “jemagat ofertasy” bolmagy üçin onuň (teklibiň) hökmany suratda kesgitlenmedik, ýagny näbelli bolan şahslaryň toparyna ýüzlendirilen bolmagy möhüm şertleriň biridir). Görkezilenleriň esasynda hem jemagat ofertasyna reklamanyň bir görnüşi hökmünde, reklamany bolsa, jemagat ofertasynynyň bir görnüşi hökmünde kabul etmek bolardy diýen netijä gelip bolýar. Çünki, bu jemgyeýtçilik gatnaşyklaryň ikisinde-de (ýagny, reklamada-da, jemagat ofertasyda-da) maglumatlar we teklipler şahslaryň kesgitlemmedik toparyna hödürlenýär. Umuman, reklamanyň ýokarda görkezilen görnüşlerine reklamanyň aýratyn topary hökmünde seredilmegi, olary reklamanyň beýleki görnüşlerinden tapawutlandyrmaga we reklama-hukuk gatnaşyklarynyň predmetiniň özboluşly görnüşi hökmünde olaryň hukuk mazmunyny has giňişleýin we anyk açyp görkezmäge mümkinçilik bererdi. Şonuň üçin hem bu topar, ýagny reklamanyň raýat-hukuk gatnaşyklaryna degişli bolan topar, aýratyn topar hökmünde seredilmäge degişlidir. Aýdogdy Çaryýew Hukuk ylymlarynyň kandidaty "Türkmenistanda reklama işiniň hukuk meseleleri. Monografiýa. – A.: Ylym, 2014". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |