04:13 Replika | |
REPLIKA
Goşgular
Eý, dilewar ýoldaş, saklan sen biraz, Sözüňi bölýänmi görme sen gaty. Bilýänsiň, kän dymdym, ýöne iru-giç Diýmeli ýüzüňe bir hakykaty. Gel, gowsy, men ony aýdaýyn şu gün. Ýarylsa ýagşydyr iriňlän ýara. Meni öwjek bolup ata-babamyň Elmydam ýüzüne çekýärsiň gara. Diýýärsiň: «Nadandy atasy munuň», «Babasy-da tüýs nadandy» diýýärsiň. Nadan maşgaladan men dek alymy Döreden zamana telpek goýýarsyň. Zamana sözüm ýok, ajap zaman bu, Oňa alkyş, şöhrat bolsun müň gezek. Emma welin meniň ata-babamy Nadan saýýanyňa gyýylýar ýürek. Dogry, olar alym däldi biz ýaly, Çarwady, topragy söýen daýhandy. Esgerdi namysa gezek gelende, Watan, sähra bilen bir ten, bir jandy. Diňläpdirler Keýmir kimin ärleri, Her wakadan sapak alypdyr olar. Hut şolaň islegni ýazmak üçinem Inipdirler dünýä magtymgulylar. Ýap-ýaňkyja seni aňk eden sazam Şolaň ýüreginden emr alan mukam. Ýeri, onsoň seniň ata-babama Nadan diýmekligiň özi nämekän?! Belki-de, bu nadanlykdan nyşandyr. Aýypdyr bolmaklyk töhmete syrdaş. Gutardym. Isleseň, indi sözüňi Dowam etdiriber, gürläber, gardaş! * * * Öwünme, Ýürege düşmänkäň Dym sen, Görkez gaýratyňy – Aýdaýyn kim sen. Haýrana galdyryp bilmersiň meni, Sözde ýyldyz bolup parlap dogsaň-da. ...Bulut bolsaň, ýag sen, Ýuw sen dünýäni, Günüň öňün tutup durma ýogsam-da. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Öwün / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ «Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |