10:31 Reklamanyň hukuk mazmuny, onuň alamatlary we ýerine ýetirýän jemgyýetçilik wezipesi | |
Reklamanyň umumy häsiýetnamasy barada gürrüň edilende ilki bilen reklamanyň mazmunynyň we alamatlarynyň, onuň toparlara bölünişiniň we ýerine ýetirýän jemgyýetçilik wezipesiniň nazarýet esaslary barada gysgaça durlup geçilse ýerlikli bolardy.
Hukuk maslahathanasy
Mälim bolşy ýaly, reklama hukuk ulgamynyň maglumat çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň bir görnüşi bolmak bilen, bazar gatnaşyklary ulgamynda fiziki we ýuridik şahslaryň öndürýän harytlary we hyzmatlary barada maglumat akymynyň emele gelmeginde, şeýle hem telekeçilik işiniň, telekeçilik we alyjylyk medeniýetiniň ösmeginde möhüm orny eýeleýän jemgyýetçilik hadysasy bolup durýar. Onuň esasy jemgyýetçilik wezipesi bolsa, maglumat bermek, ynandyrmak, höweslendirmek we ýatlatmak bolup, önüm öndürijileriň, satyjylaryň hem-de alyjylaryň arasyndaky baglanşygy üpjün etmekden ybaratdyr. Elbetde, bu baglanyşyk reklamanyň diňe bir maglumat berijilik häsiýetini görkezmän, eýsem-de onuň alyjylyk isleginiň emele gelmeginde, ilatyň estetiki isleginiň terbiýelenmeginde, şonuň ýaly-da harytlaryň we hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagynda hem işjeň täsirini açyp görkezýän baglanşykdyr. Reklama (fransuzça “reclame”; latynça “reclamo”, ýagny “çagyrýaryn, gygyrýaryn” ýa-da “gürrüň berýärin”) diýmekligi aňladyp, alyjylarda isleg döretmek we ony güýçlendirmek maksady bilen harytlar we hyzmatlar barada maglumatlaryň ýaýradylmagyny aňladýar . Häzirki zaman ykdysady we hukuk ylmy edebiýatlarynda, şeýle hem käbir döwletleriň reklama çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynda “reklama” diýen düşünjä berilýän dürli kesgitlemelere duş gelmek bolýar. Mysal üçin, käbir ykdysady edebiýatlarda, reklama – bu haryt öndürijiler ýa-da başga kärhanalar (şol harydy ilata ýaýradýan we ş.m.) tarapyndan öndürilýän harytlar ýa-da bitirilýän hyzmatlar barada alyjyny ýa-da hyzmatdan peýdalanyjyny şol harytlar we hyzmatlar bilen tanyşdyrmak diýip bellenýän bolsa, beýleki edebiýatlarda reklama diýen düşünjä şu aşakdakylar ýaly kesgitleme berýärler: Reklama – bu köpçülikleýin habar beriş we beýleki aragatnaşyk serişdeleriniň üsti bilen haýsy-da bolsa bir hyzmatlaryň ýa-da harytlaryň haýryna tölegli, bir tarapa gönükdirilen şahsy däl ýüzlenmedir ; Reklama – bu tölegli maglumat serişdeleriniň üsti bilen amala aşyrylýan we maglumat çesmesi görkezilen aragatnaşygyň şahsy däl görnüşidir ; Reklama – bu haýsy hem bolsa bir gurama, şahsyýete ýa-da belli bir döredijilik we sungat eserlerine meşhurlyk getirmek maksady bilen, şolar barada maglumatlaryň ýaýradylmagydyr ; Reklama – bu dürli görnüşdäki şekilleriň we hereketleriň üsti bilen, adamyň aňyna täsir edip, şol reklama edilýän obýektleri edinmeklige ýa-da reklama edilýän hyzmatlardan peýdalanmaklyga öňüni alyp bolmajak islegi döretmekdir ; Reklama – bu harytlara we dürli hili hyzmatlara isleg döretmek maksady bilen, olaryň peýdalanyjylyk häsiýeti barada maglumat bermekdir ýa-da reklama – bu isleg döretmek, müşderileri köpeltmek ýa-da saýlawlarda ses köplügini gazanmak maksady bilen, çap etmek, el bilen ýazmak, dil üsti bilen ýa-da grafiki şekilleriň üsti bilen şahslar, harytlar we hyzmatlar ýa-da jemgyýetçilik hereketi barada maglumat bermekdir . Käbir daşary ýurt döwletleriniň reklama gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hukuk namalarynda bolsa, reklamanyň hukuk mazmunyny açyp görkezýän şu aşakdaky ýaly kesgitlemelere duş gelmek bolýar: - Reklama – bu reklamanyň obýektlerini alyjylara hödürlemek, oňa ünsi çekmek, oňa bolan islegi döretmek ýa-da ony goldamak maksady bilen, islendik usulda, islendik görnüşinde we islendik serişdeleri ulanmak arkaly, kesgitlenilmedik adamlaryň toparyna gönükdirilen maglumatdyr ; - Reklama – bu göni ýa-da başga bir zadyň üsti bilen girdeji almak maksady bilen, islendik görnüşde we islendik usulda, şahslar ýa-da önümler baradaky ýaýradylýan ýörite maglumatdyr ; - Reklama – bu göni ýa-da başga bir zadyň üsti bilen girdeji almak maksady bilen, kanuna laýyklykda islendik görnüşde we islendik usulda, fiziki we ýuridiki şahslar we önümler barada, şeýle hem, haryt nyşanlary, hyzmatlaryň we tehnologiýalaryň nyşanlary barada ýaýradylýan ýörite maglumatdyr ; Reklama berilýän bu kesgitlemeler seljerilende olaryň käbirleriniň içinde reklamanyň maglumat berijilik häsiýeti barada agzalmaýanlara hem gabat gelmek bolýar. Mysal üçin, reklamanyň dürli görnüşdäki şekilleriň we hereketleriň üsti bilen, adamyň aňyna täsir edip, şol reklama edilýän obýektleri edinmeklige ýa-da reklama edilýän hyzmatlardan peýdalanmaklyga öňüni alyp bolmajak islegi döredýänligi baradaky kesgitlemede, reklamanyň maglumat berijilik häsiýeti barada aýdylman onuň diňe adamyň aňyna edýän täsiri barada bellenýär. Ýöne şeýle dar manyly kesgitleme, reklama diýen düşünjäniň mazmunyny doly açyp görkezmeýär. Sebäbi, reklamanyň esasy wezipesi adamyň aňyna täsir etmek däl-de, reklamanyň obýektleri barada has köp maglumaty bermek, ynandyrmak we ýatlatmak bolup durýar. Ýöne muňa garamazdan reklama berilýän ykdysady we hukuk kesgitlemeleriniň üsti bilen, onuň birinjiden, maglumat berijilik häsiýetini; ikinjiden, onuň adamlara edýän ruhy täsirini; üçünjiden, onuň adamlara edýän ruhy täsiriniň netijesinde, olaryň özlerini alyp baryşlaryny görmek bolýar. Şonuň üçin hem reklama maglumatlary döredilende we jemgyýetçiligiň dykgatyna ýetirilende ykdysatçylaryň, suratçylaryň, nakgaşçylaryň, şahyrlaryň, režissýorlaryň, çeper guramaçylaryň, şeýle hem, sosiolog we psiholog ýaly, dürli kärdäki hünärmenleriň gatnaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Görkezilenler bilen bir hatarda reklama berilýän kesgitlemeler seljerilende esasan hem, reklama berilýän hukuk kesgitlemeleri seljerilende esasy bir zada, ýagny islendik gatnaşyk ýaly, reklamanyň obýektlerini (harytlar we hyzmatlar, şonuň ýaly-da edebiýat, sungat we beýleki eserleri) halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirmekligiň, hemişe belli bir hukuk gatnaşyklarynyň ýüze çykmagyna, hususanda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň ýüze çykmagyna gönükdirilýändigine göz ýetirmek bolýar. Ýöne käbir ýagdaýlarda reklamanyň obýektlerini halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirmek administratiw , ýa-da jenaýat hukuk gatnaşyklary ýaly, beýleki hukuk gatnaşyklarynyň hem ýüze çykmagyna getirip bilýär. Reklamanyň kömegi bilen, önüm öndürijiler we satyjylar öz döreden ýa-da satýan gymmatlyklary hakynda, ilata hyzmat edýän kärhanalar bolsa, öz ýerine ýetirýän hyzmatlary hakynda has gyzyklandyryjy maglumatlary, düşündirişleri bermek bilen adamlaryň ünsüni özlerine çekýärler we olary öz harytlaryny almaga ýa-da bitirýän hyzmatlaryndan peýdalanmaga höweslendirýärler, netijede bolsa, olary öz müşderilerine öwürýärler. Reklama gatnaşyklarynyň emele gelmegini üpjün edýän reklama işi bolsa, jemgyýetde ýüze çykýan islegleri we teklipleri öwrenmek, ýagny gelejekde reklama işini amala aşyrmaklygyň meýdanyny emele getirmek üçin şol jemgyýetden dürli-dürli maglumatlaryň alynmagy, reklama maglumatlaryny taýýarlamak, taýýarlanan maglumatlary şahslaryň dykgatyna ýetirmek we şahslaryň dykgatyna ýetirilen şol reklamanyň täsirini öwrenmek ýaly ýagdaýlary öz içine almak bilen, reklama gatnaşyklaryna girişen şahslaryň (subýektleriň) özara ylalaşykly hereket etmeklerini üpjün edýär. Elbetde, reklama maglumat bermek, ynandyrmak ýa-da höweslendirmek arkaly haryt öndürijiler bilen alyjylary baglanyşdyrýan ýeke-täk serişde däldir. Sebäbi, şoňa meňzeş wezipeleri, ýagny maglumat bermek wezipelerini dürli statistik maglumatlar, jemgyýetçilik pikirini soramak, täze harytlardan peýdalanmak boýunça gollanmalar, öndürilen zatlara ideg etmek üçin dürli ýatlatmalar, şonuň ýaly-da isleg we teklipler baradaky maglumatlar we ş.m. hem ýerine ýetirýärler. Reklama diýen düşünjäniň çylşyrymly we giň mana eýe bolan jemgyýetçilik hadysasy bolup durýanlygy sebäpli, bu düşünje, onuň jemgyýetçilik ähmiýeti we alamatlary, ýerine ýetirmeli jemgyýetçilik wezipeleri, şeýle hem öňünde durýan maksatlary barada dürli döwürlerde alymlar tarapyndan dürli garaýyşlar öňe sürlüpdir. Mysal üçin alymlar reklama maglumatlaryny, maglumatlaryň beýleki görnüşlerinden şu aşakdaky ýaly öz boluşly hukuk alamatlary boýunça tapawutlandyrýarlar: 1. Reklamanyň harytlar we hyzmatlar, bitirilýän işler, olary öndürijiler ýa-da satyjylar we ş. m. baradaky maglumatlary saklaýandygy bilen; 2. Islendik reklama maglumatlarynyň kanunda gadagan edilmedik usulda ýa-da görnüşde, şeýle hem, islendik serişdeleriň üsti bilen ýaýradylýandygy bilen; 3. Reklamanyň şahslaryň kesgitlenmedik toparyna gönükdirilýänligi bilen; 4. Maglumaty ýaýratmagyň maksadynyň reklama edilýän obýekte ünsi çekmeklige, reklama edilýän harytlara we hyzmatlara bolan islegi döretmeklige we ş.m. gönükdirilýänligi bilen. Reklamanyň ýerine ýetirmeli jemgyýetçilik wezipeleri barada bolsa, şu aşakdaky ýaly kesgitlemelere duş gelmek bolýar. Mysal üçin, rus alymy W.W. Glazunow öz işlerinde reklamanyň: ykdysady, aňyýet, terbiýeleýiş we ylym-bilim bermek ýaly, esasy dört sany wezipesini açyp görkezýän bolsa . W.W. Usow, reklamanyň: islegiň emele gelmegi, könelişen alyjylyk endikleriniň üýtgemegi, alyjylyk we satyjylyk medeniýetiniň ýokarlanmagy, harytlaryň we hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagy, ylmy wagyz, goşmaça hyzmatlar barada ilaty habarly etmek ýaly alty sany wezipesini görkezýär . S.W. Karpowa reklamanyň ykdysady we ideologik wezipelerini açyp görkezýär . Professor Ç. Ataýew bolsa, öz işlerinde, reklamanyň esasy wezipeleriniň birnäçe jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, aňyýet, terbiýeçilik we wagyz-nesihat ediji häsiýetlerine eýe bolmalydygy barada belläp geçýär . Reklamanyň jemgyýetçilik ähmiýeti barada, şeýle hem onuň ýerine ýetirmeli esasy jemgyýetçilik wezipeleri barada ýokarda görkezilenlerden başga-da birnäçe dürli-dürli kesgitlemelere duş gelmek bolýar. Mysal üçin, “Marketingiň esaslary” atly okuw gollanmasynyň awtory ABŞ-nyň Demirgazyk-Günbatar Uniwersitetiniň marketing boýunça professory Filip Kotleriň , şonuň ýaly-da geçen asyryň 80-nji ýyllarynda ABŞ-nyň Söwda senagaty assosasiýasy komitetiniň hem-de, ABŞ-nyň meşhur žurnallarynyň biriniň guramagynda geçirilen bäsleşigiň netijesinde reklama diýen düşünjä, onuň jemgyýetçilik ähmiýetine, onuň ykdysady we hukuk alamatlaryna, şeýle hem, ýerine ýetirmeli jemgyýetçilik wezipelerine berlen kesgitlemeleri görkezmek bolar . Reklamanyň düýp mazmunyny seljermek bilen, reklamanyň görkezilen jemgyýetçilik wezipeleri bilen bir hatarda, biz onuň esasy dört sany wezipesi bar diýip hasap edýäris, ýagny: 1) Maglumat bermek; 2) Reklamanyň obýektleri babatda oňyn jemgyýetçilik pikirini döretmek; 3) Belli bir hukuk gatnaşyklaryny (alyjylar ýa-da hyzmatdan peýdalanyjylar bilen satyjylaryň ýa-da önüm öndürijileriň arasyndaky gatnaşyklary) emele getirmek; 4) Jemgyýetçilik terbiýesi. Reklamanyň maglumat bermek wezipesi. Ýagny, ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, potensial alyjylarda isleg döretmek we ony güýçlendirmek maksady bilen harytlar we hyzmatlar, şonuň ýaly-da edebiýat, sungat we beýleki eserler barada maglumatlaryň ýaýradylmagy onuň (reklamanyň) maglumat berijilik wezipesini açyp görkezýär. Reklama obýektleri babatda oňyn jemgyýetçilik pikirini emele getirmek, ilkinji nobatda jemgyýetde täze gyzyklanmanyň döremegine we ýokarlanmagyna mümkinçilik döredýär hem-de jemgyýetde islegiň we teklibiň emele gelmegine täsir edýär. Mälim bolşy ýaly, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň käbir çygyrlarynyň (mysal üçin, reklama gatnaşyklarynyň) kadaly hereket etmegi üçin, ilkinji nobatda onuň hukuk kadalary bilen düzgünleşdirilmegi hökmandyr. Bu bolsa öz gezeginde belli bir hukuk gatnaşyklarynyň kadaly hereket etmegini üpjün edýär. Reklama bolsa, öz gezeginde emele gelen bu gatnaşyklaryň kadaly hereket etmeklerinde özboluşly ugrukdyryjy ýa-da sazlaýjy serişde hökmünde çykyş edýär. Bu bolsa reklamanyň üçünji wezipesiniň emele gelmegine sebäp bolýar. Reklamanyň dördünji wezipesi barada aýdylanda, ilkinji nobatda onuň adamlaryň aň-düşünjesiniň we medeniýetiniň ösmegine, olaryň raýatlyk hukuklaryna we borçlaryna doly düşünmeklerine, netijede bolsa, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hiliniň ýokarlanmagyna edýän täsirini bellemelidir. Reklamanyň jemgyýetçilik ähmiýeti barada, gürrüň edilende onuň ahlak kadalary we medeniýeti baradaky meselelere hem aýratyn üns bermelidir. Çünki, ahlak kadalary (özüňi alyp barşyň umumy ykrar edilen kadalary), islendik milletiň milliligini açyp görkezýän we onuň ýitip gitmezligini üpjün edýän kadalardyr. Esasy bellemeli zatlaryň biri hem, durmuş kadalaryň beýleki görnüşlerine garanyňda ahlak kadalary özleriniň görnüşleri, maksady we tebigaty boýunça hukuk kadalaryna has ýakyndyr. Şonuň üçin hem, ähli döwletlerde islendik gatnaşyklary düzgünleşdirýän degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlananda we kabul edilende şol döwletde ýaşaýan halkyň mentalitetinden gelip çykýan ahlak kadalary göz öňünde tutulýar. Reklama gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary bar bolan döwletlerde hem, reklamanyň ahlak meselesi möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, bu döwletlerde ahlaksyz reklama ýagny, kemsidiji sözleri ulanmak bilen, fiziki şahslaryň hünärini, durmuş (sosial) derejesini, ýaş we jyns toparlaryna bölünişigini, dilini we dinini, syýasy ynam-ygtykatlaryny, şeýle hem, milletleriň jynsyny deňeşdirmek arkaly umumy ykrar edilen adamkärçilik we ahlak kadalaryny bozýan tekste, şekile we ses ýazgysyna geçirilen maglumatlary saklaýan reklama ýol berilmeýär . Reklamanyň ahlak meselelerine degişli soraglar Gündogar halklarynda hususanda türki halklarynda has öňüräkden bäri uly ähmiýet berilýär. Mysal üçin, reklamanyň ahlak sypatlary barada käbir edebiýatlarda şeýle setirlere duş gelmek bolýar: “Eý takwa! Bilgil, ýalan taryp edilip satylýan haryt bilen, haryt eýesi öz wyždanyny we ahlagyny hem satýandyr. Harydyň hakyky hili taryplanyp satylýan harydyň bahasy bilen haryt eýesi öz tämiz wyždany we gowy ynsan mertebesi üçin hem beýik baha mynasyp bolýandyr” . Reklamanyň medeniýeti barada aýdylanda, türki milletler hususanda, türkmen halky söz bilen harydy beýan etmeklige (reklama etmeklige) örän duýgur çemeleşipdir. Ýagny, harydyň oňaýly we peýdaly taraplary reklama edilende, gazaply ýa-da kemsidiji sözler ulanylmandyr . Görkezilenlerden başga-da orta asyrlarda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem bu ugurdan aň-düşünjesine juda uly täsir eden dürli alymlaryň işlerinde söwda işini (şol sanda reklama işini-de) amala aşyrmagyň ýörelgeleri barada giňişleýin beýan edilipdir. Mysal üçin, dünýäde uly meşhurlyk gazanan “Kowusnama” atly eserde ýörite “Söwda hakynda” atly fasyl (bölüm) bar. Şol fasylda-da söwdanyň ynsaplylyk, dogruçyllyk, ahlaklylyk ýörelgeleri barada aýratyn nygtalýar . Bu ýörelgeleri şol sanda reklama işiniň hem ýörelgeleri hökmünde kesgitlemek bolar. Ýokarda mysal getirilen maglumatlardan görnüşi ýaly, gadym döwürlerden bäri halkymyza öz harytlary barada dogry maglumat bermegiň, ýagny öz önümlerini reklama etmegiň ýalançylykdan, öz-özüňi mazamlamakdan arassa bolan, örän asylly hem edepli usullaryny ulanmagyň mahsus bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Häzirki döwürde-de işjeňligiň bu görnüşi amala aşyrylanda, halkymyza mahsus bolan reklama işiniň şol özboluşly usullarynyň ulanylmagy jemgyýetimiziň taryhy asyllylygyny we sagdynlygyny saklamaga hem-de ony mundan beýläk-de dowam etdirmäge örän uly goşant goşardy. Mysal üçin, zenan maşgala hemişe halkymyzyň ar-namysynyň, mertebesiniň iň ýokary, iň esasy hem-de iň gymmatly ölçegi hasaplanyp gelinýär. Şoňa görä-de, zenan maşgalalaryň pynhan durmuşyna degişli önümleriň we harytlaryň günbatar medeniýetindäki ýaly aç-açan reklama edilmegi halkymyzyň medeniýetine we ruhy dünýäsine belli bir derejede gabat gelmeýär. Şol sebäpli-de görkezilen önümleri reklama etmeklige örän seresaply çemeleşmek zerurdyr. Beýan edilenlerden görnüşi ýaly, reklama gatnaşyklarynyň ahlak kadalary we onuň medeniýeti baradaky meseleler öň hem häzirem, islendik döwletiň we islendik jemgyýetiň öňünde duran möhüm meseleleriň biri hökmünde seredilýär. Şonuň üçin hem, gelejekde reklama gatnaşyklaryny düzgünleşdirjek, kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip düzülende, ilkinji nobatda milletiň mentalitetinden gelip çykýan ýörelgelere, milletiň ahlak sypatlaryna we medeniýetine esaslanylsa, onda ol kanunlar öz öňlerinde goýlan maksatlaryna doly ýeterdi we uzak ýyllaryň dowamynda üýtgewsiz hereket ederdi. Biziň pikirimizçe şu ýerde bir zada ünsi çekilse ýerlikli bolardy diýip hasap edýäris. Ýagny, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýan we kämilleşýän jemgyýetimiziň döwrebap reklama mentalitetini emele getirmek bilen bagly soraglar halkymyzyň täze eýýama mahsus reklama aň-düşünjesini, reklama medeniýetini we aňyýetini emele getirmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bu soraglar bolsa, öz durmuşylygy hem derwaýyslygy boýunça, geljekde reklama işiniň psihologiýa we sosiologiýa aspektlerini ylmy taýdan düýpli seljermeklige gönükdiriljek ylmy işleriň temasy bolup bilerdi. Şeýle ylmy işleriň durmuşy-peýdaly netijeler bilen üstünlikli ýerine ýetirilmegi bolsa, öz gezeginde şol netijeleriň nazary-ylmy esas hökmünde geljekde milli reklama işiniň barha tizleşýän depginde ösmegini üpjün etjekdigini çaklamak bolar. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda ykdysady gatnaşyklaryň dürli görnüşleriniň güýçli depginler bilen ösmeginiň netijesinde reklama işi bilen bagly jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň çygry hem, geçen asyryň 90-njy ýyllaryndaka we şu müňýyllygyň ilkinji ýyllaryndaka garanyňda juda giňedi. Bu çygyrdaky gatnaşyklaryň köpelmegi, çylşyrymlaşmagy we amala aşmagynyň ýygjamlaşmagy bolsa öz gezeginde “reklama” diýen adalganyň milli ykdysady dolanyşykda has ykjam ornaşmak bilen, onuň ýaýramak geriminiň has-da giňelmegine getirdi. Elbetde, “reklama” diýen adalga milli raýat dolanyşygynda şu gün ýa-da düýn ulanylyp başlanan düşünje däl. Ol öňden bäri ulanylýan ykdysady-hukuk adalgalarynyň biri bolup durýar. Ýöne muňa garamazdan häzirki wagta çenli, dürli sebäplere görä, Türkmenistanyň kanunçylygynda bu adalganyň doly we anyk hukuk kesgitlemesi berilmändi. Şoňa görä-de, reklama we reklama işine mahsus bolan ähli häsiýetli alamatlary seljermek bilen, reklama adalgasynyň türkmen dilindäki mazmunyny doly hem gutarnykly kesgitlemek şu günki günde, milli kanunçykaryjylyk ulgamynyň derwaýys meseleleriniň biri hökmünde kesgitlemek bolar. Bu meseläni çözmek üçin bolsa, biziň pikirimizçe, ilkinji nobatda görkezilen adalganyň aňladýan manysy we Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynda “reklama” diýen düşünjäni hukuk taýdan aňlatmak babatda ulanylýan sözler boýunça gysgaça ylmy-lingwistik seljermäni geçirmek maksada laýyk bolardy. Belli bolşy ýaly, hereket edýän kanunçylygymyzda “reklama” diýen düşünjäni hukuk taýdan beýan etmek üçin “mahabat” ýa-da “mazamlama” diýen sözlerden peýdalanylýar . Emma “reklama” diýen düşünjäni görkezilen sözler bilen beýan etmek belli bir derejede lingwistik ýalňyşlygyň ýüze çykmagyna getirýär. Sebäbi, “mahabat” we “mazamlama” diýen sözler “reklama” diýen düşünjäniň düýp mazmunyny açyp görkezmän, tersine onuň mazmunyny ýoýýarlar. Ylmy edebiýatlarda beýan edilen kesgitlemelerden görnüşi ýaly, “reklama” adalgasy öz mazmuny boýunça harytlar we hyzmatlar, şonuň ýaly-da edebiýat, sungat we beýleki eserler, olaryň hakykat ýüzünde bar bolan alamatlary we häsiýetleri barada hakyky (çyn) maglumatlaryň ýaýradylmagyny aňladýar. “Mahabat” sözi bolsa “مخبت – mahabat” diýen arap sözünden gelip çykyp, bir zatdan galan gorky, haýbat, çenden aşa dabaralandyrmak ýa-da ululyk” diýen manylary berýär . Türkmen diliniň sözlüginde bolsa, haýsydyr bir zady ýalandan öwmegi, biderek, boş taryplamagy ýa-da ony ýalandan öwüp arşa çykarmagy aňladýar . Şonuň ýaly-da “mazamlama” sözi hem, özüňde bar bolan haýsydyr bir zadyňy başga birine görkezip öwünmegi ýa-da bir zady birine güjeňlemegi anladýar . Şoňa görä-de, görkezilen sözleriň manysy “reklama” diýen düşünjäniň düýp mazmuna ters gelmek bilen bir hatarda, oňaýsyz reklama, ýagny, ynsapsyz, nätakyk, ahlaksyz, görnetin ýalan reklamanyň kanunda bellenilen mazmunyna çalymdaş bolýar. Şonuň bilen birlikde-de, başgaça düşünilende, görkezilen sözleriň manysy, reklamany ýaýratmagyň ýerine, wagtyna ýa-da usulyna bildirilýän umumy ýa-da ýörite talaplary bozup amala aşyrylan beýleki reklamany hem aňladyp biler. Şu nukdaýnazardan hem, “mahabat” ýa-da “mazamlama” diýen sözler “reklama” diýen düşünjäniň mazmunynda göz öňünde tutulýan, haýsydyr bir zat barada maglumat bermek manysyny beýan etmeýär-de, tersine şol harytlary we hyzmatlary ýalandan öwmek, olaryň ýalandan waspyny ýetirmek ýa-da taryplamak manysyny beýan edýärler. Şonuň üçin hem, häzirki hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we geljekde, Türkmenistanda reklama işini hukuk taýdan düzgünleşdirýän ýöriteleşdirilen kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taslamasy işlenip düzülende, umuman ýurdumyzyň hukuk ulanyş tejribesinde we ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, “reklama” adalgasy başga sözler ýa-da adalgalar bilen çalşyrylman, “reklama” diýen söz bilen aňladylsa maksada laýyk bolardy. Çünki, reklama bu ilkinji nobatda öwmek ýa-da öwünmek däl-de maglumatdyr. Aýdogdy Çaryýew Hukuk ylymlarynyň kandidaty "Türkmenistanda reklama işiniň hukuk meseleleri. Monografiýa. – A.: Ylym, 2014". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |