10:35 Reklamanyň jemgyýetçilik hadysasy hökmünde ýüze çykyş we ösüş taryhy | |
Reklamanyň jemgyýetçilik hadysasy hökmünde emele gelmegi öz köklerini örän gadymyýetden alyp gaýdýandyr. Häzirki wagtda Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýerleşýän, Britan muzeýinde saklanyp galan we üstünden 2500 ýyl geçen Rino atly adamyň, düýşleri ýoryp berýänligi baradaky, daşyň ýüzüne gyrlyp ýazylan reklama ýazgysy, şeýle hem, dürli harytlaryň satylýanlygy baradaky papirusa ýazylan reklama mazmunly ýazgynyň tapylmagy bu düşünjäniň has gadymy düşünje bolup durýandygyny tassyklaýar.
Hukuk maslahathanasy
B.e.ö. I müňýyllykda emele gelen we Ortaýer deňziniň demirgazyk we merkezi böleklerinde ýerleşen gadymy Finikiýa döwletiniň söwdagärleriniň, söwda ýollarynyň ugrunda ýerleşýän daglarda kommersiýa (söwdagärlik; täjirçilik) häsiýetli reklama maglumatlary we bildirişleri surat görnüşinde çekipdirler, grekler bolsa, reklama maglumatlaryny daşyň, süňküň, misiň, agaçlaryň ýüzüne oýulyp çekilen nagyşlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetiripdirler . Gadymy Rimde gladiatorlaryň bäsleşigi, gullaryň ýa-da öý haýwanlaryň we ş.m. zatlaryň satlygy baradaky bildirişleriň, şäheriň diwarlarynyň ýüzüne ýazylandygyny tassyklaýan ýagdaýlar biziň günlerimize gelip ýeten ýazuw taryhynyň heýkelleri hem şaýatlyk edýärler. Şol wagtlar reklama bildirişleri diýlip atlandyrylan ýörite agardylyp gurulan diwarlarda, ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlarynda ýerleşdirilipdir . B.e. 73-nji ýylynda suwuň astynda galan gadymy şäherleriň biri bolan Pompeýde, häzirki zaman reklama çalymdaş 1500-den hem gowrak dürli görnüşdäki reklama bildirişleri, ýüzlenmeleri we çagyryşlary tapyldy. Tapylan bu reklama bildirişleri durmuşyň ähli çygyrlaryny (ýagny, ykdysady, syýasy, medeni we ş.m.) gaplap alýar. Mysal üçin, okuwçylary okadyp duran mugallymyň şekili, mekdep jaýyny aňladypdyr. Şeýle hem, şol döwürlerde, edil häzirki döwürdäki ýaly myhmanhanalar hem dürli reklama serişdeleriniň (jarçylaryň, reklama ýazgylarynyň we ş.m.) üsti bilen reklama edilipdir. Hususanda myhmanhanalar reklama edilende, ilki bilen myhmanhanyň hyzmatlary, arzanlygy we rahatlygy ýaly ýagdaýlary reklama edilipdir. Kada bolşy ýaly, dürli-dürli naharhanalar, çaýhanalar we ş.m. bolsa atýazgylaryň üsti bilen reklama edilipdir. Atýazgylaryndan başga-da garbanyşhananyň her ýerine oklanan we “Ötegçi! Şu ýerden on ikinji minara çenli ýöre. Ol ýerde Sirikusyň garbanyşhanasy bar. Şol ýere baryp gör. Görüşýänçäk hoş” diýen mazmunda ýazylan ugrukdyryjy ýazgylar ýaly hatlar hem bolupdyr . Antik döwrüniň şäherleriniň ses atmosferasy, elmydama döwleti dolandyrmak we jemgyýetçilik tertibini saklamak üçin hökümetiň çykaran kararlaryny, buýruklaryny we görkezmelerini halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýän dürli jarçylaryň gykylygyndan doly bolar eken. Aslynda latyn sözünden gelip çykan “reklama” sözüniň özide “gygyrýaryn” diýmekligi aňladýar. “Şol döwürlerde, dil üsti bilen, jarçylaryň kömeginden peýdalanylyp halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilen reklamanyň obýekti hökmünde dürli zatlar çykyş edipdirler” – diýip rus alymy W.L. Muzykant öz işlerinde belläp geçýär. Onuň bellemegine görä olaryň içinde mal-garadan başlap gullaryň we gyrnaklaryň satylýandygy, şeýle hem, dürli görnüşdäki matalaryň, şaý-sepleriň, altyn-kümüşleriň we ş.m. harytlaryň satylýandygy baradaky reklama maglumatlaryny görkezmek bolar. Bulardan başga-da, reklamanyň obýektleri hökmünde çaýhanalaryň, naharhanalaryň, şeýle hem, dürli-dürli çykyşlaryň (mysal üçin, dartdyrylyp çekilen ýüpüň üstünde ýöremek ýaly darbazçylyk (akrobatik), gözbagçylyk, göreşler we ş.m.) reklamasyny görkezmek bolar . Bulardan başga-da, gadymy Gresiýada jarçylar şäheriň köçelerinde dürli reklama aýdymlaryny hem aýdypdyrlar. Ol aýdymlaryň biri şunuň ýaly, mazmunda bolupdyr: ýagny, “Gözleriň ýanyp durmagy, ýaňaklaryň gyzyl bolmagy, şeýle hem ýüzüň owadanlygynyň uzak wagtlap saklanmagy üçin, akylly aýal göwnejaý bahadan Eksliptosyň kosmetikasyny satyn alar” . Bu reklamadaky ýaňlanýan sözlere üns bersek, onda bu sözleriň häzirki zaman reklamasyndaky sözler bilen meňzeşligini görmek bolýar. Şonuň ýaly-da jarçylara, raýatlary gyssagly kazyýete çagyrmak, şeýle hem hökümi we jezany halka yglan etmek wezipesi-de ýüklenipdir. Jarçylaryň kömegi bilen reklama etmek häzirki wagtda-da ähli döwletleriň bazarlarynda özüniň täsirliligini ýitirenok. Mysal üçin, häzirki wagtda söwda etmek üçin islendik bazarlara baryp görseň, satyjylaryň öz harytlaryny satyn almaga çagyrýandyklaryny, öz harytlarynyň hili, onuň peýdaly we oňaýly taraplary barada has giňişleýin maglumat berýändiklerini görmek bolýar. Kitaplary çap etmek usulynyň oýlanyp tapylmagy (Kitaplary çap etmekligi 1445-nji ýylda Iogann Gutenberg (1400-1468) oýlap tapýar) reklama maglumatlaryny ýaýratmagyň täze bir usulunyň, ýagny, çaphana reklamasynyň ýüze çykmagyna getirdi. XV asyryň ikinji ýarymynda çaphana işi (çaphana kärhanalary) tutuş Ýewropa ýaýraýar, 1465-nji ýylda Italiýada, 1468-nji ýylda Şwesariýada, 1470-nji ýylda Fransiýada, 1473-nji ýylda Belgiýada, Polşada we Wengriýada, 1476-njy ýylda bolsa, Çehiýada we Angliýada, şeýle hem Ýewropanyň beýleki döwletlerinde ilkinji çaphana enjamlary peýda bolýar . Çaphana enjamynyň oýlanyp tapylmagy, jemgyýeti köpçülikleýin kommunikasiýa iterdi: sebäbi öň reklama bildirişleri elde ýazylyp, has haýal we az möçberde ýaýradylan bolsa, indi islendik habar, bildiriş we reklama stanogyň kömegi bilen çap edilip, reklama önümlerini öndürýänler üçin öz harytlary, olaryň satlygy we beýleki ýagdaýlary baradaky maglumatlary has çalt ýaýratmaklyga mümkinçilik açylypdy. XV asyryň ikinji ýarymynda Ýewropada özünde reklama maglumatlaryny saklaýan ilkinji ýöriteleşdirilen çaphana neşirleri peýda bolup başlaýar. 1688-nji ýylda bolsa, ilkinji çap edilen teatr afişalary peýda bolýar. Edil şol wagtlar-da Angliýada ilkinji reklama sütünleri peýda bolýar. XVII asyryň ortalaryna bolsa, Angliýada hepde-de bir gezek “Merkuriý” diýlip atlandyrylýan we uly halk köpçüligine niýetlenen reklama häsiýetli bildirişler çap edilip başlaýar . 1630-njy ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde habar beriş edarasyny açan we Fransuz gazetinde reklama bildirişini çap eden, lukman Teofrast Renodo Ýewropada çaphana reklamasyny esaslandyryjy diýlip hasaplanýar. Teofrast Renodonyň gazete beren ilkinji bildirişi 12-sany ogurlanan atlaryň nirededigini görkezen adama pul baýragynyň berilýänligi baradaky bildirişdi . 1622-nji ýylda “Weekly news” atly iňlis dilindäki gazetiň çap edilmegi bilen, reklama industriýasynda täze bir galkynyş zamanasy başlanýar. Ondan biraz soňra Eddison we Stil atly redaktorlar reklama industriýasynyň gollanmasyna öwrülen “Tetler” atly gazeti çap edip başlaýarlar. Ol gazetde reklama ýazgylarynyň nähili bolanda müşderileriň ünsüni çekip boljaklygy we ş.m. ýaly reklama işiniň has-da ösmegi üçin degerli birnäçe maslahatlatlar çap edilip başlanýar . XVIII asyryň ortalarynda Angliýada başlan senagat ösüşi, ýarym asyrdan soň reklama industriýasynyň merkezi hasaplanýan ABŞ-na hem baryp ýetýär. Haryt öndürijiler reklamanyň täze bazarlara çykmagyň, netijede bolsa, uly girdeji almagyň möhüm serişdesidigine düşünip başlaýarlar. Şonuň bilen baglylykda hem reklama bildirişleriniň hili-de, görnüşleri-de kem-kemden özgerip başlaýar. Senetçiligiň ösmegi, önümçiligiň artmagy we haryt çalşygynyň güýçlenmegi netijesinde XVIII asyryň ikinji ýarymynda dünýä bazarlarynda harytlaryň möçberleriniň artmagyna, bäsdeşligiň güýçlenmegine we netijede bolsa, reklamanyň has giň gerime eýe bolmagyna we maglumat çeşmesiniň bu görnüşiniň ykdysady we hukuk düşünjesiniň emele gelmegine getirdi. Esasy bellemeli zatlaryň biri-de eýýäm şol döwürlerde reklama gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän käbir kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň peýda bolup başlamagydyr. XIX asyryň ortalarynda bolsa, ABŞ-da reklama industriýasy has-da ösüp başlaýar. Amerikalylaryň şol döwürde, ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ýurtda öndürilýän harytlary dünýä bazarlaryna çykarmakda reklamanyň näderejede möhümligine düşünmekleri, bazar gatnaşyklarynyň täze-täze ugurlarynyň ýüze çykmaklygyna getirdi. Şol döwürlerde reklama bazaryndan esasy talap edilýän zat – täsirli we degerli aragatnaşyk ulgamynyň täze ýollaryny we görnüşlerini oýlap tapmakdan ybaratdy. Milli derejedäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösmegi bolsa, reklama industriýasynyň täze bir ösüş ýoluny kesgitledi. Takmynan şol wagtlar, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda täze tehnologiýalaryň (telegraflaryň, telefonlaryň we ýazuw maşynlarynyň) peýda bolmagy, öz gezeginde reklama bazarynyň ösmegini has-da çaltlaşdyrdy . Aslynda XIX asyr reklama üçin örän şanly asyr boldy diýip alymlar belleýärler . Çünki, şol döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki reklama, çaphana reklamasy, daşky reklama we ş.m. ýaly, reklamany ýaýratmaklygyň täze-täze serişdeleri we usullary ýüze çykyp başlaýar. XIX asyryň ahyrlarynda bolsa, reklama işindäki professionalizm (iş başarjaňlyk) has-da ösýär. Sebäbi indi reklama işi bilen meşgul bolýan ýöriteleşdirilen kärhanalar (agentlikler) işläp başlaýarlar. Şol wagtlar reklama işi bilen meşgul bolýan kärhanalaryň esasy wezipesi reklama berijileriň (haryt öndürijileriň) önümleri barada degerli maglumatlary berýän reklamany, reklama serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirmekden ybarat bolupdyr. Bu bolsa, öz gezeginde reklamanyň maglumat berijilik häsiýetini has-da artdyryp, reklamanyň ýerine ýetirmeli esasy jemgyýetçilik wezipesini kesgitläpdir (Reklamanyň ýerine ýetirmeli jemgyýetçilik wezipesi barada ylmy işiň 1.1 bölüminde durlup geçilýär). Şonuň üçin hem, reklama tekstlerini taýýarlamak ýaly kär, şol wagtam, häzir hem, iň sylagly we jogapkärli kärleriň biri bolmagynda galýar. Reklama agentlikleriniň taryhy esasan hem, reklama maglumatlaryny ýerleşdirmek üçin gazet sahypalaryny satyn almakdan we ony reklamany sargyt edijilere satmakdan başlanýar. Reklama işiniň taryhy W. Palmer atly ABŞ-nyň ilkinji reklama agentiniň adyny ýatlap geçýär. 1841-nji ýylda ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň, Filadelfiýa şäherinde mekan tutan Palmer, reklama maglumatlaryny ýerleşdirmek üçin gazet-žurnallaryň sahypa sanlaryny satyn almak barada ýörite şertnama baglaşýar. Soňra, gazet-žurnallardan satyn alan şol sahypalaryny, reklamany sargyt edijilere, öz harytlaryny reklama etmek üçin ýeterlik bahalardan satýar. Ol wagtlar reklamanyň tekstlerini, reklamany sargyt edijileriň özleri taýýarlar eken. Diňe soň-soňlar belli bir wagtyň geçmegi bilen, reklama agentlikleri, reklama tekslerini hem taýýarlamaklyga girişip başlaýarlar. Reklama agentlikleriniň köpelmegi we besdeşligiň güýçlenmegi bilen, reklama agentlikleri, reklamany sargyt edijilere özleriniň täze-täze hyzmatlaryny hödürläp başlaýarlar . XX asyryň birinji ýarymynda adamzat siwilizasyýasy birnäçe ylmy açyşlaryň şaýady boldy. Netijede jemgyýet has çalt depginler bilen ösüp başlady. Şonuň bilen bir hatarda reklamany taýýarlaýjylar hem (esasan reklama agentlikleri) öz işlerinde, ýagny reklama maglumatlaryny taýýarlamakda, ýaýratmakda we onuň täsirini artdyrmakda ylmyň täze gazananlaryny ulanyp başlaýarlar. Reklama işi boýunça hünärmenler bolsa, ylmyň täze gazananlary bilen, sungaty birleşdirip reklamanyň hilini we täsirini has-da artdyryp bolar diýen netijä gelipdirler. Radio we telewideniýanyň ýüze çykmagy bilen, reklama täze bir ösüş ýoluna düşýär. Indi reklama maglumatlaryny halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirmek meselesi has hem aňsatlaşýar. Reklamany sargyt edijiler ilki-ilkiler telewideniýä şübheli garapdyrlar, sebäbi, ilkinji telewizorlaryň bahalaram, onda goýberilýän reklama rolikleriniň bahalaram örän ýokary bolupdyr. Şonuň üçin hem, telewideniýede ýaýlyma goýberilýän reklama garanyňda, radio ýaýlymlarynda goýberilýän reklama has uly üstünliklerden peýdalanypdyrlar. Telewideniýede ýaýlyma goýberilýän reklama rolikleriniň bahasy, radio ýaýlymlarynda 30 sekunt goýberilýän reklama bahalaryndan 10 esse ýokary bolupdyr. Şonuň üçinem telewideniýe diňe 1950-nji ýyllaryň ahyrynda reklama maglumatlaryny ýaýradyjy serişdeleriň içinde iň esasylaryň biri boldy. Reklama diýen düşünje gadymy türkmen jemgyýetinde hem örän uly orny eýeläpdir. Gynansagam häzirki wagtda bizde reklamanyň gadymy Türkmenistandaky emele geliş we ösüş ýagdaýlary barada saklanyp galan takyk taryhy ýazgylar ýa-da ýadygärlikler ýok. Ýöne muňa garamazdan dürli taryhy çeşmelerde reklamanyň alamatlaryny özünde saklaýan dürli-dürli serişdelere duş gelmek bolýar. Mysal üçin, Türkmenistanyň çäklerinde geçirilen gazuw agtaryş işleriniň netijesinde Keltemenar medeniýetine, Änew, Altyn-depe, Marguş, Parfiýa, Köneürgenç ýaly şäher döwletlerine degişli tapylyp alnan käbir heýkeller, heýkeljikler we dürli-dürli atýazgylar, reklama diýen düşünjäniň öz köklerini juda gadymy döwürlerden alyp gaýdýanlygyny subut edýär. Elbetde, gadym döwürlerde reklama serişdelerini we usullaryny aňlatmak üçin häzirki zaman adalgalarynyň ulanylmandygy öz-özünden düşnüklidir. Ýöne şol döwrüň senetçileri hem söwdagärleri öz önümlerini olara kybapdaş önümlerden we harytlardan tapawutlandyrmagyň iň netijeli usullaryny ulanypdyrlar. Mysal üçin, biziň eýýamymyzdan öň IV-III müňýyllyklarda emele gelen Kelteminar medeniýetine degişli obalarda ýaşan senetçiler küýzegärçilik önümlerine aýlaw zolakly, dürli çyzykly (ştrihli) şekilleri möhürlemek we olara dürli reňkli nagyşlar çekmek arkaly, şonuň ýaly-da balykgulakdan ýasalan hünjilerine silindr şekilini bermek bilen söwda aragatnaşyklarynda durýan beýleki obalarynyň özleriniňkä çalymdaş önümlerinden öz önümlerini tapawutlandyrypdyrlar . Bu usul häzirki döwürde-de önümleri reklama etmek işinde giňden ulanylýan, önümi özboluşly haryt (hyzmat) nyşany bilen belgilemek (brend), oňa özboluşly daşky görnüşi bermek, bezemek ýaly usullara juda meňzeş we ylmy-hukuk nukdaýnazaryndan içgin seljerilende, ata-babalarymyzyň gadym döwürlerde öz önümlerini reklama etmek üçin ulanan bu usullarynyň häzirki zaman reklama usullarynyň emele gelmegine getirendigi görmek bolýar. Şonuň ýaly-da b.e.ö. V-II müňýyllyklarda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşen Namazga depe taryhy ýadygärliginde tapylan dürli mis hem bürünç enjamlaryň özboluşly görnüşi, mysal üçin ýokary başy towlamly iňňebagjygyň hem iňňeleriň öndürilmegi-de şol döwürlerde senetçileriň öz önümlerini önümiň daşky görnüşini beýleki önümlerden tapawutly etmek arkaly reklama etmek usuly ulanandyklarynyň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär. Şonuň ýaly-da has irki döwürlerde medeniýetiň we ösüşiň ojagy bolan ýurdumyzda emele gelen Jeýtun medeniýetine, Änew medeniýetine, Altyndepe medeniýetine, Marguş medeniýetine degişli tapyndylaryň özboluşly alamatlary ata-babalarymyzyň öz ussatlyklaryny hem önümlerini reklama etmek üçin ýokarda görkezilen reklama serişdelerini giňden ulanandyklaryna şaýatlyk edýär. Mysal üçin, Marguş medeniýetine degişli, ýüzünde düýeleriň şekili ýerleşdirilen kubok görnüşindäki silindir gaplarda öz boluşly reklama serişdesi bolan haryt nyşany ulanylypdyr, ýagny şol düýeleriň aýagynyň şekilinde bezelen uly üçburuçlyk görnüşindäki tagmalar (haryt nyşany) bar . Orta asyrlarda-da Türkmenistanyň çäginde öndürilýän we satylýan harytlary reklama etmegiň özboluşly serişdeleri bolupdyr. Şol döwürlerde görkezilen harytlar, galyberse-de tutuş ýurduň özi meşhur taryhçy we geograf alymlaryň ylmy işlerinde reklama edilipdir. Mysal üçin, al-Makdisi şeýle belläpdir: “Horezmden – samyryň, gornostaýyň, sähra tilkileriniň, towşanlaryň we geçileriň derileri, mum, peýkam, deregiň ak gabygy, sopbaşlar, balyk ýelimi we dişleri, müşki-anbar, bal, tokaý hozlary, laçyn, gylyç, sowut, diňe örän güýçli adamlaryň çekip bilýän ýaýlary, gaýyň agajy, goýun, sygyr, üzüm, kişmiş, köke, künji, ala-mula geýimler, halylar, ýorganlar, ajaýyp ýüpek, “mulham” başatgyjy, gulplar, aýratyn görnüşli peýnirler ýaly harytlar getirilýär. Ol ýerde gämiler gurulýar we taraşlanýar” . Şeýle reklama häsiýetli ýazgylara arap geografy Ýakutyň we al-Istahriniň işlerinde-de duş gelmek bolýar. Senetçiligiň ösmegi netijesinde dürli haryt öndürijileriň we şol harytlary satýan dürli täjirleriň arasynda bäsdeşligiň ösmegine, netijede bolsa, reklamanyň dürli-dürli usullarynyň ýüze çykmagyna getirýär. Taryhy maglumatlara görä eýýäm baryp X asyryň ahyrlarynda we XI asyryň başlarynda Köneürgençde we Maryda köp ýyllaryň dowamynda söwda işinde tejribe toplan täjirler öz harytlaryny ýerlemek üçin öň jarçylara ýa-da satyjylaryna harydyň diňe tarypyny etdiren bolsalar, soň-soňlar olar, gowy hilli harytlar, başarjaň agaç we demir ussalary, hünärine ökde dokmaçylar we küýzegärler hakynda maglumat toplamak işini ýola goýupdyrlar hem-de bu maglumatlary haryt satyn aljylaryň arasynda ýaýradyp, müşderileriň dykgatyna ýetiripdirler . XX asyryň başlarynda reklama biziň döwletimizde hem has giňden ýaýrap başlaýar. Esasan hem, şol wagtlar dürli-dürli harytlaryň satylýanlygy we dürli görnüşli hyzmatlaryň ýerine ýetirilýänligi, şeýle hem, dürli teatr sahnalarynyň, kino filmleriniň görkezilýän wagty we ýeri baradaky reklama maglumatlaryny özünde saklaýan reklamanyň iň elýeterli serişdeleriniň biri bolan gazet reklamasy we reklama afişalary halk arasyna has giňden ýaýraýar. Häzirki wagtda Türkmen döwlet kitap palatasynyň arhiwinde XX asyryň birnji on ýyllygyna degişli bolan, has takygy 1908-nji ýyllarda “Закаспийское обозрение” ady bilen rus dilinde çapdan çykan gazetiň sanlarynyň, şeýle hem, XX asyryň 20-nji ýyllaryna degişli reklama afişalarynyň saklanyp galmagy, reklama diýen düşünjäniň biziň döwletimizde hem, has öňräk dörän düşünjeleriň biri bolup durýanlygyna şaýatlyk edýär. Mysal üçin, “Закаспийское обозрение” atly gazetiň bir sanynda Şeýpur Kerimowyň oboýlary (diwara ýelmenýän kagyzlary) lomaý we bölekleýin satýandygy baradaky reklama bildirişi, şeýle hem, Türkmenfilm kinoteatrynyň “Topar” diýen kinonyň görkezilýänligi baradaky maglumatlar ýerleşdirilen reklama afişalaryň saklanyp galmagy aýdylanlary tassyklaýjy ýagdaý hökmünde çykyş edýär. Reklama gatnaşyklarynyň şol wagtky düzgünlaşdiriliş ýagdaýy barada aýdylanda bolsa, bu gatnaşyklaryň belli bir kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly düzügünleşdirilmän, olaryň diňe adamlaryň ahlak kadalary bilen düzgünleşdirilendigini bellemek gerek. Sebäbi, şol wagtlar reklama gatnaşyklary hukuk gatnaşyklary hökmünde seredilmän, olar diňe belli bir harytlary we hyzmatlary öndürýän adamlar bilen şol harytlardan we hyzmatlardan peýdalanýan adamlaryň arasyndaky baglanyşygy üpjün edýän baglaşdyryjy halka, şeýle hem, jemgyýetçilik durmuşyna degişli beýleki ýagdaýlar barada maglumat beriji serişde hökmünde garapdyrlar. Ýokarda getirilen maglumatlardan görnüşi ýaly, reklamanyň jemgyýetçilik hadysasy hökmünde ýüze çykmagy, öz köklerini has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Öndürijileriň we satyjylaryň harytlaryny has tiz we amatly bahadan ýerlemeklerini üpjün edýän bu gadymy usullar, häzirki döwürde hem öz netijeliligini görkezýärler (reklama bermek üçin sargytlaryň köpdügini “Rysgal”, “Biznes-reklama”, “Habarlar”, “Нейтральный Туркменистан” we ş.m. gazet-žurnallaryň şeýle hem Türkmenistanyň Internet saýtlarynyň mysalynda görmek bolýar). Şonuň üçinem reklama köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, internetiň, ýokary kompýuter tehnologiýalarynyň kömegi bilen günsaýyn kämilleşýär we has giň gerime eýe bolýar. Munuň şeýle bolmagynyň hem, özüne ýetesi sebäpleri bar. Çünki gadymyýetde-de, häzirki döwürde-de islendik işiň, has-da ykdysady dolanyşyk bilen baglanyşykly işleriň şowlulygy we netijeliligi ilkinji nobatda reklamanyň näderejede ýokary hilli guralýandygyna bagly bolup durýar. Sebäbi reklama islese-islemese ähli adamlaryň ünsüni çekýär. Beýlekilere garanyňda arzanlygy, hiliniň ýokarylygy we ş.m. garaýyşlardan ugur alyp adamlarda hyzmatlaryň belli bir görnüşlerinden peýdalanmaga, harytlaryň belli bir görnüşlerini yzygiderli satyn almaga höwes döredýär. Aýdogdy Çaryýew Hukuk ylymlarynyň kandidaty "Türkmenistanda reklama işiniň hukuk meseleleri. Monografiýa. – A.: Ylym, 2014". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |