REŞIDEDDIN WATWAT (1081-1178)
Horezmşalar döwletiniň görnükli söz ussady Sagdylmülk Reşideddin Muhammet ibn Muhammet Abdyljelil Omary Balhydyr. Ol 1081-nji ýylda Balh şäherinde doglup, 1178-nji ýylda Horezmde dünýäden ötüpdir. Onuň boýy keltejik, kellesi kel bolanlygy üçin, «Watwat» («Ýarganat») diýen lakamy alypdyr we şol lakam bilen meşhurlyk gazanypdyr. Seljuk hökümdarlarynyň weziri Nyzamyl-mülküň (1017—1092) tagallasy bilen Balh şäherinde «Nyzamyýe» medresesi gurulýar. Reşideddin Watwat şol medresede okapdyr we öz döwrüniň öňdebaryjy ylymlaryny özleşdiripdir. Ol ötgür söz ussady, hatdatlyk sungatynyň görnükli wekili bolup ýetişipdir. Watwat arap dilinde ders berip, arap dilinde goşgy ýazyp, şol goşgusyny ýüzugra pars diline terjime etmegi başarypdyr. Ol arap we pars dillerinde goşgy düzmegiň ýokary derejesine ýetipdir. Onuň pars dilinde ýazan goşgularynyň sekiz müň bäş ýüz beýdi bellidir. Reşideddin Watwat Horezmşalar döwletiniň hökümdarlary Muhammet Atsyzyň, Il Arslanyň, soltan Tekeşiň köşgünde ýokary wezipeleri ýerine ýetiripdir. Ol döwlet dolandyryş işinde uly ähmiýete eýe bolan «Diwan al-inşanyň» ýolbaşçysy bolupdyr. Watwat döwlet ähmiýetli ähli resminamalary ýokary derejede ýazga geçiripdir. Horezmşalaryň ylmy howandarlygynda bolan Watwat köpsanly ajaýyp eserleri miras goýupdyr. Olardan 21 sanysynyň ady belli bolup, 19-sy biziň döwrümize gelip ýetipdir. Onuň çeper edebiýata bagyşlap ýazan ençeme ylmy eserleri-de bar. Olara «Munýýatul-mutakallimin, wa-gunýa-tul-mutaallimin» («Söz ussadynyň maksady we alym kişileriň gaçybatalgasy»), «Risalatul aruz» («Aruz hakda nama»), «Badaýa at tar-siat wa-rawaýa at-tasjiýat» («Tarsiniň gudraty we tasjiýäniň ajaýyplygy») ýaly eserleri mysal görkezmek bolar.
Reşideddin Watwat ýazan ylmy eserlerini, öwgüli kasydalaryny Anuşteginler neslinden bolan hökümdarlara we şazadalara bagyşlapdyr. Şahyr ömrüniň ahyryna çenli Anuşteginlerden bolan horezmşalaryň ägirt uly hormatyndan peýdalanypdyr. Horezmiň abraýly, gurply adamlarynyň biri bolan Watwat ýaş şahyrlary, alymlary öýüne çagyryp, olara goldaw berip durupdyr. Onuň Tabarystanyň häkimi Nasyreddin Abul Fatyh Rüsteme bagyşlap ýazan köpsanly kasydalary bellidir. Häkim oňa her ýylda 500 dinar puly, bezemen aty sowgat hökmünde ugradypdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen diline terjime edilip, halka ýetirilen «Danalaryň daýanjy», «Resmi hatlar» diýip atlandyrylýan kitaplar Reşideddin Watwatyň döredijiligini, horezmşalaryň taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşmelerdir.
Reşideddin Watwat 1128—1156-njy ýyllarda Horezme şalyk eden Atsyzyň köşgünde işläpdir. Atsyz alymlara howandarlyk etmekde uly abraý gazanypdyr. Döwletiň paýtagty bolan Gürgenç şäherini ylmyň merkezi hökmünde çalt tanadypdyr. Zakiriýa Kazwininiň «Asarul bilad» kitabynda Atsyzyň Watwata aýratyn hormat goýandygy, ondan känbir aýra gezmändigi, hatda öýünde-kä-de penjireden gürleşip durar ýaly, onuň jaýyny öz jaýynyň garşysyndan gurdurmagy buýruk berendigi hakynda beýan edilipdir. Reşideddiniň Atsyzyň aýratyn hormatyna mynasyp bolmagyna bir waka sebäp bolupdyr. Hökümdaryň mejlisinde Reşideddin öz garşydaşy bilen şeýle bir ýiti, çeper sözler arkaly jedele girişýär. Horezmşa müçesi şeýle kiçi bolan bu kişiniň owadan, çeper sözler tapýanyna haýran galyp, synlap durupdyr. Reşideddiniň öňünde syýa çüýşe bar eken. Atsyz degşip: «Syýa çüýşäni aýyr, aňyrsyn-da kim baryny bir göreli» diýipdir. Bu sözleri eşiden Reşideddin: «Adam öz iň kiçijik iki bölegi — ýüregi we dili bilen tanalýandyr» diýen arap nakylyny aýdypdyr. Onuň ýitiligine, çeper we manyly sözläp bilşine Atsyzyň göwni ýetipdir.
1156-njy ýylda, elli dokuz ýaşynda Atsyz aradan çykypdyr. Atsyzyň dünýäden gaýdanyna juda gynanan Watwat onuň hormatyna mersiýe döredipdir:
Eý, patyşa, seniň zarbyňdan pelek titrärdi,
Pelek saňa bendi bolmaga ymtylýardy.
Hany, nazar eýesi nirede, ol bir seredip,
Şol hasratlaryň patyşalyga degýändigini görsedi.
Horezmşa Il Arslanyň (1156—1172) döwründe-de Reşideddin köşkde işläpdir we döredijilik işini dowam edipdir. Il Arslan ylma, bilime, medeniýete howandarlyk edipdir, alymlary köşge jemläpdir. 1172-nji ýylda Il Arslanyň ogly Tekeş Gürgenç şäherinde dabara bilen şalyk tagtyna geçipdir. Şahyrlar we hutbaçylar ony mübärekläp, şygyr we hutba aýdypdyrlar. Tekeşiň ata-babalarynyň hyzmatynda segsen ýaşa ýeten Reşideddin Watwaty tagtyrowanyň üstüne mündürip, täze horezmşanyň huzuryna getiripdirler. Ol horezmşa Tekeşe ýüzlenip, şeýle diýipdir: «Her kim öz ukybyna laýyklykda gutlady.
Men bolsa süýeklerimiň gowşamagy we ýaşymyň könelişmegi zerarly, gutlamak üçin ýazan şu rubagym bilen çäklenýärin:
Ataň iliň ýetmezini ýetirdi,
Kakaň adyllykdan işler bitirdi.
Bagtyň çüwüp, saňa döndi soltanlyk,
Senem beýik iş et, nobat seniňki».
Goşgy düzmegiň aýratyn görnüşi hökmün-de rubagy horezmşalar döwründe meşhurlyk gazanýar. Bu döwürde sufistik, filosofik, söýgi, durmuşy häsiýetde düzülen rubagylar tapawutlanypdyr.
Reşideddin Watwat Enweri, Hakany, Edip Sabyr, Ämgak Buhary, Masgudy Merwezi, Sagdy Selman ýaly belli şahyrlar bilen hyzmatdaşlyk saklapdyr. Şahyryň Hakana, Edip Sabyra bagyşlap ýazan öwgi goşgulary onuň diwanynda orun alypdyr. Bu döwürde meşhur bolan söz ussatlarynyň biri Afzaleddin Bedil Ybraýym Hakany Şirwanydyr (1120—1199). Hakany Şirwany şygyr sungatynda kämillige ýetendigi üçin, «Hassan-ul Ajam» («Ajam Hassany») diýen hormatly derejäni alypdyr. Onuň goşgy düzmek usuly döwürdeş şahyrlarynyň ählisiniňkiden tapawutlanypdyr. Onuň döredijiligi şahyrlar tarapyndan wasp edilipdir.
Reşideddin Hakanyny beýik şahyr hasaplapdyr. Ol döwürdeş şahyry Hakany barada söz açyp, şeýle belläpdir:
Aý, Gün — asman gümmeziniň şöhraty, zer-ziweri,
Namys tagtynyň şasynyň sen birinji weziri.
Afzaletdin — ynamy Arş deňesine eltiji,
Ynamsyzlygyň duşmany, pisligi paş ediji!
Abdyrahman Jamynyň «Baharystan» eserinde Watwatyň wezirlere bagyşlap ýazan goşgy setirleri duşýar. Ol setirleri okan wagtyň Watwatyň ötgür söz ussady, dili «jygaly» şahyr bolandygyna göz ýetirýärsiň:
Sen — wezir, men seni taryplaýaryn,
Ýöne boş gaýtarýaň meni aklyksyz.
Men wezir bolaýyn, meni tarypla,
Gaýtarmaryn şonda men seni haksyz.
Watwatyň döredijiliginde yşk-söýgä, dostluga degişli rubagylar-da bar. Ol rubagylarda söýgä wepalylyk, dostluk ussatlyk bilen wasp edilýär:
Dostumyň ýüz keşbi gözel ornunda,
Gözümde dost keşbi gözel ornunda.
Dost näme, göz näme, tapawudy ýok,
Ol göz ornunda ýa göz ol ornunda.
Reşideddin Watwatyň ahlaky, öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlarynda ulumsylyk, betpällik ýaly häsiýetler ýazgarylýar, adamlar päk göwünli bolmaklyga, adamlary halallyga, ýagşy işleri etmeklige çagyrýar:
Öwgä mynasypdyr keremli ynsan,
Tutan amallary haýyrdyr yhsan.
Kişiniň emlägi alynsa miras,
Göteriler ýurtdan bereket, yhlas.
Reşideddin Watwat öz şygyrlarynda hemişe edepliligi, asyllylygy ynsanyň bezegi hasaplaýar:
Barça ylymlaryň enesi — edep,
Ajama, araba gerekli mekdep.
Anuşteginler nesilşalygy döwründe döredilen edebi miras türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň altyn hazynasydyr. Nesilden-nesle, asyrlardan-asyrlara geçip gelen şol mirasy öwrenmek we wagyz etmek bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Läle ALLABERDIÝEWA,
H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymy.
«Edebiýat we sungat» gazeti 2019-njy ýylyň 25-nji ýanwary № 4 (4223).
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly