SÄHET AGANYŇ AGTYGY
Obada Sähet aganyňam, onuň ýanýoldaşy Sapargül ejäniňem il arasyndaky sylag-sarpasy uludy.
Körpe ogly Amanyň özbaşdak maşgala bolup şähere göçüp gidenine üçünji ýylyň içidi. Indi olaryň içersi çolaryp galypdy. Ýöne uly oglunyň Ogulnur atly gyzjagazy golaýda şäherden gezelenje geldi-de, olaryň öýüni ala-ýaz etdi oturyberdi. Ol täze okuw ýylynda birinji synpda-da şu ýerde okajakdygyny aýtdy. Muny eşiden garrylar çaga kimin begendiler, onuň başyny sypap, ýüz-gözünden ogşadylar. Onsoň Ogulnur hem olar bilen, oba adamlarydyr olaryň iş-aladalary bilen halys öwrenişdi gidiberdi. Indi ol birentek şäherli çagalar ýaly, eşegiň aňňyrmasyndan hem, sygryň molamasyndan hem gorkup duranokdy. Horazyň sesi bilen oýanýardy, atasynyň hem-de enesiniň giç agşamky aýdyp berjek gyzykly ertekilerine
mähetdel garaşardy, şony diňläbem uka gidýärdi. Onsoňam oba şäher ýaly däldi, salkyndy, göm-gök öwüsýän bakjalyk hem, salkyn saýaly baglar hem, jana şypaly çeşme suwlar-da onuň göwnünden turupdy. Garrylaryň hojalyk işlerine kömekleşýärdi, olar nirä ugrasa ýanlaryndan aýrylmazdy, arasynda deň-duşlary bilen oýnamaga-da wagt tapardy.
Bir gezek Sähet aga hojalyk işleri üçin eşek edinmekçi boldy. Ýöne onuň alan eşegini uzakdan, azyndan ýigrimi-otuz kilometr çemesi daşlykda ýerleşýän Tokaýly obasyndaky dostunyňkydan getirilmelidi. Sähet aga hiç kime sala salman, bu işi ur-tut agtygyna tabşyrdy oturyberdi. Muňa Sapargül eje ör-gökden geldi.
- Atasy, bi ýumşuňy başga birine tabşyr. Ogulnur jan entek ugurly ýol-yzam bilýän däldir, heniz eşek münübem görenok.Nädip onsoň ýumruk ýalyjak çagany ýürek edip ýola saljak.
Sähet aga birsellem içini hümledip oturdy, gür biten sakgalyny barmaklary bilen daraklap durşuna agtyjagynyň ýüzüne nazar saldy. Ogulnur özüne bolan garaýyşdan derrew özüçe many çykardy. Ol bu işe diýseň göwünjeň boldy.
- Men gitjek!—diýdi.
- Berekella, gyzym, berekella. Gitmekçi bolsaň ertir ir bilen ýolagçy awtobusynda ýola düş. Seni Tokaýlynyň özünde düşürerler...—diýip, Sähet aga Ogulnura söýünçli seretdi hem-de oňa dostunyň öýüni salgy berdi.
...Ogulnur eşek münüp kän aýlandy. Tokaýlynyň içinde telim öwre ýol geçdi. Şeýdibem ol eşek münmäge birneme ökdeledi.
Ony ir bilen eşege mündürip, ýola saldylar. Öý eýesi şol bir sözüni öwran-öwran gaýtalady:
- Bar, gyzym ýoluň ak bolsun! Şu uly ýoly sypdyrma-da gidiber. Eşegi öz peýwagtyna goýber, gyssama, onuň özi ýol tapar. Bar, sag-amanja git. Ataňa-da, eneňe-de salam aýt.
Ogulnur eşekli ýola düşdi. Eşek ilkibada ýorgalan ýaly etse-de, soňundan öz maýdalyna ýöräp başlady. Ol şu çaka çenli münüş görmedige meňzeşdi. Muny Ogulnur hem şeýle çaklapdy. Eşek janawar gidip otyrdy, gidip otyrdy. Sähelçejik sese gulaklaryny keýýerdip, ürkýärdi. Ýöne Ogulnuryň oturyşy ykjamdy. Ol eşegiň hem täsin haýwandygyna her bir ädimde göz ýetirip gelýärdi. Eşegiň uly ýoldan sowlup, ýodajyk bilen ýöredigi Ogulnuryň ýüregine gorky aralaşýardy, ýöne bu uzak dowam etmeýärdi. Iň gysga, iniş-çykyşy az, geçmesi aňsat ýoly saýlap tapýan eşek janawar salym geçmänkä ýene-de dogry ýola düşýärdi.
Ogulnur gaňňadan iki eli bilen berk ýapyşyp gelýärdi. Ýok, ol ýykylmakdan gorkmaýardy, ýöne oňa ikilenç münmek hyllallady. Ony başda-da göterip mündüripdiler ahyryn.
Eşek uzak wgtlap ýol ýöredi. Ençeme obanyň üstünden aşmaly boldy. Ogulnur öz obasyny tanaýardy. Obanyň gaýrasynda has belent bir dag bolmalydy, dagyň çür depesinde bolsa daşdan salnan jaýjagaz bardy. Ine, Ogulnuryň bar bellän zatlary hem şulardy. Ol häzir suwsuzlygam bilmeýärdi, ajygybam baranokdy. Basymrak oba ýetmegiň arzuwyndady, ol töwerek-daşyna, uzalyp gidýän depelerdir kert-kert gaýalardan synçy nazaryny aýyrman gelýärdi.
Eşegiň şol bir birsydyrgyn ýöräp gelşidi. Bu boluş Ogulnury hem ýadatdy, ol eşek janawaryň gepläp bilmeýänine ökündi, eger-de ol özi bilen
gürleşip bilýän bolsady, onda Ogulnur oňa özüniň eşiden bir wakasyny gürrüň bererdi.
O wagtlar kakasy Ballynyň çaga mahaly eken. Olaryň bir gulakly eşegi bolup, Bally onuň üstünden düşmändir. Mallary üçin gaýraky mellekden otjagaz getiripdir, çeşmeden suw daşapdyr, sil suwunyň akan ýerinden çöpleme çöpläpdir. Ol bu işleriň barysyny şol bir gulakly eşegiň kömegi bilen edipdir.
Ine, bir gün hem Balla kakasy “Oglum, bar, eşegi gazygynda daňyp gel” diýip tabşyrypdyr. Şol wagtam olaryň öýlerinde alys ýerden gelen myhmanlar hem bar eken. Olar iki-baka urnup oturan eşegi görüp, haýsydyr bir gyzykly oýna tomaşa edýän ýaly, gyzyl-gyran bolşup gülşüpdirler. Bally welin özünde hiç bir müýn bardyram öýtmandir.
Bu wakany ýatlan Ogulnuram kakasynyň kiçijikliginde hata goýberendir öýtmedi. Oňa eşegiň diňe öň aýaklaryndan daňylýandygy öwredilmedik bolsa näme? Şonuň üçin hem ol eşegiň artky aýagyndan bilmän daňandyr ahyryn” diýip pikir etdi.
Taýagatym ýerde başy belent dagyň salgymlap görünmegi Ogulnuryň pikirini alyslara kowdy, ol begenjinden ýaňa ýere düşüp ylgasy geldi. Şol barmana onuň gulagyna duşundan ötüp barýan nätanyş adamlaryň: ”Batyr gyz eken, tüýs Sähet aganyň agyn özi-dä!” diýen pyşyrdylary eşidilen ýaly duýuldy.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty