SÄHRAGÜL ANNANUROWA
Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda türkmen folkloryna degişli 902-903-nji çeşmelerde belli folklorçy Sähragül Annanurowanyň halkyň arasyndan toplan edebi-çeper eserleri saklanylýar. Onuň belli bagşy Nazar Baga bilen bilen baglanyşykly rowaýaty bolsa 1028-nji çeşmede.
903-nji çeşmede mirasgäriň Balkan welaýatyň Çeleken etrabynyň G.Açylowandan we Garagöl şäheriniň ýaşaýjysy Owjan Gülmämmedowadan 1961-nji ýylyň 15-nji iýunynda ýazyp alan agylary saklanylýar. Agylary aýdyjy birnäçe topara bölüp aýdypdyr. Meselem, maşgalada, maşgalanyň bir ganaty äri, ikinji ganaty aýaly we dogany, çagasy, enesi-atasy ýogalanda aýdylýan agylar. Tawuş (agy) bir adam dünýäden ötende aýdylýan agylar. Agylaryň özboluşly mazmuny bar. Onda ýurduny täzelän adamyň gylyk-häsiýeti, özüni alyp barşy, il-gün bilen eden oňaýly gatnaşygy hatda geçmişine çenli goşgy setirlerine siňdirilipdir.
Garyba nan iýdiren,
Ýetime don geýdiren,
Garyp görse galdyran,
Ýetim görse musulman.
Şekerden şirin sözli,
Kagyzdan ýuka ýüzli,
Ýörese ýollar söken,
Süýkense, daglar ýykan.
Oturan ýeriň oýuldy,
Gezen ýeriň gädildi.
Balalaryň aglatdyň,
Dulda gözel bozlatdyň.
Balalaryň aglasa,
Akar çeşmäm sil bolar,
Dulda gözel bozlasa,
Içim-bagrym ot alar.
Agylaryň bu mazmuny, gussa bilen ynsan häsiýetini açmagyň bir görnüşi.
Bu ýerde gürrüň ýurduny täzelän, ile-güne hemaýat eden mertebeli bir adam hakynda barýar. Aşakdaky setirlerde-de maşgalada aýal ýogalanda, özi bilen onuň il arasyndaky abraýy mertebesi agzalyp, soňundan oňa gynanç bildirilýär, gussa çekilýär:
Öýe girse, zenana,
Düze çyksa merdana,
Iňňesi guýular gazan,
Nusgasy iller gezen.
Edenine el ýetmez,
Dokanyndan suw geçmez.
Çeşmede bökülip aýdylýan zikirler hem saklanylýar. Olary Sähragül Annanurowa 1958-nji ýylyň 15-nji iýunynda Owjan Gülmämmedowanyň dilinden alypdyr.
Zikirleriň toplanylmagynyň folkloryň žanrlaryny öwrenmekde hyzmaty uly. Olaryň özboluşly mazmuny, ýerine ýetirilişi aýratynlygy bar. Iki we bir depim bilen ýerine ýetirilýän zikirler soňky döwürlerde selçeň ýerine ýetirilýär ýa-da ýetirilmekden galyp barýar.
Meşrep özüň diwana,
Yşk oduna perwana,
Ýol ýörese, serdary
Molla Bazar diwana
Haý diwana, heý diwana.
Bu setirleri döreden halkyň Meşrep (Babarahym Meşrep) diwanadan habary bolmaly. Bu bendiň mazmunynda hakykat ýatyr. Meşrep diwananyň yşk oduna düşüp, özünden geçip, perwana kimin pyrlanyp ýanyp bişişinde-de hakykat bar. Onuň ýol ýörände „Serdaram“ – tälim beren ussadam molla Bazar ahun.
Babarahym Meşrepde şeýle setirler bar.
Magrypetiň gülzary,
Molla Bazar diwana,
Aşyklaryň serdary,
Molla Bazar diwana.
Ýol üstüde ýol bolan,
Hak nuruna mal bolan,
Kimi görse gul bolan,
Molla Bazar diwana.
Içleridir doly nur,
Pirleridir Bahadur,
Buharada ol meşhur,
Molla Bazar diwana.
Mysaldan görnüşi kimin.Halk durmuşda gören-eşiden, okan zatlary esasynda edebi gymmatlyklary döredýär.
Halky eserlere türkmen halkynyň geçmişi bilen halkynyň geçmişi bilen baglanyşykly taryhy wakalaryň, olaryň däp-dessurlarynyň, ýol-ýörelgeleriniň pähim-paýhasynyň siňendigi ýöne ýere tekrarlananok. Türkmen halkynyň beýik ogullary, taryhy şahsyýetler, türkmen topragy bilen ýagny, ýer-ýurt atlary bilen baglanyşykly ýüzläp rowaýatlar döredilipdir. 902-nji çeşmede S.Annanurowanyň 1958-nji ýylda Lebap welaýatynyň käbir etraplarynda bolup, halkyň arasyndan toplan, folkloryň ähli žanrlaryna (matallar hüwdüler, ertekiler, rowaýatlar, tapmaçalar, läleler...) degişli edebi-çeper eserleri saklanylýar. Meselem, mirasgär tapmaçalary, öleňleri Kerki (häzirki Atamyrat) etrabynyň Daşlyk obasynda ýaşaýan 61 ýaşly (tiresi ärsary) Öwez bagşy oglunyň dilinden 1958-nji ýylyň 13-nji aprelinde, öleňleri bolsa şol ýylyň 11-nji aprelinde, Beghanowa Annagülüň (66 ýaşly) dilinden ýazyp alypdyr.
Gat-gat gatlama,
Gatlanypdyr, ýar-ýar;
Gyzy alyp ýeňňesi
Atlanypdyr, ýar-ýar;
Bukjasynyň bagyny,
Baglady gyz ýar-ýar,
Enesiniň ýüregini,
Daglady gyz, ýar-ýar;.
Öleňleriň üsti bilen türkmeniň toý däp-dessurlaryny-da bilmek bolýar. Sebäbi türkmeniň milli häsiýetleri olaryň öz döreden edebi gymmatlyklaryna siňipdir. Olar türkmen halkynyň milli häsiýetlerini öwrenmeklige ýardam edýär. Meselem, Çekir obasynda ýaş gelin bilen baglanyşykly, gelniň daş-töweregine goýýan hormaty, sylagy bilen baglanyşykly aşakdaky däp häzirem kä etraplarda dowam edýär:
Ýaş gelin gapydan adam gelende ýerinden turmaly we gelene baş egmeli. Üç gün geçenden soň gelniň dört örüm saçyny iki örüp arkasyna atmaly. Bu ýakymly hereketler sylagyň, hormatyň ynsanperwerligiň nyşany.
Bu çeşmede mirasgäriň ýazyp alan öwüt-nesihata, mazmuna baý nakyllaryna duşulýar. Olaryň arasynda selçeňräk eşidilýänleri-de bar: „Özüňi är bilseň, kişini şir bil“, „Ýagşa goşulsaň ýetersiň myrada, ýamana goşulsaň galarsyň uýada“, „Päli azan bela bakmaz“ mysallardan görnüşi kimin. Bulardan başga-da 53 sahypalyk bu çeşmedäki sanawaçlary, ýaňlytmaçlary, nebisjeňligi ýazgarýan, halallygy ündeýän „kör“ atly ertekini, söz oýnatmalara baý, „Kyrk ýalan“ we gündelik durmuş bilen bagly birnäçe goşgulary, hüwdüleri mirasgär Öwez Bagşy oglunyň we Beghan Annagulynyň dilinden 1958-nji ýylyň 11-13-nji aprelinde ýazyp alypdyr. Başga bir depderde bolsa Halaç etrabynyň öňki „Güýç birleşik“ kolhozyndan mirasgär:
Allaý, allaý Alpamyş,
Her käkiliň bir garyş,
Özi şazada sypat,
Ýörese, arslan ýörüş.
Ýaly setirleri we:
Serhowuz başynda, seleň saýalar,
Hatara tirkelen akja maýalar,
Jeýhun kenarynda beýik gaýalar,
Bizden aýra düşen ýary gördüňmi?
Ýa-da:
Ýaryndan aýrylan armanda ýatar,
Kerwenden aýrylan hatarda ýiter,
Ýaman dil ýarasy ölende biter,
Elip dek kamatym bükdi ýaranlar.
Ýaly aýdymlary, matallary, gyzyň oglany „duzlaýan“;
Diplomyň bar ynanýan,
Emma saňa gynanýan,
Barmydyr seniň ýaly,
Günde müň-agyp dönýän.
setirlerini öz içine alýan aýdyşyklary mirasgär Halaç etrabyndan 9-njy synp okuwçysy Rozyýewa Ogulnyýazyň dilinden 1958-nji ýylyň 18-nji aprelinde ýazyp alypdyr. Başga-da bu çeşmede „Garrynyň düýşi“ we „Zynjyrak baý“ atly özboluşly erteki saklanylýar. Ony S.Annanurowa Halaç etrabynyň Pelwert obasynyň ýaşaýjysy 69 ýaşly Babaguly Nazar oglunyň dilinden 1958-nji ýylyň 20-nji aprelinde ýazyp alypdyr. 902-nji çeşmedäki bir depderde 44 sahypadan ybarat „Kyrk gyz“ we „Gahryman katyl“ atly ertekiler saklanylýar. Olary hem „Humaý“ atly rowaýaty käbir matallary, goşgulary mirasgär Atamyrat etrabynyň Astanababa obasynda bolanda, Rozygeldi Ýazguly ogly aýdyp beripdir. Senesi ýokarky ýylyň 17-nji apreli. Şu senelerde mirasgär agzan etraplarymyzda iş saparynda bolupdyr. Çeşmedäki 4-nji depderdäki „Üç gyz dogan“, „Maýmyn peri“ atly ertekileri-de, mirasgär şol obadan Mollakowa Ogulbegden eşidipdir.
S.Annanurowa 1921-nji ýylda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Garkyn obasynda dünýä inýär. Ol 1942-nji ýylda Türkmenistan SSR Ministrler sowetiniň protokol bölüminiň jogapkär ýerine ýetirijisi hökmünde işe başlaýar. 1943-1957-nji ýyllarda SSSR YA-nyň Türkmenistan filialynyň we 1951-nji ýyldan soň bolsa TYA-nyňTaryh, dil we edebiýat institutynda kiçi ylmy işgär bolup işleýär. 1950-1952-nji ýyllar M.Gorkiý (häzirki Magtymguly) adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň edebiýat kafedrasynyň aspiranty, 1952-nji ýylda bolsa TYA-nyňMagtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň kiçi ylmy işgäri, soňra halk döredijiligi sektorynyň müdiriniň ýerine ýetirijisi bolup işleýär.
Ol 1965-nji ýylda TKP MK-nyň propoganda we agitasiýa bölüminiň müdiriniň orunbasary, 1969-njy ýylda TKP MK-nyň medeniýet bölüminiň müdiri bolup işleýär.
Sähragül Annanurowa TSSR Ýokary sowetiniň 2 gezek deputatydyr. (1971-1975-nji ýyllar). Ol „Hormat Nyşany“ ordeni we Sowet Soýuzynyň ordenleriniň 2-si bilen sylaglanandyr.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly