07:08 Sambo | |
SAMBO
Sport we turizm
Sambo – başa-baş söweşiň köpugurly görnüşi bolup, ol milli göreş ugurlarynyň köpüsiniň (şol sanda türkmen göreşiniň), boksuň, söweş sungatynyň käbir görnüşleriniň emelleriniň esasynda XX asyryň başynda döredildi. Ilkibaşda ýaragsyz özüňi goramagyň tehnikasy harby we hukuk goraýjy düzümleriň wekillerine tälim bermekde ulanyldy, ýöne soňra ol hemmeler üçin elýeterli boldy. Sambo halkara sport giňişligine geçen asyryň 60-njy ýyllarynda çykdy. Özüniň netijeliligi hem-de täsirliligi netijesinde täze göreş ugry örän çaltlyk bilen bütindünýä ykrarnamasyna eýe boldy. Sportuň bu görnüşi dürli toplumlaýyn ýaryşlaryň, şol sanda Panamerika, Boliwarian oýunlarynyň, Bütindünýä uniwersiadasynyň, Aziýanyň kenarýaka oýunlarynyň we beýleki bäsleşikleriň maksatnamasyna işjeň girizilip başlandy. Soňky onýyllyklaryň dowamynda dünýäniň sport giňişliginde söweş sungatlary boýunça ýaryşlar giň gerime eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, Halkara sambo federasiýasynyň hünärmenleri täze söweş – sport usulyny işläp taýýarladylar. Ol örän gysga wagtda meşhurlyga eýe boldy. 2007-nji ýyldan başlap ýaragsyz özüňi goramak boýunça iri halkara ýaryşlarynyň ählisi (dünýäniň we Aziýanyň çempionatlary, dünýäniň Kubogy ugrundaky bäsleşik) sportuň bu görnüşiniň birbada iki ugry boýunça geçirilýär. Sambonyň söweş we sport görnüşleri boýunça ýaryşlar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem geçirildi. Şonda türkmen türgenleri öňdebaryjylar hökmünde çykyş etdiler. Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |